HAKYKY MUSULMAN BOLMAGYŇ ŞERTLERI
“Yslam” sözi arapça “nebsini tabşyrmak, boýun egmek, salamatlyga ýetmek”, şeýle hem “parahatçylyk” manylaryny berýär. Imamy agzam (rahimehullahu tagala) yslamy “Allahu tagalanyň buýruklaryna tabşyrylmak we boýun egmek” diýip kesgitledi.
Mundan gowy musulmanyň nähili bolmalydygy öz-özünden äşgär bolýar. Alymlarymyz musulmanda bolmaly sypatlary şeýle düşündirdiler: gowy musulman hemme zatdan öň beden we ruh taýdan arassadyr.
Allahu tagala Kurany Kerimiň dürli ýerlerinde: “Men arassa bolanlary söýýärin!” diýýär. Musulmanlar metjitlere, öýlere aýakgap bilen girmeýärler. Olaryň halylary we düşekleri tozansyz, arassa bolýar. Her bir musulmanyň öýünde ýuwunýan ýeri bardyr. Olaryň özleri-de, içki eşikleri-de, naharlary-da hemişe arassa bolýar. Şonuň üçin olarda mikrob hem, kesel hem bolmaýar.
Hakyky musulman saglygyny goramagy başarýar. Ol haram we zäher bolan serhoş ediji içgini ulanmaýar. Köp howply taraplary bolan we haram diýip gadagan edilen doňuz etini iýmeýär.
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) lukmançylyk ylmyny dürli görnüşde öwdi. Meselem, ol: “Ylym ikidir: beden ylmy we din ylmy” diýdi. Ýagny ylymlaryň arasynda iň zerurlary ruhy goraýan din ylmy we bedeni goraýan saglyk ylmydyr diýip, ol hemme zatdan öň ruhuň we bedeniň sagdynlygy üçin jan etmegi buýurdy. Yslam beden ylmyny din ylmyndan öň öwrenmegi buýurýar. Çünki ähli ýagşylyklar diňe beden sag bolanda edilip bilner. Pygamberimiz Wizantiýa imperatory Irakliusa hat ýazyp, ony yslama çagyrypdy. Iraklius hata jogap beripdi we köp sowgatlar iberipdi. Olaryň biri bir lukmandy. Lukman gelende: “Jenap! Imperator meni size hyzmat etmek üçin iberdi. Syrkawlaryňyzy mugt bejererin!” diýdi. Pygamberimiz muny kabul etdi. Onuň emri bilen lukmana bir öý berdiler. Her gün oňa tagamly iýmitler, içgiler eltip durdular. Günler, aýlar geçdi. Hiç bir musulman lukmanyň ýanyna gelmedi. Lukman utanyp, Pygamberiň huzuryna geldi we: “Jenap! Men bu ýere hyzmat etmek üçin geldim. Şu güne çenli hiç bir syrkaw gelmedi. Boş oturdym. Iýip-içip, rahat ýaşadym. Indi gideýin” diýip rugsat soranda, söýgüli Pygamberimiz şeýle diýdi: “Özüň bil. Eger ýene galsaň, myhmana hyzmat etmek, ony sylamak musulmanlaryň wezipesidir. Gitseň hem, ak ýol bolsun. Ýöne şuny bil: bu ýerde ýyllarboýy galsaň-da, seniň ýanyňa hiç kim gelmez. Çünki meniň sahabalarym syrkawlamaýar! Yslam dini syrkawlamazlygyň ýoluny görkezdi. Meniň sahabalarym arassaçylyga örän üns berýärler. Açykmasalar hiç zat iýmeýärler we doýmankalar saçakdan turýarlar”.
Bu, musulman asla syrkawlamaz diýmek däldir. Emma saglygyna we arassaçylygyna üns berýän musulman uzak wagtlap sag-salamat galýar. Ol aňsatlyk bilen syrkawlamaýar. Ölüm hakdyr. Hiç kim ölümden gutulyp bilmez, her kim haýsydyr bir keseliň netijesinde öler. Emma şol wagta çenli saglygyny gorap bilmegi diňe musulmançylykda buýrulan zatlary berjaý etmek we arassaçylygy saklamak arkaly bolýar. Gowy musulman beden arassaçylygyna üns berşi ýaly, ruh arassaçylygyna hem örän üns berýär. Pygamberimiz şeýle diýdi: “Men gowy häsiýetleri tamamlamak, gözel ahlagy dünýä ýaýmak üçin iberildim”. Bir hadysy şerifde: “Siziň imany ýokary bolanyňyz ahlagy gözel bolanyňyzdyr” diýildi. Hatda iman hem ahlak bilen ölçelýär.
