Söýgüli Pygamberim

DÜNÝÄNI ŞEREFLENDIRMEGI (DOGLUŞY)

Ýedi gat ýer, ýedi gat asman, gysgaça, bütin älem uly hormat we şatlyk içinde öz serwerine – Seýýidul-murselin, Hatamul-enbiýa, Habyby Huda bolan şahsa garaşýardy. Ähli mahluklar hal dili bilen ony “Hoş geldiň, ýa Resulallah!” diýip garşylamaga taýýarlanypdy. Hijretden 53 ýyl öň, Pil wakasyndan elli bäş gün soň, Rebiulewwel aýynyň on ikinji güni, duşenbe gijesi, daň atara ýakyn, Mekgäniň Haşym ogullary mähellesinde, Safa depesiniň golaýyndaky bir öýde intizarlyk bilen garaşylan şahs – Allahu tagalanyň nury Muhammet Mustafa (sallallahu tagala aleýhi we sellem) dünýä indi. Onuň gelmegi bilen älem täzeden jan tapdy. Garaňkylyklar birden şol “Nur” bilen ýagtyldy.1

Bu gije – şol gijedir: ol şerif zat
Nury bilen älemleri nurlandyrar.
Bu gije dünýäni ol jennet kylar,
Bu gije Hak barlyga rahmet kylar.
Bu gije köňül eýeleri şat bolar,
Bu gije üçin olar janlaryn berer.
Älemlere rahmetdir Mustafa,
Günäkärlere şepagatçydyr Mustafa.

Ymmatym, ymmatym

Şerefleriň iň beýigine mynasyp bolan, eneleriň iň bagtyýary hezreti Ämine göwreliligini şeýle gürrüň berýär: “Ol Serwere göwreli bolan günlerimde men hiç agyry-ynjy görmedim. Göwrelidigimi hem duýmazdym. Emma alty aý geçenden soň, bir gün ukuly-oýaly ýagdaýda bir adam maňa: ‘Seniň kime göwrelidigiňi bilýärmiň?’ diýdi. ‘Bilmeýärin’ diýip jogap berenimde, ol: ‘Bilip goý, sen pygamberleriň soňkusyna göwrelisiň!’ diýip habar berdi. Çaga dogurmagyň wagty ýakynlaşanda, şol adam ýene geldi we şeýle diýdi: ‘Eý Ämine! Çaga doglanda, oňa Muhammet diýip at goý’. Başga bir rowaýatda: ‘Eý Ämine! Çaga doglanda, oňa Ahmet diýip at goý!’ diýip bildirilýär.”

Hezreti Ämine enemiz çaganyň doglan pursatyny hem şeýle gürrüň berýär: “Çaga dogurmagyň wagty gelende, men haýbatly bir ses eşitdim. Meni titreme basdy. Soňra bir ak guş gördüm; ol gelip, ganaty bilen meni sypalady. Gorkudan we titremeden nam-nyşan hem galmady. Şol pursatda men gaty suwsadym, edil yssydan ýanýan ýalydym. Ýanymda bir käse süýt ýaly ak şerbet gördüm. Ony maňa içmäge berdiler. Men içdim; ol baldan süýji we sowukdy. Indi suwsuzlygym galmandy. Soňra uly bir nur gördüm; öýüm şeýle bir nurlandy welin, men ol nurdan başga hiç zat görmedim.

Kim islese otdan halas bolmagy,
Yşk bilen, şowk bilen aýtsyn salawat!
Essalatu wesselamu aleýke ýa Resulallah!
Essalatu wesselamu aleýke ýa Habyballah!
Essalatu wesselamu aleýke ýa Nuru Arşillah.

“Men Allahu tagalanyň habybydyryn, söýgülisidirin. Men pygamberleriň baştutanydyryn. Muny öwünmek üçin aýtmaýaryn” Hadysy şerif

Pygamberimiziň doglan öýüniň öňki ýeri (Häzirki döwürde bu ýer Mekge kitaphanasy hökmünde ulanylýar)

Pygamberimiziň doglan öýi onuň uly atasy Haşym ibn Abdy Menafa degişlidi. Ol Käbäniň 300–400 metr demirgazyk-gündogarynda ýerleşýärdi.

