Söýgüli Pygamberim

AHYRET DURMUŞY

Ahyret durmuşy ölüm bilen başlanýar

Ölmek – ýok bolmak däldir. Bu – barlygy bozmaýan bir işdir. Ölüm – ruhuň bedene bolan baglylygynyň soňlanmagydyr. Bu – ruhuň bedenden aýrylmagydyr. Ölüm – ynsanyň bir ýagdaýdan başga bir ýagdaýa geçmegidir. Bu – bir öýden başga bir öýe göçmekdir. Omar ibn Abdylaziz (rahmetullahi aleýh) şeýle diýdi: “Siz diňe ebedilik, soňsuzlyk üçin ýaradyldyňyz! Emma siz bir öýden başga bir öýe göçýärsiňiz!” Ölüm – mömin üçin sowgat, nygmatdyr. Günäsi bolanlar üçin – musybatdyr. Garyplar üçin – rahatlyk, baýlar üçin – azapdyr. Akyl – Allahu tagalanyň sowgadydyr. Ynsan ölümi islemeýär. Halbuki ölüm fitneden haýyrlydyr. Ynsan ýaşamagy söýýär. Halbuki ölüm onuň üçin haýyrlydyr. Salyh mömin ölüm bilen dünýäniň ezýetinden we ýadawlygyndan dynýar. Möminiň ruhunyň bedenden aýrylmagy ýesiriň zyndandan halas bolmagy ýalydyr. Mömin ölenden soň bu dünýä gaýdyp gelmek islemeýär. Diňe şehitler ýene bir gezek şehit bolmak üçin dünýä gaýdyp gelmek isleýärler. Dünýäniň ýagşylygy gitdi. Gaýgy-hasraty galdy. Şonuň üçin ölüm her musulman üçin sowgatdyr. Adamyň dinini diňe onuň gabry gorap saklaýar. Möminlere ediljek hormatlaryň birinjisi – ölümdäki şatlykdyr. Mömini diňe Allahu tagalanyň huzuryna gowuşmak rahatlandyrýar. Her mömin üçin ölüm ýaşaýşyndan gowudyr. Kapyrlara-da ölüm peýdalydyr.

Musulman aýallaryň ölümi hakynda

Bir aýal nifasly (çaga dogurandan soň gelýän gan ýagdaýynda) ýa-da göwreli halda, taun (mergi) keselinden ýa-da içi agyryp, ýa-da bulardan hiç biri bolmazdan ölse-de, emma ýat erkeklere açyk-saçyk görünmedik we äri ondan razy bolan bolsa, ol aýal ölýärkä onuň ýanyna jennet perişdeleri gelip, öňünde hatar-hatar durýarlar we oňa hormat-hezzet bilen salam berip: “Eý Allahu tagalanyň söýgüli, şehit bendesi, gel, çyk, dünýä köşgünde näme edýärsiň? Allahu tagala senden razy boldy, bu hassalygyňy sebäp edip, günäňi bagyşlady, saňa jenneti bagyş etdi, gel, amanadyňy tabşyr!” diýýärler. Ol aýal bu derejäni görüp, janyny bermek isleýär. Emma töweregine seredip: “Meniň bilen dostluk edenleri bagyşlasyn, olara rehim etsin, soňra tabşyraýyn” diýýär. Perişdeler onuň haýyşyny Jenaby Haka ýetirýärler. Şondan soň izzet hitaby gelýär: “Izzetimiň haky üçin, bendämiň ähli dogasyny kabul etdim”. Perişdeler hem oňa buşluk berýärler. Soňra ölüm perişdesi ýüz ýigrimi rahmet perişdesi bilen gelýär. Olaryň ýüzleriniň nury Arşa ýetipdir, başlarynda täç, arkalarynda nurdan donlar, aýaklarynda altyn kowuşlar we ýaşyl ganatlary bar.

Ellerinde ysy müşk ýaly jennet miweleri bolýar. Olar gelip, hormat-hezzet bilen salam berýärler we: “Hallaky älem saňa salam iberýär, saňa jenneti bagyş edýär, seni Öz Habyby Muhammet aleýhisselama goňşy edýär we hezreti Aişä söhbetdeş edýär” diýýärler.

