Söýgüli Pygamberim

NAMAZYŇ OKALYŞY

Ýeke okaýan erkegiň namazy

Meselem, ertir namazynyň sünneti şeýle okalýar:

1. Ilki bilen gybla tarap öwrülýär. Aýaklar biri-birinden dört barmak çemesi açyk, parallel tutulýar. Elleriň başam barmaklary gulak ýumşaklaryna degirilýär, aýalar gybla tarap açylýar. “Niýet etdim, Allahyň razylygy üçin şu günüň ertir namazynyň sünnetini okamaga, ýüzlendim gybla” diýip, kalbyndan geçirilenden soň, “Allahu ekber” diýip, göbegiň aşagynda sag el çep eliň üstüne baglanýar. Sag eliň başam barmagy bilen çinnek barmagy çep bilegi halka ýaly berk gysyp tutýar.

2. Gözleri sežde ediljek ýerden aýyrman:

  1. “Subhaneke” okalýar.

  1. “Eguzu” we Bismilladan soň Fatyha okalýar.

ç) Fatyhadan soň Bismilla okalman, bir goşmaça süre (zammy süre), meselem, Fil süresi okalýar. Bismilla aýdylsa, müstehabyň sogabyna hem ýetilýär.

3. Goşmaça süreden soň “Allahu ekber” diýip, rukuga egilinýär. Eller bilen dyzlar berk tutulýar, bil göni saklanýar we gözleri aýaklardan aýyrman, üç gezek “Subhane Rebbiýel-azym” diýilýär. 5, 7, 9 ýa-da 11 gezek aýdylsa, müstehabyň sogabyna hem ýetilýär. 4. “Semigallahu limen hamideh” diýip dikelinende, balak çekilmeýär we gözler sežde ýerinden aýrylmaýar. Doly dik durlanda, “Rebbena lekel-hamd” diýilýär. (Bu dik durmaga kawme diýilýär.) 5. Aýakda köp eglenmän, “Allahu ekber” diýip, seždä gidilýär. Seždä gidilende şu tertipde:

  1. Ýere sag dyz, soňra çep dyz, sag el, soňra çep el, burun we maňlaý goýulýar. b) Aýak barmaklary gybla tarap epilýär.

ç) Baş iki eliň arasyna alynýar. d) Eliň barmaklary jebisleşdirilýär. e) Aýalar ýere ýapyşdyrylýar. Tirsekler ýere degirilmeýär. ä) Bu ýagdaýda iň azyndan üç gezek “Subhane Rebbiýel-agla” diýilýär. 5, 7, 9 ýa-da 11 gezek aýdylsa, müstehabyň sogabyna hem ýetilýär. Soňra:

6. “Allahu ekber” diýip, oturylýar. Bu ýerde çep aýak ýere ýazylýar, sag aýagyň barmaklary gybla tarap epilýär we butlaryň üstünde “Subhanalla” diýer ýaly wagt oturylýar. Aýalar dyzlaryň üstüne goýulýar, barmaklar gybla tarap öz tebigy ýagdaýynda goýberilýär.

“Allahu tagala bäş wagt namaz okamagy buýurdy. Kim gowy täret alyp, olary öz wagtynda okasa we rukuglaryny, huşuglaryny doly ýerine ýetirse, Allahu tagala ony bagyşlajakdygyna söz berdi. Bulary etmedik adama söz bermedi. Islese, ony bagyşlar, islese, azap eder” Hadysy şerif

7. Butlaryň üstünde köp eglenmän, “Allahu ekber” diýip, ýene seždä gidilýär. (Iki seždäniň arasynda oturmaga jelse diýilýär.) 8. Seždede ýene iň azyndan üç gezek “Subhane Rebbiýel-agla” diýlenden soň, “Allahu ekber” diýip, ikinji rekagata turulýar. Seždeden turlanda ýerden ilki maňlaý, soňra burun, soňra çep we sag el, soňra çep we sag dyz galdyrylýar. 9. Aýakda durlanda Bismilladan soň Fatyha, ondan soň goşmaça süre okalýar we “Allahu ekber” diýip, rukuga egilinýär.

10. Ikinji rekagat birinji rekagat üçin düşündirilişi ýaly tamamlanýar. Diňe ikinji seždeden soň “Allahu ekber” diýlende, aýaga galman, butlaryň üstüne oturylýar we: a) “Ettehyýýatu”, “Allahumme salli”, “Allahumme barik” we “Rebbena atina” dogalary okalandan soň, ilki saga: “Esselamu aleýkum we rahmetullah”, soňra çepe: “Esselamu aleýkum we rahmetullah” diýip, salam berilýär.

