Söýgüli Pygamberim

NAMAZ OKAMAK

Yslamyň bäş şertiniň ikinjisi namaz okamakdyr. Her bir musulmanyň her gün wagtlary gelende bäş gezek namaz okamagy we olaryň her birini öz wagtynda okandygyny bilmegi parzdyr. Namazlary parzlaryna, wajyplaryna, sünnetlerine üns berip we göwnüni Allahu tagala berip, wagtlary geçmänkä okamalydyr. Kurany Kerimde namaz “salat” diýlip atlandyrylýar. Salat sözlükde ynsanyň doga etmegi, perişdeleriň ystygfar etmegi, Allahu tagalanyň rehim etmegi, merhemet etmegi diýmekdir. Yslamda “salat” – ylmyhal kitaplarynda bildirilişi ýaly, belli hereketleri etmek we belli zatlary okamak diýmekdir.

Namazyň ähmiýeti

Namaz Allahu tagalanyň söýgüli Pygamberimiziň hatyrasy üçin möminlere ihsan eden iň uly, iň möhüm, iň gözel buýrugydyr. Namaz – diniň sütünidir. Namazyny yzygiderli, dogry we doly okaýan adam öz dinini dikeldipdir, yslam binasyny aýak üstünde saklapdyr. Namaz okamaýan adam öz dinini we yslam binasyny ýykypdyr. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Dinimiziň başy namazdyr”. Başsyz ynsan bolmaýşy ýaly, namazsyz din hem bolmaz.

Namaz yslam dininde imandan soň ilkinji parz edilen buýrukdyr. Allahu tagala gullarynyň diňe Özüne ybadat etmekleri üçin namazy parz etdi. Kurany Kerimde ýüzden gowrak aýaty kerimede: “Namaz okaň!” diýilýär. Hadysy şerifde şeýle diýildi: “Allahu tagala her gün bäş wagt namaz okamagy parz etdi. Namaza gymmat berip we onuň şertlerine eýerip, her gün bäş wagt namaz okaýan adamy jennete saljakdygyna Allahu tagala söz berdi”.

Namaz dinimizde ýerine ýetirilmegi buýrulan ähli ybadatlaryň iň gymmatlysydyr. Bir hadysy şerifde: “Namaz okamaýanyň yslamdan nesibesi ýokdur!” diýildi. Ýene bir hadysy şerifde: “Mömini kapyrdan aýyrýan tapawut namazdyr” diýildi, ýagny mömin namaz okaýar, kapyr okamaýar.

Namaz okamak – Allahu tagalanyň beýikligini oýlanyp, Onuň huzurynda öz kiçiligiňe düşünmekdir. Muňa düşünen adam hemişe ýagşylyk edýär. Ol hiç haçan ýamanlyk edip bilmeýär. Her gün bäş gezek Rebbiniň huzurynda bolmagy niýet edýän adamyň ýüregi yhlas bilen dolýar. Namazda edilmegi buýrulan her bir hereket ýürege we bedene peýda berýär. Metjitlerde jemagat bilen namaz okamak musulmanlaryň ýüreklerini biri-birine baglaýar. Ol olaryň arasynda söýgi döredýär. Olar biri-biriniň dogandygyna düşünýärler. Ulular kiçilere rehimli, kiçiler-de ululara hormatly bolýar. Baýlar garyplara, güýçliler gowşaklara kömek edýär. Sagdynlar syrkawlary metjitde görmeseler, olary öýlerinde gözläp, hal-ýagdaýyny soraýarlar. Olar “Din doganynyň kömegine ýetişeniň kömekçisi Allahu tagaladyr” diýen hadysy şerifdäki buşluga ýetmek üçin ýaryşýarlar.

Namaz ynsanlary gelşiksiz, erbet we gadagan zatlardan saklaýar. Ol günälere kefaret bolýar. Hadysy şerifde şeýle diýildi: “Bäş wagt namaz siziň biriňiziň gapysynyň öňünden akýan derýa ýalydyr. Bir adam şol derýa her gün bäş gezek girip ýuwunsa, onuň üstünde hapa galmaýşy ýaly, ine, bäş wagt namaz okaýanlaryň hem kiçi günäleri şeýle bagyşlanýar”. Namaz Allahu tagala we Onuň Resulyna iman getirmekden soň ähli amallaryň we ybadatlaryň iň fazyletlisidir. Şonuň üçin namazlary parzlaryny, wajyplaryny, sünnetlerini, müstehaplaryny berjaý edip okamalydyr. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) bir hadysy şerifinde şeýle diýdi: “Eý ymmatym we sahabalarym! Ýerine ýetirilişine doly üns berlen namaz Allahu tagalanyň halaýan ähli amallarynyň iň fazyletlisidir. Ol pygamberleriň sünnetidir. Ol perişdeleriň söýýän zadydyr. Ol magrifetiň, ýeriň we asmanlaryň nurudyr. Ol bedeniň güýjüdir. Ol rysgallaryň bereketidir. Ol dogalaryň kabul bolmagyna sebäpdir. Ol Melekul-mewte [ýagny ölüm perişdesine] şepagatçydyr. Ol gabyrda yşyk, Münker we Nekire jogapdyr. Ol kyýamat güni adamyň üstünde kölegedir. Ol dowzah ody bilen adamyň arasynda galkandyr. Ol Syrat köprüsinden ýyldyrym ýaly geçirijidir. Ol jennetiň açarydyr. Ol jennetde başdaky täçdir. Allahu tagala möminlere namazdan has möhüm bir zat bermändir. Eger namazdan has üstün bir ybadat bolan bolsa, Ol möminlere ilki şony bererdi. Çünki perişdeleriň kimi hemişe kyýamda (aýak üstünde), kimi rukugda, kimi seždede, kimi-de teşehhütdedir. Ol bularyň hemmesini bir rekagat namazda jemläp, möminlere sowgat berdi. Çünki namaz imanyň başy, diniň sütüni, yslamyň sözi we möminleriň mirajydyr. Ol asmanyň nury we dowzahdan halas edijidir”.

Bir gün hezreti Alynyň (radyýallahu anhu we kerremallahu wejheh) ikindi namazy geçipdi. Ol gussasyndan özüni bir depeden aşak taşlady. Ol iňňildäp aglady, nalyş etdi. Pygamberimiz Muhammet Mustafa (sallallahu aleýhi we sellem) onuň bu ýagdaýyny eşidende, sahabalary bilen bile hezreti Alynyň (radyýallahu anhu) ýanyna geldi. Onuň halyny görende, kainatyň serweri bolan Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) hem aglap başlady. Ol doga etdi. Gün ýene ýokary galdy. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem): “Eý Aly! Başyňy galdyr, gün heniz görünýär” diýdi. Hezreti Aly (radyýallahu anhu) muňa örän begendi we namazyny okady. Bir gije hezreti Abu Bekir Syddyk (radyýallahu anhu) köp ybadat edenligi üçin, gijäniň ahyrynda ony uky basdy. Witr namazy geçdi. Ertir namazynda ol Pygamberimiziň yzyndan baryp, metjidiň gapysynda onuň huzuryna geldi we: “Ýa Resulallah! Kömegime ýetiş, witr namazym geçdi” diýip aglap ýalbardy. Resulullah hem aglap başlady. Şondan soň Jebraýyl aleýhisselam gelip: “Ýa Resulallah! Syddyga aýt, Allahu tagala ony bagyşlady” diýdi. Öwlüýäleriň beýiklerinden Baýezit Bistamyny (kuddise sirruh) bir gije uky basyp, ol ertir namazyna oýanyp bilmedi. Ol şeýle bir aglap iňňildedi welin, hatda bir ses eşitdi: “Eý Baýezit! Bu kemçiligiňi bagyşladym. Bu aglamagyň bereketi bilen saňa goşmaça ýetmiş müň namazyň sogabyny berdim.” Birnäçe aýdan soň ony ýene uky basdy. Şeýtan gelip, ony mübärek aýagyndan tutup oýardy. “Tur, namazyň geçip barýar!” diýdi. Baýezit Bistamy hezretleri şeýle diýdi: “Eý nälet siňen, sen beýle işi nädip edýärsiň? Sen her kesiň namazynyň geçmegini, wagtynyň geçirilmegini isleýärsiň ahyry. Meni näme üçin oýardyň?” Şeýtan şeýle diýdi: “Ertir namazyňy geçiren güni sen aglap, ýetmiş müň namazyň sogabyny gazanypdyň. Şu gün şony oýlanyp, bir wagt namazyň sogabyny tapaýsyn, ýetmiş müň namazyň sogabyna ýetip bilmesin diýip, seni oýardym!”

