PYGAMBERIMIZIŇ KÄBIR ZEWAÝID SÜNNETLERI
Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) eden zatlary üç görnüşe bölünýär. Birinjisi – musulmanlaryň hem etmeli zatlary. Olara “sünnet” diýilýär. Ikinjisi – diňe Pygamberimize (sallallahu tagala aleýhi we sellem) mahsus bolan zatlar. Olara “hasaýis” diýilýär. Olary başgalaryň etmegi jaýyz däldir. Üçünjisi – adata bagly zatlar. Olary her bir musulman ýaşaýan ýeriniň adatyna laýyklykda etmelidir. Adata laýyk edilmese, pitne turýar. Pitne turuzmak bolsa haramdyr.1
Pygamberimiz (sallallahu tagala aleýhi we sellem) özüniň ybadat hökmünde eden zatlaryny terk edeni ýazgarmadyk bolsa, ýagny oňa göwni galmadyk bolsa, şeýle ybadatlara “sünneti hüda” diýilýär. Eger olary yzygiderli eden bolsa, olara “sünneti müekkede” diýilýär. Resulullahyň adat hökmünde eden zatlaryna “sünneti zaýide” ýa-da “müstehap” diýilýär.2 Mysal üçin, gowy işlere sagdan başlamak, sag el bilen etmek, şeýle hem jaý gurmakda, iýmekde, içmekde, oturmakda, turmakda (ýatmakda), eşikde, gurallarda onuň eden we ulanan zatlary şeýledir. Soňra ýüze çykan zatlara “bidgat” diýilýär. Un elegi, çemçe ulanmak ýaly “adatdaky bidgat” bolan zatlary, ýagny soňra ýüze çykan adatlary etmek dalalat (azaşmak) bolmaz. Ol günä bolmaz. Mundan şeýle düşünilýär: stoluň başynda nahar iýmek, çaňňal, çemçe ulanmak, krowatda ýatmak, konferensiýalarda, mekdeplerde ahlak we ylym sapaklarynda radio, telewizor we magnitofon ulanmak, her hili ulag serişdelerine münmek, äýnek, hasaplaýyş maşyny ýaly ylym serişdelerinden peýdalanmak jaýyzdyr. Sebäbi olar adatdaky bidgatlardyr. Adatdaky bidgatlary, täzelikleri haram işlemekde ulanmak haramdyr. Namazda, azanda we metjitdäki wagzda, hutbada radio, ses güýçlendiriji, magnitofon ulanmak barada “Se’âdet-i Ebediyye” we “İslâm Ahlâkı” kitaplarynda giňişleýin maglumat bar. Ybadatda bidgat etmek, hatda kiçijik üýtgeşme girizmek hem örän uly günä bolýar.3 Jihat, ýagny hökümetiň, goşunyň duşmanlar bilen söweşmegi ybadatdyr. Emma söweşde her hili ylym serişdelerini ulanmak bidgat bolmaz. Tersine, bu köp sogap bolar. Sebäbi söweşde her hili ylym serişdelerini ulanmak buýruldy. Ybadatlarda buýrulan zatlary etmäge kömek edýän täzelikleri etmek gerek. Gadagan edilen zatlary etmäge kömek edýän täzelikleri, üýtgeşmeleri girizmek bidgat bolýar. Mysal üçin, azan aýtmak üçin minara çykmak gerek, sebäbi ony beýik ýerde aýtmak buýruldy. Emma azany ses güýçlendiriji bilen aýtmak bidgatdyr, sebäbi ony gural bilen aýtmak buýrulmady. Ony ynsanyň aýtmagy buýruldy. Mundan başga-da, Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) namaz wagtlaryny bildirmek ýa-da başga ybadatlary etmek üçin jaň kakmak, surnaý çalmak ýaly saz gurallaryny ulanmagy gadagan etdi.4
“Adata bagly zatlarda hem Resulullaha eýermek ynsana dünýäde we ahyretde köp zat gazandyrýar we dürli bagtlara ýol açýar” Mektubaty Rabbany, II, 5-nji hat
“Sünneti hüda” diýilýäni terk etmek mekruhdyr. “Sünneti zaýide” diýilýäni terk etmek bolsa mekruh däldir.5
Pygamberimiziň arassaçylyga, tertibe we düzgüne beren ähmiýeti
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) arassaçylyga, tertibe we düzgüne örän uly ähmiýet bererdi. Ol her işini sagdan başlamagy, sag eli bilen etmegi halardy.6 Diňe hajatdan soň arassalanmagy çep eli bilen ederdi.
Mümkin boldugyça, ol her işini täk sanda ederdi. Ol: “Kimiň saçy bar bolsa, oňa gowy seretsin!” diýerdi.
Pygamberimiz metjitdekä, ol ýere saçy-sakgaly dagynyk biri girdi. Söýgüli Pygamberimiz: “Bu adamyň saçyny ýatyrmaga gül ýagy hem tapylmaýarmy?” diýenden soň, oňa derrew daşaryk çykyp, saçyny, sakgalyny düzetmegini eli bilen yşarat etdi. Ol adam şeýle edip gaýdyp gelende, Pygamberimiz: “Siziň biriňiziň şeýle gelmegi gowumy, ýa-da saçy-sakgaly şeýtanyňky ýaly dagynyk gelmegimi?” diýdi.
Ol ýolagçylykda hem çüýşede ýag alyp ýörerdi. Ýag çalanda, başyna ilki ýuka ýaglyk dakardy, telpegini bolsa ýaglygyň üstünden geýerdi. Şeýdip, onuň ýag çalandygy daşyndan bilinmezdi. Pygamberimiz her gün sakgalyny iki gezek darardy.
Enes ibn Malik şeýle diýýär: “Resul aleýhisselam mübärek saçyna köplenç gül ýagyny çalardy we mübärek sakgalyny suw bilen öllüläp darardy.”7 Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) mübärek sakgalynyň uzynlygyndan we gapdallaryndan birneme alardy. Anna namazyna çykmazdan öň, ol mübärek murtuny gysgaldardy, mübärek dyrnaklarynyň uzanyny keserdi. Musulmanlara hem murtlaryny gysgaltmagy buýurardy.
Pygamberimiz aýna seredende her gezek Allahu tagala hamd ederdi we: “Allahym! Meniň keşbimi gözel ýaradyşyň ýaly, ahlagymy hem gözel et!” diýip doga ederdi.
Pygamberimiz her gije ýatmazdan öň mübärek gözlerine üç gezek sürme çekerdi. Ol mübärek sag gözüne üç, mübärek çep gözüne iki gezek sürme çekerdi. Ol: “Sürme çekiň! Sebäbi ol gözi ýalpyldadýar, saçy (kirpigi) ösdürýär” diýerdi.8
Yslam alymlary erkek adama bejergi üçin sürme çekmegiň jaýyzdygyny, ýöne bezenmek üçin çekmegiň jaýyz däldigini bildirdiler. Jemal we zynat sözlerini biri-biri bilen garyşdyrmaly däldir.
Jemal – gelşiksizligi aýyrmak, mertebeli bolmak we şükür etmek üçin nygmaty görkezmek diýmekdir. Nygmaty görsünler diýip, öwünmek üçin görkezmek jemal bolmaz, tekepbirlik bolar. Resulullah miswak ulanmaga örän uly ähmiýet bererdi. Ol ony ýanyndan asla aýyrmazdy. Pygamberimiz: “Erak agajynyň çybygy bilen miswaklanyň!” diýerdi. Miswak agza hoş ys berýär. Pygamberimiz: “Ol meniň hem, menden öňki pygamberleriň hem sünnetidir!” diýdi.
Pygamberimiz şeýle diýdi: “Eger ymmatyma kynçylyk bermejek bolsam, olara her namaz üçin miswak ulanmagy buýurardym!”9 “Size miswak ulanmagy berk maslahat berýärin!”
“Miswak – agzyň arassalygy we Rebbimiň razylygydyr!” Söýgüli Pygamberimiz öýüne girende, ilkinji işi mübärek dişlerini miswaklamak bolardy. Ýanynda miswak bolmasa, ol ýatmazdy, oýananda-da mübärek dişlerini miswaklamakdan başlardy. Gije tehejjüt namazyna turanda hem mübärek dişlerini miswaklardy.10 Aişe enemiz (radyýallahu anha): “Pygamber aleýhisselam bir gije ýa-da gündiz hem ýatyp oýanandan soň, täretden öň miswak ulanman galmazdy!” diýdi. Söýgüli Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) ogly Ybraýym wepat bolupdy. Jaýlananda, gabra goýlan kerpiçleriň biri egri durdy. Pygamberimiz muňa üns berip, ony düzetdi. Ol egri duran kerpijiň wepat bolan adama hiç hili peýdasynyň ýa-da zyýanynyň ýokdugyny, ýöne tertipsizlikden özüniň köňlüniň bimaza bolýandygyny bildirdi.
Pygamberimiziň Bagt öýi
Söýgüli Pygamberimiz Medinede metjidini gurduranda, metjidiň ýanynda kerpiçden iki otag gurdurdy we olaryň üstüni hurma agajynyň kötükleri we şahalary bilen ýapdyrdy. Mesjidi şerif gurlanda, Aişe we Sewde (radyýallahu anhuma) üçin bir-bir otag guruldy. Aişe enemiziň otagynyň gapysy metjide barýan ýola tarapdy. Sewde enemiz üçin gurlan otagyň gapysy bolsa metjidiň üçünji gapysy bolan Äli Osman gapysyna tarapdy. Pygamberimiz başga aýallar alanda, otaglaryň sany artdy we olar dokuz boldy. Olar Aişe enemiziň otagy bilen gyblanyň arasynda guruldy. Otaglaryň käbiri kerpiçden, käbiri daşdandy. Käbiri hurma şahalaryndan (Bagdat görnüşinde) ýasalyp, üstleri palçyk bilen suwalypdy, üçekleri hem hurma şahalaryndan ýasalypdy. Hasan ibn Abul-Hasan (radyýallahu anhu) şeýle diýýär: “Men ýetginjeklik çagymda Resulullahyň öýlerine girip, elimi uzadyp, üçegine ýetiripdim. Resulullahyň otagynyň örtügi serwi ýa-da arça kötüginiň üstüne gerlen gyl dokmadan ybaratdy.”
Imam Buharynyň bildirişine görä, “Resulullahyň öýüniň gapysynyň halkasy ýokdy, ony ýaýyň ujy bilen kakardylar”. Muhammet ibn Hilal bilen Ata Horasany Pygamberimiziň aýallarynyň otaglaryny görüpdirler we olaryň hurma şahalaryndan ýasalandygyny, gapynyň ornuna gara gyldan dokalan palas perdeleriň asylandygyny bildiripdirler. Öz gözi bilen gören Dawut ibn Kaýsyň sözlerine görä, otaglaryň gapydan gapdal diwarlara çenli ini her birinde 6–7 zyra11 (3–3,5 m) töweregi, içki çuňlugy bolsa takmynan on zyra (4,8 m) bolupdyr. (Bir zyra – 48 sm.)
“Miswak – agzyň arassalygy we Rebbimiň razylygydyr!” Hadysy şerif
Halyf Abdylmelikiň Pygamberimiziň aýallaryna degişli otaglary satyn alyp, metjide goşmak barada ýazan haty gelip, Medinede okalan güni köp adam gözýaşyny saklap bilmedi, medineliler Pygamberimiziň wepat bolan günündäki ýaly aglaşdylar.12
Sagyt ibn Museýýep hem: “Allaha kasam edýärin, olaryň öňki ýagdaýynda goýulmagyny nähili isläpdim! Medinelilerden täze ýetişýänler we Medinä daşardan gelýänler Resul aleýhisselamyň durmuşynda näme bilen kanagatlanandygyny görerdiler, adamlar hem mallarynyň köp bolmagyna we onuň bilen öwünmäge höwes etmezdiler” diýip, bu babatda öz gynanjyny beýan etdi.
Pygamberimiziň öý içindäki ýagdaýlary
Hezreti Hüseýin gürrüň berýär: “Men kakamdan Pygamberimiziň öýdäki meşgullyklary barada soradym. Kakam şeýle gürrüň berdi: Pygamberimiz öýüne girenden soň, wagtyny üçe – Allaha ybadat etmäge, öý adamlarynyň işlerine we öz şahsy işlerine bölýärdi. Özüne aýyran wagtyny hem ol özi bilen adamlaryň arasynda paýlaşýardy. Şol wagt onuň ýanyna adamlardan diňe saýlantgy sahabalar girýärdi. Ol halka dini meseleleri olaryň üsti bilen ýetirýärdi, halka degişli hiç bir zady ýanynda saklamaýardy, ýygnamaýardy. Pygamberimiziň ymmatyna aýyran wagtyny fazylat eýelerine, olaryň dindäki artykmaçlyk derejelerine görä paýlap, olary şoňa görä öz huzuryna çagyrmak endigi bardy. Olaryň kiminiň bir, kiminiň iki, kiminiň bolsa has köp haýyşy bolardy. Pygamberimiz olaryň dini haýyşlary bilen meşgullanardy, soraglaryna gerekli jogaplary bererdi, soňra: ‘Muny şu ýerde bolanlar şu ýerde bolmadyklara ýetirsin! Maňa özi gelip, haýyşyny aýdyp bilmeýän adamyň haýyşyny siz maňa ýetiriň. Şübhesiz, haýyşyny aýdyp bilmeýäniň haýyşyny ýetiren adamyň aýaklaryny Allah kyýamat güni Syratyň üstünde berk saklar!’ diýerdi.
Pygamberimiziň ýanynda mundan başga zat ýatlanmazdy, dile alynmazdy. Onsuz hem ol özi hiç kimden mundan başgasyny kabul etmezdi. Pygamberimiziň huzuryna girýänler ylym talyby bolup girerdiler, iň uly alym bolup, ylmyň lezzetini dadyp we başgalara hem oňa ýol görkeziji bolup çykardylar!”
Pygamberimiziň öýden daşardaky ýagdaýlary
Hezreti Hüseýin kakasy hezreti Alydan Pygamberimiziň öýden daşardaky ýagdaýlary barada sorady. Ol olary şeýle gürrüň berdi:
Kainatyň Serweri daşarda gürlemezdi. Diňe sözi musulmanlara peýdaly bolsa, olary biri-birine ýakynlaşdyrsa, olaryň arasyndaky agzalalygy, sowuklygy aýyrsa, şonda gürlärdi. Ol her kowumyň iň gowy häsiýetli adamyna hormat goýardy we ony öz kowumynyň üstünden häkim bellärdi.13 Ol halky ýamanlardan we ýamanlyklardan goraýardy, özi hem şeýle ýagdaýlara düşmekden saklanýardy. Ol hiç kimden açyk ýüzüni we gözel häsiýetini gaýgyrmazdy.
Ol sahabalaryny görmese, olary gözlärdi, sahabalaryndan olaryň arasynda bolup geçen ýagdaýlary sorardy. Ýagşylygy öwerdi we berkiderdi, ýamanlygy bolsa ýazgarardy we gowşadardy. Onuň her bir işi ölçegli, garşylyksyzdy. Musulmanlar gaflata düşerler diýip aladalanyp, ol olary duýdurmakdan saklanmazdy. Onuň her bir ýagdaýy deňdi, üýtgewsizdi. Pygamberimizde ybadat we tagat üçin doly ukyp bardy. Ol ne haky aşardy, ne-de ony ýerine ýetirmekde kemçilik goýbererdi. Oňa ýakyn bolanlar adamlaryň iň haýyrlylarydy.