Musulman üçin ruh arassalygy esasy zatdyr. Ýalan sözleýän, hile edýän, adamlary aldaýan, zulum edýän, adalatsyzlyk edýän, dindeşlerine kömek etmeýän, ulumsylyk edýän, diňe öz bähbidini pikir edýän adam näçe ybadat etse-de, hakyky musulman hasaplanmaz. Mägun süresiniň ilkinji üç aýatynda manysyna görä şeýle diýilýär: “Eý Resulym! Kyýamat gününi inkär edýän, ýetimi inçidip, onuň hakyny elinden alýan, garyby doýurmaýan we başgalary-da garyba ýagşylyk etmäge höweslendirmeýän şol adamy gördüňmi?” Şeýle adamlaryň ybadaty kabul bolmaz. Yslam dininde gadaganlardan saklanmak buýruklary ýerine ýetirmekden öňde durýar. Hakyky musulman hemme zatdan öň doly we kämil ynsandyr. Ol açyk ýüzli, şirin dilli, dogry sözlüdir. Gaharlanmagyň näme bolýandygyny bilmeýär.
Resulullah (sallallahu tagala aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Kime ýumşaklyk berlen bolsa, oňa dünýäniň we ahyretiň ýagşylyklary berlendir”.
Musulman örän pespäldir. Ol özüne ýüz tutan her kesi diňleýär we mümkinçilik bolanda kömek edýär. Musulman agrasdyr, edeplidir. Ol maşgalasyny we watanyny söýýär. Hadysy şerifde: “Watany söýmek imandandyr” diýildi.
Allahu tagala Öz bendeleriniň nähili bolmalydygyny Kurany Kerimde şeýle düşündirýär. Furkan süresiniň 63–69-njy aýatlarynyň beýik manysy şeýledir: “Rahmanyň (ýagny bendelerine örän merhemetli Allahu tagalanyň fazyletli) bendeleri ýer ýüzünde pespällik we agraslyk bilen ýörärler. Nadanlar olara sataşanda, olar olara (size saglyk, amanlyk bolsun) ýaly gözel sözler aýdyp, dogruluk we mylaýymlyk bilen günäden saklanarlar. Rebleri üçin sežde edip we aýak üstünde durup (namaz okap) gijelerini geçirerler (Oňa hamd ederler). Olar: ‘Eý Rebbimiz! Dowzah azabyny bizden daşlaşdyr! Hakykatdan-da, onuň azaby dowamly we ajydyr. Şübhesiz, ol nähili erbet ýer, nähili erbet duralgadyr!’ diýerler. Olar sarp edenlerinde ne isrip, ne-de gysganlyk ederler, ikisiniň arasyndaky orta ýoly tutarlar we hiç kimiň hakyny kesmezler. Olar Allahu tagala şärik goşmazlar. Allahu tagalanyň haram eden janyna kast edip, hiç kimi öldürmezler. (Diňe günäkärleri jezalandyrarlar.) Zyna etmezler”. We 72–74-nji aýatlarda: “Ýalan şaýatlyk etmezler. Peýdasyz we zyýanly işlerden gaçarlar. Şeýle peýdasyz, zyýanly ýa-da zor bilen edilýän bir işe tötänleýin goşulaýsalar, ýüz öwrüp, agraslyk bilen daşlaşarlar. Olara Allahu tagalanyň aýatlary ýatladylanda, körler we kerler ýaly görmezlige, eşitmezlige salmazlar. Olar: ‘Eý Rebbimiz! Bize aýallarymyzdan we perzentlerimizden gözlerimizi nurlandyrjak salyh (bize mirasdar, iň haýyrly yz basar boljak) adamlary ihsan et! Bizi Allahu tagala garşy çykmakdan saklanýanlara ýolbaşçy et!’ diýip ýalbararlar”.
