Söýgüli Pygamberim

ÇAGALYGY

Süýt enä berilmegi

Ämine enemiz nurly balasyny gujagyna alanda, äri hezreti Abdyllanyň wepatynyň derdini unudan ýaly boldy. Pygamberimizi ejesi dokuz gün emdirenden soň, birnäçe gün Abu Lehebiň gyrnagy Suweýbe hatyn oňa süýt enelik etdi. Suweýbe hatyn mundan öň hezreti Hamzany, soňra bolsa Abu Selemäni hem emdiripdi. Hafyz Ibn Jezeri şeýle diýýär: “Abu Lehebi düýşde görüp, onuň ýagdaýynyň nähilidigini soranlarynda, ol şeýle diýdi: ‘Men gabyr azabyny çekýärin. Emma her ýyl Rebiulewwel aýynyň on ikinji gijelerinde azabym ýeňilleşýär. Iki barmagymyň arasyndan çykýan salkyn suwy emip, rahatlanýaryn. Resulullah dünýä inen gijesi Suweýbe atly gyrnagym maňa şol buşlukly habary getiripdi. Men begenjimden ony azat etdim we oňa süýt ene bolmagy buýurdym. Şonuň üçin bu gijelerde azabym ýeňilleşýär’.” Şol zamanda mekgelileriň çagalaryny süýt enä bermek däbi bardy. Çagalary golaýdaky howasy arassa, suwy süýji ýaýlalara iberýärdiler, olar birnäçe wagt süýt eneleriniň ýanynda ýaşaýardylar. Munuň sebäbi Mekgäniň yssy howasydy. Her ýyl şu maksat bilen Mekgä köp aýallar gelerdi. Olaryň her biri emdirmek üçin bir çaga alyp giderdi. Çagalary ulaldyp yzyna gowşuranlarynda, olar köp hak we sowgatlar alardylar. Pygamberimiz doglan ýyly hem, her ýylky ýaly, ýaýlalarda ýaşaýan Beni Sagt taýpasyndan köp aýallar süýt ene bolmak niýeti bilen Mekgä geldi. Olaryň her biri eýýäm emdirmek üçin bir çaga alypdy. Mekgäniň töweregindäki taýpalaryň arasynda Beni Sagt taýpasy şerefi, sahylygy, mertligi, kiçigöwünliligi we arap dilinde dogry gepleýşi bilen örän meşhurdy. Kuraýşyň görnükli adamlary çagalarynyň köplenç şu taýpa berilmegini isleýärdiler. Şol ýyl Beni Sagt taýpasynyň ýurdunda güýçli gurakçylyk we açlyk höküm sürýärdi. Bu taýpadan Halyma hatyn şol ýagdaýy şeýle gürrüň berýär: “Men şol ýyl meýdanlarda gezip, ot ýygnardym we ony tapanym üçin Allahu tagala şükür ederdim. Käte üç gün geçse-de, agzyma hiç zat salmazdym. Şeýle ýagdaýda meniň çagam dogdy. Bir tarapdan açlyk, beýleki tarapdan çaga dogurmagyň kynçylygy bardy. Açlykdan ýer bilen asmany, gije bilen gündizi saýgaryp bilmeýän pursatlarym hem bolardy. Bir gije men çölde ýatyp galypdyryn. Düýşümde bir adam meni süýtden hem ak bir suwa çümdürdi we: ‘Bu suwdan iç’ diýdi. Men ganýançam içdim. Soňra ol meni ýene içmäge zorlady. Men içdim-de içdim, suw baldan süýjüdi. ‘Süýdüň bol bolsun, eý Halyma! Meni tanadyňmy?’ diýip, ol sorady. Tanamaýandygymy aýdanymda, ol: ‘Men – seniň kyn ýagdaýyňda eden hamdyň we şükrüň. Eý Halyma! Mekgä git. Ol ýerde saňa “Nur” ýoldaş bolar we sen berekete gark bolarsyň. Bu düýşi hiç kime aýtma!’ diýdi. Oýananymda, emjeklerimi süýtden doly tapdym, kynçylyk hem, açlyk hem meni terk edipdi.” Şol ýyl açlyk sebäpli, hak üçin çaga emdirip, kyn döwri geçirmek maksady bilen Mekgä beýleki ýyllardakydan has köp süýt eneler gelipdi.

“Biz oýun oýnamak üçin ýaradylmadyk” Hadysy şerif

Sagt ogullarynyň çöli

Olaryň hemmesi baý maşgalalaryň çagalaryny almaga howlugýardy. Bu aýallaryň her biri bir çaga aldy. Pygamberimiz ýetim bolany üçin, köp hak alyp bilmeris diýip pikir edip, olar ony almak islemediler. Bu aýallaryň arasynda namyslylygy, päkligi, mylaýymlygy, utanjaňlygy we gözel ahlagy bilen tanalýan Halyma hatyn hem bardy. Münüp gelen ulaglary ysgynsyz bolany üçin, olar Mekgä gijä galyp gelipdiler. Emma bu gijä galmak olaryň gözleýän zatlaryndan hem has köpüsine ýetmegine sebäp boldy. Halyma bilen äri Mekgäniň köçelerinde gezip, baý maşgalalaryň çagalarynyň eýýäm alnyp gutarandygyny gördüler. Emma eli boş dolanasylary hem gelmeýärdi. Indi olaryň ýeke-täk arzuwy çaga bilen dolanmakdy.

