Söýgüli Pygamberim

HAJ

Yslamyň bäşinji şerti – haja gitmekdir. Ýagny güýji ýetýän adamyň ömründe bir gezek haj etmegidir. Ýol howpsuz we beden sagdyn bolanda, Mekgeýi mükerreme şäherine gidip gelýänçä yzynda galdyrýan maşgalasyny, çagalaryny eklemäge ýeterlik maldan artyp galan pul bilen ol ýere gidip-gelip biljek adama ömründe bir gezek ihramly halda Käbeýi muazzamany towap etmek we Arafat meýdanynda durmak parzdyr.

Hajyň parz bolmagynyň şertleri

Hajyň parz bolmagynyň şertleri sekizdir: 1. Musulman bolmak. 2. Baluga ýetmek. 3. Akylly bolmak. 4. Sagdyn bolmak. 5. Gul bolmazlyk. 6. Bar bolan malynyň esasy zerurlyklaryndan artyk bolmagy. 7. Haj wagtynyň gelen bolmagy. Haj wagty – arefe güni we baýramyň dört günüdir. Ýol wagty hem hasaba alynýar. 8. Mekgeden sapar aralygy uzaklykda bolan aýalyň ýanynda äriniň ýa-da onuň bilen nikalaşmagy hemişelik jaýyz bolmadyk mahreminiň bolmagy.

Bu sekiz şerte eýe bolan adama ömründe bir gezek haja gitmek parzdyr. Bir gezekden artyk gitse, soňky ýyllarda gidenleri nafile haj bolýar. Nafile ybadat – parz-da, sünnet-de bolmadyk, adamyň öz islegi bilen edýän ybadatydyr. Nafile ybadatyň sogaby parz ybadatyň sogabynyň ýanynda deňziň ýanyndaky bir damja suw ýaly azdyr. Yslam alymlary Mekgeden uzak ýurtlarda ýaşaýanlara gaýtadan haja gitmäge rugsat bermändirler. Abdylla Dehlewi (kuddise sirruh) altmyş üçünji mektubynda şeýle diýýär: “Haj ýolunda köplenç ybadatlary doly ýerine ýetirip bolmaýar. Şonuň üçin imam Rabbany (rahmetullahi aleýh) 123-nji we 124-nji mektuplarynda umra we nafile haja gitmekden razy däldigini bildirdi”. Bir parzyň ýerine ýetirilmegine ýa-da aýallaryň örtünmegine päsgel berýän nafile haj haram bolýar. Şeýle nafile haja gitmek sogap däl, günädir. Umra gitmek hem şeýledir.

Hajyň parzlary

Hajyň parzy üçdür:

1. Ihrama girende haja niýet etmek.

2. Arafatda durmak (wakfa). 3. Zyýarat towabyny etmek.

Haj üçin ihrama niýet etmek – parzdyr. Ihram matasyna dolanmak – sünnetdir. Tikilen eşik geýmezlik – wajypdyr.

Arafatda durmagyň ilkinji wagty – Zülhijje aýynyň dokuzynjy gününiň zawal wagtyndan ertesi gün daň atýança. [Arafatda bir gün öň ýa-da bir gün soň durulsa, haj batyl bolýar. Wahhabylar täze aýy görmeseler-de, baýramy bir gün öň edýärler. Arafatda öz wagtynda durmaýanlaryň hajlary sahyh bolmaýar.]

SENSIŇ, ÝA RESULALLAH
Ähli resullaryň serdary
Sensiň, ýa Resulallah.
Ynam asmanlarynyň dolan aýy
Sensiň, ýa Resulallah.
Nuruň – lowlap ýanýan çyrag,
Älemler saňa mätäçdir,
Täç we Miraj eýesi
Sensiň, ýa Resulallah.
Rahmanyň aýnasy,
Subhanyň päk nury,
Ýedi manynyň syry
Sensiň, ýa Resulallah.
Isra gijesiniň şaýady:
“Subhanellezi esra”,
Ähli atlary özünde jemlän
Sensiň, ýa Resulallah.
Eý lutf we sahawat çeşmesi,
Ýeriň – Makamy Mahmut,
Ýaradylanlaryň maksady
Sensiň, ýa Resulallah.
Janlaryň içinde jananym,
Ylym we yrfan käni,
Atam, pirim we soltanym
Sensiň, ýa Resulallah.
Tewhit ýoluny açan,
Teklik syryny tapan,
Hüdaýynyň umydy
Sensiň, ýa Resulallah.
Aziz Mahmûd Hüdâyî

“Iň gymmatly amal – hajjy mebrurdyr. Hajjy mebrur edeniň günäleri bagyşlanar. Ol dünýä täze gelen ýaly bolar” Hadysy şerif