“Namaz okamaýanyň yslamdan nesibesi ýokdur!” Hadysy şerif

Beýik weli Jüneýt Bagdady hezretleri şeýle diýdi: “Dünýäniň bir sagady kyýamatyň müň ýylyndan has gowudyr. Çünki bu bir sagatda salyh, kabul bolan bir amal edip bolýar, ol müň ýylda bolsa hiç zat edip bolmaýar.” Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Bir adam bir namazy bilip-bilip beýleki namaza birleşdirse, ol dowzahda segsen hukbe ýanar”. Bir hukbe ahyretiň segsen ýylydyr. Ahyretiň bir güni dünýäniň müň ýylydyr. Şeýle bolsa, eý din doganym! Wagtyňy boş, peýdasyz zatlar bilen geçirme. Zamanyňyň gadyryny bil. Wagtyňy iň gowy işlere sarp et. Söýgüli Pygamberimiz şeýle diýdi: “Musybatlaryň iň ulusy wagty peýdasyz zatlar bilen geçirmekdir”. Kyýamat güni puşman etmezlik we örän uly sogaba ýetmek üçin namazlaryňy öz wagtynda oka! Hadysy şerifde şeýle diýildi: “Bir namazy öz wagtynda okaman, kaza galdyryp, ony ýerine ýetirmänkä wepat bolan adamyň mazaryna dowzahdan ýetmiş penjire açylar we ol kyýamata çenli azap çeker”.

Bir namazyny bilip-bilip wagtynda okamaýan, ýagny namaz wagty geçip barýarka namaz okamanlygy üçin gynanmaýan adam dinden çykar ýa-da ölende imansyz gider. Namazy ýadyna-da salmaýanlaryň, namazy wezipe hasaplamaýanlaryň ýagdaýy näme bolar? Namaza ähmiýet bermeýänleriň, ony wezipe hasaplamaýanlaryň murtat, ýagny kapyr boljakdyklaryny dört mezhebiň ähli alymlary agzybirlik bilen bildirdiler. Namazy bilip-bilip okaman, kaza etmegi-de pikir etmeýän we munuň üçin azap çekjekdiginden gorkmaýan adamyň hem murtat, ýagny kapyr boljakdygy Abdylgany Nablusy hezretleriniň “Hadykatun-nediýýe” kitabynyň “Diliň apatlary” bölüminde ýazylgydyr.

Namaz kimlere parzdyr

Namaz okamak akylly we baluglyk döwrüne giren her bir erkek we aýal musulmana parzdyr. Namazyň parz bolmagy üçin üç şert bardyr:

1. Musulman bolmak. 2. Akylly bolmak. 3. Baluglyk döwrüne girmek.

Dinimizde akylly bolmadyk we baluglyk döwrüne girmedik kiçi çagalar namaz okamakdan jogapkär däldirler. Emma ene-atalar çagalaryna din ylymlaryny öwretmeli we olara ybadat etmegi endik etdirmelidirler. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Siziň hemmäňiz bir sürüniň çopany ýalysyňyz! Çopanyň öz sürüsini goraýşy ýaly, siz hem öýüňizdäkileri we golastyňyzdakylary dowzahdan goramalysyňyz! Olara musulmançylygy öwretmelisiňiz! Öwretmeseňiz, jogapkär bolarsyňyz”. Başga bir hadysy şerifde ol şeýle diýdi: “Ähli çagalar musulmançylyga laýyk we ukyply bolup dünýä inýärler. Soňra olary ene-atalary hristian, ýahudy we dinsiz edýärler”. Şeýle bolsa, her bir musulmanyň birinji wezipesi çagalaryna yslamy, Kurany Kerim okamagy, namaz okamagy, imanyň we yslamyň şertlerini öwretmekdir. Çagasynyň musulman bolmagyny, dünýäde we ahyretde rahatlyga, asudalyga ýetmegini isleýän ene-atalar ilki şu wezipelerini ýerine ýetirmelidirler. Yslam ylymlary we gözel ahlak berilmedik çaga erbet ýoldaky adamlara çalt aldanýar. Ol öz ene-atasyna, döwletine we milletine zyýanly bolýar.

Biz bu ýerde namaz bilen bagly meseleleri hanafy mezhebi boýunça, şol mezhebiň beýik alymlarynyň kitaplaryndan alyp, sadalaşdyryp beýan etdik.

Musulmanlara okamak buýrulan namazlar üç topara bölünýär: parz, wajyp we nafile (goşmaça). 1. Parz namazlar: bäş wagt namazyň parzlary, anna namazynyň iki rekagat parzy we jynaza namazy parz namazlardyr. (Jynaza namazy parzy kifaýadyr.) 2. Wajyp namazlar: witr namazy, baýramçylyk namazlary, nezir edilen namaz we başlanyp, ýarym galan nafile namazlar. Kaza galan witr namazynyň kazasyny okamak hem wajypdyr.

3. Nafile namazlar: bäş wagt namazyň sünnetleri, terawyh namazy we sogap gazanmak niýeti bilen okalýan tehejjüt, tahiýýatul-mesjit, işrak, duha, ewwabin, istihare, tesbih namazlary ýaly namazlar nafile namazlardyr. Ýagny olary okamak buýruk däldir. Parz we wajyp namazlardan bergisi bolmadyk adama nafile ybadatlary üçin hem sogap berilýär.

Bäş wagt namaz

Pygamberimiz Muhammet aleýhisselam şeýle diýdi: “Allahu tagala gullaryna her gün bäş gezek namaz okamagy parz etdi. Gowy täret alyp, bu bäş namazy öz wagtlarynda okaýan we rukugyny, seždelerini gowy edýänleri Allahu tagala bagyşlaýar we günälerini ötýär”.

Bäş wagt namaz kyrk rekagatdyr. Olaryň on ýedi rekagaty parz, üç rekagaty wajyp, ýigrimi rekagaty sünnetdir. Ýagny: 1. Ertir namazy – dört rekagatdyr. Ilki iki rekagat sünneti, soňra iki rekagat parzy okalýar. Bu sünnet örän güýçlüdir. Ony wajyp diýýänler hem bardyr. 2. Öýle namazy – on rekagatdyr. Ilki dört rekagat ilkinji sünneti, soňra dört rekagat parzy, parzdan soň hem iki rekagat soňky sünneti okalýar.

