Söýgüli Pygamberim

ÝAŞLYGY WE ÖÝLENMEGI

Ýaşlygy

Her babatda ynsanlaryň iň üstüni bolan Muhammet aleýhisselam ýaşlyk ýyllarynda Mekge halkynyň arasynda öz deň-duşlaryndan has köp halanýardy. Ol gözel ahlagy, adamlara görlüp-eşidilmedik derejede gowy garaýşy, ýuwaşlygy, mylaýymlygy we beýleki beýik sypatlary üçin söýüldi. Adamlar onuň bu häsiýetlerine haýran galýardylar. Ondaky geň galdyryjy dogruçyllyk we ynamdarlyk sebäpli mekgeliler oňa “el-Emin”, ýagny “hemişe ynanyp bolýan adam” diýen lakam berdiler. Şeýdip, ol ýaşlygynda bu at bilen meşhur boldy.

Pygamberimiziň ýaşlyk ýyllarynda araplar çuň jahyliýet (nadanlyk) döwrüni başdan geçirýärdiler. Butlara çokunmak, içgi, gumar, zyna, sütholurlyk we başga-da köp betnebis işler olaryň arasynda giňden ýaýrapdy. Muhammet aleýhisselam olaryň bu bozuk ýagdaýlaryny çäksiz ýigrenerdi, olaryň her bir erbetliginden hemişe daşda durardy. Ähli mekgeliler onuň bu häsiýetini bilýärdiler we haýran galýardylar. Butlary gaty ýigrenýändigi üçin, ol hiç haçan olaryň ýanyna golaý barmady. Butlar üçin soýlan gurbanlyklaryň etinden ol asla iýmedi. Çagalygynda we ýaşlygynda ol özüne degişli goýunlary Jiýad dagynda we onuň töwereginde bakardy, gün-güzeranyny şeýdip görerdi. Şeýlelikde, ol aşa bozulan jemgyýetden daşda durardy. Bir gezek ol hormatly sahabalara: “Goýun bakmadyk hiç bir pygamber ýokdur” diýipdi. Olar: “Ýa Resulallah! Siz hem bakdyňyzmy?” diýip soranlarynda, ol: “Hawa, men hem bakdym” diýdi.

Söýgüli Pygamberimiz ýigrimi ýaşlarynda bolan döwürde Mekgede asudalyk bütinleý bozulypdy. Zulum aşa ýaýrapdy; ne malyň, ne janyň, ne-de namysyň howpsuzlygy galypdy. Mekgäniň ýerli halky söwda etmäge we Käbäni zyýarat etmäge gelen keseki adamlara adalatsyzlyk we zulum edýärdi. Zulum gören adamlar öz haklaryny almak üçin ýüz tutar ýaly ýer tapyp bilmeýärdiler. Şol wagt söwda maksady bilen Mekgä gelen bir ýemenli täjiriň mallaryny As ibn Waýl atly bir mekgeli zor bilen elinden alypdy. Şondan soň ýemenli Abu Kubeýs dagyna çykyp, perýat edip, hakynyň alynmagy üçin taýpalardan kömek sorady. Zulmuň iň soňky çägine ýetendigini görkezýän şeýle wakalardan soň Haşym, Zuhra ogullarynyň we beýleki taýpalaryň görnükli adamlary Abdylla ibn Judganyň öýünde ýygnandylar. Olar ýerli bolsun, keseki bolsun, hiç kime zulum we adalatsyzlyk edilmezlik, zulma päsgel bermek we adalatsyzlyk görenleriň haklaryny almak kararyna geldiler. Şu maksat bilen olar adalat birleşigini döretdiler.1

Söýgüli Pygamberimiziň ýaş wagty giren we döredilmeginde hem uly täsiri bolan bu birleşige Hylful-fudul diýildi.

Mundan öň Fadl atly iki adam we Fudaýl atly bir adam hem şeýle birleşik döredipdi. Bu at olaryň öň döreden birleşigine degişlilikde berlipdi.

“Ine, nähili kämil ynsandygyny bütin dünýäniň tassyklan Muhammet aleýhisselama aşa dogruçyllygy we wepadarlygy sebäpli iň uly duşmanlary, azgyn kapyrlar hem Muhammedul-Emin (Ynamdar Muhammet) diýerdiler” Hüseyin Hilmi bin Sa’îd (rahmetullahi aleýh)

Arabystanda we onuň töweregindäki meşhur ýarmarkalar we bazarlar

Ynsana geler nesibi,
mahrum goýmazlar garyby.
Näme etsin Eýýubynyň jany,
jan söýgülisi şat bolmasa?
Şahym, Habyby Kibriýa,
Jemalyň her derde derman.
Nädip bolar saňa wepa,
aşyk janyn bermese?

