IMANYŇ ŞERTLERI
Imanyň alty şerti “Amentu” dogasynda beýan edilendir. Imanyň belli alty zada ynanmakdygyny Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) bildiripdir. Şonuň üçin her bir musulman öz çagasyna ilki “Amentu” dogasyny ýat tutdurmaly we onuň manysyny-da gowy öwretmelidir. AMENTU: Amentu billähi we meläiketihi we kutubihi we rusulihi wel-ýewmil-ahyri we bil-kaderi haýrihi we şerrihi minallahi tagala, wel-bagsu bagdel-mewti hakkun. Eşhedu en la ilähe illallah we eşhedu enne Muhammeden abduhu we resuluhu.
1. Allahu tagalanyň barlygyna we birligine ynanmak
(Amentu billähi) – “Allahu tagalanyň barlygyna we birligine ynandym, iman getirdim, ýüregim bilen tassyk etdim (dogry diýip kabul etdim), dilim bilen ykrar etdim (boýun aldym)” diýmekdir. Allahu tagala bardyr we birdir. Onuň Özünde (zatynda) hem, sypatlarynda hem hiç bir babatda Onuň şärigi ýokdur. Ähli mahluklaryň zaty we sypatlary olary ýaradanyň zatyna we sypatlaryna meňzemeýşi ýaly, Ýaradanyň zaty we sypatlary hem Onuň ýaradanlarynyň hiç biriniň zatyna we sypatlaryna meňzemeýär. Ähli mahluklaryň her bir agzasyny, her bir öýjügini ýaradyjy, ýokdan bar ediji diňe Allahu tagaladyr. Allahu tagalanyň zatynyň hakykatyny hiç kim bilip bilmez. Ol akyla we hyýala gelýän zatlaryň hemmesinden münezzehdir (päkdir), azatdyr. Onuň zatyny akyla, hyýala getirmek jaýyz däldir. Diňe Kurany Kerimde beýan edilen sypatlaryny, atlaryny ýat tutup, olar arkaly Onuň ilahlygyny (uluhyýýetini) tassyk we ykrar etmelidir. Onuň ähli sypatlary we atlary ezelidir (başlangyçsyzdyr) we ebedidir (soňsuzdyr). Allahu tagala madda hem, jisim hem, hal hem däldir. Onuň meňzeşi, şärigi, garşydaşy ýokdur. Ol biziň bilýän, pikir edip biljek zatlarymyz ýaly däldir. Onuň nähilidigine düşünip hem, pikir edip hem bolmaz. Göwne gelýän her bir zat ýalňyşdyr. Allahu tagala bardyr, birdir. Ondan başga ybadata mynasyp ilah ýokdur. Allahu tagala zamana, mekana we tarapa bagly däldir. Ol bir ýerde, bir tarapda däldir. Zamanlary, ýerleri, taraplary Ol ýaradandyr. Nadanlar Ony Arşyň üstünde ýa-da ýokarda, asmanda hasap edýärler. Arşy hem, onuň ýokarsyny hem, aşagyny hem Ol ýaradandyr. Soňradan ýaradylan bir zat kadym (ezeli) bolana mekan bolup bilmez. Onuň zaty hiç bir ýerde durmaýşy ýaly, belli alty tarapdan hem münezzehdir. Ýagny Ol öňde, arkada, sagda, çepde, ýokarda, aşakda däldir. Ol älemiň içinde hem, daşynda hem däldir. Içinde ýa-da daşynda bolmak diňe bar bolan iki zadyň arasynda pikir edilýär.
Allahu tagala barada “her ýerde” diýilmeýär. Allahu tagala mekandan münezzeh bolansoň, “Ol her ýerdedir” diýmek Oňa mekan kesgitlemek bolardy. Ähli mekanlary, ýagny her ýeri ýaradan Allahu tagaladyr. Ýaradylan zat Ýaradana mekan bolup bilmez. Şonuň üçin “her ýerde” däl-de, “Allahu tagala mekandan münezzehdir” diýmelidir. Ine, şonuň üçin Allah her ýerde diýilmeýär. “Allahu tagala her zamanda we her ýerde hazyrdyr (hemişe bardyr) we nazyrdyr (görýändir)” diýilýär.
“Her bir musulman öz çagasyna ilki ‘Amentu’ dogasyny ýat tutdurmaly we onuň manysyny-da gowy öwretmelidir” Hüseyin bin Sa’îd (rahmetullahi aleýh)
Seýit Abdylhakym Arwasy hezretleri hem şeýle diýýär:
“Allahu tagala zamana we mekana bagly bolmanlygy üçin, ‘Ol hazyrdyr we nazyrdyr’ diýen söz göçme manydadyr. Ýagny Ol zamansyz we mekansyz (hiç bir ýerde bolmazdan) hazyrdyr (bardyr) we nazyrdyr (görýändir) diýmekdir. Allahu tagalanyň ähli sypatlarynyň zamansyz we mekansyz bolşy ýaly, Onuň hazyr we nazyr bolmagy hem zaman bilen we mekan bilen däldir.” Älem hyýal derejesinde ýaradylandyr. Hyýal derejesindäki älemiň hemişe bar bolup görünmegi Allahyň gudraty bilen bolýar. Her bir barlygy ýaradan, onuň eýesi we hökümdary Oldur. “Onuň üstünden höküm sürýän hem, buýruk berýän hem, Ondan üstün bolan hem ýokdur” diýip ynanmak gerekdir. Her bir beýiklik, her bir kämil sypat Onuňkydyr. Onda hiç bir kemçilik, hiç bir nogsan sypat ýokdur. Ol isleýänini edip biler. Onuň edýän işleri Özüne ýa-da başgalara peýdaly bolmak üçin däldir. Ol hiç bir zady bir gaýtargy (öwez) üçin etmez. Muňa garamazdan, Onuň her bir işinde hikmetler, peýdalar, lutf we ihsanlar bardyr. Ol gullaryna gowy we peýdaly zady bermäge, käbirine sogap, käbirine azap bermäge mejbur däldir. Eger Ol boýun bolmaýanlaryň, günä edýänleriň hemmesini jennete salsa, bu Onuň fazlyna, ihsanyna ýaraşar. Eger Oňa boýun bolýanlaryň, ybadat edýänleriň hemmesini dowzaha oklasa, bu adalata garşy bolmaz. Emma Ol musulmanlary, ybadat edýänleri jennete salmagy we olara soňsuz nygmatlar, ýagşylyklar bermegi, kapyrlary bolsa dowzahda soňsuz azaplamagy islän we muny bildirendir. Ol Öz sözünden dänmez. Ähli jandarlar iman getirse, boýun bolsa, munuň Oňa hiç hili peýdasy ýokdur. Tutuş älem kapyr bolsa, azgyn we haddyndan aşan bolsa, Oňa garşy çyksa, munuň Oňa hiç hili zyýany ýokdur. Şirkden we küfürden başga islendik uly günäni edip, toba etmän ölen adamy Ol islese bagyşlaýar. Kiçi günä üçin hem islese azap berýär. Ol kapyr ýa-da murtat bolup ölenleri hiç haçan bagyşlamajakdygyny we olara soňsuz azap berjekdigini bildirendir.
Musulman we ähli gybla bolup ybadat eden, ýöne ynanjy Ähli sünnet ynanjyna (itikadyna) laýyk gelmeýän we toba etmän ölen adamy Ol dowzahda azaplasa-da, beýle bidgatçy musulmanlar dowzahda hemişelik galmazlar.
Allahu tagalany dünýäde baş gözi bilen görmek mümkindir (jaýyzdyr). Emma Ony hiç kim görmändir. Kyýamat güni magşar meýdanynda Ol kapyrlara we günäli möminlere kahr we jelal (gazap we beýiklik) bilen, salyh möminlere bolsa lutf we jemal (rahmet we gözellik) bilen görüner. Möminler jennetde Ony jemal sypaty bilen görerler. Perişdeler we aýallar hem görerler. Kapyrlar mundan mahrum galarlar.
Allahu tagalanyň üstünden gijäniň, gündiziň we zamanyň geçmegini göz öňüne getirip bolmaz. Allahu tagalada hiç bir babatda hiç bir üýtgeşiklik bolmaýanlygy üçin, “geçmişde Ol şeýledi, gelejekde beýle bolar” diýip bolmaz. Allahu tagala hiç bir zada hulul etmez (girmez). Ýagny Ol hiç bir zat bilen birleşmez. Allahu tagalanyň garşydaşy, tersi, meňzeşi, şärigi, kömekçisi, goragçysy ýokdur.