3. Ikindi namazy – sekiz rekagatdyr. Ilki dört rekagat sünneti, soňra dört rekagat parzy okalýar.

4. Agşam namazy – bäş rekagatdyr. Ilki üç rekagat parzy, soňra iki rekagat sünneti okalýar. 5. Ýassy namazy – on üç rekagatdyr. Ilki dört rekagat sünneti, soňra dört rekagat parzy, soňra iki rekagat soňky sünneti, ondan soň hem üç rekagat witr namazy okalýar.

Namazyň parzlary

Parz – Allahu tagalanyň bir zadyň edilmegini isleýän kesgitli buýrugydyr. Bir ybadatyň parzlary ýerine ýetirilmese, ol ybadat sahyh (dogry) bolmaz. Namaz okalanda on iki şerti ýerine ýetirmek parzdyr. Bu parzlaryň ýedisi namazyň daşynda, bäşisi bolsa içindedir. Daşyndaky parzlara şertler, içindäkilere bolsa rukunlar (esaslar) diýilýär. [Käbir alymlar tahrime tekbiriniň (başlangyç tekbiriň) namazyň içindedigini aýtdylar. Olara görä, namazyň şertleri hem, rukunlary hem altydyr.] Namazyň şertleriniň şunça köp bolmagy onuň uly bir işdigini we ybadatlaryň iň möhümidigini görkezýär. Mundan başga-da, onuň wajyplary, sünnetleri, müstehaplary, mekruhlary, müfsitleri hem bulara goşulsa, gulyň Rebbiniň huzurynda nähili durjakdygy, nähili durmalydygy düşnükli bolýar. Gullar ejiz, güýçsüz, biçäre mahluklardyr. Olar her demde özlerini ýaradan Allahu tagala mätäçdirler. Namaz gula onuň ejizligini bildirýän ybadatdyr.

“Bir namazy öz wagtynda okaman, kaza galdyryp, ony ýerine ýetirmänkä wepat bolan adamyň mazaryna dowzahdan ýetmiş penjire açylar we ol kyýamata çenli azap çeker” Hadysy şerif

A) Namazyň şertleri

Namazyň daşyndaky parzlary, ýagny şertleri ýedidir. Olar şulardyr:

1. Hadesden tahara (arassalanmak)

Ýagny täretsiz adamyň täret almagy, jünüp adamyň bolsa gusul etmegi.

Hanafy mezhebi boýunça täret nähili alynýar

Sünnet boýunça täret almak üçin: 1. Täret alyp başlanda eller bileklere çenli üç gezek ýuwulýar. 2. Sag el bilen agza üç gezek suw berilýär. 3. Sag el bilen burna üç gezek suw berip, çep el bilen sümkürilýär. 4. Aýalara suw alyp, maňlaýdan eňegiň aşagyna çenli we çekgelere çenli ýüz (üç gezek) ýuwulýar. Ýüzi bir gezek ýuwmak parzdyr. Ýüzi ýuwjak wagty ýürek bilen niýet edilýär. 5. Çep el bilen sag gol (üç gezek) tirsege çenli ýuwulýar. 6. Sag el bilen çep gol (üç gezek) tirsegi bilen bile ýuwulýar. Iki goly tirsekleri bilen bile bir gezek ýuwmak parzdyr. 7. Iki goly ýuwandan soň, elleri täzeden öllemek bilen, şol öllük bilen başa mesh edilýär (sypalanýar), bu parzdyr. Ondan soň gulaklara we ensä mesh edilýär. Bu soňky üçüsini bile etmek üçin iki el öllenip, iki elde hem üç sany inçe barmak biri-birine ýelmeşdirilip, olaryň içki tarapy başyň öňünde, saçyň başlanýan ýerine goýlar ýaly edilip, iki el başa goýulýar. Iki eliň bu üç barmagynyň uçlary biri-birine degip durmalydyr. Başam barmaklar, süýem barmaklar we aýalar howada bolup, başa degmeýär. Iki el yza tarap çekilip, üç barmak bilen başa mesh edilýär. Eller arkadaky saçyň gyrasyna ýetende, üç barmak başdan aýrylyp, iki eliň aýasy kelläniň gapdalyndaky saçlaryň üstüne ýelmeşdirilip, yzdan öňe çekilip, başyň gapdallary mesh edilýär. Soňra süýem barmaklar gulaklaryň içki tarapyna, başam barmaklaryň içki ýüzi gulagyň arkasyna goýlup, gulaklar ýokardan aşak mesh edilýär. Soňra galan üç barmagyň daşky ýüzi ensä goýlup, ensäniň ortasyndan iki tarapyna çekilip mesh edilýär. [Başa şeýle mesh etmek maliki mezhebinde parzdyr.] 8. Ensä mesh edenden soň aýaklar ýuwulýar: ilki sag aýak, çep eliň çinnek barmagy bilen, çinnek barmakdan başlap başam barmaga çenli aýak barmaklarynyň arasyny hilallap (barmak bilen arasyndan geçirip), topugy bilen bile (üç gezek) ýuwulýar. Soňra çep aýak, aýak barmaklarynyň arasyny bu gezek başam barmakdan başlap çinnek barmaga tarap, ýene çep eliň çinnek barmagy bilen hilallap, topugy bilen bile (üç gezek) ýuwulýar. Şeýlelikde iki aýagy iki gapdalyndaky topuk süňkleri bilen bile bir gezek ýuwmak parzdyr.

Bir hadysy şerifde Resulullah şeýle diýdi: “Kimde-kim täret alandan soň ‘Inna enzelnahu’, ýagny Gadyr süresini bir gezek okasa, Allahu tagala ony syddyklardan (dogruçyllardan) ýazar. Iki gezek okasa, şehitlerden ýazar. Üç gezek okasa, pygamberler bilen bile direlip, magşara getiriler”.

Ýene bir hadysy şerifde ol şeýle diýdi: “Kimde-kim täret alandan soň maňa on gezek salawat we salam aýtsa, Allahu tagala onuň gam-gussasyny aýryp, ony şatlandyrar we dogasyny kabul eder”.

Täreti bozýan zatlar

Ýedi zat täreti bozýar, olar şulardyr:

1. Öňden we yzdan çykýan zatlar. 2. Agyzdan çykýan nejis zatlar: a) gusmak, agyz dolusy bolsa; b) tüýkürende gan tüýkülikden köp bolsa. 3. Deriden çykýanlar: a) gan, irin we sary suw öz-özünden akyp çyksa; b) çybanyň we ýaranyň ganyny, sary suwuny pagta sorup alsa. 4. Ýatmak: gapdalyna ýatyp ýa-da tirsegine, ýa-da bir zada söýenip uklasa, täret bozulýar. 5. Huşuny ýitirmek, däli bolmak, tutgaý keseli tutmak ýa-da ýöräninde ýaýkanar ýaly derejede serhoş bolmak täreti bozýar. 6. Rukugy we seždeleri bolan namazda kahkaha bilen (sesli) gülmek namazy hem, täreti hem bozýar. Emma çaganyň täreti bozulmaýar.

Namazda ýylgyrmak (tebessüm) namazy hem, täreti hem bozmaýar. Gülküni ýanyndakylar eşitse, oňa kahkaha diýilýär. Özi hem eşitmese, oňa tebessüm diýilýär. 7. Mübaşereti fahyşa, ýagny äriň we aýalyň ýalaňaç halda awrat ýerleriniň biri-birine süýkenmegi äriň hem, aýalyň hem täretini bozýar. Täret alandygyny bilip, soňra onuň bozulandygyna şübhelense, täreti bar diýlip kabul edilýär. Täretiniň bozulandygyny bilip, soňra täret alandygyna şübhelense, täret almalydyr.