  1. Salam berlenden soň: “Allahumme entes-selam we minkes-selam, tebarekte ýa zel-jelali wel-ikram” diýilýär.

Hiç zat gürlemän, ertir namazynyň parzyna turulýar we edil şonuň ýaly parza niýet edip, ertir namazynyň 2 rekagat parzy okalýar. Çünki sünnet bilen parzyň arasynda gürlemek namazy bozmasa-da, sogabyny azaldýar.

Namazyň ahyrynda salam berip, “Allahumme entes-selam…” diýlenden soň, üç gezek: “Estagfirullahel-azym el-kerim ellezi la ilahe illa huwel-haýýel-kaýýume we etubu ileýh” diýip okalýar. Soňra Aýatul-Kürsi okalýar we otuz üç gezek tesbih, ýagny “Subhanalla”, otuz üç gezek tahmit, ýagny “Elhamdulilla”, otuz üç gezek tekbir, ýagny “Allahu ekber” aýdylýar we bir gezek tehlil: “La ilahe illallahu wahdehu la şerike leh, lehul-mulku we lehul-hamdu we huwe ala kulli şeýin kadir” diýip okalýar. Bulary sessiz okamalydyr. Gaty ses bilen okamak bidgatdyr. Soňra Allaha doga edilýär. Doga edilende gollar döş deňine çenli galdyrylýar. Olar tirseklerden epilmeýär. Aýalar açylyp, asmana tarap öwrülýär. Çünki namazyň gyblasy Käbe bolşy ýaly, dogalaryň gyblasy hem asmandyr. Dogadan soň “Subhane Rebbike…” aýaty kerimesi okalýar we eller ýüze sürülýär.

Beýleki namazlaryň okalyşy

Namaz 3 rekagatly (agşam namazy we witr namazy) bolsa, onuň iki rekagaty ertir namazynyň 2 rekagaty ýaly okalýar. Üçünji rekagatda agşam namazynda diňe Fatyha okalýar, goşmaça süre okalmaýar. Witr namazynda Fatyhadan soň goşmaça süre hem okalýar, soňra tekbir aýdyp, eller gulaklara galdyrylýar we “Kunut” dogalary okalýar. Üçünji rekagatyň rukugyndan we seždelerinden soň oturylýar.

Namaz 4 rekagatly bolsa, onuň iki rekagaty ertir namazynyň 2 rekagaty ýaly okalýar. Parz we wajyp namazlaryň, şeýle hem öýle namazynyň ilkinji sünnetiniň birinji oturyşlarynda diňe “Ettehyýýatu” okalýar. Parzlaryň üçünji we dördünji rekagatlarynda diňe Fatyha okalýar, goşmaça süre okalmaýar. Gaýry müekked sünnetleriň üçünji rekagatlarynda “Subhaneke” dogasyndan soň “Eguzu” we Bismilla bilen Fatyha okalýar. Olaryň birinji oturyşynda “Allahumme salli” we “Allahumme barik” okalýar, üçünji we dördünji rekagatlarda bolsa Fatyhadan soň goşmaça süre hem okalýar. Dördünji rekagatyň rukugyndan we seždelerinden soň oturylýar. Üç rekagatly namazlaryň hem, dört rekagatly namazlaryň hem soňky oturyşynda “Ettehyýýatu”, “Allahumme salli”, “Allahumme barik” we “Rebbena atina” dogalary okalandan soň, ilki saga: “Esselamu aleýkum we rahmetullah”, soňra çepe: “Esselamu aleýkum we rahmetullah” diýip, salam berilýär. Salam berlenden soň: “Allahumme entes-selam we minkes-selam, tebarekte ýa zel-jelali wel-ikram” diýilýär.

Dört rekagat edip okalýan beýleki nafile namazlar gaýry müekked sünnetler ýaly okalýar.

Ýeke okaýan aýalyň namazy

Meselem, ertir namazynyň sünnetini ol şeýle okaýar: bedeniniň şekli belli bolmaz ýaly, depesinden dyrnagyna çenli örtünýär. Diňe elleri we ýüzi açyk galýar. Namazda okaýan süreleri we dogalary ýokarda düşündirilen ýeke okaýan erkegiň namazyndaky ýalydyr. Tapawutly ýerleri bolsa şulardyr: a) Ol ellerini erkekler ýaly gulaklaryna çenli galdyrmaýar. Ellerini egin deňine getirip, niýet edýär, ellerini ýeňiniň agzyndan daşaryk çykarmaýar. (Bu wagt barmaklary ne açyk, ne-de jebis bolýar, tebigy ýagdaýynda durýar.) Soňra tekbir aýdýar, ellerini – sag eliniň aýasy çep eliniň üstünde – döşüniň üstüne goýýar we namaza başlaýar.

