KÜFÜR BARADA
Erbetlikleriň iň erbedi – Allahu tagala ynanmazlyk, ateist bolmakdyr. Ynanylmagy zerur bolan zada ynanmazlyk küfür bolar. Muhammet aleýhisselama ynanmazlyk küfür bolar. Muhammet aleýhisselamyň Allahu tagalanyň huzuryndan getirip bildiren zatlarynyň hemmesine ýürek bilen ynanmaga we dil bilen hem ykrar etmäge, aýtmaga iman diýilýär. Aýtmaga päsgelçilik bolan wagtynda aýtmazlyk ötülýär. Imanyň hasyl bolmagy üçin yslamyň küfür alamaty diýen zatlaryny aýtmakdan we ulanmakdan saklanmak hem zerurdyr. Yslamyň hökümlerinden, ýagny yslamyň buýruklaryndan we gadaganlaryndan birini ýeňil görmek, Kurany Kerim bilen, perişde bilen, pygamberleriň biri (aleýhimussalawatu wetteslimat) bilen gülki etmek küfrüň alamatlaryndandyr. Inkär etmek – eşidenden soň ynanmazlyk, tassyklamazlyk diýmekdir. Şübhelenmek hem inkär bolar. Yslamyň imansyzlyk alamaty diýen sözlerini aýdan we işlerini eden adam, ýüreginde tassyklasa-da we ynanýandygyny aýtsa-da, kapyr bolar. Yslamyň kemsidilmegini buýran zadyny hormatlamak, hormatlanmagyny buýran zadyny kemsitmek küfürdir.
Küfre sebäp bolýan käbir zatlar
1. “Allahu tagala Arşdan ýa-da asmandan bize seredýär” diýmek küfürdir. Çünki Allahu tagala mekandan päkdir (münezzehdir). Ol hakda “ýerde, asmanda, aşakda, ýokarda, sagda, çepde” diýip bolmaz. 2. “Sen maňa zulum edişiň ýaly, Allahu tagala hem saňa zulum edýär” diýmek küfürdir. Allahu tagala zalym däldir. Ol Öz bendelerine zulum etmez. “Zulum” sözi Allahu tagala barada aýdylmaýar. 3. “Pylan musulman meniň gözümde ýahudy ýalydyr” diýmek küfürdir. 4. Ýalan bir söz hakynda “Allahu tagala bilýär, bu dogrudyr” diýmek küfürdir. 5. Perişdeleri kemsidýän zatlary aýtmak küfürdir.
6. Kurany Kerimi, hatda onuň bir harpyny kemsidýän söz aýtmak, onuň bir harpyna-da ynanmazlyk küfürdir. 7. Saz çalyp, Kurany Kerim okamak, ylahy aýtmak, azan, mewlit okamak küfürdir. 8. Pygamberleri kemsidýän zatlary aýtmak küfürdir. 9. Köp ýagşylyk edýän biri hakynda “Ol pygamberden hem gowudyr” diýmek küfür bolar. 10. Biri özüniň pygamberdigini aýtsa, oňa ynananlar hem kapyr bolar.
11. Ahyretde boljak zatlar bilen gülki etmek küfür bolar. 12. Gabyrdaky we kyýamatdaky azaplara (akyla, ylma laýyk däl diýip) ynanmazlyk küfürdir.
13. Jennetde Allahu tagalany görmäge ynanmazlyk küfür bolar.
14. Meşhur sünnetleriň birini halamazlyk küfürdir.
15. Yslam ylymlaryna ynanmazlyk, olary we din alymlaryny kemsitmek hem küfür bolar. 16. Kapyr bolmagy isleýän adam muňa niýet eden pursatynda kapyr bolar.
17. Küfre sebäp bolýandygyny bilip we isläp küfür sözlerini aýdan kapyr bolar. Bilmän aýdan bolsa-da, alymlaryň köpüsine görä ýene kapyr bolar. 18. Biline zünnar diýilýän keşiş guşagyny daňmak we diňe küfre mahsus bir zady geýmek küfür bolar. Täjiriň bulary darul-harpda hem ulanmagy küfür bolar. Bulary degişme üçin, başgalary güldürmek üçin, oýun üçin ulanmak hem küfre sebäp bolar.
