HOŞ HABARLAR
Söýgüli Pygamberimiz Muhammet aleýhisselamyň geljekdigi Adam aleýhisselamdan başlap her pygambere we olaryň ymmatlaryna bildirildi; onuň dogulmagy ýakynlaşanda, boljak wakalaryň köpüsi öňünden hoş habar edilip yglan edildi.
Hakyky Töwratda1 – Musa2 aleýhisselama inderilen we soňra üýtgedilen kitapda şeýle ýazylgydyr:
“Ol şeýle bir mübärek şahsdyr: himmeti beýik, kömegi bol. Ol – garyplaryň söýgülisi, baýlaryň lukmany. Ol – gözelleriň gözeli, päkleriň päki. Gürleşende ýumşak, paýlaşanda adalatly, her işde dogruçyl. Kapyrlara garşy gaty we berk. Ýaşululara hormat, kiçilere mähir we merhemet edýär. Az zada-da şükür edýär. Ýesirlere rehim edýär. Hemişe güler ýüzli. Gülşi – ýylgyryş, ol gaty sesli gülmeýär. Ol – ummy: hiç zat okaman we ýazman, oňa her zat bildirildi. Ol – Allahu tagalanyň resuly. Ol erbet häsiýetli hem, gaty ýürekli hem däl. Bazarlarda we meýdanlarda sesini gataldyp gygyrmaýar. Onuň ymmaty – gözel ahlak eýeleri. Belent ýerlerde olar Allahu tagalanyň adyny zikir edýärler. Olaryň azançylary minaralarda halky namaza çagyrýarlar. Olar täret alyp namaz okaýarlar. Namazda hatarlary deňleýärler, bir tekiz hatar bolup durýarlar. Gijelerine olaryň tesbih sesleri bal arysynyň güwleýşi ýaly eşidilýär. Ol Mekgede doglar. Medineden Damaska çenli her ýer onuň dolandyryşynda bolar. Onuň ady – Muhammet, we Men oňa Mütewekkil diýip at berdim. Bozuk dinleri ýok edip, dogry hak dini ýaýradyp ornaşdyrmazdan, Men ony dünýäden almaryn. Ol halky Haka çagyrar; onuň bereketi bilen görmeýän gözler açylyp görer, eşitmeýän gulaklar eşider. Ýüreklerden gaflat gider…”3
Hakyky Zeburda4 – Dawut5 aleýhisselama inderilen we soňra üýtgedilen kitapda şeýle ýazylgydyr:
“Ol – eli açyk, ýagny sahy adam. Ol hiç haçan gaharlanmaýar. Örän ýumşak göwünli. Ýüzi owadan we nurly, sözleri süýji. Ol – ynsanlaryň lukmany. Köp aglaýar, az gülýär. Az ýatýar, köp oýlanýar. Boý-syraty gelşikli we owadan. Onuň sözleri göwünleri ele alýar, ruhlary özüne çekýär… Eý Habybym! Himmet gylyjyňy gynyndan çykaryp, bütin güýjüň bilen gahrymançylyk meýdanynda kapyrlardan ar al.
Gözel dil bilen Meniň hamdymy we senamy her ýere ýaý. Ähli kapyrlaryň başlary seniň keramatly elleriň öňünde egiler…”
Hakyky Injilde6 – Isa7 aleýhisselama inderilen we soňra üýtgedilen kitapda şeýle ýazylgydyr:
“Ýa Rebbim! Meni Muhammet aleýhisselamyň ymmatyndan et!” Musa aleýhisselam
“Ol köp iýmeýär, gysganç däl. Hile etmeýär, hiç kimi ýamanlamaýar, hiç howlukmaýar. Özi üçin ar almaýar. Ýalta däl. Hiç kimiň gybatyny etmeýär…”
Bir kähin Isa aleýhisselamdan geljek pygamberiň adynyň nämedigini we onuň geljekdiginiň alamatlarynyň nähili boljakdygyny soranda, Isa aleýhisselam şeýle diýdi:
“Resulyň ady haýran galarlyk gözellikdedir. Allahu tagala onuň ruhuny ýaradanda, oňa şu ady berdi, ony Öz asman şöhratynyň içinde ýerleşdirdi we şeýle diýdi: ‘Garaş, eý Ahmet! Seniň hatyraňa Men jenneti, dünýäni we köp mahluklary ýaratdym. Olary saňa sowgat edýärin. Saňa gadyr goýan Menden gadyr tapar. Saňa nälet okan (sögen) adama Men nälet ederin. Men seni dünýäni halas ediji Resulym edip ibererin. Seniň sözüň arassa hakykat bolar. Ýer hem, asman hem ýok bolup biler, emma seniň ýoluň baky galar’. Onuň mukaddes ady – Ahmet.” Şondan soň Isa aleýhisselamyň töweregine ýygnanan halk seslerini gataldyp: “Eý Ahmet! Dünýäni halas etmek üçin tizräk gel!” diýip gygyrdylar.
