Söýgüli Pygamberim

ORAZA

Yslamyň bäş şertiniň dördünjisi – mübärek Ramazan aýynda her gün oraza tutmakdyr. Ramazan “ýanmak” diýmekdir, çünki bu aýda oraza tutýanlaryň we toba edýänleriň günäleri ýanyp, ýok bolýar. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Ramazan aýy gelende, jennetiň gapylary açylýar, dowzahyň gapylary ýapylýar we şeýtanlar zynjyrlanýar”.

“Sahyhy Buhary” kitabyndaky hadysy şerifde: “Kim Ramazan aýynda oraza tutmagy parz bilse, öz borjy bilse we orazanyň sogabyny Allahu tagaladan garaşsa, onuň geçen günäleri bagyşlanar” diýildi. Diýmek, orazanyň Allahyň buýrugydygyna ynanmak we onuň üçin sogap garaşmak gerekdir. Günüň uzynlygyndan we oraza tutmagyň kynlygyndan zeýrenmezlik şertdir. Günüň uzyn bolmagyny, oraza tutmaýanlaryň arasynda kynlyk bilen oraza tutmagy pursat we olja bilmelidir.

Adama orazanyň parz bolmagynyň şertleri ýedidir:

1. Musulman bolmak. 2. Baluga ýetmek. Çaganyň orazasy sahyh bolýar. 3. Akylly bolmak. 4. Darul-harpda bolan adamyň orazanyň parzdygyny eşitmegi. 5. Mukym, ýagny şerigat boýunça musapyr däl bolmak. 6. Haýyz (aýbaşy) ýagdaýynda bolmazlyk. 7. Nifas (çaga dogurandan soň gelýän gan) ýagdaýynda bolmazlyk.

Orazanyň parzlary

Orazanyň parzy üçdür: 1. Niýet etmek. 2. Niýeti onuň ilkinji we soňky wagtlarynyň arasynda etmek. 3. Fejri sadykdan, ýagny daň ýaglananyndan, gün batýança [ýagny şerigy gündiziň dowamynda] orazany bozýan zatlardan saklanmak.

Dört mezhebiň alymlary agzybirlik bilen bildirýärler: oraza fejri sadyk diýilýän aklygyň görünýän (zahyry) gözýetim çyzygynyň bir nokadynda ýagtylyp başlamagy bilen başlanýar. “Multeka” kitabynda şeýle diýilýär: “Oraza – daň ýaglananyndan gün batýança iýmekden, içmekden we är-aýal ýakynlygyndan (jimadan) saklanmakdyr. Öňki gün gün batandan başlap, oraza gününiň Dahweýi kubra1 wagtyna çenli aralykda Ramazan orazasyna kalp bilen niýet etmek hem parzdyr. Dahwe wagtyna çenli iýmedik we içmedik bolsa, niýet edýär we orazany tutýar. Dahwe wagtyndan soň niýet jaýyz däldir. Daň atmazdan öň niýet edilende: ‘Niýet etdim ertir oraza tutmaga’ diýilýär. Daň atandan soň niýet edilende: ‘Niýet etdim şu gün oraza tutmaga’ diýilýär. Belli bir güne nezir edilen orazanyň we nafile orazanyň niýet wagty hem şeýledir. Her gün aýratyn niýet etmek gerekdir”.