19. Bir musulmany ýamanlamak üçin oňa “kapyr” diýmek küfür bolmaz. Emma onuň kapyr bolmagyny isläp aýtmak küfür bolar. 20. Çagalygynda nikalanan gyz akylly we baluga ýeten wagtynda imany, yslamy bilmese, soralanda düşündirip bilmese ýa-da olara ynanmasa, äriniň nikasyndan boşar, özi bolsa murtat bolar. Oglan hem şeýledir.
21. Bir adamy nähak ýere uran ýa-da öldüren zalyma “Gowy etdiň, ol muňa mynasypdy” diýmek küfür bolar.
22. Parzdygyna ynanman, ýeňil görüp namaz okamazlyk, oraza tutmazlyk, zekat bermezlik küfür bolar. 23. Allahyň rahmetinden umydyny üzmek küfür bolar. 24. Läş, doňuz eti, şerap ýaly özleri haram bolan zatlara “haramy li aýnihi” diýilýär. Olara halal diýmek küfür bolar. 25. Haramdygy anyk belli bolan ähli günälere halal diýmek hem küfür bolar.
26. Azan, metjit, fykh kitaplary ýaly yslamyň gymmat berýän zatlaryny kemsitmek küfür bolar. 27. Täretsizdigini bilip durka namaz okamak küfür bolar. 28. Bilip durka gybladan başga tarapa namaz okamak küfür bolar. “Namazy gybla tarap okamak hökman däl” diýen adam kapyr bolar. 29. Bir adam bir yslam alymyna sebäpsiz ýere ýigrenç bilen garasa ýa-da ony sögse, onuň küfre düşmeginden gorkulýar. 30. Alymlaryň aýtmagyna görä, bir adam halamaýan birine “Seniň ýüzüň maňa jan alyjynyňky ýalydyr” diýse, kapyr bolar. Çünki jan alyjy perişde (Ezraýyl aleýhisselam) beýik perişdedir.
“Allahu tagala Özüne şärik goşanlary, ýagny kapyrlary bagyşlamaz, şirkden, ýagny küfürden başga günäleri bolsa bagyşlar” Nisa: 116
31. Zyna, liwata, göterim (riba), ýalan ýaly her dinde haram bolan bir zat hakynda “Halal bolsady, men hem ederdim” diýip arzuw etmek küfürdir. 32. Muhammet aleýhisselamyň ahyrzaman Pygamberidigini bilmeýän adam kapyr bolar. 33. Bir adam ýüpek geýse, başga biri oňa “Mübärek bolsun” diýse, şol beýleki adamyň küfre düşmeginden gorkulýar.
34. Tefsir we fykh kitaplaryny kemsidýän, olary halamaýan, ýamanlaýan adam kapyr bolar. 35. Bir adam “Jebraýylyň göläsi ýaly çyr-ýalaňaç galypsyň” diýse, bu belady: bu perişde bilen gülki etmekdir. 36. “Pygamber (aleýhissalatu wesselam) gara reňkli eken” diýen adam kapyr bolar. 37. “Namaz okamazlyk gowy işdir” diýen adam kapyr bolar. Alymlaryň aýtmagyna görä, bir adam başga birine “Gel, namaz oka” diýse, ol hem “Namaz okamak maňa agyr iş” diýse, kapyr bolar. 38. Allaha “kaka” diýen adam kapyr bolar. 39. Biri “Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) nahar iýenden soň mübärek barmagyny ýalardy” diýse, başga biri hem “Bu edepsizlik” diýse, şol beýlekisi kapyr bolar. 40. Kurany Kerime öz akly bilen many beren adam kapyr bolar.
41. Kurany Kerim ýazylan lentalar we plastinkalar Mushafy şerif ýaly gymmatlydyr. Olara hormatsyzlyk etmek hem küfür bolar. 42. Jynlar bilen tanyş palçylara, ýyldyznama seredip, soralan her bir zada jogap berýänlere we jadygöýlere baryp, olaryň aýdanlaryna, edenlerine ynanmak, käte dogry çyksa-da, Allahu tagaladan başga biriniň her zady bilýändigine we isleýän her zadyny edip bilýändigine ynanmak bolup, küfür bolar. (Ylmy bilimlere ynanmazlyk beýle däldir.) 43. Sünneti ýeňil görüp, oňa ähmiýet bermän terk etmek küfür bolar. 44. “Jadygöý jady bilen islän zadyny hökman eder, jady hökman täsir eder” diýen we muňa ynanan adam kapyr bolar.