Isa aleýhisselam Muhammet aleýhisselama – häzirki Injillerde-de hoş habary berlen, hristianlaryň “Paraklit” diýýän, terjimede “Teselli beriji” diýlip atlandyrylýan we ýeke-täk hakyky Teselli beriji bolan şahsa – ymmat bolmak üçin köp doga etdi. Kyýamatdan öň Allahu tagala Isa aleýhisselamy täzeden ýere inderer. Şonda Isa aleýhisselam Muhammet aleýhisselamyň dinine görä hereket eder: Muhammet aleýhisselamyň halal diýenine halal, haram diýenine haram diýer. Paraklit – Ahmet diýmekdir. Ahmet bolsa Muhammet aleýhisselamyň atlarynyň biridir.
Injilde ýene şeýle ýazylgydyr:
“Reb tarapyndan çykyp geljek ol Münhamenna, Reb tarapyndan çykyp geljek ol Ruhul-kuds gelen bolsady, ol meniň hakymda şaýatlyk ederdi. Siz hem şaýatlyk edersiňiz, çünki köpden bäri meniň bilen bilelikde bolýarsyňyz. Men bulary size şübhä düşmezligiňiz we büdremezligiňiz üçin aýtdym.” Bu ýerdäki Münhamenna sözi süryani dilinde Muhammet diýmegi aňladýar.8
Jahyliýet (nadanlyk) döwri
Kainatyň buýsanjy (Fahry kaýinat) Pygamberimiz dünýä inmezden öň, tutuş älem ruhy taýdan gorkunç garaňkylyga (zulmata) çümüpdi. Ynsanlar çäksiz azgynlaşypdy; Allahu tagalanyň iberen dinleri unudylypdy; ylahy hökümleriň ornuny ynsanlaryň kellesinden çykan pikirler, oýlar eýeläpdi. Ähli mahluklar ynsanlaryň wagşylygyndan we zulmundan juda ejir çekýärdi.
Ýer ýüzündäki ähli milletlerde Allahu tagala unudylypdy, asudalygyň, bagtyň we şatlygyň çeşmesi bolan tewhit (Allahyň birligi) ynanjy ýok bolupdy. Küfür tupany ýüreklerden imany sogrup taşlapdy, göwünlerde Allahu tagala ynanmagyň ýerine butlara çokunmak pikiri ornaşypdy.
Musa aleýhisselamyň getiren dini unudylypdy, Töwrat bozulypdy. Ysraýyl ogullary biri-biri bilen dawa-jenjele düşüpdi. Isa aleýhisselamyň getiren Isa dini (nasranylyk) hem bütinleý bozulypdy, onuň hakyky din bilen hiç hili baglanyşygy galmandy. Teslis, ýagny üç hudaý pikiri kabul edilipdi. Injiliň asly ýitirilipdi, keşişler ony isleýşi ýaly üýtgedipdiler. Iki kitap hem Allahyň kelamy bolmakdan çykypdy. Müsürde bozulan Töwratyň hökümi, Wizantiýada üýtgedilen Isa dini, ýagny hristiançylyk höküm sürýärdi. Eýranda oda çokunýardylar, otparazlaryň ody doly müň ýyl bäri söndürilmeýärdi. Hytaýda konfusiçilik, Hindistanda buddizm ýaly toslama dinler agdyklyk edýärdi.