Bu birleşik zulmy togtatdy we Mekgede bozulan asudalygy täzeden dikeltdi. Onuň täsiri uzak wagtlap dowam etdi. Özüne pygamberlik bildirilenden soň Resulullah bu barada hormatly sahabalara gürrüň berdi we şeýle diýdi: “Abdylla ibn Judganyň öýünde bolan kasamlaşmada men hem boldum. Ol kasamlaşma meniň üçin gyzyl ýüňli düýelere (baýlyga) eýe bolmakdan hem söýgülidir. Häzir hem meni şeýle bir mejlise çagyrsalar, men kabul ederdim”.2

Söwda bilen meşgul bolmagy

Mekgeliler gadymdan bäri söwda bilen meşgullanyp, gün-güzeranlaryny şu ýol bilen görerdiler. Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) kakasynyň dogany Abu Talyp hem söwda bilen meşgullanardy. Söýgüli Pygamberimiz ýigrimi bäş ýaşlarynda bolanda, Mekgede durmuş kynçylygy has-da artdy. Şonuň üçin mekgeliler Şama gitmek üçin uly söwda kerwenini taýýarladylar. Şol günlerde Abu Talyp Resulullahyň ýanyna gelip, şeýle diýdi: “Eý hormatly doganymyň ogly! Garyplyk iň soňky çägine ýetdi. Gytçylyk we göreş bilen geçen bu soňky ýyllar elimizde hiç zat galdyrmady. Ine, Kuraýşyň kerweni taýýarlanyp, Şama ugramaga taýýar dur. Hatyja hatyn hem kerwen bilen mal iberer. Ol, elbetde, bu işi bitirip biljek ynamdar adamlary gözleýändir. Oňa, şübhesiz, seniň ýaly ynamdar, päk we wepadar adam gerek. Baryp gürleşip, seniň onuň wekili bolup gitmegiňi gazansak, gowy bolardy. Ol, şübhesiz, seni beýlekilerden üstün tutar. Aslynda men seniň Şama gitmegiňi islemeýärin, sebäbi ol ýerdäki ýahudylaryň saňa zyýan ýetirmeginden gorkýaryn. Emma başga çäre hem tapyp bilmeýärin”. Pygamberimiz oňa: “Sen nähili isleseň, şeýle et” diýdi.

Hezreti Hatyja gözelligi, baýlygy, akyly, namysy, haýasy we edebi bilen Arabystanda uly şöhrata eýe bolan bir hanymdy. Şonuň üçin her tarapdan oňa öýlenmek isleýänler we oňa höwes edýänler örän köpdi. Emma gören bir düýşi sebäpli ol hiç kime üns bermändi. Düýşünde asmandan Aý inip, onuň goýnuna giripdi, Aýyň nury onuň goltugynyň aşagyndan çykyp, bütin älemi ýagtyldypdy. Irden ol bu düýşi garyndaşy Waraka ibn Nowfala gürrüň berdi. Waraka şeýle diýdi: “Ahyrzaman Pygamberi eýýäm dünýä indi. Ol saňa öýlener we seniň zamanyňda oňa wahy3 iner. Onuň dininiň nury älemi doldurar. Oňa ilkinji bolup sen iman getirersiň. Ol Pygamber Kuraýşdan we Beni Haşymdan bolar”.

Hezreti Hatyja bu jogaba örän begendi we ol Pygamberiň gelmegine garaşyp başlady.

Hezreti Hatyja söwda bilen meşgullanardy, ylalaşan adamlary bilen şereketçilik ederdi. Abu Talyp hezreti Hatyja enemize ýagdaýy gürrüň berdi. Şondan soň hezreti Hatyja Resulullahy görüp, gürleşmek üçin öýüne çagyrdy.

Ol gelende, hanym ony örän uly hormat bilen garşylady. Pygamberimiziň nezaketini, päk we arassa ýüzüni görüp, ol haýran galdy. Ol Resulullaha şeýle diýdi: “Siziň dogruçyl, ynamdar, ygtybarly we gözel häsiýetli bolandygyňyzy bilýärin. Bu iş üçin men hiç kime bermedik hakymyň birnäçe esse artygyny bererin…” Hakyň möçberi barada hem gürleşip ylalaşandan soň, hezreti Hatyja enemiz Resulullaha bu hyzmatda gerek boljak eşikleri berip, köňli rahat ýagdaýda ony öýünden ugratdy. Mundan başga-da, ol Resulullahyň ýolda geýmegi üçin Meýserä başga gymmatly eşikleri hem berdi.