Onuň huzurynda sahabalaryň iň fazyletlisi – nesihaty iň giň gerimlisi, derejesi iň ulusy bolsa mätäçlere kömegi we ýagşylygy iň gözel bolanydy. Kainatyň Serweri Allahy ýatlaman ne oturardy, ne-de turardy.
Ol mejlisde özüne aýratyn ýer bellemezdi, beýle etmegi gadagan ederdi. Nirede bolsa-da, oturan bir jemagatyň ýanyna baranda, töre geçmezdi, mejlisiň aýagynda oturardy we musulmanlara hem şeýle etmegi buýurardy.
Özi bilen oturan her bir kişä paýyny bererdi, şeýle hormat goýardy welin, her kim Resulullahyň huzurynda özünden gymmatly adam ýok öýdýärdi. Özi bilen oturan ýa-da gelip haýyşyny aýdan adamyň ähli zadyna, ol öwrülip gidýänçä, çydardy.14
Bir adam oňa bir haýyş, isleg bilen ýüz tutsa, ol ony ret etmezdi: ýa bererdi, ýa-da süýji we ýumşak söz bilen gaýtarardy. Onuň gözel ahlagy ähli adamlary öz içine alarlyk giňdi. Ol olara mähirli kaka boldy. Hak meselesinde her kim onuň huzurynda deňdi. Pygamberimiziň mejlisi ylym, haýa, sabyr we amanat mejlisidi.
Onuň mejlisinde sesler gataldylmazdy, hiç kim aýyplanmazdy, edilen kemçilik we ýalňyşlyk paş edilmezdi. Kainatyň Serweriniň mejlisinde bolanlar biri-birine deňdi, biri-birinden artykmaçlyklary diňe takwa babatdady. Hemmesi kiçigöwünlidi. Ulylara hormat goýardylar, kiçilere mähir we merhemet görkezerdiler, mätäçleri başgalardan öňe goýup, olaryň zerurlyklaryny bitirmäge jan ederdiler, garyp-gasarlary, daşardan gelenleri gorap, olara howandarlyk ederdiler. Pygamberimiz hemişe açyk ýüzli, ýumşak häsiýetlidi. Ol örän rehimli we köp bagyşlaýjydy. Ol daş ýürekli däldi. Ol hiç kim bilen jedelleşmezdi. Ol asla gygyrmazdy, gelşiksiz söz aýtmazdy. Hiç kimi aýyplamazdy. Gysganç däldi. Halamaýan zadyna göz ýumardy. Umyt edeni umytsyzlyga düşürmezdi, bir zatdan nägileligini aç-açan bildirmezdi.
Pygamberimiz üç zatdan daş durardy:
- adamlar bilen jedelleşmekden,
- köp gürlemekden,
“Men bir zada söýenip nahar iýmeýärin” Hadysy şerif
- peýdasyz, boş zatlar bilen meşgullanmakdan.
Adamlary hem üç zatda öz ýagdaýlaryna goýardy:
- hiç kimi ne ýüzüne, ne-de arkasyndan ýazgarmazdy, aýyplamazdy,
- hiç kimiň aýybyny we kemçiligini agtarmazdy,
- hiç kime onuň üçin sogaply we haýyrly bolmadyk sözi aýtmazdy.
Pygamberimiz gürlände, onuň huzurynda bolanlar başlaryna guş gonan ýaly sessiz we hereketsiz oturardylar, ol sözüni gutaryp dymanda, aýtjaklaryny aýdardylar, emma onuň ýanynda asla jedelleşmezdiler we dawalaşmazdylar. Pygamberimiziň ýanynda biri gürlände, ol sözüni gutarýança beýlekiler dymardylar. Pygamberimiz üçin iň soňky gürleýäniň sözi bilen iň birinji gürleýäniň sözüniň arasynda tapawut ýokdy. Onuň mejlisinde bolanlar bir zada gülseler, ol hem olar bilen bile gülerdi, bir zada geň galsalar, ol hem olar bilen bile geň galardy. Sahabalary hem özi ýaly çemeleşsinler diýip, ol huzuryna gelen garyplaryň, daşardan gelenleriň sözlerindäki we soraglaryndaky gödeklige we göwne degijilige çydardy. Pygamberimiz: “Bir mätäjiň öz zerurlygyny soraýandygyny görseňiz, oňa zerurlygyny bitirmäge kömek ediň!” diýerdi.
Pygamberimiz hakykata laýyk gelmeýän öwgini kabul etmezdi. Haky bozmasa, hiç kimiň sözüni bölmezdi. Haky bozanda bolsa, ýa ony saklap, sözüni bölerdi, ýa-da mejlisden turup giderdi. Kainatyň Serweriniň dymmagy dört zada – hilme (mylaýymlyga), hazara (seresaplyga), takdyra (deň baha bermäge) we tefekküre (oýlanmaga) esaslanýardy. Onuň takdyry adamlara deň garamagynda we olary deň diňlemeginde derrew görünýärdi. Onuň tefekküri dünýä we ahyret işlerini oýlanmagynda göze ilýärdi.
Hilmi we sabry ol özünde jemläpdi. Dünýä degişli hiç bir zat ony gaharlandyrmazdy. Hazara gelsek, bu häsiýeti sebäpli onda dört sypat jemlenipdi:
- iň gowusyny eýerilsin diýip alardy,
- gelşiksiz zatlary olardan saklansynlar diýip terk ederdi,
- pikirini ymmatyna peýdaly bolan zatlara sarp ederdi,
- ähli tagallasyny ymmatynyň dünýä we ahyret bagtyny üpjün etjek zatlara gönükdirerdi.
Kainatyň Serweriniň bir zada “Ýok!” diýen wagty bolmady. Etmek isleýän bir zadyny ondan soralsa, “Bolýar!” diýerdi, etmek islemeýän zadyny soralsa bolsa, dymardy we onuň muny etmek islemeýändigi şu dymmagyndan düşünilýärdi. Ol her kimiň dünýä we ahyret bagty üçin jan çekerdi. Bir gazotda ondan kapyrlaryň ýok edilmegi üçin doga etmegini soranlarynda, ol şeýle diýdi:
“Men nälet etmek üçin, adamlaryň azap çekmegi üçin iberilmedim. Men her kese ýagşylyk etmek üçin, adamlaryň rahatlyga ýetmegi üçin iberildim”.
Enbiýa süresiniň ýüz ýedinji aýatynda manysyna görä: “Biz seni älemlere rahmet, ýagşylyk edip iberdik” diýildi. Şonuň üçin ol hemişe her kimiň haýry üçin jan çekerdi. Enes ibn Malikiň habar bermegine görä, Pygamberimiz biri bilen duşuşanda, onuň bilen musapaha ederdi15, ol adam elini çekmese, Pygamberimiz hem elini çekmezdi, ol adam ýüzüni öwürmese, Pygamberimiz hem ondan ýüzüni öwürmezdi.
Enes ibn Malik hezretleri ýene şeýle gürrüň berýär: “Biz Pygamberimizden: ‘Ýa Resulallah! Biri-birimize egilelimi?’ diýip soradyk. Ol: ‘Ýok!’ diýdi. ‘Biri-birimiz bilen gujaklaşalymy?’ diýip soradyk. Ol: ‘Ýok! Emma musapaha ediň!’ diýdi.”16
Hezreti Bera ibn Azyp Pygamberimiziň şeýle diýendigini gürrüň berdi: “Iki musulman duşuşyp, musapaha etseler, olar biri-birinden aýrylmankalar bagyşlanarlar!”
Kainatyň Serweri hemişe oýlanyp ýörerdi. Onuň dymmagy gürlemeginden uzak dowam ederdi. Resulullah gerek bolmasa gürlemezdi. Söze başlanda-da, sözüni tamamlanda-da Allahyň adyny ýatlardy.
Ol gysga we manyly sözler bilen gürlärdi. Resulullahyň sözleri hemişe dogry we ýerlikli bolardy. Resulullah gürlände artyk söz hem, kem söz hem ulanmazdy. Ol hiç kimiň köňlüne degmezdi, hiç kimi kemsitmezdi.
Pygamberimiz dünýä üçin, dünýä işleri üçin gaharlanmazdy. Emma bir hak depelenjek bolanda, ol şol haky dikeltmeýänçä, hiç zat onuň gaharyny saklap bilmezdi.
Ol öz şahsy üçin asla gaharlanmazdy we ar almazdy. Bir zada yşarat edende, barmagy bilen däl, tutuş eli bilen yşarat ederdi. Geň galanda, elini öwrerdi, ýagny aýasy asmana seredýän bolsa, ony ýere tarap, ýere seredýän bolsa, asmana tarap öwrerdi. Gürlände eli bilen hereket ederdi, mübärek sag eliniň aýasy bilen çep eliniň başam barmagynyň iç tarapyna kakardy. Gaharlananda, gaharyndan derrew el çekerdi we ony bildirmezdi. Şatlananda, göwni göterilende, mübärek gözlerini ýumardy. Onuň iň köp gülmesi – ýylgyrmakdy. Ýylgyranda, mübärek agzyndaky mübärek dişleri dür dänesi ýaly görünerdi.17
Ýagşy işlerde sag tarapy öňe goýmagy halardy,
Täret bolsun, eşik bolsun – howlukardy ol sahawat käni.
Sag gapdalyna, ýüzüni gybla tutup ýatardy,
Her demde gaýyby synlardy ol sahawat käni.
“Iki musulman duşuşyp salamlaşsalar we musapaha etseler, olar biri-birinden aýrylmankalar bagyşlanarlar!” Hadysy şerif
Düşegi sahtiýandy, ýassygy hurma süýümi bilen dolduryldy,
Gije ýatsa, az uklardy ol oýaw sahawat käni.
Gözleri uklasa-da, köňli Dosty bilen uklamazdy,
Ezelden Onuň gözelligine haýrandy ol sahawat käni.
Pygamberimiziň ýatyşy, uklaýşy
Pygamberimiz düşeginde ýatmak isläninde, mübärek sag gapdalyna ýatardy, mübärek sag elini mübärek sag ýaňagynyň aşagynda goýardy, soňra şeýle doga ederdi: “Allahym! Özümi Saňa tabşyrdym. Ýüzümi Saňa öwürdim. Işimi Saňa ynandym. Arkamy Saňa daýadym. Men Seniň azabyňdan gorkýaryn, rahmetiňe umyt baglaýaryn. Seniň rahmetiňden başga sygynjak ýer ýok, Seniň azabyňdan başga goranjak zat ýok.
Diňe Seniň rahmetiňe sygynylýar we diňe Seniň rahmetiň bilen halas bolunýar. Men Seniň indiren kitabyňa we Seniň iberen Pygamberiňe iman getirdim.
Ýa Rebbim! Gapdalymy Seniň adyň bilen ýere goýdum. Eger janymy alyp saklasaň, oňa rahmetiň bilen çemeleş! Eger ony gaýtaryp goýberseň, ýagşy bendeleriňi goraýşyň ýaly, ony hem gora!
Allahym! Men Seniň adyň bilen ölýärin we Seniň adyň bilen direlýärin. Bizi iýdirýän, içirýän, her bir zerurlygymyzy bitirýän, bizi ýerleşdirýän, penalaýan Allahym! Saňa tükeniksiz hamd edýärin. Näçe adamlaryň zerurlyklaryny bitirýän hem, olara pena berýän hem ýokdur! Allahym! Bendeleriňi huzuryňa ýygnajak günüňde meni azabyňdan gora! Allahym! Ewwel – Sensiň! Senden öň hiç zat ýokdur! Ahyr – Sensiň! Senden soň hiç zat ýokdur! Zahyr – Sensiň! Senden ýokarda hiç zat ýokdur!”
Oýananda, ol şeýle doga ederdi: “Senden başga ilah ýok, diňe Sen barsyň! Seni tesbih we tenzih edýärin. Allahym! Günälerimi bagyşlamagyňy we rahmetiňi dileýärin.
Bizi ölenimizden soň direlden Allaha hamd bolsun. Kyýamat güni dolanyşymyz hem Oňa bolar”.18 Soňra ol: “Allahym! Ylmymy artdyr! Maňa dogry ýoly görkezeniňden soň, kalbymy taýdyrma! Beýik huzuryňdan maňa rahmet hem ihsan et! Sebäbi iň köp bagyşlaýan – Sensiň!” diýip doga ederdi. Hezreti Bera ibn Azyp gürrüň berýär: Kainatyň Serweri maňa şeýle diýdi:
“Ýatjak ýeriňe baranyňda, namaz üçin täret alşyň ýaly täret al! Soňra sag gapdalyňa ýat-da: ‘Allahym! Özümi Saňa tabşyrdym. Ýüzümi Saňa öwürdim. Arkamy Saňa daýadym. Men Seniň azabyňdan gorkýaryn, rahmetiňe umyt baglaýaryn. Seniň rahmetiňden başga sygynjak ýer ýok, Seniň azabyňdan goranjak ýer ýok! Diňe Seniň rahmetiňe sygynylýar we diňe Seniň rahmetiň bilen halas bolunýar. Men Seniň indiren kitabyňa we Seniň iberen Pygamberiňe iman getirdim!’ diý! Şol gije ölseň, yslam fitraty üstünde ölersiň. Kim muny aýdyp, şol gije ölse, ol yslam fitraty üstünde öler!”
Pygamberimiz şeýle diýdi: “Siziň biriňiz gije düşeginden turup, soňra ýene ýatmaga gaýdyp gelse, düşegini üç gezek kaksyn. Sebäbi ol özi turandan soň näme bolandygyny, düşegiň üstüne nämäniň gelip ornaşandygyny bilmeýär”. Ashaby Suffadan Abdylla ibn Tyhfe (radyýallahu anhu) şeýle gürrüň berýär: “Men säher wagty metjitde garnymyň, ýagny ýüzümiň üstünde ýatyp uklaýarkam, biri meni aýagy bilen dürtdi.
– ‘Bu kim?’ diýip, ol sorady.
– ‘Men – Abdylla ibn Tyhfe’ diýip jogap berdim.
Görsem, ol Kainatyň Serweri eken! Men derrew turup oturdym.
– ‘Bu – beýik Allahyň iň halamaýan ýatyşydyr!’ diýdi ol.”19 Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) täretsiz ýere basmazdy.
Resulullahyň hajathana baryp, soňra täret almandygyny hiç kim görmedi.
Pygamberimiziň ýöreýşi
Hezreti Hind ibn Abu Hala şeýle gürrüň berýär: “Kainatyň Serweri ýöräninde, aýaklaryny ýerden çalasyn göterýärdi, iki gapdalyna yrgyldamaýardy, ädimlerini giň ätýärdi, belent ýerden düşýän ýaly öňe tarap birneme egilýärdi, agraslyk we asudalyk bilen, rahat ýöreýärdi.
Seretmek isleýän tarapyna ol doly öwrülip seredýärdi. Töweregine bolar-bolmaz garanjaklamazdy.
Onuň ýere seretmegi asmana seretmeginden uzagrakdy.