Onuň enesi, kakasy, ogly, gyzy, aýaly ýokdur. Ol hemişe hazyrdyr, her bir zady gurşap alýandyr (muhytdyr) we görýändir (nazyrdyr). Ol her kime şah damaryndan hem ýakyndyr. Emma Onuň hazyr bolmagy, gurşap almagy, bile we ýakyn bolmagy biziň düşünişimiz ýaly däldir. Onuň ýakynlygyna alymlaryň ylmy, ylym adamlarynyň zehini we öwlüýäleriň keşfi we şuhudy (göwün gözi bilen açylmagy we görmegi) bilen düşünip bolmaz. Olaryň içki manysyna ynsan akyly ýetip bilmez. Allahu tagala zatynda we sypatlarynda birdir; olaryň hiç birinde üýtgeşiklik, başgalaşma bolmaz.
Allahu tagalanyň atlary soňsuzdyr. Onuň müň bir adynyň bardygy meşhurdyr. Ýagny Ol atlaryndan müň birini ynsanlara bildiripdir. Muhammet aleýhisselamyň dininde olardan togsan dokuzy bildirilendir. Olara “Esmaýy husna” diýilýär.
Allahu tagalanyň zaty we subuty sypatlary
Allahu tagalanyň zaty sypatlary (sypaty zatyýýe) altydyr:
1. Wujut: Allahu tagala bardyr. Onuň barlygy ezelidir (başlangyçsyzdyr). Ol Wajybul-wujutdyr, ýagny Onuň bar bolmagy hökmandyr. 2. Kydem: Allahu tagalanyň barlygynyň öňi, başlangyjy ýokdur.
3. Beka: Allahu tagalanyň barlygynyň ahyry, soňy ýokdur. Ol hiç haçan ýok bolmaz. Onuň şärigi bolmagy muhal (mümkin däl) bolşy ýaly, Onuň zaty we sypatlary üçin ýokluk hem muhaldyr.
4. Wahdaniýet: Allahu tagalanyň zatynda hem, sypatlarynda hem, işlerinde hem şärigi, meňzeşi ýokdur.
5. Muhalefetun lil-hawadis: Allahu tagala zatynda hem, sypatlarynda hem hiç bir mahlugyň zatyna we sypatlaryna meňzemez.
6. Kyýam bi-nefsihi: Allahu tagala Öz zaty bilen bardyr (kaýymdyr). Ol mekana mätäç däldir. Madda hem, mekan hem ýokka, Ol bardy. Çünki Ol her hili mätäçlikden münezzehdir. Bu älemi ýoklukdan barlyga getirmezden öň Onuň zaty nähili bolan bolsa, soňsuzlyga çenli hemişe şeýledir.
Allahu tagalanyň subuty sypatlary (sypaty subutyýýe) sekizdir:
1. Haýat: Allahu tagala diridir. Onuň diriligi mahluklaryň diriligine meňzemeýär: ol Onuň zatyna mynasyp we diňe Oňa mahsus bolan, ezeli we ebedi diriligidir. 2. Ylym: Allahu tagala her bir zady bilýär. Onuň bilşi mahluklaryň bilşi ýaly däldir. Ol garaňky gijede gara daşyň üstünde garynjanyň ýöreýşini görýär we bilýär. Ynsanlaryň ýüreginden geçýän pikirlerini, niýetlerini bilýär. Onuň bilşinde üýtgeşiklik bolmaz. Ol ezelidir we ebedidir.
3. Semg: Allahu tagala eşidýär. Ol araçysyz, tarapsyz eşidýär. Onuň eşidişi gullaryň eşidişine meňzemez. Bu sypaty hem, Onuň her bir sypaty ýaly, ezelidir we ebedidir. 4. Basar: Allahu tagala görýär. Ol guralsyz we şertsiz görýär. Onuň görşi göz bilen däldir. 5. Irade: Allahu tagalanyň islegi (dilegi) bardyr. Ol islänini ýaradýar. Her bir zat Onuň islegi bilen bar bolýar. Onuň iradesine päsgel berip biljek hiç hili güýç ýokdur.
6. Gudrat: Allahu tagalanyň güýji her bir zada ýetýändir. Hiç bir zat Oňa kyn däldir.
7. Kelam: Allahu tagala sözleýändir. Onuň sözleýşi gural, harplar, sesler we dil bilen däldir.
8. Tekwin: Allahu tagala Ýaradyjydyr. Ondan başga ýaradyjy ýokdur. Her bir zady Ol ýaradýar. Allahu tagaladan başga hiç kime “ýaradyjy” diýmeli däldir. Ol ähli barlygy ýokdan bar etdi. Ynsanlaryň we haýwanlaryň hereketlerini, sükunlaryny [hereketsizliklerini], pikirlerini, hassalyklaryny, şypalaryny, haýyrlaryny, şerlerini, peýdalaryny, zyýanlaryny ýaradýan diňe Oldur. Ynsan öz hereketlerini, pikirlerini – hiç bir zady ýaradyp bilmez. Ynsanyň pikirlerini, hereketlerini, açyşlaryny, oýlap tapyşlaryny hemişe Ol peýda edýär, Ol ýaradýar. Ondan başga birine ýaradyjy diýmek nadanlyk bilen aýdylan, batyl sözdür.
“Allahu tagala zamana we mekana bagly bolmanlygy üçin, ‘Ol hazyrdyr we nazyrdyr’ diýen söz göçme manydadyr. Ýagny Ol zamansyz we mekansyz (hiç bir ýerde bolmazdan) hazyrdyr (bardyr) we nazyrdyr (görýändir) diýmekdir” Seýit Abdylhakym Arwasy (rahmetullahi aleýh)
Allahu tagalanyň subuty sypatlary hem, zaty sypatlary ýaly, kadymdyr (ezelidir). Bu sypatlary hem Onuň zatyndan aýrylmaz. Ýagny Onuň sypatlary Onuň zatynyň aýny (edil Özi) hem däldir, gaýry (Ondan başga zat) hem däldir. Hiç kim we hiç bir zat Allahu tagalanyň sypatlaryna şärik we meňzeş bolup bilmez. Zaty sypatlar – Allahu tagalanyň zatyna mahsus bolan sypatlardyr. Bu sypatlar mahluklaryň hiç birinde ýokdur. Olaryň mahluklar bilen hiç hili baglanyşygy hem ýokdur. Subuty sypatlar bolsa mahluklar bilen baglanyşykly bolan sypatlardyr. Ol bulardan ýaratmak sypatyndan başgalaryny gullaryna-da, az möçberde (juzy) bolsa-da, çäkli derejede ihsan edipdir. Onuň bu sypatlarynda hem hiç hili üýtgeşiklik bolmaz. Bular hem, zaty sypatlar ýaly, kadymdyr, ýagny ezelidir. Mahluklar soňra ýaradylanlygy üçin, olaryň mahluklar bilen baglanyşygy bolsa hadysdyr, ýagny ezeli däldir. Onuň bu sypatlary, ýagny diri bolmagy, bilmegi, eşitmegi, görmegi, gudraty, islemegi we sözlemegi gullaryňka asla meňzemeýär, olaryň diňe atlary meňzeşdir. Onuň zatynyň we sypatlarynyň hakykatyna düşünmek mümkin däldir.
Hiç bir mahluk öz Ýaradanyna hiç haçan düşünip, akyl ýetirip bilmez. Pygamberimiz şeýle diýýär: “Allahu tagalanyň ýaradanlary hakda pikir ediň, Onuň zaty hakda pikir etmäň. Çünki siz Onuň gadyr-gymmatyny laýyk derejede bahalandyryp bilmersiňiz, Oňa düşünmäge güýjüňiz ýetmez”. Başga bir hadysy şerifde hem şeýle diýildi: “Allahu tagala göwne gelýän her bir zatdan uzakdyr (münezzehdir)”.1
2. Perişdelere ynanmak
We meläiketihi: ýagny perişdelere ynanmakdyr. Perişdeler jisimdir, ýöne olar latyfdyr (inçedir), gaz ýagdaýyndan hem has latyfdyrlar. Olar nurlydyrlar. Olar diridirler. Olar akyllydyrlar. Ynsanlardaky ýamanlyklar perişdelerde ýokdur. Olar islendik keşbe girip bilýärler. Gazlaryň suwuk we gaty ýagdaýa geçişi we gaty bolanda şekil alşy ýaly, perişdeler hem gözel keşplere girip bilýärler. Perişdeler beýik ynsanlaryň bedeninden aýrylan ruhlar däldir. Hristianlar perişdeleri şeýle ruhlar hasap edýärler. Olar energiýa, güýç ýaly zat hem däldir. Gadymy pelsepeçileriň bir bölegi şeýle pikir edipdi.