“Bir musulman halal gazanç edip, hiç kime mätäç bolmasa we goňşularyna, garyndaşlaryna kömek etse, kyýamat güni ol on dördünji gijäniň Aýy ýaly ýalpyldap, nurly bolar” Hadysy şerif

Hezreti Hatyja enemiz pygamberlik alamatlaryny kakasynyň doganynyň ogly, bilimli hristian Waraka ibn Nowfaldan öwrenipdi. Resulullahyň bu gelşinde hem ol ondaky pygamberlik sypatlaryny tanady. Şonuň üçin ol Meýsere atly guluna şeýle diýdi: “Kerwen Mekgeden çykanda, mekgeliler gybat etmez ýaly, düýäniň jylawyny Muhammet aleýhisselamyň eline ber. Şäherden uzaklaşyp, ol gözden gaýyp bolanda, oňa şu gymmatly eşikleri geýdir”.

Soňra ol düýeleriniň iň owadanyny soltanlara mynasyp görnüşde bezedi we Meýserä şeýle diýdi: “Ony bu düýä uly hormat bilen mündür, jylawyny eliňe al we özüňi onuň hyzmatkäri bil! Onuň rugsady bolmasa hiç bir iş etme, ony goramak, howplardan saklamak üçin janyňy hem gaýgyrma! Baran ýerleriňizde köp eglenmäň, tiz geliň, Haşym ogullarynyň öňünde utanjymyz bolmasyn. Eger bu aýdanlarymy harpma-harp ýerine ýetirseň, men seni azat ederin we isleýşiň ýaly mal bererin”.

Kerwen taýýar boldy. Mekgeliler ýakynlary bilen hoşlaşmak üçin uly toparlar bolup ýygnandylar. Söýgüli Pygamberimiziň garyndaşlary, kakasynyň doganlary we Haşym ogullarynyň ululary hem şol ýerdedi. Pygamberimiziň bibisi Allahu tagalanyň Resulyny (sallallahu aleýhi we sellem) hyzmatkär eşiginde we düýäniň jylawyny eline tutan halda görende, onuň dyzlarynyň ysgyny gaçdy. Ol aglady, hyňranyp aglady. Ah-waý edip, gözlerinden ýaş döküp, ol öz derdini şeýle beýan etdi: “Eý Abdylmuttalyp! Eý Zemzem guýusyny gazan beýik şahs! Eý Abdylla! Gabyrlaryňyzdan turuň-da, başyňyzy bu tarapa öwrüp, bu mübäregiň ýagdaýyny görüň!” Abu Talyp hem şol duýgulary başdan geçirýärdi, şol ýagdaýdady. Resulullahyň Haky gören mübärek gözlerinden dür kimin ýaşlar togalandy we ol: “Meni hergiz unutmaň. Gurbatda gam-gussa çekýändigimi ýada salyň” diýdi. Bu sözleri eşidenleriň hemmesi agladylar. Asmandaky perişdeler hem bu ýagdaýa şärik boldular we: “Eý Rebbimiz! Bu – Seniň Özüňe habyp edip, iň beýik derejäni ihsan eden Muhammet aleýhisselamdyr. Bu ýagdaýyň hikmeti näme?” diýdiler. Şonda Allahu tagala olara şeýle diýdi: “Hawa, ol – Meniň Habybym. Emma siz muhabbetiň syryny bilip bilmersiňiz. Söýülýän bilen söýýäniň arasyndaky syrlara düşünip bilmersiňiz. Bu derejäni hiç kim bilmeýär. Bu gizlin işden hiç kim hiç zat düşünmeýär”.

Ahyrsoňy kerwen ýola düşüp, Mekge görünmez bolanda, Meýsere tabşyrylyşy ýaly, söýgüli Pygamberimize gymmatly eşikleri geýdirdi. Ol ony dürli matalar bilen örtülen we örän owadan bezelen düýä mündürdi. Jylawyny bolsa öz eline aldy.

Bu syýahatda kerwendäkiler älemlere rahmet edip iberilen söýgüli Pygamberimiziň üstünde oňa kölege salýan bir bulutyň we guş şekline giren iki perişdäniň syýahat gutarýança onuň bilen bile gidendigini gördüler.4

Ýolda ýöräp bilmez ýaly ýadap, kerwenden yzda galan iki düýäniň aýaklaryny ol mübärek eli bilen sypalanda, düýeler birden çaltlandy. Muny we şuňa meňzeş ýene köp ýagdaýlary görenlerinde, olar ony çäksiz söýdüler we onuň şanynyň örän beýik boljakdygyna düşündiler.

