Söýgüli Pygamberim

AWRAT ÝERLERI WE AÝALLARYŇ ÖRTÜNMEGI

Abu Sagyt Hudry (radyýallahu anhu) habar berýär: Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Erkek erkegiň, aýal aýalyň awrat ýerlerine seretmesin!” Görşümiz ýaly, erkekleriň aýallaryň, aýallaryň erkekleriň awrat ýerlerine seretmegi haram bolşy ýaly, erkekleriň erkegiň awrat ýerine, aýallaryň aýalyň awrat ýerine seretmegi hem haramdyr. Erkegiň erkek üçin hem, aýal üçin hem awrat ýeri – dyz bilen göbegiň arasydyr. Aýalyň aýal üçin awrat ýeri hem şeýledir. Aýalyň ýat erkek üçin awrat ýeri bolsa ellerinden we ýüzünden başga tutuş bedenidir. Şonuň üçin aýallara “awrat” diýilýär. Musulman bolsun, kapyr bolsun, ýat aýalyň ýüzüne şehwet bilen, awrat ýerine bolsa şehwetsiz hem seretmek haramdyr.

Jabyr ibn Abdylla (radyýallahu anhu) habar berýär: Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Ýat aýalyň öýünde gijelemäň!”

Ukbe ibn Amyr (radyýallahu anhu) habar berýär: Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Ýat aýal bilen bir otagda ýeke galmaň! Aýal äriniň dogany ýa-da onuň ogly bilen ýeke galsa, ölüme çenli süýrelip gider”. Ýagny bu fitnelere sebäp bolar. Mundan örän berk saklanmalydyr. Bu hadysy şerif “Buhary” we “Muslim” kitaplarynda ýazylgydyr. Abdylla ibn Mesgut (radyýallahu anhu) habar berýär: Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Aýalyň bedeni awratdyr”. Ýagny ony örtmek gerekdir. “Aýal köçä çykanda, şeýtan hemişe oňa seredýär”. (Ýagny erkekleri aldamak, olary günä batyrmak üçin ony duzak edýär.)

Bureýde (radyýallahu anhu) habar berýär: Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) hezreti Ala şeýle diýdi: “Eý Aly! Bir aýaly görseň, ýüzüňi ondan öwür. Oňa gaýtadan seretme! Duýdansyz görmek günä bolmasa-da, gaýtadan seretmek günä bolar”. Muny Abu Dawut we Darimi rowaýat etdiler.

Aly (radyýallahu anhu) habar berýär: Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Eý Aly! Budyňy açma we ölüniň-de, diriniň-de – hiç kimiň budyna seretme!” Bu hadysy şerifi Abu Dawut we Ibn Maja rowaýat etdiler. Mundan şu düşnükli bolýar: ölüniň awrat ýerine seretmek diriniňkä seretmek ýalydyr. [Sportçylaryň we deňizde ýüzýänleriň awrat ýerlerine seretmekden örän berk saklanmalydyr.]

Abdylla ibn Omar (radyýallahu anhuma) habar berýär: Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Awrat ýerleriňizi açmaň! [Ýagny ýeke wagtyňyzda-da açmaň.] Çünki ýanyňyzdan hiç aýrylmaýan barlyklar bardyr. Olardan utanyň we olara hormat goýuň!” Bular – Hafaza diýilýän perişdelerdir. Olar ynsany jynlaryň zyýanyndan goraýarlar we ondan diňe hajathanada we är-aýal ýakynlyk edende aýrylýarlar.