Mundan başga-da, Saf süresiniň 2-nji we 3-nji aýatlarynyň beýik manysy şeýledir: “Eý iman getirenler! Etmeýän zadyňyzy näme üçin aýdýarsyňyz? Etmedik zadyňyza ‘etdik’ diýmegiňiz Allahyň huzurynda uly gazaba sebäp bolýar”. Bu bolsa bir adamyň edip bilmejek zadyny nezir etmeginiň ýa-da ýerine ýetirip bilmejek zadyny wada bermeginiň ony Allahyň huzurynda erbet adam etjekdigini görkezýär.
“Allahu tagala kasam edýärin: adam özi üçin söýýän zadyny din dogany üçin hem söýmese, onuň imany kämil bolmaz” Hadysy şerif
Hakyky musulman öz dinine, ejesine, kakasyna, mugallymyna, ýolbaşçysyna, ýurduň uly adamlaryna we kanunlara örän uly hormat goýýar. Gereksiz zatlar bilen meşgullanmaýar. Diňe peýdaly zatlar bilen meşgullanýar. Kumar oýnamaýar. Wagtyny biderek geçirmeýär.
Hakyky musulman ybadatyny edýär. Allahu tagalanyň öňündäki şükür borjuny berjaý edýär. Ybadat göz üçin ýa-da diňe gadagan aradan aýrylsyn diýip edilmeýär. Ybadat Allahu tagalanyň razylygy üçin edilmelidir. Allahu tagaladan gorkmak – Ony örän söýmek diýmekdir. Adam örän söýýän adamynyň gynanmagyny islemeýşi we ony gynandyrmakdan gorkuşy ýaly, Allahu tagala üçin edilýän ybadat hem Oňa bolan söýgimizi subut eder ýaly edilmelidir. Allahu tagalanyň bize beren nygmatlary şeýle uludyr welin, olaryň borjuny diňe Ony örän söýüp we Oňa ýürekden ybadat edip ödäp bileris.
Bu ybadatlar dürli-dürlüdir. Olaryň bir bölegi Allahu tagala bilen bendäniň arasyndadyr. Allahu tagala Özüne ybadatda kemçilik goýberenleri, belki, bagyşlar. Başgalaryň hakyny saklamak hem ybadatdyr. Olara ýamanlyk edenleri we üstünde başgalaryň haky bolanlary hak eýeleri bagyşlamaýança, Ol hiç haçan bagyşlamaz. Hadysy şeriflerde şeýle diýildi:
“Adamlara rehim etmeýäne Allahu tagala rehim etmez”.
“Zulmuň öňüni alyp, zalyma-da, mazluma-da kömek ediň”.
“Satyn alnan bir köýnege tölenen puluň ondan dokuzy halal, ondan biri haram pul bolsa, bu köýnek bilen okalan namazy Allahu tagala kabul etmez”.
“Musulman musulmanyň doganydyr. Ol oňa zulum etmez. Onuň kömegine ylgar. Ony kiçi we özünden pes görmez. Onuň ganyna, malyna, mertebesine, namysyna zyýan ýetirmek haramdyr”.
“Allahu tagala kasam edýärin: adam özüne edilmegini söýýän zadyny din dogany üçin hem söýmese, onuň imany kämil bolmaz”.
“Allaha kasam edýärin: ýamanlygyndan goňşusy emin bolmadyk adamyň imany ýokdur (ýagny ol hakyky mömin däldir)”.
Dünýäde bagta, ýagşylyklara, rahatlyga ýetmek we ahyretde azaplardan halas bolmak üçin iki zady etmek zerurdyr.
Birinjisi – Allahu tagalanyň buýruklaryny ýerine ýetirmek. Ikinjisi – Onuň gadagan eden zatlaryndan saklanmak. Ikinjisi birinjisinden has möhüm we peýdalydyr. Gadaganlardan saklanmak wezipesini doly berjaý edip bilmek üçin mubah, ýagny rugsat berlen zatlary aşa köp etmezlik, zerur bolan mukdaryndan daşary çykmazlyk gerekdir. Çünki mubah işlerde çakdan aşmak adamy haram işlemäge çekýär. Yslam alymlary şeýle diýdiler: “Günä edýänleriň boýun egmegi buýruklary ýerine ýetirýänleriň öwünmeginden has ýakymlydyr”.