Melek (perişde) – ilçi, habar beriji diýmekdir. Onuň köplük sany “melaike”dir. Perişdeler her bir jandardan öň ýaradyldy. Şonuň üçin kitaplara iman getirmekden öň perişdelere iman getirmelidigi bildirildi. Kitaplar hem pygamberlerden öňdedir. Kurany Kerimde hem ynanylmaly zatlaryň atlary şu tertipde bildirilýär. Perişdelere iman şeýle bolmalydyr: perişdeler Allahu tagalanyň gullarydyr. Olar Onuň şärikleri däldir. Olar Onuň gyzlary däldir. Kapyrlar, müşrikler şeýle hasap etdiler. Allahu tagala perişdeleriň hemmesinden razydyr. Olar Allahu tagalanyň buýruklaryna boýun bolýarlar. Olar günä etmeýärler. Buýruklara garşy çykmaýarlar. Olar erkek hem, urkaçy hem däldir. Olar öýlenmeýärler. Olaryň çagalary bolmaýar. Olar jan eýesidirler, ýagny diridirler.
“Allahu tagalanyň ýaradanlary hakda pikir ediň, Onuň zaty hakda pikir etmäň. Çünki siz Onuň gadyr-gymmatyny laýyk derejede bahalandyryp bilmersiňiz, Oňa düşünmäge güýjüňiz ýetmez” Hadysy şerif
Allahu tagala ynsanlary ýaratjakdygyny bildirende, perişdeler: “Ýa Rebbim! Ýer ýüzünde bozgaklyk etjek we gan dökjek mahluklary ýaradarsyňmy?” diýip soradylar. Perişdeleriň “zelle” (büdremek) diýlip atlandyrylýan şeýle soraglary olaryň magsum (günäsiz), aýypsyz bolmaklaryna zeper ýetirmeýär. Mahluklaryň arasynda sany iň köp bolany perişdelerdir. Olaryň sanyny Allahu tagaladan başga hiç kim bilmez. Asmanlarda perişdeleriň ybadat etmeýän boş ýeri ýokdur. Asmanlaryň her ýeri rukugda ýa-da seždede duran perişdeler bilen doludyr. Asmanlarda, ýerlerde, otlarda, ýyldyzlarda, janlylarda, jansyzlarda, ýagyş damjalarynda, agaçlaryň ýapraklarynda, her bir molekulada, her bir atomda, her bir reaksiýada, her bir hereketde – her bir zatda perişdeleriň wezipeleri bardyr. Olar her ýerde Allahu tagalanyň buýruklaryny ýerine ýetirýärler. Olar Allahu tagala bilen mahluklaryň arasynda araçydyrlar. Käbiri beýleki perişdeleriň başlygydyr. Käbiri ynsanlaryň pygamberlerine habar getirýär. Käbiri ynsanlaryň ýüregine gowy pikir getirýär, muňa ylham diýilýär.
Käbiriniň bolsa ynsanlardan hem, ähli mahluklardan hem habary ýokdur: olar Allahu tagalanyň jemalynyň garşysynda özlerinden geçipdirler. Olaryň her biriniň belli ýeri bardyr, olar ol ýerden aýrylyp bilmeýärler. Jennet perişdeleri jennetdedir. Olaryň ulusynyň ady Rydwandyr. Dowzah perişdelerine Zebany diýilýär. Olar dowzahda özlerine buýrulan wezipelerini ýerine ýetirýärler. Deňziň balyga zyýan bermeýşi ýaly, dowzah ody hem olara zyýan bermeýär. Zebanylaryň ululary on dokuzdyr. Iň ulusynyň ady Mälikdir. Her bir ynsanyň haýyrly we şerli ähli işlerini ýazýan, ikisi gije, ikisi gündiz gelýän dört perişdä Kiramen katibin ýa-da Hafaza perişdeleri diýilýär.
Hafaza perişdeleriniň bulardan başgadygy hem rowaýat edilipdir. Sag tarapdaky perişde çep tarapdakynyň başlygydyr we ol ýagşy işleri ýazýar. Çepdäkisi ýamanlyklary ýazýar. Gabyrlarda kapyrlary we günäkär musulmanlary azaplajak perişdeler we gabyrda sorag berjek perişdeler bardyr. Sorag perişdelerine “Münker we Nekir” diýilýär. Möminlerden soraýanlara “Mübeşşir we Beşir” hem diýilýär. Perişdeleriň biri-birinden artykmaçlyklary bardyr. Olaryň iň fazyletlileri dördüsidir. 1. Jebraýyl aleýhisselam. Onuň wezipesi pygamberlere wahy getirmek, buýruklary we gadaganlyklary bildirmekdir. 2. Ysrapyl aleýhisselam. Ol Sur diýilýän surnaýy üfler. Ol Sury iki gezek üflejekdir. Birinjisinde Allahu tagaladan başga her bir diri öler. Ikinjisinde hemmesi täzeden direler. 3. Mikaýyl aleýhisselam. Arzançylyk we gymmatçylyk, gytçylyk we bolçulyk getirmek, her bir maddany herekete getirmek onuň wezipesidir. 4. Ezraýyl aleýhisselam. Ynsanlaryň janyny alýan oldur.
Bu dördüsi ähli perişdeleriň pygamberleridir. Bu dört perişdeden soň üstün bolanlar dört topardyr: Hameleýi Arş (Arşy göterýänler) diýilýän perişdeler dördüsidir, kyýamatda olar sekiz bolar; ylahy huzurda bolan perişdelere Mukarrebin diýilýär; azap perişdeleriniň ulularyna Kerubiýan diýilýär; rahmet perişdelerine Ruhaniýan diýilýär. Bularyň hemmesi perişdeleriň hawasy (saýlantgylary), ýagny iň artykmaçlarydyr.
Olar pygamberlerden başga ähli ynsanlardan üstündirler. Musulmanlaryň salyhlary we welileri perişdeleriň awamyndan (adaty perişdelerden) has efdal (fazyletli), has üstündir. Perişdeleriň awamy bolsa musulmanlaryň awamyndan, ýagny günäkärlerden we pasyklardan efdaldyr.
3. Kitaplara ynanmak
We kutubihi: ýagny “Allahu tagalanyň indiren kitaplaryna ynandym” diýmekdir. Allahu tagala bu kitaplary käbir pygamberlere Jebraýyl atly perişde arkaly wahy edip, ýagny okadyp, käbirlerine lewha (tagta) üstünde ýazylan görnüşde, käbirlerine-de perişdesiz eşitdirip indirdi. Olaryň hemmesi Allahu tagalanyň kelamydyr (sözüdir). Olar ezelidir we ebedidir. Olar mahluk (ýaradylan) däldir. Olar perişdeleriň ýa-da pygamberleriň öz sözleri däldir. Allahu tagalanyň indiren kitaplarynyň hemmesi hakdyr, dogrudyr. Bize bildirilen asman kitaplary ýüz dörtdür. Olardan on sahypanyň (suhufyň) Adam aleýhisselama, elli sahypanyň Şis (Şit) aleýhisselama, otuz sahypanyň Ydrys aleýhisselama, on sahypanyň Ybraýym aleýhisselama indirilendigi meşhurdyr. Töwrat Musa aleýhisselama, Zebur Dawut aleýhisselama, Injil Isa aleýhisselama, Kurany Kerim bolsa Muhammet aleýhissalatu wesselama nazyl boldy, indirildi. Kurany Kerim ähli kitaplary nesh etdi (ýatyrdy), olaryň hökümlerini güýjünden saldy. Kurany Kerimde kyýamata çenli hiç haçan ýalňyşlyk, unudylmak, artyklyk we kemlik bolmaz. Geçmişdäki we gelejekdäki ähli ylymlar Kurany Kerimde bardyr. Şonuň üçin ol ähli kitaplardan üstün we gymmatlydyr. Resuly ekremiň (sallallahu aleýhi we sellem) iň uly mugjyzasy Kurany Kerimdir. Ähli ynsanlar we jynlar bir ýere jemlenip, Kurany Kerimiň iň gysga süresi ýaly bir söz aýtmak üçin jan etseler-de, aýdyp bilmezler. Häzirki wagtda ähli ynsanlar Kurany Kerime eýermelidir. Häzir hiç bir ýurtda hakyky Töwrat we Injil ýokdur. Bozulan Injiller bardyr. Bu kitaplar soňra tahryp edilipdir, ýagny ynsanlar tarapyndan üýtgedilipdir. Bozulmadyk hem bolsalar, olaryň güýji bolmazdy: olaryň hemmesi Allahu tagala tarapyndan nesh edilendir.