Gusul (doly täret)

Namazyň sahyh, ýagny dogry bolmagy üçin täretiň we gusluň dogry bolmagy gerekdir. Jünüp bolan her bir aýala we erkege, şeýle hem haýyzdan we nifasdan arassalanan aýallara namaz wagtynyň ahyrynda şol namazy okar ýaly wagt galanda gusul etmek parzdyr. Jünüp bolmak jyma (jynsy gatnaşyk) we ihtilam (ukuda meni gelmegi) bilen bolýar. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär: “Gusul etmäge turan adama bedenindäki gyllaryň sany ýaly [ýagny örän köp] sogap beriler, şonça günäsi bagyşlanar. Jennetdäki derejesi ýokarlanar. Gusly üçin oňa beriljek sogap dünýädäki ähli zatlardan has haýyrly bolar. Allahu tagala perişdelere: ‘Bu guluma serediň! Ol gijesine ýaltanman turup, Meniň buýrugymy oýlanyp, jünüplikden gusul edýär. Şaýat boluň, Men bu gulumyň günälerini bagyşladym we ötdüm’ diýer”.

“Ähli çagalar musulmançylyga laýyk we ukyply bolup dünýä inýärler. Soňra olary ene-atalary hristian, ýahudy we dinsiz edýärler” Hadysy şerif

Gusluň parzlary

Hanafy mezhebi boýunça gusluň parzy üçdür: 1. Agzyň içini ýuwmak. Agzyň içinde iňňäniň ujy ýaly hem öllenmedik ýer galsa ýa-da dişleriň üsti we diş çukurlary öllenmese, gusul bolmaz.

2. Burny ýuwmak. Burundaky guran hapanyň aşagyna we agyzdaky çeýnelen çöregiň aşagyna suw geçmese, gusul bolmaz.

Hanbaly mezhebinde agzy we burny ýuwmak täret alanda hem, gusulda hem parzdyr. Şafygy, maliki we hanbaly mezheplerinde gusul edilende niýet etmek hem parzdyr.

3. Bedeniň her ýerini ýuwmak. Göbegiň içini, murty, gaşlary we sakgaly, olaryň aşagyndaky derini we başdaky saçlary ýuwmak parzdyr. Dyrnaklarda, dodaklarda, göz gapaklarynda ýa-da bedeniň islendik ýerinde suw geçirmeýän maddalar bolsa [dyrnakda lak bolsa], gusul edilen hasap edilmeýär.

Gusul nähili edilýär

Hanafy mezhebinde sünnet boýunça gusul şeýle edilýär:

1. Ilki, arassa bolsalar-da, iki eli, awrat ýerini we bedeniň nejasatly (hapaly) ýerlerini ýuwmalydyr.

2. Soňra doly namaz täretini almaly, ýüzüni ýuwanda gusla niýet etmelidir. Aýagyň aşagynda suw ýygnanmaýan bolsa, aýaklary hem ýuwmalydyr.

3. Soňra tutuş bedene üç gezek suw dökmelidir: ilki üç gezek başa, soňra sag egne, soňra çep egne dökmelidir. Her gezek dökülende şol tarap doly öllenmelidir. Birinji gezek dökülende bedeni owkalamalydyr. Gusulda bir agza dökülen suw beýleki agzalara akyp düşse, ol ýer hem arassalanýar, çünki gusulda tutuş beden bir agza hasaplanýar. Täret alnanda bir agza dökülen suw bilen başga agza öllense, ol ýuwlan hasap edilmeýär. Gusul tamamlanandan soň täzeden täret almak mekruhdyr. Emma gusul edilýärkä namaz täreti bozulsa, ony täzeden almak gerekdir.

Dişleri gaplanan (koronkaly) we plombaly adamlar üçin möhüm düşündiriş

Hanafy mezhebinde diş aralary we diş çukurlary öllenmese, gusul doly bolmaýar. Şonuň üçin dişler gaplanan ýa-da plombalanan bolsa, gusul sahyh bolmaýar. Adam jenabatdan (jünüplikden) arassalanyp bilmeýär. Altyndan, kümüşden we nejis bolmadyk başga maddalardan ýasalan koronkalaryň we plombalaryň aşagyna suw girmeýänligi sebäpli, hanafy mezhebi alymlarynyň hemmesine görä gusul jaýyz bolmaýar. Öz mezhebindäki bir parzy ýerine ýetirip bilmeýän adam diňe şol parzy ýerine ýetirmek üçin başga mezhebe taklyt etmelidir (eýermelidir). Emma muny edende, ol taklyt edýän mezhebiniň täret bilen bagly şertlerini hem ýerine ýetirmelidir. Maliki we şafygy mezheplerinde gusulda agzyň içini ýuwmak parz däldir.

Koronkaly ýa-da plombaly, hanafy mezhebindäki adamyň maliki mezhebine [ýa-da şafygy mezhebine] taklyt etmegi üçin gusulda, täret alanda we namaza niýet edende imam Malige [ýa-da imam Şafyga] eýerýändigini ýadyna salmagy ýeterlikdir. Ýagny gusul edip başlanda ýüreginden: “Gusul etmäge we maliki mezhebine [ýa-da şafygy mezhebine] eýermäge niýet etdim” diýip geçiren adamyň gusly sahyh bolýar.

Agzynda koronka ýa-da plomba bolan hanafy mezhebindäki adam şeýle niýet edende, onuň gusly, ýagny doly täreti sahyh bolýar. Ol jünüplikden arassalanýar, päk bolýar. Maliki [ýa-da şafygy] mezhebine taklyt edende, onuň täreti we namazlary hem sahyh bolýar. Ol koronkasy we plombasy bolmadyklara hem imam bolup bilýär.

Beýleki üç mezhepde gusluň parzlary

Maliki mezhebinde:

1. Niýet,

2. Delk (owkalamak),

3. Muwalat,

4. Saçlary we sakgaly hilallamak (barmaklar bilen arasyndan geçirmek),

5. Bedeniň her ýerini ýuwmak.

Şafygy mezhebinde:

1. Niýet,

2. Bedeniň her ýerini ýuwmak. [Şafygyda gusluň parzy üçdür diýlende, bedendäki nejasaty (hapany) arassalamak göz öňünde tutulýar. Beden ýuwlanda nejasat hem arassalanan bolýanlygy üçin, gusluň parzy ikidir diýilmeginiň zyýany ýokdur.]

Hanbaly mezhebinde gusluň parzy birdir – tutuş bedeni ýuwmak. Bu gusluň rukny, ýagny gusluň içindäki parzdyr. Gusul edip başlanda niýet etmek we Bismilla aýtmak hem parzdyr. Agzyň we burnuň içi bedeniň daşy hasaplanýanlygy üçin, olary ýuwmak hem parzdyr.

