Söýgüli Pygamberim

MUHAMMET ALEÝHISSELAMA EÝERMEK

Muhammet aleýhisselama eýermek, ýagny oňa uýmak – onuň gidýän ýolundan ýöremek diýmekdir. Onuň ýoly – Kurany Kerimiň görkezen ýoludyr. Bu ýola Dini yslam diýilýär. Oňa uýmak üçin ilki iman getirmek, musulmançylygy gowy öwrenmek, soňra parzlary berjaý edip, haramlardan saklanmak, ondan soň bolsa sünnetleri ýerine ýetirip, mekruhlardan saklanmak zerurdyr. Bulardan soň mubahlarda hem oňa uýmaga çalyşmalydyr. Iman getirmek – oňa eýerip başlamak we bagt gapysyndan içeri girmek diýmekdir.

Allahu tagala ony dünýädäki ähli ynsanlary bagta çagyrmak üçin iberdi we Sebe süresiniň 28-nji aýatynda manysyna görä şeýle diýdi: “Eý söýgüli Pygamberim! Men seni dünýädäki ähli ynsanlara ebedi bagty buşlamak we bu bagtyň ýoluny görkezmek üçin iberýärin”.

Meselem, oňa eýerýän bir adamyň günortan azajyk uklamagy oňa eýermän köp gijeleri ybadat bilen geçirmekden esse-esse gymmatlydyr. Çünki “kaýlule” etmek, ýagny öýländen öň azajyk ýatmak onuň mübärek endigidi. Ýa-da meselem, onuň dininiň buýrany üçin baýramçylyk güni oraza tutman iýip-içmek dinde bolmadyk, ýyllarboýy tutulan orazalardan gymmatlydyr. Onuň dininiň emri bilen garyba berlen zekat öz islegi bilen dag ýaly altyn sadaka bermekden üstündir, fazyletlidir.

Bir gezek hezreti Omar ertir namazyny jemagat bilen okandan soň, jemagata göz aýlap, bir adamy görmänsoň, ol hakda sorady. Sahabalar: “Ol gijelerini ertire çenli ybadat bilen geçirýär. Belki, häzir ony uky basandyr” diýdiler. Möminleriň emiri: “Bütin gije ýatyp, ertir namazyny jemagat bilen okan bolsa, has gowy bolardy” diýdi.

Yslama uýman, kynçylyk çekip, mujahede edýänler nebislerini gowşadýan hem bolsalar, yslama laýyk etmeýändikleri üçin, olaryň zähmeti gymmatsyzdyr we pesdir. Eger bu zähmetleri üçin bir hak hasyl bolsa-da, dünýäde birnäçe peýdadan başga ellerine hiç zat geçmez. Aslynda tutuş dünýäniň-de gymmaty we ähmiýeti ýok ahyry, onuň birnäçe böleginiň näme bahasy bolsun? Olar, meselem, gara iş edýän adamlara meňzeýärler: olar hemmelerden köp işleýärler we ýadaýarlar, emma zähmet haklary eden işlerine görä hemmelerden pesdir. Yslama eýerýänler bolsa nepis gymmatly daşlar we gymmatbaha almazlar bilen meşgullanýan zergärler ýalydyr. Olaryň işi az, gazanjy bolsa örän köpdür. Käte olaryň bir sagatlyk işi ýüz müňlerçe ýyllyk gazanç getirýär. Munuň sebäbi şudur: yslama laýyk bolan amaly Hak tagala kabul edýär, Ol ondan razydyr, şonuň üçin Ol ony örän halaýar. Munuň şeýledigini Ol Öz Kitabynyň köp ýerinde bildirdi.

Meselem, Äli-Ymran süresiniň 31-nji aýatynda manysyna görä şeýle diýýär:

“Eý söýgüli Pygamberim! Olara aýt: ‘Eger Allahu tagalany söýýän bolsaňyz we Allahu tagalanyň hem sizi söýmegini isleýän bolsaňyz, maňa eýeriň! Allahu tagala maňa eýerýänleri söýýär’”.