Busra diýen ýere ýetenlerinde, olar ýene şol ýerdäki monastyryň golaýynda düşlediler. Gören köp alamatlaryndan onuň soňky pygamber boljakdygyna düşünip, muny aýdan rahyp Bahyra aradan çykypdy, onuň ýerine Nastura atly başga bir rahyp geçipdi. Monastyryň ýanyna gelip düşlän Kuraýş kerwenini synlap duran rahyp Nastura golaýdaky bir gurak agajyň aşagynda bir adamyň oturandygyny we agajyň şol pursat gögerip gidendigini görende, Meýsereden: “Ana, şol agajyň aşagyndaky adam kim?” diýip sorady. Meýsere: “Bu – Kuraýş taýpasyndan, Harem halkyndan bir adam” diýdi. Rahyp: “Şu wagta çenli bu agajyň aşagynda pygamberden başga hiç kim oturmandy” diýdi. Soňra ol: “Onuň gözlerinde azajyk gyzyllyk barmy?” diýip sorady. Meýsere: “Hawa, bar, ol onuň gözlerinden hiç aýrylmaýar” diýdi. Şonda Nastura şeýle diýdi: “Isa aleýhisselama Injili inderen Allahu tagalanyň haky üçin, bu adam soňky pygamber bolar. Käşgä men oňa pygamberlik buýrulan zamana çenli ýaşasadym!”

Muhammet aleýhisselam Busra bazarynda Hatyja hatynyň mallaryny satanda, onuň bilen söwdalaşan bir ýahudy oňa ynanman: “Lat we Uzza atly butlaryň ady bilen kasam et, şonda ynanaryn” diýdi. Şonda Muhammet aleýhisselam şeýle diýdi: “Men ol butlaryň ady bilen hiç haçan kasam etmerin! Olaryň ýanyndan geçenimde, men ýüzümi başga tarapa öwürýärin”. Ondaky beýleki alamatlary hem gören ýahudy: “Söz – seniň sözüň. Allaha kasam, bu – pygamber boljak adam” diýdi we: “Biziň alymlarymyz kitaplarda onuň sypatlaryny tapypdyrlar” diýip, haýranlygyny beýan etdi.

Meýsere Resulullahda gören we onuň hakynda eşiden her bir zadyny ýadyna nagyş-nagyş edip ýazýardy, onuň oňa bolan haýranlygy günsaýyn artýardy. Meýseräniň köňlünde Älemleriň Serwerine uly söýgi döredi. Indi ol oňa lezzet we hormat bilen hyzmat edýärdi, onuň iň kiçijik işaratyny hem uly yşk bilen ýerine ýetirýärdi. Alnyp barlan mallar satyldy, Pygamberimiziň bereketi bilen adatdakydan birnäçe esse artyk girdeji alyndy. Kerwen yzyna dolanyp ugrady. Merruz-Zahran diýen ýere ýetenlerinde, Meýsere söýgüli Pygamberimize Mekgä buşluk habaryny alyp gitmegi teklip etdi. Ol muny kabul etdi we kerwenden aýrylyp, Mekgä tarap düýesini çaltlandyrdy.

Nefise binti Munýe hatyn şeýle gürrüň beripdir: “Kerweniň gaýdyp gelmeli wagty ýakynlaşypdy. Hatyja hatyn her gün hyzmatkärleri bilen öýüniň üçegine çykyp, kerweniň ýoluna garaşardy. Ine, şeýle günleriň birinde men Hatyjanyň ýanyndadym. Birden uzakdan düýä münen bir adam göründi. Onuň üstünde bir bulut we guş şekline giren iki perişde oňa kölege salýardy, Pygamberimiziň mübärek maňlaýyndaky nur Aý dek ýalpyldaýardy. Hatyja hatyn geleniň kimdigine düşünip, köňli rahatlandy. Emma bilmedik bolup: ‘Bu yssy günde gelýän kim bolup biler?’ diýip sorady. Hyzmatkärler: ‘Bu gelýän Muhammede (aleýhisselam) meňzeýär’ diýdiler we gören zatlaryna haýran galdylar.”

Kän wagt geçmänkä, Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) Hatyja enemiziň öýüne geldi we ýagdaýy gürrüň berdi. Getiren buşlugy bilen ol ony örän begendirdi.

Biraz wagtdan soň kerwen Mekgä girdi. Meýsere hezreti Hatyja enemize syýahat wagtynda Pygamberimize kölege salnandygyny, rahyp Nasturanyň aýdanlaryny, ysgynsyz düýeleriň nähili çaltlandyrylandygyny we şuňa meňzeş gören köp adatdan daşary ýagdaýlaryny bir-birden gürrüň berdi. Ol Pygamberimizi dili ýetdiginden öwdi. Hezreti Hatyja bulary bilýärdi, emma bu sözler onuň ynamyny has-da artdyrdy. Ol Meýserä: “Bu görenleriňi hiç kime aýtma!” diýip berk tabşyrdy.5

“Men ol butlaryň ady bilen hiç haçan kasam etmerin! Olaryň ýanyndan geçenimde, men ýüzümi başga tarapa öwürýärin” Hadysy şerif

Hatyja enemiz bu eşidenlerini habar bermek üçin Waraka ibn Nowfalyň ýanyna gitdi. Bolup geçenleri uly haýranlyk bilen diňlän Waraka şeýle diýdi: “Eý Hatyja, eger bu gürrüň berýänleriň dogry bolsa, Muhammet aleýhisselam bu ymmatyň pygamberi bolar”.