Günälerden saklanmak hem ikä bölünýär. Birinjisi – Allahu tagalanyň haklary bilen bagly gadaganlardan saklanmak. Ikinjisi – bendeleriň haklary garyşan gadaganlardan saklanmak. Ikinjisi has möhümdir. Çünki Allahu tagala hiç bir zada mätäç däldir we örän merhemetlidir. Adamlar bolsa örän mätäçdirler we gysgançdyrlar. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär:
“Üstünde gul haky bolan, mahluklaryň malyna, namysyna degen adam ölmezinden öň halallaşsyn, borjuny ödesin! Puluň, malyň geçmejek ahyret gününe üstünde gul haky bilen barmasyn! Şol gün onuň dünýäde eden ybadatlary hak eýesine beriler. Ybadaty ýok bolsa ýa-da gutarsa, hak eýesiniň günäleri oňa ýüklener”. Bir gezek ol ýanyndakylara: “Müflisiň kimdigini bilýärsiňizmi?” diýdi. Olar: “Puly, sermaýasy gutaran adam” diýdiler. Şonda ol: “Gowy biliň: müflis – dünýäde namaz okan, oraza tutan, zekat beren bolsa-da, adamlary sögen, gaýbat eden, başgalaryň malyny iýen, jana kast eden, uran, ýaralan adamdyr. Ahyretde onuň sogaplary hak eýelerine beriler, sogaplary gutarsa, hak eýeleriniň günäleri oňa ýüklenip, ol dowzaha atylar” diýdi.
Muhammet Magsum Faruky Sirhindi hezretleri “Mektûbât” kitabynyň 2-nji jildindäki 110-njy hatynda şeýle diýýär: “Günä edenden soň dessine toba etmelidir. Gizlin günäniň tobasy gizlin, açyk edilen günäniň tobasy açyk bolar. Tobany gijikdirmeli däldir. Kiramen katibin perişdeleri günäni dessine ýazmaýarlar. Toba edilse, asla ýazylmaýar. Toba edilmese, ýazýarlar. Jagfar ibn Sinan (kuddise sirruh) şeýle diýdi: ‘Günäsinden toba etmedik adam ölmezinden öň toba etmelidir’. Wera we takwany elden goýbermeli däldir. Takwa – aç-açan gadagan edilen zatlary, wera bolsa şübheli zatlary hem etmezlikdir. Gadagan edilenlerden saklanmak buýrulanlary ýerine ýetirmekden has peýdalydyr. Ulularymyz şeýle diýdiler: ‘Gowular hem, erbetler hem ýagşylyk edýär. Emma diňe syddyklar, gowular günäden saklanýar…’ Hadysy şerifde: ‘Kyýamat güni Allahu tagalanyň huzuryna ýetýänler wera we zühd eýeleridir’ diýildi. Ýene bir hadysy şerifde: ‘Wera eýesiniň namazy kabul bolar’, başga bir hadysy şerifde bolsa: ‘Wera eýesi bilen bile bolmak ybadatdyr. Onuň bilen gürleşmek sadaka bermek ýaly sogapdyr’ diýildi. Şübhelenýän işleriňde ýüregiňden maslahat sora! Ýüregiň tisginýän işlerini etme! Nebsiňe eýerme!”
“Hikmet on bölekdir. Onuň dokuzy üzletdedir. Biri bolsa az gürlemekdedir” Hadysy şerif
Hadysy şeriflerde şeýle diýildi: “Nebse rahatlyk, ýürege şatlyk berýän iş gowy işdir. Nebsi azdyrýan, ýüregi tolgundyrýan iş günädir”. “Halal zatlar bellidir, haramlar hem bildirilendir. Şübhelilerden saklanyň. Şübhesiz bilýänleriňizi ediň!” Bu hadysy şerifler şübhelenilýän we ýüregi gysýan zady etmeli däldigini görkezýär. Şübhelenilmeýäni etmek bolsa jaýyzdyr. Bir hadysy şerifde: “Allahu tagalanyň Kurany Kerimde halal eden zatlary halaldyr. Ol Kurany Kerimde bildirmedik zatlaryny bagyşlaýar” diýildi. Şübheli bir zada duş gelende, eli ýüregiň üstünde goýmaly. Ýüregiň urşy güýçlenmese, ol işi etmeli. Eger ýürek has güýçli urup başlasa, etmeli däldir. Hadysy şerifde şeýle diýildi: “Eliňi döşüňe goý! Halal zatda ýürek rahat bolar. Haram zatda ýürek tarsyldar. Şübhä düşseň, etme. Din adamlary petwa berseler-de, etme!”