Muhammet aleýhisselama eýermek – yslamyň hökümlerini halap, söýüp ýerine ýetirmek, onuň buýruklaryny we yslamyň gymmat berýän, üstün tutýan zatlaryny, yslamyň alymlaryny, salyhlaryny beýik bilip, hormat goýmak we onuň dinini ýaýmaga jan etmek, onuň dinine uýmak islemeýänleri, ony halamaýanlary, oňa üns bermeýänleri bolsa pes tutmak diýmekdir.

“Eý söýgüli Pygamberim! Men seni dünýädäki ähli ynsanlara ebedi bagty buşlamak we bu bagtyň ýoluny görkezmek üçin iberýärin” Sebe: 28

Yslama laýyk gelmeýän zatlaryň hiç birini Hak tagala söýmeýär, halamaýar. Onuň söýmeýän, halamaýan zadyna sogap berilermi? Gaýtam, ol jeza sebäp bolar. Iki jahanyň bagtyna ýetmek diňe we diňe dünýäniň we ahyretiň serweri bolan Muhammet aleýhisselama eýermäge baglydyr. Oňa eýermek üçin iman getirmek, yslamyň hökümlerini öwrenmek we olary hakyna laýyk ýerine ýetirmek zerurdyr. Ahyretde dowzahdan halas bolmak diňe Muhammet aleýhisselama eýerýänlere mahsusdyr. Dünýäde edilen ähli ýagşylyklar, ähli açyşlar, ähli hallar we ähli ylymlar Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) ýolunda bolmak şerti bilen ahyretde peýda berer. Ýogsa Allahu tagalanyň Pygamberine eýermeýänleriň eden her bir ýagşylygy dünýäde galar we olaryň ahyretiniň weýran bolmagyna sebäp bolar. Ýagny ýagşylyk görnüşinde görünýän zat istidrajdan başga zat bolup bilmez. Muhammet aleýhisselama doly we kemçiliksiz eýerip bilmek üçin ony doly we kemçiliksiz söýmek zerurdyr. Doly we kämil söýginiň alamaty bolsa onuň duşmanlaryndan daş durmak, ony halamaýanlary söýmezlikdir. Muhabbete mudahana, ýagny gowşaklyk sygmaz. Aşyklar söýgülileriniň diwanasy bolup, onuň buýruklaryndan bir pursat hem aýrylmazlar. Oňa garşy gidýänler bilen bile bolmazlar. Iki gapma-garşy zadyň muhabbeti bir ýürekde bolmaz. Ýagny jemgy ziddeýn (iki garşylygy jemlemek) mümkin däldir. Bu dünýäniň nygmatlary geçiji we aldawçydyr. Şu gün eliňdäki zat ertir başganyňky bolar. Ahyretde ele girjek zatlar bolsa tükeniksizdir we olar dünýädekä gazanylýar. Bu birnäçe günlük ömür dünýäniň we ahyretiň iň gymmatly ynsany bolan Muhammet aleýhisselama eýerip geçirilse, ebedi bagt, tükeniksiz nejat we halas bolmak umyt edilýär. Ýogsa oňa eýermän, her zat hiçdir. Oňa uýman edilen her bir haýyr, ýagşylyk bu ýerde galar, ahyretde ele hiç zat geçmez. Oňa uýmagyň ownujak bir zerresi tutuş dünýä nygmatlaryndan we ahyret bagtlaryndan esse-esse üstündir. Ynsanlygyň artykmaçlygy we şerefi oňa eýermekdir. Resulullaha uýmak üçin musulmanlaryň Ähli sünnetiň dört hak mezhebiniň birinde bolmagy esasy şertdir. Pygamberimize iman getirip, onuň getiren zatlaryny tassyklamak, ony söýüp, oňa boýun bolmak, nesihatlaryny kabul etmek, oňa hormat goýmak we ony beýik tutmak parzdyr. Bu barada Allahu tagala manysyna görä şeýle diýýär: “Onda hidaýata (dogry ýola) ýetmegiňiz üçin Allahu tagala we Onuň ummy nebisi bolan Resulyna iman getiriň, oňa eýeriň”.1 We: “Kim Allahu tagala we Onuň Pygamberine iman getirmese, (bilsin) Biz şol kapyrlar üçin alawly (elhenç we gorkunç) bir ot taýynladyk”.2 Ýahýa ibn Muhammet ibn Abdylla, Muhammet ibn Ybraýym ibn Sagyt, Umeýýe ibn Bustan we Muhammet ibn Ybraýym ibn Sagyt habar berşi ýaly, Abu Hureýre (radyýallahu anhu) Resulullahdan (sallallahu aleýhi we sellem) şu hadysy şerifi rowaýat etdi. Resulullah şeýle diýdi: “Adamlar Allahdan başga ilah ýokdugyna şaýatlyk edýänçäler we maňa hem-de meniň getiren zadyma (yslama) iman getirýänçäler, olar bilen söweşmek maňa buýruldy. Muny edenlerinde (iman getirenlerinde), mallaryny we janlaryny menden goramyş bolarlar. Diňe yslamyň haky muňa girmez (ýagny bir musulman günä eden bolsa, oňa yslamyň kesgitlän jezasy beriler). Olaryň hasaby bolsa Allaha galandyr”.3