Hijret wagtynda Pygamberimiz bu mübärek öýi Akyl ibn Abu Talyba tabşyrypdy. Akylyň agtyklary bolsa ony Muhammet ibn Ýusup Sekafa satypdylar.

Soňra bu mübärek öýi Harun Reşidiň ejesi Haýzuran hatyn satyn alyp, metjide öwürdi.

Abbasylar we mamlýuklar tarapyndan goralan bu metjit osmanly döwründe hem üns bilen aýawly saklandy. Kanuny soltan Süleýman han bu metjidi täzeden gurdurdy.

Bu metjit taryhyň dowamynda köp gezek abatlandy.

1924-nji ýylda bu metjit ýykdyryldy. Şeýh Abbas Kattanyň 1950-nji ýylda bu ýerde gurduran jaýy 1959-njy ýyldan bäri Mekgäniň halk kitaphanasy hökmünde ulanylýar.

Şol wagt men töweregimi gurşap alan we maňa hyzmat edýän köp aýallary gördüm. Olaryň boýlary uzyn, ýüzleri gün dek ýalpyldaýardy. Olar Abdy Menaf taýpasynyň gyzlaryna meňzeýärdiler. Olaryň birden peýda bolmagyna men haýran galdym. Olaryň biri: ‘Men – Firgawunyň aýaly Asiýe!’ diýdi. Beýlekisi: ’Men bolsa Merýem binti Ymran, bular bolsa – jennet hüýrleri2’ diýdi.

Ýene şol wagt men asmandan ýere çenli uzalyp gidýän uzyn, ak ýüpek mata gördüm. ‘Ony adamlaryň gözünden ýapyň’ diýdiler. Şol pursat bir topar guş peýda boldy. Olaryň çüňkleri zümerretden, ganatlary ýakutdandy. Gorkudan men derläpdim, damýan der damjalaryndan müşk ysy ýaýraýardy. Men şu ýagdaýdakam, gözümden perdäni aýyrdylar. Men gündogardan günbatara çenli bütin ýer ýüzüni gördüm. Töweregimi perişdeler gurşap alypdy.

Muhammet aleýhisselam doglan badyna mübärek başyny ýere goýup, sežde etdi we şahadat barmagyny galdyrdy. Soňra asmandan bir bölek ak bulut indi we ony gurşap aldy. Men bir ses eşitdim: ‘Ony günbatardan gündogara çenli her ýerde aýlaň. Bütin älem ony ady, bedeni we sypatlary bilen görer ýaly aýlaň. Onuň adynyň Mahy, ýagny Allahu tagalanyň onuň arkaly şirkiň yzlaryny ýok etjekdigini bilsinler’ diýýärdi.

Soňra ol bulut hem gözden gaýyp boldy we men Muhammedi (sallallahu aleýhi we sellem) ak ýüň mata dolanan halda gördüm. Ýene şol wagt ýüzleri gün dek ýalpyldaýan üç adam geldi. Biriniň elinde kümüş ibrik, ikinjisiniň elinde zümerret leňňer, üçünjisiniň elinde bolsa ýüpek mata bardy. Ibrikden edil müşk damýan ýalydy. Olar mübärek oglumy leňňeriň içine goýdular. Onuň mübärek başyny we aýaklaryny ýuwup, ýüpege doladylar. Soňra mübärek başyna hoşboý ys çalyp, mübärek gözlerine sürme çekdiler we gözden gaýyp boldular.”

Asmandan perişdeler indi saf-saf,
Käbe kimin öýümi etdiler towap.
Hüýrler geldi bölük-bölük, topar-topar,
Ýüzleri nuryndan öýüm nura doldy.
Howanyň üstünde bir düşek düşeldi,
Ady Sündüs, ony perişde düşedi.
Men haýran galyp, dilsiz galdym,
Bu işleri aýan görenimde.
Birden diwar ýaryldy-da,
Jennetden üç hüýr geldi.
Käbirler aýdar: ol üç gözelden
Biri Aý ýüzli Asiýedi.
Biri, şeksiz, Merýem hatyndy,
Üçünjisi – hüýrlerden bir nigär.
Ol üçüsi lutf bilen geldiler,
Şol dem maňa salam berdiler.
Töweregime gelip oturdylar,
Mustafany biri-birine buşladylar.

