Söýgüli Pygamberim

YSLAMYŇ ŞERTLERI

Yslam dinine girenlere, ýagny musulmanlara parz bolan, hökman ýerine ýetirilmeli bäş wezipe bardyr. Olar şulardyr:

1. Yslamyň şertleriniň birinjisi – kelimeýi şahadat getirmekdir. Kelimeýi şahadat getirmek – “Eşhedu en la ilähe illallah we eşhedu enne Muhammeden abduhu we resuluhu” diýip aýtmak diýmekdir. Ýagny akylly, baluga ýeten we gürläp bilýän adamyň: “Ýerde hem, asmanda hem Allahdan başga ybadat edilmäge hakly we çokunylmaga mynasyp hiç bir zat, hiç kim ýokdur. Hakyky ybadat edilýän (mabut) diňe Allahu tagaladyr” diýmegi: Ol Wajybul-wujutdyr. Her bir beýiklik Ondadyr. Onda hiç hili kemçilik ýokdur. Onuň ady “Allah”dyr diýmegi we muňa ýüregi bilen berk ynanmagydyr. Şeýle hem: gül reňkli, ak-gyrmyzy, nurly, mähirli ýüzli, gara gaşly we gara gözli, mübärek maňlaýy açyk, gözel häsiýetli, kölegesi ýere düşmeýän, süýji sözli, Arabystanda, Mekgede dünýä inenligi üçin arap diýlip atlandyrylan, Haşym neslinden bolan “Abdyllanyň ogly Muhammet aleýhisselam Allahu tagalanyň guly we resulydyr, ýagny pygamberidir”. Ol Wehbiň gyzy hezreti Äminäniň oglydyr. Elhamdulilla, ol biziň hem söýgüli Pygamberimizdir (sallallahu aleýhi we sellem).

2. Yslamyň bäş şertiniň ikinjisi – şertlerine we parzlaryna laýyklykda her gün bäş gezek wagty gelende namaz okamakdyr. Adam aleýhisselamdan bäri her dinde bir wagt namaz bardy. Olaryň hemmesiniň okan namazlary bir ýere jemlenip, bize parz edildi. Namaz okamak imanyň şerti bolmasa-da, namazyň parzdygyna ynanmak imanyň şertidir. Mükellef [ýagny akylly we baluga ýeten] her bir musulmanyň her gün bäş wagt namaz okamagy parzy aýndyr. Bäş wagt namaz Miraj gijesinde buýruldy. Mirajdan öň diňe ertir we ikindi namazy bardy.

3. Yslamyň bäş şertiniň üçünjisi – malynyň zekatyny bermekdir. “Zekat” sözüniň sözlükdäki manysy arassalyk, öwgi we gowy, gözel ýagdaýa gelmek diýmekdir. Yslamda zekat – zerurlygyndan artyk we nisap diýilýän belli bir çäk möçberinde zekat maly bolan adamyň malynyň belli bir bölegini aýyryp, Kurany Kerimde bildirilen musulmanlara minnet etmän bermegi diýmekdir. Dört mezhepde hem dört hili zekat maly bardyr: altyn we kümüş zekaty, söwda malynyň zekaty, ýylyň ýarysyndan köprägi öri meýdanynda otlaýan dört aýakly etlik mallaryň zekaty we topragyň hasylynyň zekaty. Bu dördünji zekata öşür diýilýär. Öşür ýerden hasyl alnan badyna berilýär. Beýleki üç zekat mal nisap möçberine ýetenden bir ýyl soň berilýär.

4. Yslamyň bäş şertiniň dördünjisi – mübärek Ramazan aýynda her gün oraza tutmakdyr. Oraza tutmaga sawm diýilýär. Sawm sözlükde bir zady bir zatdan goramak diýmekdir. Yslamda bolsa şertlerini berjaý edip, Ramazan aýynda, Allahu tagala buýrany üçin, her gün özüni üç zatdan saklamak diýmekdir. Bu üç zat iýmek, içmek we jynsy gatnaşyk (jyma) etmekdir.

5. Yslamyň bäş şertiniň bäşinjisi – güýji ýetýän adamyň ömründe bir gezek haj etmegidir. Ýol howpsuz we beden sagdyn bolanda, Mekgeýi mükerreme şäherine baryp gelýänçä yzda galdyrýan maşgalasyny, çagalaryny eklemäge ýetjek maldan artyp galan pul bilen ol ýere baryp gelip biljek adamyň ömründe bir gezek ihramly bolup, Käbeýi muazzamany towap etmegi we Arafat meýdanynda wakfa durmagy parzdyr.

“Kurany Kerimde gullara gerek bolan her bir zat bildirilendir, ynanmaýanlar azap bilen gorkuzylandyr, yslamyň şertlerini ýerine ýetirýän möminlere jennet bilen buşluk berlendir” Imam Rabbany (rahmetullahi aleýh)

Geliň, namaz okalyň, kalbdan posy süpüreliň,
Allaha ýakyn bolmaz, namaz okalmaýança!
Nirde namaz okalsa, ähli günä dökülýär,
Ynsan kämil bolmaz, namazyn okamaýança!
Kurany Kerimde Hak namazy köp öwdi,
Diýdi: “Söýmen kişini, namazyn okamaýança!”
Bir hadysy şerifde: imanyň alamaty
Ynsanda belli bolmaz, namazyn okamaýança!
Bir namazy okamazlyk – uly günäleriň ulusy,
Toba bilen ötülmez, kazasyn okamaýança!
Namazy ýeňil gören imandan çykar şol dem,
Musulman bolup bilmez, namazyn okamaýança!
Namaz kalby arassalar, ýamanlykdan gaýtarar,
Nurly bolup bilmersiň, namazyn okamaýança!