Pygamberimiz 12 ýaşynda kakasynyň dogany Abu Talyp bilen söwda üçin Busra çenli, 17 ýaşynda kakasynyň dogany Zubeýr bilen Ýemene, 20 ýaşynda hezreti Abu Bekir bilen Şama, 25 ýaşynda bolsa hezreti Hatyja enemiziň mallaryny satmak üçin ýene Şama gitdi.6 Şeýlelikde, ol jemi dört gezek syýahata çykdy. Bu syýahatlaryndan başga ol hiç ýere syýahat etmedi.

Hezreti Hatyja enemize öýlenmegi

Hezreti Hatyja enemiz Waraka ibn Nowfalyň beren buşlugyndan soň we söýgüli Pygamberimiziň gözel häsiýetlerini görüp, onuň aýaly bolup, oňa hyzmat etmek şerefine ýetmegi isledi. Nefise binti Munýe muny syzyp, araçy bolmagy boýnuna aldy. Şu niýet bilen ol Resuly ekremiň beýik huzuryna geldi we: “Eý Muhammet! Sizi öýlenmekden näme saklaýar?” diýip sorady. Pygamberimiz: “Öýlenmek üçin elimde ýeterlik pul ýok” diýdi. Nefise hatyn: “Eý Muhammet! Eger namysly we şerefli, baýlyk we gözellik eýesi bolan bir hanyma öýlenmek isleseňiz, men size hyzmat etmäge taýýar” diýdi. Söýgüli Pygamberimiz: “Ol hanym kim?” diýip sorady. Ol: “Ol – Hatyja binti Huweýlit” diýdi. Resulullah: “Bu işde kim araçy bolar?” diýip soranda, ol: “Bu işi men bitirerin” diýdi-de, onuň huzuryndan gitdi. Ol hezreti Hatyjanyň ýanyna baryp, oňa buşlukly habary ýetirdi. Hezreti Hatyja garyndaşlary Amr ibn Esedi we Waraka ibn Nowfaly çagyryp, ýagdaýy gürrüň berdi. Ol Resulullaha hem habar iberip, ony belli bir sagatda gelmäge çagyrdy. Abu Talyp we onuň doganlary hem taýýarlandylar we Pygamberimiz bilen bile gitdiler.

Hezreti Hatyja enemiz öýüni arassalap bezedi. Bu günüň şükranasy hökmünde ol ähli şaý-seplerini hyzmatkärlerine sowgat berdi. Soňra olary azat etdi. Resulullah kakasynyň doganlary bilen Hatyja enemiziň öýüne geldi. Abu Talyp şeýle diýdi: “Bizi Ybraýym aleýhisselamyň perzentlerinden we Ysmaýyl aleýhisselamyň neslinden eden Ýaradanymyza hamd bolsun. Ol bizi Beýtullahyň goragçylary etdi. Ynsanlaryň gyblasy bolan we älemleriň towap edýän ol mübärek öýüni, Özüniň her bir erbetlikden goran Haremi şerifini bize nesip etdi. Doganym Abdyllanyň ogly Muhammet şeýle adam: Kuraýşdan kim bilen deňeseň hem, ol üstün çykýar. Hawa, onuň maly az, emma mala baha berilmeýär. Çünki mal kölege ýalydyr: elden-ele geçip, gidip durýar. Doganymyň oglunyň şerefi, artykmaçlygy hemmäňize mälim. Indi ol Hatyja binti Huweýlidi halallyga soraýar. Meniň malymdan näçe mahr7 berilmegini isleýärsiňiz? Kasam edýärin, Muhammediň derejesi, şübhesiz, beýik bolar”. Waraka ibn Nowfal bu sözleri tassyklady.

Hatyja enemiziň kakasynyň dogany Amr ibn Eset: “Şaýat boluň: men Hatyja binti Huweýlidi Muhammet aleýhisselama aýallyga berdim” diýdi. Şeýdip nika şertnamasy tamamlandy. Bir rowaýata görä mahr 400 mysgal altyn, başga bir rowaýata görä bäş ýüz dirhem, ýene bir rowaýata görä bolsa 20 düýedi.8

Toý myhmançylygy üçin Abu Talyp bir düýe soýup, şol güne çenli görülmedik bir nahar berdi. Nika boldy. Hezreti Hatyja enemiz ähli baýlygyny Pygamberimize sowgat etdi we: “Bu mallaryň hemmesi beýik şahsyňyza degişlidir. Men bolsa size mätäç we size minnetdar” diýdi.