  1. Rukuga egilende aýaklaryny jebisleşdirmeýär. Ellerini dyzlarynyň üstüne goýýar, dyzlaryny gysyp tutmaýar, barmaklaryny açmaýar, biri-birine ýapyşdyryp tutýar. Rukugda doly göni durmaýar: arkasyny, başyny, aýaklaryny we gollaryny dik tutmaýar.

ç) Seždede gollaryny garnyna ýakyn edip, tirseklerine çenli ýere ýazýar. Garnyny butlaryna degirip durýar. d) Teşehhütde aýaklaryny sag tarapdan daşaryk çykaryp, ýere oturýar (tewerruk). Ellerini butlarynyň üstüne goýýar. Barmaklary biri-birine ýapyşyk bolýar.

  1. Doga edende ellerini öňe uzatmaýar, ýüzüne garşy ýapgyt tutýar. Aýallar üçin namazda gowy örtünmegiň iň aňsat görnüşi – ellerini hem örtýän giň ýaglyk we aýaklaryny hem örtýän giň, uzyn etekdir.

Namazdan soň doga nusgasy

“Elhamdulillahi Rebbil-alemin. Essalatu wesselamu ala Resulina Muhammedin we Alihi we Sahbihi ejmagin. Ýa Rebbim! Okan namazymy kabul eýle! Ömrümiň ahyryny we akybetimi haýyrly eýle. Soňky demimde tewhit kelimesini aýtmagy nesip eýle. Aradan çykan ýakynlarymy bagyşla, olary rahmetiňe al. Allahummagfir werham we ente haýrur-rahimin. Teweffeni muslimen we elhykni bis-salihin. Allahummagfir li we li-walideýýe we li-ustaziýýe we lil-muminine wel-muminati ýewme ýekumul-hysab. Ýa Rebbim! Meni şeýtanyň şerinden, duşmanyň şerinden we ýamanlyga iterýän nebsimiň (nebsi emmare) şerinden gora! Öýümize ýagşylyklar, halal we haýyrly rysklar ber! Musulmanlara amanlyk ber! Musulmanlaryň duşmanlaryny kahr et we pytrat! Kapyrlara garşy jihat edýän musulmanlara ylahy kömegiň bilen kömek et! Allahumme inneke afuwwun kerimun tuhibbul-afwe fagfu anni. Ýa Rebbim! Hassalarymyza şypa, derdi barlarymyza derman ber! Allahumme inni eselukes-syhhate wel-afiýete wel-emanete we husnel-hulky wer-ryzae bil-kaderi bi-rahmetike ýa erhamer-rahimin. Ejeme, kakama, çagalaryma, garyndaşlaryma, dostlaryma we ähli din doganlaryma haýyrly ömür, gözel ahlak, sagdyn akyl, saglyk we amanlyk, dogry ýol (hidaýat) we berklik ber, ýa Rebbim! Amin. Welhamdu lillahi Rebbil-alemin. Allahumme salli ala…, Allahumme barik ala…, Allahumme Rebbena atina… Welhamdu lillahi Rebbil-alemin. Estagfirullah, estagfirullah, estagfirullah, estagfirullahel-azym el-kerim ellezi la ilahe illa huwel-haýýel-kaýýume we etubu ileýh”.

“Allahu tagala boýnunda kaza galan namaz borjy bolan adamyň we haram eşik (jilbap) geýen adamyň namazyny kabul etmez” Hadysy şerif

Namazyň wajyplary

Namazyň wajyplary şulardyr: 1. Fatyha süresini okamak.

2. Fatyhadan soň bir süre ýa-da iň azyndan üç gysga aýat okamak. 3. Fatyhany süreden öň okamak.

4. Fatyhany we ondan soň goşmaça süre okamak. (Fatyhany parzlaryň birinji we ikinji rekagatlarynda, sünnetleriň bolsa her rekagatynda okamak wajypdyr.)

