Söýgüli Pygamberim

ÄHLI SÜNNET YNANJY

Musulman bolmagyň ilkinji şerti – iman getirmekdir. Dogry iman bolsa Ähli sünnet ynanjyna laýyk ynanmaga baglydyr. Akylly we baluga ýeten erkek bilen aýalyň birinji borjy – Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) ynanyşy we bildirişi ýaly iman getirmekdir. Pygamberimiz ýeke-täk bir iman bildirdi. Hormatly sahabalaryň hemmesi onuň bildirişi ýaly ynandylar, olaryň ynançda (itikatda) hiç bir tapawudy bolmady. Pygamberimiz wepat bolandan soň, adamlar yslamy hormatly sahabalardan eşidip we sorap öwrendiler. Olaryň hemmesi şol bir imany bildirdiler. Ähli sünnet alymlarynyň kitaplarynda ýazan iman bilimlerini öwrenmek we olara laýyk ynanmak gerekdir. Kyýamatda dowzah azabyndan gutulmak olaryň bildirenlerine ynanmaga baglydyr. Dowzahdan gutuljaklar diňe olaryň ýolundan gidýänlerdir. Olaryň ýolundan gidýänlere (sünni) ýa-da (Ähli sünnet) diýilýär.

Bir hadysy şerifde: “Meniň ymmatym ýetmiş üç topara bölüner. Olardan diňe bir topar dowzah azabyndan gutular, beýlekileri bolsa heläk bolar, dowzaha girer” diýildi. Bu ýetmiş üç toparyň her biri yslama eýerýändigini öňe sürýär we dowzahdan gutuljakdygy bildirilen toparyň öz topary bolandygyny aýdýar. Muminun süresiniň 53-nji we Rum süresiniň 32-nji aýaty kerimelerinde manysyna görä: “Her topar dogry ýoldadygyny pikir edip, şatlanýar” diýildi. Emma bu dürli toparlaryň arasyndan gutulýan bir toparyň alamatyny, nyşanyny Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle bildirýär: “Bu toparda bolanlar – meniň we sahabalarymyň giden ýolundan gidýänlerdir”. Hormatly sahabalaryň birini hem söýmedik adam Ähli sünnetden aýrylan bolýar. Ähli sünnet ynanjynda bolmadyk adam bolsa kapyr ýa-da Ähli bidgat, ýagny azaşan bolýar.

Imanda, ynançda ýeke-täk mezhep bardyr.

Imanda, ynançda hak bolan ýeke-täk topar, ýagny ýeke-täk mezhep bardyr. Bu mezhep – Ähli sünnet wel-jemagat mezhebidir. Sebäbi yslam ähli ynsanlara diňe bir imany we bir ynanjy buýurýar.

Iman getirilýän zatlarda tapawut bolmaýar.

Bu imanyň esaslaryny we nähili ynanmalydygyny Pygamberimiz aleýhisselam özi beýan edip ýetirdi. Ynsanlara olary we her zady ýaradan Allahu tagalany habar beren Pygamberimiz Allahu tagalanyň Özüne, Onuň ýaradan zatlaryna, Onuň buýruklaryna we gadaganlaryna nähili iman getirilmelidigini hem bildirdi. Iman getirilýän zatlarda hormatly sahabalaryň hemmesine eýermek gerekdir. Sebäbi ynanylmaly zatlarda olaryň arasynda hiç bir tapawut ýokdur. Imanyň asyl şerti – Allahu tagalany we Onuň söýýänlerini söýmek, olar bilen dost bolmak, Onuň duşmanlaryna duşman bolmakdyr. Bu barada Muhammet Magsum hezretleri şeýle diýýär: “Allahu tagala: ‘Eý Musa! Meniň üçin näme amal etdiň?’ diýdi. Ol:

‘Ýa Rebbim! Seniň üçin namaz okadym, oraza tutdum, zekat berdim we Seni zikir etdim’ diýende, Allahu tagala: ‘Namaz – seniň üçin burhan (delil). Oraza – seni dowzahdan goraýan galkan. Zekat magşar güni, her kim yssydan ýananda, saňa kölege bolar. Zikir hem şol gün garaňkylykda saňa nur bolar. Emma Meniň üçin näme etdiň?’ diýdi. Hezreti Musa: ‘Ýa Rebbim! Seniň üçin bolan amal näme?’ diýip sorady. Allahu tagala: ‘Meniň söýýänimi Meniň üçin söýdüňmi we Meniň duşmanymy duşman bildiňmi?’ diýdi.