1. Niýet etmek,

2. Bismilla aýtmak,

3. Agzyň içini ýuwmak,

4. Burnuň içini ýuwmak,

5. Bedeniň her ýerini ýuwmak.

Beýleki üç mezhepde täretiň parzlary

Maliki mezhebinde:

1. Niýet,

2. Ýüzi ýuwmak,

3. Iki goly ýuwmak,

“Gusul etmäge turan adama bedenindäki gyllaryň sany ýaly [ýagny örän köp] sogap beriler, şonça günäsi bagyşlanar. Jennetdäki derejesi ýokarlanar” Hadysy şerif

4. Başyň hemmesine mesh etmek [gulak ýumşagynyň deňindäki deri we saçlar başa degişlidir]. 5. Iki aýagy ýuwmak. 6. Muwalat [agzalary arakesme goýman, yzly-yzyna ýuwmak],

7. Delk [ýuwlan ýeri owkalamak].

Şafygy mezhebinde:

1. Niýet,

2. Ýüzi ýuwmak,

3. Iki goly ýuwmak,

4. Başyň az bir bölegine mesh etmek,

5. Iki aýagy ýuwmak,

6. Tertip [tertip bilen ýuwmak].

Hanbaly mezhebinde:

1. Niýet,

2. Bismilla aýtmak,

3. Ýüzi ýuwmak,

4. Agzy ýuwmak,

5. Burny ýuwmak,

6. Iki goly ýuwmak,

7. Başyň hemmesine mesh etmek [gulaklar başa degişlidir],

8. Iki aýagy ýuwmak,

9. Tertip. 10. Muwalat.

Teýemmüm

Teýemmüm – toprak bilen arassalanmak diýmekdir. Täret almak ýa-da gusul etmek üçin suw tapylmasa ýa-da suw bar bolsa-da, ony ulanmak mümkin bolmadyk ýagdaýlarda arassa toprak, çäge, hek we daş ýaly toprak jynsyndan bolan arassa bir zat bilen teýemmüm edilýär. Hanafyda namaz wagty girmezden öň hem teýemmüm edip bolýar. Beýleki üç mezhepde wagt girmezden öň jaýyz däldir.

Teýemmümiň parzlary

Teýemmümiň parzy üçdür: 1. Niýet etmek. 2. Iki eliň içini arassa topraga sürtüp, ýüzüň hemmesine mesh etmek. 3. Elleri arassa topraga urup, ilki sag, soňra çep gola mesh etmek. Teýemmümiň parzy ikidir diýýänler hem bardyr: olar ikinji we üçünji parzy bir parz hökmünde aýdýarlar. Iki aýdylyşy hem dogrudyr.

Täret üçin hem, gusul üçin hem teýemmüm birmeňzeş edilýär.

Teýemmüm nähili edilýär

1. Ilki jünüplikden ýa-da täretsizlikden arassalanmak üçin niýet edilýär. Teýemmüm bilen namaz okap bilmek üçin diňe teýemmüme niýet etmek ýeterlik däldir. Ybadat bolan bir zat, mysal üçin, jynaza namazyny okamak, tilawat seždesini etmek üçin ýa-da täret üçin, ýa-da gusul üçin teýemmüm etmäge niýet gerekdir. Teýemmüme niýet edilende täret bilen gusly saýgarmagyň zerurlygy ýokdur. Täret üçin niýet etmek bilen adam jenabatdan hem arassalanýar. Jenabatdan arassalanmaga niýet edilen teýemmüm bilen namaz okap bolýar. Täret üçin ikinji teýemmümiň zerurlygy ýokdur.

2. Iki goluň ýeňini tirseklerden ýokary çermäp, iki eliň içini arassa topraga, daşa, toprak ýa-da hek bilen suwalan diwara sürtüp, iň bolmanda üç barmak deger ýaly edip, iki aýa bilen ýüze bir gezek mesh etmek, ýagny sypalamak. El ýüzüň iňňäniň ujy ýaly ýerine degmese, teýemmüm edilen bolmaýar. Ýüze doly mesh etmek üçin aýalar açyk, dört barmak biri-birine ýelmeşen we iki eliň ikişer uzyn barmagynyň uçlary biri-birine degip duran ýagdaýda, aýalar saçyň başlanýan ýerine goýlup, eňege tarap haýal-haýal aşak düşürilýär. Ýatyrylyp tutulan barmaklar maňlaýy, göz gapaklaryny, burnuň iki gapdalyny, dodaklaryň üstüni we eňegiň ýüz bölegini gowy sypalamalydyr. Bu wagt aýalar hem ýaňaklary sypalaýar.

3. Iki aýany täzeden topraga sürtüp, tozanyny-topragyny kakmak üçin biri-birine urandan soň, ilki çep eliň dört barmagynyň içi bilen sag goluň aşaky ýüzüni barmagyň ujundan tirsege tarap sypalap, soňra goluň içki ýüzüni çep aýa bilen tirsekden aýa çenli sypalamak, soňra çep başam barmagyň içi bilen sag başam barmagyň daşyny sypalamakdyr. Ýüzügi çykarmak gerekdir. Soňra edil şonuň ýaly sag el bilen çep gol sypalanýar. Eliň aýasyny topraga sürtmek gerekdir. Topragyň, tozanyň elde galmagy hökman däldir.

Teýemmümi bozýan zatlar

Teýemmümi gerek eden özür ýagdaýy aradan aýrylanda, suw tapylanda, şeýle hem täreti we gusly bozýan ýagdaýlarda teýemmüm hem bozulýar.

Aýallaryň haýyz (aýbaşy) we nifas ýagdaýlary1

Haýyz – sekiz ýaşyny doldurup, dokuz ýaşyna giren, saglygy ýerinde gyzdan ýa-da öňki aýbaşy wagtynyň soňky minudyndan on bäş gün geçen aýaldan gelýän we iň azyndan üç gün dowam edýän gandyr. Akdan başga her reňkdäkisine we bulanygyna haýyz gany diýilýär. Gyz haýyz görüp başlanda baluglyk döwrüne girýär, aýal hökmünde bolýar we diniň buýruklaryndan we gadaganlyklaryndan jogapkär bolýar. Ganyň görlen pursadyndan kesilen gününe çenli bolan günleriň sanyna adat wagty diýilýär. Bu wagtyň iň azy 3, iň köpi 10 gündür. Her bir aýal öz adatynyň günleriniň sanyny we sagadyny bilmelidir. Sekiz ýaşyny dolduran gyza enesiniň, enesi bolmasa, mamalarynyň, uly aýal doganlarynyň, bibileriniň we daýzalarynyň haýyz we nifas ylmyny öwretmegi parzdyr.

“Dogalaryň we ystygfaryň kabul bolmagy üçin namazlary okamak, haramlardan saklanmak we olary täretli okamak gerekdir. Ystygfary we dogalary täretli okamak müstehapdyr” Se’âdet-i Ebediyye

Nifas – çaga dogurandan soň gelýän gan, ýagny aýaldan çaga doglandan soň gelýän gandyr. Bu ganyň iň az möhleti ýokdur. Gan kesilende, aýal derrew gusul etmelidir. Onuň iň köp möhleti 40 gündür. 40 gün dolanda gan kesilmese-de, ol gusul edip, namaz okap başlaýar. 40 günden soň gelýän gan istihazadyr (ýagny özürdir).

Aýallar nifas günlerini hem ýat bilmelidirler. Şeýle ganlara istihaza (özür gany) diýilýär: 3 günden, ýagny ýetmiş iki sagatdan bäş minut hem bolsa az bolan gan; täze başlan gyzda 10 günden köp dowam eden gan; ilkinji gezek bolmadyklarda adatyndan artyp, 10 günden hem geçen gan; şeýle hem göwreli aýaldan, 55 ýaşyny geçen aýaldan (aýiseden) we dokuz ýaşdan kiçi gyzlardan gelýän gan.