Arabystanyň adamlary bolsa has-da beter azaşyp, ýoldan çykypdylar. Allahu tagalanyň örän gadyr goýýan Käbeýi muazzamasyna olar üç ýüz altmyş (360) but oturdypdylar. Käbeýi muazzama bolsa Arşda perişdeleriň zyýarat edýän “Beýtul-Magmur” öýüniň edil şonuň ýaly ululykdaky nusgasydy. Käbä hormatsyzlyk eden adamy Jenaby Hak iň gysga wagtda heläk ederdi.
Jurhum taýpasy hem zynada we betnebislikde çäkden çykypdy. Bu taýpanyň örän hormatsyz we juda pes hereketlerini gören hökümdarlary olara şeýle nesihat etdi: “Eý jurhumlylar! Allahu tagalanyň mukaddes ýerini (Haremi şerif) we onuň howpsuzlygyny goraň we özüňize geliň! Sizden öň ýaşan Hud, Salyh we Şugaýb (aleýhimusselam) ymmatlarynyň her biriniň başyna nähili ýagdaýlaryň düşendigini we olaryň nähili heläk bolandyklaryny bilýärsiňiz. Biri-biriňize ýagşylygy buýruň, ýamanlykdan saklandyryň. Wagtlaýyn güýjüňize bil baglap aldanmaň. Mekgede Hakdan ýüz öwürmekden we zulumdan saklanyň, çünki zulum ynsanlaryň heläkçiligine sebäp bolýar. Allahu tagalanyň ady bilen kasam edip aýdýaryn: bu sebitde ýaşap, zulum edip, Hakdan ýüz öwren adamlaryň neslini Allahu tagala kesmän, köküni gurutman we ornuna başga bir kowumy getirmän goýan däldir. Azgynlygyny dowam etdirýän we Hakdan ýüz öwren Mekge halky bu ýerde uzak galyp bilmez. Sizden öň bu sebitde ýaşan, sizden uzak ömürli, sizden güýçli, sizden köp we baý bolan Tasm, Jedis we Amalyka halklarynyň başyna nämeleriň düşendigini bilýärsiňiz. Olaryň mukaddes ýeri äsgermezlik etmegi, Hakdan ýüz öwrüp zuluma çümmegi olaryň bu mübärek ýerden kowulmagyna sebäp boldy. Allahu tagalanyň käbirleriniň üstüne ownuk garynjalary iberip, käbirlerini gytçylyk bilen, käbirlerini bolsa gylyç bilen kowup çykarandygyny görüp-eşidensiňizdir!”
Emma olar diňlemediler. Netijede Allahu tagala olary hem şu azgynlyklary sebäpli darmadagyn etdi… Ine, şeýle bir zamanda ýer ýüzüniň merkezi bolan mübärek Mekgede küfür sil ýaly akýardy, Beýtullahyň içi Lat, Uzza, Menat ýaly ýüzlerçe but bilen doldurylypdy. Zulum iň soňky çägine ýetipdi, ahlaksyzlyk buýsanç sebäbi hasaplanýardy. Arabystan dini, ruhy, jemgyýetçilik we syýasy taýdan giňden ýaýran garaňkylykda, doly nadanlykda, azgynlykda, çäkden çykmakda we ýoldan azmakda ýaşaýardy. Jahyliýet (nadanlyk) döwri diýlip atlandyrylýan bu zamanda adamlar köplenç göçme durmuşda ýaşaýardylar we taýpalara bölünipdiler. Jahyliýet döwri – garaňkylykdan (zulmatdan) doly döwürdi. Hemişe dawalaşyp ýören arap taýpalary çozuşy we talaňçylygy özleri üçin gün görmegiň serişdesi hasaplaýardylar. Zulum we talaňçylyk giňden ýaýran taýpalardan ybarat bolan Arabystanda hiç hili syýasy tertip, jemgyýetçilik düzgüni hem ýokdy. Mundan