Ahyrsoňy olar hormat oýarýan, ýüzi örän mylaýym bir adama duşdular. Bu – Mekgäniň baştutany Abdylmuttalypdy. Olaryň isleglerini bilenden soň, ol agtygyny almagy maslahat berdi we şonuň sebäpli olaryň uly döwlete we bagta ýetjekdiklerini aýtdy. Abdylmuttalybyň mähri we mylakaty olary özüne çekýärdi. Olar onuň teklibini derrew kabul etdiler. Soňra garry ata Halyma hatyny hezreti Äminäniň öýüne alyp bardy.

Halyma hatyn şeýle gürrüň berýär: “Çaganyň ýanyna baranymda, ol gundaga dolanan halda ýaşyl ýüpek ýapynjanyň üstünde rahat ýatyrdy, töwerege müşk ysy ýaýraýardy. Men haýran galdym we bir pursatda ony şeýle bir söýdüm welin, ony oýarmaga göwnüm bolmady. Elimi onuň döşüne goýanymda, ol oýandy, maňa seretdi-de, ýylgyrdy. Men bolsa bu ýylgyryşa ýesir bolup, özümi ýitirdim. Soňra ejesi beýle owadan we mübärek çagany maňa bermez diýip gorkup, onuň ýüzüni ýapdym-da, derrew gujagyma aldym. Sag emjegimi berdim – ol emip başlady. Çep emjegimi berdim – emmedi. Abdylmuttalyp maňa öwrülip: ‘Begen! Aýallaryň arasynda seniň ýaly nygmata ýeten bolmady!’ diýdi.1

Söýgüli balasyny maňa berenden soň, Ämine hatyn şeýle diýdi: ‘Eý Halyma, üç gün öň men ogluma süýt berjek aýalyň Beni Sagt taýpasynyň Abu Zuweýb neslinden boljakdygyny aýdan bir ses eşitdim’. Şonda men: ‘Men Beni Sagt taýpasyndan, kakamyň künýesi – Abu Zuweýb’ diýip jogap berdim.”

Halyma hatyn ýene şeýle gürrüň berýär: “Ämine hatyn maňa ýene köp zatlary gürrüň berdi we wesýet etdi. Men hem oňa Mekgä gelmezimden öň gören düýşümi we ýolda sag tarapymdan, çep tarapymdan: ‘Begen, eý Halyma! Gözleri gamaşdyrýan we älemleri ýagtyldýan ol nury emdirmek saňa nesip bolar’ diýen sesleriň eşidilendigini gürrüň berdim.”

Halyma hatyn şeýle gürrüň berýär: “Muhammet aleýhisselamy alyp, hezreti Äminäniň öýünden çykdym. Ärimiň ýanyna geldim. Ol hem elimdäki çaganyň ýüzüne seredip, özüni ýitirdi we: ‘Eý Halyma! Men şu wagta çenli beýle owadan ýüz görmändim!’ diýdi. Ony almak bilen ýeten bereketlerimizi görende bolsa: ‘Eý Halyma! Bilip goý: sen örän mübärek we derejesi beýik bir çaga alypsyň’ diýdi. Men: ‘Allaha kasam, men edil şuny isleýärdim, arzuwym kabul boldy’ diýip jogap berdim.”

Halyma hatyn bilen äri Muhammet aleýhisselamy alyp, Mekgeden ýola çykan pursatlaryndan başlap, onuň berekedine ýetip başladylar. Öň çalt ýöräp bilmeýän arryk eşekleri indi asyl arap aty ýaly çapýardy. Bile gelen kerwen olardan has öň ýola çykyp, örän uzaklaşan hem bolsa, olar kerweniň yzyndan ýetip, ony yzda galdyrdylar. Beni Sagt ýurduna baryp ýetenlerinde, olar görlüp-eşidilmedik bollyga we berekete ýetdiler. Öň az süýt berýän mallarynyň ýelinleri süýtden doly bolup, dyňzap durdy. Muny gören goňşulary haýran galdylar we munuň emdirmäge alnan çaga sebäpli bolandygyna aýdyň düşündiler. Pygamberimiz Halyma hatynyň diňe sag emjegini emýärdi.

“Meniň ata-babalarymyň hiç biri zyna etmedi. Allahu tagala meni päk, ýagşy atalardan, päk enelerden dünýä getirdi” Hadysy şerif

Çep emjegini bolsa ol süýt doganyna galdyrardy. Iki aýlyk wagtynda ol emedekläp başlady. Üç aýlykka aýak üstünde durdy, dört aýlykka diwardan tutup ýöräp başlady. Bäş aýlyk wagtynda ol ýöräp ugrady, alty aýlykka çalt ýöräp başlady. Ýedi aýlyk wagtynda ol her tarapa ýöräp bildi. Sekiz aýlykka sözleri düşnükli boldy, dokuz aýlykka bolsa ol örän aýdyň gepläp başlady. On aýlyk wagtynda ol eýýäm ok atyp başlady.