Bu gan hassalyk alamatydyr. Onuň uzak wagt akmagy howply bolup, lukmana ýüz tutmak gerekdir. Istihaza günlerindäki aýal ýygy-ýygydan burnundan gan akýan adam ýalydyr: bu ýagdaýda ol namaz okap we oraza tutup bilýär. Haýyz we nifas ýagdaýynda aýal namaz okap bilmeýär we oraza tutup bilmeýär. Ol tilawat seždesini we şükür seždesini edip bilmeýär. Ol Kurany Kerime [mushafy şerife] elini degirip bilmeýär. Ol jamy metjide-de, adaty metjide-de girip bilmeýär, Käbäni towap edip bilmeýär, jynsy gatnaşykda bolup bilmeýär. Arassalanandan soň ol orazalarynyň kazasyny tutýar, namazlarynyň kazasyny okamaýar. Sežde aýatyny eşiden jünüp ýa-da täretsiz adam arassalanandan soň tilawat seždesini edýär. Emma haýyzly we nifasly aýala arassalanandan soň hem tilawat seždesi gerek däldir.

Aýal haýyzyň başlanandygyny ärine bildirmelidir. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Haýyzyň başlanandygyny we gutarandygyny ärinden gizleýän aýal näletlidir”. Haýyz ýa-da nifas kesilende, derrew gusul edip ýuwunmak Allahu tagalanyň buýrugy, ýagny parzdyr.

Maliki mezhebinde haýyz we nifas

Maliki mezhebinde dokuz ýaşyna ýeten gyzyň öňünden hiç hili sebäpsiz akyp çykýan gyzyl, sary ýa-da bulanyk gana haýyz gany diýilýär. Ol akyp başlan badyna haýyz bolýar. Dowam etse, 15 günden azy adat, artygy istihaza bolýar. Indiki aýda adaty üýtgese, adatlarynyň iň köpüsine 3 gün goşulany haýyz bolýar. Ondan artygy we 15 günden artygy istihazadyr. Kürsuf (pagta tampon) gury ýa-da öl, ýöne ak bolsa, haýyzyň kesilendigi düşnükli bolýar. 70 ýaşdan soň gelýän gan haýyz bolmaýar, istihaza bolýar. Gan arakesmeler bilen dowam etse, kesilen günleri arassa hasap edilýär. Arassalygyň iň az möhleti 15 gündür. 15 gün geçmänkä gelen gan istihaza bolýar. Beýle arassalyk möhletiniň çägi ýokdur. Gan kesilip, 15 günden soň başlasa, haýyz bolýar. Çaga dogrulmazdan öň gelen gan haýyzdyr. Garny ýaryp çaga alnanda gelen gan nifas bolmaýar. Nifasyň iň köp möhleti 60 gündür. Gan 15 gün kesilse, aýal tahyr (arassa) bolýar. Ondan soň gelen gan haýyz bolýar.

Şafygy mezhebinde haýyz we nifas

Haýyzyň iň azy 1 gün, iň köpi 15 gündür. 15 günden köp gelse, ol istihaza [özür] bolýar. Arassalyk möhleti 15 gündür.

15 gün dolmanka gan gelse, bu haýyz däl, istihazadyr. 9 ýaşdan kiçi gyzdan we aýiseden [60 ýaşdan soň] gelýän gan haýyz bolmaýar, özür bolýar.

Nifasyň iň köp möhleti 60 gündür. Iň azy üçin çäk ýokdur. Göwreli aýaldan gelýän gan haýyzdyr. Nifas ganlarynyň arasyndaky arassa günler 15 günden az bolsa, nifas hasaplanýar. Nifas ganlarynyň arasynda 15 ýa-da ondan hem köp gün arassalyk bolsa, nifas eýýäm gutardy diýmekdir. 60 güne garaşmak gerek däldir. Arassalykdan 15 ýa-da ondan köp gün soň gan gelse, bu nifas gany däl, haýyz gany bolýar.

Hanbaly mezhebinde haýyz we nifas

Haýyzyň iň azy 1 gün, iň köpi 15 gündür. 15 günden köp gelse, ol istihaza [özür] bolýar. Ikinji haýyzyň bolmagy üçin arada iň azyndan 13 gün geçmelidir. 13 gün geçmänkä gan gelse, bu haýyz däl, istihazadyr. 9 ýaşdan kiçi gyzdan we aýiseden [50 ýaşdan soň] gelýän gan haýyz bolmaýar, özür bolýar.

Göwreli aýaldan gelýän gan haýyz däl, istihazadyr. Nifasyň iň köp möhleti, hanafydaky ýaly, 40 gündür. Iň azy üçin çäk ýokdur. Nifas görýän wagty gan gelmeýän günleri arassadyr: aýal gusul edip, ähli ybadatlaryny edýär. Gan gelýän günleri namazyny, orazasyny goýýar. 40 güne çenli şeýle dowam edýär.

2. Nejasatdan tahara (arassalanmak)

Bedende, eşikde we namaz okaljak ýerde nejasatyň, hapanyň bolmazlygy. Ýaglyk, baş geýimi, selle, mesi we kowuş hem eşikden hasaplanýar. Boýna dolanan şarfyň sallanyp duran bölegi namaz okaýan bilen bile hereket edýänligi üçin eşik hasaplanýar, ol arassa bolmasa, namaz kabul bolmaýar. Düşegiň basylan we baş goýlan ýeri arassa bolsa, onuň başga ýerinde nejasat bolsa-da, namaz kabul bolýar, çünki düşek şarf ýaly bedene ýelmeşip durmaýar. Emma ýapyk çüýşäniň içinde peşew göterýäniň namazy jaýyz bolmaýar, çünki çüýşe peşewiň emele gelýän ýeri däldir. [Mundan şu düşnükli bolýar: jübüsinde ýapyk odekolon, spirt, ýod çüýşesi ýa-da ýapyk gutuda ganly ýaglyk, nejis mata bar wagty namaz okamak jaýyz däldir.] Iki aýagyň basýan we sežde edilýän ýeri arassa bolmalydyr. Nejasatyň üstüne ýazylan mata, aýna, neýlon üstünde okalan namaz kabul bolýar. Seždede eşigiň etekleri gury nejasata degse, zyýany ýokdur.

“Haýyzyň başlanandygyny we gutarandygyny ärinden gizleýän aýal näletlidir” Hadysy şerif

Istinja, istibra we istinka

Belli ýerlerden (öňden we yzdan) nejasat çykanda, bu ýerleri arassalamaga istinja diýilýär.

Istibra – kiçi täret edenden soň, peşew haltasynyň öllügi gidýänçä gezmek ýa-da başga ýol bilen wagt geçirmekdir. Istinka – peşew ýolunda peşewiň galmandygyna ýa-da bedende nejasatyň galmandygyna ýüregiň rahatlanmagydyr (ynanmagydyr).

Aýallar istibra etmeýärler. Erkekleriň ýöräp, üsgürip ýa-da çep tarapyna ýatyp istibra etmegi, ýagny peşew ýolunda damja galdyrmazlygy wajypdyr. Peşew damjasynyň galmandygyna ynanmazdan täret almaly däldir. Bir damja syzyp çyksa, täret hem bozulýar, eşik hem hapalanýar. Içki eşige aýanyň möçberinden azrak syzyp çyksa, täzeden täret alyp okalan namaz mekruh bolýar. Köp syzyp çyksa, namaz kabul bolmaýar. Istibra etmekde kynçylyk çekýänler peşew deşigine arpa dänesi ýaly ösümlik pagtasyndan pilte goýmalydyr. Syzyp çykan peşewi pagta sorup alýar. Ýöne pagtanyň ujy daşarda galmaly däldir.

