ZEKAT BERMEK
Yslamyň üçünji şerti – zekat bermekdir.
Altynyň, kümşüň we söwda harytlarynyň zekatyny bermek üçin olaryň nisap mukdarynda bolmagy gerekdir. Nisap – baýlyk bilen garyplygyň arasyndaky serhetdir. Altyn üçin nisap – 96 gram. Kümüş üçin – 672 gram. Gündelik zerur zatlardan başga, her hili maly nisap mukdarynda bolan adama baý diýilýär. Beýle maly bolmadyk adama garyp diýilýär. Altyn pullaryň we altyn zatlaryň, aýallaryň şaý-sepleriniň we dişlerdäki altyn örtükleriň umumy agramy, her hili söwda harytlarynyň altyn bilen hasaplanan bahasy bilen bilelikde 96 gram, kümüş zatlaryňky bolsa 672 gram bolsa we olar mundan soň bir hijri ýyl, ýagny 354 günlük arap ýyly dowamynda eýeçilikde galsa, onda olaryň (söwda harytlarynyň bolsa bahasynyň) kyrkdan bir bölegi aýrylyp, Kurany Kerimde bildirilen sekiz topar adamyň birine ýa-da birnäçesine berilýär. Muňa zekat diýilýär. Meselem, 100 gram altyny bolan adam bir arap ýyly geçenden soň, zekat niýeti bilen iki ýarym (2,5) gram altyn aýryp, özüniň islän musulman garybyna bermelidir. Zekaty gurban nisabyna eýe bolmadyk garyplara, bergili musulmana, öz ýurdunda baý bolsa-da, bolýan ýerinde garyp galan adama, jihat we haj ýolunda mätäç galan adama bermek gerekdir.
Ýaşaýyş üçin gereginden artyk, emma gurban nisabyndan az maly bolan adama garyp diýilýär. Aýlyk haky näçe bolsa-da, öýüni zordan dolandyrýan her bir gullukçy zekat alyp bilýär, oňa gurban soýmak, pitir sadakasyny bermek wajyp bolmaýar. Din ylymlaryny öwredýän we öwrenýän adam, kyrk ýyllyk ryzky bar bolsa-da, zekat alyp bilýär. Zekat puly bilen metjit gurulmaýar, jihat edilmeýär, haj edilmeýär. Baý adam zekaty öz ejesine, kakasyna, çagalaryna, aýalyna berip bilmeýär. Doganlaryna, gelnine, giýewisine, gaýyn enelerine we gaýyn atalaryna, bibilerine we daýzalaryna, kakasynyň doganlaryna we daýylaryna berip bilýär. Olara bermek has sogaplydyr. Garyba nisapdan az berilýär. Emma onuň maşgalasy, çagalary bar bolsa, olaryň her birine düşýän paý nisaba ýetmez ýaly köp bermek bolýar. Malyny israp edýäne, ony haramda ulanýana zekat berilmeýär. Seýitler häzir urşuň oljasyndan (ganimetden) öz paýlaryny alyp bilmeýändikleri üçin, olara-da berilýär.
Mal-mülke bolma magrur, diýme: “Barmy men ýaly?”
Bir ters ýel öwser-de, sowrar harman ýaly!
Zekat berilýän malyň dört görnüşi bar:
1. Altyn we kümüş.
2. Söwda üçin satyn alnan her hili haryt.
3. Meýdanda we çemenlikde otlap ýören dört aýakly haýwanlar. 4. Toprak önümleri, ýagny öşür.
“Ol gün Meniň rahmetim diňe Menden gorkup, küfürden we günälerden saklanýanlara, zekatyny berýänlere, Kurany Kerime we Meniň Pygamberime (aleýhisselam) iman getirýänlere mahsusdyr” Agraf: 156
Abu Hanyfa (rahimehullahu tagala) şeýle diýýär: “Ýagyş ýa-da derýa suwy bilen suwarylyp, ýerden çykan ekiniň, miweleriň we gök önümleriň, şeýle hem balyň, mukdary näçe bolsa-da, hasyly alnan badyna, ondan bir bölegini garyplara bermek parzdyr. Muňa öşür diýilýär. Öşrüni bermän hasyly iýmek haramdyr”.
Söwda harytlarynyň nisaby baha boýunça 96 gram altyn pula deň bolsa, söwda harytlarynyň satyn alnan bahasynyň kyrkdan bir bölegi altyn bilen berilýär. Ýa-da söwda harytlarynyň özünden berilýär. Algysy bolan, elinde bergi kagyzlary (senetleri) bar adam olaryň zekatyny bermelidir. Ol elindäki maldan berilýär. Maly garybyň eline tabşyrmak gerekdir.
Kagyz pullaryň nisaby diňe altyn pul bilen hasaplanýar we kyrkdan bir bölegi altyn bilen berilýär. Zekatyň parz bolmagynyň şertleri altydyr: 1. Musulman bolmak. 2. Baluga ýetmek. 3. Akylly bolmak. 4. Azat bolmak. 5. Zekat nisaby mukdarynda halal zekat malyna eýe bolmak. 6. Elindäki malyň zerurlyklaryndan we bergisinden artyk bolmagy. Zekat parz bolandan soň, ony musulman garyba bermedik ýa-da başga bergisi bolan adamyň haýyr-sahawat işleri we sadakalary sogap bolmaýar, günä bolýar. Zekatyny bermek we bergisini tölemek – onuň parzydyr.
Ramazan geldi ýetişdi,
Metjitler nura beslendi.
Top atyldy, çyra ýandy,
Hemmämiz muňa ynandyk.
Ilkinji on güni – rahmet bol,
Soňra günäler bagyşlanar.
Baýram gijesi möminler
Dowzahdan azat edilýär.
Doganym, oraza tut sen hem,
Namazlaryňy hem oka!
Her pursat günäden saklan,
Dowzahda azap uludyr!
Duşman saňa hüjüm edýär,
“Oraza ejizleder” diýýär.
Ylmy-bilimi ol depgileýär,
Haýyn, hemişe ýalan sözleýär!
Oýan! Ömrüň köpi geçdi,
Oraza tut, düşün açy-togy!
Yslam kitaplaryny oka,
Ynsanlykdan al bir ys!