Kurany Kerim aýatma-aýat indi we 23 ýylda tamamlandy. Kurany Kerim kyýamata çenli güýjündedir. Ol güýjüni ýitirmekden we ynsanlaryň üýtgetmeginden goralandyr. Kurany Kerimde kemlik ýa-da artyklyk bar diýip ynanýan adam Allahu tagala ynanmadyk bolýar. Aýaty kerimelerde manysyna görä şeýle diýilýär:
“Kurany Kerimi Biz indirdik, elbetde, ony ýene Biz gorarys” (Hyjr süresi, 15:9).
“Kurany Kerim örän gymmatly, örän güýçli (deňi-taýy bolmadyk) kitapdyr. Oňa öňünden-de, arkasyndan-da batyl gelip bilmez (hiç bir tarapdan, hiç bir ýol bilen aslyýeti-esasy bolmadyk hiç bir zat girip bilmez. Çünki) ol hakym (her bir sözünde we işinde hikmet bolan) we mahmut (her hili öwgä mynasyp) bolan Allahu tagala tarapyndan indirilendir” (Fussylet süresi, 41:41–42). Kurany Kerim geçmişde bolan we gelejekde boljak köp gizlin zatlar barada habar berýär. Ony eşidýänler we okaýanlar onuň tagamyndan doýup bilmeýärler. Ýadasalar-da, bizar bolmaýarlar. Ony okamagyň ýa-da diňlemegiň gam-gussany aýyrýandygy sansyz synaglar bilen anyklandy. Ony eşidenleriň arasynda ýüregine wehim we gorky düşenler, hatda şonuň sebäpli ölenler hem görüldi. Yslamyň gazaply duşmanlarynyň köpüsiniň Kurany Kerimi diňläp ýürekleri ýumşady we olar iman getirdiler.
Kurany Kerim indirilen gününden bäri hiç hili üýtgemedi, mundan soň hem üýtgemez. Kurany Kerim Allahyň kelamydyr. Beýle kitaby ynsanlaryň düzmegi mümkin däldir. Onuň bir aýatyna meňzeş söz aýtmak hem hiç kime başartmady. Şu güne çenli gelen ähli şahyrlar, edebiýatçylar Kurany Kerimiň nazmynyň (düzülişiniň) we manysynyň öňünde ejiz we haýran galdylar. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) ahyrete göçenden soň, onuň birinji halyfy hezreti Abu Bekir Syddyk (radyýallahu anhu) Kurany Kerimiň aýatlaryny bir ýere jemletdi. Şeýlelikde Mushaf emele geldi. Hormatly sahabalaryň hemmesi bu mushafyň Allahyň kelamydygyny agzybirlik bilen bildirdiler. Üçünji halyf Osman (radyýallahu anhu) bu mushafdan ýene alty nusga ýazdyrdy we olary käbir welaýatlara iberdi.
Kurany Kerimi öz asly boýunça okamak gerekdir. Başga harplar bilen ýazylanlara Kurany Kerim diýilmeýär. Mushafy ele alanda täretli bolmaly, gybla tarap oturyp, üns bilen, haýal-haýal, huşug (ýürekden boýun egmek) bilen we mushafa seredip, her bir aýatyň hakyny berip, tejwit kadalaryna görä okamalydyr. Okaýan zadynyň Allahyň kelamydygyny oýlanmaly we Kurany Kerimiň buýruklaryna we gadaganlyklaryna eýermelidir.
4. Pygamberlere ynanmak
We rusulihi: ýagny “Allahu tagalanyň pygamberlerine ynandym” diýmekdir. Pygamberler ynsanlary Allahu tagalanyň halaýan ýoluna ýetirmek, dogry ýoly görkezmek üçin iberildiler. Olar ýaradylyşy, häsiýeti, ylmy we akyly babatda öz zamanyndaky ähli ynsanlardan üstün, gymmatly, hormatly adamlardyr. Olarda hiç hili erbet häsiýet we halanmajak ýagdaý ýokdur.
Pygamberlerde ysmat (günäsizlik) sypaty bardyr. Ýagny pygamberdigi bildirilmezden öň hem, bildirilenden soň hem olar kiçi-uly hiç hili günä etmezler. Pygamberdigi bildirilenden soň, pygamberligi ýaýrap, düşnükli bolýança, olarda körlük, kerlik we şuňa meňzeş aýyp-kemçilikler hem bolmaz. Täze din getiren pygamberlere resul diýilýär. Täze din getirmän, ynsanlary öňki dine çagyran pygamberlere nebi diýilýär. Buýruklary ýetirmekde we ynsanlary Allahyň dinine çagyrmakda resul bilen nebiniň arasynda hiç hili tapawut ýokdur. Pygamberlere iman getirmek – olaryň arasynda hiç hili tapawut goýman, hemmesiniň sadyk, dogry sözlüdigine ynanmak diýmekdir. Olaryň birine ynanmaýan adam olaryň hiç birine ynanmadyk bolýar.
Duşmanlaryň köplügine, ynanmaýanlaryň masgaralamagyna, kösemegine garamazdan, pygamberler Allahu tagalanyň buýruklaryny ynsanlara ýetirdiler, bildirdiler we duşmanlardan gorkmadylar. Allahu tagala pygamberleriň sydk (dogruçyllyk) eýesidigini, dogry sözleýändigini görkezmek üçin olary mugjyzalar bilen güýçlendirdi. Bu mugjyzalara hiç kim garşy durup bilmedi. Pygamberi kabul edip, oňa ynanan adama şol pygamberiň ymmaty diýilýär. Kyýamat güni olara ymmatlarynyň günäsi köp bolanlaryna şepagat etmäge rugsat beriler we olaryň şepagaty kabul bolar. Allahu tagala olaryň ymmatlarynyň alym, salyh, weli bolanlaryna-da şepagat etmäge rugsat berer we olaryň şepagatyny kabul eder.
“Kurany Kerimi Biz indirdik, elbetde, ony ýene Biz gorarys” Hyjr: 9
Pygamberler (aleýhimussalawatu wetteslimat) mazarlarynda biziň bilmeýän bir dirilik bilen diridirler. Olaryň mübärek bedenlerini toprak çüýretmez. Şonuň üçin hadysy şerifde: “Pygamberler mazarlarynda namaz okaýarlar” diýildi. Pygamberleriň (aleýhimusselam) mübärek gözleri ýatanda, olaryň göwün gözleri ýatmaz. Pygamberlik wezipelerini ýerine ýetirmekde, pygamberlik artykmaçlyklaryna eýe bolmakda ähli pygamberler deňdir. Pygamberler (aleýhimussalawatu wetteslimat) ynsanlardan bolýar. Ynsanlara jynlardan, perişdelerden we aýallardan pygamber bolmaz. Jyn hem, perişde hem pygamberleriň derejesine galyp bilmez. Pygamberleriň öz aralarynda biri-birinden artykmaçlyklary bardyr. Mysal üçin, ymmatlarynyň köp bolmagy, iberilen ýurtlarynyň uly bolmagy, ylymlarynyň we magrifetleriniň köp ýerlere ýaýramagy, mugjyzalarynyň has köp we hemişelik bolmagy, özlerine aýratyn gymmatlaryň we ihsanlaryň berilmegi ýaly artykmaçlyklar babatda ahyrzaman Pygamberi Muhammet aleýhisselam ähli pygamberlerden üstündir. Ulul-azm pygamberler beýle bolmadyklardan, resullar resul bolmadyk nebilerden üstündirler. Adam aleýhisselam – Allahu tagalanyň ihsany bilen saýlanyp ýaradylan päk adam manysynda Safyýullahdyr. Nuh aleýhisselam – hemişe Allahu tagala bilen meşgul bolan, ylahy feýzlere ýeten şahs manysynda Nejiýullahdyr. Ybraýym aleýhisselam – Halylullahdyr, çünki onuň ýüreginde Allahyň söýgüsinden başga hiç bir mahlugyň söýgüsi ýokdy. Musa aleýhisselam – Kelimullahdyr, çünki ol Allahu tagala bilen gepleşdi. Isa aleýhisselam – Ruhullah we Kelimetullahdyr, çünki onuň kakasy ýokdur: ol diňe “Bol!” diýen ylahy söz bilen enesinden dünýä indi. Mundan başga-da, ol wagyz edip, Allahu tagalanyň hikmetli sözlerini ynsanlaryň gulagyna ýetirerdi.
Mahluklaryň ýaradylmagyna sebäp bolan we Adam ogullarynyň iň beýigi, iň şereflisi, iň gymmatlysy bolan Muhammet aleýhisselam – Habybullahdyr. Onuň Habybullahdygyny, beýikligini we artykmaçlygyny görkezýän zatlar örän köpdür. Şonuň üçin ol barada “ýeňildi”, “derbi-dagyn boldy” ýaly sözleri aýtmak bolmaz. Kyýamatda ol hemmelerden öň gabyrdan turar.