“Meniň ymmatym ýetmiş üç topara bölüner. Olardan diňe bir topar dowzah azabyndan gutular, beýlekileri bolsa heläk bolar, dowzaha girer” Hadysy şerif

Hezreti Musa Allahu tagalanyň söýýän amalynyň Onuň dostlaryny söýmek we duşmanlaryny söýmezlik bolandygyna düşündi. Diýmek, söýgüliniň söýýänlerini söýmek we onuň duşmanlaryna duşman bolmak – söýginiň alamatydyr. Mumtehyne süresiniň manysyna görä ‘Ybraýym we onuň ýoldaşlary kapyrlara: biz sizden hem, butlaryňyzdan hem daşdyrys; siz ýeke-täk Allaha iman getirýänçäňiz, aramyzda duşmançylyk dowam eder diýdiler. Olaryň bu gözel hallary size görelde bolmalydyr’ diýen 4-nji aýaty şuny görkezýär: iman eýesi bolmak üçin bu duşmançylyk şertdir, Allahyň duşmanlaryny söýmek bolsa imany ýok edýär. Resulullahyň söhbetine ýetip şereflenen hormatly sahabalar biri-birini örän söýerdiler. Olar biri-birine däl, kapyrlara duşmandylar. Feth süresiniň manysyna görä ‘Olar kapyrlara duşman, biri-birine rehimlidiler’ diýen 29-njy aýaty sözümizi tassyklaýar” (hezreti Muhammet Magsum, 29-njy hat).

“Kimýaýy sagadat” kitabynyň bäşinji bölüminde şeýle ýazylgydyr: Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Imanyň binýady we iň güýçli alamaty – musulmanlary söýmek we musulmanlara duşmançylyk edýänleri söýmezlikdir”. Jenaby Hakyň Isa aleýhisselama ylahy buýrugynyň manysy şeýle: “Ýerlerdäki we göklerdäki ähli mahluklaryň ybadatlaryny etseň-de, dostlarymy söýmeseň we duşmanlaryma duşmançylyk etmeseň, onuň hiç peýdasy bolmaz”. Her bir mömin Allahu tagalanyň duşmany bolanlary söýmeli däldir, yslama ýapyşanlary söýmelidir. Muny sözlerinde we, mümkin bolsa, hereketlerinde görkezmelidir. Günäkärler we açykdan-açyk günä edýänler (pasyklar) bilen dostluk etmeli däldir, günäsi köp bolanlardan örän daş durmalydyr. Zalymlardan, musulmanlara azar berýänlerden has-da daş durmalydyr. Emma diňe özüne zulum edenleri bagyşlamak we olaryň zulmuna sabyr etmek gerekdir we bu örän gowudyr.1 Pygamberimiz dogry ýoluň Ähli sünnet alymlarynyň bildiren imanydygyny habar berdi. Diýmek, Ähli sünnetde birleşip, dogan bolmak, biri-birimizi söýmek gerekdir. Bidgat toparlaryny Ähli sünnetiň amaldaky dört hak mezhebi bilen garyşdyrmaly däldir. Dört mezhep biri-biriniň dogry ýoldadygyny aýdýar we biri-birini söýýär. Bidgat toparlary bolsa musulmanlary bölýär. Yslam alymlary bu dört hak mezhebiň birleşdirilip bilinmejekdigini agzybirlik bilen bildirdiler. Allahu tagala amalda mezhepleriň birleşdirilmegini däl, aýry bolmagyny isleýär. Şeýdip, Ol yslam dinini ýeňilleşdirýär. “Ymmatymyň alymlarynyň arasyndaky tapawut – rahmetdir”. Bu hadysy şerif şeýle tapawudyň peýdalydygyny habar berýär.