5. Seždeleri yzly-yzyna etmek. 6. Üç we dört rekagatly namazlaryň ikinji rekagatynda teşehhüdi okar ýaly wagt oturmak wajypdyr. Soňky oturyş parzdyr. 7. Ikinji rekagatda teşehhütden artyk oturmazlyk. 8. Seždede burny maňlaý bilen bilelikde ýere goýmak. 9. Soňky rekagatda oturanda “Ettehyýýatu” dogasyny okamak. 10. Namazda tadili erkany (hereketleriň asudalygyny we takyklygyny) berjaý etmek. 11. Namazyň ahyrynda “Esselamu aleýkum we rahmetullah” diýmek. 12. Witr namazynyň üçünji rekagatynyň ahyrynda “Kunut” dogasyny okamak. 13. Baýramçylyk namazlarynda tekbir aýtmak. 14. Imamyň ertir, anna, baýramçylyk, terawyh, witr namazlarynda we agşam bilen ýassynyň ilkinji iki rekagatynda gaty sesli okamagy. 15. Imamyň we ýeke okaýanyň öýle we ikindi parzlarynda, agşamyň üçünji rekagatynda, ýassynyň üçünji we dördünji rekagatlarynda pes sesli okamagy wajypdyr. Imamyň gaty sesli okamagy wajyp bolan ýerlerde ýeke okaýanyň gaty sesli-de, pes sesli-de okamagy jaýyzdyr. Gurban baýramynyň arefe gününiň ertir namazyndan başlap, baýramyň dördünji gününiň ikindi namazyna çenli ýigrimi üç parz namazyň her birinden soň teşrik tekbirini aýtmak wajypdyr.

Sehiw sežde (ýalňyşmak we unutmak sebäpli edilýän sežde)

Namaz okaýan adam namazda parz bolan bir zady bilip ýa-da unudyp terk etse, onuň namazy bozulýar. Eger bir wajyby unudyp terk etse, namazy bozulmaýar, emma oňa sehiw sežde etmek gerek bolýar. Sehiw seždäni bile-bile etmedik ýa-da namazyň wajyplarynyň birini bilip terk eden adama ol namazy täzeden okamak wajyp bolýar. Okamasa, günäkär bolýar. Sünnet terk edilende sehiw sežde gerek däldir. Sehiw sežde bir parz gijikdirilende ýa-da gaýtalananda, şeýle hem bir wajyp terk edilende, üýtgedilende, gaýtalananda ýa-da gijikdirilende edilýär. Namazda birnäçe gezek sehiw sežde gerek bolsa, bir gezek etmek ýeterlikdir. Imam ýalňyşsa, oňa uýýanlara hem sehiw sežde etmek gerek bolýar. Imama uýýan adam ýalňyşsa, ol imamdan aýratyn sehiw sežde etmeýär.

Sehiw sežde etmek üçin “Ettehyýýatu” okalyp, bir tarapa salam berlenden soň, iki sežde edilip oturylýar we “Ettehyýýatu”, “Salli” bilen “Barik” we “Rebbena” dogalary okalyp, namaz tamamlanýar. Sehiw seždäni “Salli” bilen “Barik” okalandan we bir ýa-da iki tarapa salam berlenden soň, ýa-da asla salam bermezden hem etmek bolýar.

Sehiw seždäni talap edýän ýagdaýlar

Oturmaly ýerde turmak. Turmaly ýerde oturmak. Gaty sesli okamaly ýerde pes sesli okamak. Pes sesli okamaly ýerde gaty sesli okamak. Doga okalmaly ýerde Kurany Kerimden okamak. Kurany Kerimden okalmaly ýerde doga okamak. Meselem, Fatyha süresiniň ýerine “Ettehyýýatu” dogasyny okamak ýa-da “Ettehyýýatu” okalmaly ýerde Fatyha okamak. Bu ýagdaýda Fatyha terk edilen bolýar. Namazy tamamlaman salam bermek.

Parz namazlaryň birinji we ikinji rekagatlarynda goşmaça süre okaman, ony üçünji we dördünji rekagatlarda Fatyhadan soň okamak. Ilkinji iki rekagatda Fatyhadan soň goşmaça süre okamazlyk. Baýramçylyk namazynyň wajyp tekbirlerini terk etmek. Witr namazynda “Kunut” dogasyny terk etmek.

Namazyň sünnetleri

1. Namazda elleri gulaklara galdyrmak.

2. Aýalary gybla öwürmek.

“Namaz okaýan din binasyny gurandyr. Namaz okamaýan dinini ýykandyr. Namaz – möminiň mirajydyr” Hadysy şerif

3. Tekbirden soň elleri baglamak.

4. Sag eli çep eliň üstüne goýmak.

5. Erkegiň ellerini göbeginden aşak, aýalyň döşüne goýmagy. 6. Iftitah tekbirinden soň “Subhaneke” okamak. 7. Imamyň we ýeke okaýanyň “Eguzu” okamagy. 8. Bismilla okamak. 9. Rukugda üç gezek “Subhane Rebbiýel-azym” diýmek. 10. Seždede üç gezek “Subhane Rebbiýel-agla” diýmek. 11. Soňky oturyşda salawat dogalaryny okamak.