Ýere seretmegi hem göz gytagy bilendi. Ýolda ol sahabalarynyň yzyndan ýöreýärdi.
Biri bilen duşuşanda, ilki özi salam berýärdi.”
Hezreti Abu Hureýre şeýle gürrüň berýär: “Ýöreýşde Kainatyň Serwerinden has çalt adamy görmedim. Ol ýöräninde, ýer onuň aýagynyň astynda dürlenýän ýalydy! Biz onuň yzyndan ýetişmek üçin özümizi gaty zora salýardyk. Kainatyň Serweri bolsa ýöräninde, özüni asla zora salmaýardy.”20
Pygamberimiziň oturyşy
Ol köplenç dyz epip oturardy. Onuň kurfusa görnüşinde, ýagny dyzlaryny dikip, olary elleri bilen gujaklap oturandygyny hem görüpdirler.21 Ol hiç wagt aýaklaryny mejlisinde bolanlara tarap uzatmazdy. Adatça ol gybla ýüzlenip oturardy. Ýanyna gelen myhmanlaryň aşagyna köplenç egnindäki abasyny ýazyp, olary şoňa oturdardy. Käte myhmanlaryna öz düşekçesini hem bererdi. Hanzala ibn Hyzýem: “Pygamberimiziň ýanyna baramda, ony bardaş gurup oturan ýagdaýda gördüm” diýip gürrüň berdi. Jabyr ibn Semure hem Pygamberimiziň ertir namazyny okandan soň, gün dogýança namaz okan ýerinde bardaş gurup oturandygyny bildirdi.
“Allahu tagalanyň ahlagy bilen ahlaklanyň!” Hadysy şerif
Şerit ibn Suweýt şeýle diýýär: “Kainatyň Serweri meniň ýanyma sowlupdy. Şol wagt men çep elimi arkama goýup, aýamyň ýarysyna daýanyp otyrdym. Şonda Kainatyň Serweri: ’Sen Allahyň gazabyna uçranlaryň (ýahudylaryň) oturyşy bilen otyrmyň?’ diýdi.” Abu Juhaýfe gürrüň berýär: “Pygamberimiz: ‘Men bir zada söýenip nahar iýmeýärin’ diýdi.”22
Bardaş gurup, ýa dyz epip, ýa dyzyny dikip oturardy,
Aç-açanda-da, gizlinde-de edebe doludy ol sahawat käni.
Üç barmagy bilen iýip, olary lezzet bilen ýalardy,
Suwy üç demde içerdi ol sahawat käni.
Baly, halwany, kädini, sirkäni, tiridi halardy, emma
Arpa çöreginden doýýança iýmedi ol sahawat käni.
Mübärek garnyna käte açlykdan daş daňardy,
“Ýüregim titremesin” diýerdi ol sahawat käni.
Bagt öýünde näçe aýlap ot ýakylmazdy,
Kanagat bilen hurma, nar iýerdi ol sahawat käni.
Pygamberimiziň iýişi we içişi
Pygamberimiz şeýle diýdi:
“Naharyň bereketi – nahardan öň täret almakda, nahardan soň el ýuwmakdadyr!”23
“Kim elindäki et, ýag ysyny, hapasyny ýuwman ýatyp, onuň başyna bir iş düşse, özünden başga hiç kimi aýyplamasyn!” “Naharyň bereketi – onuň ortasyndadyr! Siziň biriňiz nahar iýende, tabagyň ortasyndan däl, gyrasyndan iýsin, sebäbi bereket onuň ortasyna inýär!” Hezreti Aişe enemiz gürrüň berýär: “Kainatyň Serweri şeýle diýdi: ‘Siziň biriňiz nahar iýmekçi bolanda, Bismillähir-rahmänir-rahym diýsin, beýik Allahyň adyny ýatlasyn. Nahara başlamazdan öň muny aýtmagy unutsa, naharyň ewweli we ahyry üçin Bismillähir-rahmänir-rahym diýsin!’”24
Umeýýe ibn Mahşiniň habar bermegine görä, bir adam bismilla diýmän nahar iýýärdi.
Pygamberimiz onuň bismilla diýmändigine düşünip: “Naharyň ewweli we ahyry üçin Bismillähir-rahmänir-rahym diý!” diýdi. Ol adam “Bismillähir-rahmänir-rahym” diýende, Pygamberimiz ýylgyrdy we: “Şeýtan seniň bilen bile iýmegini dowam etdirýärdi. Sen beýik Allahyň adyny ýatlanyňda, şeýtan garnynda hiç zat galdyrman gusdy!” diýdi.
Hezreti Abdylla ibn Omaryň habar bermegine görä, Pygamberimiz şeýle diýdi: “Siziň biriňiz nahar iýende, sag eli bilen iýsin. Bir zat içende-de, sag eli bilen içsin. Sebäbi şeýtan çep eli bilen iýýär we çep eli bilen içýär!”25
Seleme ibn Ekwa kakasyndan eşidip, şeýle gürrüň berdi: Pygamberimiz Eşjag taýpasyndan Busr ibn Raýyl-Ir diýlip tanalýan bir adamyň öz ýanynda çep eli bilen nahar iýip oturanyny görüp, oňa: “Sag eliň bilen iý!” diýdi. Ol adam: “Muňa güýjüm ýetmeýär, sag elim bilen iýip bilmeýärin!” diýip, ýalan sözledi. Şonda Pygamberimiz: “Güýjüň ýetmesin! Saňa sag eliň bilen iýmäge diňe tekepbirlik we gurur päsgel berýär!” diýdi. Şondan soň ol adam elini agzyna galdyryp bilmez boldy!26 Pygamberimiz: “Eziz we Jelil bolan Allahu tagala iýilýän bir zady iýip ýa-da içilýän bir zady içip, munuň üçin Oňa hamd eden gulundan, elbetde, razy bolar” diýerdi.
Pygamberimiz topragyň üstünde oturardy, naharyny hem ýerde iýerdi. Ol: “Men guluň oturyşy ýaly oturýaryn, guluň iýişi ýaly iýýärin. Men bary-ýogy bir guldyryn! Meniň sünnetimden ýüz öwüren menden däldir!” diýerdi.27
Omar ibn Abu Seleme şeýle diýýär: “Men Kainatyň Serweriniň terbiýesinde ulalan bir çagadym. Nahar iýenimde elim nahar gabynyň içinde o ýan-bu ýana aýlanardy. Kainatyň Serweri maňa: ‘Oglum! Bismilla aýt. Sag eliň bilen iý! Öz öňüňden iý!’ diýdi.28 Şondan soň hemişe şeýle iýdim.” Pygamberimiz hiç bir nahary kemsitmedi, ýazgarmady. Hiç bir nygmaty halany üçin öwmezdi, halamany üçin hem ýazgarmazdy. Bir nahary islese iýerdi, islemese goýardy-da, dymardy. Iň ownujak nygmata hem hormat goýardy, hiç bir nygmaty ýazgarmazdy. Resulullah “şuny taýýarlaň, muny taýýarlaň” diýmezdi. Näme bar bolsa, şony iýerdi. Hezreti Aişe enemiz gürrüň berýär: Pygamberimiz meniň ýanyma gelip: “Ýanyňda iýere bir zat barmy?” diýip sorardy. “Ýok!” diýerdim. Şonda ol: “Onda men oraza tutýaryn!” diýerdi.29 Hezreti Aişe enemiz gürrüň berýär: “Pygamberimiz Medinä gelen gününden wepat bolýança, onuň öý-içeri yzly-yzyna üç gije bugdaý çöregi bilen garnyny doýurmady.30 Olaryň köplenç iýýän zady arpa çöregi bilen hurmadan ybaratdy, olar hem köp däldi. Pygamberimiziň garnynda bir günde iki hili nahar bile jemlenmedi: mübärek garnyny hurma bilen doýran güni çörek bilen doýurmady, çörek bilen doýran güni hem hurma bilen doýurmady. Ine, meni aglatýan zat hem şudur!”31
Resulullah halwany we baly, çörekden we hurmadan edilen dogramajy hem-de gök önümli naharlary gowy görerdi. Oňa süýt getirilip hödürlenende: “Süýtde iki bereket bardyr” diýerdi.32
“Siziň biriňiz nahar iýende sag eli bilen iýsin. Bir zat içende hem sag eli bilen içsin, sebäbi şeýtan çep eli bilen iýýär we çep eli bilen içýär!” Hadysy şerif
Abdylla ibn Abbas gürrüň berýär: men, Halyt ibn Welit we Kainatyň Serweri bilelikde daýzam Meýmuna binti Harysyň öýüne bardyk. Daýzam: “Size süýt hödürläýinmi?” diýip sorady.
Kainatyň Serweri: “Bolýar!” diýdi. Daýzam gidip, bir gapda süýt getirdi. Kainatyň Serweri ony alyp içdi. Men Kainatyň Serweriniň sagyndadym, Halyt ibn Welit bolsa çepinde otyrdy. Resulullah süýtden galanyny maňa berip: “Sen iç. Isleseň, ony öňürti Halyda hödür et” diýdi.
Men: “Seniň galdyranyňy içmekde hiç haçan hiç kimi özümden öňe goýmaryn!” diýdim. Şonda Resulullah şeýle diýdi:
“Allahu tagala kime bir iýmit iýdiren bolsa, ol: Allahumme barik lena fihi we etgymna haýran minhu (Allahym! Sen bu iýmitde biziň üçin bereket ihsan et! Bize ondan has haýyrlysyny hem iýdir!) diýsin!
Allahu tagala kime süýt içiren bolsa, ol hem: Allahumme barik lena fihi we zidna minhu (Allahym! Sen bu süýtde biziň üçin bereket ihsan et we ondan bize beren ihsanyňy artdyr!) diýsin! Sebäbi iýmitiň hem, içginiň hem ornuny süýtden başga hiç bir zat tutup bilmez” diýdi.33
Medineli musulmanlar hurmalarynyň ilkinji bişenini görenlerinde, ony Pygamberimize getirerdiler. Resulullah ony eline alyp, bereket dogasyny edenden soň, gören çagalarynyň iň kiçisini çagyryp, oňa bererdi. Ol: “Bir öýde hurma bolmasa, ol öýüň adamlary açdyr” diýerdi. Pygamberimiz gabyň düýbünde galan nahary iýmegi gowy görerdi. Ol: “Kim bir tabakda, gapda nahar iýenden soň ony syryp iýse, ol gap onuň üçin ystygfar eder (bagyşlanmagyny diläp doga eder)!” diýerdi. Pygamberimiziň şeýle diýendigi hem habar berilýär: “Eý Abu Zer! Et bişireniňde, onuň suwuny köpelt-de, goňşularyňy hem unutma, ondan olara hem paý ber”.34
“Goňşusy aç ýagdaýda garnyny doýuran adam kämil mömin däldir!”
“Allaha ybadat ediň! Nahar iýdiriň! Salamy ýaýradyň, şeýdip jennetlere girersiňiz!”35
“Bir adamyň nahary iki adama ýeter. Üç adamyň nahary dört adama ýeter. Dört adamyň nahary sekiz adama ýeter!”36
Hezreti Esma binti Abu Bekir şeýle gürrüň berdi: Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) bişen nahary gaýnamasy we bugy basylýança ýapyk saklamagy maslahat bererdi we: “Bu – iň uly bereketdir!” diýerdi. Mekge fetih edilende, Resulullah kakasynyň dogany Abu Talybyň gyzy hezreti Ummu Hanynyň öýüne bardy. Ondan: “Ýanyňyzda iýere bir zat barmy?” diýip sorady. Hezreti Ummu Hany: “Ýok! Diňe guran çörek owuntyklary bilen sirke bar! Ýöne olary saňa hödürlemäge utanýaryn!” diýdi. Pygamberimiz: “Olary getir. Suwuň içine owrat. Duz hem getir!” diýdi. Onuň üstüne sirke guýup iýenden soň, beýik Allaha şükür etdi we: “Eý Ummu Hany! Sirke nähili gowy tagam! Sirkesi bolan öý tagamsyz hasaplanmaz!” diýdi.37 Ol çöregi hiç zatsyz hem, hurma, sirke, miwe, çorba bilen hem, zeýtun ýagyna batyryp hem iýerdi. Towuk, towşan, düýe, jeren, balyk etini, kakadylan eti we peýniri hem iýerdi. Etiň gol tarapyny gowy görerdi. Ony eli bilen tutup, dişläp iýerdi. (Pyçak bilen kesip iýmek hem jaýyzdyr.) Köplenç süýt içerdi ýa-da hurma iýerdi. Iýmitlerden goýun etini, et suwuny, kädini, süýji zatlary, baly, hurmany, süýdi, gaýmagy, garpyzy, gawuny, üzümi we hyýary gowy görerdi.38 Suwy howlukman, “Bismilla” bilen başlap, üç owurtda içerdi, soňunda bolsa “Elhamdulilla” diýip, doga ederdi. Pygamberimiz Buýutus-Sukýadan getirilen süýji suwdan içerdi. Buýutus-Sukýa Medineden iki günlük ýoldady.39 “Içgileriň haýsysy has lezzetli?” diýip soralanda, Pygamberimiz: “Süýji we salkyn suw!” diýip jogap berdi.40
Pygamberimiz: “Siziň biriňiz bir zat içende, gabyň içine dem almasyn” diýerdi. Ol iýiljek we içiljek zatlaryň içine dem almagy gadagan edişi ýaly, altyn we kümüş gaplarda iýip-içmegi hem gadagan ederdi. Pygamberimiz bir bulgur suwy içende iki-üç gezek dem alardy we: “Bu has peýdaly we teşneligi has gowy gandyrýar” diýerdi. Ýene-de: “Siziň biriňiz bir zat içende, bir demde içmesin” diýerdi. We: “Düýeler ýaly bir demde içmäň! Iki ýa-da üç demde içiň! Içjek bolanyňyzda ‘Bismilla!’, agzyňyzy gapdan aýyranyňyzda bolsa ‘Elhamdulilla!’ diýiň!” diýerdi.41
Hezreti Nowfal ibn Muawiýa gürrüň berýär: “Kainatyň Serweri bir zat içende üç gezek dem alardy. Ilki beýik Allahyň adyny tutup, ‘Bismillähir-rahmänir-rahym’ diýerdi, soňunda bolsa ‘Elhamdulilla’ diýip, hamd ederdi”.42
Abu Umama Bahylynyň habar bermegine görä, Pygamberimiz şeýle diýdi: “Eziz we Jelil bolan Rebbim maňa Mekge jülgesini altyna öwürmegi teklip edende, men: ‘Ýok! Ýa Rebbim! Bir gün dok bolaýyn, bir gün aç bolaýyn. Aç wagtym Saňa ýalbaraýyn we Seni zikir edeýin. Dok wagtym bolsa Saňa hamd edeýin, şükür edeýin!’ diýdim”.43
Iýmek-içmek ylmyny öwrenmek ybadat ylmyny öwrenmekden öňde durýar. Nahardan öň we nahardan soň el ýuwmak, sag el bilen iýmek we sag el bilen içmek Resulullahyň endigidi. Nahardan öň el ýuwlanda ilki ýaşlar, nahardan soň bolsa ilki ýaşulular ýuwýar.44 Tabagyň gyrasyndan iýmek, öz öňüňden iýmek, sag aýagy dikip, çep aýagyň üstünde oturmak Resulullahyň sünnetidir. Örän gyzgyn zady iýmeli hem, ysgamaly hem däl.