Halyma hatyn şeýle gürrüň beripdir: “Ol gepläp başlanda, onuň ilkinji sözleri: ‘La ilähe illallahu wallahu ekber. Welhamdu lillähi Rabbil-älemin’ boldy. Şol günden soň ol Allahu tagalanyň adyny tutman hiç zada elini uzatmady. Çep eli bilen hiç zat iýmezdi. Ýöräp başlanda, ol çagalaryň oýnaýan ýerlerinden daşda durardy we olara: ‘Biz munuň üçin ýaradylmadyk’ diýerdi. Her gün ony gün şöhlesi ýaly bir nur gaplap alardy, soňra ýene dargap giderdi. Ol Aý bilen gepleşerdi, Aýa işaret etdigiçe Aý hereket ederdi.”

Gurakçylyk sebäpli olar örän kyn ýagdaýa düşdüler we bir gezek Allahu tagaladan ýagyş diläp, doga çykdylar. Doga gidenlerinde, Muhammet aleýhisselamy özleri bilen aldylar we onuň hatyrasyna bol ýagyşa we berekete ýetdiler. Halyma hatyn şeýle gürrüň berýär: “Muhammet aleýhisselam iki ýaşyna girende, men ony emjekden aýyrdym. Soňra ejesine yzyna gowşurmak üçin ärim bilen Mekgä bardyk. Emma onuň sebäbinden biz şeýle bereketlere ýetipdik welin, ondan aýrylmak, onuň mübärek ýüzüni görmezlik biziň üçin örän agyrdy. Men onuň ýagdaýlaryny ejesine gürrüň berdim. Ämine hatyn: ‘Meniň oglumyň beýik derejesi bar’ diýdi. Men: ‘Allaha kasam, men ondan has mübärek adamy görmedim’ diýdim. Soňra dürli bahanalar tapyp, Ämine hatyndan onuň ýene biraz biziň ýanymyzda galmagyny haýyş etdim. Ol biziň göwnümizi ýykmady we onuň biziň ýanymyzda galmagyna rugsat berdi. Biz onuň bilen ýene taýpamyza dolandyk. Şonuň sebäpli öýümiz berekete doldy, malymyz, emlägimiz we abraýymyz artdy. Biz hasapsyz-hesipsiz nygmatlara ýetdik.”2

Mübärek başynyň üstündäki bulut

Halyma hatyn şeýle gürrüň berýär: “Bir gün älemiň serweri (sallallahu aleýhi we sellem): ‘Gündizine doganlarym görünmeýär. Munuň sebäbi näme?’ diýip soranda, men: ‘Olar goýun bakmaga gidýärler. Öýe diňe agşam gelýärler’ diýdim. Şonda ol: ‘Meni hem olar bilen bile iber. Men hem goýun bakaýyn’ diýdi. Men dürli bahanalar tapyp, ony ibermejek boldum. Ahyrynda onuň göwni hoş bolsun diýip: ‘Bolýar’ diýdim.

Ertesi gün men onuň mübärek saçlaryny darap, eşiklerini geýdirip, süýt doganlary bilen bile iberdim.

Ol birnäçe gün olar bilen gidip-gelip ýördi. Bir gün süýt dogany Şeýma meýdandan gelende, men: ‘Gözümiň nury oglum Muhammet nirede?’ diýip soradym. Ol: ‘Çölde’ diýdi. ‘Jigerbendim bu yssa nädip çydaýar?’ diýip soranymda, Şeýma: ‘Eý ejejan! Oňa hiç haçan zyýan ýetmez. Sebäbi onuň mübärek başynyň üstünde bir bulut hemişe onuň bilen bile ýöreýär; şeýdip ol günüň yssysyndan goralýar’ diýip jogap berdi. ‘Sen näme diýýärsiň? Seniň aýdýanlaryň hakykatdanam dogrumy?’ diýenimde, ol kasam etdi. Diňe şonda men köşeşdim.

Mübärek döşüniň ýarylmagy (Şakky sadr)

Ýene bir gün öýle wagty onuň süýt dogany Damra meniň ýanyma gelip: ‘Ejejan! Çalt ylgaň!.. Biz kuraýşly doganym bilen goýun bakýardyk. Birden ýaşyl eşikli üç adam geldi. Olar doganymy ýanymyzdan alyp, dagyň başyna äkitdiler. Ony arkan ýatyryp, pyçak bilen garnyny ýardylar. Men size habar bermäge gaýdanymda, olar heniz şol ýerdedi. Doganymyň diri galandygyny-galmandygyny bilmeýärin’ diýdi. Halyma hatyn sözüni şeýle dowam etdi: Şol pursat ganym başyma urdy. Biz çalt şol ýere geldik we ony gördük. Men derrew onuň mübärek ýüzüni, başyny ogşap: ‘Eý gözümiň nury! Eý älemlere rahmet bolan oglum! Bu näme ýagdaý? Seniň başyňa näme geldi? Seni kim biynjalyk etdi?’ diýip soradym.