Ynançda bolsa Allahu tagala agzybirligi buýurýar. Äli-Ymran süresiniň ýüz üçünji aýaty kerimesiniň manysy: “Eý iman getirenler! Allahyň dinine ýapyşyň. Biri-biriňizden aýrylmaň!” Abussugut efendi hezretleri muny düşündirip, şeýle diýdi: “Ähli kitabyň bölünişi ýaly bölünip, dogry imandan aýrylmaň! Jahyliýet döwründe biri-biriňiz bilen söweşişiňiz ýaly bölünmäň!” Ibn Hajar Mekki hezretleri şeýle diýýär: “Bidgat eýesi – ynançlary Ähli sünnetiň ynanjyndan tapawutly bolan adamdyr. Yslamyň halamaýan bir zadyny ýüze çykaran her bir adam bidgat eýesi bolýar”. (Fetawaýy hadysyýýe). Ähli sünnet ynanjyna ynanýanlar – Ähli sünnetdir, ynanmaýanlar bolsa bidgat ähli (Ähli bidgat) ýa-da kapyr bolýar.

Allahu tagala Ähli sünnet ynanjyna laýyk iman getiren musulmanlardan razydyr. Şeýle ynanan bolmagyň köp şertleri bardyr.

Ähli sünnet ynanjyndaky käbir möhüm meseleler

1. Imanyň alty şertine, ýagny Allahu tagalanyň barlygyna we birligine, Onuň şärigi we meňzeşi ýokdugyna, Onuň perişdelerine, kitaplaryna, pygamberlerine, ahyret durmuşyna, haýryň we şeriň, ýagşylygyň we ýamanlygyň Allahu tagala tarapyndan ýaradylandygyna ynanmalydyr. (Bular “Amentu” dogasynda bildirilendir.) 2. Allahu tagalanyň iň soňky kitaby bolan Kurany Kerimiň Allahu tagalanyň kelamydygyna ynanmalydyr. 3. Mömin öz imanyndan hiç şübhelenmeli däldir. 4. Pygamberimize (sallallahu aleýhi we sellem) iman getirip, ol diri wagty ony görmek bilen şereflenen hormatly sahabalaryň hemmesini örän söýmelidir. Onuň dört halyfyna, ýakyn garyndaşlary bolan Ähli beýtine we hormatly aýallarynyň hiç birine dil uzatmaly däldir. 5. Hormatly sahabalaryň hemmesi jennetlikdir. (Rafyzylar: “Bäşisinden başga sahabalaryň hemmesi kapyrdyr” diýýärler. Emma Kurany Kerimde olaryň hemmesiniň jennetlikdigi aýdylýar.)2 6. Abu Bekir Syddyk hormatly sahabalaryň iň fazyletlisidir.