Muhammet aleýhisselam doglan wagty hezreti Ämine enemiziň ýanynda Abdyrahman ibn Awfyň ejesi Şifa hatyn, Osman ibn Abul-Asyň ejesi Fatma hatyn we Pygamberimiziň bibisi Safiýe hatyn bardy. Olar gören nurlaryny we bolup geçen beýleki wakalary şeýle gürrüň berdiler:

Şifa hatyn şeýle gürrüň berýär: “Men şol gije Äminäniň ýanynda kömekçi bolup durdum. Muhammet aleýhisselamyň doglan badyna doga edip, ýalbarýandygyny eşitdim. Gaýypdan: ‘Ýerhamuke Rebbuke’ diýen ses eşidildi. Soňra bir nur çykyp, şeýle bir ýagtylyk saçdy welin, gündogardan günbatara çenli her ýer göründi…” Ýene köp wakalara şaýat bolan Şifa hatyn: “Oňa pygamberlik bildirilende, hiç ikirjiňlenmän ilkinji iman getirenleriň biri men boldum” diýipdir.

“Kyýamatda hemmeler dymanda, men geplärin. Hiç kim gymyldap bilmeýän wagty men olara şepagat ederin” Hadysy şerif

Ähli ýaradylanlar şatlyga gark boldy,
Gam gidip, älem täzeden jan tapdy.
Jahanyň ähli zerreleri ses berip,
Biri-birini çagyryp, merhaba diýdiler.
Merhaba, eý beýik Soltan, merhaba,
Merhaba, eý irfan käni, merhaba.
Merhaba, eý Furkanyň syry, merhaba,
Merhaba, eý derde derman, merhaba.
Merhaba, eý jemal bagynyň bilbili,
Merhaba, eý Zuljelalyň ýakyny.
Merhaba, eý Hudanyň Aýy we Güni,
Merhaba, eý Hakdan aýrylmadyk zat.
Merhaba, eý günäkär ymmatyň penasy, merhaba,
Merhaba, eý çäresizleriň penasy, merhaba.
Merhaba, eý Halylyň göz nury,
Merhaba, eý Jeliliň has söýgülisi.
Merhaba, eý älemlere rahmet,
Merhaba, sen – günäkärlere şepagatçy.
Merhaba, eý iki jahanyň patyşasy,
Seniň üçin ýaradyldy bu älem.

Safiýe hatyn hem şeýle gürrüň beripdir: “Muhammet aleýhisselam doglan wagty töweregi bir nur gaplady. Ol doglan badyna sežde etdi, soňra mübärek başyny galdyryp, açyk dil bilen: ‘La ilähe illallah, inni Resulullah’ diýdi. Men ony ýuwmak islänimde: ‘Biz ony ýuwlan halda iberdik’ diýen ses eşidildi. Onuň göbeginiň kesilendigini we sünnet edilendigini gördük. Ol doglan badyna sežde etdi. Şol wagt ol pes ses bilen bir zatlar aýdýardy. Men gulagymy onuň mübärek agzyna ýakynlaşdyrdym; ol: ‘Ummeti, ummeti!’ (Ymmatym, ymmatym!) diýýärdi”.3

Beýtullaha garşy ol Resul
Ýüzün ýere goýup, sežde kyldy.
Seždede başy, dili Haky öwdi,
Barmagyn galdyryp, tewhidi aýtdy.
Aýdar: “Eý Mewlam, ýüzüm Saňa tutdum,
Ýa Ilahy, ymmatymy maňa bergil”.
Bütin umydyny köňülden Haka baglap,
Ol: “Ymmatym, ymmatym!” diýerdi.

Söýgüli Pygamberimiz doglan wagty onuň atasy Abdylmuttalyp mübärek Käbäniň ýanynda Allahu tagalanyň dergähine ýalbaryp, doga edýärdi. Oňa çaganyň dünýä inendigi şeýle buşlandy:

Käbe birden Makamy Ybraýyma tarap sežde etdi we ýene öňki ýagdaýyna geldi. Abdylmuttalyp Käbäniň açyk dil bilen: “Allahu ekber! Muhammediň (sallallahu aleýhi we sellem) sesi meni butlardan arassalar” diýenini eşitdi. Şol wagt Hubel buty ýüzin ýykyldy. Şonda bir ses geldi: “Äminäniň bir ogly dünýä indi. Muhammet (sallallahu aleýhi we sellem) halky azgynlygyň garaňkylygyndan hidaýat nuryna çykarar. Hak tagala ony ynsanlara we jynlara pygamber edip iberdi. Eý perişdeler, şaýat boluň: oňa ähli hazynalaryň açarlary berildi. Onuň doglan gününi unutmaň, ol gün kyýamata çenli siziň baýramyňyz bolsun”. Bu sözleri eşiden Abdylmuttalybyň haýran galmakdan dili tutuldy. “Ýogsa düýş görýärinmikäm?” diýip, ol elini döşüne sürtdi. Şonda ol ýene bir ses eşitdi: “Eý Kuraýşyň serweri, seni gorkuzan bu ýagdaý näme?” Onuň jogap bermäge mejaly ýokdy.

Äminäniň öýüne ýakynlaşanda, ol öýüň üçeginde bir guş gördi. Ol ganatlaryny öýüň üstüne ýaýyp, ony örtüpdi. Mekgäniň daglary onuň nuryndan ýalpyldaýardy. Bir ak bulut öýe kölege salýardy. Gapynyň agzynda duran iki perişde ony içerik goýbermedi. “Bu näme ýagdaý? Ýogsa men düýşdemikäm?” diýip oýlanyp durka, içerden gelen müşk ysy onuň dimagyna urdy.

Abdylmuttalyp Muhammet aleýhisselamyň doglan güni köp wakalary görüpdi. Ol bu buşluga örän begenip: “Bu oglumyň şany, şerefi örän beýik bolar” diýdi.4

Şeýle uly bagty bellemek üçin Abdylmuttalyp çaganyň doglanynyň ýedinji gününden başlap, mekgelilere üç günläp myhmançylyk berdi. Mundan başga-da, ol şäheriň her mähellesinde düýeler soýup, etini adamlaryň we haýwanlaryň peýdalanmagyna goýdy.5 Myhmançylyk wagtynda çaga haýsy at goýduň diýip soraýanlara ol: “Men oňa MUHAMMET (sallallahu aleýhi we sellem) adyny goýdum” diýdi. Näme üçin ata-babalaryňdan biriniň adyny goýmadyň diýip soraýanlara bolsa: “Allahu tagalanyň we ynsanlaryň ony öwmeklerini, wasp etmeklerini isländigim üçin” diýip jogap berdi.6 Başga bir rowaýatda “Muhammet” adyny Ämine hatynyň goýandygy bildirilýär.

Eý jemaly dolan Aý dek nurly zat,
Eý ähli ýykylanlara arka sen.
Eý köňülleriň derdiniň dermany sen,
Eý ähli ýaradylanlaryň soltany sen.
Sen – ähli pygamberleriň soltany,
Öwlüýäleriň, asfiýalaryň göz nury.
Eý risalat tagtynyň soňky soltany sen,
Eý pygamberlige möhür basan sen.

“Kyýamat güni pygamberleriň imamy, hatyby we olaryň hemmesine şepagat ediji mendirin. Muny öwünmek üçin aýtmaýaryn” Hadysy şerif

Seniň nuruň bütin älemi ýagtyldanda,
Gül ýüzüň älemi gülzar eýledi.
Nadanlygyň, azgynlygyň zulmaty dargady,
Marifet bagy kemala ýetdi.
Ýa Habyballah, bize ýardam kyl,
Soňky demde didaryň bilen şat kyl.

Resulullahyň doglan gijesi bolan möhüm wakalar

Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) dogmazdan öň we doglan wagty onuň dünýäni şereflendirmeginiň alamaty hökmünde köp wakalar boldy. Şol zamanyň meşhur adamlary Pygamberimiz dogmazyndan has öň düýşler görüpdiler. Düýşlerini kähinlere we zamanyň meşhur alymlaryna ýorduranlarynda, olar bu düýşleriň “Muhammet aleýhisselamyň geljekdigini görkezýändigini” aýtdylar.