Ol magşar meýdanyna ilkinji bolup barar. Ol jennete hemmelerden öň girer. Onuň gözel ahlagyny sanap gutaryp bolmaz, ony beýan etmäge ynsan güýji ýetmez.
Kyýamat güni ähli pygamberler onuň baýdagynyň astynda kölegelenerler. Allahu tagala her bir pygambere şeýle buýurdy: “Mahluklarymyň arasyndan Meniň saýlan we söýen Habybym Muhammet aleýhisselamyň pygamber boljak zamanyna ýetseňiz, oňa iman getiriň we oňa kömek ediň!” Ähli pygamberler hem öz ymmatlaryna şeýle wesýet etdiler we buýurdylar. Muhammet aleýhisselam – “Hatamul-enbiýadyr” (pygamberleriň soňkusydyr), ýagny ondan soň hiç bir pygamber gelmez.
Pygamberleriň sypatlary
Pygamberlerde (aleýhimusselam) ýedi sypatyň bardygyna ynanmak gerekdir:
1. Ysmat: günä etmezlik. Pygamberler haýsy hem bolsa bir dinde haram bolan we boljak kiçi-uly hiç hili günä etmezler.
“Pygamberler mazarlarynda namaz okaýarlar” Hadysy şerif
2. Amanat: Pygamberler her babatda ynamdar adamlardyr. Olar hiç haçan amanata hyýanat etmezler.
3. Sydk: Pygamberler sözlerinde, işlerinde we her hili hereketlerinde dogruçyl we halal ynsanlardyr. Olar hiç haçan ýalan sözlemezler.
4. Fetanet: Pygamberler örän akylly we örän düşbi adamlardyr. Körlük, kerlik ýaly kemçilikleri bolan adamlardan we aýallardan pygamber gelmändir. 5. Teblig: Pygamberler ynsanlara bildirip düşündiren zatlarynyň hemmesini Allahu tagaladan gelen wahy arkaly öwrendiler. Olaryň bildiren buýruklarynyň we gadaganlyklarynyň hiç biri öz pikirleri däldir. Olar özlerine buýrulan zatlaryň hemmesini bildirdiler. 6. Adalat: Pygamberler asla zulum we adalatsyzlyk etmezler. Olar hiç kimiň hatyrasy üçin adalatdan daşlaşmazlar. 7. Emnul-azl: Olar pygamberlikden çykarylmazlar. Dünýäde hem, ahyretde hem olar hemişe pygamberdirler.
Pygamberleriň sany belli däldir. Olaryň ýüz ýigrimi dört müňden köpdügi meşhurdyr. Olardan üç ýüz on üçüsi resuldyr. Her iki resulyň arasy ortaça müň ýyldyr. Resullaryň arasynda altysy has ýokary derejededir. Olara Ulul-azm pygamberler diýilýär. Olar Adam, Nuh, Ybraýym, Musa, Isa we Muhammet Mustafa aleýhimusselamdyr. Otuz üç pygamberiň ady meşhurdyr. Olar Adam, Ydrys, Şit, Nuh, Hud, Salyh, Ybraýym, Lut, Ysmaýyl, Ishak, Ýakup, Ýusup, Eýýup, Şugaýb, Musa, Harun, Hydyr, Ýuşa ibn Nun, Ylýas, Elýesa, Zulkifl, Şemgun, Işmoil, Ýunus ibn Metta, Dawut, Süleýman, Lukman, Zekerýa, Ýahýa, Uzeýir, Isa ibn Merýem, Zulkarneýn we Muhammet (aleýhi we aleýhimussalatu wesselam).
Olardan diňe ýigrimi sekiziniň ady Kurany Kerimde bildirilendir. Zulkarneýn, Lukman, Uzeýir we Hydyr barada olaryň pygamber bolup-bolmandygy hakda dürli pikirler bardyr. Muhammet Magsum hezretleri 2-nji jiltiň 36-njy hatynda Hydyr aleýhisselamyň pygamberdigini bildirýän habaryň güýçlüdigini ýazýar. 182-nji hatynda bolsa şeýle diýýär: Hydyr aleýhisselamyň ynsan keşbinde görünmegi we käbir işleri etmegi onuň dirilikde bardygyny görkezmeýär. Allahu tagala onuň we köp pygamberleriň we welileriň ruhlarynyň ynsan keşbinde görünmegine rugsat beripdir. Olary görmek olaryň dirilikde bardygyny görkezmeýär.
5. Ahyrete ynanmak
Wel-ýewmil-ahyri: ýagny “Ahyret gününe ynandym” diýmekdir. Bu wagtyň başlangyjy ynsanyň ölen günüdir, ol kyýamatyň soňuna çenli dowam edýär. Oňa “soňky gün” diýilmegi onuň yzyndan gijäniň gelmeýändigi ýa-da dünýäden soň gelýändigi üçindir. Kyýamatyň haçan gopjakdygy bildirilmedi. Emma Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) onuň köp alamatlaryny habar berdi:
Din ylymlary unudylar. Fysk (pasyklyk) we ýamanlyk köpeler.
Dinsiz, ahlaksyz, namyssyz adamlar emir (ýolbaşçy) bolar. Allahu tagalanyň buýruklary ýerine ýetirilmez. Haramlar her ýerde ediler. Hezreti Mehdi geler. Isa aleýhisselam asmandan Damaska iner. Dejjal çykar. Ýejuj we Mejuj diýilýän halklar her ýeri bulaşdyrar. Gün günbatardan dogar. Uly ýer titremeler bolar. Ýemenden ot çykar. Asmanlar we daglar bölek-bölek bolar. Gün we Aý garalar. Deňizler biri-birine garyşar, gaýnap gurar…2
Günä işleri edýän musulmanlara pasyk diýilýär. Pasyklara we ähli kapyrlara gabyrda azap bardyr. Muňa hökman ynanmak gerekdir.
Gabyr soragy bardyr. Merhum gabra goýlandan soň, näbelli bir dirilik bilen direler, rahatda bolar ýa-da azap görer. Münker we Nekir atly iki perişdäniň näbelli, gorkunç ynsan keşbinde gabra gelip, sorag berjekdigini hadysy şerifler aç-açan bildirýär.3
Gabyr soragy käbir alymlara görä ynanjyň käbir esaslary, käbirlerine görä bolsa ähli esaslary barada bolar. Şonuň üçin çagalara aşakdaky soraglary we jogaplary ýat tutdurmalydyr:
“Rebbiň kim? Pygamberiň kim? Diniň haýsy dindir? Kitabyň näme? Gyblaň nirede? Ynançda (itikatda) we amalda mezhebiň haýsy?”
“Rebbim – Allahu tagala. Pygamberim – Muhammet aleýhisselam. Dinim – yslam. Kitabym – Kurany Kerim. Gyblam – Käbeýi şerif. Ynançda mezhebim – Ähli sünnet wel-jemagat, amalda mezhebim – imamy agzam Abu Hanyfanyň mezhebi. Men möminim, men musulmanym, elhamdulilla.”
“Tezkire-i Kurtubî” kitabynda Ähli sünnetden bolmadyk adamyň dogry jogap berip bilmejekdigi ýazylgydyr. Gowy jogap berenleriň gabry giňeler, olara jennetden bir penjire açylar. Ertir we agşam olar jennetdäki ýerlerini görerler, perişdeler olara ýagşylyk ederler, buşluk bererler. Eger merhum gowy (dogry) jogap berip bilmese, ony demir togmaklar bilen şeýle bir urarlar welin, onuň gygyrşyny ynsandan we jyndan başga ähli mahluklar eşider. Gabyr şeýle bir daralar welin, onuň süňklerini biri-birine geçirjek ýaly gysar. Dowzahdan bir deşik açylar. Ertir we agşam ol dowzahdaky ýerini görer we magşara çenli gabyrda ajy azaplar çeker.
Ölenden soň ýene direlmäge ynanmak gerekdir. Süňkler, etler çüýräp, topraga we gaza öwrülenden soň, olaryň hemmesi ýene bir ýere jemlener, ruhlar bedenlerine girer we her kes gabyrdan turar. Şonuň üçin bu wagta Kyýamat güni diýilýär. Ähli jandarlar magşar meýdanynda jemlener.
Her bir ynsanyň amal depderleri uçup eýesine geler. Bulary ýerleri, asmanlary, zerreleri, ýyldyzlary ýaradan, soňsuz gudrat eýesi Allahu tagala eder. Bularyň boljakdygyny Allahu tagalanyň Resuly Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) habar berdi. Onuň aýdanlary, elbetde, dogrudyr. Elbetde, olaryň hemmesi bolar.