3. Setri awrat (awrat ýerlerini örtmek)

Adamyň açmagy, başgalara görkezmegi we başgalaryň seretmegi haram bolan ýerlerine awrat ýerleri diýilýär. Erkekleriň awrat ýerleri göbekden dyzyň aşagyna çenlidir. Dyz awratdyr. Bu ýerler açyk halda okalan namaz kabul bolmaýar. Namaz okalanda bedeniň beýleki böleklerini (gollary, başy) örtmek, jorap geýmek erkeklere sünnetdir. Bu ýerler açyk halda namaz okamak olara mekruhdyr. Aýallaryň aýalaryndan we ýüzlerinden başga ähli ýerleri, elleriniň üsti, saçlary we aýaklary dört mezhepde hem awratdyr. Şonuň üçin aýallara “awrat” diýlipdir. Bu ýerlerini örtmek olara parzdyr. Awrat agzalarynyň biriniň dörtden biri bir rukun dowamynda açyk galsa, namaz bozulýar. Azrak açylsa, bozulmaýar, ýöne namaz mekruh bolýar. Inçe bolup, aşagyndaky agzanyň şekili ýa-da reňki görünýän mata ýok bilen birdir.

Aýallaryň namazdan daşary ýeke wagty dyz bilen göbegiň arasyny örtmegi parz, arkasyny we garnyny örtmegi wajyp, beýleki ýerlerini örtmegi bolsa edepdir.

4. Istikbaly gybla (gybla ýüzlenmek)

Ýagny namazy Käbä tarap okamakdyr. Mekgeýi mükerreme şäherinde ýerleşýän Käbe binasynyň ugruna gybla diýilýär. Ozal gybla Iýerusalim (Kudus) bolupdy. Hijretden on ýedi aý soň, Şagban aýynyň ortasynda, sişenbe güni Käbä ýüzlenmek buýruldy.

Gybla Käbäniň binasy däl-de, onuň durýan ýeridir. Ýagny ýerden Arşa çenli bolan şol boşluk gybladyr. Şonuň üçin deňziň we guýularyň düýbünde, beýik daglarda we uçarlarda namaz şol tarapa ýüzlenip okalýar. Göz nerwleriniň atanaklaýyn ugurlarynyň arasyndaky takmynan 45 graduslyk açyklyk Käbä gabat gelse, namaz sahyh bolýar.

5. Wagt

Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) bir hadysy şerifde şeýle diýdi: “Jebraýyl (aleýhisselam) Käbäniň gapysynyň ýanynda iki gün maňa imam boldy. Ikimiz şapak (fejr) atanda ertir namazyny, gün depeden aýrylanda öýläni, her zadyň kölegesi öz boýy ýaly bolanda ikindini, gün ýaşanda [onuň ýokarky gyrasy gaýyp bolanda] agşamy we şapak garaňkylaşanda ýassyny okadyk. Ikinji güni ertir namazyny howa ýagtylanda, öýläni her zadyň kölegesi öz boýunyň iki essesi bolanda, ikindini şondan soň, agşamy oraza açylýan wagty, ýassyny gijäniň üçden biri geçende okadyk. Soňra ol: ‘Eý Muhammet! Seniň we öňki pygamberleriň namaz wagtlary şudur. Ymmatyň bäş wagt namazyň her birini biziň okan şu iki wagtymyzyň arasynda okasyn’ diýdi”.

Her gün okalmagy buýrulan namazlaryň sanynyň bäşdigi mundan hem düşnükli bolýar. Ertir namazynyň wagty: şapagyň (fejriň) atmagyndan, ýagny gündogarda aklyk başlanandan gün dogýança dowam edýär.

Öýle namazynyň wagty: zatlaryň kölegeleri gysgalyp, uzalyp başlan wagtyndan başlanýar we kölege zadyň öz boýy ýaly uzalýança dowam edýär.

Ikindi namazynyň wagty: öýle wagty gutaranda başlanýar we gün gaýyp bolýança dowam edýär.

Emma gün saralandan soň, ýagny gözýetim çyzygyna bir naýza boýy ýakynlaşanda, ýagny agşama 40 minut galanda her bir namazy okamak haramdyr. Ýagny ikindi namazyny şunça gijikdirmek haramdyr. Emma ikindi namazyny okamadyk bolsa, gün ýaşýança bolsa-da okamalydyr.

Agşam namazynyň wagty: gün gaýyp bolandan soň başlanyp, şapak garaňkylaşýança, ýagny günbatarda gyzyllyk ýitýänçä dowam edýär. Ýassy namazynyň wagty: agşam namazynyň wagty çykandan başlap şapak agarýança dowam edýär. Ýassy namazyny özürsiz şerigat boýunça hasaplanýan ýarygijeden soňa goýmak mekruhdyr.

Namazlary wagtlaryndan öň we soň okamak haramdyr. Bu uly günädir. “Türkiye” gazetiniň taýýarlan diwar senenamalarynda namaz we imsak wagtlary dogry bildirilendir.

“Ybadatlaryň iň gymmatlysy ilkinji wagtynda okalan namazdyr” Hadysy şerif

Kerahat wagtlary

Namaz okamak tahrimen mekruh, ýagny haram bolan wagtlar üçdür. Bu üç wagtda başlanan parzlar sahyh bolmaýar. Olar gün dogup barýarka, ýaşyp barýarka we gün edil depede durka bolan wagtlardyr. Bu üç wagtda öňünden taýýarlanan merhumyň jynaza namazy, tilawat seždesi we sehw seždesi hem jaýyz däldir. Gün ýaşyp barýarka diňe şol günüň ikindi namazy okalýar.

Azan we kamat

Azan – her kese bildirmek diýmekdir. Bäş wagt namaz we kaza namazlary üçin we anna namazynda hatybyň öňünde erkekleriň azan aýtmagy sünneti müekkededir. Aýallaryň azan we kamat aýtmagy mekruhdyr. Azan başgalara wagty bildirmek üçin beýik ýerde aýdylýar. Azan aýdylanda iki eli galdyryp, iki gulagyň deşigine bir barmakdan sokmak müstehapdyr. Kamat aýtmak azandan has efdaldyr. Azan hem, kamat hem gybla tarap aýdylýar. Olar aýdylanda gürleşilmeýär, salama jogap berilmeýär. Azan şeýle aýdylýar: Allahu ekber (4 gezek), Eşhedu en la ilähe illallah (2 gezek),

Eşhedu enne Muhammeden Resulullah (2 gezek),

Haýýe ales-salah (2 gezek),

Haýýe alel-felah (2 gezek),

Allahu ekber (2 gezek),

La ilähe illallah (1 gezek).

Diňe ertir azanynda “Haýýe alel-felah” sözlerinden soň iki gezek (Es-salatu haýrun minen-newm) aýdylýar. Kamatda bolsa azandaky ähli sözler bilen bile “Haýýe alel-felah” sözlerinden soň iki gezek (Kad kametis-salah) diýilýär.

6. Niýet

Niýet iftitah tekbiri (başlangyç tekbir) aýdylanda edilýär. Namaza niýet etmek – onuň adyny, wagtyny, gyblany, imama eýermegi ýürekden geçirmek diýmekdir.

Iftitah tekbirinden soň edilen niýet sahyh bolmaýar we ol namaz kabul bolmaýar. Parzlara we wajyplara niýet edilende, haýsy parzdygyny we haýsy wajypdygyny bilmek gerekdir. Rekagatlaryň sanyna niýet gerek däldir. Sünneti okanda “Namaza” diýip niýet etmek ýeterlikdir. Jynaza namazyna: “Allah üçin namaza, Pygamberimiz üçin salawata, merhum üçin doga, şu ýerde hazyr bolan imama eýerdim” diýip niýet edilýär.