Söýgüli Pygamberimiziň atasy Abdylmuttalyp şeýle gürrüň beripdir: “Bir gezek men uka gidipdim. Gören düýşümden gaty titräp oýandym. Derrew bir kähiniň ýanyna baryp, düýşümi ýordurmak isledim. Onuň ýanyna baranymda, ol ýüzüme seredip: ‘Eý Kuraýşyň baştutany! Saňa näme boldy? Ýüzüňde bütinleý başga bir ýagdaý görünýär. Ýa-da seni bu hala salan möhüm bir waka boldumy?’ diýdi. Men: ‘Hawa, entek hiç kime gürrüň bermedik gorkunç bir düýş gördüm’ diýdim-de, onuň ýanynda oturyp, gürrüň berip başladym:

’Bu gije düýşümde örän uly bir agaç bardy. Onuň bir ujy asmana galypdy, şahalary gündogara we günbatara ýaýrapdy. Ol agaçdan şeýle bir nur saçylýardy welin, gün hem onuň ýanynda örän ýagtysyz galýardy.

Ol käte görünýärdi, käte gözden gaýyp bolýardy. Adamlar oňa tarap ýüzlenipdi. Onuň nury her pursat artýardy. Kuraýş taýpasyndan käbirleri ol agajyň şahalaryna ýapyşýardylar, beýlekileri bolsa agajy kesmäge çalyşýardylar. Bir ýigit ony kesmek isleýänlere päsgel berýärdi. Onuň örän owadan ýüzi bardy; men şu wagta çenli beýle ýüzi görmändim. Mundan başga-da, onuň bedeninden töwerege hoş yslar ýaýraýardy. Men agajyň bir şahasyny tutmak üçin elimi uzatdym, ýöne ýetip bilmedim’.

Düýşümi aýdyp gutaranymda, kähiniň ýüzi üýtgedi.

Onuň reňki saraldy. Soňra ol: ‘Ondan seniň nesibäň ýok!’ diýdi. Men: ‘Kimiň nesibesi bar?’ diýip soradym. Ol: ‘Ol agajyň şahasyna ýapyşanlaryň’ diýdi we sözüni dowam edip: ‘Seniň nesliňden bir pygamber geler, ol her tarapa eýe bolar, adamlar onuň dinine girerler’ diýdi. Soňra ýanymda bolan oglum Abu Talyba öwrülip: ‘Bu, megerem, onuň kakasynyň dogany bolar’ diýdi.” Abu Talyp bu wakany Pygamberimize pygamberlik bildirilenden soň gürrüň beripdir we: “Ine, ol agaç – Abul-Kasym, el-Emin Muhammet aleýhisselamdyr” diýipdir.

Söýgüli Pygamberimiz Muhammet aleýhisselamyň dünýä inen gijesi bir ýyldyz dogdy. Ony gören ýahudy alymlary Muhammet aleýhisselamyň doglandygyna düşündiler.

Hormatly sahabalardan Hassan ibn Sabit gürrüň berýär: “Men sekiz ýaşymdadym. Bir gün irden bir ýahudy: ‘Heý, ýahudylar!’ diýip gygyryp ylgaýardy. Ýahudylar: ‘Näme boldy, näme gygyrýarsyň?’ diýip, onuň ýanyna üýşenlerinde, ol: ‘Bilip goýuň: bu gije Ahmediň ýyldyzy dogdy! Ahmet bu gije dünýä indi…’ diýip jogap berdi.”

Resuly ekrem doglan gijesi Käbedäki butlaryň hemmesi ýüzin ýere ýykyldy.

Urwa ibn Zubeýr rowaýat edýär: “Kuraýşdan bir toparyň bir buty bardy. Olar ýylda bir gezek onuň töwereginde towap ederdiler, düýeler soýup, şerap içerdiler. Ýene şeýle günleriň birinde butuň ýanyna baranlarynda, ony ýüzin ýere ýykylan halda tapdylar. Ony galdyrdylar, ol ýene ýykyldy. Bu ýagdaý üç gezek gaýtalandy. Şondan soň onuň töweregini gowy berkidip dikeldip durkalar, şeýle bir ses eşidildi: ‘Bir şahs dogdy, ýer ýüzünde her zat herekete geldi. Näçe but bar bolsa – hemmesi ýykyldy. Patyşalaryň ýürekleri gorkudan titredi!’” Bu waka edil Muhammet aleýhisselamyň doglan gijesine gabat gelýärdi.

Medaýin şäherinde Eýran şasynyň (kisranyň) köşgüniň on dört diňi ýykyldy. Şol gije gümpürdiden we gorkudan oýanan şa we onuň adamlary özleriniň käbir görnükli adamlarynyň gören gorkunç düýşlerini ýorduranlarynda, munuň uly bir zadyň alamatydygyna düşündiler.