“Goňşusy aç ýagdaýda garnyny doýuran adam kämil mömin däldir!” Hadysy şerif
Nahar iýlende asla gürleşmezligi Pygamberimiz makul görmezdi. Bu – otparazlaryň endigidir. Şatlykly gürleşmeli.
Nahary duz bilen başlamak we duz bilen gutarmak Resulullahyň sünnetidir we şypadyr. Yslamda ilkinji ýüze çykan bidgatlaryň biri – doýýança iýmekdir. Her gün et iýmek ýürege agyrlyk berýär. Perişdeler muny halamaýar. Eti örän az iýmek bolsa ahlagy bozýar. Saçakda, ýagny ýazylan düşegiň üstünde iýmek we ony ýere ýazmak gowudyr. Saçak deriden bolardy. Ösümlik iýmiti örän peýdalydyr. Ösümlik iýmiti bolmadyk saçak akylsyz garra meňzedilipdir.
Imam Jagfar Sadyk: “Malynyň we perzentleriniň köp bolmagyny isleýän adam ösümlik iýmitini köp iýsin!” diýdi. Ilki saçagyň başyna oturmaly, nahary soňra getirmeli.
Pygamberimiz: “Men guldyryn. Gullar ýaly ýerde oturyp iýýärin” diýdi.45
Açykmazdan iýmeli däl, doýmazdan öň nahardan turmaly [köp iýmeli däl], geň galara zat bolmasa gülmeli däl. Pygamberimiz: “Ýagşylyklaryň başy – açlykdyr. Ýamanlyklaryň başy – doklukdyr” diýerdi. Naharyň tagamy açlyk näçe uly bolsa, şonça artýar. Doklyk ýatdan çykarmaklyga sebäp bolýar. Ol ýüregi kör edýär, alkogolly içgiler ýaly gany bozýar. Açlyk akyly arassalaýar, ýüregi ýagtyldýar. Açykdan-açyk günä edýänler (pasyklar) we erbet adamlar bilen bile iýmeli-içmeli däl. Gaýnap duran nahary ýapyp sowatmaly.
Resulullah: “Sag el bilen iýiň. Sag el bilen içiň” diýerdi. Üç barmak bilen iýmek sünnetdir. Pygamberimiz: “Eý Aly! Nahary üç barmagyň bilen iý, sebäbi şeýtan iki barmagy bilen iýýär” diýdi. Pygamberimiz çöregi sag eli bilen alardy, soňra garpyzy çep eli bilen iýerdi. Çöregi bir el bilen däl, iki el bilen döwmeli.46 Lukma kiçi bolmaly we gowy çeýnelmeli. Sagyňa, çepiňe, ýokary seretmeli däl, öz lukmaňa we öňüňe seretmeli. Agzyňy örän giň açmaly däl. Saçak başynda eliňi eşigiňe, saçyňa süpürmeli däl. Üsgürjek ýa-da asgyrjak bolanyňda, başyňy yza öwürmeli. Çagyrylmadyk saçaga oturmaly däl. Saçakda hemmeden köp iýmeli däl. Garnyň doýanda, bu doklugy günä işlemekde ulanmazlyk üçin doga etmeli. Munuň kyýamatda hasabynyň nähili beriljegini pikir etmeli. Ybadat etmäge güýç toplamak niýeti bilen iýmeli. Aç bolsaň hem, howlukman iýmeli. Ilki uly adamlar başlamaly. Üç gezekden köp “iý” diýip, hiç kimi ynjytmaly däl. Resulullah az iýerdi we köp iýmezligi berk tabşyrardy. Ol: “Ynsanyň ýüregi meýdandaky ekin ýalydyr. Nahar bolsa ýagyş ýalydyr. Artykmaç suw ekini guradyşy ýaly, artykmaç iýmit hem ýüregi öldürýär. Köp iýýäni, köp içýäni Allahu tagala söýmeýär” diýerdi.
Resulullah aşgazanyň üçden biriniň iýmite, üçden biriniň içgä bölünmegini maslahat bererdi. Üçden biriniň howa paýy, ýagny boş bolmagy iň pes derejedir. Iň gowy dereje – az iýmek we az ýatmakdyr. Köp iýmek – keselleriň başy, az iýmek bolsa dermanlaryň başydyr. Myhman öý eýesinden duz bilen çörekden başga zat garaşmaly däl. Öý eýesi myhmana lukma uzatmaly. Onuň eline suw guýmaly. Myhmanyň halaýan zadyny onuň agzyna bermeli. Myhmanyň arassa ýere gaçyran zadyny alyp, oňa bermeli. Hapalanan bolsa, pişige we beýleki haýwanlara goýmaly. Şeýle öýüň bereketi artýar. Ol hatda agtyklaryna hem ýetýär. Ýere düşen zatlar ýygnalmasa, olary şeýtan iýýär.
Gapda galany syryp iýmek sünnetdir. Kompot, aýran ýaly zatlaryň galyndysyna suw guýup, çaýkap içmegiň sogaby köpdür. Tabakda, bulgurda galyndy goýmak jaýyzdyr. Resulullah möminiň galyndysyny iýmegi gowy görerdi.
Nahardan soň dişleri miswak we diş çöpi bilen arassalamak Resulullahyň sünnetidir. Bu – arassaçylykdyr. Arassaçylyk imany berkidýär. Nahardan soň öý eýesine bereket, rahmet we magfyrat diläp doga edilýär. Soňra gitmäge rugsat soralýar. Öý eýesi hem nahara çagyrylýar.
Nahar başynda gorkunç we ýigrenji zatlary gürlemeli däl. Ölüm, kesel barada gürrüň etmeli däl. Saçaga getirilen naharlara seredip oturmaly däl. Bir lukmany ýuwutmazdan öň ikinjisini ele almaly däl. Nahar arasynda bir zat üçin, hatda namaz üçin hem saçak başyndan turmaly däl. Namazy öňünden okamaly. Eger taýýarlanan naharlar sowajak ýa-da bozuljak bolsa we namaz wagty ony nahardan soň okamaga mümkinçilik berýän bolsa, namazdan öň iýmeli. Saçak ýygnalandan soň turmaly. Ýoluň üstünde, aýak üstünde, ýöräp barýarkaň iýmeli däl. Agzyňda, eliňde et, nahar ysy barka ýatmaly däl. Çagalaryň elini hem ýuwmaly. Dok wagtyň ýatmaly däl. Azyk önümlerini zerur bolşy ýaly ölçäp almaly, ölçegsiz, köp almaly däl. Ýogsa israp bolar. Iýmit we içgi gaplarynyň gapagy bolmaly. Derýadan, howuzdan egilip, agyz bilen içmeli däl. Kündügiň, küýzäniň agzyndan hem içmeli däl. Käsäniň, bulguryň döwük ýerinden içmeli däl. Tomusda salkyn suw içmeli. Resulullah salkyn şerbet içmegi gowy görerdi. Zemzem suwuny aýak üstünde içmek bolýar. Ýolagçy her suwy aýak üstünde içip biler diýildi. Aç garna suw içmeli däl. Suwy howlukman, sorup içmeli. Resulullah keşkek naharyny gowy görerdi. Herisäni, ýagny keşkegi bişirmegi Pygamberimize Jebraýyl aleýhisselam öwretdi. Herise adamy örän güýçlendirýär. Ähli pygamberler arpa çöregini iýipdirler. Resulullah kädi süýjüsini we merjimek çorbasyny, aw etini we goýun etini gowy görerdi. Goýnuň gol, döş we egin etini gowy görerdi. Owlagyň egin etini has-da gowy görerdi. Owlak eti aňsat siňýär. Ol her kime laýykdyr.47
“Ýagşylyklaryň başy – açlykdyr. Ýamanlyklaryň başy – doklukdyr” Hadysy şerif
Erkek haýwanyň eti urkaçynyňkydan, garaýagyz et ak etden aňsat siňýär. Aňsat siňmegi we lezzeti babatda goýun eti bilen sygyr süýdi has gowudyr.
Aw etleriniň iň gowusy – keýik etidir. Towşan eti halaldyr. Pygamberimiz ony iýipdir. Ol peşew sürýär, artykmajy ukusyzlyk döredýär. Ol her kime laýykdyr. Guş, jüýje eti her kim üçin gowudyr. Öý guşlarynyň arasynda etiniň iň gowusy – towukdyr.
Pygamberimiz: “Sirke nähili gowy iýmit!” diýdi. Sirke – iň peýdaly nahardyr. Hurma hem nahardyr, ýagny ol çörek bilen iýilýär. Üzüm hem nahar, hem miwedir. Üzümi çörek bilen iýmek sünnetdir. Hurmany täk sanda iýmek sünnetdir. Kişmiş, hoz, badam iýmek sünnetdir. Balda şypa bardyr. Ýetmiş pygamber bala bereket diläp doga edipdir. Resulullah hurmany örän gowy görerdi. Ol hurmany gawun, garpyz bilen bile iýerdi. Gawun, garpyz böwrekleri arassalaýar, kelle agyrysyny aýyrýar. Olar içegedäki gurçuklary düşürýär. Gözlere güýç berýär. Palaw iýlende salawat okamaly. Pygamberimiz bakla noýbasyny gabygy bilen iýmegi öwdi. Ol: “Habbetus-sewda, ýagny gara jire – derde dermandyr” diýdi. Hozy peýnir bilen iýmek şypadyr. Olary aýratynlykda iýmek zyýanlydyr. Olary bir zat bilen bile iýmeli. Pygamberimiz üzüm salkymyny çep eline alardy, üzümi sag eli bilen iýerdi.48 Behi ýürek gysgynlygyny aýyrýar. Her gawunda, garpyzda we narda bir damja jennet suwy bardyr. Nary ýeke özüň iýmeli, onuň bir damjasy hem biderek ýere gitmeli däl. Nar ýüregiň gürsüldemegine peýdalydyr. Ol aşgazany berkidýär. Dänesi bilen bile gysylyp içilse, öt sürýär, içgatamany aýyrýar. Injir ýürege rahatlyk berýär. Ol bil-egin agyrysyny, iýmit siňdiriş agzalarynyň sanjysyny aýyrýar.
Gök hyýary duz bilen iýmek, hozy hurma we bal bilen iýmek Resulullahyň sünnetidir.49 Pygamberimiz badamjany öwdi we: “Ony zeýtun ýagy bilen bişiriň” diýdi.
Ol semizoty hem öwdi. Kerewiz ýatdan çykarmaklygy aýyrýar. Ol peşew sürýär. Gan we süýt emele getirýär. Bagry arassalaýar. Harşef, ýagny artişok öt daşyny eredýär, gany arassalaýar, damarlaryň gatamagyna peýdalydyr. Ol der ysyny hem aýyrýar. Bir ýurda gelen adamyň ilki biraz çig sogan iýmegi saglyga peýdalydyr. Sogan mikroblara garşy durmak güýjüni artdyrýar. Sogandan soň kerewiz iýilse, onuň ýakymsyz ysyny aýyrýar. Ruta oty nahar bilen iýilse hem ysy gidýär diýdiler. Resulullahyň iň soňky iýen naharynyň içinde sogan bardy. Ol: “Sogany we sarymsagy bişirip iýiň” diýerdi. Olaryň ysyndan perişdeler ynjaýar. Turp peşew sürýär. Iýmitiň siňmegini aňsatlaşdyrýar.
Pygamberimiziň mübärek sakgaly we saçy
Pygamberimiziň mübärek saçy we sakgalynyň gyllary ne örän buýra, ne-de düýbünden göni bolman, ýaradylyşdan tolkunlydy. Mübärek saçy uzyndy. Ilkibaşda saçyny maňlaýyna sallap goýberýärdi, soňra ony iki tarapa aýyrýan boldy. Mübärek saçyny käte uzaldardy, käte bolsa kesip gysgaldardy.
Resulullahyň mübärek saçynyň nähili bolandygyny hezreti Enes ibn Malikden soranlarynda, ol şeýle jogap berdi: “Örän buýra hem däldi, düýbünden göni hem däldi. Ikisiniň arasynda, orta derejededi. Uzynlygy bolsa gulaklary bilen egin başlarynyň aralygynyň ortasyna ýetýärdi”.50 Ibn Abbas hezretleri: “Älemiň buýsanjy Pygamberimiz mübärek saçyny maňlaýynyň üstüne sallap goýberýärdi. Soňra mübärek saçyny iki tarapa aýyrýan boldy” diýdi.51 Alymlar şeýle diýdiler: “Saçy iki tarapa aýyrmak Kainatyň buýsanjy (Fahry kaýinat) Pygamberimiziň sünnetidir, sebäbi soňra ol şeýle edýän bolupdy. Maňlaýyň üstüne sallap goýbermek hem jaýyzdyr, iki tarapa aýyrmak hem jaýyzdyr. Ýöne aýyrmak has fazyletlidir”.
Hezreti Aişe Syddyka enemiz: “Pygamberimiziň mübärek saçy jummeden ýokarydy, wefreden aşakdady” diýdi.52 Egin başlaryna ýetýän saça “jumme” diýýärler. Gulak ýumşagyna ýetýän saça bolsa “wefre” diýýärler. Gysgaça aýdylanda, hezreti Aişe enemiziň rowaýatyna görä, Resulullahyň mübärek saçy mübärek gulaklarynyň ýumşagyndan aşak düşýärdi, ýöne egnine ýetmeýärdi, ýagny ikisiniň ortasyndady.
Kady Iýaz hezretleri şeýle diýdi: “Bu rowaýatlar şeýle ylalaşdyrylýar: mübärek gulaklarynyň tarapyndaky saçy mübärek gulak ýumşaklaryna ýetýärdi. Arka tarapyndaky saçy bolsa mübärek egnine ýetýärdi”. Şeýle hem diýdiler: “Käbir rowaýatlarda gulagyna çenli düşýärdi, käbirinde mübärek egnine çenli düşýärdi diýilmeginiň sebäbi şudur: bir wagt beýle, başga bir wagt şeýle bolupdyr. Rowaýatlaryň hemmesi dogrudyr. Pygamberimiz mübärek saçyny käte uzaldardy, şonda ol egin başlaryna çenli düşerdi. Käte bolsa kesdirerdi, şonda ol mübärek gulaklarynyň ýumşagyna ýa-da ortasyna çenli ýetýärdi”. Erkekleriň başyny syrmagy ýa-da saçyny uzaldyp, darap, iki tarapa aýyrmagy sünnetdir. Ýagdaýa, adata, zamana görä hereket etmeli. Saçy towlamak, örmek mekruhdyr. Ýüzüni aýalyňky ýaly ýylmanak etmek, aýallara meňzemek üçin sakgalyny syrdyrmak, eňegini syryp, ýaňaklaryň üstünde sakgal goýbermek haramdyr.
Hezreti Enes Resulullahyň mübärek sakgalyny şeýle beýan edýär: “Pygamberimiziň mübärek sakgalynda aklyk örän azdy. Mübärek başynda we mübärek sakgalynda ak gyl on ýedi ýa-da on sekiz sanydan artyk däldi”.