12. Salam berende iki tarapa seretmek.

13. Imamyň anna we baýramçylyk namazlaryndan başga her namazda birinji rekagatda ikinji rekagatda okajagyndan iki esse uzyn okamagy.

14. Rukugdan galanda imamyň we ýeke okaýanyň “Semigallahu limen hamideh” diýmegi.

15. Rukugdan galandan soň “Rebbena lekel-hamd” diýmek.

16. Seždede aýak barmaklaryny epip, uçlaryny gybla öwürmek. 17. Rukuga we seždelere inende we seždelerden turanda “Allahu ekber” diýmek. 18. Elleri we dyzlary ýere goýmak. 19. Topuklary kyýamda biri-birinden dört barmak ini çemesi daşda, rukugda, kawmede we seždede jebis tutmak. 20. Fatyhadan soň “Amin” diýmek, rukugdan öň tekbir aýtmak, rukugda elleri, barmaklary açyk edip, dyzlaryň üstüne goýmak, sežde üçin tekbir aýtmak, çep aýagy ýere ýatyryp, sag aýagy dikip oturmak, iki seždäniň arasynda oturmak. Agşam namazynda gysga süreler okalýar.

Ertir namazynda birinji rekagat ikinjisine görä has uzyn edilýär. Imama uýýan adam Fatyhany we goşmaça süräni okamaýar. Ol “Subhaneke” okaýar. Tekbirleri aýdýar. “Ettehyýýatu” we mübärek salawatlary okaýar.

Namazyň müstehaplary

1. Namaz okanda sežde ýerine seretmek. 2. Rukuga baranda aýaklara seretmek.

3. Seždede burun goýlan ýere seretmek. 4. Teşehhüde oturanda dyzlaryň üstüne seretmek.

5. Fatyhadan soň okalýan aýatlaryň ertir we öýle namazlarynda uzyn, agşam namazynda gysga bolmagy. 6. Imama uýýanyň tekbiri pes ses bilen aýtmagy.

7. Rukugda barmaklary açyp, elleri dyzlaryň üstüne goýmak.

8. Rukugda başy boýun bilen bilelikde göni tutmak.

9. Seždä gidilende ýere ilki sag, soňra çep dyzy goýmak. 10. Seždäni iki eliň arasynda etmek.

11. Seždede maňlaýy burundan soň goýmak. 12. Namaz wagtynda äňňerse, agzyny eliň arkasy bilen ýapmak.

13. Erkekleriň seždede tirseklerini galdyryp tutmagy. Aýallar gollaryny ýere ýazýarlar. 14. Erkekleriň seždede gollaryny we aýaklaryny garnyndan aýry tutmagy. 15. Rukugda we seždede üç gezekden tesbih aýdar ýaly wagt durmak.

16. Seždeden başy galdyrandan soň elleri ýerden galdyrmak.

17. Elleri galdyrandan soň dyzlary galdyrmak.

18. Teşehhütde elleri butlaryň üstüne goýup, barmaklary gybla tarap göni, uçlary dyzyň ujuna ýeter ýaly tutmak, olary epmezlik we hiç birini gymyldatmazlyk.

19. Saga, çepe salam berende başy öwürmek. 20. Salam berende egin başlaryna seretmek.

Namazyň mekruhlary

1. Eşigi geýmän, eginlere atyp namaz okamak. 2. Seždä inende etekleri, balaklaryň ujuny galdyrmak.

3. Köýnegiň eteklerini, ýeňlerini çermäp namaza durmak. 4. Abes, ýagny peýdasyz hereketler etmek. 5. Iş eşigi bilen we ulularyň ýanyna çykyp bolmajak eşik bilen namaz okamak.

6. Agzynda kyraata päsgel bermeýän bir zat saklamak. Päsgel berse, namaz bozulýar. 7. Başy açyk namaz okamak.

8. Kiçi ýa-da uly hajatyny saklap duranda ýa-da ýel gysanda namaza durmak. 9. Namazda sežde ýerinden daşy, topragy eli bilen süpürmek.