“Kim maňa boýun bolsa, ol Allahu tagala boýun bolandyr. Kim maňa garşy çyksa, ol Allahu tagala garşy çykandyr” Hadysy şerif

“Kim maňa boýun bolsa, ol Allahu tagala boýun bolandyr. Kim maňa garşy çyksa, ol Allahu tagala garşy çykandyr. Meniň buýrugyma boýun bolan maňa boýun bolandyr, buýruklaryma garşy çykan hem maňa garşy çykandyr”.

“Maňa boýun bolan we meniň getiren zatlaryma eýeren adamyň haly bilen maňa garşy çykan we meniň getiren zatlarymy ýalana çykaran adamyň haly şu adamyň halyna meňzeýär: ol bir öý saldyrypdyr, (adamlara uly myhmançylyk bermek üçin) dürli tagamly naharlar taýynlapdyr we adamlary nahara çagyrmak üçin birini wezipelendiripdir. Çakylygy kabul eden adam öýe girýär we taýynlanan naharlardan isleýänçe iýýär. Çakylygy kabul etmedik bolsa öýe girip bilmeýär we taýynlanan naharlardan iýip bilmeýär. Öý – (Resulullahyň çakylygyny kabul eden takwa adamlar üçin taýynlanan) jennetdir. (Allahu tagala we Onuň nygmatlary bilen doly jennete) çagyryjy bolsa Muhammetdir (aleýhisselam). Kim Muhammede (aleýhisselam) garşy çyksa, ol Allahu tagala garşy çykandyr. Muhammet (aleýhisselam) adamlary özüni tassyklaýan möminler we özüni ýalana çykarýan kapyrlar diýip biri-birinden aýyryjydyr”.

“Meniň sünnetime we menden soň Hulefaýy raşydynyň sünnetlerine ýapyşyň. Oňa bar güýjüňiz bilen we üns bilen berk ýapyşyň. (Dinde) soňradan döredilen (Kurany Kerimde, sünnetde, ymmatyň ijmasynda we fakyhlaryň kyýasynda bolmadyk) zatlardan saklanyň.

Çünki (dinde) soňradan döredilen her bir zat bidgatdyr. Her bir bidgat bolsa azaşmakdyr”.4

Enes ibn Malygyň Resulullaha uýmak barada rowaýat eden hadysy şerifinde Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Kim meniň sünnetimi direltse (onuň bilen amal edip ýaýsa), ol meni direldendir (meniň şanymy beýgeldendir, buýrugymy äşgär edendir). Meni direlden bolsa jennetde meniň bilen bile bolar”.