Bu imanly aýal bu sözleri eşidýär, gözüniň perdesi açylýar we ol iman eýesi bolan aýallary-da, günäkär bolup azap çekýänleri-de görýär we: “Olaryň günälerini bagyşla, Rebbim!” diýip ýalbarýar. Beýik Allahdan bir hitap gelýär: “Eý bendäm! Ähli arzuwlaryňy hasyl etdim, amanadyňy tabşyr. Habybymyň aýaly we gyzy saňa garaşýarlar”. Bu hitaby eşiden badyna onuň jany titreýär, aýaklary tarpyldaýar, der dökýär we jan bermegiň öňüsyrasynda iki perişde gelýär. Olaryň ellerinde otdan taýaklar bar. Biri onuň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapynda durýar. Şeýtan hem – oňa nälet bolsun – ylgap gelýär we: “Bundan bize peýda ýok bolsa-da, bir göreýin” diýip, eline göwherli käsede buzly suw alyp, şol keşpde gelip, oňa suwy görkezýär. Ol perişdeler bu habysy görenlerinde, ellerindäki taýaklar bilen urup, onuň elindäki käsäni döwüp, özüni kowup goýberýärler. Musulman aýal muny görüp ýylgyrýar. Soňra hur gyzlary oňa göwherli käsede köwser şerbetini berýärler, ol içýär. Jennet şerbetiniň lezzetinden onuň jany bökäp, käsä ýapyşýar we ölüm perişdesi onuň janyny şol käseden alýar. Perişdeler biri-birine gygyryşyp: “Inna lillahi we inna ileýhi rajigun” diýýärler. Jany alyp, oňa asmanlary görkezýärler, jennete eltýärler, ondaky ornuny görkezýärler we derrew ýene meýidiň başujuna getirýärler. Onuň eşiklerini çykaryp, saçlaryny ýazanlarynda, ruhy derrew jesediniň başujuna gelip, şeýle diýýär: “Eý ýuwujy! Ýuwaş-ýuwaşdan tut! Çünki Ezraýylyň penjesinden tenim ölüm ýarasyny aldy, örän köp jebir çekdi we sarsdy”. Meýit ýuwulýan tagtanyň (teneşiriň) üstüne getirilende, ruh ýene gelip, şeýle diýýär: “Suwy örän yssy etme! Tenim örän ejiz. Meni tizräk eliňizden halas ediň, rahatlanaýyn”. Ýuwup, kepene dolanandan soň, ruh biraz garaşýar-da, ýene gygyryp, şeýle diýýär: “Bu – dünýäni soňky gezek görşüm. Garyndaş-urugymy göreýin, olar hem meni görsünler we ybrat alsynlar. Çünki olar hem ýakyn wagtda meniň ýaly öljekdirler, meniň yzymdan perýat etmesinler. Meni unutman, Kurany Kerim okap, hemişe ýatlasynlar. Gabyrda azap görmezligim üçin, meniň mirasym üçin öz aralarynda dawa etmesinler. Annalarda we baýramlarda hem meni ýatlasynlar”.

Soňra meýit musalla daşynyň üstüne goýlanda, ruh ýene gygyrýar: “Rahat galyň, eý oglum we gyzym, ejem we kakam! Munuň ýaly aýralyk güni ýokdur. Hasratly duşuşygymyz kyýamata galdy. Hoş galyň, eý meniň yzymdan gözýaş dökýänler!”

Onuň namazy okalyp, eginlere göterilende, ol ýene gygyryp, şeýle diýýär: “Meni ýuwaş-ýuwaşdan alyp gidiň! Maksadyňyz sogap bolsa, maňa ezýet bermäň! Sizden hoşnutlyk alyp, Allahu tagalanyň huzuryna gideýin!”

Ony gabryň gyrasyna goýanlarynda, ol ýene gygyryp, şeýle diýýär: “Meniň halyma seredip, ybrat alyň! Indi siz meni garaňky ýere goýup gidersiňiz. Men amallarym bilen galaryn. Bu pursatlary görüp, wepasyz, ýalançy dünýäniň mekirine aldanmaň!”