Imany bolan adam uly günä düşmezlik üçin kiçi günäden hem gaçýar. Ähli ybadatlaryny, ýagşylyklaryny kemçilikli bilmelidir. Allahu tagalanyň buýruklaryny doly ýerine ýetirmedim diýip pikir etmelidir. Abu Muhammet Abdylla ibn Menazil (kuddise sirruh) şeýle diýdi: “Allahu tagala dürli ybadatlary bildirdi. Ol sabyry, dogruçyllygy, namazy, orazany we seher wagtlarynda ystygfar etmegi buýurdy. Ystygfary iň soňunda aýtdy. Şeýlelikde, bendä ybadatlaryny, ýagşylyklaryny kemçilikli görüp, olaryň hemmesi üçin ötünç we bagyşlanmak dilemek zerur boldy”.
Jagfar ibn Sinan şeýle diýdi: “Ybadat, ýagşylyk edýänleriň özlerini günä edýänlerden üstün görmegi olaryň günälerinden hem erbetdir”.
Aly Mürteiş hezretleri mübärek Ramazan aýynyň ýigriminji gününden soň itikafy taşlap, metjitden çykdy. “Näme üçin çykdyň?” diýip soranlarynda, ol: “Hafyzlaryň teganni bilen okaýandyklaryny we munuň bilen öwünýändiklerini görüp, içerde durup bilmedim” diýip jogap berdi.
Özüniň we maşgalasynyň rysgyny halaldan gazanmak üçin işlemelidir. Munuň üçin söwda, hünär bilen meşgullanmak gerekdir. Selefi salyhyn (rahmetullahi tagala aleýhim ejmagin) hemişe şeýle işläp gazanypdyrlar. Halal gazanjyň sogaplaryny bildirýän örän köp hadysy şerif bardyr. Muhammet ibn Salim hezretlerinden: “Işläp gazanalymy ýa-da diňe ybadat edip, tewekgül edelimi?” diýip soranlarynda, ol: “Tewekgül etmek Resulullahyň halydyr. Işläp gazanmak bolsa onuň (sallallahu aleýhi we sellem) sünnetidir. Işläň we tewekgül ediň” diýdi.
Abu Muhammet ibn Menazil: “Işläp hem tewekgül etmek bir burça çekilip ybadat etmekden haýyrlydyr” diýdi. Iýmekde, içmekde orta ýoly saklamalydyr. Gowşaklyk getirer ýaly köp iýmeli däldir. Ybadat edip bilmez ýaly derejede-de perhiz saklamaly däldir. Öwlüýäleriň ulularyndan Şahy Nakşibent (kuddise sirruh) şeýle diýdi: “Gowy iý, gowy işle!” Gysgaça aýdanyňda, ybadat we ýagşylyk etmäge kömek edýän her bir zat gowudyr we mübärekdir. Her bir gowy işde niýete üns bermelidir. Gowy niýet bolmasa, ol işi etmeli däldir.
Yslama uýmaýanlardan, bidgat we günä edýänlerden daş durmaly we olar bilen aragatnaşyk saklamaly däldir. Hadysy şerifde şeýle diýildi: “Hikmet on bölekdir. Onuň dokuzy üzletdedir. Biri bolsa az gürlemekdedir”.
Şeýle adamlar bilen diňe zerurlyk mukdarynda aragatnaşyk saklamalydyr. Güýmenje wagty ölenden soňdur. Salyh, päk musulmanlar (rahmetullahi tagala aleýhim ejmagin) bilen görüşmeli, olara peýdaly bolmaly we olardan peýdalanmalydyr. Gereksiz, peýdasyz sözler bilen wagty ýitirmeli däldir.