Pygamberimiz Bilal ibn Harysa şeýle diýdi: “Kim yslamda gözel bir sünnet (sünneti hasene) başlasa, onuň sogabyna we ony edýänleriň sogaplaryna ýeter. Kim yslamda erbet bir ýol açsa, onuň günäsi we ony edýänleriň günäleri oňa beriler”.5

Omar ibn Abdylaziz hezretleri şeýle diýdi: “Resulullah gözel bir ýol açdy. Ondan soň onuň halyflary hem ýollar açdylar. Resulullahyň sünneti we ondan soňky halyflarynyň sünnetleri bilen amal etmek Allahu tagalanyň Kitabyna laýyk hereket etmek diýmekdir. Allahu tagala we Pygamberimize boýun bolmak Allahu tagalanyň dinini berkitmekdir. Yslamy bozmaga we üýtgetmäge hiç kimiň haky ýokdur”. Sünnete garşy çykýan adamlaryň sözleri bilen amal etmek hem jaýyz däldir. Pygamberimiziň we hormatly sahabalaryň sünnetlerine eýerenler hidaýata ýetdiler. Olardan kim kömek sorasa, kömek gördi. Kim sünneti şeriflere garşy çyksa we olar bilen amal etmese, musulmanlaryň gidýän ýolundan başga bir ýola düşdi. Allahu tagala şeýle adamy öz saýlan ýolunda goýar, oňa erbet işleri etmäge ýol berer we ony dowzaha atar. Barylýan ýer hökmünde dowzah iň erbet ýerdir.

Ahmet ibn Hanbal hezretleri şeýle diýdi: “Bir gün men bir toparyň arasyndadym. Olar eşiklerini doly çykaryp, suwa girdiler. Men bolsa ‘Kim Allahu tagala we ahyret gününe iman getirýän bolsa, hammama (awrat ýerlerini örtmän) girmesin’ diýen hadysy şerife eýerip, eşiklerimi çykarmadym. Şol gije düýşümde biri maňa: ‘Eý Ahmet! Saňa buşluk bolsun! Çünki Resulullahyň sünnetine eýereniň üçin Allahu tagala seni bagyşlady. Seni imam etdi. Adamlar saňa eýererler’ diýdi. ‘Siz kim?’ diýip soranymda, ol: ‘Men Jebraýyldyryn’ diýdi”. Kim her bir işinde Resulullaha (sallallahu aleýhi we sellem) eýermese, mömin bolup bilmez. Ony öz janyndan hem artyk söýmese, onuň imany kämil bolmaz. Ol – ähli ynsanlaryň we jynlaryň pygamberidir.

Her asyrda ýaşaýan her bir millete oňa eýermek wajypdyr. Her bir mömin onuň dinine kömek etmeli, onuň gözel ahlagy bilen ahlaklanmaly, onuň mübärek adyny köp agzamaly, adyny aýdanda we eşidende hormat we söýgi bilen salawat we salam aýtmaly, onuň mübärek jemalyny görmäge aşyk bolmaly, onuň getiren Kurany Kerimini we dinini söýmeli we hormatlamalydyr.

Höwesden sözlemezdi, päk sözüniň hemmesi wahydy,
Hikmet dürleri bilen dolup-daşan ummandy ol sahawat käni.
Teni halk içindedi, köňli Dosty bilen ýeke-täkdi,
Her pursat köplükde birligi tapardy ol sahawat käni.
Salawat hem salam bolsun oňa, Äline we sahabalaryna,
Çünki olary özüne ýaran etdi ol sahawat käni.
Gel, eý Hakky, halky unut, Hakyň Habybyndan ahlak al,
Çünki gözel ahlagy Hakdan sowgat alypdy ol sahawat käni.
İbrâhîm Hakkı Erzurumî

“Allahu tagalanyň köp söýýän adamy öz dinini öwrenýän we ony başgalara öwredýän adamdyr. Diniňizi yslam alymlarynyň agzyndan öwreniň!” Hadysy şerif

Medineýi münewwere [1890]