AHKAMY YSLAMYÝÝE (AHKAMY ŞERGIÝÝE)
Yslam dininiň bildirýän buýruklaryna we gadaganlyklaryna “Ahkamy şergiýýe” ýa-da “Ahkamy yslamyýýe” diýilýär. Olara “Efgaly mükellefin” hem diýilýär.
Mükellef kime diýilýär
Akylly we baluglyk döwrüne giren erkeklere we aýallara “mükellef” diýilýär. Mükellef adamlar Allahu tagalanyň buýruklaryndan we gadaganlyklaryndan jogapkärdirler. Dinimizde mükellef adama ilki iman getirmek, soňra-da ybadat etmek buýrulandyr. Mundan başga-da, olar edilmegi gadagan edilen haramlardan we mekruh işlerden-de gaça durmalydyrlar. Akyl – düşünýän bir güýçdür. Ol peýdalyny zyýanlydan saýgarmak üçin ýaradylandyr. Baluglyk döwri – beden taýdan ýetişmek ýaşy diýmekdir. Erkek çagalaryň baluglyk döwrüne girmegi on iki ýaşy dolanda başlaýar. Erkek çaganyň baluglyk döwrüne girendigini görkezýän alamatlar bardyr. Bu alamatlar görünmese [menisi gelmeýän oglanyň], on bäş ýaşy dolanda, din boýunça ol baluglyk döwrüne girdi diýip höküm edilýär. Gyz çagalaryň baluga ýetmegi bolsa dokuz ýaşy dolanda başlaýar. Dokuz ýaşly gyz çaganyň baluga ýetendiginiň alamatlarynyň hiç biri görünmese [haýyz görmeýän gyzyň], on bäş ýaşy dolanda, ol baluglyk döwrüne girdi diýip höküm edilýär.
Efgaly mükellefin
Efgaly mükellefin (mükellefleriň işleri) sekizdir: parz, wajyp, sünnet, müstehap, mubah, haram, mekruh we müfsit. 1. PARZ: Allahu tagalanyň aýaty kerime bilen edilmegini aç-açan we kesgitli buýran zatlaryna parz diýilýär. Parzlary terk etmek haramdyr. Olara ynanmaýan we olary ýerine ýetirmäge ähmiýet bermeýän adam kapyr bolýar.
Iman getirmek, täret almak, gusul etmek (ýagny tutuş bedeni ýuwmak), bäş wagt namaz okamak, Ramazan aýynda oraza tutmak, baý bolanda zekat bermek we haja gitmek ýaly işler parzdyr.
2. WAJYP: Ýerine ýetirilmegi parz ýaly kesgitli bolan buýruklara şeýle diýilýär. Mysal üçin, witr namazyny we baýramçylyk namazlaryny okamak, baý bolanda gurbanlyk soýmak, pitir (sadakaýy fitr) bermek. Wajybyň hökümi parzyňky ýalydyr.
3. SÜNNET: Allahu tagala aç-açan bildirmän, diňe Pygamberimiziň edilmegini öwen, ýa-da özüniň yzygiderli eden, ýa-da edilýänini görüp, saklamadyk zatlaryna “sünnet” diýilýär. Sünneti halamazlyk küfürdir. Ony halap, ýöne etmeýän adama azap ýokdur. Emma ony özürsiz we yzygiderli terk eden adam käýinje, igenilmäge we onuň sogabyndan mahrum galmaga mynasyp bolýar. Mysal üçin, azan aýtmak, kamat getirmek, jemagat bilen namaz okamak, namazyň sünnetleri, sünnet namazlar, täret alanda miswak ulanmak, öýlenen gijesi nahar bermek we ogluny sünnet etdirmek ýaly. 4. MÜSTEHAP: Oňa mendup, adap hem diýilýär. Ol sünneti gaýry müekkede hökmündedir. Bular Pygamberimiziň ömründe bir-iki gezek bolsa-da eden, söýen we halan zatlarydyr. Täze doglan çaga ýedinji güni at goýmak, oglan we gyz çaga üçin akyka mal soýmak, owadan geýinmek, ýakymly ys sepinmek ýaly. Bulary edene köp sogap berilýär. Etmeýäne azap ýokdur.
