ULY GÜNÄLER
Ýetmiş iki uly günä şulardyr:
1. Nähak ýere adam öldürmek.
2. Zyna etmek.
3. Liwata etmek.
4. Şerap we her hili serhoş ediji içgileri içmek. (Piwo içmek haramdyr.)
5. Ogurlyk etmek.
6. Keýp üçin neşe serişdelerini ulanmak.
7. Başgalaryň malyny zor bilen almak, ýagny gasp etmek.
8. Ýalan şaýatlyk etmek.
9. Ramazan orazasyny özürsiz, musulmanlaryň gözüniň alnynda iýip bozmak.
10. Göterim (riba) almak we bermek.
11. Köp kasam etmek.
12. Ata-enä gulak asmazlyk, olara garşy çykmak.
13. Mahrem we salyh garyndaşlara sylaýy rahymy (zyýarat etmegi) terk etmek.
14. Söweşde söweşi taşlap, duşmanyň öňünden gaçmak.
15. Nähak ýere ýetimiň malyny iýmek.
16. Terezisini we ölçegini adalatly ulanmazlyk.
17. Namazy wagtyndan öň ýa-da soň okamak.
18. Mömin doganynyň köňlüni ýykmak. (Bu Käbäni ýykmakdan hem uly günädir. Allahu tagalany iň köp inçidýän küfürden soň köňül ýykmak ýaly uly günä ýokdur.)
19. Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) aýtmadyk sözüni aýtmak we ony oňa ýöňkemek.
20. Para almak.
21. Hak şaýatlykdan gaçmak.
22. Malynyň zekatyny we öşrüni bermezlik.
23. Güýji ýetýän adamyň münkiri, günä edýäni görende, ony saklamazlygy.
24. Diri haýwany otda ýakmak.
25. Şany beýik Kurany öwrenenden soň ony okamagy ýatdan çykarmak.
26. Şany beýik Allahyň rahmetinden umydyny üzmek.
27. Musulman bolsun, kapyr bolsun, adamlara hyýanat etmek.
28. Doňuz etini iýmek.
29. Resulullahyň sahabalaryndan (rydwanullahi tagala aleýhim ejmagin) haýsydyr birini söýmezlik we sögmek.
30. Garny doýandan soň hem iýmegi dowam etmek.
31. Aýalyň äriniň düşeginden gaçmagy.
32. Aýalyň ärinden rugsatsyz myhmançylyga gitmegi.
33. Namysly aýala buzuk aýal diýmek.
34. Nemime, ýagny musulmanlaryň arasynda söz götermek. 35. Awrat ýerlerini (örtülmeli ýerlerini) başgalara görkezmek. (Erkegiň awrat ýerleri – göbek bilen dyzyň arasy, aýalyň awrat ýerleri – saçy, gollary, aýaklary.) Başgalaryň awrat ýerlerine seretmek hem haramdyr.
36. Läş iýmek we başgalara iýdirmek. 37. Amanata hyýanat etmek. 38. Musulmanyň gaýbatyny etmek. 39. Göriplik etmek.
40. Şany beýik Allaha şärik goşmak. 41. Ýalan sözlemek. 42. Tekepbirlik, özüni başgalardan ýokary görmek.
43. Ölüm ýassygyndaky syrkawyň mirasdardan mal gizlemegi. 44. Gysganç, aşa husyt bolmak.
45. Dünýä muhabbet baglamak.
46. Allahu tagalanyň azabyndan gorkmazlyk. 47. Haram bolany haram diýip ynanmazlyk.
48. Halal bolany halal diýip ynanmazlyk. 49. Palçylaryň palyna, gaýypdan habar bermegine ynanmak. 50. Dininden dänmek, murtat bolmak.
51. Özürsiz ýat aýala, gyza seretmek. 52. Aýallaryň erkek eşigini geýmegi. 53. Erkekleriň aýal eşigini geýmegi. 54. Käbäniň Haremi şerifinde günä etmek. 55. Wagty girmänkä azan aýtmak we namaz okamak.
56. Döwlet adamlarynyň buýruklaryna, kanunlara boýun bolmazlyk, garşy çykmak.
57. Aýalynyň mahrem ýerlerini ejesiniň mahrem ýerine meňzetmek. 58. Aýalynyň ejesini sögmek.
59. Biri-birine ýarag çenemek.
60. Itiň galyndysyny iýip-içmek. 61. Eden ýagşylygyny başa kakmak. 62. Ýüpek geýmek (erkekler üçin). 63. Nadanlykda dyrjaşmak. (Ähli sünnet ynanjyny, parzlary, haramlary we zerur bolan her bir bilimi öwrenmezlik.)