Ummu Seleme (radyýallahu anha) gürrüň berýär: Meýmuna (radyýallahu anha) bilen bilelikde Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) ýanyndadyk. Ibn Ummu Mektum (radyýallahu anhu) rugsat sorap, içeri girdi. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) ony görende, bize: “Perdäniň arkasyna geçiň!” diýdi. Men: “Ol kör dälmi? Ol bizi görmeýär ahyryn” diýdim. Ol: “Siz hem körmi? Siz ony görmeýärsiňizmi?” diýdi. Ýagny: “Ol kör bolsa-da, siz kör däl ahyryn” diýdi. Bu hadysy şerifi imam Ahmet, Tirmizi we Abu Dawut (rahimehumullahu tagala) rowaýat etdiler. Bu hadysy şerife görä, erkegiň ýat aýala seretmegi haram bolşy ýaly, aýalyň hem ýat erkege seretmegi jaýyz däldir. Mezhep imamlarymyz (rahimehumullahu tagala) beýleki hadysy şerifleri hem göz öňünde tutup, şeýle diýdiler: “Aýal üçin ýat erkekleriň başlaryna, saçlaryna seretmezlik kyndyr. Ýerine ýetirmesi kyn bolan buýruklar – azymetdir. Erkegiň aýal üçin awrat ýeri – dyz bilen göbegiň arasydyr. Bu ýere seretmezlik aňsatdyr. Ýerine ýetirmesi aňsat bolan buýruklar – ruhsatdyr”.

[Görşümiz ýaly, Pygamberimiziň päk aýallary (Ezwajy tahirat) (radyýallahu tagala anhunna) we hormatly sahabalar (radyýallahu anhum) azymet bilen amal ederdiler, ruhsatlardan hem saklanardylar. Yslamy içinden ýykmaga çalyşýan iňlisleriň we zyndyklaryň: “Pygamberiň zamanynda aýallar örtünmezdiler. Häzir görşümiz ýaly, aýallaryň gorkunç keşpde örtünmegi ol wagt ýokdy. Hezreti Aişe başy açyk gezerdi. Häzirki örtünmegi soňra mutaassyplar, fykhçylar oýlap tapdy” ýaly sözleri – gelşiksiz töhmetdir.]

Omarul-Faruk (radyýallahu anhu) habar berýär: Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Bir erkek ýat aýal bilen halwatda galsa, olaryň üçünjisi şeýtan bolar”. Bu hadysy şerifi Tirmizi rowaýat etdi. [Bir ýa-da birnäçe ýat aýal bilen halwatda bolmak, ýagny ýapyk ýerde ýeke galmak haramdyr. Ibn Abidin imamlyk hakynda gürrüň berende şeýle diýýär: “Ol ýerde ýene bir erkek ýa-da zyrahm mahrem bolan (nikalaşmak hemişelik haram bolan garyndaşy) aýal hem bar bolsa, halwat bolmaz”.] Jabyr ibn Abdylla (radyýallahu anhu) habar berýär: Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Äri uzakda bolan aýallaryň ýanyna barmaň! Çünki şeýtan gan ýaly damarlaryňyzda aýlanýar”. “Seniň damarlaryňda hem aýlanýarmy?” diýip soranlarynda, ol: “Meniňkide hem aýlanýar. Emma Allahu tagala oňa garşy maňa kömek etdi. Ol ony musulman etdi, ol hem maňa boýun boldy” diýdi. Bu hadysy şerifi Tirmizi (rahimehullahu tagala) rowaýat etdi.

Ummu Seleme (radyýallahu anha) gürrüň berýär: Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) meniň ýanymdady. Otagda doganym Abdylla ibn Abu Umeýýäniň guly hem bardy. Bu gul muhannesdi. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) bu muhannesi görende we sesini eşidende: “Munuň ýalylary öýleriňize goýbermäň!” diýdi. Bu hadysy şerif “Buhary” we “Muslim” kitaplarynda ýazylgydyr. Muhannes – ahlagyny, hereketlerini, sözlerini we keşbini aýallaryňka meňzedýän adamdyr. Şeýle edýänler – nälet siňenlerdir. Olar hakynda hadysy şerifde: “Özlerini aýallara meňzedýän erkeklere we erkeklere meňzedýän aýallara Allah nälet etsin!” diýildi. Zerurlyk bolmazdan erkekler ýaly geýinýän, olar ýaly saçyny aldyrýan we erkeklere mahsus işleri edýän aýallar, şeýle hem aýallar ýaly saçyny uzaldýan we bezenýän erkekler bu hadysy şerifiň hökmüne girýärler.