45. Musulman özüne “kapyr” diýene “Hawa, jenap” ýaly razylyk bildirip jogap berse, ol hem kapyr bolar. 46. Nikasy haram bolan aýala öýlenmäge halal diýen adam kapyr bolar.
47. Bir adam elindeki anyk haram bolan maldan sadaka berse we munuň üçin sogap umyt etse, ony alan garyp hem malyň haramdandygyny bilip, berene “Allah senden razy bolsun” diýse, beren ýa-da başga biri hem “Amin” diýse, olaryň hemmesi kapyr bolar.
48. Allahu tagaladan başga birine, haýsy maksat bilen bolsa-da, “Ýaradyjy” diýmek küfürdir. 49. “Abdylkadyr” ýerine bilkastlaýyn “Abdylkoýdur” diýmek küfürdir. “Abdylaziz” ýerine “Abdylüzeýz”, “Muhammet” ýerine “Memo”, “Hasan” ýerine “Hasso”, “Ybraýym” ýerine “Ibo” diýmek hem şeýledir. Bu atlary aýakgaplara we şypbyklara ýazýanlaryň we olaryň üstüne basýanlaryň imanynyň gitmeginden gorkulýar. 50. “Nadanlaryň öwlüýäleri ýaradyjy hasaplamagyndan gorkup, türbeleri ýykýarys” diýen söz küfürdir. 51. Üstünde ýazgy, hatda bir harp bolan kagyzy, örtügi, namazlygy ýere goýmak (kemsitmek üçin düşemek ýa-da ulanmak) küfür bolar. 52. “Abu Bekir Syddyk bilen Omar Farugyň (radyýallahu tagala anhuma) halyflyga haky ýokdy” diýmek küfürdir. 53. Başga biriniň, hususan-da öz çagasynyň kapyr bolmagyna sebäp bolan adamyň özi hem kapyr bolar. 54. Kurany Kerimiň radioda we ses güýçlendirijide aýdylýan, okalýan takyk meňzeşine hormatsyzlyk etmek hem küfür bolar.
55. Sünnet bolan bir işi halamazlyk küfürdir. Sünnete ähmiýet bermezlik küfürdir. 56. Merhumy topraga jaýlamak parzdyr. Bu parza ähmiýet bermän, bu hyzmatdan gaçýan, ylmy, bilimi bahana edip, “Ölüleri jaýlamak yza galaklykdyr. Buddaçy, brahman, kommunist kapyrlar ýaly ölüleri ýakmak has gowudyr” diýen adamyň imany gider, ol murtat bolar. 57. “Tizberen ata” diýmek örän erbetdir we küfre sebäp bolar. 58. Zyna, liwata jaýyz diýmek küfürdir. 59. Nas (ýagny aýat we hadys) we ijma bilen bildirilen harama ähmiýet bermezlik küfürdir.
60. Uly günälere dowam etmek, olarda dyrjaşmak küfre çekýär. Namaza ähmiýet bermezlik küfürdir. 61. Allahu tagalanyň welilerinden ölüsini ýa-da dirisini dil ýa-da ýürek bilen inkär etmek küfürdir. 62. Öwlüýälere we ylmy bilen amal edýänlere duşmançylyk küfürdir. 63. “Öwlüýälerde ysmat (günäsizlik) sypaty bardyr” diýmek küfürdir. (Ysmat sypaty diňe pygamberlerde bolýar.)
64. Haýsydyr bir wakanyň öz-özünden bolandygyna ynanmak we “haýwanlar bir öýjüklilerden ýokary gurluşlylara tarap biri-birine öwrülip, ahyrsoňy ynsana öwrüldi” diýmek küfürdir.
