MEÝIDE DEGIŞLI DINI WEZIPELER
Ölüm alamatlary görnende edilmeli işler
Ölümiň ýakynlaşýandygynyň alamaty – aýaklaryň gowşap uzalmagy, burnuň egrelmegi, çekgeleriň çökmegidir. Şeýle hassany sag gapdalyna ýatyryp, ýüzüni gybla öwürýärler. Şeýle ýatyrmak – sünnetdir. Aýaklaryny gybla tarap edip, arkan ýatyrmak hem jaýyzdyr. Häzir şeýle edilýär. Emma başynyň aşagyna bir zat goýmalydyr. Şeýdip ýüzi gybla garşy bolýar. Bular kyn bolsa, aňsat bolşy ýaly ýatyrmak hem jaýyzdyr. Tewhit kelimesini telkin edende “Muhammedun Resulullah” diýip hem aýtmak gowudyr. Ölüm alamaty – gatamak, sowamak we ys çykmakdyr. Ölüm bu alamatlardan öň düşnükli bolanda [demiň kesilendigi agza tutulan aýnanyň bugarmazlygyndan, ýüregiň durandygy tamyr urşundan bilinende], meýidiň gözlerini ýapmak we eňegini daňmak – sünnetdir.
Wepat bolanda edilmeli işler
Gözlerini ýapmak we eňegini daňmak – sünnetdir. Eňegi giň mata bilen başynyň üstünden daňylýar. Gözlerini ýapanda “Bismillahi we ala milleti Resulillah” diýmek we dogasyny okamak – sünnetdir. Beden sowamazdan öň elleriniň barmaklaryny, tirseklerini, dyzlaryny epip-açyp, gollaryny we aýaklaryny göni goýmak – sünnetdir. Şeýdip ony ýuwmak we kepene dolamak aňsat bolýar. Beden sowamazdan öň eşigi çykarylyp, giň, ýeňil bir çarşaf bilen örtülýär. Çarşafyň bir ujy başynyň aşagyna, beýleki ujy aýaklarynyň aşagyna sokulýar. Garnynyň üstüne, çarşafyň üstüne ýa-da aşagyna, çişmez ýaly, bir zat [pyçak ýa-da başga demir] goýulýar. Onuň ýüz gramdan agyr bolmagy gowudyr. Ýuwmak, kepenlemek, jynaza namazyny okamak we jaýlamak – parzy kifaýadyr. Ýagny gerek mukdarda adam ýerine ýetirende, başgalara parz bolmaýar. Çaganyň ýuwmagy hem jaýyzdyr. Aýallar bolmadyk wagty aýaly erkek ýuwup bilmeýär. Emma meýit başdan aýaga örtülgi halda, onuň garyndaşy, garyndaşy bolmasa başga biri, eline mata dolap, elini örtügiň aşagyna sokup, oňa teýemmüm etdirýär. Çünki ölüniň awrat ýerleri diriniň awrat ýerleri ýalydyr. Seretmek haram bolan ýere degmek hem haramdyr. Iň gowusy – çaga öwredip, oňa ýuwdurmakdyr. Hanafy mezhebinde aýaly äri ýuwup-da, oňa degip-de bilmeýär. Çünki aýal ölende nika derrew bozulýar. Oňa seretmek jaýyzdyr. Aýaly äriniň ýuwmagy galan üç mezhepde jaýyzdyr. Aýalyň ärini ýuwmagy hanafy mezhebinde hem jaýyzdyr. Çünki är wepat bolandan soň nika ydda gutarýança [dört aý on gün] dowam edýär. Aýaly erkek, erkegi aýal ýuwup bilmeýär. Eline mata dolap, teýemmüm etdirýär. Teýemmüm etdirýän erkek ýat aýalyň gollaryna seredip bilmeýär. Ol onuň garyndaşy bolsa, eline mata dolamazlygy hem mümkin. Çünki mahrem garyndaşynyň gollaryna we ýüzüne seretmek we degmek jaýyzdyr. Adamyň diňe kellesi ýa-da bedeniniň ýarysy tapylsa, ol ýuwulmaýar we namazy okalmaýar. Şol