“Dünýä üçin onda galjak wagtyňyz ýaly, ahyret üçin hem onda galjak wagtyňyz ýaly zähmet çekiň!” Hadysy şerif

Ony gabra goýanlarynda, ruh başujuna gelýär. Hiç bir meýidi telkinsiz goýmaly däldir. [Jaýlanandan soň salyh bir adamyň telkin bermegi – sünnetdir. Wahhabylar telkin bermegiň sünnetdigine ynanmaýarlar. Bidgatdyr diýýärler. Ölen adam eşitmeýär, duýmaýar diýýärler. Ähli sünnet alymlary (rahimehumullahu tagala) dürli kitaplar ýazyp, telkin bermegiň sünnetdigini subut etdiler.] Allahu tagalanyň buýrugy bilen meýit gabyrda ukudan oýanan ýaly oýanýar we garaňky ýerdedigini görýär. Ol hyzmatkärine, gyrnagyna ýa-da özüne hemişe kömek eden adama ýüzlenip: “Maňa şem getiriň!” diýýär. Hiç hili ses-seda gelmeýär. Gabyr ýarylýar we iki sorag perişdesi [Münker we Nekir] peýda bolýar. Olaryň agyzlaryndan ýalyn, burunlaryndan gara tüsse çykýar. Şu ýagdaýda onuň ýanyna gelip: “Men Rabbuke we ma dinuke we men nebiýýuke (ýagny: Rebbiň kim, diniň haýsy din we pygamberiň kim)?” diýýärler. Ol dogry jogap berse, ol perişdeler oňa Hak tagalanyň rahmetini buşlap gidýärler. Şol pursat gabryň sag tarapyndan bir penjire açylýar we ondan aý ýüzli bir adam çykyp, onuň ýanyna gelýär. Bu imanly aýal oňa seredip şatlanýar. “Sen kim?” diýip soraýar. Ol: “Men seniň dünýädäki sabryňdan we şükrüňden ýaradyldym. Kyýamata çenli saňa ýoldaş bolaryn” diýip jogap berýär.

Kapyrlaryň ölümi hakynda

Bir kapyr, bir murtat – yslamy halamaýan, Kurany Kerime “çöl kanuny” diýen, ynsanlaryň iň beýigi, iň şereflisi, pygamberleriň serweri Muhammet aleýhisselama (haşa) “düýe çopany” diýer derejede ylymdan we ahlakdan mahrum bolan, adamzada parahatlyk we bagt berýän, ylmyň, ahlagyň, arassalygyň, saglygyň, adalatyň çeşmesi bolan, medeniýete nur saçýan yslamy ruhsuz, bir leş gutusy bolan habys kellesi bilen ylalaşdyryp bilmän, “dinlere zerurlyk ýok” diýer derejede pese düşen, jylawyny nebsiniň eline beren bir akmak ölmeli wagty, onuň gözünden perde aýrylýar. Oňa jennet görkezilýär. Owadan bir perişde oňa: “Eý kapyr! Musulmanlara ‘yza galaklar’, şehwetleriniň yzyndan ylgaýanlara, ahlak prinsiplerini depgileýänlere ‘bilimli, ösen’ diýen pes adam! Sen ýalňyş ýoldadyň. Sen hak din bolan yslam dinini halamazdyň. Muhammet aleýhisselamyň Allahu tagaladan getiren bilimlerine ynanýan we olara hormat goýýan adamlar bu jennete girjekdir” diýýär. Ol jennetdäki nygmatlary görýär. Jennet hurlary hem: “Iman getirenler Allahu tagalanyň azabyndan halas bolýarlar” diýýärler. Biraz soňra şeýtan bir keşiş keşbinde görünýär we: “Eý pylanyň ogly pylan! Ol gelenler ýalan sözlediler. Seniň gören nygmatlaryňyň hemmesi seniňki bolar” diýýär. Soňra oňa dowzah görkezilýär. Onda otdan daglar, gatyr ýaly içýanlar we kyrkaýaklar bar. Ol hadysy şeriflerde bildirilen azaplary görýär. Dowzahdaky Zebany diýilýän azap perişdeleri otdan taýaklar bilen urýarlar. Olaryň agyzlaryndan ýalyn çykýar. Boýlary minara ýaly, dişleri öküz şahy ýalydyr. Olar gök gürrüldisi ýaly ses edýärler. Kapyr olaryň sesinden titräp, ýüzüni şeýtana öwürýär. Şeýtan gorkusyndan çydap bilmän gaçýar. Perişdeler şeýtany tutup, ýere urýarlar. Olar bu kapyryň ýanyna gelip: “Eý yslam duşmany! Dünýäde sen Resulullaha (sallallahu tagala aleýhi we sellem) ynanmadyň. Indi hem perişdelere ynanmadyň, nälet siňen şeýtana ýene aldandyň” diýýärler.