“Ybadatlaryny yhlas bilen edýänlere buşluk bolsun! Olar – hidaýat (dogry ýol) ýyldyzlarydyr. Olar fitneleriň garaňkylyklaryny ýok edýärler” Hadysy şerif

10. Namaza duranda we namazyň içinde barmaklary şyrkyldatmak.

11. Namazda elini böwrüne goýmak.

12. Başy we ýüzi töwerege öwürmek, gözler bilen töwerege seretmek. Döşi öwürse, namaz bozulýar.

13. Teşehhütde it ýaly oturmak.

14. Erkekleriň seždede gollaryny ýere ýazmagy. 15. Adamyň ýüzüne garşy we gaty sesli gürleşýänleriň arkasyna garşy namaz okamak.

16. Biriniň salamyna el ýa-da baş bilen jogap bermek. 17. Namazda we namazdan daşary äňňermek. 18. Namazda gözleri ýummak. 19. Imamyň mihrabyň içinde durmagy. Gybla diwaryndaky oýuk bölege mihrap diýilýär. Imamyň aýaklary mihrapdan daşarda bolanda, mihrabyň içine sežde etmegi mekruh bolmaýar. Adam aýagynyň basýan ýerinde hasaplanýar. Çünki keşişler aýratyn bir otagda durup, ybadat etdirýärler. Metjitlerde birinji jemagatyň imamy mihrapda namaz okatmasa, mekruh bolýar.

20. Imamyň ýeke özüniň jemagatdan ýarym metr beýikde durmagy – tenzihen mekruhdyr. 21. Imamyň ýeke özüniň pesde durmagy hem tenzihen mekruhdyr. 22. Öňdäki safda boş ýer bar wagty arkadaky safda durmak we safda ýer ýok wagty safyň arkasynda ýeke durmak. 23. Üstünde jandaryň suraty bolan eşik bilen namaz okamak.

24. Jandaryň suraty namaz okaýanyň başynyň ýokarsynda, öňünde, sag ýa-da çep tarapynda diwara çekilen ýa-da mata, kagyza çekilip asylan ýa-da goýlan bolsa, mekruhdyr. Haç suraty hem jandaryň suraty ýalydyr.

25. Ýalynly oda garşy namaz okamak. 26. Namazda aýatlary, tesbihleri eli bilen sanamak. 27. Başdan aýaga çenli bir ýapynja dolanyp namaz okamak.

28. Açyk başyna selle daňyp, depesi açyk halda namaz okamak.

29. Agzyny we burnuny örtüp namaz okamak. 30. Bahanasyz bokurdagyndan balgam (gakylyk) çykarmak. 31. Eli bir-iki gezek gymyldatmak. 32. Namazyň sünnetleriniň birini terk etmek.

33. Zerurlyk bolmazdan, çaga gujagynda wagty namaza başlamak.

34. Kalby meşgul edýän, huşugy gaçyrýan zatlaryň ýanynda, meselem, bezegli zatlaryň öňünde, oýnuň, saz gurallarynyň ýanynda we iýesi gelýän naharyň öňünde namaz okamak. 35. Parz okanda bahanasyz diwara ýa-da sütüne söýenmek. 36. Rukuga egilende we ondan galanda elleri gulaklara galdyrmak.

37. Kyraaty rukuga egilende tamamlamak.

38. Seždelere we rukuga başy imamdan öň goýmak we galdyrmak.

39. Nejis bolmagy ähtimal bolan ýerlerde namaz okamak. 40. Gabra garşy namaz okamak.

41. Teşehhütlerde sünnete laýyk oturmazlyk.

42. Ikinji rekagatda birinjiden üç aýat uzyn okamak.

43. Ikinji rekagatda birinjide okan aýatyny ýa-da ondan öňki bir aýaty gaýtadan okamak. Unudyp okasa, mekruh bolmaýar.

44. Bir süräni bökdäp okamak.

Namazdan daşary mekruh bolan zatlar

1. Hajathanada we her ýerde hajat bitirende we istinja edende gybla ýüzi ýa-da arkasy bilen öwrülmek. 2. Güne we Aýa garşy hajat bitirmek.

3. Kiçi çagalary gybla garşy tutup, hajatyny bitirtmek – olary tutan uly adama mekruhdyr. Şonuň üçin ululara haram bolan zady çagalara etdirmek etdirene haram bolýar.

4. Bahanasyz gybla tarap aýaklaryny ýa-da bir aýagyny uzatmak. 5. Mushafa (Kurany Kerime) we din kitaplaryna tarap aýak uzatmak. Olar beýikde bolsalar, mekruh bolmaýar.