“Eý Aly! Bir aýaly görseň, ýüzüňi ondan öwür. Oňa gaýtadan seretme! Duýdansyz görmek günä bolmasa-da, gaýtadan seretmek günä bolar” Hadysy şerif

Yslam dini musulman aýalyň asty görüner ýaly inçe örtük bilen örtünmegini haram etdi. “Muslim” we “Muwatta” kitaplaryndaky hadysy şerifde: “Örtünip-de ýalaňaç bolan we başlaryny düýe örküji ýaly ýokary galdyran aýallar jennete girmezler. Hatda onuň ysyny-da duýmazlar. Halbuki jennetiň ysy örän uzaklardan duýlar” diýildi. Bu hadysy şerif aýallaryň inçe, dury ýa-da bedene ýapyşýan dar eşik, jorap, ýaglyk bilen örtünmegini we saçlaryny başlarynyň üstünde üýşürmegini gadagan edýär. Beýle örtünmek ýalaňaç gezmek ýalydyr. Musulman aýallar, gyzlar inçe, dar zatlar bilen örtünmeli däldirler, öz saçlaryny ýa-da parik dakyp, onuň saçlaryny düýe örküji ýaly başlarynyň üstünde toplamaly däldirler, saçlaryny düwün edip daňmaly däldirler. Bularyň dowzaha eltýän günädigini bilmelidirler. “Hindiýýe” kitabynda şeýle diýilýär: “Galyň we giň mata bilen örtünen aýala seretmek jaýyzdyr. Inçe, dar örtünen aýala seretmek jaýyz däldir. Örtünen aýalyň hem ýüzüne şehwet bilen seretmek haramdyr. Şehwetsiz, emma zerurlyksyz seretmek mekruhdyr. Musulman däl aýallara seretmek hem şeýledir. Olaryň diňe saçlaryna seretmek jaýyzdyr, diýildi”.

Galyň, giň, topuk süňklerine çenli uzyn we ellerini bileklerine çenli örtýän goýy reňkli palto bilen örtünmek iki bölekli çarşaf bilen örtünmekden has gowudyr. “Halebiýi kebir” kitabynda şeýle diýilýär: “Azat aýalyň gulaklaryna çenli sallanyp duran saçy agzybir pikir boýunça awratdyr. Gulakdan aşak sallanan bölegi hem alymlaryň köpüsine görä şeýledir.

Käbirlerine görä, sallanan bölek namazda awrat bolmaz. Emma ýat adamyň oňa seretmegi hem jaýyz däldir”. Aýal ähli saçyny galyň ýaglyk bilen örtmelidir. Bu ýaglygyň ortasynyň öň bölegi maňlaýa ýapyşmaly we gaşlara ýakyn düşmeli, iki çeti iki gaşyň çetinden eňege düşürilip, eňegiň üstünde iňňe bilen birikdirilip, döşe sallanmaly, ortasynyň arka bölegi bolsa arkany örtmelidir. Fitne howpy bolanda, ýaňaklary hem örtmelidir. Goýy reňkli, galyň jorap hem geýmelidir. Aýalyň sallanan saçynyň dörtden biri bir rukn dowamynda açyk galsa, namazy sahyh bolmaz. Mundan azy açyk galsa, mekruh bolar. Bu ýerde hiç bir kitap aýalyň garry ýa-da ýaş bolmagyny aýyl-saýyl etmändir. Garry aýalyň salamyna jogap bermek, onuň bilen el berip görüşmek (musapaha) we halwat jaýyzdyr diýseler-de, garry aýalyň saçyny açmagy ýa-da onuň saçyna seretmek jaýyzdyr diýen bolmandyr. Musulman däl aýalyň saçyna seretmek jaýyzdyr diýenler boldy. Emma garry musulman aýalyň saçyna seretmek jaýyzdyr diýen asla ýokdur. Garry aýalyň metjide we gabyr zyýaratyna barmagy jaýyzdyr diýenler hem onuň saçynyň, başynyň örtülgi bolmagyny şert edip goýdular.