Bir gün hezreti Abu Bekir Syddyk: “Ýa Resulallah, saçyňa ak düşdi” diýende, Resulullah şeýle diýdi: “Meni Hud, Wakyga, Murselat, Nebe (Ammä ýetesäelun) we Tekwir (Izeş-şemsu kuwwirat) süreleri agartdy”.53
Ýagny bu sürelerde jennetiň we dowzahyň ýagdaýlary köp ýatlanylýar. “Ymmatymyň haly nähili bolar diýip, gam-gussadan saçym we sakgalym agardy” diýdi. Amr ibn Şugaýb: “Resulullah mübärek sakgalynyň eninden hem, boýundan hem alardy” diýdi. Tirmizi hezretleriniň rowaýat eden hadysy şerifinde Pygamberimiz: “Murtuny gysgaltmaýan adam bizden däldir” diýdi.54 Başga bir hadysy şerifde bolsa: “Sakgallaryňyzy goýberiň we murtlaryňyzy gowy kesiň” diýildi.55 Ibn Abdylhakym: “Murty gowy kesmeli, sakgaly bolsa kesmeli däl. Murty gowy kesmekden maksat – ony syrmak däldir” diýdi. Imam Newewi hezretleri: “Murt kesmekde dogrusy şudur: ony dodagyň gyrasy görünýänçä kesmeli, düýbünden kesmeli däl, gysgaltmaly” diýdi.
“Sogany we sarymsagy bişirip iýiň” Hadysy şerif
Alymlar murtuň üstüni gyrkyp, iki gapdalyndan uçlaryny sallap goýmagy mekruh hasapladylar. Ibn Omar şeýle gürrüň berýär: “Resulullaha mejusylar (otparazlar) topary barada gürrüň berdiler. Şonda Resulullah: ‘Olar murtlarynyň uçlaryny uzaldýarlar we sakgallaryny syrdyrýarlar. Onda siz olaryň tersine hereket ediň’ diýdi”.56
Abu Umama: “Ýa Resulallah! Ähli kitap sakgallaryny gyrkýarlar we murtlaryny uzaldýarlar” diýende, Resulullah: “Siz murtlaryňyzyň uçlaryny gyrkyň we sakgallaryňyzy goýberiň” diýdi.
Alymlaryň bildirişine görä, murtlary gyrkyp, gaş ýaly gysgaltmak sünnetdir. Sakgaly bir tutam uzaldyp goýbermek we bir tutamdan artygyny kesmek sünnetdir. Sakgaly bir tutamdan gysga goýmak hem sünnete laýyk däldir. Sünnete uýmak niýeti bilen gysga sakgal goýmak bidgat bolar, haram bolar. Sakgal goýbermek sünneti zewaiddir. Emri marup üçin, rysgal gazanmak üçin, pitnäniň öňüni almak üçin sakgaly düýbünden syrmak jaýyz we zerur bolar. Bular sünneti terk etmek üçin ýerlikli sebäp (özür) bolýar. Emma gysga sakgal goýup, bidgat işlemek üçin özür bolmaýar.
Pygamberimiziň geýen eşikleri
Ol geýilmesi jaýyz bolan eşiklerden eline näme düşse, şony geýerdi. Galyň matadan ihram görnüşinde tikilmedik zatlara bürenerdi, bil örtügini daňardy, köýnek we jübbe hem geýerdi. Olar pagtadan, ýüňden ýa-da gyldan dokalandy. Köplenç ak, käte ýaşyl geýerdi. Tikilen eşik geýen wagtlary hem bolardy. Anna we baýram günlerinde, daşary ýurtly ilçiler gelende we söweş wagtlarynda gymmat bahaly köýnekleri, jübbeleri geýerdi. Eşikleriniň reňki köplenç ak bolardy. Ýaşyl, gyzyl we gara bolan wagtlary hem bolardy. Eşikleri gollaryny goşaryna çenli, mübärek aýaklaryny injiginiň ortasyna çenli örterdi. Imam Tirmizi (rahimehullahu tagala) “Şemaýili şerif” kitabynda şeýle diýýär: “Resulullah kamys, ýagny köýnek geýmegi gowy görerdi. Köýneginiň ýeňleri goşaryna çenli uzyndy. Köýneginiň ýeňlerinde we ýakasynda düwme ýokdy. Aýakgaby deriden bolup, onuň bir gaýyşy we iki kybaly bardy. Kybal – bir ujy gaýyşa, beýleki ujy aýakgabyň öň ujuna tikilen gaýyşdyr. Ol iki barmagyň arasyndan geçýär. Eşik we aýakgap geýmekde adata eýerilýär. Adatdan aýrylmak şöhrata sebäp bolýar. Şöhratdan gaça durmak gerek. Mekgä giren wagtynda onuň mübärek başynda gara selle saralgydy”. Köplenç ak, käte gara ýuka matany başyna selle edip saraýardy we onuň ujuny iki egniniň arasyna bir garyş çemesi sallardy. Sellesi örän uly hem, örän kiçi hem bolman, takmynan üç ýarym metr uzynlykdady. Sellesini takyýasyz sarardy, käte sellesiz pilikli takyýa geýerdi. Pygamberimiziň pagta we zygyr ýüplüginden dokalan, zolakly, çyzykly Ýemen matasyndan tikilen Hybere diýilýän bir eşigi bardy. Ol bu eşigi geýmegi örän gowy görerdi. Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) bir ak eşigi hem bardy. Ol: “Eşikleriňiziň agyny geýiň! Diriňiz ak eşik geýsin. Ölüleriňizi hem ak kepene saraň! Sebäbi ol eşikleriňiziň iň haýyrlysy we gowusydyr!” diýerdi.57
“Şöhrat we özüni görkezmek üçin eşik geýen adamdan, ol ony çykarýança, Allah ýüz öwürer! Kyýamat güni oňa horluk eşigini geýdirer!” Hadysy şerif
Pygamberimiziň ýaşyl eşik geýeni hem görüldi. Hezreti Abu Rimse Pygamberimizi üstüne aşaky we ýokarky iki bölekden ybarat ýaşyl eşik geýen halynda görendigini aýdýar.58 Pygamberimiz ala-ýola Hulläni hem geýerdi. Hezreti Bera ibn Azyp: “Gyzyl (ala-ýola) Hulle diýilýän eşigi geýen, saçy gulak ýumşagyna ýetýän adamlaryň arasynda Resulullah aleýhisselamdan has owadanyny görmedim!” diýdi.59 Pygamberimiziň anna we baýram günlerinde geýýän bir gyzyl jübbesi bardy. Pygamberimiziň Ýemende tikilen bir jübbesi hem bardy. Pygamberimiz ýeňleriniň agzy dar bolan, Damaskda tikilen jübbäni saparlarda geýerdi. Pygamberimiz Eýran şalarynyň geýýän taýlesan matasyndan tikilen, ýakasyna atlasdan bir bölek tikilen, eteginiň öňündäki we arkasyndaky iki açyk ýerinde we ýeňlerinde atlas gyrasy bolan jübbäni söweşlerde duşman bilen duşuşan wagtlarynda geýerdi.
Bu jübbe hezreti Aişe wepat bolýança onuň ýanynda durdy, ondan soň ony Esma binti Abu Bekir aldy. Pygamberimiziň geýen bu jübbesiniň ýuwundy suwy bilen syrkawlary ýuwundyrardylar we olar şypa tapardylar.60 Dumatul-Jendel ýörişinde alnan oljalaryň arasyndaky bir jübbe söýgüli Pygamberimiziň paýyna düşdi. Onuň argajy hem, erişi hem ýüpek ýüplükden dokalyp, atlas matadan tikilipdi, nagyşly ýerlerine altyn sapak bilen hurma ýapraklary işlenipdi. Pygamberimiz bu jübbäni geýip, münbere çykyp oturdy we hiç zat gürlemän, münberden düşdi. Hormatly sahabalar oňa ellerini degirýärdiler, seredýärdiler, gözelligine haýran galýardylar. Pygamberimiz: “Siz munuň gözelligine geň galýarsyňyzmy? Bu size gaty ýaradymy?” diýip sorady. Olar: “Biz mundan has owadan eşik görmedik!” diýdiler. Pygamberimiz: “Janym gudrat elinde bolan Allaha kasam edýärin, Sagt ibn Muazyň jennetdäki ýaglyklary siziň görýän zadyňyzdan has owadan we has ýakymlydyr!” diýdi.
Pygamberimiz: “Şöhrat we özüni görkezmek üçin eşik geýen adamdan, ol ony çykarýança, Allah ýüz öwürer! Kyýamat güni oňa horluk eşigini geýdirer!” diýdi.
Ýene-de Pygamberimiz: “Şöhrat we özüni görkezmek üçin eşik geýen adama kyýamat güni Allah edil şonuň ýaly eşik geýdirer. Soňra ony ot bilen tutaşdyrar!” diýdi.
Hezreti Sehl ibn Sagt şeýle diýýär: “Bir aýal Resulullah aleýhisselama özi dokan gyraly bir bürde61 getirdi we: ‘Ýa Resulallah! Muny öz elim bilen dokadym. Size sowgat edip getirdim’ diýdi. Resulullah onuň sowgadyny kabul etdi. Ol bu bürdä bürenip, biziň ýanymyza çykdy. Jemagatdan biri oňa elini degirip: ‘Ýa Resulallah! Bu bürdeden owadany bolup bilmez! Ony maňa bermersiňizmi?’ diýdi. Resulullah: ‘Bolýar!’ diýdi. Metjitde biz bilen söhbet edip, nesihat berenden soň, ol öýüne gaýtdy we bürdäni dolatdyryp, ol adama iberdi. Jemagat ol adamy: ‘Sen asla gowy etmediň! Resulullahyň geýen we özüne gerek bolan zadyny ondan soradyň! Resulullah aleýhisselamyň hiç bir soraýany ret etmeýändigini, boş gaýtarmaýandygyny sen hem bilýärsiň ahyry!’ diýip ýazgardylar. Ol adam: ‘Allaha kasam, men ony geýmek üçin soramadym. Ölen günüm kepenim bolsun diýip soradym!’ diýdi. Hakykatdan hem, ol bürde onuň wepat bolan güni kepeni boldy”.62 Pygamberimiziň gara ýüň eşik geýen wagty hem boldy. Hezreti Aişe enemiz: “Resulullah aleýhisselam üçin gara ýüňden bir eşik tikilipdi. Ony geýip derlände, ýüňüň ysyny duýdy. Derrew ony egninden çykaryp goýdy, sebäbi ol diňe ýakymly ysy halardy” diýdi. Pygamberimiz üstünden geýilýän kaftanyň eteginiň diňe injigiň ortasyna çenli ýa-da biraz aşak, topuklara çenli uzaldylmagyna rugsat bererdi, topuklardan has aşak, ýagny ýerde süýrener ýaly uzaldylmagyny gadagan ederdi. Ol ulumsylyk edip kaftanlaryny ýerde süýrän erkeklere kyýamat güni beýik Allahyň rahmet nazary bilen seretmejekdigini aýdardy.
Bir gün Pygamberimiz hezreti Jabyr ibn Süleýme şeýle diýdi: “Kaftanyňyň etegini injigiňiň ortasyna çenli uzalt! Muny edip bilmeseň, topuklaryňa çenli uzalt! Ýerde süýrener ýaly uzaltmakdan saklan! Sebäbi bu – ulumsylygyň alamatydyr. Allahu tagala bolsa ulumsylygy söýmeýär!” Şonuň üçin Abdylla ibn Omar (radyýallahu anhuma) kaftanyny injikleriniň ortasyna çenli uzaldyp geýerdi.63
“Ýemen tarapyndan rahmet şemalynyň öwüsýändigini duýýaryn” Hadysy şerif
Pygamberimiziň bir gat pagta ýüplüginden dokalan bözden tikilen köýnegi bardy. Hezreti Aişe enemiz gürrüň berýär: hezreti Abu Jehm Pygamberimize üsti nagyşly bir namazlyk sowgat edipdi. Bir gün Pygamberimiz bu namazlygyň üstünde namaz okaýarka, mübärek gözleri nagyşa düşdi. Salam berensoň, ol: “Muny Abu Jehme eltiň. Ol ýaňy meni namazymda meşgul etdi. Maňa nagyşsyz, ýönekeý namazlygy getirsin” diýdi.
Medine topragy çyg we şorly bolany üçin, Pygamberimiz wepat bolanda, bu namazlyk onuň mübärek gabrynyň düýbüne ýazyldy.
Weýsel Karany hezretlerine iberilen Hyrkaýy şerif
Uweýs ibn Amyr Karny (radyýallahu anhu) tabygynlaryň ulularyndandyr. Ol Ýemeniň Karn obasyndandyr. Musulman bolandan soň, ömrüniň dowamynda söýgüli Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) yşky bilen ýanyp-köýdi, bir pursat hem Rebbini unutmady. Gulluk etmekde şeýle derejä ýetdi welin, onuň her haly, her hereketi we her sözi ynsanlara ybrat we nesihat boldy. Ol hiç kimden ynjamady we hiç kimi ynjatmady. Onuň iň möhüm sypatlary – Pygamberimize bolan yşky, ybadata jan-tenden yzygiderli berilmegi we ejesine hormatydyr. Ol ejesine köp hyzmat edip, onuň haýyr dogasyny aldy. Onuň söýgüli Pygamberimize bu muhabbeti we yslama wepalylygy Pygamberimiziň ony öwmegine sebäp boldy. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) wagtal-wagtal mübärek ýüzüni Ýemen tarapa öwrüp: “Ýemen tarapyndan rahmet şemalynyň öwüsýändigini duýýaryn” diýerdi. Ýene-de şeýle diýdi: “Kyýamatda Allahu tagala Uweýsiň keşbinde ýetmiş müň perişde ýaradar we olar Uweýsi öz aralarynda Arasata alyp bararlar. Ol jennete girer we Allahu tagalanyň isleýänlerinden (bildirenlerinden) başga hiç bir mahluk olaryň haýsysynyň Uweýsdigini bilmez”. “Ymmatymdan bir adam bar, ol kyýamatda Rebiga we Mudar taýpalarynyň goýunlarynyň ýüňüniň sany ýaly adama şepagat eder”. Hormatly sahabalar: “Ýa Resulallah, ol kim?” diýdiler. Ol: “Allahyň gullaryndan biri” diýdi. Olar: “Biz hemmämiz gul; onuň ady näme?” diýdiler. Ol: “Uweýs” diýdi. Olar: “Ol nireli?” diýip soradylar. Resulullah: “Karnly” diýdi. “Ol sizi gördümi?” diýip soranlarynda, ol: “Baş gözi bilen görmedi” diýdi.
Olar: “Geň zat, size şunça aşyk bolsun-da, hyzmat etmäge, siziň huzuryňyza ylgap gelmesin” diýdiler. Resulullah: “Iki sebäpden. Birinjisi – ol öz ruhy hallarynyň ygtyýaryndadyr. Ikinjisi bolsa meniň dinime wepalylygyndandyr. Onuň garry ejesi bar, ol iman getirendir. Onuň gözleri görmeýär, elleri-aýaklary hereket etmeýär. Uweýs gündizlerine düýe çopanlygyny edýär, alan hakyny özüniň we ejesiniň eklenjine harçlaýar” diýdi. “Biz ony görermikäk?” diýdiler. Hezreti Abu Bekire ol: “Sen ony öz zamanyňda görmersiň” diýdi. Hezreti Omara we hezreti Ala bolsa: “Siz ony görersiňiz. Onuň bedeni gyllydyr. Çep böwründe we aýasynda bir kümüş teňňe ýaly aklyk bardyr. Bu pes keseliniň aklygy däldir. Onuň ýanyna baraňyzda, meniň salamymy ýetiriň we ymmatyma doga etmegini aýdyň” diýdi.