Namazy bozýan zatlar

1. Bahanasyz üsgürmek ýa-da bokurdagyny arassalamak.

2. Namaz okaýan adamyň, başga biri asgyranda, “Ýerhamukallah” diýmegi. 3. Namazy ýeke okaýan adam başga bir jemagatyň imamynyň okanda ýalňyşandygyny eşidip, oňa duýduryş berse, onuň namazy bozulýar. Eger imam hem bu adamyň duýduryşyna eýerip şeýle okasa, imamyň hem namazy bozulýar. 4. Namazyň içinde birine jogap bermek maksady bilen “La ilahe illallah” diýse, namazy bozulýar. Eger maksady namazdadygyny bildirmek bolsa, namazy bozulmaýar. 5. Awrat ýerini açmak.

“Güýjüň ýetse, ýere sežde et! Ýere egilip bilmeseň, ýüzüňe bir zat galdyryp, onuň üstüne sežde etme! Ima (yşarat) bilen oka we seždede rukugdan has köp egil!” Hadysy şerif

6. Agyry ýa-da başga bir dert sebäpli aglamak. (Jennet ýa-da dowzah ýatlanyp, adam olar hakynda pikir edip, şonuň üçin aglasa, namaz bozulmaýar.) 7. El ýa-da dil bilen salam almak.

8. Kaza galan namazlaryň sany bäşden geçmedik bolsa we namazyň içinde olar ýadyna düşse.

9. Namaz okaýan adam, ony gören kişi “bu namaz okamaýar” diýip pikir eder ýaly hereket etse, onuň namazy bozulýar. 10. Namazyň içinde bir zat iýmek we içmek. 11. Namazyň içinde gürlemek.

12. Öz imamyndan başga biriniň ýalňyşyny düzetmek. 13. Namazyň içinde gülmek.

14. Namazyň içinde iňňildemek we “wah” diýmek.

DÜŞÜNDIRIŞ: oturgyçda namaz jaýyz däl

Oturyp we ima (yşarat) bilen namaz okamak

Bir agzasyndaky dert sebäpli aýakda durup bilmeýän ýa-da aýakda durmakdan zyýan görýän, başy aýlanýan adam parzlary hem oturyp okaýar. Rukug üçin egilýär, sežde üçin başyny ýere goýýar. Diwara, sütüne, adama söýenip, biraz aýakda durup bilýän adama aýakda tekbir aýtmak we näçe başarsa, şonça aýakda durup okamak parzdyr. Parz okanda bahanasyz diwara, sütüne söýenmek mekruhdyr. Bahana bolsa, mekruh bolmaýar. Söýenip aýakda durmak ýa-da oturmak mümkin bolanda, ýatyp ima bilen okamak jaýyz däldir. Laýyk oturyp bilmeýän adam islän görnüşinde oturýar. Ol ýassyga ýa-da başga bir zada söýenip biler.

Göwreli aýal ýa-da hassa adam sagyna we çepine kiçijik stol ýaly bir zat goýup, olara söýenip aýaga galyp bilse, şeýle okamalydyr.

Bir zada söýenip-de, başga biri tutup duranda-da ýerde oturyp bilmeýän hassa arkan ýatyp okaýar. Aýaklaryny gybla tarap uzadýar. Ýüzi gybla garşy bolar ýaly, başynyň aşagyna ýassyk goýýar. Ýa-da gybla garşy sag ýa-da çep gapdalyna ýatýar. Rukug we seždeler üçin başy bilen ima edýär (yşarat edýär). Akyly ýerinde bolan hassa başy bilen hem ima edip bilmese we bu ýagdaý bir günden artyk dowam edip, ol namazyny asla okap bilmese, bu ýagdaý gutarýança namaz ondan düşýär, ýagny oňa parz bolmaýar we ol olaryň hiç birini kaza etmeýär. Asmandan gelen bir sebäp bilen, ýagny öz erkinden daşary, meselem, hassalyk sebäpli ýa-da huşuny ýitirip, ýa-da rekagat ýa-da sežde sanlaryny unudar derejede özünden gidip, bäşden artyk namazyny okap bilmedik adam hem şeýledir. Serhoş ediji içgiler içip ýa-da derman kabul edip şeýle huşuny ýitiren, özünden giden adam okap bilmedik namazlarynyň hemmesini kaza etmelidir.

Oturgyç ýaly beýik bir zadyň üstünde oturyp, aýaklaryny sallap namaz okamak jaýyz däldir. Ol namaz kabul bolmaýar. Çünki oturgyçda oturmak üçin zerurlyk ýokdur. Oturgyçda oturyp bilýän adam ýerde-de oturyp bilýär. Ýerde oturyp bilýän adam ýere oturyp okamalydyr.