durşuna jaýlanýar. Bedeniniň ýarysyndan köpüsi, kellesi bolmasa-da, ýa-da bedeniniň ýarysy kellesi bilen bilelikde tapylsa, ol ýuwulýar we namazy okalýar. Meýit ýuwjak adamyň öňünden gusul etmegi müstehapdyr. Jünübiň we haýyzly aýalyň ýuwmagy mekruhdyr. Meýit ýuwlan suw ulanylan suw (mai mustagmel) bolýar. Ol nejis, hapa bolýar. Şonuň üçin ol ýuwujylaryň üstüne syçramaly däldir, olar öňlük daňmalydyrlar. Meýit ýuwlandan soň arassa bolýar. Ýuwulýan ýere ýuwujydan we onuň kömekçisinden başga hiç kim girmeýär. Ýuwujylar ynamdar adamlar bolmalydyr. Olar meýitde gören bagt alamatlaryny gürrüň berýärler, betbagtlyk alamatlaryny gürrüň bermeýärler. Meýidiň aýbyny açmaýarlar. Hossary girip biler. Resulullahy (sallallahu aleýhi we sellem) Abbasyň ogly Fadl bilen Aly (radyýallahu anhuma) ýuwdular. Usama (radyýallahu anhu) suw guýýardy. Abbas (radyýallahu anhu) girip-çykyp ýördi. Dirä ezýet berýän zat ölä-de ezýet berýär. Şonuň üçin ony örän sowuk we örän yssy suw bilen ýuwmaýarlar. [Ys etmez ýaly, ony sowadyjy kamera-da goýmaýarlar. Ys etmez ýaly, çalt jaýlamaly, uzakdan geljek adamlara garaşyp saklamaly däldir.] Zemzem suwy bilen ýuwmak jaýyz däldir.
“Ölmezden öň öliň. Hasaba çekilmezden öň özüňizi hasaba çekiň!” Hadysy şerif
Meýidi ýuwmak
Ýuwulýan tagtanyň (serir) töwereginde ilki behur ýakylyp, üç gezek aýlanyp, tüsse berilýär. Bäş gezek hem bolýar. Behur – bir ösümlikdir. Oňa agar (ud agajy, Aquilaria) gyryndylary we stiraks agajynyň çaýyry garylyp, bir gapdaky oda salynýar we ýuwulýan tagta çykan tüssä tutulýar. Tagta göbege çenli beýik we biraz ýapgyt bolmalydyr. Sidr agajynyň ýapraklary ýa-da sabyn oty bilen gaýnadylyp, soňra ýyly ýagdaýa çenli sowadylan, ýa-da kafur (kamfora) diýilýän ak, hoşboý zat salnan suw taýýarlanýar. Suw örän yssy bolmaly däl, duzly bolmalydyr. Salkyn we duzly suw çüýremegi gijikdirýär. Meýidi ýuwanda niýet etmek – sünnetdir. Niýetsiz ýuwsa, meýit arassa bolsa-da, parz ýerine ýetirilen bolmaýar. Örtülgi meýidi tüsse berlen tagtanyň üstüne arkan ýa-da aňsat bolşy ýaly ýatyrýarlar. Ony göbek bilen dyzyň arasy örtülgi halda ýuwýarlar. Çünki aýalyň aýallar üçin awrat ýeri erkegiň erkekler üçin awrat ýeri ýalydyr. Meýidi tagtanyň üstünde gybla garşy ýatyrmak – sünnetdir. Meýide, çaga bolsa-da, ilki täret aldyrýarlar. Emma agzyna, burnuna suw bermän, olary mata bilen arassalaýarlar. Agzyna suw gaçsa, çalt çüýremegine sebäp bolýar. Ilki ýüzüni ýuwýarlar. Soňra gollaryny ýuwup, başyna, gulaklaryna we ensesine mesh edýärler we aýaklaryny ýuwýarlar. Başyny we sakgalyny hatmy ýa-da sabyn bilen ýuwýarlar. Soňra çep gapdalyna öwrüp, sag tarapyna suw guýup ýuwýarlar. Suwy tagta degýän ýerlerine çenli akdyrmalydyr. Şeýdip üç gezek suw guýup