“Gapyllyk bilen, ähmiýet bermän namaz okaýanlar we namazlaryny halkyň ýanynda nyfak (ikiýüzlülik) we riýa (görkezmek üçin etmek) bilen okap, ýeke galanda terk edýänler üçin agyr azap bardyr” Mägun: 4–6

Imamyň erkeklere imam bolmaga niýet etmegi şert däldir. Emma imam şu ýerde hazyr bolan jemagata imam boldum diýip niýet etmese, jemagat bilen okamagyň sogabyna ýetip bilmeýär. Imam bolmaga niýet etse, bu sogaba hem ýetýär. Imamyň “aýallara imam bolmaga” niýet etmegi gerekdir. Ybadatlary edende diňe agyz bilen aýtmaga niýet diýilmeýär. Ýürek bilen niýet edilmese, ybadatlar kabul bolmaýar.

7. Tahrime tekbiri

Ýagny namazy “Allahu ekber” diýip başlamak. Eller aýalary gybla tarap bolar ýaly edilip, gulaklara çenli galdyrylýar. Başam barmaklaryň uçlary gulak ýumşagyna degirilýär. “Allahu ekber” diýlende eller aşak düşürilýär we aýdyp gutaranda eller göbegiň aşagynda baglanan bolýar. Aýallar ellerini egnine çenli galdyryp tekbir aýdýarlar we ellerini döşüniň üstünde çep eli aşakda, sag eli üstde bolar ýaly edip tutýarlar; erkekler ýaly bilegini gurşap tutmaýarlar.

B) Namazyň rukunlary

Namazyň içindäki parzlary, ýagny rukunlary bäşdir. Olar şulardyr:

1. Kyýam

Namazyň bäş ruknunyň birinjisi kyýamdyr. Kyýam – aýak üstünde durmak diýmekdir. Aýak üstünde durup bilmeýän hassa oturyp okaýar. Oturyp bilmeýän hassa arkan ýatyp, başy bilen (yşarat edip) okaýar. Ýüzi asmana däl-de, gybla tarap bolar ýaly, onuň başynyň aşagyna ýassyk goýulýar. Ol aýaklaryny dyzyndan epip goýýar, gybla tarap uzatmaýar. Aýak üstünde durlanda iki aýagyň arasy dört barmak giňligi ýaly açyk bolmalydyr.

2. Kyraat

Sünnetleriň we witriň her rekagatynda, ýeke okanda bolsa parzlaryň iki rekagatynda aýak üstünde Kurany Kerimden bir aýat okamak parzdyr. Gysga süre okamak has sogaplydyr.

Kyraat hökmünde Fatyha süresini okamak wajypdyr. Dört rekagatly parzlaryň ilkinji iki rekagatynda Fatyha we bir zammy süre (goşmaça süre) ýa-da iň bolmanda üç gysga aýat okamak wajyp, soňky iki rekagatynda Fatyha okamak sünnetdir. Wajyp bolan witr namazynyň we sünnet namazlaryň her rekagatynda Fatyha bilen bir zammy süre okamak wajypdyr. Fatyhany süreden öň we bir gezek okamak hem wajypdyr. Fatyha bilen bagly bu bäş wajybyň biri unudylsa, sehw seždesini etmek gerekdir. Kyraatda Kurany Kerimiň terjimesini okamak jaýyz däldir. Ol öz asly boýunça, arap dilinde okalýar.

3. Rukug

Kyýamda kyraatdan soň tekbir aýdyp, rukuga egilýär. Rukugda erkekler barmaklaryny açyp, dyzlaryny berk gysymlap tutýarlar, arkalaryny we başlaryny düz tutýarlar. Rukugda iň bolmanda üç gezek “Subhane Rebbiýel-azym” diýilýär (3, 5, 7, 9 ýa-da 11 gezek aýtmak müstehapdyr). Rukugda gollar we aýaklar dik tutulýar. Aýallar barmaklaryny açmaýarlar. Olar arkalaryny, aýaklaryny we gollaryny dik tutmaýarlar.

Rukugdan kawma galanda “Semigallahu limen hamideh” diýmek imama we ýeke okaýana sünnetdir. Jemagat muny aýtmaýar. Onuň yzysüre “Rebbena lekel-hamd” diýilýär we kawmada dik durulýar, soňra “Allahu ekber” diýip seždä gidilende, ilki sag, soňra çep dyz, soňra sag, soňra çep el, soňra burun we maňlaý ýere goýulýar.

4. Sežde

Seždede iň bolmanda üç gezek “Subhane Rebbiýel-agla” diýilýär (3, 5, 7, 9 ýa-da 11 gezek aýtmak müstehapdyr). El barmaklary biri-birine ýelmeşen, gybla tarap, gulaklaryň deňinde, baş bolsa iki eliň arasynda bolmalydyr. Maňlaýy arassa ýere, ýagny daşa, topraga, tagta, düşegiň üstüne goýmak parz, burny hem bile goýmak wajyp diýildi. Özürsiz diňe burny goýmak jaýyz däldir. Diňe maňlaýy goýmak mekruhdyr.

Iki aýagy ýa-da hiç bolmanda olaryň her biriniň bir barmagyny ýere goýmak parzdyr ýa-da wajypdyr. Ýagny iki aýak ýere goýulmasa, namaz kabul bolmaýar ýa-da mekruh bolýar. Seždede aýak barmaklaryny epip, uçlaryny gybla öwürmek sünnetdir.

Erkekler gollaryny we butlaryny garnyndan aýry tutýarlar. Elleri we dyzlary ýere goýmak sünnetdir. Ökjeleri kyýamda biri-birinden dört barmak giňligi ýaly uzakda, rukugda, kawmada we seždede bolsa birleşdirip tutmak sünnetdir. Seždä gidilende balagyň ujuny ýokary çekmek mekruhdyr, olary ýokary çekip, epip namaza durmak hem mekruhdyr. Ýeňleri, balaklary, etekleri çermelen, epilen, gysga halda namaz okamak mekruhdyr. Ýaltalyk bilen ýa-da başy örtülgi okamagyň ähmiýetini oýlanman, başy açyk namaz okamak mekruhdyr. Namaza ähmiýet bermezlik bolsa küfürdir. Hapa eşik bilen we iş eşigi bilen namaz okamak hem mekruhdyr.

5. Kagdaýy ahyre (soňky oturyş)

Soňky rekagatda “Ettehiýýatu” dogasyny okar ýaly wagt oturmak parzdyr. Oturanda el barmaklary bilen yşarat edilmeýär. Erkekler çep aýagyny barmaklarynyň uçlary saga tarap bakdyryp, ýere ýazýarlar. Olar şol aýagyň üstünde oturýarlar. Sag aýagy dik tutýarlar; onuň barmaklary ýere degýär, barmaklaryň uçlary gybla tarap biraz epilen bolýar. Şeýle oturmak sünnetdir. Aýallar tewerruk bilen, ýagny oturgyç ýerlerini ýere goýup oturýarlar. Olaryň butlary biri-birine ýakyn bolýar. Sag aýagyny sag tarapdan daşary çykarýarlar. Çep aýagy barmaklarynyň uçlary saga öwrülen halda olaryň aşagynda galýar.

Selem agaçlarynyň ösýän ýerindäki
Pygamber dostlaryny ýatlamakmy seni aglatýan?
Aýt, Medine şemalymy seni aglatýan,
Ýa-da gijesine Idem dagyndan çakan ýyldyrymmy?
Kasydaýy Bürde