Ol: ’Öýden çykanymda, men ýaşyl eşikli iki adamy gördüm. Biriniň elinde kümüş ibrik, beýlekisiniň elinde ýaşyl zümerretden leňňer bardy. Leňňer gardan hem ak bir zat bilen doludy. Olar meni dagyň başyna alyp bardylar. Biri meni arkan ýatyrdy. Men seredip durkam, ol döşümi göbegime çenli ýardy. Men hiç agyry hem, ynjy hem duýmadym. Ellerini salyp, içinde näme bar bolsa – hemmesini çykardylar. Ony ol ak zat bilen ýuwup, ýerine goýdular. Soňra biri beýlekisine: “Tur, indi men öz işimi bitireýin” diýdi-de, elini salyp, ýüregimi çykardy. Ol ony iki bölege böldi we içinden gara bir zady çykaryp taşlady. We: “Seniň bedeniňde şeýtanyň paýy şudy. Biz ony çykaryp taşladyk. Eý Allahu tagalanyň söýgülisi! Biz seni wesweseden3 we şeýtanyň hilesinden aman etdik” diýdi. Soňra olar ýüregimi özleri bilen bolan näzik we ýumşak bir zat bilen doldurdylar. Ony nurdan bir möhür bilen möhürlediler. Ol möhrüň salkynlygyny men häzir hem ähli agzalarymda duýýaryn. Olaryň biri elini ýarylan ýere goýanda, ýaram bitdi. Soňra meni ymmatymdan on adam bilen deňediler – men agyr çykdym. Müň adam bilen deňediler – men ýene agyr çykdym. Şonda olaryň biri beýlekisine: “Indi ony deňemegi bes et. Allaha kasam, sen ony bütin ymmaty bilen deňeseň hem, ol agyr çykar” diýdi. Soňra olaryň her biri meniň elimi we ýüzümi ogşady we olar meni şu ýerde goýup gitdiler’ diýdi. Ýarylan ýer onuň mübärek döşünde görnüp durdy.”4

Söýgüli Pygamberimiziň başyndan geçen we Kurany Kerimiň Inşirah süresiniň birinji aýatynda bildirilen bu waka “Şakky sadr”, ýagny döşüniň ýarylmagy diýip atlandyrylýar.

Muhammet aleýhisselama pygamberlik bildirilenden soň hormatly sahabalaryň käbirleri: “Ýa Resulallah! Bize öziňiz barada gürrüň bermersiňizmi?” diýenlerinde, ol şeýle diýdi: “Men atam Ybraýymyň dogasydyryn. Men doganym Isanyň buşlugydyryn!

Ejem üçin bolsa men onuň düýşüdirin. Ol maňa göwreli wagty özünden Şamyň köşklerini ýagtyldan bir nuruň çykandygyny görüpdi… Men Sagt ibn Bekir ogullarynyň ýanynda emdirilip ulaldyldym”.

Dört ýaşy dolandan soň Halyma hatyn ony Mekgä alyp gelip, ejesine tabşyrdy. Atasy Abdylmuttalyp Halyma hatyna örän uly sowgatlar berip, oňa ihsan etdi. Ony Mekgede goýup gidende, Halyma hatyn aýralyk derdini: “Edil janym we köňlüm hem onuň bilen galan ýalydy” diýen sözler bilen beýan etdi.

“Muhammedi (sallallahu aleýhi we sellem) emdirýän wagtymda men ondan örän razydym. Ol hiç zady hapalamazdy. Gündizine bir gezek we gijesine bir gezek kiçi hajatyny bitirerdi, soňra şol wagta çenli başga bitirmezdi” Halyma hatyn

Hormatly ejesiniň wepaty

Söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) alty ýaşyna çenli ejesiniň ýanynda ulaldy. Alty ýaşyndaka ol ejesi we Ummu Eýmen atly gyrnak bilen bile garyndaşlaryny we kakasy Abdyllanyň gabryny zyýarat etmek üçin Medinä gitdi.

Olar şol ýerde bir aý boldular. Pygamberimiz Medinede Nejjar ogullaryna degişli howuzda ýüzmegi öwrendi. Şol wagt bir ýahudy alymy ondaky pygamberlik alamatlaryny gördi. Ol onuň ýanyna gelip, adyny sorady. “Ahmet” diýende, ol alym: “Bu çaga ahyrzaman Pygamberi bolar!” diýip gygyrdy. Mundan başga-da, ol ýerdäki ýahudy alymlarynyň käbirleri hem ondaky pygamberlik alamatlaryny görüp, onuň pygamber boljakdygy barada öz aralarynda gürrüň etdiler.

Olaryň bu sözlerini eşiden Ummu Eýmen bu barada hezreti Ämine enemize habar berdi. Onuň mübärek ejesi oňa bir zyýan ýetmeginden gorkup, ony aldy-da, Mekgä dolanmak üçin ýola çykdy. Ebwa diýen ýere ýetenlerinde, hezreti Ämine enemiz kesel boldy. Keseli güýçlendi, ol ýygy-ýygydan özünden gidýärdi.