ýuwýarlar. Soňra edil şonuň ýaly sag gapdalyna ýatyryp, çep tarapyny egninden aýagyna çenli üç gezek suw guýup ýuwýarlar. Soňra oturdyp, garnyna ýeňilje basýarlar. Bir zat çyksa, ony ýuwýarlar [ýagny suw guýup aýyrýarlar]. Soňra çep gapdalyna ýatyryp, sag tarapyny ýene ýuwýarlar [ýagny egninden aýagyna çenli suw guýýarlar]. Şeýlelikde, meýit sünnete laýyk, ýagny üç gezek ýuwlan bolýar. Ýuwlandan soň täreti bozýan zatlar çyksa, meýidi gaýtadan ýuwmaýarlar we täret aldyrmaýarlar. Saçlary dökülse, olary kepeniň içine salýarlar. Diriniň hem dyrnaklaryny, saçlaryny we dişlerini jaýlamak – sünnetdir. Ýuwlandan soň tagtanyň üstünde mata bilen guradýarlar. Saçlarynyň we sakgalynyň arasyna hanut diýilýän hoşboý zatlaryň garyndysyny ýa-da kafur goýýarlar. Zagpyran goýmak mekruhdyr. Sežde eden agzalaryna [maňlaýyna, burnuna, dyzlaryna, el we aýak barmaklaryna] kafur sepilen pagta goýýarlar. Agzyna, burnuna, gulak deşiklerine, gözlerine pagta goýmak jaýyzdyr. Suwda gark bolup ölen adamy hem üç gezek ýuwýarlar ýa-da ýuwmak niýeti bilen suwda üç gezek hereket etdirýärler. Ýagyşda öllenen meýidi hem ýuwýarlar.
“Gabyrdaky meýit deňizde gark bolup barýan adam ýalydyr: kakasyndan, ejesinden, doganlaryndan we dostlaryndan geljek doga hemişe garaşyp ýatýar” Hadysy şerif
Erkegi kepenlemek
Erkegiň kepeniniň üç bölekden bolmagy – sünnetdir. Stambulda kepen üçin erkeklere ýedi metr, aýallara sekiz metr batist almak adatdyr. Ini – 130–140 santimetr. 1. Izar: başdan aýaga çenli. Ini bir metrden artyk. 2. Kamis [uzyn don ýaly köýnek]: onuň uzynlygy eginlerden aýaklara çenli bolan uzynlygyň iki essesidir. Bu bölegi ortasyndan ikä epläp, epilen ýerinden baş sygar ýaly göni kesýärler. Ýeň we etek ýerleri kesilmeýär. 3. Lifafe: ol başdan hem, aýaklardan hem uzyn we has giňdir. Başyň üstünden we aýagyň aşagyndan uçlaryny ýygryp, mata bilen daňýarlar. Imam Rabbany hezretleri kepeniň üç bölekden artyk bolmagy – bidgatdyr diýýär. Kepeni tabyda salmazdan öň, onuň her bölegine aýratyn tüsse bermek gowudyr. Salyhlaryň, welileriň içki eşiklerinden, daşky eşiklerinden kepen etmek ýa-da olary kepeniň içine, ýüzüne, döşüne goýmak peýdalydyr. Tabydyň içine ilki lifafe ýazylýar. Soňra onuň üstüne izar ýazylýar. Kamis hem tabydyň içine goýulýar. Soňra tabydyň töwereginde üç ýa-da bäş gezek behur aýlanýar. Kepeniň üç böleginiň üstüne hem hanut sepilýär. Meýit guradylandan soň, kamisi tabytdan alyp, başyndan geçirip, ýarysyny öňünden, ýarysyny arkasyndan aýaklaryna çenli uzadýarlar. Meýidi Bismilla aýdyp, tabydyň içine izaryň üstüne ýatyrýarlar. Ilki izaryň çep tarapyny, soňra sag tarapyny meýidiň üstüne ýapýarlar. Lifafe hem şeýle ýapylýar. Ýagny sag gyralary çep gyralarynyň üstüne ýapylýar.