Gowa-da, erbede-de – her kese açyk ýüz görkezmelidir. Pitne turuzmaly däl, duşman gazanmaly däldir. Hafyz Şirazynyň “Dostlara dogrusyny aýtmaly, duşmanlary bolsa açyk ýüz we şirin dil bilen dolandyrmaly” diýen sözüne eýermelidir. Ötünç sorýanlary bagyşlamalydyr. Her kese gowy häsiýetli bolmalydyr. Hiç kimiň sözüne garşy çykmaly däl, jedelleşmeli däldir. Her kese ýumşak gürlemeli, gödek gürlemeli däldir.
Şyh Abdylla Baýal (kuddise sirruh) şeýle diýdi: “Tasawwuf namaz, oraza we gijelerini ybadat bilen geçirmek däldir. Bulary etmek her bir ynsanyň bendelik wezipesidir. Tasawwuf – adamlary inçitmezlikdir. Muňa ýeten adam maksadyna ýetendir”.
Öwlüýäleri beýleki adamlardan nädip saýgarmalydygyny Muhammet ibn Salim hezretlerinden soradylar. Ol: “Sözleriniň ýumşak, häsiýetleriniň gözel, ýüzleriniň açyk bolmagyndan, ýagşylyklarynyň bol bolmagyndan, gürleşende garşy çykmazlygyndan, ötünç sorýanlary bagyşlamagyndan we her kese merhemetli bolmagyndan bilinýär” diýdi.
Abu Ahmet Mekkary hem şeýle diýdi: “Fütüwwet – seni inçiden adama ýagşylyk etmek, halamaýan adamyňa haýyr etmek we seni bizar eden adama açyk ýüz görkezmekdir”.
Az gürlemeli, az uklamaly we az gülmelidir. Gahgaha bilen gülmek ýüregi garaldýar. Işlemeli, emma onuň hakyny Allahu tagaladan garaşmalydyr. Onuň buýruklaryny ýerine ýetirmekden lezzet almalydyr. Diňe Oňa bil baglasaň, Ol isleýän her zadyňy bagyş eder. Hadysy şerifde şeýle diýildi: “Allahu tagala diňe Oňa bil baglaýanyň isleýän her zadyny berer we ähli adamlary oňa kömekçi eder”.
Ýahýa ibn Muaz Razy şeýle diýdi: “Allahu tagalany näçe söýseň, her kes seni şonça söýer. Allahu tagaladan näçe gorksaň, her kes senden şonça gorkar. Allahu tagala näçe bendelik etseň, her kes saňa şonça kömek eder. Öz bähbidiňiň yzyndan ylgama”.
Abu Muhammet Abdylla Raşy (rahmetullahi tagala aleýh) şeýle diýdi: “Allahu tagala bilen ynsanyň arasyndaky iň uly perde – ynsanyň öz nebsini pikir etmegi we özi ýaly gowşak bir bendä bil baglamagydyr. Adamlaryň däl-de, Allahu tagalanyň söýgüsine ýetmegi pikir etmelidir”. Maşgala we çagalar bilen şirin dilli we açyk ýüzli bolmalydyr. Olar bilen olaryň haklaryny ýerine ýetirer ýaly mukdarda bile bolmalydyr. Emma olara Allahu tagaladan ýüz öwürer ýaly derejede baglanmaly däldir.
Din işlerinde nadan we pasyk din adamlaryndan maslahat soramaly däldir. Dünýä göwün berenler bilen bile bolmaly däldir. Her bir işde sünnete eýermeli, bidgatdan saklanmalydyr. Şatlykly wagtlarda yslamyň çäginden çykmaly däl, kyn pursatlarda Allahu tagaladan umydy üzmeli däldir. Her bir kynçylygyň ýanynda aňsatlygyň bardygyny unutmaly däldir. Şatlykda-da, gussada-da adamyň haly üýtgemeli däl, ol baýlykda-da, garyplykda-da bir ýagdaýda bolmalydyr. Hatda garyplykda rahatlyk duýmaly, baýlykda bolsa bizar bolmalydyr. Wakalaryň üýtgemegi adamy üýtgetmeli däldir.