7. Ybadatlary imanyň bir bölegi hasaplamaly däldir. Allahu tagalanyň buýruklaryna we gadaganlaryna ynanyp, ýaltalyk sebäpli olary berjaý etmeýän möminleri kapyr hasaplamaly däldir. (Wahhabylar: “Amal imanyň bölegidir, namaz okamaýan we haram işleýän kapyrdyr” diýýärler.) Haramlara ähmiýet bermeýänleriň, olary ýeňil hasaplaýanlaryň, yslam bilen degişýänleriň imany gidýär. 8. Ähli gybla bolandygyny aýdýan, Allahu tagala we Onuň Pygamberi Muhammet aleýhisselama ynandym diýip, ýalňyş ynançda bolanlary tekfir etmeli däldir, olaryň kapyrdygyny aýtmaly däldir. Şonuň üçin Ähli gybla tekfir edilmeýär, olara kapyr diýilmeýär. (Emma wahhabylar özlerinden başga hemmelere kapyr diýýärler.) 9. Açykdan-açyk günä işleýändigi belli bolmadyk her bir imamyň yzynda namaz okamalydyr. Bu hökm anna we baýramçylyk namazlaryny okadýan emirlere, häkimlere hem degişlidir. 10. Musulmanlar başlaryndaky ýolbaşçylaryna, dolandyryjylaryna garşy gozgalaň turuzmaly däldir. Huruç, ýagny gozgalaň turuzmak pitne döretmek bolýar we dürli betbagtçylyklara getirýär. Olaryň haýyrly işler etmegi üçin doga etmeli we pasyklykdan, günäli işlerden el çekmekleri üçin ýumşak dil bilen nesihat etmeli. 11. Täret alnanda aýaklary ýuwmagyň ýerine, hiç hili özür we zerurlyk bolmasa-da, öl el bilen bir gezek mesiniň üstüne mesh etmek erkek üçin hem, aýal üçin hem jaýyzdyr. Ýalaňaç aýaga we adaty jorabyň üstüne mesh edilmeýär. 12. Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) Mirajynyň hem ruh, hem beden bilen bolandygyna ynanmalydyr. Sebäbi ol Miraja mübärek ruhy we bedeni bilen bile gitdi. “Miraj bir haldyr, ýagny düýşde bolupdyr” diýýänler Ähli sünnetden aýrylan bolýar. 13. Iman artmaýar hem, kemelmeýär hem. (Onuň ýagtylygy artýar we kemelýär.) 14. Kurany Kerim mahluk (ýaradylan) däldir.

“Imanyň binýady we iň güýçli alamaty – musulmanlary söýmek we musulmanlara duşmançylyk edýänleri söýmezlikdir” Imam Gazaly (rahmetullahi aleýh)

15. Allahu tagala mekandan münezzehdir (päkdir). Ýagny haýsydyr bir ýeri Allahu tagalanyň mekanydyr diýmek we ynanmak dogry däldir. (Wahhabylar: “Allah gökde ýa-da Arşdadyr” diýýärler. Bu – küfürdir.) 16. Gabyr soragy we gabyr azaby hakdyr. Gabyrda azap ruha hem, bedene hem bolar. Gabyr zyýaraty jaýyzdyr. Istigase, ýagny pygamberleriň we öwlüýäleriň gabyrlaryna baryp, olaryň hormatyna doga etmek we olardan kömek soramak jaýyzdyr. (Wahhabylar bolsa muňa şirk diýýärler. Şonuň üçin sünnilere we şaýylara müşrik, ýagny kapyr diýýärler.) 17. Gaýby diňe Allah bilýär, islese, pygamberlerine we öwlüýälerine hem bildirýär. 18. Öwlüýäleriň keramaty hakdyr. Keramat – Allahyň söýgüli gullarynda ýüze çykýan adatdan daşary hallar bolup, Allahu tagalanyň Öz adatyndan daşary, ýagny fizika, himiýa we biologiýa kanunlaryndan daşary ikram we ihsan eden zatlarydyr we olar inkär edip bolmajak derejede köpdür. 19. Öldürilen hem, özüni öldüren hem öz ajaly bilen ölendir. 20. Pygamberler günä işlemeýärler. 21. Häzirki döwürde dört hak mezhebiň birinde bolmak. 22. Pygamberleriň ilkinjisi – Adam aleýhisselam, iň soňkusy – Muhammet aleýhisselamdyr. (Wahhabylar hezreti Adamyň, hezreti Ydrysyň, hezreti Şitiň pygamber bolandygyny inkär edýärler. Ilkinji pygamber hezreti Nuh diýýärler. Öz ýolbaşçylaryna resul (pygamber) diýýän käbir toparlar hem: “Nebi gelmez, ýöne resul geler” diýýärler. Şonuň üçin hem “Men resul” diýýän zyndyklar peýda boldy.) 23. Şepagata, syrata, hasaba we mizana ynanmak. 24. Ruh ölmeýär. Kapyr we musulman ölüleriň ruhlary eşidýär. 25. Kyýamatyň alamatlaryndan bolan Dejjala, Dabbetul-arza, hezreti Mehdiniň geljekdigine, hezreti Isanyň gökden injekdigine, güneşiň günbatardan dogjakdygyna we bildirilen beýleki kyýamat alamatlaryna ynanmak.