Aýaly kepenlemek
Aýalyň kepeniniň bäş bölekden bolmagy – sünnetdir: kamis, izar, lifafe, himar we döş örtügi. Himar – takmynan ýetmiş bäş santimetr uzynlykdaky ýaglykdyr. Onuň uçlary ýüze sallanyp durýar, başa dolanmaýar. Döş örtügi – eginlerden dyzlara çenli. Tabydyň içine ilki lifafe ýazylýar. Soňra onuň üstüne izar ýazylýar. Kamis hem tabydyň içine goýulýar. Izardan öň ýa-da soň döş örtügi ýazylýar. Aýalyň kamisi geýdirilenden soň, saçlaryny ikä bölüp, iki tarapdan döşüniň üstüne, kamisiň üstüne goýýarlar. Saçlarynyň üstüne himar goýup, onuň üstünden izary ýapýarlar. Izardan öň ýa-da soň döş örtügini dolaýarlar. Soňra lifafäni ýapýarlar. Lifafäniň baş we aýak uçlaryny we ortasyny [ýagny aşgazanyň deňinden] mata bilen dolap daňýarlar. Uly oglany erkek ýaly kepenleýärler. Uly gyzy aýal ýaly kepenleýärler. Kiçi oglany bir, kiçi gyzy iki bölek kepene dolaýarlar. Ölüp doglan çaga, düşen düwünçek we ynsan agzasy [meselem, eli] kepenlenmeýär, mata dolanyp jaýlanýar. Tabyt çüýsüz, tagtalary biri-birine geçirilip ýasalan bolmalydyr. Gysga bir dogadan we meýit bilen hak-hukuklar halallaşylandan soň, ony musalla eltip, namazyny okaýarlar.
Gabyr zyýaraty we Kurany Kerim okamak
“Şirgatul-yslam” kitabynyň ahyrynda gabyr zyýaratynyň sünnetdigi aýdylýar. [Hepdede bir gezek, hiç bolmanda baýramlarda zyýarat edilýär. Penşenbe, anna ýa-da şenbe güni zyýarat etmek has sogaplydyr.] Zyýarat eden adam meýidiň çüýrändigini pikir edip ybrat alýar. Osman (radyýallahu anhu) gabryň ýanyndan geçende köp aglardy, sakgaly öllenerdi. Meýit hem edilen dogadan peýdalanýar. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) garyndaşlarynyň we sahabalarynyň (radyýallahu tagala anhum) gabyrlaryny zyýarat ederdi. Salamdan we dogadan soň gybla arka berip, gabra garşy oturylýar. Gabra elini, ýüzüni sürtmek, topragy ogşamak hristianlaryň adatydyr. Diňe ene-atanyň gabyr topragyny ogşamak jaýyzdyr.
Hadysy şeriflerde şeýle diýildi:
“Bir adam tanşynyň gabrynyň ýanyna baryp salam berse, ol ony tanaýar we salamyna jogap berýär”. “Bir adam möminiň gabryny zyýarat edip: ‘Allahumme inni eseluke bi-hakky Muhammedin we ali Muhammedin en la tugazzibe hazel-meýýit’ diýse, meýitden azap aýrylýar”. “Ene-atasynyň ýa-da olaryň biriniň gabryny her anna zyýarat eden adam bagyşlanar”.
Beýik şahslaryň gabyrlaryny zyýarat etmek üçin uzak ýurtlara gitmezlik, başga bir iş bilen barlanda zyýarat etmek gowudyr. Diňe Pygamberimizi (aleýhissalatu wesselam) zyýarat etmäge gitmek sogapdyr. Pygamberleri (aleýhimusselam) we öwlüýäleri (aleýhimur-rahme) zyýarat eden adam olaryň mübärek ruhlaryndan peýdalanýar. Olara bolan söýgüsi, baglylygy näçe uly bolsa, kalby şonça päklenýär. Türbelerde günä edýän bar bolsa, meselem, açyk aýallar hem gelse, zyýaraty terk etmeli däldir; olara päsgel berip bilmese, kalby bilen ýigrenmelidir. Edil şonuň ýaly, aýallar bolan, aýdym, ylahy, nutuk aýdylýan möminiň jynazasyna-da barmak gerekdir. Gabryň başynda ýa-da başga ýerde Kurany Kerim okap, sogabyny ölülere sowgat etmeli we olar üçin doga etmelidir. Çünki Kurany Kerim okalýan ýere rahmet we bereket iner. Ol ýerde edilen doga kabul bolar.