Salyhlaryň, ýagşylaryň depderi sag tarapyndan, pasyklaryň, ýamanlaryň depderi arka ýa-da çep tarapyndan beriler. Ýagşy-ýaman, uly-kiçi, gizlin we açyk edilen her bir zat depderde bolar. Kiramen katibin perişdeleriniň bilmeýän işleri hem agzalaryň habar bermegi we Allahu tagalanyň bildirmegi bilen ýüze çykarylar, her bir zatdan sorag we hasap alnar. Magşarda Allahu tagalanyň islän her bir gizlin zady ýüze çykar. Perişdelerden: “Ýerlerde, asmanlarda näme işler etdiňiz?”, pygamberlerden: “Allahu tagalanyň hökümlerini gullara nähili bildirdiňiz?”, her kesden bolsa: “Pygamberlere nähili eýerdiňiz? Size bildirilen wezipeleri nähili ýerine ýetirdiňiz? Araňyzdaky hukuklary nähili sakladyňyz?” diýip soralar. Magşarda imany bolup, amaly we ahlagy gözel bolanlara sylaglar we ihsanlar bolar, erbet häsiýetli, bozuk amally bolanlara bolsa agyr jezalar beriler.
“Maňa aýdylan salawat Syrat köprüsinde size nur bolar” Hadysy şerif
Allahu tagala Öz adalaty bilen käbir kiçi günäler üçin hem azap berer, Özüniň islän möminleriniň uly we kiçi ähli günälerini bolsa Öz fazly, ihsany bilen bagyşlar. Şirkden we küfürden başga her bir günäni Ol islese bagyşlar, islese kiçi günä üçin hem azap berer. Ol müşrik we kapyr bolup ölen adamy hiç haçan bagyşlamajakdygyny bildirýär. Kitaply we kitapsyz kapyrlar, ýagny Muhammet aleýhisselamyň ähli ynsanlara pygamberdigine ynanmaýan, onuň bildiren hökümlerinden (ahkamdan), ýagny buýruklaryndan we gadaganlyklaryndan birini bolsa-da halamaýan adamlar şu ýagdaýda ölseler, elbetde, dowzaha salnarlar we soňsuz azap çekerler.
Kyýamat güni amallary, işleri ölçemek üçin biziň bilmeýän Mizan atly bir ölçeg guraly, bir terezi bardyr. Ýer bilen asman onuň bir gözüne sygar. Sogap gözi ýagtydyr, ol Arşyň sagynda, jennet tarapyndadyr. Günä tarapy bolsa Arşyň çepinde, dowzah tarapynda, garaňkylykdadyr. Dünýäde edilen işler, sözler, pikirler, garaýyşlar ol ýerde bir şekil alyp, ýagşylyklar ýagty, ýamanlyklar garaňky we ýigrenji görnüp, şu terezide çekiler. Bu terezi dünýä terezilerine meňzemez. Onuň agyr tarapy ýokary galýar, ýeňil tarapy aşak düşýär diýildi. Alymlaryň bir bölegine görä, dürli tereziler bolar.
Syrat köprüsi bardyr. Syrat köprüsi Allahu tagalanyň buýrugy bilen dowzahyň üstünde gurlar. Her kese bu köprüden geçmek buýrular. Şol gün ähli pygamberler: “Ýa Rebbim! Salamatlyk ber!” diýip ýalbararlar. Jennetlikler köprüden aňsatlyk bilen geçip, jennete giderler. Olaryň käbiri ýyldyrym ýaly, bir bölegi şemal ýaly, käbiri çapyp barýan at ýaly geçer. Syrat köprüsi gyldan inçe, gylyçdan ýitidir. Dünýäde yslama eýermek hem şeýledir: yslama doly eýermäge jan etmek Syrat köprüsinden geçmek ýalydyr. Bu ýerde nebis bilen göreşiň kynçylygyna çydaýanlar ol ýerde Syraty aňsat we rahat geçerler. Şonuň üçin Allahu tagala yslamyň görkezen dogry ýoluna “Syraty müstakym” adyny berdi. Bu atlaryň meňzeşligi hem yslam ýolunda bolmagyň Syrat köprüsinden geçmek ýalydygyny görkezýär. Dowzahlyklar Syratdan dowzaha ýykylarlar. Syrat köprüsine ynanmak parzdyr, çünki Syrat köprüsi nas (aç-açan delil) bilen subut edilendir. Kurany Kerimde manysyna görä şeýle diýilýär: “Olary dowzahyň Syratyna äkidip saklaň! Çünki olar jogapkärdirler. (Olary hasap ýerinde saklaň! Olardan hasap soralar; olardan ynançlary we eden işleri hakda soralar.)” (Saffät süresi, 37:23–24).
“Nuhbetul-leali” kitabynda şeýle diýilýär: Syrat dowzahyň üstündäki bir köpridir. Aýaty kerimede manysyna görä şeýle diýilýär: “Siziň araňyzda ol ýerden geçmejek hiç kim ýokdur” (Merýem süresi, 19:71). Ähli sünnet alymlary “Siz ol ýerden geçersiňiz” diýen aýaty kerimäni Syratyň üstünden geçmek diýip tefsir etdiler. [Birgivî Vasiyetnâmesi] Hadysy şeriflerde şeýle diýildi:
“Dowzahyň üstünde Syrat köprüsi gurlar. Ol ýerden öz ymmaty bilen ilkinji geçjek pygamber mendirin”. [Buhary] “Ähli beýtimi we sahabalarymy köp söýen adamyň Syrat köprüsinden geçende aýagy taýmaz”. [Deýlemi]
“Kyýamatda men Syrat köprüsiniň başynda durup, ymmatymyň geçmegine garaşaryn. Allahu tagala: ‘Islän zadyňy dile, isleýänleriňe şepagat et, şepagatyň kabul ediler’ diýer. Ymmatyma şepagat edenimden soň hem ýalbarmagymy dowam etdirerin. Rebbim maňa: ‘Ymmatyňdan yhlas bilen bir gezek “La ilähe illallah” diýen we iman bilen ölen her kesi jennete sal’ diýmeýänçä, men ýerimden turmaryn”. [Imam Ahmet]
“Syrat köprüsinden geçmek her kesiň nuruna baglydyr. Kimi göz açyp-ýumasy salymda, kimi ýyldyrym ýaly, kimi ýyldyz akyşy ýaly, kimi çapyp barýan at ýaly Syratdan geçerler. Nury örän az bolan bolsa ýüzin süýşüp barar. Onuň elleri we aýaklary taýar, ýene ýapyşar. Ahyrynda süýşe-süýşe halas bolar”. [Taberany] “Hiç bir bidgatçy Syratdan geçip bilmez, ol dowzaha ýykylar”. [Ibn Asakir]
“Köp adamlar Syratdan geçendigini bilmän, perişdelere: ‘Syrat bilen dowzah nirede galdy, biz olardan geçdikmi?’ diýerler. Perişdeler hem şeýle jogap bererler: ‘Siz dowzahyň üstündäki Syratdan geçdiňiz; emma dowzah ody siziň nuruňyzdan çekilip, ýapylypdy’”. [Jamigus-sagyr]
“Syrat gyldan inçe, gylyçdan ýitidir. Perişdeler möminleri halas etmäge jan ederler. Jebraýyl (aleýhisselam) meni bilimden tutar. Men hem: ‘Ýa Rebbim, ymmatyma salamatlyk ber, olary halas et!’ diýip doga ederin. Şol gün aýagy büdräp ýykylýanlar köp bolar”. [Beýhaky]
Pygamberimiziň ymmatyndan bolan käbir adamlar gabyrdan turanlarynda göni jennete giderler. Perişdeler olara diýerler: – Hasap berdiňizmi? – Ýok, biz hiç hili hasap bermedik. – Syrat köprüsinden geçdiňizmi? – Ýok, biz hiç hili Syrat görmedik. – Dowzahy gördüňizmi? – Ýok, dowzahy hem görmedik. – Siz nähili amallar etdiňiz welin, hasap bermän, Syratdan geçmän, göni jennete geldiňiz? – Biziň iki häsiýetimiz bardy. Şolaryň sebäbinden biz bu nygmata ýetdik. Biz Allahdan utanyp, ýeke galanymyzda hem günä etmezdik. Şeýle hem Allahyň beren az rysgalyna-da razy bolardyk.