64. Allahu tagaladan we yslamyň bildiren atlaryndan başga zat bilen kasam etmek.
65. Ylymdan gaçmak.
66. Nadanlygyň musybatdygyna düşünmezlik.
67. Kiçi günäni gaýtadan etmekde dyrjaşmak. 68. Zerurlyk bolmazdan, gahgaha bilen köp gülmek.
69. Bir namaz wagtyny geçirer ýaly wagt jünüp ýagdaýda gezmek. 70. Haýyz we nifas ýagdaýyndaky aýaly bilen ýakynlyk etmek.
71. Teganni etmek. Ahlaksyz aýdymlary aýtmak, saz, oýun gurallaryny ulanmak. 72. Öz janyna kast etmek, ýagny özüni öldürmek.
Gözel ahlak
Yslam gözel ahlak bilen bezenmegi, nebsi erbet häsiýetlerden arassalamagy, gowy häsiýetli bolmagy, her babatda päklik we haýa bilen ýaşamagy buýurýar. Bu bilimleri we ýollary öwredýän ylma tasawwuf diýilýär.
Bedeniň saglygyna degişli bilimleri lukmançylyk ylmy öwredişi ýaly, ýüregiň, ruhuň erbet häsiýetlerden halas bolmagyny hem tasawwuf ylmy öwredýär. Ol ýürek keseliniň alamatlary bolan erbet işlerden daşlaşdyryp, Allahyň razylygy üçin gowy işleri etmäge we ybadat etmäge ýardam berýär.
Yslam ilki ylym öwrenmegi, soňra öwrenenlerine laýyk iş we ybadat edilmegini, bularyň hemmesiniň hem Allahyň razylygy üçin bolmagyny, gysgaça aýdanyňda, ylym, amal we yhlasy buýurýar. Adamyň ruhy taýdan ýokary galmagy, dünýä we ahyret bagtyna ýetmegi bir uçaryň uçmagyna meňzedilse, iman bilen ybadat onuň gurluşy we hereketlendirijileri ýalydyr.
Tasawwuf ýolunda öňe gitmek bolsa onuň energiýa çeşmesi, ýagny benzinidir. Maksada ýetmek üçin uçar ele salynýar, ýagny iman we ybadat gazanylýar. Herekete geçmek üçin bolsa güýç, ýagny tasawwuf ýolunda öňe gitmek zerurdyr.
Tasawwufyň iki maksady bardyr:
Birinjisi – imanyň wyždana öwrülmegi, ýagny ýürege ornaşmagy we şübhe döredýän täsirler bilen sarsmazlygy üçindir. Akyl bilen, delil we subutnama bilen berkidilen iman beýle berk bolmaz. Allahu tagala Kurany Kerimde Ragd süresiniň 28-nji aýatynda manysyna görä şeýle diýdi: “Imanyň ýüreklere siňmegi, ornaşmagy diňe we diňe zikir bilen bolar”. Zikir – her işde we her hereketde Allahu tagalany ýatlamak, Onuň razylygyna laýyk iş etmek diýmekdir.
Tasawwufyň ikinji maksady – fykh ylmy bilen bildirilen ybadatlaryň söýüp, aňsatlyk bilen edilmegi we nebsi emmareden döreýän ýaltalyklaryň, kynçylyklaryň aradan aýrylmagydyr. Ybadatlary aňsatlyk bilen, söýüp etmek we günä bolan işlerden ýigrenip daşlaşmak diňe tasawwuf ylmyny öwrenip, bu ýolda öňe gitmek bilen mümkindir.
Tasawwufa ýapyşmak başgalaryň bilmeýän zatlaryny görmek, gaýypdan habar bermek, nurlary, ruhlary we gymmatly düýşleri görmek üçin däldir.
Tasawwuf bilen ele salynýan magrifetlere, bilimlere we hallara ýetmek üçin ilki imany düzetmek, yslamyň buýruklaryny we gadaganlaryny öwrenip, olara laýyk iş we ybadat etmek zerurdyr. Çünki bu üç zady etmezden, ýüregi arassalamak, erbet häsiýetlerden päklemek, nebsi tezkiýe etmek, terbiýelemek mümkin däldir.