“Maşgalasy köp, rysgy az bolup, namazlaryny gowy okaýan we gaýbat etmeýän adam kyýamat güni meniň ýanymda bolar” Hadysy şerif
Hiç kimiň aýybyna seretmeli däl, öz aýyplaryňy görmelidir. Özüňi hiç bir musulmandan üstün bilmeli däldir. Her bir musulmany özüňden üstün tutmalydyr. Her bir musulmanyň dogasy bilen bagta ýetip bolýandygyna ynanmalydyr. Üstüňde haky bolanlaryň guly ýaly bolmalydyr. Hadysy şerifde şeýle diýildi: “Üç zady eden musulmanyň imany kämildir: maşgalasyna hyzmat etmek, garyplaryň arasynda oturmak (dilegçileriň arasynda däl) we hyzmatkäri bilen bile nahar iýmek”. Bu üç zadyň möminleriň alamatydygy Kurany Kerimde bildirilendir. Selefi salyhynyň hallaryny öwrenmeli, olar ýaly bolmaga çalyşmalydyr. Hiç kimiň gaýbatyny etmeli däl, gaýbat edeniň öňüni almalydyr. (Biriniň yzyndan ol eşitse inçijek zady aýdanda, söz dogry bolsa, bu gaýbat bolar. Ýalan bolsa, töhmet bolar. Ikisi hem uly günädir.) Emri marup we nehýi münkir etmegi endik edinmelidir.
Hadysy şerifde: “Maşgalasy köp, rysgy az bolup, namazlaryny gowy okaýan we gaýbat etmeýän adam kyýamat güni meniň ýanymda bolar” diýildi. Musulman musulman doganynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrýar, ony begendirýär. Pygamberimiz şeýle diýdi: “Musulman musulmanyň doganydyr. Olar biri-birini inçitmezler, gynandyrmazlar. Kim din doganyna bir işinde kömek etse, Allahu tagala hem onuň işini aňsatlaşdyrar. Kim bir musulmanyň kynçylygyny aýryp, ony begendirse, Allahu tagala ony kyýamat gününiň iň kyn wagtlarynda kynçylykdan halas eder. Kim bir musulmanyň aýybyny, kemçiligini ýapsa, Allahu tagala kyýamat güni onuň aýybyny ýapar”. “Kim din doganyna kömekçi bolsa, Allahu tagala hem oňa kömekçi bolar”.
“Allahu tagala käbir bendelerini bendeleriň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, olara kömekçi bolmak üçin ýaratdy. Mätäç bolanlar olara ýüz tutýarlar. Olar üçin ahyretde azap gorkusy bolmaz”.
“Kim din doganynyň bir işini bitirmek üçin gitse, her ädiminde onuň köp günäsi bagyşlanar we oňa ýetmiş sogap beriler. Bu iş tamamlanýança şeýle dowam eder. Iş bitirilende, onuň ähli günäleri bagyşlanar. Bu işi edip ýörkä ölse, soragsyz-jogapsyz jennete girer”.
“Kim din doganynyň rahatlyga ýetmegi ýa-da kynçylykdan halas bolmagy üçin hökümet adamlarynyň ýanyna baryp jan etse, kyýamat güni Syrat köprüsinde her kesiň aýagy taýyp gidýän wagtynda onuň çalt geçmegi üçin Allahu tagala kömek eder”.
“Din doganyňa açyk ýüzli bolmak, oňa gowy zatlary öwretmek, ony ýamanlyk etmekden saklamak, ýat adama gözleýän ýerini görkezmek, köçeden daşy, tikeni, süňki we şoňa meňzeş zyýanly, ýakymsyz, hapa zatlary aýyrmak, başgalara suw bermek – bularyň hemmesi sadakadyr” Hadysy şerif
“Allahu tagalanyň iň söýýän işi bir mömine eşik berip ýa-da ony doýuryp, ýa-da başga bir zerurlygyny kanagatlandyryp, ony begendirmekdir”.
“Kim bir mömine bir ýagşylyk etse, Allahu tagala bir perişde ýaradar. Bu perişde hemişe ybadat eder. Onuň ybadatlarynyň sogaby şol adama beriler. Bu adam ölüp, gabra goýlanda, bu perişde nurly we ýakymly keşpde onuň gabryna geler. Perişdäni görende, ol adam rahat dem alar, begener. ‘Sen kim?’ diýip sorar. Perişde: ‘Men seniň pylan adama eden ýagşylygyň we onuň ýüregine salan şatlygyňdyryn. Allahu tagala meni şu gün seni begendirmek, saňa şepagat etmek we jennetdäki ýeriňi saňa görkezmek üçin iberdi’ diýer”.