Weýsel Karany (Uweýs Karny) hezretleri ejesi wepat bolandan soň Karn obasyndan çykyp, Kufe şäherine gitdi. Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) wepaty ýakynlaşanda: “Hyrkaňy kime bereli?” diýdiler. Ol: “Uweýs Karna beriň” diýdi. Resulullah wepat bolandan soň hezreti Omar bilen hezreti Aly Kufä gelenlerinde, hezreti Omar: “Eý nejtliler, araňyzda Karndan biri barmy?” diýdi. Olar: “Hawa” diýdiler. Ol olardan hezreti Uweýs hakda sorady. Olar: “Bilýäris. Ol siziň gözleýän adamyňyzdan has pes biridir. Ol diwana, akylsyz, adamlardan gaçýan biridir” diýdiler.
“Ýa Rebbim! Bu Hyrkaýy şerifiň hormatyna, söýgüli Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) hormatyna Muhammet ymmatynyň hemmesini bagyşla” Hezreti Uweýs (radyýallahu anhu)
Hyrkaýy şerif
Söýgüli Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) Weýsel Karany (rahmetullahi aleýh) hezretlerine sowgat eden mübärek hyrkasyna mübärek Ramazan aýynda Stambulyň Fatih etrabyndaky Hyrkaýy şerif metjidinde zyýarat edip bolýar.
Hezreti Omar (radyýallahu anhu): “Men ony gözleýärin; ol nirede?” diýdi. Olar: “Ol Arne jülgesinde biziň düýelerimizi bakýar, biz hem munuň üçin oňa agşamlyk nahar berýäris. Saçy-sakgaly dagynyk, şäherlere gelmeýär, hiç kim bilen gürleşmeýär, adamlaryň iýýänini iýmeýär. Ol gaýgy-gussany hem, şatlygy hem bilmeýär: adamlar gülende ol aglaýar, adamlar aglanda ol gülýär” diýdiler. Hezreti Omar: “Men edil şony gözleýärin” diýdi. Olar onuň nirededigini düşündirdiler. Hezreti Omar bilen hezreti Aly onuň ýanyna gitdiler. Ony namaz okap durka gördüler. Allahu tagala onuň düýelerini bakmak üçin bir perişdäni wezipelendiripdi. Uweýs namazyny tamamlap salam berende, hezreti Omar ýerinden turdy we salam berdi. Ol salamy aldy. Hezreti Omar: “Adyň näme?” diýip sorady. Ol: “Abdylla, ýagny Allahyň guly” diýdi. Hezreti Omar: “Hemmämiz Allahyň gullary; hakyky adyň näme?” diýip soranda, ol: “Uweýs” diýdi. Hezreti Omar: “Sag eliňi görkez” diýdi. Ol görkezende, hezreti Omar şeýle diýdi:
“Pygamberimiz size salam iberdi. Ol mübärek hyrkasyny size iberdi we: ‘Alyp geýsin, ymmatyma hem doga etsin’ diýip wesýet etdi”.
Uweýs: “Eý Omar! Men gowşak, ejiz we günäkär bir guldyryn.
Üns berip seret, bu wesýet başga birine degişli bolmasyn?” diýende, hezreti Omar: “Ýok, eý Uweýs, biziň gözleýän adamymyz – sen. Pygamberimiz seniň keşbiňi we sypatlaryňy aýdyň bildirdi” diýip jogap berdi.
Şondan soň hezreti Uweýs Hyrkaýy şerifi hormat bilen aldy, ogşady, ysgady, ýüzüne-gözüne sürtdi. Ol örän uzak aglady we: “Siz şu ýerde garaşyň” diýip, olaryň ýanyndan aýryldy. Biraz öňräkde sežde etdi. Gözýaşlary içinde Allahu tagalanyň dergähine ýalbaryp, Muhammet ymmatynyň bagyşlanmagy üçin doga edip başlady. Ol öňkürip-öňkürip aglap, ýalbaryp, şeýle doga etdi: “Ýa Rebbim! Söýgüli Pygamberimiz, men mynasyp bolmasam-da, Seniň bu pakyr, ejiz guluňa hezreti Omar we hezreti Aly arkaly Hyrkaýy şerifini iberipdir. Günäkär ymmatyma doga etsin diýipdir. Ýa Rebbim! Bu Hyrkaýy şerifiň hormatyna, söýgüli Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) hormatyna Muhammet ymmatynyň hemmesini bagyşla… Bagyşla, Allahym, bagyşla… Allahym…” Köp günäkär musulmanyň bagyşlanandygy bildirilende, ol Hyrkaýy şerifi hormat bilen geýdi.
Weýsel Karana sowgat edilen bu Hyrkaýy şerif Wan töweregindäki Irisan beglerine çenli gelip ýetipdir we 1618-nji ýylda osmanly patyşalaryndan soltan Osman han II üçin getirilip sowgat edilipdir. Soltan Abdylmejit han bu Hyrkaýy şerif üçin Fatihde “Hyrkaýy şerif metjidi” diýlip atlandyrylýan metjit saldyrypdyr. Söýgüli, şerefli Pygamberimiziň mübärek teniniň gül ysyny henizem şol bir täzeligi bilen saklaýan we bal köpügi ýaly krem reňkli bu mübärek Hyrkaýy şerif her ýyl mübärek Ramazan aýynda aýnanyň aňyrsynda halka zyýarat etdirilýär.
Hezreti Kagb ibn Zuheýre berlen Hyrkaýy sagadat
Şahyrlar maşgalasynyň ogly bolan hezreti Kagb ibn Zuheýr (radyýallahu anhu) hem şahyrdy. Öňler ol Pygamberimize we yslama garşy goşgular aýdýardy. Muny Pygamberimize habar berdiler we ol onuň görlen ýerinde öldürilmegini buýurdy.
“Men şaýatlyk edýärin: Allahdan başga ybadata mynasyp hiç bir ilah ýokdur. Muhammet aleýhisselam – Onuň guly we resulydyr” Kagb ibn Zuheýr (radyýallahu anhu)
Ondan öňräk musulman bolan dogany hezreti Bujeýr (radyýallahu anhu) oňa hat bilen bu karary habar berdi we eger musulman bolsa, rehimdarlyk deňzi bolan söýgüli Pygamberimiziň ony bagyşlajakdygyny ýazdy. Haty okan hezreti Kagb çuňňur pikire batdy. Ol butlara çokunmagyň manysyzlygyna, yslamyň beýikligine we Pygamberimiziň uludygyna düşünip başlady, köňli nurlanyp ugrady. Ahyrsoňy musulman bolmak kararyna gelip, nurly Medinäniň ýoluna düşdi. Ol Pygamberimizi (sallallahu aleýhi we sellem) öwýän, özüniň toba edip musulman bolandygyny bildirýän uzyn bir goşgy ýazdy. Medinä baranda, Jüheýne taýpasyndan bir dosty bilen Pygamberimiziň huzuryna bardy. Pygamberimiz sahabalary bilen söhbet edip otyrdy. Hezreti Kagb özüni tanatmazdan öň: “Ýa Resulallah! Kagb ibn Zuheýr eden işlerine puşman edip, musulman bolup, aman soramaga gelipdir. Men ony seniň ýanyňa getirsem, oňa aman berip, musulman bolmagyny kabul edermisiňiz?” diýdi. Pygamberimiz: “Hawa” diýdi. Şonda hezreti Kagb: “Men şaýatlyk edýärin: Allahdan başga ybadata mynasyp hiç bir ilah ýokdur. Muhammet aleýhisselam – Onuň guly we resulydyr” diýdi. Pygamberimiz: “Sen kim?” diýip sorady. Ol: “Men – Kagb ibn Zuheýr, ýa Resulallah” diýdi. Ensarlardan biri: “Ýa Resulallah, rugsat beriň, size garşy bolan bu adamyň kellesini çapaýyn” diýende, Pygamberimiz: “Ony goý. Ol öňki halyna puşman edip, Haka dolanyp geldi” diýdi. Şondan soň Kagb ibn Zuheýr (radyýallahu anhu) özüniň musulman bolandygyny, söýgüli Pygamberimiziň we hormatly sahabalaryň beýikligini we gadyr-gymmatyny beýan edýän meşhur kasydasyny okady. “Bänet Sugad / Söýgülim daşlaşdy” sözleri bilen başlanýan we şeýle dowam edýän bu kasyda Pygamberimize örän ýarady:
Her ynsan bir gün hökman tabyt üstünde göterilip äkidiler…
Ötünç sorap geldim, ýa Resulallah, seniň beýik huzuryňa…
Onuň bagyşlamagy iň köp umyt edilýän zatdyr…
Onuň huzurynda ötünç kabul edilýär…
Maňa rehim et, ýa Resulallah…
Meni bagyşla, ýa Resulallah…
Şübhesiz, Resulullah – Hak tagalanyň
Ýamanlyklary ýok edýän ýiti gylyçlaryndan gynyndan sogrulan bir gylyçdyr…
Ol hidaýat saçýan, dogry ýoly görkezýän bir nurdur…
Ol ony bagyşlady. Kagb bolsa şu beýte ýetende:
Innär-Resule le-nurun ýustedau bihi,
Muhammedun min suýufillahi meslulu.
Resulullah bir nurdur, onuň bilen halk nurlanýar,
Ol Hak tagalanyň gynyndan sogrulan gylyçlaryndan bir gylyçdyr,
iki jahanyň serweri, älemiň buýsanjy Muhammet Mustafa (sallallahu aleýhi we sellem) mübärek egninden “Hyrkaýy sagadat” diýlip atlandyrylýan hyrkasyny çykaryp, hezreti Kagb ibn Zuheýriň egnine ýapdy.64
Hezreti Muawiýa halyf bolan döwründe Kagb ibn Zuheýre: “Resulullahyň hyrkasyny bize sat!” diýip habar iberdi. Oňa on müň dirhem iberdi. Kagb ibn Zuheýr: “Resulullahyň hyrkasyny geýmek meselesinde men hiç kimi özümden öňe goýup bilmerin!” diýip, hezreti Muawiýanyň islegini ret etdi. Hezreti Kagb ibn Zuheýr wepat bolanda, hezreti Muawiýa ony Kagbyň ogullaryndan ýigrimi müň dirheme satyn aldy. Pygamberimiziň hezreti Kagb ibn Zuheýre beren bu mübärek hyrkasy halyfdan halyfa miras bolup geçdi.
Omeýýadlaryň hökümdarlygy ýykylandan soň, ony Abbasylaryň ilkinji halyfy Abul-Abbas Seffah ibn Abdylla ibn Muhammet üç ýüz dinara satyn aldy. Baýramlarda ony halyflar geýdi. Abbasylar Müsüre gelenlerinde, ony ýanlary bilen getirdiler. Ýawuz soltan Selim han hezretleri Müsüri alyp halyf bolanda, bu mübärek hyrka Müsürdäki beýleki “Mübärek amanatlar” bilen bilelikde Stambula getirildi. Ony Stambulda, Topkapy köşgüniň “Hyrkaýy sagadat bölüminde” her kim zyýarat edip bilýär.
Bu mübärek hyrka 124 santimetr uzynlykda, giň ýeňli, gara ýüň matadan tikilipdir. Hyrkanyň içi krem reňkli ýüň mata bilen örtülendir. Ol birnäçe düwünçege dolanan halda, soltan Murat han III-iň ýasadan, üstünden açylýan gapakly altyn sandygynyň içinde saklanýar. Hyrkaýy sagadatyň bu sandygy sungat taýdan ajaýyp eser bolup, üstesine, zümerretler bilen hem bezelendir. Sandygyň üstünde şeýle ýazylgydyr:
“La ilähe illallah, we ma erselnäke illa rahmeten lil-älemin. La ilähe illallahul-melikul-hakkul-mubin, Muhammedur-Resulullah, es-sadykul-wagdil-emin”.
Pygamberimiziň düşegi
Pygamberimiziň üstünde ýatyp uklaýan düşeginiň (orun-ýeriniň) daşy deridendi. Içine hurma agajynyň süýümi doldurylypdy. Onuň üstünde özi hem, aýaly hem ýatardy. Pygamberimiziň mübärek başynyň aşagyna goýýan ýassygynyň hem daşy deriden bolup, içine hurma süýümi doldurylypdy. Pygamberimiz dünýä we dünýädäki zatlara ähmiýet bermezdi.
Abdylla ibn Mesgut gürrüň berýär: Kainatyň Serweri bir boýranyň (hasyryň) üstünde ýatyp uklapdy we boýra onuň mübärek böwründe yz galdyrypdy. Ol oýananda, men onuň mübärek böwrüni sypadym we: “Kakam-ejem saňa gurban bolsun, ýa Resulallah! Käşki bize aýdan bolsaň, boýranyň üstüne seni ondan gorajak bir zat ýazardyk!” diýdim. Soňra: “Saňa bir ýumşak düşek alaýsak?” diýdim.
Kainatyň Serweri: “Dünýä degişli zatlar meniň nämäme gerek? Meniň dünýä bilen mysalym, halym – bir agajyň aşagynda biraz kölegeläp, soňra ony taşlap, ýoluny dowam edýän bir atlynyň mysaly, haly ýalydyr!” diýdi.65 Hezreti Aişe enemiz gürrüň berýär: Meniň ýanyma ensarlardan bir aýal geldi. Resulullah aleýhisselamyň düşegini görüp, gidip, içine ýüň doldurylan bir düşek iberdi.
Resulullah aleýhisselam meniň ýanyma gelip: “Bu näme?” diýip sorady. Men: “Ýa Resulallah! Ensarlardan pylan aýal meniň ýanyma gelipdi. Seniň düşegiňi görüp, gidip, saňa muny iberdi” diýdim. Ol: “Muny häzir onuň özüne yzyna gaýtar!” diýdi. Ýöne men yzyna gaýtarmadym. Onuň öýümde bolmagy maňa ýarapdy. Resulullah aleýhisselam bu sözüni üç gezek gaýtalady. Ahyrynda: “Allaha kasam, eý Aişe! Islän bolsam, Allah altyn we kümüş daglaryny meniň ýanymda ýöräderdi!” diýdi.66 Pygamber aleýhisselamyň düşekçesi hem iki abadan ybaratdy.
