GURBAN SOÝMAK
Gurban – Gurban baýramynyň ilkinji üç gününde gurban niýeti bilen goýun, geçi, sygyr ýa-da düýäniň birini soýmakdyr. 1. Musulman, azat, akylly we baluga ýeten, 2. mukym, ýagny şerigat boýunça musapyr däl, 3. zerurlyklaryndan artyk nisap mukdarynda, ýagny 96 gram altyny ýa-da şol bahadaky puly bolan baý adama gurban soýmak wajypdyr. Zerur zatlar – bir öý we onuň goş-golamy, üç kat eşikdir. Gurban goýundan we geçiden, düýeden we sygyrdan soýulýar. Bir düýe ýa-da bir sygyr ýedi gurbanyň ornuny tutýar, ýagny bir sygry ýedi adamyň gurban etmegi jaýyzdyr. Başga biri: “Men hem goşulaýyn” diýse, sekiziniň hem gurbany fasyt bolýar.
Gurban nisaby pitir nisaby bilen birmeňzeşdir. Ibn Abidiniň (rahimehullahu tagala) aýdyşy ýaly, olaryň haýsy hem bolsa biriniň paýy ýediden birden az bolsa, hiç biriniň gurbany jaýyz bolmaýar. Şonuň üçin ýediden az adamyň şärik bolmagy jaýyzdyr. Satyn alanda şärik bolmak sahyhdyr. Satyn alnandan soň şärik bolmak hem sahyh bolsa-da, satyn almazdan öň şärik bolmak has gowudyr. Adam biriniň sygryna ýediden birden ýediden alta çenli şärik bolup biler. Etini şol paýa görä bölüşýärler. Şäriklerden biri ölse we onuň mirasdüşerleri: “Onuň üçin hem, özüňiz üçin hem soýuň” diýseler, sahyh bolýar.
Akyka
Akyka – çaga nygmatynyň öwezine Allahu tagala şükür etmek niýeti bilen haýwan soýmakdyr.
Hanafy mezhebinde çaga nafaka bermegi wajyp bolan adamyň ýedinji gün çaga at goýmagy, başyny syryp, saçynyň agramy mukdarynda oglan üçin altyn ýa-da kümüş, gyz üçin kümüş sadaka bermegi we öz malyndan oglan üçin iki, gyz üçin bir akyka haýwanyny soýmagy müstehapdyr. Akyka haýwany gurbanlyk haýwan ýaly bolmalydyr. Ony soňra-da soýmak bolýar. [Ony islendik wagt soýmak bolýar. Gurban baýramynda-da soýmak bolýar. “Şirga” kitabynda Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) pygamberlikden soň özi üçin akyka soýandygy ýazylgydyr. Ölüp doglan çaga at goýulmaýar we onuň üçin akyka soýulmaýar.] Onuň etinden soýan adam özi iýip biler we bişirilen ýa-da çig halda baý-garyp her kime berip biler.
Akyka şafygy we maliki mezheplerinde – sünneti müekkededir. Şafygy we hanbaly mezheplerinde süňkleri taşlanmaýar, döwülmeýär. Olary bogunlaryndan aýryp toplaýarlar. Arassa ak mata dolap jaýlaýarlar. Hanafy we maliki mezheplerinde süňklerini döwmek bolýar. Akyka çagalary bela-beterlerden, hassalyklardan goraýar.
“Bahyllaryň iň ýamany – [soýmagy wajyp bolsa-da] gurban soýmaýandyr” Hadysy şerif
SAŇA SYGYNÝARYN, ÝA RESULALLAH
Köňül gana döndi şowkuňdan, gana boýaldym, ýa Resulallah,
Bu ota nähili çydadym – bilmen, ýa Resulallah,
Ezel bezminde bir dynmaz pygandym, ýa Resulallah,
Jemalyň bilen şatlandyr meni, çünki ýandym, ýa Resulallah.
Ýanan kalba dermansyň sen, tapylmaz bir şypasyň sen,
Beýik bir sahawatsyň sen, isleseň, ýüz görkezersiň sen,
Beýik Allahyň Habybysyň sen, Muhammet Mustafasyň sen,
Jemalyň bilen şatlandyr meni, çünki ýandym, ýa Resulallah.
Gül açylmaz, şaglawuk akmaz, ylahy nuruň bolmasa,
Älem söner, dem galmaz, asmanda nazaryň bolmasa,
Aýralyk aglar, wysal aglar, ezel senden şat bolmasa,
Jemalyň bilen şatlandyr meni, çünki ýandym, ýa Resulallah.
Janlar ereýär seniň jan bagyşlaýan gül ysyňyň höwesinden,
Seret, gün titreýär, ýanýar didaryňa bolan hyjuwyndan,
Perişan bir dileg iňňildeýär ömrüň ahyryndan,
Jemalyň bilen şatlandyr meni, çünki ýandym, ýa Resulallah.
Ýanýan çöllerde suwsap jan bersem-de, elem duýman,
Ýanardaglar ýanýar bagrymda, ummanlarda çyg duýman,
Asmandan ýalyn ýagsa, men ony sorsam-da, duýman,
Jemalyň bilen şatlandyr meni, çünki ýandym, ýa Resulallah.
Ne döwlet – yşkyň bilen göz ýumup, ýoluňda jan bermek,
Nesip bolmazmy, soltanym, seniň Haremiňde jan bermek,
Gözlerim sönende aňsat bolar saňa ah urup jan bermek,
Jemalyň bilen şatlandyr meni, çünki ýandym, ýa Resulallah.
Boýun egdim, perişandyryn, bu derdiň emi sende,
Dodagym gowruldy yşkyňdan, zikriň aýagyň töwereginde aýlanýar,
Köňlüm haçan islese, bu Kytmyra iltifat eýle,1
Jemalyň bilen şatlandyr meni, çünki ýandym, ýa Resulallah.
Yaman Dede