Baş ujunda duran söýgüli ogly Muhammet aleýhisselama seredip, ol: “Eý gorkunç ölüm okundan Allahu tagalanyň lutfy we kömegi bilen ýüz düýäniň deregine halas bolan şahsyň ogly! Allahu tagala seni mübärek etsin. Eger düýşümde görenlerim dogry çyksa, beýiklik we bol ihsan eýesi bolan Allahu tagala seni Adam ogullaryna halaly we haramy bildirmek üçin iberer. Jenaby Hak seni milletleriň arasynda gadymdan gelýän butlardan we butparazlykdan gorap saklar” diýdi we şu beýtleri aýtdy:

Könelýär täze zat, ölýär diri jan,
Köp zat tükenýär; baky ýaş galan barmy?
Men hem ölerin, ýeke tapawudym şu:
Seni men dogurdym, şerefim şu.
Yzymda goýdum haýyrly perzent,
Gözümi ýumdum, köňlüm örän rahat.
Meniň adym dillerde baky galar,
Seniň söýgiň köňüllerde ýaşar.

Soňra ol wepat boldy. Şol ýerde jaýlandy. Ämine enemiz wepat bolanda ýigrimi ýaşyndady. Ummu Eýmen Älemleriň Serwerini ýanyna alyp, birnäçe gün dowam eden ýoldan soň Mekgä getirdi we atasy Abdylmuttalyba tabşyrdy.5

Ejesi we kakasy mömindi

Habyby ekremiň (sallallahu aleýhi we sellem) kakasy we ejesi Ybraýym aleýhisselamyň dinindedi.6 Ýagny olar mömindiler. Yslam alymlary olaryň Ybraýym aleýhisselamyň dininde bolandyklaryny, Muhammet aleýhisselama pygamberlik bildirilenden soň hem onuň ymmatyndan bolmaklary üçin direldilip, kelimeýi şahadaty eşidendiklerini, aýdandyklaryny we şeýdip bu ymmatdan hem bolandyklaryny bildirdiler.7

Mübärek atasynyň ýanynda

Muhammet aleýhisselam sekiz ýaşyna çenli atasynyň ýanynda ulaldy. Atasy Abdylmuttalyp Mekgäniň hemmeler tarapyndan söýülýän we köp işlerini dolandyrýan adamydy; ol haýbatly, sabyrly, ahlakly, dogruçyl, mert we sahydy. Ol garyplary doýurardy, hatda aç we suwsuz galan haýwanlara hem iýmit bererdi.

Ol Allahu tagala we ahyrete ynanardy. Erbetliklerden saklanardy, jahyliýet (nadanlyk) döwrüniň her hili betnebis däplerinden daşda durardy. Mekgede zulma, adalatsyzlyga ýol bermezdi, gelen myhmanlary hormatlap garşylardy. Ramazan aýynda Hyra dagynda ýalňyzlyga çekilmek onuň endigidi. Çagalary söýýän we rehimli Abdylmuttalyp söýgüli agtygyny bagryna basyp, ony gije-gündiz ýanyndan aýyrmazdy. Ol oňa uly söýgi we mähir görkezerdi. Käbäniň kölegesinde ol diňe özüne mahsus düşeginde onuň bilen bile oturardy, muňa päsgel bermek isleýänlere: “Oglumy rahat goýuň, onuň şany beýikdir” diýerdi.8 Ol Pygamberimiziň enekesi Ummu Eýmene ony gowy saklamagy gaýta-gaýta tabşyryp: “Ogluma gowy seret. Ähli kitap meniň oglum barada: ‘Bu ymmatyň pygamberi bolar’ diýýärler” diýerdi. Ummu Eýmen şeýle diýipdir: “Men onuň çagalygynda ne açlykdan, ne-de suwsuzlykdan zeýrenendigini görmedim. Irden ol bir owurt zemzem suwuny içerdi. Oňa nahar iýdirjek bolanlarynda: ‘Islemeýärin, men dok’ diýerdi.”

Abdylmuttalyp uklanda we otagynda ýeke wagty ondan başga hiç kimi ýanyna goýbermezdi. Ol ony mähir bilen bagryna basardy, sypalardy, onuň sözlerinden we hereketlerinden çäksiz hoşal bolardy. Saçakda ony ýanyna alardy, dyzynda oturdardy, naharyň iň gowusyny, iň tagamlysyny oňa iýdirerdi we ol gelmese saçak başyna oturmazdy. Ol onuň hakynda köp düýşler gördi we köp wakalara şaýat boldy.

Bir gezek Mekgede gurakçylyk we açlyk boldy. Abdylmuttalyp gören bir düýşi boýunça Muhammet aleýhisselamyň elinden tutup, Abu Kubeýs dagyna çykdy we: “Allahym, bu çaganyň haky üçin bizi bereketli ýagyş bilen begendir” diýip doga etdi. Dogasy kabul boldy we bol ýagyş ýagdy. Şol zamanyň şahyrlary bu wakany goşgularynda wasp etdiler.