“Resulullah altyn we demir ýüzükleri çykardardy, kümüş ýüzüklere päsgel bermezdi” Amr ibn Şugaýb (radyýallahu anhu)
Bir gije ol meniň ýanyma gelende, men bu abany iki gat edip, darajyk edipdim. Ol onuň üstünde ýatdy. Soňra: “Eý Aişe! Bu gijeki düşegim näme üçin hemişekisi ýaly däldi?” diýip sorady. Men: “Ýa Resulallah! Men ony seniň üçin epläp, darajyk etdim” diýdim. Ol: “Sen ony öňki ýagdaýyna getir!” diýdi.67
Hezreti Aişe ýene şeýle gürrüň berýär: “Kuraýşlylar üçin Mekgede seririň üstünde ýatmakdan ýakymly zat ýokdy. Resulullah aleýhisselam Medinä gelip, Abu Eýýubyň öýüne düşende, ondan: ‘Eý Abu Eýýup! Siziň seririňiz ýokmy?’ diýip sorady. Abu Eýýup: ‘Allaha kasam, ýok’ diýdi. Ensarlardan Sagt ibn Zurara (radyýallahu anhu) muny eşidip, Resulullaha aýaklary tik agajyndan ýasalan, üsti zygyr süýüminden örülen boýra bilen örtülen bir serir iberdi. Resulullah öz öýüne göçýänçä şonuň üstünde ýatdy, wepat bolýança hem şonuň üstünde ýatdy. Resulullah aleýhisselamy ýuwup, kepenländen soň, ony şol seririň üstüne goýdular we jynaza namazyny hem ol şol seririň üstünde ýatyrka okadylar. Halk ölülerini göterip äkitmek üçin ony bizden soraýardy we onuň bilen bereket gazanýardy. Hezreti Abu Bekiriň we hezreti Omaryň jynazasy hem onuň üstünde göterildi”.
Hezreti Aişe şeýle diýýär: “Resulullah aleýhisselamyň bir boýrasy bardy, ol gijelerine onuň üstünde namaz okardy, gündizlerine bolsa ony ýazyp, üstünde halk bilen oturardy”.68
Pygamberimiziň ýüzükleri
Erkekler üçin diňe kümüş ýüzügiň halaldygyny, altyndan, demirden we sary misden ýüzük dakynmagyň bolsa haramdygyny Pygamberimiz bildirdi. Özi hem wepat bolýança diňe kümüş ýüzük dakyndy.
Resulullah ýüzügini mübärek sag eline dakynardy. Çep eline dakynany hem görüldi. Sag ele hem, çep ele hem dakynmak jaýyzdyr. Ol çinjagaz barmaga ýa-da onuň ýanyndaky barmaga dakylýar. Baýramlarda her kimiň dakynmagy müstehapdyr. Özüňi görkezmek, öwünmek üçin dakynmak haramdyr.
Habeşistanyň Najaşysy Ashamanyň Pygamberimize iberen sowgatlarynyň arasynda gaşy Habeş daşyndan bolan bir altyn ýüzük hem bardy. Söýgüli Pygamberimiz Abul-Asyň gyzy, öz agtygy hezreti Umamany çagyryp: “Gyzym! Muny sen dakyn!” diýdi.69
Bir gün hezreti Nugman ibn Beşir Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) ýanyna geldi. Onuň barmagynda altyn ýüzük bardy. Pygamberimiz: “Jennete girmezden öň näme üçin jennetiň bezegini ulandyň?” diýdi. Ol demir ýüzük dakynyp başlady. Muny görüp, Pygamberimiz: “Näme üçin dowzahyň zadyny göterýärsiň?” diýdi. Ol muny hem çykardy we bürünçden ýüzük dakyndy. Muny görüp, Pygamberimiz: “Näme üçin senden but ysyny duýýaryn?” diýdi. Ol: “Ýa Resulallah! Nähili ýüzük dakynaýyn?” diýip sorady. Pygamberimiz: “Kümüş ýüzük dakynyp bilersiň. Onuň agramy bir mysgaldan (4,8 g) geçmesin we ony sag eliňe dakyn!” diýdi.
Hezreti Amr ibn Şugaýb şeýle diýýär: “Resulullah altyn we demir ýüzükleri çykardardy, kümüş ýüzüklere päsgel bermezdi”.
Söýgüli Pygamberimiz Eýran şasyna, Wizantiýa imperatoryna we Habeşistanyň Najaşysyna hat ýazdyrmak isläninde, oňa: “Ýa Resulallah! Olar möhür basylmadyk haty okamaýarlar!” diýdiler. Şondan soň Pygamberimiz kümüşden bir ýüzük ýasatdy, onuň gaşyna üç setir edip “Muhammedur-Resulullah” diýip oýup ýazdyrdy.
Möhür ýüzükdäki ýazgy ýokardan aşak üç setirden ybaratdy: “Allah” – bir setir, “Resul” – bir setir we “Muhammet” – bir setir. Pygamberimiziň kümüş ýüzügindäki daş Habeş daşydy.70 Bu kümüş ýüzügiň gaşynyň hem kümüşden bolandygy rowaýat edilýär.
Hezreti Amr ibn Sagyt Pygamberimiziň ýanyna gelipdi. Söýgüli Pygamberimiz onuň barmagyndaky ýüzügi görüp: “Eliňdäki bu ýüzük näme?” diýip sorady. Hezreti Amr ibn Sagyt: “Ýa Resulallah! Bu – bir halka. Ony özüm ýasadym” diýdi. Pygamberimiz: “Onuň nagşy näme?” diýip sorady. Amr ibn Sagyt (radyýallahu anhu): “Muhammedur-Resulullah” diýdi. Pygamberimiz: “Ber, bir göreýin” diýdi. Ol ony alyp, öz şahsy möhri hökmünde ulandy we beýlekilere ýüzüklerine “Muhammedur-Resulullah” sözlerini oýup ýazmagy gadagan etdi.71 Söýgüli Pygamberimiz mübärek barmagynda şu möhür ýüzük bolan halda wepat boldy.
Pygamberimiz ýüzüginiň gaşly tarapyny mübärek aýasyna tarap öwrüp dakynardy. Hajathana girjek bolanda, ýüzügini mübärek barmagyndan çykarardy. Söýgüli Pygamberimiz wepat bolandan soň, onuň möhür ýüzügini hezreti Abu Bekir, ondan soň hezreti Omar, hezreti Omardan soň hezreti Osman dakyndy. Hezreti Osman halyf wagtynda, bir gün Eris guýusynyň başynda oturyrka, ony guýa gaçyrdy. Guýunyň ähli suwy çekdirilse-de, üç günläp gözlenilse-de, bu mübärek ýüzük tapylmady.72 Ýüzük daşyna ýazgy ýazmak Pygamberimizden soň hem dowam etdi.
Hezreti Abu Bekiriň ýüzüginde “Nigmel-kadiru Allah” (Allahu tagalanyň her zada güýji nähili gowy ýetýär), hezreti Omaryňkyda “Kefa bil-mewti waizan ýa Omar” (Nesihat hökmünde ölüm ýeterlikdir) diýip ýazylgydy.
Hezreti Osmanyň ýüzüginde “Le-nasbiranne” (Elbetde, sabyr ederis), hezreti Alynyňkyda “El-mulku lillah” (Mülk diňe Allahu tagalanyňkydyr) diýip ýazylgydy.
“Ýahudylara meňzemezlik üçin namazlaryňyzy kowuş bilen okaň” Hadysy şerif
Hezreti Hasanyň ýüzüginde “El-izzetu lillah” (Beýiklik, ululyk Allahu tagalanyňkydyr) diýip ýazylgydy.
Hezreti Muawiýanyň ýüzüginde “Rabbigfir li” (Rebbim, bagyşla), hezreti Ibn Abu Leýlanyňkyda “Ed-dunýa garurun” (Dünýä aldawçydyr, ýalançydyr) diýip ýazylgydy.
Imamy agzam Abu Hanyfa hezretleriniň ýüzüginde “Kulil-haýra we illä fesküt” (Ýa haýyrly söz aýt, ýa-da dym!) diýip ýazylgydy.
Imam Abu Ýusup hezretleriniň ýüzüginde “Men amile bi-reýihi nedime” (Öz pikiri bilen hereket eden puşman eder), imam Muhammet Şeýbany hezretleriniňkide “Men sabere zafire” (Sabyr eden ýeňşe ýeter) diýip ýazylgydy.
Imam Şafygy hezretleriniň ýüzüginde “El-bereketu fil-kanaga” (Bereket – kanagatdadyr) diýip ýazylgydy. Olar ýüzüklerini möhür hökmünde ulanardylar.
Pygamberimiziň Nakşy kademi şerifi
Nakşy kademi şerif – söýgüli Pygamberimiz Muhammet aleýhisselamyň mübärek aýak yzlarydyr. Pygamberimiziň mugjyzalarynyň biri hem şudy: ol ýumşak zada, meselem, guma basanda aýak yzlary galmaýardy, emma daşa, gaty zada basanda yzlary galýardy. Onuň mübärek aýagynyň basan we yz galdyran käbir daşlary we mermerleri ýadygärlik hökmünde asyrlar boýy saklanypdyr, elden ele amanat edilip berlipdir we olar bilen bereket gazanylypdyr.
Esasan hem musulman döwlet adamlary, patyşalar bu gymmatly ýadygärlikleri möhüm ýerlerde ýörite gorag astyna alyp saklapdyrlar, özleri zyýarat edipdirler we başgalara hem zyýarat etdiripdirler. Saklanyp galan Nakşy kademi şerifleriň iň meşhurlary şulardyr: 1. Hindistanda Firuz şa Tuglugyň ogly Feth hanyň türbesindäki Nakşy kademi şerif. 2. Kairde Kaýytbaý türbesindäki iki mübärek aýak yzy. 3. Kairde Asarun-Nebi metjidindäki iki mübärek aýak yzy. 4. Stambulda Halyt ibn Zeýd Abu Eýýup Ensarynyň (Eýýup Soltanyň) türbesindäki mübärek sag aýak yzy. Bu Nakşy kademi Pygamberi Mahmyt han I-iň buýrugy bilen 1734-nji ýylda köşkden türbä getirilipdir.
5. Abdylhamyt han I-iň türbesinde, Täze metjit tarapyndaky diwarda şkafyň içinde saklanýan iki aýak yzy.
6. Lalelide soltan Mustafa han III-iň türbesinde diwarda ýörite ýasalan şkafyň içinde saklanýan daşyň üstündäki iki mübärek aýak yzy. 7. Stambulda, Topkapy köşgüniň Mukaddes amanatlar bölümindäki aýak yzlary. Topkapy köşgüniň Hyrkaýy sagadat bölüminde dördüsi daş, ikisi kerpiç görnüşinde bolan alty Nakşy kademi şerif bar. Olaryň biri – Pygamberimiziň Miraja çykanda basan gaýasynyň üstünde galan mübärek aýak yzy bolup, ol Hyrkaýy sagadat otagynda şkafyň içinde saklanýar. Resulullahyň Miraja çykanda basan bu mübärek gaýasynyň üstünde Kubbetus-Sahra ady bilen belli bina gurlupdyr. Nakşy kademi şerifler häzirki ýerlerine göçürilmezden öň asyrlar boýy dürli ýerlerde saklanypdyr. Iň soňunda häzirki ýerlerine goýlupdyr. Hakyky Nakşy kademi şerifler bolsa bereket üçin zyýarat edilýär.
Kademi şerif we soltan Ahmet han I
On üç ýaşynda tagta çykan we ýigrimi sekiz ýaşynda wepat bolan osmanly patyşasy soltan Ahmet han I yslama we Resulullaha ýürekden ygrarlydy. Bahty we Ahmedi tahalluslary bilen goşgular hem ýazan soltan Ahmet han I Nakşy kademi şerif görnüşinde gymmatbaha daşlar bilen bezelen bir selle bezegini ýasadypdy, ortasyna-da gök mine üstünde altyn bilen özüniň şu setirlerini ýazdyrypdy:
Näme üçin ony täjim deý başymda hemişe göterip ýörmäýin,
Ol resullaryň şasy hezretiň päk aýak yzyny (kademini).
Pygamberlik gülzarynyň güli – ol yzyň eýesidir;
Eý Ahmet, durma, ýüzüňi sürt ol Gülüň yzyna.
Sultan I. Ahmed (Bahtî)
Soltan Ahmet han I anna we baýram günlerinde, beýleki mübärek günlerde hem bu bezegi başyna dakynardy. Aýyntaply Mehmet Münip efendi soltan Abdylhamyt han I-iň türbesindäki Nakşy kademi şerifiň tapylyşyny we türbä goýluşyny beýan edýän Âsâr-ul-Hikem fî Nakş-il Kadem atly bir eser ýazypdyr. Soltan Ahmet han bu kytgany öz eli bilen ýazyp, şyhy Aziz Mahmyt Hüdaýy efendä iberipdir. Mundan başga-da, soltan Ahmet bu goşgyny bir tagtanyň üstüne ýazdyryp, soltanlyk tagtynyň öňünde asdyrypdyr. Goşgy ýazylan bu lewha häzir hem Soltan Ahmet metjidinde asylgy dur.
Pygamberimiziň Nagleýni şerifi
Pygamberimiziň zamanynda geýilýän kowuşlar häzirkilerden tapawutlanýardy. Olaryň aşagy deriden, üsti açyk, gaýyşly aýakgap görnüşindedi. Resulullah we hormatly sahabalar köçede geýýän kowuşlary bilen namaz okardylar. Olaryň kowuşlary arassady, Mesjidi Nebewiniň ýerine bolsa gum düşelendi. Hapa kowuş bilen oňa girilmeýärdi.
Hadysy şerifde: “Ýahudylara meňzemezlik üçin namazlaryňyzy kowuş bilen okaň” diýildi.
Nagleýni sagadatyň hatda suratynyň hem bereket getirjekdigine ynanyp, ony öýlere, iş ýerlerine asardylar. Hyrkaýy sagadat bölüminde Nagleýni sagadat bilen bilelikde olaryň metaldan we agaçdan ýasalan nusgalary hem saklanýar.
Pygamberimiziň ýany bilen göterip ýören ýedi zady
Söýgüli Pygamberimiz ýanynda darak, aýna, miswak, gül ýagy, sürme we gaýçy bolan halda sapara çykardy, saparda-da, öýde-de olary ýanyndan aýyrmazdy. Hezreti Aişe: “Gazotlar üçin Resulullah aleýhisselamyň gül ýagyny, daragyny, aýnasyny, iki gaýçysyny, sürmedanyny we miswagyny taýýarlardym” diýdi. Ýene-de hezreti Aişe enemiz şeýle diýdi: “Saparda-da, öýde-de Resulullah aleýhisselam ýany bilen ýedi zady göterip ýörerdi:
1. gül ýagy çüýşesi, 2. darak, 3. aýna, 4. sürmedan, 5. miswak, 6. iki gaýçy, 7. saç aýyrýan süňk”.73
Pygamberimiziň hasasy we taýaklary
Pygamberimiz anna günleri hutba okanda hasa ýa-da ýaýa, saparda bolsa ýaýa daýanardy. Söýgüli Pygamberimiz hasa daýanmagyň pygamberleriň ahlagyndandygyny aýdardy, özi hem hasa daýanardy we daýanmagy maslahat bererdi. Muawiýa ibn Abu Sufýan (radyýallahu anhuma) halyf bolanda, Pygamberimiziň hasasy Sagtul-Karazyň ýanyndady. Hezreti Muawiýa ibn Abu Sufýan hijretiň ellinji ýylynda haja gelipdi. Ol söýgüli Pygamberimiziň metjidindäki münberi söktürip, Damaska göçürmek isledi. Sagtul-Karazyň ýanyndaky hasany hem soratdy. Hezreti Jabyr ibn Abdylla bilen hezreti Abu Hureýre onuň ýanyna baryp: “Eý möminleriň emiri! Resulullah aleýhisselamyň münberini goýlan ýerinden söküp äkitmek hem, hasasyny Damaska göçürmek hem dogry bolmaz!” diýdiler. Şondan soň hezreti Muawiýa bu niýetinden el çekip, ötünç sorady.