“Ene-atasynyň ýa-da olaryň biriniň gabryny her anna zyýarat eden adam bagyşlanar” Hadysy şerif
“Jilaul-kulub” kitabynda şeýle diýilýär: gabrystana gelen adam aýakda durup: “Esselamu aleýkum, ýa ehle daril-kawmil-muminin! Inna inşallahu an karibin bikum lahikun” diýýär. Soňra Bismilla bilen on bir gezek Yhlas süresini we bir gezek Fatyhany okaýar. Soňra: “Allahumme Rabbel-ejsadil-baliýeh, wel-yzamin-nahyretilleti harejet minned-dunýa we hiýe bike muminetun, edhyl aleýha rewhan min indike we selamen minni” diýen dogany okamalydyr. Gabryň ýanyna ol meýidiň sag tarapyndan [gabryň gybla tarapyndan] we aýak tarapyndan ýakynlaşýar. Salam berýär. Aýakda, çömelip ýa-da oturyp, Bakara süresiniň başyny we ahyryny, mübärek Ýäsin süresini, Mülk (Tebareke), Tekäsur, mübärek Yhlas we Fatyha sürelerini okap, sogabyny meýide sowgat edýär. “Kitabul-fykh alel-mezahibil-erbaga” kitabynda şeýle diýilýär: “Ölüden ybrat almak we ahyreti pikir etmek üçin gabyr zyýarat etmek erkekler üçin sünnetdir. Ýakyn we uzak her gabyr zyýarat edilýär. Esasan hem salyhlary, welileri (rahimehumullahu tagala) zyýarat etmek üçin uzak ýere gitmek sünnetdir. Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) mübärek gabryny zyýarat etmek iň gymmatly ybadatlaryň biridir. Ýaşuly aýallara-da örtülgi halda zyýarat etmek jaýyzdyr. Zyýarat edende gabryň töwereginde towap etmek, daşy, topragy ogşamak, ölüden onuň edip bilmejek bir zadyny soramak jaýyz däldir”. Öwlüýälerden (rahimehumullahu tagala) şepagat etmeklerini, soraýan adam üçin doga etmeklerini we Allahu tagalanyň bermegine sebäp bolmaklaryny soraýarlar.
Ol Serwer – Rebbimiziň şeýle bir guludyr,
Her howply pursatda onuň şepagatyna umyt baglanar.
Ol şeýle bir Resul, ynsanlary
Allaha ybadata çagyrar – oňa eýeriň!
Şeýle eden adam hiç üzülmez berk bir ýüpe
Ýapyşan ýaly, özüni amanlykda, rahatlykda duýar.
Allahym, rugsat ber: onuň maşgalasyna, sahabalaryna,
Olara eýeren takwa adamlara-da
Rahmet bulutlary hemişe ýagyp dursun,
Sabyrly we sahy bendeler rahmetiňe ýetsin.
Ýa Rebbim, saba ýeli öwüsip durdugyça,
Ban agajynyň şahalary ýelde yralandygyça,
Kerwenbaşy süýji-süýji nagmalary bilen
Düýelerini yşka getirdigiçe,
Kainatyň buýsanjyna, onuň maşgalasyna, sahabalaryna
We olara eýerenlere rahmet bulutyny iber.
Kasydaýy Bürde
Makamy Ybraýym Ybraýym aleýhisselamyň mübärek aýak izi galan gaýa; ol ony Käbäniň binasyny guranda iskele we basyp çykylýan daş hökmünde ulanypdyr, şol ýerde durup ynsanlary Allaha çagyrmak wezipesini ýerine ýetiripdir. Ybraýym aleýhisselamyň mugjyzasy bilen bu gaýa lift ýaly oňa gerek beýiklige galyp-düşüp, binany gurmaga kömek edipdir. Bu mübärek daşyň ýerleşýän otagy (maksura) Saud Arabystanynyň patyşasy Faýsalyň döwründe ýykylyp aýrylypdyr, onuň ýerine häzir hem duran alty burçly aýnaly gorag gutusy goýlupdyr we üsti doly açylypdyr.