Nejranly rahyp

Bir gün Abdylmuttalyp Käbäniň ýanynda oturka, onuň ýanyna Nejrandan bir rahyp gelip, gürleşip başlady. Bir salymdan ol şeýle diýdi: “Biz Ysmaýyl ogullaryndan iň soňunda geljek pygamberiň sypatlarynyň kitaplarda ýazylgydygyny okadyk. Bu ýer, ýagny Mekge – onuň doglan ýeri. Onuň sypatlary şeýle-şeýle!” diýip, olary bir-birden sanap başlady. Şol wagt olaryň ýanyna söýgüli Pygamberimiz geldi. Nejranly rahyp ony ünsli synlap başlady; soňra golaý gelip, onuň gözlerine, arkasyna, aýaklaryna seretdi we tolgunyp, şeýle diýdi:

“Jenaby Hak seni milletleriň arasynda gadymdan gelýän butlardan we butparazlykdan gorap saklar” Ämine hatyn

“Ine, ol – şu. Bu çaga seniň nesliňdenmi?” Abdylmuttalyp: “Bu – meniň oglum!” diýende, Nejranly rahyp: “Kitaplarda okaýşymyz ýaly, onuň kakasy diri bolmaly däl!” diýdi. Abdylmuttalyp: “Ol – oglumyň ogly. Ol dogmazyndan öň, ejesi göwreli wagty kakasy aradan çykypdy” diýende, rahyp: “Ine, indi dogrusyny aýtdyň” diýdi. Şondan soň Abdylmuttalyp ogullaryna: “Doganyňyzyň ogly barada aýdylanlary eşidiň, oňa gözegçilik ediň we ony gowy goraň” diýdi.

Mübärek atasynyň wepaty

Abdylmuttalybyň wepaty ýakynlaşanda, ol ogullaryny ýygnap, şeýle diýdi: “Dünýäden ahyrete göçmeli wagtym geldi. Ýeke-täk aladam – şu ýetim. Käşgä ömrüm uzyn bolaýdy-da, bu hyzmaty söýüp dowam etdiräýsedim! Emma elden näme gelýär? Ömür wepa etmez. Indi köňlüm hem, dilim hem şu hasrat oduna ýanýar. Bu dür dänesini araňyzdan birine amanat edip tabşyrmak isleýärin. Haýsyňyz onuň hukuklaryny mynasyp derejede gorar we oňa hyzmat etmekde hiç kemçilik goýbermez?” Abu Leheb dyza çöküp: “Eý araplaryň serweri! Eger bu amanady tabşyrmak üçin göz öňünde tutan biriň bar bolsa, gaty gowy, ýok bolsa, bu hyzmaty men ýerine ýetireýin” diýdi. Abdylmuttalyp oňa: “Malyň köp. Emma sen gaty ýürekli, rehimiň az. Ýetimiň köňli bolsa ýaraly we näzikdir. Ol tiz döwülýär” diýdi. Beýleki ogullarynyň käbirleri hem şol bir islegi gaýtaladylar. Abdylmuttalyp olaryň her biriniň aýratynlyklaryny aýdyp, hiç birini kabul etmedi. Nobat Abu Talyba ýetende, ol şeýle diýdi: “Men muny hemmelerden köp isleýärin. Emma ulularym dururka, öňe geçmek gelişmezdi. Malym az, ýöne meniň wepadarlygym doganlarymyňkydan artykdyr”. Abdylmuttalyp: “Dogry aýdýarsyň. Bu hyzmata mynasyp adam – sen. Ýöne men her işde onuň bilen maslahatlaşýaryn we onuň islegine görä hereket edýärin. Her gezek hem dogry netijä gelýärin. Bu işde-de onuň bilen maslahatlaşaýyn. Ol haýsyňyzy saýlasa, men hem şony kabul ederin” diýdi.

Soňra ol söýgüli Pygamberimize öwrülip: “Eý gözlerimiň nury! Seniň hasratyň bilen ahyrete ýüzlendim. Kakaňyň bu doganlarynyň haýsysyny saýlaýarsyň?” diýip sorady.

Pygamberimiz şol pursat ýerinden turup, Abu Talybyň boýnundan gujaklady we onuň dyzynda oturdy. Abdylmuttalybyň köňli şonda örän rahatlandy we ol: “Allahu tagala hamd bolsun. Meniň islegim hem şudy” diýdi. Soňra Abu Talyba öwrülip: “Eý Abu Talyp! Bu dür dänesi ata-ene mährini görmedi. Şonuň üçin oňa göwnüňdäki ýaly seret we onuň üstünde titräp dur. Men seni beýleki çagalarymdan üstün görýärin. Bu beýik we örän gymmatly amanady saňa tabşyrdym. Çünki sen onuň kakasy bilen bir enedensiň. Ony öz janyňy goraýşyň ýaly gora. Bu wesýetimi kabul etdiňmi?” diýip sorady. Ol:

“Hawa, kabul etdim” diýende, Abdylmuttalyp söýgüli Pygamberimizi gujaklady, mübärek başyny, ýüzüni ogşady we ysgady. Soňra: “Hemmäňiz şaýat boluň: men mundan hoş ysy ysgamadym we mundan owadan ýüzi görmedim” diýdi.9