başga-da, içgi, humar, zyna, ogurlyk, zulum, ýalan we ahlaksyzlyk diýilýän näme bar bolsa – hemmesi çäksiz ýaýrapdy. Zulum güýçliniň güýçsüze garşy ulanýan iň rehimsiz we adamyň tüýüni üýşürýän guralydy. Aýallary adaty bir haryt ýaly satyn alýardylar we satýardylar. Käbirleri gyz çaganyň dogulmagyny bela we masgaraçylyk hasaplaýardylar. Bu gorkunç garaýyş şeýle bir derejä ýetipdi welin, olar kiçijik gyz çagalary gumda gazylan çukurlara diriligine ýatyryp, çagalaryň kakalarynyň boýnundan gujaklap: “Kakajan! Kakajan!..” diýip ajy-ajy gygyrmalaryna asla gulak asman, üstlerine topragy üýşürip, ölüme terk ederdiler. Bu işleri üçin olaryň wyždany asla agyrmazdy, hatda muny gahrymançylyk hasaplardylar. Gysgaça aýdanymyzda, şol zamanyň adamlarynyň arasynda mähir, merhemet, ýagşylyk we adalat ýaly gözel häsiýetler ýok bolan ýalydy.
“Menden soň Ahmet atly bir resulyň geljekdigi barada size hoş habar berýärin” Isa aleýhisselam
Emma bu döwürde araplaryň arasynda üns bererlik bir zat bardy: edebiýat, çeper dillilik we diliň arassalygy örän gadyrlanyp, iň ýokary derejä göterilipdi. Olar şahyrlara we şygryýete uly ähmiýet bererdiler, muny uly buýsanç hasaplardylar. Güýçli şahyr özüne-de, taýpasyna-da abraý getirerdi. Belli wagtlarda ýarmarkalar guralýardy, şygryýet we notuk ýaryşlary geçirilýärdi. Ýeňijileriň goşgulary ýa-da notuklary Käbäniň diwaryna asylýardy. Jahyliýet döwründe Käbäniň diwaryna asylan iň meşhur ýedi goşgy “Muallakatus-sebga”, ýagny “Ýedi asylgy goşgy” diýlip atlandyrylýardy.
Şol wagt Arabystanda adamlar ynanç taýdan hem bölek-büçekdi. Käbirleri asla ynanmaýardy we dünýä durmuşyndan başga hiç zady kabul etmeýärdi. Käbirleri Allahu tagala we ahyret gününe ynanýardy, emma ynsanlaryň arasyndan pygamberiň geljekdigini kabul etmeýärdi. Käbirleri Allahu tagala ynanýardy, ýöne ahyrete ynanmaýardy. Ýene uly bir bölegi Allahu tagala şärik goşup, butlara çokunýardy. Müşrikleriň her biriniň öýünde bir but bardy.
Älem şeýle bir garaňkylaşypdy, töweregi garaňkylyk şeýle bir gurşap alypdy welin, adamlar her zadyň Ýaradany bolan Allahu tagala iman getirmegi we Oňa ybadat etmegi taşlapdylar. Aljyraňňylyklary sebäpli olar kainatda bolup geçýän hadysalara we Jenaby Hakyň ýaradan zatlaryna, esasan-da öz elleri bilen daşdan we agaçdan ýonup ýasan butlaryna “ilah” diýip çokunýardylar.
Bulardan başga-da, hezreti Ybraýymyň bildiren dininde bolan we “hanyf” diýilýän dogry imanly möminler hem bardy. Olar Allahu tagala ynanýardylar we butlardan daş durýardylar. Pygamberimiziň kakasy Abdylla, atasy Abdylmuttalyp, ejesi we käbir beýleki adamlar Ybraýym aleýhisselamyň dinindediler.
Hanyf möminlerden başga ähli toparlar batyl ýoldady we uly garaňkylyga çümüpdi.