“Jennetde hiç kimiň görmedik, eşitmedik we hatda hyýal hem edip bilmedik nygmatlary bardyr” Hadysy şerif
Perişdeler: “Bu nygmatlar siziň hakyňyzdyr” diýerler. [Ibn Hibban] “Syrat köprüsi” diýilende, ony biziň bilýän köprülerimiz ýaly hasap etmeli däldir! Biz hem: “Synpdan synpa geçmek üçin synag köprüsinden geçilýär” diýýäris. Emma synagyň köprä meňzeýän hiç bir tarapy ýokdur. Syrat köprüsi hem belli köprülere-de, synag köprüsine-de asla meňzemeýär.4
Pygamberimize (sallallahu aleýhi we sellem) mahsus bolan Köwser howzy bardyr. Onuň ululygy bir aýlyk ýol ýalydyr. Onuň suwy süýtden hem ak, ysy müşkden hem ýakymlydyr. Onuň töweregindäki käseler ýyldyzlardan hem köpdür. Ondan bir gezek içen adam, dowzahda bolsa-da, ikinji gezek suwsamaz. Şepagat hakdyr. Toba etmän ölen möminleriň kiçi we uly günäleriniň bagyşlanmagy üçin pygamberler, weliler, salyhlar, perişdeler we Allahu tagalanyň rugsat beren adamlary şepagat ederler we ol kabul ediler.
Jennet hem, dowzah hem häzir bardyr. Jennet ýedi gat asmanyň üstündedir. Dowzah her bir zadyň aşagyndadyr. Sekiz jennet, ýedi dowzah bardyr. Jennet ýer şaryndan hem, günden hem, asmanlardan hem uludyr. Dowzah hem günden uludyr. “Dünýä mömin üçin zyndan ýalydyr”. [Muslim] “Dünýä ene ýatgysyna görä jennet, jennete görä bolsa zibilhana ýalydyr”. [Ma’rifetnâme] Zibilhanany jennet bilen deňeşdirip bolarmy? Ene ýatgysyndaky çaganyň dünýä inip, dürli wakalara duş geljekdigini bilmeginiň mümkin bolmaýşy ýaly, jennete gitjek möminiň hem ol ýerde ýetjek nygmatlaryny bilmegi mümkin däldir.
Hadysy şeriflerde şeýle diýildi: “Jennetde hiç kimiň görmedik, eşitmedik we hatda hyýal hem edip bilmedik nygmatlary bardyr”. [Muslim] “Jennet nygmatlary bilen dünýädäki nygmatlaryň arasynda diňe at meňzeşligi bardyr”. [Beýhaky]
Allahu tagalanyň soňsuz gudratyna ynanýan adam Onuň bildiren her bir zadyna ynanmalydyr. Jenaby Hak jennetde hiç hili kynçylygyň bolmajakdygyny, jennet ähline isleýän her bir nygmatynyň beriljekdigini bildirýär.
Jennet nygmatlarynyň ýanynda dünýä nygmatlary olaryň kölegesi, suraty ýaly hem däldir. Agajyň suraty bilen agajyň özüniň bir zat bolmaýşy ýaly, jennet nygmatlarynyň ýanynda dünýädäkiler hem şeýledir. Allahu tagala dünýä mahsus nygmatlary ýokdan ýaradyşy ýaly, ahyretde hem göwne, hyýala gelmeýän nygmatlary ýokdan ýaradar. Allahu tagala üçin kynçylyk bolmaz. Jennetde gam-gussa hem, kynçylyk hem ýokdur. Birnäçe aýaty kerimäniň manysy: “Ýagşylyk edenlere iň gözel sylag we ondan hem artygy (Allahu tagalanyň jemalyny görmek) bardyr. Olaryň ýüzlerine ne bir garalyk (tegmil), ne-de bir horluk ýokuşmaz. Ine, olar jennetlikdirler. Olar ol ýerde hemişelik galarlar” (Ýunus süresi, 10:26). “Iman getirip, ýagşy amallar edenler üçin Firdews jenneti mesgen bolar. Olar ol ýerde hemişelik galarlar we ol ýerden çykmagy asla islemezler” (Kehf süresi, 18:107–108). “Jennetiň niresine seretseňiz-de, bol nygmat we uly mülk (soltanlyk, uly ihsanlar) görersiňiz” (Ynsan süresi, 76:20).
Hadysy şeriflerde hem şeýle diýildi: “Allahu tagala: ‘Salyhlar üçin gözleriň görmedik, gulaklaryň eşitmedik we ynsanyň göwnüne gelmedik zatlaryny taýýarladym’ diýdi”. [Buhary] “Jennete giren ölmez, ebedi ýaşar. Ol hemişe bagtly bolar, gussa çekmez, umytsyzlyga düşmez, eşigi könelmez we ýaşlygy gitmez”. [Ibn Abiddunýa] “Jennet ähli hiç syrkawlamaz we garramaz; hiç gam çekmez we hemişe şatlykly bolar”. [Muslim] “Jennete giren: ‘Bir ata müneýin’ diýse, müner; ‘Uçaýyn’ diýse, uçar”. [Tirmizi] “Jennetiň iň aşaky derejesinde bolan adama: ‘Näme isleseň, şony dile’ diýiler. Ol hem göwnünden näme geçýän bolsa, şolaryň hemmesini diläp sorar. Oňa: ‘Seniň isleýän her bir zadyňyň iki essesi saňa beriler’ diýiler”. [Muslim] “Her kes 33 ýaşynda bolar”. [Tirmizi, Kurtuby, Newewi]
6. Kadara ynanmak
We bil-kaderi haýrihi we şerrihi minallahi tagala: ýagny “Kadara, haýryň we şeriň Allahu tagaladandygyna ynandym” diýmekdir. Ynsanlara gelýän haýyr we şer, peýda we zyýan, gazanç we ýitgi – olaryň hemmesi Allahu tagalanyň takdyr etmegi bilen bolýar.
Allahu tagalanyň bir zadyň barlygyny islemegine “kadar” diýilýär. Kadaryň, ýagny barlygy takdyr edilen zadyň bar edilmegine “kaza” diýilýär. Kadar we kaza sözleri biri-biriniň ýerine hem ulanylýar. Ezelden ebede çenli boljak närseleri – zatlary, olaryň häsiýetlerini, hereketlerini, wakalary Ol ezelde bilşine laýyklykda ýaradýar. Ynsanlaryň ýagşy we ýaman ähli işlerini, olaryň musulman bolmaklaryny, küfürlerini, isläp we islemän eden ähli işlerini Allahu tagala ýaradýar. Ýaradýan, edýän diňe Oldur. Sebäpleriň emele getirýän her bir zadyny ýaradýan Oldur. Ol her bir zady bir sebäp bilen ýaradýar. Ylmyň, ylmy bilimleriň iň ýokary derejesinde bolan, hakykatlary doly gören pygamberler we şol beýikleriň yzyndan gidip, ylym deňizlerinden damjalara ýeten yslam alymlary häzir ýakyjy, ediji hasap edilýän zatlaryň ejiz, biçäre araçylardygyny we mahluklardygyny, ýagny hakyky Edijiniň, Ýaradyjynyň ara goýan sebäplerdigini bildirýärler. Ýakyjy Allahu tagaladyr.
Ol otsuz hem ýakýar. Emma ot bilen ýakmak Onuň adatydyr. Ýakmagy islemese, oduň içinde hem ýakmaz. Ol Ybraýym aleýhisselamy otda ýakmady: ony örän söýýänligi üçin Öz adatyny bozdy. Allahu tagala islän bolsa, her bir zady sebäpsiz ýaradardy: otsuz ýakardy, iýdirmän doýurardy. Emma Ol lutf edip, gullaryna ýagşylyk edip, her bir zady ýaratmagyny bir sebäbe baglady. Ol belli zatlary belli sebäpler bilen ýaratmagy islädi. Ol Öz işlerini sebäpleriň astynda gizledi. Ol Öz gudratyny sebäpleriň astynda saklady. Onuň bir zady ýaratmagyny isleýän adam şol zadyň sebäbine ýapyşýar we şol zada ýetýär. Çyrany ýakmak isleýän otluçöp ulanýar. Zeýtun ýagyny çykarmak isleýän ýag basýan gural ulanýar. Başy agyrýan aspirin ulanýar. Jennete gidip, soňsuz nygmatlara ýetmek isleýän yslama eýerýär. Özüne tapança çeken, zäher içen adam ölýär. Derli wagty suw içen adam syrkawlaýar. Günä eden, küfre düşen adam hem dowzaha gidýär. Her kes haýsy sebäbe ýüz tutsa, şol sebäbiň araçy edilen zadyna ýetýär. Musulman kitaplaryny okaýan adam musulmançylygy öwrenýär, ony söýýär we musulman bolýar. Dinsizleriň arasynda ýaşaýan, olaryň sözlerini diňleýän adam din nadany bolýar. Din nadanlarynyň köpüsi imansyz bolýar. Ynsan haýsy ýere gidýän ulaga münse, şol ýere baryp ýetýär. Allahu tagala Öz işlerini sebäpler bilen ýaratmadyk bolsa, hiç kim hiç kime mätäç bolmazdy. Her kes her bir zady Allahu tagaladan sorardy we hiç bir zada ýüz tutmazdy. Şeýle bolanda, ynsanlaryň arasynda ýolbaşçy we gulluk ediji, işçi we ussat, talyp we mugallym ýaly we beýleki köp ynsanlyk baglanyşyklary galmazdy, dünýäniň we ahyretiň tertibi bozulardy. Gözel bilen çirkiniň, ýagşy bilen ýamanyň, boýun bolýan bilen boýun bolmaýanyň arasynda tapawut galmazdy.