“Ynsan gözel häsiýeti sebäpli jennetiň iň ýokary derejelerine ýeter. (Nafyla) ybadatlar ynsany bu derejelere ýetirip bilmez. Erbet häsiýet ynsany dowzahyň iň aşaky çukurlaryna çeker”. “Salam berende açyk ýüzli bolana sadaka berenleriň ýeten sogaplary beriler”.
“Din doganyňa açyk ýüzli bolmak, oňa gowy zatlary öwretmek, ony ýamanlyk etmekden saklamak, ýat adama gözleýän ýerini görkezmek, köçeden daşy, tikeni, süňki we şoňa meňzeş zyýanly, ýakymsyz, hapa zatlary aýyrmak, başgalara suw bermek – bularyň hemmesi sadakadyr”.
“Jennetde şeýle köşkler bar welin, olaryň içinde bolan adam islän her ýerini görer we islän her ýerine özüni görkezer”. Abu Malik Eşgary: “Şeýle köşkler kimlere beriler?” diýip soranda, Pygamberimiz: “Şirin sözli, eli açyk we her kes uklap ýatan wagty Allahu tagalanyň barlygy, beýikligi hakda oýlanýan we Oňa ýalbarýanlara beriler” diýdi.
Hakyky musulman hurafatlara ynanmaýar. Ol jada, ugursyzlyga, pala, efsuna, Kurany Kerimden başga zatlar ýazylan doga-tumara, gök monjuga, palçylyga we şoňa meňzeş zatlara, olaryň hökman täsir etjekdigine, gabyrlara şem ýakmaga, sim we sapak daňmaga ähmiýet bermeýär we özüni keramat eýesi diýip yglan edýän aldawçylara aldanmaýar. Bu ýalan, bozuk zatlaryň köpüsi aslynda bize başga dinlerden geçendir. Käbir din adamlaryndan “keramat” garaşýanlara beýik yslam alymy imam Rabbany (rahimehullahu tagala) şeýle diýýär: “Adamlar din adamlaryndan keramat garaşýarlar. Olaryň käbiriniň keramaty ýokdur, ýöne olar beýlekilerden has köp Allahu tagala ýakyndyr. Iň uly keramat yslamy öwrenmek we oňa laýyk ýaşap bilmekdir”.
Başga dinden bolsalar-da, adamlara hemişe şirin dil bilen we düşünip ýüzlenmek Kurany Kerimde buýrulýar. Musulman däl adamyň ýüzüne “kapyr”, “dinsiz” diýip, onuň köňlüni ýykmagyň günädigi we şeýle diýeniň jezalandyrylmalydygy fykh kitaplarynda ýazylgydyr. Maksat – her kese yslam dininiň beýikligini düşündirmekdir. Bu jihat hem diňe şirin dil, sabyr, bilim we iman bilen bolar. Birini bir zada ynandyrmak isleýäniň ilki bilen özüniň oňa ynanmagy şertdir. Mömin bolsa hiç haçan sabyrlylygyny ýitirmeýär we ynanýan zadyny düşündirmekde kynçylyk çekmeýär. Yslam dini ýaly açyk we mantykly hiç bir din ýokdur. Bu diniň ýeke-täk hak dindigini aňsatlyk bilen subut edip bolar. Gysgaça aýdanyňda, hakyky musulman ähli gowy häsiýetlere eýe bolan, agras, gözel häsiýetli, beden we ruh taýdan arassa, her babatda ynama mynasyp bolan kämil ynsandyr. Eger ähli ynsanlar yslam dinini kabul etseler, dünýäde ne ýamanlyk, ne hilegärlik, ne uruş, ne zorluk, ne-de zulum galardy. Şonuň üçin doly we kämil musulman bolmaga jan etmek we musulmançylygyň esasyny, inçeliklerini düşündirip, ony bütin dünýä ýaýmak ähli musulmanlaryň boýnundaky borçdur.