5. MUBAH: Edilmegi buýrulmadyk we gadagan hem edilmedik zatlara mubah diýilýär. Ony gowy niýet bilen etmekde sogap, erbet niýet bilen etmekde azap bardyr. Ýatmak, halalyndan dürli nahar iýmek, halal bolmak şerti bilen dürli eşik geýmek ýaly işler mubahdyr. Bular yslama eýermek, buýruklara ýapyşmak niýeti bilen edilse, sogap bolýar. Sagdyn bolup, ybadat etmegi niýet edip iýip-içmek hem şeýledir.
“Ylym öwreniň! Ylym öwrenmek ybadatdyr. Ylym öwredene we öwrenene jihadyň sogaby bardyr” Hadysy şerif
6. HARAM: Bular Allahu tagalanyň Kurany Kerimde “Etmäň!” diýip aç-açan gadagan eden zatlarydyr. Haramlary etmek we ulanmak berk gadagan edilendir. Harama halal, halala haram diýen adamyň imany gidýär, ol kapyr bolýar. Haram zatlary terk etmek, olardan saklanmak parzdyr. Adam öldürmek, zyna, liwata etmek, gumar oýnamak, şerap we her hili alkogolly içgileri içmek, ýalan sözlemek, ogurlyk etmek, doňuz etini, gany we läşi iýmek, aýallaryň we gyzlaryň başy, gollary, aýaklary açyk köçä çykmagy haramdyr we bular uly günälerdir. Bir adam bu günäleri edende Bismilla aýtsa, ýa-da olaryň halaldygyna ynansa, ýa-da Allahu tagalanyň olary haram edendigine ähmiýet bermese, kapyr bolýar. Olaryň haramdygyna ynanyp, gorka-gorka etse, kapyr bolmaýar. Emma dowzah azabyna mynasyp bolýar. Eger bu günäde dyrjaşyp, toba etmän ölse, bu onuň imansyz gitmegine sebäp bolýar. 7. MEKRUH: Allahu tagalanyň we Muhammet aleýhisselamyň halamaýan we ybadatlaryň sogabyny ýok edýän zatlaryna mekruh diýilýär. Mekruh iki hilidir: Tahrimen mekruh: bu wajyby terk etmekdir; harama ýakyn bolan mekruhlardyr. Olary etmek azaba sebäp bolýar. Mysal üçin, gün dogup barýarka, edil depede durka we ýaşyp barýarka namaz okamak. Tenzihen mekruh: bu mubaha, ýagny halal işlere ýakyn bolan, ýa-da edilmezligi edilmeginden has gowy bolan işlerdir. Mysal üçin, gaýry müekked sünnetleri ýa-da müstehaplary etmezlik.
8. MÜFSIT: Dinimizde müfsit – şerigata laýyk (meşru) bir işi ýa-da başlanan bir ybadaty bozýan zatlardyr: mysal üçin, imany we namazy, nikany we hajy, zekaty, alyş-çalşygy bozýan zatlar. Mysal üçin, Allaha we Kitaba sögmek küfürdir, ol imany bozýar. Namazda gülmek täreti-de, namazy-da bozýar. Oraza tutýan adam bilip-bilip iýse, içse, onuň orazasy bozulýar. Parzlary, wajyplary we sünnetleri ýerine ýetirýän, haramdan we mekruhdan saklanýan adama ejr, ýagny sogap berilýär. Haramlary, mekruhlary edýän we parzlary, wajyplary ýerine ýetirmeýän adama günä ýazylýar. Bir haramdan saklanmagyň sogaby bir parzy ýerine ýetirmegiň sogabyndan gat-gat köpdür. Bir parzyň sogaby bir mekruhdan saklanmagyň sogabyndan köpdür. Mekruhdan saklanmagyň sogaby bolsa sünnetiň sogabyndan köpdür.
Ybadat näme?
Ybadat – bizi we ähli barlygy ýokdan bar eden, her pursat barlykda saklaýan, görünýän we görünmeýän betbagtçylyklardan, beladan goraýan we her pursat dürli nygmatlar, ýagşylyklar berip ýetişdirýän Allahu tagalanyň buýruklaryny we gadaganlyklaryny ýerine ýetirmekdir. Adamyň güýji ýetdiginden özüne sansyz nygmatlar iberýän Allahu tagala şükür etmegi ynsanlyk borjudyr. Bu akylyň buýurýan bir wezipesi, bir borjudyr. Emma ynsanlar öz kemçilikli akyllary, gysga düşünjeleri bilen Allahu tagala şükür, hormat bolup biljek zatlary tapyp bilmeýärler. Şükür etmek, hormat goýmak üçin ýaraýan wezipeler Allahu tagala tarapyndan bildirilmese, öwmek hasaplanýan zatlar ýamanlamak bolup biler.
