54 PARZ
Yslam alymlary her bir musulmanyň öwrenmeli, ynanmaly we boýun bolmaly parzlaryndan elli dördüsini saýlap aldylar: 1. Allahu tagalany bir bilmek we Ony hiç haçan unutmazlyk. (Ýagny her zady yslama laýyk etmäge çalyşmak.)
2. Halal zatdan iýip-içmek. 3. Täret almak.
4. Her gün wagty gelende bäş wagt namaz okamak. 5. Haýyzdan, nifasdan we jünüplikden gusul etmek.
6. Adamyň rysgyna Allahu tagalanyň kepildigine ynanmak. 7. Halaldan gazanylan arassa eşik geýmek. 8. Haka tewekgül edip işlemek. 9. Kanagatly bolmak.
10. Nygmatlary üçin Allahu tagala şükür etmek (nygmatlaryny buýrulan ýerlerinde ulanmak). 11. Kaza we kadara razy bolmak.
12. Belalara sabyr etmek (garşy çykmazlyk). 13. Günälerden toba etmek.
14. Yhlas bilen ybadat etmek. 15. Yslamyň duşmanlaryny duşman bilmek.
16. Kurany Kerimi dört delilden biri bilmek.
17. Ölüme taýynlanmak, ýagny parzlary berjaý edip, haramlardan gaçyp, iman bilen ölmäge çalyşmak.
18. Allahu tagalanyň söýýänini söýmek, söýmeýänini söýmezlik we ondan gaçmak. (Muňa “hubbi fillah we bugdy fillah” diýilýär.) 19. Ata-enä ýagşylyk etmek. 20. Güýji ýetýänleriň mümkinçiligine görä diniň buýruklaryny ýaýmaga çalyşmagy.
21. Mahrem bolan salyh garyndaşlary zyýarat etmek. 22. Amanata hyýanat etmezlik.
23. Hemişe Allahdan gorkup, haramlardan saklanmak.
24. Allaha we Onuň Resulyna boýun bolmak. (Ýagny her zady yslama laýyk etmek.)
25. Günäden gaçyp, ybadat bilen meşgul bolmak. 26. Hökümdara (ulul-emre, kanunlara) garşy çykmazlyk, musulman ýolbaşçylara boýun bolmak. 27. Äleme ybrat bilen seretmek.
28. Allahu tagalanyň barlygy hakda oýlanmak. 29. Dilini haram, edepsiz sözlerden goramak.
30. Ýüregini dünýäniň peýdasyz zatlaryndan, zyýanly isleglerinden arassalamak. 31. Hiç kim bilen gülki etmezlik. 32. Harama seretmezlik. 33. Hemişe sözünde durmak. 34. Gulagyny edepsiz sözlerden we saz gurallaryndan goramak. 35. Parzlary we haramlary öwrenmek. 36. Agram we ölçeg gurallaryny dogry ulanmak.
37. Allahu tagalanyň azabyndan özüni aman saýman, hemişe gorkmak. 38. Allahu tagalanyň rahmetinden umydyny üzmezlik. 39. Musulman garyplara zekat bermek we kömek etmek. 40. Nebsiň haram isleglerine eýermezlik.
41. Aç adamy Allahyň razylygy üçin doýurmak.
42. Ýeterlik rysk (iýmit, geýim we jaý) üçin işlemek.
43. Malynyň zekatyny, hasylynyň öşrüni bermek. 44. Haýyz we nifas ýagdaýyndaky aýaly bilen ýakynlyk etmezlik.
45. Ýüregini günälerden arassalamak.
46. Tekepbirlikden saklanmak. 47. Ýetim çaganyň malyny goramak.
48. Ýaş oglanlar bilen şehwete sebäp boljak ýagdaýlardan we hereketlerden daş durmak.
49. Gündelik wagt namazlaryny kaza galdyrmazlyk. 50. Şirk goşmazlyk.
51. Zynadan saklanmak. 52. Serhoş ediji içgi içmezlik.
53. Biderek ýere kasam etmezlik.
54. Nähak ýere, zulum bilen, ýagny şerigata ters ýol bilen başgalaryň malyny almazlyk. Gul hakyndan gorkmak. (Iň möhüm we azaby iň köp bolan gul haky – garyndaşlaryna we gol astyndakylara emri marup etmezlik, olara din bilimini öwretmezlikdir. Bidgat eýesiniň Ähli sünnet ynanjyny üýtgetmegi, dini, imany bozmagy hem şeýledir.)
“Bir adam günä edip, soňra puşman bolsa, bu puşmanlygy onuň günäsine kefaret bolar” Hadysy şerif
Eý köňül, näme gerek bu lybas, bu şowhun, bu dabara,
Egniňe bir palas bilen bir aba ýeterkä?
Jürmüm, günäm çakdan aşsa-da, eý Serwer,
Sen şepagat çeşmesisiň, geldim saňa merhemet umup.
Bu Muhibbi toba edýär, tobasyny kabul eýle,
Şeýtanyň pitnesinden sakla ony, eý Rebbimiz!
Kanûnî Sultân Süleymân (Muhibbî)