Hezreti Hatyja enemiz bütin maşgala durmuşynyň dowamynda Pygamberimiz Muhammet aleýhisselama hemişe hyzmat etdi we onuň kömekçisi boldy. Pygamberimiziň bu nikasy Hatyja enemiz wepat bolýança ýigrimi bäş ýyl dowam etdi. Onuň on bäş ýyly bigsetden öň, on ýyly bigsetden (pygamberlik bildirilenden) soň boldy. Ilkinji aýaly hezreti Hatyja diri wagty Pygamberimiz Muhammet aleýhisselam başga hiç kime öýlenmedi. Olaryň iki ogul we dört gyz – alty çagasy boldy. Olar: Kasym, Zeýnep, Rukaýýa, Ummu Gülsüm, Fatma we Abdylla (Taýýip ýa-da Tahyr). Pygamberlik döwründe öýlenen hezreti Mariýadan hem onuň Ybraýym atly bir ogly boldy. Beýleki aýallaryndan onuň çagasy bolmady. Zeýnep gyzlarynyň iň ulusydy. Iň kiçi gyzy Fatma kakasynyň iň söýgülisidi. Ol hijretden on üç ýyl öň doguldy. Ogullary kiçi ýaşda wepat boldular, hezreti Fatmadan başga ähli gyzlary hem ondan öň wepat boldular. Fatma enemiz Pygamberimizden alty aý soň wepat boldy. Söýgüli Pygamberimiz Muhammet aleýhisselamyň nesli hezreti Fatmanyň perzentleri arkaly dowam etdi.9

Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) Hatyja enemize öýlenenden soň hem söwda bilen meşgullandy. Girdejileri bilen olar myhmanlary hormatlap garşylardylar, ýetimlere we garyplara kömek ederdiler.

Zeýd ibn Harysa

Zeýd ibn Harysa kiçi wagty ejesi Sugda bilen bile garyndaşlaryny zyýarat etmäge gidipdi. Şol wagt olara başga bir taýpa çozuş etdi. Zeýdi ýesir aldylar. Ony Mekgä, Suky Ukaz diýlip atlandyrylýan ýarmarka getirip, satlyga çykardylar. Hezreti Hatyjanyň doganynyň ogly Hakym ibn Hyzam Zeýdi 400 dirheme satyn aldy. Hakym ibn Hyzam Zeýd ibn Harysany bibisi hezreti Hatyja enemize sowgat etdi, ol bolsa ony Pygamberimize sowgat etdi. Pygamberimiz ony derrew azat etdi we öz ýanynda saklady. Sebäbi azat bolan Zeýd ibn Harysanyň gitjek ýeri hem ýokdy, oňa Resulullahdan gowy seretjek adamy hem ýokdy. Ol hem höwes bilen Resulullahyň ýanynda galdy.

Pygamberimiz pygamberligi bildirilmezinden öň hem adalat, insap, merhemet, adamlary söýmek, açyk ýüzlülik, kerem, sahylyk, sözünde durmak, amanada wepa, kömekçillik, pidakärlik, ynamdarlyk, zulum göreni, ejizi, garyby goramak, çagalara söýgi we mähir görkezmek, dogruçyllyk, dogry sözlülik, nezaket, kiçigöwünlilik, ölçeglilik, adamlary gözel görnüşde dolandyrmak, batyrlyk we gaýduwsyzlyk ýaly görünýän-görünmeýän, belli-belli däl her hili gözel ahlagy kämilleşdirmek üçin ýaradylypdy. Ol her babatda gelen we geljek ähli ýaradylanlardan üstündi, hemmeleriň ynamyny gazanyp, “el-Emin” diýen lakamy alypdy. Zeýd ibn Harysa ondan gören gowy garaýşy üçin Pygamberimizi kakasyndan hem, ejesinden hem köp söýýärdi, onuň ýanyndan hiç aýrylasy gelmeýärdi.