Namazdan soň ýerden aýaga galyp bilmeýän, oturgyçdan bolsa aňsat galýan hassany ýerden başga biri galdyrýar. Galyp bilmese, gybla garşy goýlan krowatda oturyp, aýaklaryny sallaman, gybla tarap uzadyp okaýar. Namazdan soň aýaklaryny krowatyň bir gapdalyna sallap, oturgyçdan galýan ýaly galýar. Ýa-da oturgyçda oturýar, emma öňüne başga bir oturgyç ýa-da kiçijik stol goýup, aýaklaryny onuň üstüne goýýar. Namaz gutarandan soň, aýaklaryny oturgyçdan ýa-da stoldan düşürip galyp bilýär.

Oturyp we ima bilen namaz okalanda üns berilmeli zatlar

Sežde edip bilýän bolsa, namaza aýakda başlaýar. Aýakda durup bilşiçe okaýar we rukug edýär. Asla aýakda durup bilmeýän adam oturyp başlaýar. Dyza çöküp oturýar we seždeleri edip, namazyny okaýar. Şeýle namaz okamaga oturyp namaz okamak diýilýär.

Oturyp okanda kyýamda ellerini göbeginiň aşagyna baglaýar. (Aýallar döşleriniň üstüne goýýarlar.) Kamaty, aýakda başlan bolsa, aýakda durka, oturyp ýa-da ima bilen okaýan bolsa, oturan ýagdaýynda aýdýar. Sežde edip bilmese, ima bilen okaýar. Ýagny özüne nähili aňsat bolsa – dyza çöküp ýa-da çarbadak gurup oturýar. Beýle oturyp bilmese, aýaklaryny gybla tarap uzadýar.

Iftitah tekbirini oturyp aýdýar. Rukug üçin göwresini biraz egýär, sežde üçin has-da köp egýär. Göwresini egip bilmeýän adam başyny hem şeýle egýär we şeýlelikde namazyny ima bilen okan bolýar. Kyýam ýagdaýynda aýaklaryna, oturanda gujagyna seredýär. Ima bilen okanda erkekler kyýamda ellerini göbekleriniň aşagyna baglaýarlar. (Aýallar ellerini döşleriniň üstüne goýýarlar.) Rukug üçin biraz egilende ellerini dyzlarynyň üstüne goýýarlar. Sežde üçin has-da köp egilýärler. Ellerini dyzlarynyň üstüne ýa-da azajyk öňräge goýýarlar. “Ettehyýýatu” okanda ellerini adaty namazdaky ýaly butlarynyň üstüne goýýarlar. Salam berende egin başlaryna seredýärler. Şeýle namaz okamaga ima bilen namaz okamak diýilýär.

Göz bilen ima bolmaýar. Adam 24 sagat, ýagny bir gije-gündiz dowamynda başyny egip bilmese, namaz ondan düşýär we ony kaza etmek hem gerek däldir.

Aýakda jemagat bilen namaz okalanda aýaklaryň duran ýeri hasaba alynýar. Adamyň topugy imamyň topugyndan öňde bolsa, onuň namazy sahyh bolmaýar. Emma ima bilen okalanda beýle däl: şonda topuklar däl-de, başyň duran ýeri hasaba alynýar. Ima edýäniň başy imamyň başyndan yzda ýa-da onuň bilen bir deňde bolsa, aýaklary imamyň aýaklaryndan öňde bolsa-da, namazy sahyh bolýar. [Ibn Abidin] Aýakda okaýan adam oturyp okaýana uýup bilýär, emma ima bilen okaýana uýup bilmeýär.

Yşkyň bilen aşyklar ýansyn, ýa Resulallah,
Içip yşkyň şerabyn gansyn, ýa Resulallah.
Seni söýen her kişi başyn goýdy ýoluňa,
Iki jahan güneşi sensiň, ýa Resulallah.
Seni söýenlere sen şepagat kyl olara,
Mömin bolan tenlere jansyň, ýa Resulallah.
Aşygam ol jemala, bilbilim ol gülzara,
Seni söýmeýän oda ýansyn, ýa Resulallah.
Seni söýdi Subhan, bolduň hemmä soltan,
Janym ýoluňa gurban bolsun, ýa Resulallah.
Derwüş Ýunusyň jany, älem şepagat käni,
Iki jahan soltany sensiň, ýa Resulallah!