Zulumat we abyhaýat
Abu Mujahyt Enwer ibn Nazyf rahmetullahi aleýh: “Abyhaýat zulumatda bolýar” diýdi. Abyhaýat – içen adamy ölmez edýän ýaşaýyş suwy, zulumat bolsa garaňkylyk diýmekdir. Bu suwuň balta degmedik tokaýlarda, ýyrtyjy haýwanlaryň arasynda, zym-zyýa garaňkylykda, tokaýlaryň iň içinde bolýandygy çak edilýär.
Bu suwa ýetmek mümkin däl diýerlik derejede kyn. Bu kyn päsgelçilikleri aşyp, şol suwa ýeten adamyň ölmejekdigi rowaýat edilýär. Ähli sünnet ynançy hem edil Kap dagynyň aňyrsynda, balta degmedik tokaýlaryň iň uzak burçundaky abyhaýat ýalydyr. Ebedilige akýan bu suwdan bir damja içenler ebedi nygmatlara ýetýärler. Bir misrada aýdylyşy ýaly: “Abyhaýat garaňky ýerlerde bolýar!”
Hezreti Hüseýin Hilmi ibn Sagyt kuddise sirruh şeýle diýdi: “Ondan bir damja içen adama indi ölüm ýok, jennetde ony ebedi durmuş garaşýar. Abyhaýat erbet, bozuk adamlaryň, bidgatlaryň we küfrüň bolan ýerlerinde bolýar.”
Kainatyň Soltany gelýär
Älem gamgyndy, barlyklar gamgyndy, göwünler gamgyndy, ýüzler bolsa gülmegi unudypdy. Allahu tagalanyň beýleki mahluklardan üstün edip ýaradan ynsanlarynyň dowzahdan halas bolmagyna sebäp boljak bir gahryman gerekdi. Onuň dünýä inmegine örän az wagt galypdy. Älem Adam aleýhisselamdan şu güne çenli päk maňlaýlardan päk maňlaýlara geçip gelen nuruň eýesini garşylamaga taýýarlanýardy. Ynsanlara we jynlara ebedi bagty görkezjek Deňsiz-taýsyz Ynsan gelýärdi! Şepagat we merhemet çeşmesi, Rebbiniň ahlagy bilen bezenen Beýik Ynsan gelýärdi!
Makamy Mahmut eýesi, şepagatçylaryň baş täji gelýärdi! Kainatyň mugallymy, barlyklaryň özeni, ynsanlaryň serweri gelýärdi! Magşar güni kömege ýetişýän, pygamberleriň soltany gelýärdi! Allahu tagalanyň Habyby, söýgülisi, hatyrasyna biz ýaradylan şahs, älemlere rahmet bolan söýgüli Pygamberimiz gelýärdi! Pygamberimiz hezreti Muhammet Mustafa (sallallahu aleýhi we sellem) gelýärdi…
Diýdiler: seniň ogluň ýaly bir ogul
Dünýä ýaradylaly gelen däldir.
Seniň ogluňa berlen beýle beýik derejäni
Hiç bir enä bermändir ol Jelil.
Uly bagta ýetdiň, eý Ämine, sen,
Senden dogar ol gözel häsiýetli şahs.
Bu gelen – ledünni ylmyň soltany,
Bu gelen – tewhidiň, yrfanyň käni.
Bir ady – Mahmyt, bir ady – Ahmet,
Onuň barlygy – tutuş älemlere rahmet.
Bu gelen yşkyna aýlanýar asman,
Ýüzüne müşdakdyr perişde, ynsan.
“Kyýamat güni men öňküleriň we soňkularyň seýididirin. Hakykaty bildirýärin, öwünmeýärin” Hadysy şerif
Mekgeýi mükerreme sebiti
Bir ak guş geldi ganatyn kakyp,
Arkamy sypalady güýç bilen şonda.
Şol sagat dogdy ol Diniň Soltany,
Nura gark boldy asmanlar-u zemin.
Kim islese otdan halas bolmagy,
Yşk bilen, şowk bilen aýtsyn salawat!
Essalatu wesselamu aleýke ýa Resulallah!
Essalatu wesselamu aleýke ýa Habyballah!
Essalatu wesselamu aleýke ýa Seýýidel-ewweline wel-ahyrin.