“Bu mallaryň hemmesi beýik şahsyňyza degişlidir. Men bolsa size mätäç we size minnetdar” Hatyjatul-Kubra (radyýallahu anha)

Ejesi we kakasy ogullarynyň nirä äkidilendigini, oňa näme edilendigini bilmeýärdiler. Kakasy Harysa perzent hasratynyň oduna ýanyp-köýüp, il-ýurt gezip, ogluny gözleýärdi. Ol Ýemenden dürli ýurtlara gidýän garyndaşlaryna we tanyşlaryna ogly Zeýd barada bir habar getirmeklerini berk tabşyryp, goşgular aýdýardy we gözýaş dökýärdi:

Zeýdim üçin agladym; bilmen, oňa näme boldy?
Dirimi ol, ýa-da oňa ajal ýetdimi?
Sorama, eý köňül, biderek ony!
Bilip bilmersiň: gabry düzlükdemi, ýa-da gaýaly dagdamy.
Ogluna bolan hasratyny beýan eden ýene bir goşgusy şeýle:
Zeýdim, balam! Gideniň yzyna geljegini bilsedim, wah!
Allaha kasam, senden başga hiç kimiň gelmegini islemen.
Ýel öwüsende, nirde bir çaga görsem, ýatlaýaryn ony,
Gün her säher dogup, seni ýadyma salýar.
Perýat edýärin, jigerbendim üçin müňlerçe perýat,
Atyma münüp gözleýärin, halym bolsa-da harap.
Men hem, atym hem bilmeýäris ýadamagy, irmegi,
Oglum tapylyp, garşyma çykmak ähtimal barka.
Umyt ynsany näçe aldasa-da, ahyry ol pany,
Ogullarym! Kaýs, Amr, Ýezit, Jebel! Zeýdim size amanat.

Ahyrynda, yslam gelmezinden öň, Beni Kelb taýpasyndan Käbäni zyýarat etmäge gelen käbir adamlar hezreti Zeýdi görüp tanadylar. Hezreti Zeýd olara: “Maşgalamyň meni küýsäp perýat etjekdigini bilýärin; bu beýtleri olara ýetiriň” diýip, aşakdaky goşgyny aýtdy:

Ýüregim ýanýar; men uzakda öz höwürtgämden,
emma Käbä goňşudyryn, uzak bolsam-da ejemden-kakamdan.
Gaýgyňyz ýüregiňizi köýdürmesin,
meniň üçin perýadyňyz Arşa çenli galmasyn.
Mewlama hamd bolsun, men şeýle bir mekandadyryn welin,
gören şeref-haýyrym üçin hemişe dogadadyryn.

Bu habary eşiden Harysa örän begendi. Ol derrew özi bilen köp pul alyp, dogany Kagb bilen bile Mekgä geldi. Mekgä ýetenden soň, Pygamberimiziň öýüni sorap tapyp, onuň huzuryna geldi we şeýle diýdi: “Eý Kuraýş kowmunyň serweri, eý Abdylmuttalybyň agtygy, eý Beni Haşym nesliniň ogly! Siz Haremi şerifiň goňşusy. Myhmanlary hormatlaýarsyňyz, ýesirlere ihsan edýärsiňiz, olary ýesirlikden halas edýärsiňiz. Size gul bolup duran oglumyzy halas etmek üçin näçe pul isleseňiz, şony bereli; ony azat ediň, haýyş edýäris, bu haýyşymyzy yzyna gaýtarmaň!” Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Zeýdi çagyryp, oňa ýagdaýy bildireli. Oňa erk bereli. Eger ol size gitmegi saýlasa, siz hiç hili pul bermän ony alyp gidip bilersiňiz. Eger ol meni saýlasa we meniň ýanymda galmak islese, Allaha kasam, meni saýlan adamy men hiç kime bermerin, ol meniň ýanymda galar”.

Harysa we onuň dogany Pygamberimiziň bu jogabyndan örän razy boldular we: “Sen bize örän adalatly we insaply garadyň” diýdiler.

Şondan soň Pygamberimiz Zeýdi huzuryna çagyryp, ondan: “Sen bulary tanaýarsyňmy?” diýip soranda, ol: “Hawa, biri – kakam, beýlekisi – kakamyň dogany” diýdi. Şonda ol şeýle diýdi: “Eý Zeýd! Sen meniň kimdigimi bildiň, saňa bolan mähirimi, merhemetimi, garaýşymy gördüň. Bular seni almaga gelipdirler. Onda ýa meni saýla-da, meniň ýanymda gal, ýa-da olary saýla-da, git”.

Kakasy bilen kakasynyň dogany indi ol bizi saýlar, biz Zeýdi alyp gideris diýip garaşýardylar. Zeýd şeýle diýdi: “Men hiç kimi sizden üstün tutmaýaryn. Siz meniň üçin kakamyň doganynyň hem, kakamyň hem ornundasyňyz. Men siziň ýanyňyzda galmak isleýärin”.

Kakasy bilen kakasynyň dogany haýran galyp, aňk-taňk boldular. Kakasy gaharlanyp, Zeýde: “Waý, saňa! Diýmek, sen gullugy azatlykdan, ejeňden, kakaňdan we kakaňyň doganyndan üstün tutýarsyň!” diýdi. Zeýd kakasyna: “Kakajan, men bu şahsdan şeýle bir mähir we garaýyş gördüm welin, indi hiç kimi ondan üstün tutup bilmerin” diýip jogap berdi.