Iň meşhur kähinler bu düýşleri şeýle ýordular: “Olar Şamyň (Siriýanyň), Tigriň, Ýewfratyň, Yragyň we Eýranyň yslamyň mülki boljakdygyny habar berýär”.

“Men her asyrda, her zamanda ýaşan ynsanlaryň iň gowularyndan, saýlananlaryndan dünýä getirildim” Hadysy şerif

Mekgeýi mükerreme we onuň töweregi

Şol gije mejusylaryň, ýagny otparazlaryň müň ýyldan bäri ýanyp duran uly ot üýşmeleri hem birden söndi. Olar otuň sönen senesini ýazyp goýdular; bu – şanyň köşgünde diňleriň ýykylan gijesidi.

Şol döwürde mukaddes hasaplanýan Sawe kölüniň suwy hem şol gije bir pursatda çekilip, köl gurap galdy.

Şam tarapynda müň ýyldan bäri suwy akmadyk we gurap galan Semawe derýasynyň jülgesi şol gije dolup-daşyp akyp başlady.

Muhammet aleýhisselamyň doglan gijesinden başlap, şeýtanlar we jynlar Kuraýş kähinlerine wakalar barada habar berip bilmez boldular. Palçylyk soňlandy…

Habyby ekrem doglan gijesi we ondan soň, şol wagta çenli görülmedik bu wakalardan başga-da, köp wakalar boldy. Bularyň hemmesi iň soňky Pygamber Muhammet aleýhisselamyň doglandygyna işaratdy.7

Mewlit gijesi

Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) doglan gijesine “Mewlit gijesi” diýilýär. Mewlit – “dogluş wagty” diýmekdir.

Ol Gadyr gijesinden soň iň gymmatly gijedir we bu gijede söýgüli Pygamberimiziň doglandygyna begenýänler bagyşlanýar.

Bu gijede Pygamberimiziň doglan wagty görlen ýagdaýlary, mugjyzalary okamak, diňlemek, öwrenmek örän sogapdyr. Söýgüli Pygamberimiziň özi hem bulary gürrüň bererdi.

Hormatly sahabalar hem bu gije bir ýere üýşerdiler, şol güni ýatlardylar, okardylar we gürrüň bererdiler.

Dünýäniň her künjündäki musulmanlar her ýyl Rebiulewwel aýynyň 12-nji gijesini Mewlit gijesi hökmünde belleýärler. Her ýerde mewlit kasydalary okalyp, Kainatyň Soltany ýatlanýar.

Her pygamberiň ymmaty öz pygamberiniň doglan gününi baýram edipdir. Bu gün hem – musulmanlaryň baýramy, köňül göteriňkiligi we şatlyk günüdir.

“Meni öwmek (mewlit, ylahy okamak) – ybadatdyr. Dap (saz guraly) çalyp, güýmenje-oýun arasynda ybadat etmek jaýyz däldir” Hadysy şerif

Ämine hatyndyr onuň enesi,
Şol sedepden dogdy ol dür dänesi.
Rebiulewwel aýynyň
On ikinji gijesi, duşenbe gijesi,
Ynsanlaryň iň haýyrlysy doglan ol gije
Enesi nämeler gördi, nämeler!
Ol Habybyň enesi aýtdy: gördüm
Ajaýyp bir nur – gün onuň perwanasy.
Birden ýyldyrym dek öýümden çykdy ol,
Asmanlara çenli jahan nur bilen doldy.
Asmanlar açyldy, ýok boldy garaňkylyk,
Ellerinde üç çyra tutan üç perişde gördüm.
Biri – gündogarda, biri – günbatarda,
Üçünjisi Käbäniň üçeginde dikeldi.
Birden Käbe ses berdi şol pursat,
Aýtdy: bu gije dogdy jahanyň Güni.
Ýa Ilahy, ol Muhammet haky üçin,
Şepagat käni Ahmet haky üçin,
Ymmatyndan razy bolsun ol Medetkär,
Rahmetullahi aleýhim ejmagin.
Essalatu wesselamu aleýke ýa Resulallah!
Essalatu wesselamu aleýke ýa Habyballah!
Essalatu wesselamu aleýke ýa Nuru Arşillah!
Süleyman Çelebi