Orazany bozýan zatlar

Ramazan aýynda adam orazalydygyny bilip durup we daň atmazdan öň niýet eden halda, peýdaly bir zat iýse, içse, ýagny adatça iýmit ýa-da derman hökmünde kabul edilýän ýa-da lezzet, keýp berýän bir zady agzyndan aşgazanyna salsa, ýa-da jima etse ýa-da oňa jima edilse, oraza bozulýar we kaza hem, kefaret hem gerek bolýar.2 Bu kesgitlemä görä, çilim çekmek orazany bozýar. Kaza hem, kefaret hem gerekdir. Çünki tüssedäki gaty we suwuk bölejikler tüýkülik bilen aşgazana gidýär. Orazany bozmaýandygy gowy belli bolan bir zatdan soň, meselem, gan aldyrandan (hijamadan) ýa-da gybat edenden soň, adam oraza bozuldy öýdüp, bile-bile iýse, oraza bozulýar we kaza hem, kefaret hem gerek bolýar. Ramazanda daň atmazdan öň niýet etmedik adam dahwe wagtyndan öň orazany bozýan bir zat etse, iki imama görä, kaza hem, kefaret hem gerekdir. Çünki ol niýet edip oraza tutmak mümkinçiligi bar wagty bu mümkinçiligi elden gaçyrypdyr. Imamy agzama görä bolsa diňe kaza gerekdir. Dahwe wagtyndan soň iýse, içse, üç imama görä-de kefaret gerek däldir. Kefaret jezasy – mübärek Ramazan aýynyň hormat, namys perdesini ýyrtmagyň öwezidir. Imamy agzama görä, bu – dört mezhepde-de sahyh bolan Ramazan orazasyny bile-bile bozmagyň jezasydyr. Şafygy mezhebinde daň atmazdan öň niýet etmek şertdir. Daň atmazdan öň niýet etmedik ýa-da orazany zor bilen, bahana bilen bozan hanafylar hem, imamy agzama görä, kefaret etmeýärler. Kaza, nezir we nafile orazalary bozanda kefaret edilmeýär. Ramazanyň bir gününde diňe kaza gerek bolýan bir zat edip orazasyny bozan adam başga bir gününde-de şol zady bilkastlaýyn ýene etse, kefaret hem gerek bolýar.

“Ramazan aýy gelende, jennetiň gapylary açylýar, dowzahyň gapylary ýapylýar we şeýtanlar zynjyrlanýar” Hadysy şerif

Oraza ýalňyşlyk bilen bozulsa, meselem, täret alanda bokurdagyna suw gaçsa, ýa-da adamy orazasyny bozmaga mejbur etseler, klizma etdirse, burnuna suwuk derman, odekolon ýa-da tüsse [başgalaryň çekýän çiliminiň tüssesini] salsa, ýa-da agar (ud agajy, Aquilaria) we anbar bilen tütedilen tüssäni içine çekse, gulagyna derman damdyrsa, derisindäki ýara goýan dermany içine geçse [we şpris bilen derman sanjsa], kagyz, daş, metal bölegi, pagta, ot, bişmedik tüwi, tary ýa-da merjimek dänesi ýaly derman-da, iýmit-de bolmadyk bir zady ýutsa, özi zor salyp agzy dolusy gussa, dişinden gan akýan adam diňe gany ýa-da tüýkülik bilen deň mukdarda garyşan gany ýutsa, daňyň atandygyny bilmän iýse, ýa-da gün batdy öýdüp agzyny açsa, orazalydygyny unudyp iýip başlap, soňra orazam bozuldy öýdüp, bile-bile iýmegini dowam etse, ýatyrka agzyna suw guýsalar ýa-da onuň bilen jima etseler, niýet etmän oraza tutsa, ýa-da Ramazanda irden niýet etmän, soňra niýet etse-de, dahwe wagtyndan soň oraza tutmasa, – bularyň hemmesinde oraza bozulýar we baýramdan soň her gün üçin diňe bir gün kaza etmek gerekdir. Kefaret gerek däldir. Bokurdaga ýagyş ýa-da gar gaçsa, oraza hem, namaz hem bozulýar. Kaza gerekdir. Adam gujaklap, sarmaşyp, ogşap jünüp bolsa, oraza bozulýar we kaza gerekdir. Jünüp bolmasa, oraza bozulmaýar. Gijeden dişleriniň arasynda galan zady bile-bile ýutsa we ol nohut dänesi ýaly bolsa, oraza bozulýar we kaza gerekdir. Nohutdan kiçi bolsa, bozulmaýar.

Orazalydygyny unudyp iýen adam orazasynyň munuň bilen bozulmandygyny bilip durup, ýene iýse ýa-da içse, kaza hem, kefaret hem gerekdir.