Imamy agzam hezretleri: “Kyýamatyň alamatlaryna täwilsiz (düşündirişsiz) ynanmaly” diýýär. Bir hadysy şerifiň manysy: “Güneş günbatardan dogmaýança, kyýamat gopmaz. Şonda her kim iman getirer, ýöne iman indi peýda bermez”. (Buhary, Muslim)

26. Ahyretde Allahu tagala görüler.

27. Kapyrlar dowzahda ebedi galarlar we olaryň azaby ýeňillemez, gaýtam, barha artar.

28. Kyýamat güni pygamberler we salyh, gowy adamlar şepagat ederler. Gabyrda ruhlar diri adamlaryň edýänlerini we aýdýanlaryny eşidýärler.

29. Kurany Kerim okamak, sadaka bermek we hatda ähli ybadatlarymyzyň sogaplaryny ölenleriň ruhlaryna ibermek olara peýda berýär, azaplarynyň ýeňilleşmegine ýa-da aýrylmagyna sebäp bolýar. Bularyň hemmesine ynanmak Ähli sünnet ynanjynda bolmagyň alamatlaryndandyr. (Bu maglumatlar “Fykhy ekber”, “Nuhbetul-leali”, imam Rabbanynyň “Mektubat”, “Rýadun-nasyhyn” we “Feraidul-fewaid” kitaplaryndan alyndy.)

Amalda, ýagny edilmeli ybadatlarda hak bolan dört mezhep bardyr. Hezreti Seýit Ahmet Tahtawy “Durrul-muhtar” kitabyna ýazan haşiýesiniň (düşündirişiniň) zebaýih (mal soýmak) bölüminde şeýle diýýär: “Häzirki döwürde her bir musulmanyň dört mezhebiň birinde bolmagy wajypdyr. Dört mezhebiň hiç birinde bolmadyk adam Ähli sünnetden aýrylýar. Ähli sünnetden aýrylan bolsa azaşan ýa-da kapyr bolýar”.

Ibn Hazm, Şewkany, Abduh, Reşit Ryza, Syddyk Hasan ýaly mezhep duşmanlarynyň bir bölegi taklydy (mezhebe eýermegi) haram hasaplap, bir bölegi bolsa telfik (mezhepleri garyşdyrmak) edip, köp musulmany azaşmaga iteklediler.

Ynançdaky we amaldaky mezhep imamlarymyz

Yslamy hormatly sahabalardan öwrenen tabygynlaryň we olardan öwrenen tebagy tabygynlaryň arasyndan din ylymlarynda ýokary göterilip, mutlak müjtehitlik derejesine ýeten beýik imamlar ýetişdi.3 Olar amalda mezhep eýeleridi we olaryň her biriniň ijtihatlaryndan ýüze çykan hökümlere şol alymyň mezhebi diýildi. Bu alymlaryň köpüsiniň mezhebi kitaplara geçirilmändigi üçin unudyldy. Diňe dört beýik imamyň ijtihatlaryny şägirtleri kitaplara geçirip sakladylar we olar musulmanlaryň arasynda ýaýrady. Ýer ýüzündäki ähli musulmanlara dogry ýoly görkezen we Muhammet aleýhisselamyň ýoluny üýtgedilmän, bozulman öwrenmegimize sebäp bolan – dört beýik şahsdyr. Olar – amaldaky mezhep imamlarymyzdyr. Birinjisi – imamy agzam Abu Hanyfa Nugman ibn Sabyt (radyýallahu anhu). Ol yslam alymlarynyň iň beýiklerindendir. Ol – Ähli sünnetiň baştutanydyr. Ikinjisi – imam Malik ibn Enes, üçünjisi – imam Muhammet ibn Ydrys Şafygy, dördünjisi – imam Ahmet ibn Hanbal (rahmetullahi aleýhim ejmagin). Häzirki döwürde bu dört imamyň hiç birine eýermeýän adam uly howp astyndadyr. Ol dogry ýoldan azaşandyr.