Pygamberimiz Zeýdi örän söýerdi. Onuň özüne şeýle wepalydygyny we ony söýýändigini görende, ol ony Käbeýi muazzamanyň ýanyndaky Hyjra alyp bardy we ol ýerdäkilere ýüzlenip: “Şaýat boluň: Zeýd – meniň oglum. Ol maňa mirasdar, men oňa mirasdar” diýdi. Muny görenden soň, Zeýdiň kakasynyň we kakasynyň doganynyň gahary ýatdy. Olar begenip, öz ýurtlaryna dolandylar. Şondan soň hormatly sahabalar Zeýdi Zeýd ibn Muhammet (Muhammediň ogly Zeýd) diýip atlandyryp başladylar. Soňra Allahu tagala Ahzab süresiniň 5-nji aýatyndaky: “Perzentleriňizi kakalarynyň ady bilen çagyryň, bu Allahyň ýanynda has dogrudyr” we 40-njy aýatyndaky: “Muhammet (aleýhisselam) siziň erkekleriňizden hiç biriniň (Zeýd ýaly) kakasy däldir” diýen buýruklary bilen ogullyga almagy ýatyranda, hezreti Zeýdi kakasynyň ady bilen, ýagny “Harysanyň ogly Zeýd” (Zeýd ibn Harysa) diýip atlandyryp başladylar.10

Käbe dawasynda kazy bolmagy

Resulullah otuz bäş ýaşlarynda bolanda, Käbe dawasynda kazy boldy. Şol wagt ýagyşlar we siller Käbäniň diwarlaryny gaty könetipdi. Mundan başga-da, turan bir ýangyn Käbäni weýran edipdi.11 Binany täzeden gurmak gerekdi. Şonuň üçin Kuraýş taýpasy Käbäni Ybraýym aleýhisselamyň goýan düýbüne çenli sökdi we täzeden gurup başlady. Işi taýpalaryň arasynda bölekler boýunça paýlap, olar diwarlary galdyrdylar. Bu işiň uly şerefdigini bilýän taýpalar Hajarul-eswed daşyny ýerine goýmak meselesinde ylalaşyp bilmediler. Her taýpa bu şerefe ýetmek isländigi üçin, olaryň arasynda uly dawa turdy. Abdyddar ogullary: “Bu işi bizden başga biri etse, gan dökeris” diýip kasam etdiler. Dört-bäş gün dowam eden bu dawa sebäpli gan dökülmegine az galdy.

“Men hiç kimi sizden üstün tutmaýaryn. Siz meniň üçin kakamyň doganynyň hem, kakamyň hem ornundasyňyz. Men siziň ýanyňyzda galmak isleýärin” Zeýd ibn Harysa (radyýallahu anhu)

Ol gün duşenbedi. Abdylmuttalybyň daýysy, ýaşuly we hormatly adam Huzeýfe ibn Mugire Käbä açylýan Beni Şeýbe gapysyny görkezip, şeýle diýdi: “Eý Kuraýş jemagaty! Ylalaşyp bilmeýän işiňiz barada höküm çykarmak üçin, ana, şol gapydan ilkinji bolup girjek adamy araňyzda kazy ediň”. Ol ýerdäkiler bu teklibi kabul etdiler we Beni Şeýbe gapysyna seredip, ilkinji bolup girjek we bu näzik pursatda jedeli çözjek adama garaşyp başladylar. Ahyrsoňy olar gapydan Muhammet aleýhisselamyň girendigini gördüler. Olar onuň dogruçyllygyna, beýik ahlagyna çäksiz ýokary baha berýärdiler we ony hemişe el-Emin, ýagny “hemişe ynanyp bolýan adam” diýip atlandyrýardylar. Olar: “Ine, el-Emin. Biz onuň hökmüne razy” diýdiler.

Söýgüli Pygamberimiz Muhammet aleýhisselama ýagdaýy gürrüň berenlerinde, ol öz hyrkasyny çykaryp, ýere ýazdy. Ol Hajarul-eswedi mübärek hyrkasynyň üstüne goýdy-da: “Her taýpadan bir adam onuň bir ujundan tutsun” diýdi. Şeýdip, ol daşy goýuljak ýerine çenli galdyrtdy.

Soňra daşy özi gujaklap alyp, şerefli elleri bilen ýerine goýdy. Turjak uly çaknyşykdan şeýdip halas bolandyklaryny gören taýpalar bu işden razy galdylar. Olar diwarlary galan ýerlerinden dowam edip gurup gutardylar.12