“Multeka” kitabynda we ähli kitaplarda şeýle diýilýär: “Başdaky ýa-da göwredäki ýara goýlan derman beýnä ýa-da iýmit siňdiriş ýollaryna siňse, oraza bozulýar. Diňe kaza gerekdir”. “Multeka” şerhinde şeýle ýazylgydyr: “Iýmit ýaradan içine siňende orazany bozýar diýip, imamy agzam aýdýar. Iki imam bolsa bozmaýar diýdiler, çünki ol bedeniň ýaradylyşdaky deşiklerinden girse bozýar diýdiler”. Tahtawy “Merakyl-feläh” şerhinde muny gowy düşündirýär. Ol şeýle diýýär: “Başdaky we göwredäki ýara goýlan dermanyň, suwuk bolsun, gaty bolsun, beýnä we iýmit siňdiriş ýoluna gidendigi bilinse, oraza bozulýar. Içine gidendigi gowy bilinmese, derman suwuk bolsa, imamy agzam bozulýar diýdi. Iki imam bolsa içine gidendigi gowy bilinmese, bozulmaýar diýdiler. Içine siňendigi gowy bilinmeýän derman gaty bolsa, üç imam hem bozulmaýar diýdiler”. Mundan şu düşnükli bolýar: siňendigi gowy belli bolan derman, gaty bolsun, suwuk bolsun, üç imama görä-de orazany bozýar. Mundan şeýle hem goldan, aýakdan, her ýerden deriniň aşagyna ýa-da myşsa şpris bilen edilýän sanjymlaryň, derman ukollarynyň orazany bozýandygy düşnükli bolýar.

Orazany bozmaýan zatlar

Mübärek Ramazanda ýa-da kaza, kefaret, nezir we nafile orazalarda adam orazalydygyny unudyp iýse, içse, jima etse, orazaly wagty ukuda jünüp bolsa ýa-da oýa wagty seredip jünüp bolsa, ýod ýa-da ýag çalsa, gözüne sürme çekse [olaryň reňki, ysy tüýkülikde, peşewde bilinse-de], şehwet bilen ogşasa, gybat etse, gan aldyrsa (hijama), islemän agzy dolusy gussa ýa-da özi zor salyp azajyk gussa, gulagyna suw gaçsa, agzyndan ýa-da burnundan bokurdagyna tozan, tüsse, siňek gaçsa [ýa-da kislorod ballony bilen emeli howa berilse, ýa-da başgalaryň çekýän çiliminiň tüssesiniň agzyna, burnuna girmeginden saklanmak mümkin bolmasa], agzyny çaýkandan soň agzynda galan çyglylygy tüýkülik bilen ýutsa, gözüne ýa-da diş çukuryna derman goýsa, hatda onuň tagamyny bokurdagynda duýsa-da, – bularyň hiç biri orazany bozmaýar.

[“Bahrur-raik” kitabynyň awtory (rahmetullahi tagala aleýh) şeýle diýýär: “Agyz käte bedeniň içki bölegi hasaplanýar. Şonuň üçin orazaly adam tüýküligini ýutsa, orazasy bozulmaýar. Bu ynsanyň içindäki nejasatyň aşgazandan içege geçmegi ýalydyr. Agyzdaky ýaradan, diş çekdirenden soň, iňňe sanjylan ýerden ýa-da aşgazandan agza gan çykmagy täreti hem, orazany hem bozmaýar. Bu gany tüýkürende ýa-da ýutanda, tüýkülik gandan köp bolsa, ýagny sary bolsa, ýene-de bozulmaýar. Aşgazandan gelýän başga zatlar agza gelende hem şeýledir: täret hem, oraza hem bozulmaýar. Agyz doly bolup, agyzdan daşaryk çyksa, ikisi hem bozulýar. Agzyň içi käte bedeniň daşy ýaly hem bolýar. Agza suw alnanda oraza bozulmaýar”. “Jewhere” kitabynda hem şeýle ýazylgydyr. Görşümiz ýaly, diş çekdirende köp gan gelýän bolsa, ony tüýkürende oraza bozulmaýar. Orazaly däl bolsa, ony ýutanda täreti bozulmaýar. Gan tüýkülikden az bolsa, ikisi hem asla bozulmaýar.