“Nebse ýagşylygy we ýamanlygy beren Allahu tagala kasam bolsun: nebsini küfürden we günäden arassalan adam halas boldy. Nebsini olarda galdyran adam bolsa zyýan çekdi” Şems: 7–10
GÖRELIŇ, MOWLA NÄ EÝLÄR
Hak şerleri haýyr eýlär,
Ähli işi ajap bolar,
Sanma ony özge eýlär,
Biri-birne laýyk bolar,
Arif ony seýr eýlär,
Nä eýlese, ýerlik bolar,
Göreliň, Mowla nä eýlär,
Göreliň, Mowla nä eýlär,
Nä eýlese, gözel eýlär.
Nä eýlese, gözel eýlär.
Sen Haka tewekgel kyl,
Göwünden gamy daş eýle,
Tabşyr Oňa, rahat tap,
Rebbiň bilen huzur eýle,
Sabyr eýle, razy bol,
Işleriň Oňa tabşyr eýle,
Göreliň, Mowla nä eýlär,
Göreliň, Mowla nä eýlär,
Nä eýlese, gözel eýlär.
Nä eýlese, gözel eýlär.
Kalbyň Oňa bent eýle,
Sen adalaty zulum sanma,
Tedbiriňi terk eýle,
Teslim bol, otda ýanma,
Takdyryny derk eýle,
Sabyr et, sakyn, ýadama,
Göreliň, Mowla nä eýlär,
Göreliň, Mowla nä eýlär,
Nä eýlese, gözel eýlär.
Nä eýlese, gözel eýlär.
Hallak we Rahym Oldur,
Diýme: “Bu näme beýle?”
Rezzak we Kerim Oldur,
Bir näçe wagt ol şeýle,
Faggal we Hakym Oldur,
Soňuna bak, sabyr eýle,
Göreliň, Mowla nä eýlär,
Göreliň, Mowla nä eýlär,
Nä eýlese, gözel eýlär.
Nä eýlese, gözel eýlär.
Bil Kadyýul-hajaty,
Hiç kime hor bakma,
Kyl Oňa münajaty,
Ynjytma, göwün ýykma,
Terk eýle muradaty,
Sen nebsiňe ýan basma,
Göreliň, Mowla nä eýlär,
Göreliň, Mowla nä eýlär,
Nä eýlese, gözel eýlär.
Nä eýlese, gözel eýlär.
Bir iş üstüne düşme,
Çäresiz galjak ýerde,
Bolan bolsa, inat etme,
Ol birden açar perdäni,
Hakdandyr ol, ret etme,
Derman eder Ol derde,
Göreliň, Mowla nä eýlär,
Göreliň, Mowla nä eýlär,
Nä eýlese, gözel eýlär.
Nä eýlese, gözel eýlär.
Hakdandyr ähli işler,
Her dem Ony zikr eýle,
Boşdur gam-u teşwişler,
Zirekligi bir ýan goý,
Ol Öz hikmetini işler,
Haka haýran bol, aýt:
“Göreliň, Mowla nä eýlär,
Göreliň, Mowla nä eýlär,
Nä eýlese, gözel eýlär.
Nä eýlese, gözel eýlär.”
İbrâhim Hakkı Erzurûmî
Allahu tagala gullaryna ygtyýar (irade) beripdir we olaryň bu iradelerini, isleglerini işleri ýaratmagyna sebäp edipdir. Gul bir zady etmek islände, Allahu tagala hem islese, ol işi ýaradýar. Gul islemese, Allahu tagala hem islemeýär we ol zady ýaratmaýar.
Gullaryň isläp edýän hereketleri iki zatdan emele gelýär. Birinjisi – gulyň iradesi we güýji bilendir. Şonuň üçin gulyň hereketlerine, ýagny niýet edilen işleriň agzalar tarapyndan edilmegine “kesp etmek” diýilýär; kesp ynsanyň sypatydyr. Ikinjisi – Allahu tagalanyň ýaratmagy, bar etmegi bilendir. Allahu tagalanyň buýruklary, gadaganlyklary, sogap bermegi we azap etmegi ynsanda kespiň bardygy üçindir. Allahu tagala geçmişdäki we gelejekdäki her bir zady Öz ezeli ylmy bilen bilýär. Mysal üçin, Ol bir kapyryň ebedi kapyr bolup galjakdygyny-galmajakdygyny bilýär. Ol boljak zatlaryň nähili boljakdygyny bilýär. Ähli haýwanlaryň, ösümlikleriň, jansyz zatlaryň, gaty jisimleriň, suwuklyklaryň, gazlaryň, ýyldyzlaryň, molekulalaryň, atomlaryň, elektronlaryň, elektromagnit tolkunlarynyň, gysgaça, her bir barlygyň hereketi, fiziki hadysalar, himiki reaksiýalar, ýadro reaksiýalary, energiýa alyş-çalşygy, janly-jandarlardaky fiziologik işjeňlik, her bir zadyň bolup-bolmazlygy, gullaryň ýagşy we ýaman işleri, olaryň dünýäde we ahyretde bularyň jezasyny görmegi we her bir zat ezelde Allahu tagalanyň ylmynda bardy. Ol bularyň hemmesini ezelde bilýärdi. Senenamalara bir ýylyň dowamynda günüň haçan dogup, haçan ýaşjakdygy hasaplanyp ýazylýar. Gün senenamada görkezilen sagatlarda dogýar we ýaşýar. Emma gün senenama şeýle ýazylany üçin belli sagatlarda dogup-ýaşmaýar. Senenama ýazylmagy günüň dogmagyna we ýaşmagyna täsir etmeýär. Allahu tagala hem ynsanlaryň başyna näme geljekdigini bilýänligi üçin, bulary Lewhi mahfuza ýazypdyr. Allahu tagalanyň käbir adamlaryň nesipsiz (bagtsyz) boljakdygyny bildirmegi olaryň öz islegi bilen küfürde galmagy islemekleri we iman getirmegi islemezlikleri sebäplidir. Ýogsa olaryň kapyr bolmagy Allahu tagalanyň habar berendigi üçin däldir. Kurany Kerimde Ol şeýle diýýär: “Jenaby Hak ynsana haýry we şeri (ýa-da boýun bolmagy we günäni) we olaryň ýagdaýlaryny öwredip, olaryň birini edip bilmegi üçin oňa ygtyýar (saýlamak hukugy, iradeýi juzyýýe) berdi. Nebsini tezkiýe eden (ýamanlyklardan arassalap, fazyletler bilen dolduran) halas boldy. Nebsini günäde, nadanlykda, azaşmakda galdyran bolsa zyýan çekdi” (Şems süresi, 91:7–10). Ynsan iradeýi juzyýýesini (bölekleýin islegini) ulanmakda erkindir; ol mejbur däldir. Ýagny iradeýi juzyýýe ýagşylyga ulanylsa, Allahu tagala ýagşylyk ýaradýar, ýamanlyga ulanylsa, ýamanlyk ýaradýar. Gul iradeýi juzyýýesini ulanýar, Allahu tagala hem ýaradýar. [İrade-i cüziyye risalesi] Diýmek, ýagşylyk isleýäne Ol ýagşylyk berýär we ol nesipli bolýar. Ýamanlyk isleýäne Ol ýamanlyk berýär we ol nesipsiz bolýar. Bu ýerde hiç hili mejbur etmek ýokdur. Ýagny Allahu tagala zor bilen günä etdirmeýär, zor bilen dowzaha oklamaýar. Netijede adalata ters gelýän hiç zat bolmaýar. Allahu tagala buýruklaryny ýerine ýetirýän we gadaganlyklaryndan saklanýan gullaryna sylag, munuň tersini edýänlere bolsa jeza berjekdigini bildirdi.