Abu Talybyň howandarlygynda

Atasy wepat bolandan soň Kainatyň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) sekiz ýaşyndan başlap kakasynyň dogany Abu Talybyň ýanynda ýaşap başlady we onuň howandarlygynda ulaldy. Şol wagt Abu Talyp hem kakasy Abdylmuttalyp ýaly, Mekgede Kuraýşyň görnükli adamlaryndan – söýülýän, hormat goýulýan we sözi diňlenýän adamdy. Ol hem Pygamberimize uly söýgi we mähir görkezdi. Ony öz çagalaryndan hem köp söýerdi, ýanyna almasa uklamazdy, hiç ýere gitmezdi we: “Sen örän haýyrly, örän mübäreksiň!” diýerdi. Abu Talyp ol elini uzatmasa nahara başlamazdy, ilki onuň başlamagyny isläp garaşardy. Käte oňa aýratyn saçak hem ýazdyrardy. Irden oýananda, onuň ýüzüniň Aý dek ýalpyldaýandygyny, saçlarynyň daralandygyny görerdiler. Abu Talybyň maly köp däldi, maşgalasy bolsa uludy. Resuly ekremi (sallallahu aleýhi we sellem) howandarlygyna alandan soň ol bollyga we berekete ýetdi. Mekgede bolan gurakçylyk sebäpli halk kyn ýagdaýa düşende, Abu Talyp ony Käbäniň ýanyna alyp baryp, doga etdi. Onuň bereketi bilen bol ýagyş ýagdy. Olar gurakçylykdan we açlykdan halas boldular.10

Galybyň neslinden bir pygamber çykar,
Zemzem bilen Hajaryň arasynda durar.
Bütin şäher halky bilen oňa kömek ediň,
Eý Amyr ogullary, bagt – oňa kömek etmekde.

“Dünýäden ahyrete göçmeli wagtym geldi. Ýeke-täk aladam – şu ýetim. Käşgä ömrüm uzyn bolaýdy-da, bu hyzmaty söýüp dowam etdiräýsedim! Emma elden näme gelýär? Ömür wepa etmez. Indi köňlüm hem, dilim hem şu hasrat oduna ýanýar” Abdylmuttalyp

Mekge – Busra syýahaty

Rahyp Bahyra

Söýgüli Pygamberimiz on iki ýaşlarynda bolanda, bir gün Abu Talybyň söwda üçin syýahata taýýarlanýandygyny gördi. Onuň özüni alyp gitmek islemeýändigine düşünende, gynanyp, Abu Talyba şeýle diýdi: “Bu şäherde meni kime goýup gidýärsiň? Ne kakam bar, ne-de maňa rehim edýän biri!..” Bu söz Abu Talyba gaty täsir etdi we ol ony hem özi bilen alyp gitmek kararyna geldi. Uzak ýoldan soň söwda kerweni Busrada hristianlaryň bir monastyrynyň golaýynda düşledi.11

Bu monastyrda Bahyra atly bir rahyp ýaşaýardy. Öň ýahudy alymlaryndan bolup, soňra hristian bolan bu bilimli rahybyň elden-ele geçip, gizlin saklanan bir kitaby bardy we ol soraglara şol kitap boýunça jogap bererdi. Kuraýşyň kerweni öňki ýyllarda bu ýerden köp gezek geçip gidendigine garamazdan, ol oňa hiç üns bermändi. Ol her gün irden monastyryň üçegine çykyp, kerwenleriň gelýän tarapyna seredip, nämedir bir zada gyzyklanyp garaşardy. Bu gezek bolsa rahyp Bahyranyň haly üýtgedi: ol gaty tolgunyp, ýerinden bökip turdy. Sebäbi Kuraýşyň kerweni uzakdan görünende, ol kerweniň üstünde olar bilen bile bir bulutyň hem ýüzüp gelýändigini gördi. Bu bulut Pygamberimize kölege salýardy. Kerwen dynç almak üçin duranda, Bahyra Habyby ekremiň aşagynda oturan agajynyň şahalarynyň onuň üstüne tarap egilendigini hem görüp, has-da tolgundy. Ol derrew saçak ýazdyrdy. Soňra adam iberip, Kuraýş kerwenindäkileriň hemmesini nahara çagyrdy. Kerwendäkiler söýgüli Pygamberimizi mallarynyň ýanynda goýup, rahybyň ýanyna gitdiler. Bahyra gelenlere ünsli seredip: “Eý Kuraýş jemagaty, araňyzda nahara gelmedik barmy?” diýip sorady. Olar: “Hawa, bir adam bar” diýdiler. Sebäbi kuraýşlylar gelen hem bolsalar, bulut entek şol ýerdedi. Muny görüp, ol kerwende bir adamyň galandygyna düşünipdi. Rahyp Bahyra onuň hem gelmegini tutanýerli haýyş etdi. Ol gelen badyna Bahyra oňa ünsli seredip, ony synlap başlady. Ol Abu Talypdan: “Bu çaga seniň nesliňdenmi?” diýip sorady. Abu Talyp: “Oglum” diýende, Bahyra: “Kitaplarda bu çaganyň kakasynyň diri bolmajakdygy ýazylgy; ol seniň ogluň däl” diýdi. Bu gezek Abu Talyp: “Ol – meniň doganymyň ogly” diýip jogap berdi. Bahyranyň: “Kakasyna näme boldy?” diýen soragyna ol: “Kakasy ol dogmazyndan biraz öň aradan çykdy” diýdi. Bahyra: “Dogry aýtdyň. Ejesine näme boldy?” diýende, Abu Talyp: “Ol hem aradan çykdy” diýip jogap berdi. Muňa: “Dogry aýtdyň” diýen Bahyra Pygamberimize öwrülip, oňa butlaryň ady bilen kasam etmegi teklip etdi. Emma söýgüli Pygamberimiz oňa şeýle diýdi: “Maňa butlaryň ady bilen kasam etdirme. Dünýäde meniň üçin olardan uly duşman ýokdur. Men olary ýigrenýärin”.