Bu dört imamyň şägirtlerinden ikisi iman ylymlarynda örän ýokary göterildi. Şeýlelikde, ynançda mezhep ikä boldy. Kurany Kerime we hadysy şeriflere laýyk iman – bu ikisiniň bildiren imanydyr. Firkaýy najiýe (gutulýan topar) bolan Ähli sünnetiň iman bilimlerini ýer ýüzüne ýaýan – şu ikisidir. Biri – Abu Mansur Maturidi, ikinjisi – Abul-Hasan Aly Eşgari (rahmetullahi aleýhima). Bu iki imam şol bir imany bildirdiler. Olaryň arasyndaky birnäçe tapawut möhüm däldir. Hakykatda olar birdir. Yslam alymlary Kurany Kerimde we hadysy şeriflerde öwülýär. Bir aýaty kerimede manysyna görä: “Bilýänler bilen bilmeýänler bir bolarmy?”4 diýildi. Başga bir aýaty kerimede manysyna görä: “Eý musulmanlar! Bilmeýänleriňizi bilýänlerden soraň!”5 diýildi.

“Häzirki döwürde her bir musulmanyň dört mezhebiň birinde bolmagy wajypdyr. Dört mezhebiň hiç birinde bolmadyk adam Ähli sünnetden aýrylýar. Ähli sünnetden aýrylan bolsa azaşan ýa-da kapyr bolýar” Seýit Ahmet Tahtawy (rahmetullahi aleýh)

Hadysy şeriflerde şeýle diýildi:

“Ynsanlara ýagşylyk öwredýän musulmanlara Allahu tagala rahmet edýär, perişdeler we her bir jandar bolsa olara doga edýär”.

“Kyýamat güni ilki pygamberler, soňra alymlar, soňra şehitler şepagat ederler”.

“Eý ynsanlar, biliň, ylym alymdan eşidilip öwrenilýär”. “Ylym öwreniň. Ylym öwrenmek – ybadatdyr. Ylym öwredene-de, öwrenene-de jihadyň sogaby bardyr”.

“Ylym öwretmek – sadaka bermek ýalydyr. Alymdan ylym öwrenmek – tehejjüt namazyny okamak ýalydyr”.

“Ylym öwrenmegiň sogaby ähli nafyla ybadatlaryňkydan hem köpdür. Sebäbi onuň özüne-de, ol öwretjek adamlaryna-da peýdasy bardyr”.

“Başgalara öwretmek üçin öwrenen adama syddyklaryň sogaby berilýär”.

“Ylym – hazynadyr. Onuň açary – sorap öwrenmekdir”.

“Ylym öwreniň we öwrediň”.

“Her zadyň çeşmesi bardyr. Takwanyň çeşmesi – arifleriň kalplarydyr”.

“Ylym öwretmek – günälere kefaretdir”.

Başdan-aýak edep, haýa,
Nury – garaňkylyga ziýa,
Ol – Hatamul-enbiýa,
Söýgüli Pygamberim.
Pygamberligiň çeşmesi,
Merhemetiň gözbaşy,
Ejizleriň penasy,
Söýgüli Pygamberim.
Arkasynda – pygamberlik möhri,
Ol – iň mähirli Nebi,
Şepagatyň sebäbi,
Söýgüli Pygamberim.
Magşardaky başagaýlygy
Soňlajak ýeke-täk daýanç,
O dünýäden habarçy,
Söýgüli Pygamberim.