Ine, ynsanlaryň Allahu tagala garşy ýürek, dil we beden bilen ýerine ýetirmeli we ynanmaly şükür borjy, gulluk wezipeleri Allahu tagala tarapyndan bildirilendir, Onuň söýgüli Pygamberi tarapyndan-da bize ýetirilendir. Diýmek, akylly adamlar Allahu tagala şükür etmek, ybadat etmek üçin Muhammet aleýhisselama eýermelidirler. Muhammet aleýhisselama eýerýän adam musulmandyr. Ybadat etmek – Allahu tagala şükür etmek, ýagny Muhammet aleýhisselama eýermekdir.
Yslamyň bölekleri
Yslam iki bölekden ybaratdyr: A. Ýürek bilen ynanylmaly şertler. B. Beden we ýürek bilen ýerine ýetirilmeli ybadatlar.
Ýürek bilen ynanylmaly şertler
Iman – Resuly ekremiň (sallallahu aleýhi we sellem) Allahu tagalanyň pygamberidigini we Onuň saýlan, habar berýän nebisidigini dogry bilmek, oňa ynanyp aýtmak; onuň Allahu tagala tarapyndan gysgaça bildirenlerine gysgaça, giňişleýin bildirenlerine jikme-jik ynanmak we güýji ýetdiginden kelimeýi şahadaty dil bilen hem aýtmakdyr. Güýçli iman şeýledir: adam oduň ýakýandygyna, ýylanyň zäherläp öldürýändigine berk (ýakyn) ynanyşy ýaly, Allahu tagalany we Onuň sypatlaryny beýik bilip, tutuş göwni bilen Onuň razylygyna we jemalyna ymtylmaly, Onuň gazabyndan we jelaletinden gaçmaly we imany mermer üstüne ýazylan ýazgy ýaly berk edip göwnünde ornaşdyrmalydyr.
Hökman ynanmagymyz gerek bolan imanyň alty şerti bardyr.
Olar şulardyr:
1. Allahu tagalanyň barlygyna we birligine ynanmak. 2. Onuň perişdelerine ynanmak.
3. Onuň kitaplaryna ynanmak. 4. Onuň pygamberlerine ynanmak. 5. Ahyret gününe ynanmak. 6. Kadara, ýagny haýryň we şeriň (ýagşylygyň we ýamanlygyň) Allahu tagaladandygyna ynanmak.
Beden we ýürek bilen ýerine ýetirilmeli ybadatlar
Her bir musulmanyň hökman ybadat hökmünde ýerine ýetirmeli wezipeleri bardyr. Bu wezipelere yslamyň şertleri diýilýär we olar bäşdir: 1. Kelimeýi şahadat getirmek.
2. Her gün bäş gezek, wagty gelende namaz okamak. 3. Malyň zekatyny bermek. 4. Ramazan aýynda her gün oraza tutmak.
5. Güýji ýetýän adamyň ömründe bir gezek haj etmegi.
“Bilip edilen az ybadat bilmän edilen köp ybadatdan has gowudyr” Hadysy şerif
Seni söýen aşyklaryň
Gözi özgä bakmaz eken,
Seni maksat edinenler
Dünýä-ahyret anmaz eken.
Göwnün Saňa berenleriň,
Ylmy bilen Saňa ýetenleriň,
Gözi Seni görenleriň
Bagty hergiz sönmez eken.
Ölmez eken aşyk jany,
Hiç çüýremez eken teni,
Yşk kimi kylsa pany,
Oňa zowal ýetmez eken.
Buýrugyňa baş egenleriň,
Wysalyňa ýetenleriň,
Bilbil kimin saýranlaryň
Dilin hiç kim bilmez eken.
Yşkyň bilen bilişenler,
Seniň üçin söýüşenler,
Halwatyňa erişenler
Ölümden hiç gorkmaz eken.
Akylyň bar bolsa, eý doganym,
Haky söýmek bolsun işiň,
Yşk datyny datmadygyň
Ýüregi päk bolmaz eken.