Musulmandygyny aýdýan adam etjek her bir işiniň yslama laýyk gelýändigini-gelmeýändigini bilmelidir. Bilmeýän bolsa, bir Ähli sünnet alymyndan sorap ýa-da bu alymlaryň kitaplaryny okap öwrenmelidir. Iş yslama laýyk gelmeýän bolsa, ol günäden ýa-da küfürden halas bolup bilmez. Ol her gün çyn ýürekden toba etmelidir. Toba edilen günä we küfür, şübhesiz, bagyşlanar. Toba etmese, dünýäde-de, dowzahda-da onuň azabyny, ýagny jezasyny çeker. Erkekleriň we aýallaryň namazda-da, her ýerde-de örtmeli ýerlerine awrat ýerleri diýilýär. “Awrat ýerlerini açmak we başgalaryň awrat ýerlerine seretmek haramdyr”. Yslamda awrat ýerleri ýokdur diýen adam kapyr bolar. Awrat ýerlerini örtmegi dinimiz buýurýar. Awrat ýerleri açyk erkek ýa-da aýal bolan ýere, şeýle hem saz gurallary, kumar, serhoş ediji içgiler we aýal sesi bolan ýere fysk (pasyklyk) mejlisi diýilýär. Fysk mejlisine barmak haramdyr. Kalbyň päk bolmagy hem gerekdir. Kalbyň päkligi – gözel ahlakly bolmakdyr. Kalp yslama eýermek bilen päklenýär. Yslama eýermeýän adamyň kalby päk bolup bilmez.

Ijma bilen, ýagny dört mezhepde-de awrat bolan bir ýerini açmaga we başgalaryň şeýle awrat ýerine seretmäge halal diýen ýa-da muňa ähmiýet bermeýän, ýagny onuň azabyndan gorkmaýan adam kapyr bolar. Aýallaryň awrat ýerlerini açmagy, şeýle hem erkekleriň ýanynda aýdym aýtmagy we mewlit okamagy hem şeýledir. “Men musulman” diýen adam imanyň we yslamyň şertlerini, şeýle hem ijma, ýagny dört mezhebiň agzybir pikiri bilen bildirilen parzlary we haramlary öwrenmeli we olara ähmiýet bermelidir. Bilmezligi bahana däldir. Bu – bilip durup ynanmazlyk ýalydyr. “Aýallaryň ýüzlerinden we ellerinden başga ýerleri dört mezhepde-de awratdyr”. Ijma bilen awrat bolmadyk, ýagny galan üç mezhebiň birine görä awrat hasaplanmaýan bir ýerini ähmiýet bermän açan adam kapyr bolmasa-da, öz mezhebine görä uly günä eder. Erkekleriň dyz bilen çatyň arasyny, ýagny butlaryny açmagy şeýledir. Bilmeýänini öwrenmek parzdyr. Öwrenenden soň, derrew toba etmeli we ol ýeri örtmelidir.

“Özlerini aýallara meňzedýän erkeklere we erkeklere meňzedýän aýallara Allah nälet etsin!” Hadysy şerif

Näme boldy gözleriňe, “bes” diýdigiňçe akýar-a?
“Özüňe gel” diýdigiňçe, kalbyň joşup ýanýar-a?
Hezreti Muhammediň sahawat ýagyşyndan
Bir damja almak isleýär ähli pygamberler.
Zahyry we batyny, ruhy hem jismany –
Ähli barlyklardan ol Haka iň söýgüli.
Çäksizdir onuň zatynyň fazyleti, kämilligi,
Dil bilen beýan etmek mümkin däl kämilligin.
Eger Resulullahyň ähli mugjyzalary onuň beýikligini beýan edip bilen bolsady,
Mübärek ady agzalanda ähli çüýrän süňkler
Bir pursatda direlerdi.
Güýjümizden artyk ýük ýüklemedi ol bize,
Başymyz-gözümiz üstündedir buýrugy-gadagany.
Kasydaýy Bürde