Şondan soň Bahyra oňa Allahu tagalanyň ady bilen kasam berip: “Sen uklaýarsyňmy?” diýip sorady. Ol: “Gözlerim uklaýar, emma ýüregim uklamaýar” diýdi.

Bahyra ýene köp soraglar berip, olaryň jogaplaryny aldy. Alan jogaplary onuň öň okan kitaplaryna doly gabat gelýärdi. Soňra ol söýgüli Pygamberimiziň mübärek gözlerine seredip, Abu Talypdan sorady:

“Şaýatlyk edýärin: sen – Allahu tagalanyň resulysyň!.. Ine, Älemleriň Serweri… Ine, älemleriň Rebbiniň Resuly… Ine, Allahu tagalanyň älemlere rahmet edip iberen beýik Pygamberi!” Rahyp Bahyra

– “Bu gyzyllyk onuň mübärek gözlerinde hemişe bolýarmy?”

– “Hawa, biz onuň ýitendigini hiç görmedik” diýdi.

Bu alamatyň hem gabat gelýändigini görende, Bahyra köňlünde doly ynam döremegi üçin pygamberlik möhrüni görmek isledi. Emma Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) edebinden mübärek arkasyny açmak islemedi.

Şonda kakasynyň dogany: “Eý gözümiň nury! Onuň bu islegini hem ýerine ýetir!” diýdi. Pygamberimiz mübärek arkasyny açdy, Bahyra bolsa pygamberlik möhrüne onuň ähli gözelligi bilen doýýança, uzak wagtlap haýran galyp seretdi. Tolgunyp, ol ony ogşady, gözlerinden ýaşlar sil ýaly akdy. Soňra ol şeýle diýdi:

– “Şaýatlyk edýärin: sen – Allahu tagalanyň resulysyň!” Sesini has-da gataldyp, ol şeýle diýdi: “Ine, Älemleriň Serweri… Ine, älemleriň Rebbiniň Resuly… Ine, Allahu tagalanyň älemlere rahmet edip iberen beýik Pygamberi…”

Ol ýerde bolan kuraýşlylar haýran galyp: “Bu rahybyň ýanynda Muhammediň gadyry nähili uly eken!” diýdiler.

Şondan soň Bahyra Abu Talyba öwrülip, şeýle diýdi:

– “Bu – pygamberleriň soňkusy we iň şereflisi. Onuň dini bütin ýer ýüzüne ýaýrar we öňki dinleri ýatyrar. Bu çagany Şama alyp gitme. Sebäbi Ysraýyl ogullary oňa duşman. Men olaryň onuň mübärek bedenine zyýan ýetirmeklerinden gorkýaryn. Onuň hakynda köp äht we peýmanlar alnandyr”.

Abu Talyp sorady:

– “Bu nähili äht we peýmanlar?” Bahyra jogap berdi:

– “Allahu tagala ähli pygamberlerden, iň soňunda bolsa Isa aleýhisselamdan ahyrzaman Pygamberiniň geljekdigini ymmatlaryna bildirmekleri barada söz aldy”.

Bahyranyň bu sözlerinden soň Abu Talyp Şama gitmekden ýüz öwürdi. Ol mallaryny Busrada satyp, Mekgä dolandy.12 Bahyradan eşidenleri ömrüniň ahyryna çenli Abu Talybyň gulaklarynda ýaňlanyp durdy. Ol Pygamberimizi has-da köp söýdi. Ony ölýänçä gorady we onuň her işinde kömekçi boldy.

Kakasynyň dogany Zubeýr bilen Ýemene gitmegi

Her ýagdaýynda fazyletleriň we gözellikleriň eýesi bolan deňsiz-taýsyz ynsan – söýgüli Pygamberimiz ulalyp, on ýedi ýaşyna giripdi. Şol wagt söwda üçin Ýemene gidýän kakasynyň dogany Zubeýr söwdasy bereketli bolsun diýip, ony hem özi bilen alyp gitdi. Bu syýahatda hem onuň köp ajaýyp ýagdaýlary göründi. Mekgä dolananlaryndan soň, onuň bu ýagdaýlary gürrüň berildi we Kuraýş taýpasynyň arasynda: “Onuň şany örän beýik bolar” diýip gürrüň edip başladylar.13