“Fetawaýy Hindiýýe” kitabynda şeýle diýilýär: “Klizma etdirmek, gulagyna ýag damdyrmak orazany bozsa-da, kefaret gerek däldir. Erkek jynsy agzasyna suw, ýag guýsa, ol peşew haltasyna ýetse-de, oraza bozulmaýar. Aýalyň jynsy agzasyna guýsa, bozulýar. Öl ýa-da ýagly barmagyny arka ýoluna, aýalyň jynsy agzasyna salsa, bozulýar. Barmak gury bolsa, bozulmaýar. Istinja edende arka ýoluna suw gaçsa, bozulýar”.] Naharyň tagamyny ýutman datmak, goşundysyz, ýagny tebigy ýagdaýdaky sakgyçy çeýnemek, jünüp bolmak şübhesi bar wagty ogşamak, serginlemek üçin ýuwunmak – bular orazany bozmasa-da, tenzihen mekruhdyr. Sürme we murt ýagy ulanmak we gül, müşk, odekolon ysgamak orazany bozmaýar we mekruh hem däldir. Sürme we murt ýagy bezenmek üçin bolsa mekruh bolşy ýaly, elde, ýakada gül göterip ýörmek hem mekruhdyr. Tozanly, tüsseli zady ysgamak we şeker ýaly goşundyly sakgyçlary çeýnemek orazany bozýar. Miswak we gan aldyrmak (hijama) mekruh däldir.

Mübärek Ramazanda adam imsak wagtyndan öň niýet eden orazasyny bilkastlaýyn bozsa, kefaret hem, kaza hem gerekdir.

Nafile we kaza orazalarynda kefaret ýokdur.

Kefaret üçin Ramazan günlerinden we oraza tutmak haram bolan bäş günden başga günlerde, arasyny kesmän, altmyş gün oraza tutýar. Mundan soň bozan orazalarynyň sany ýaly aýratyn kaza orazasyny hem tutýar. [Oraza baýramynyň birinji güni we Gurban baýramynyň dört güni oraza tutmak haramdyr.] Oňa güýji ýetmese, altmyş garyby bir gün ýa-da bir garyby altmyş gün iki gezek doýurýar. Ýa-da olaryň her birine pitir mukdarynda mal berýär. Bir günlük kaza orazasy üçin bir gün oraza tutulýar. Biri: “Ramazan bolsa, niýet etdim, bolmasa, niýetsizdirin” diýse, şeýle niýet bilen oraza tutmak asla jaýyz däldir. Ramazana asmanda täze aýy (hilaly) görüp däl-de, öňünden taýýarlanan senenamalara görä başlaýanlar baýramdan soň kaza niýeti bilen iki gün oraza tutmalydyrlar. Mübärek Ramazanyň başlanýan gününiň hasaplanyşy “Se’âdet-i Ebediyye” kitabynda giňişleýin ýazylgydyr.

Ibn Abidin (rahimehullahu tagala) şeýle diýýär: “Bulutly howada azan okalsa-da, gün batandygyna ynanmaýança agyz açmaly (iftar etmeli) däldir. Ýyldyzlaryň köpüsi görünmänkä agyz açylsa, ‘tagjil’ diýilýän müstehap ýerine ýetirilen bolýar. Bir ýerde günüň batanyny görüp agyz açylanda, beýikde, meselem, minarada bolan adam günüň onuň üçin hem batandygyna ynanmaýança agyz açmaýar. Ertir namazy we sahur hem şeýledir”.

“Oraza – mömini dowzahdan goraýan galkandyr” Hadysy şerif

Eý pygamberleriň serweri,
Eý öwlüýäleriň ýolbaşçysy,
Älemleriň pygamberi,
Ehlen we sehlen merhaba.
Sen janlaryň jananysyň,
Köňülleriň permanysyň,
Iki jahanyň soltanysyň,
Ehlen we sehlen merhaba.
Sen Hudaýyň mahbubysyň,
Şepagatdan jyda etme,
Ahmet, Muhammet, Mustafa,
Ehlen we sehlen merhaba.
Ýunus sözlär dogry sözi,
Dergähiňe sürer ýüzi,
Magşar güni garaşar bizi,
Ehlen we sehlen merhaba.