Onuň boýnuna otdan zynjyrlar dakýarlar, aýaklaryny başynyň üstünden aşyrýarlar, sag elini çep böwrüne, çep elini sagyna sokup, arkasyndan çykarýarlar. Bu ýagdaýy aýaty kerime habar berýär.1 Ol gygyrýar, dünýädäki ýaranjaňlaryny çagyrýar. Zebanylar oňa jogap berip: “Eý kapyr, eý musulmanlary masgaralan akmak! Ýalbarmagyň wagty geçdi. Indi iman kabul bolmaýar, doga kabul bolmaýar. Küfrüňiň jezasyny çekmegiň wagty geldi” diýýärler. Onuň dilini ensesinden çekip çykarýarlar. Gözlerini oýup alýarlar. Dürli-dürli örän agyr azaplar berip, onuň habys janyny alýarlar we dowzaha zyňýarlar.

Allahu tagala bize Muhammet aleýhisselamyň dininde we beýik Pygamberiň dinini bize dogry ýetiren Ähli sünnet alymlarynyň kitaplarynda ýazylan itikatda jan bermegi nesip etsin! Amin.

Möminleriň günälileriniň-de, günäsizleriniň-de – hemmesiniň gabyr soragy bardyr. Diňe günäleri bagyşlanmadyklaryna we ähli kapyrlara gabyr azaby hem bardyr. Musulmanlaryň arasynda gep gezdirýänlere we hajathanada üstüne peşew syçradýanlara gabyrda azap bolar. [Gabyr azaby diňe ruha däl, ruha hem, bedene hem bolar. Akylyň ýetmeýän zatlaryny akyl bilen çözmäge synanyşmaly däldir.]

Eger ol adam imansyz ölen bolsa, magşar gününe çenli [soňra-da dowzahda ebedi] agyr azaplar bilen azap çeker.

“Ynsanlar ukudadyr, ölenlerinde oýanarlar” Hadysy şerif

Onuň hakyky gadyryny beýan etmäge ejizdiris,
Bu tarapdan öwmekden dymmagymyz ýagşydyr.
Biliň: Pygamberimiz – gün kimin,
Resullaryň ýyldyzlary nury ondan alar.
Allah ony ahlak bilen bezäp ýaratdy,
Gözel häsiýet, güler ýüz bilen zatyny bezedi.
Ol gül we çiçek ýaly näzik ýaradylypdyr,
On dördüniň aýy ýaly parlak we şereflidir.
Zaman ýaly himmetli, gaýratly ol Nebi,
Onuň sahylygynyň öňünde ummanlar – bir damja.
Mübärek bedenini gujaklan topragyň
Ysy müşk-anbar ýaly hoşdur, ynanyň.
Ne bagt ol topragy ys alyp ogşanlara,
Ol mübärek ysy döşüne çekenlere!
Arap bolsun, bolmasyn – ähli ynsanlaryň
Serweridir, hem-de jahanyň abraýydyr.
Ýamanlygy gadagan edýär, ýagşylygy buýurýar,
Buýrugy-gadagany – ylahy bir buýrukdyr.
Kasydaýy Bürde