“Ýa Rebbim! Senden soňy küfür bilen tamamlanmaýan iman dileýärin!” Hadysy şerif
65. Kapyrlaryň ybadatlaryny ybadat hökmünde etmek, meselem, olaryň ybadathanalarynda çalýan organ ýaly saz gurallaryny we jaňlaryny metjitlerde çalmak, şeýle hem yslamyň kapyrlyk alamaty saýan zatlaryny zerurlyk we mejburlyk bolmazdan ulanmak küfür bolar. 66. Hormatly sahabalary sögýän adama mülhit diýilýär. Mülhit kapyrdyr. 67. Suratda şekillendirilen, heýkelde keşbi ýasalan şahsda, haçda ýa-da ýyldyz, gün, sygyr ýaly haýsydyr bir zatda ylahylyk sypaty bar diýip ynanyp, meselem, “islän zadyny ýaradar, isleýän her zadyny eder, syrkawa şypa berer” diýip ony hormatlamak küfür bolar. 68. Hezreti Aişä töhmet atan (ony buzuk aýal diýen) we onuň kakasynyň sahabadygyna ynanmaýan adam kapyr bolar. 69. Isa aleýhisselamyň asmandan injekdigi hem hökman bilinmeli zatdyr. Muňa ynanmaýan adam kapyr bolar. 70. Kurany Kerimde we hadysy şerifde jennet bilen buşlanan adama kapyr diýmek küfürdir. 71. Musulman aýalyň başy, gollary we aýaklary açyk halda köçä çykmagy, olary erkeklere görkezmegi haramdyr, günädir. Eger ol muňa ähmiýet bermese, üns bermese, imany gider, kapyr bolar. 72. Perişdeleriň we jynlaryň barlygyna ynanmaýan adam kapyr bolar.
73. Musulmana “Eý kapyr!” diýen (ýa-da musulmana mason, kommunist diýen) we ony kapyr hasaplaýan adamyň özi kapyr bolar. 74. Pygamberleriň sany anyk belli däldir. Haýsydyr bir sany aýtmak pygamber bolmadyk birini pygamber saýmak ýa-da pygamber bolany pygamber hökmünde kabul etmezlik bolup biler. Bu bolsa küfürdir. Çünki pygamberleriň birini kabul etmezlik olaryň hiç birini kabul etmezlik diýmekdir. Yslam alymlary bu meselede pygamberleriň sanynyň ýüz ýigrimi dört müňden köpdügini bildirdiler. Erkek bolsun, aýal bolsun, bir musulman alymlaryň agzybirlikde küfre sebäp boljakdygyny bildiren bir sözüň ýa-da işiň küfre sebäp bolýandygyny bilip, ony bilkastlaýyn (gorkuzylman, isläp) çynlakaý ýa-da degişme üçin, güldürmek üçin aýtsa ýa-da etse, manysy hakda pikir etmese-de, imany gider. Ol murtat bolar. Öňki ybadatlarynyň sogaby ýok bolar. Toba etse-de, olar yzyna gaýdyp gelmez. Baý bolsa, oňa täzeden haja gitmek zerur bolar. Toba etmek üçin diňe kelimeýi şahadaty aýtmak ýeterlik däldir. Küfre sebäp bolan şol zatdan hem toba etmek zerurdyr. (Yslamdan haýsy gapydan çykan bolsa, şol gapydan girmelidir.) Bilmezligi özür däl, uly günädir. Çünki her bir musulmana bilmegi zerur bolan zatlary öwrenmek parzdyr. Küfre sebäp bolýan sözi ýalňyşyp, sürçüp ýa-da täwil bilen aýdan adamyň imany-da, nikasy-da bozulmaz. Diňe oňa toba we ystygfar etmek, ýagny imanyny täzelemek (tejdidi iman) gowy bolar.
Bir kapyr bir kelimeýi tewhit aýtmak bilen mömin bolşy ýaly, bir mömin hem bir söz aýtmak bilen kapyr bolar. Her bir musulman ertir we agşam şu iman dogasyny okamaly, beýlekisini hem okap, toba etmeli, imanyny we nikasyny täzelemelidir:
“Allahumme inni eguzu bike min en uşrike bike şeýen we ene aglemu we estagfiruke lima la aglemu, inneke ente allamul-guýub”.
“Allahumme inni uridu en ujeddidel-imane wen-nikahe tejdiden bi-kawli la ilähe illallah Muhammedur-resulullah”.
Gözläp-gözläp tapsam eken yzyňy,
Yzyňyň tozanyna sürtsem ýüzümi.
Hak nesip eýlese, görsem ýüzüňi…
Eý Muhammet, janym seni küýseýär.
Bir mübärek sapar bolsa-da gitsem,
Käbe ýollarynda çägelere batsam.
Gözel jemalyňy düýşde bir görsem…
Eý Muhammet, janym seni küýseýär.
Zerreçe hile galmady ýüregimde,
Yhlas bilen girdim men bu hak ýola
Abu Bekir, Omar, Osman bilen bile.
Eý Muhammet, janym seni küýseýär.
“‘La ilähe illallah’ diýip, imanyňyzy täzeläň!” Hadysy şerif