Pygamberimiz hezreti Abdylla ibn Uneýsi metjitden öz öýüne alyp gitdi we oňa bir hasa berip: “Bu hasany ýanyňda sakla, eý Abdylla ibn Uneýs!” diýdi. Abdylla ibn Uneýs (radyýallahu anhu) bu hasa bilen halkyň ýanyna baranda, ondan: “Bu näme hasa?” diýip soradylar. Ol: “Muny maňa Resulullah aleýhisselam berdi we ýanymda saklamagy buýurdy” diýdi. Olar hezreti Abdylla ibn Uneýse: “Resulullah aleýhisselamyň ýanyna gaýdyp baryp, muny saňa näme üçin berendigini sorasaň nähili gowy bolardy!” diýdiler.
Pygamberimiziň Nagleýni şerifiniň suraty
Nagleýni şerif
Resulullahyň nagleýni asmanlara galýar,
Ähli mahluklar onuň kölegesinde bolýar.
Turda Musa: “Nagleýniňi çykar” diýilende,
Arşyň üstünde oňa: “Sen çykarma” diýilýär.
Bu – iň şerefli Resulyň nagleýniniň şekli,
Ýyldyzlar hem onuň basan topragy bolmak isleýär.
Onuň arzuwyndadyr ýedi gat asmanyň ähli,
Soltanlaryň täçleri oňa höwes edýär.
Mustafanyň nagleýnine deňeşdirer zat tapylmaz,
Göze nur, kalba rahatlyk – hemmesi ondan gelýär.
Iň uly hormat bilen tut nagleýniň suratyny,
Ähli başlar oňa aýak bolmagy dileýär.
Her ýany bela-beterler gaplap alanda,
Nagleýni şerif maňa ygtybarly gala bolýar.
Bu berk galada men howpsuz, aman,
Onuň gözel şekline sygynsam, ol gorap saklaýar.
Köňül nagleýni şerifiň şekline hyzmat edip,
Iki dünýäde onuň kölegesinde ýaşamagy arzuw edýär.
Ibn Mesgut nagleýne hyzmat edip, bagta ýetdi,
Meniň bolsa bagtym onuň nusgasy bilen gelýär.
Ýusup Nebhany
Şondan soň Abdylla ibn Uneýs Pygamberimiziň ýanyna gaýdyp baryp: “Ýa Resulallah! Bu hasany maňa näme üçin berdiň?” diýip sorady. Söýgüli Pygamberimiz: “Bu – kyýamat güni biziň aramyzda bir alamatdyr! Ol wagt jennetde hasa daýanýan adamlar örän az bolar! Sen jennetde muňa daýanarsyň!” diýdi. Abdylla ibn Uneýs ony gylyjy bilen bile ýanynda saklady, ony özünden hiç aýyrmady. Ölüm düşegine düşende, öý-içerisine ony kepeniniň içine salmagy we özi bilen bile jaýlamagy wesýet etdi. Hasany onuň bedeni bilen kepeniniň arasyna goýdular we onuň wesýeti ýerine ýetirildi. Pygamberimiziň bir arşyn (68 sm) ýa-da biraz uzynrak bir mihjeni bardy. Mihjen – ujy egri taýak. Pygamberimiz Hajarul-eswede uzakdan şonuň bilen yşarat edip istilam ederdi (salam bererdi). Pygamberimiz düýä münende, ony öňünde asardy. Pygamberimiziň Urjun diýlip atlandyrylýan (guran hurma şahasyndan ýasalan) bir mihsarrasy hem bardy. Agaç şahasyndan ýasalan taýaga mihsarra diýýärler. Pygamberimiz Bakyul-Garkada gidende, ony ýany bilen alardy, oňa daýanardy, oturanda ony elinde aýlap-öwrerdi. Pygamberimiziň elinde şu mihsarra bolan halda hutba okan wagtlary hem bolardy. Pygamberimiziň dag agaçlaryndan kesilip ýasalan, Memşuk diýlip atlandyrylýan bir kadyby (inçe taýagy) hem bardy. Hezreti Osman Pygamberimiziň kadybyny eline tutup, münberde hutba okaýarka, Jahjah ibn Sagyt ýa-da Jahjah ibn Kaýs gelip, hezreti Osmanyň elinden kadyby aldy-da, dyzyna diräp epdi, döwdi. Halk Jahjaha gygyrdy. Bu ylahy gaýrata degdi we Allahu tagala Jahjahyň eline ýa-da dyzyna ekile (gijilik) keselini berdi. Hezreti Osman şehit bolandan soň bir ýyl geçmänkä, Jahjah gaşanyp-gaşanyp öldi.
“Mustafanyň nagleýnine deňeşdirer zat tapylmaz, göze nur, kalba rahatlyk – hemmesi ondan gelýär” Ýusup Nebhany (rahmetullahi aleýh)
Pygamberimiziň gylyçlary
Pygamberimiziň dokuz gylyjy bardy.
Kakasyndan galan we Mesur diýlip atlandyrylýan gylyç Pygamberimiz Medinä hijret edende onuň ýanyndady.74 Abd: bu gylyjy Pygamberimize hezreti Sagt ibn Ubade sowgat edipdi we Pygamberimiz Bedr söweşine gidende ony ýany bilen alypdy.
Zülfikar: Kuraýş müşriklerinden Munebbih ibn Hajjajyň ýa-da As ibn Munebbihiň gylyjy bolup, Bedr söweşinde olja bolup galypdy. Pygamberimiz Zülfikary hezreti Ala sowgat etdi. Onuň tutawajynyň başy, bagynyň halkalary we zynjyrlary kümüşdendi.75
Pygamberimiz wepat bolandan soň hezreti Abbas hezreti Abu Bekire ýüz tutup, Zülfikary hezreti Alydan almak isläninde, hezreti Abu Bekir: “Men bu gylyjy hemişe onuň elinde gördüm. Ony ondan çekip almagy makul bilmeýärin!” diýdi. Hezreti Abbas hem ony hezreti Alynyň ýanynda goýdy.
Pygamberimiziň naýzalary
Pygamberimize Beni Kaýnuka ýahudylaryndan üç naýza olja bolup galypdy. Pygamberimiziň naýzalarynyň biriniň ady – Muswi, beýlekisiniň ady – Musna. Pygamberimiziň Beýza diýlip atlandyrylýan bir uly harbasy (gysga naýzasy) we Aneze diýlip atlandyrylýan, naýzadan kiçiräk bir harbasy hem bardy. Habeşistanyň Najaşysy hezreti Ashama söýgüli Pygamberimize Nabga diýlip atlandyrylýan üç aneze (naýza) we bir harba iberipdi. Pygamberimiz olaryň birini özüne alyp galdy, ikinjisini hezreti Ala, üçünjisini hezreti Omara berdi.
Oraza we Gurban baýramlarynda Bilal Habeşi (radyýallahu anhu) Pygamberimiziň naýzasyny namazgäha çenli onuň öňünde göterip barardy we şol ýerde Pygamberimiziň öňünde dikerdi. Söýgüli Pygamberimiz baýramçylyk namazyny şoňa tarap ýüzlenip okadardy. Pygamberimiz wepat bolandan soň, hezreti Bilal Habeşi baýramlarda bu naýzany hezreti Abu Bekiriň öňünde göterip baryp, namazgähda onuň öňünde dikerdi. Hezreti Abu Bekirden soň hezreti Omaryň, ondan soň hezreti Osmanyň döwründe bu wezipäni azançy hezreti Sagtul-Karaz şol bir görnüşde ýerine ýetirdi. Medine häkimleriniň döwründe hem şeýle etmegi dowam etdiler.
Pygamberimiziň ýaýlary
Söýgüli Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) alty ýaýy bardy. Olardan Rewha, Beýza we Safra diýlip atlandyrylýan üçüsi Beni Kaýnuka ýahudylaryndan olja bolup galypdy. Safra ýaýy neb agajyndan ýasalypdy.76 Ketum atly ýaý hem neb agajyndan ýasalypdy, ol Uhud söweşinde döwüldi. Döwük ýaýy hezreti Katada ibn Nugman ýadygärlik hökmünde aldy. Mundan başga-da, Pygamberimiziň Seded we Zewra atly ýaýlary hem bardy.77
“Alydan başga ýigit, Zülfikardan başga gylyç ýokdur!” Hadysy şerif
Pygamberimiziň galkanlary
Pygamberimiziň üç galkany bardy. Zeluk diýlip atlandyrylýan galkanyň üstünde goç kellesiniň suraty bardy. Bu galkan Pygamberimize sowgat edilipdi. Ýöne suratly bolany üçin, ol Pygamberimize ýaramady. Ertesi daň atanda, Allah ol suraty galkandan aýyrypdy, ýok edipdi.78
Pygamberimiziň sowutlary
Resulullahyň ýedi sowudy bardy. Bu sowutlar şulardyr:
Zatul-fudul: ony Pygamberimize hezreti Sagt ibn Ubade Bedr söweşine çykanda sowgat edipdi.79
Sagdyýýe we Fydda: bu iki sowut hem Pygamberimize Beni Kaýnuka ýahudylaryndan olja bolup galypdy. Sagdyýýe atly sowut Dawut aleýhisselamyň Jalut bilen söweşmek üçin geýen taryhy sowudydy. Uhud söweşinde Pygamberimiz Fuduly we Fyddany üst-üstüne geýdi.80 Pygamberimiz wepat bolan wagtynda Zatul-fudul atly sowut öý-içerisiniň zerurlygy üçin alnan otuz sag arpanyň deregine Beni Zafardan Abuş-Şahm atly bir ýahuda girew goýlupdy.81
Onuň beýleki sowutlary – Zatul-wişah, Zatul-hawaşi, Betra we Hyrnyk.82
Huneýn söweşinde Pygamberimiz Zatul-fuduly we Sagdyýýäni geýdi.83
Pygamberimiziň tuwulgalary
Resulullahyň tuwulgalarynyň birinjisi – Muwaşşah. Bu tuwulga Beni Kaýnuka ýahudylaryndan olja bolup galypdy. Zus-subug ýa-da Zus-susub, ýa-da Meşbug atly tuwulga Pygamberimiziň Uhud söweşinde geýen tuwulgasydy. Müşrikleriň gylyç urmalaryndan we zyňan daşlaryndan ol döwüldi we onuň iki halkasy söýgüli Pygamberimiziň mübärek ýaňaklaryna çümdi.
Pygamberimiz Mekgäni fetih etmäge girende hem tuwulgalydy.
Atlandy goşun, galdyryp sanjak-baýdaklary,
Çaldylar mehter84, nagara-depleri hem.
Pygamberimiziň baýdaklary we sanjaklary
Pygamberimiz gazotlarda iki hili baýdak (sanjak) ulanardy. Onuň raýasy gara, liwasy bolsa kiçiräk we akdy. Muhammet ibn Kasymyň azat eden guly Ýunus ibn Ubeýd şeýle gürrüň berýär: “Muhammet ibn Kasym meni Resulullah aleýhisselamyň baýdagy hakynda soramak üçin Bera ibn Azybyň ýanyna iberdi. Bera ibn Azyp: ‘Ol gara, dört burçly, nemireden (ak-gara zolakly ýüň matadan) edilipdi’ diýdi”. Bu baýdak hezreti Aişäniň üsti düýe palanynyň nagyşlary bilen bezelen, ýüňden dokalan bil örtügi bolup, gara reňkdedi. Oňa Ukap diýerdiler. Söýgüli Pygamberimiziň baýdagy hezreti Alynyň ýanynda saklanardy. Haýber söweşinde Pygamberimiz: “Baýdagy şeýle bir ýigide bererin, ol Allahy we Onuň Resulyny söýýär, Allah we Onuň Resuly hem ony söýýär!” diýdi we hezreti Alyny çagyryp, baýdagyny oňa berdi.85 Allahu tagala Haýberiň fethini hezreti Ala nesip etdi.
Resulullahyň Liwaul-hamd diýilýän sanjagynyň (baýdagynyň) üstünde “La ilähe illallah Muhammedur-Resulullah” diýip ýazylgydy. Harrar seriýýesinde Pygamberimiz hezreti Sagt ibn Abu Wakkas üçin bir ak sanjak (baýdak, liwa) daňdy. Hezreti Alyny Ýemene iberende, ol naýzanyň ujuna bir selle daňyp: “Liwa ine şeýle bolýar!” diýdi. Liwany diňe goşunyň serkerdesi tutardy we göterip ýörärdi. Pygamberimiziň ak sanjagyny Ebwa (Weddan) ýörişinde hezreti Hamza, Buwat ýörişinde Sagt ibn Abu Wakkas, Kürz ibn Jabyr Fihri yzarlananda hezreti Aly, Zul-Uşeýre ýörişinde hezreti Hamza göterdi.
Bedr söweşine çykanda, Pygamberimiz ak sanjagyny (liwasyny) Musgap ibn Umeýre berdi, hezreti Aly bolsa Pygamberimiziň öňünde onuň gara sanjagyny (raýasyny) – Ukaby göterip bardy.86 Pygamberimiziň ak sanjagyny (liwasyny) Beni Kaýnuka ýörişinde hezreti Hamza, Karkaratul-Kudr ýörişinde, Uhud söweşinde we Bedrul-Mewgit ýörişinde hezreti Aly, Hendek söweşinde bolsa Zeýd ibn Harysa göterdi. Pygamberimiz Mekgäni hem ak sanjagy bilen fetih etdi. Tebuk ýörişinde Pygamberimiz uly sanjagyny göterer ýaly hezreti Abu Bekire, kiçi sanjagyny bolsa Zubeýr ibn Awwama berdi.
Pygamberimiziň atlary
Söýgüli Pygamberimiziň ilkinji aty – Medinede Beni Fezaradan bir çarwadan on ukyýa87 kümüşe satyn alan, çöl halkynyň Daris, Pygamberimiziň bolsa Sekb diýip at goýan aty. Pygamberimiz Uhud söweşinde şoňa münüpdi.88 Sekbiň dodagynda aklyk bardy. Üç aýagy akdy, diňe sag aýaklarynyň biri ak däldi. Sekb örän ýyndamdy, ýagny ýörände suw ýaly akardy. Murtejiz atly atyny Pygamberimiz Beni Mürreden bir çarwadan satyn alypdy. Murtejiz owadan, sazlaşykly bolup, goşgy okaýan ýaly kişňärdi.89 Lizaz atly atyny Pygamberimize Iskenderiýäniň patyşasy Mukawkys sowgat edipdi. Lizaz örän çalt ýörärdi.90
Zaryp atly aty Pygamberimize Ferwe ibn Umeýr Juzamy sowgat edipdi. Zaryp örän güýçli we çydamly atdy.
Lahyf (ýa-da Luhaýf). Bu aty Pygamberimize Rebiga ibn Abu Bera Kelbi sowgat edipdi. Lahyf uzyn guýrukludy. Onuň guýrugy ýeri süpürerdi. Ýagsup Pygamberimiziň atlarynyň iň gowusydy.
“Baýdagy şeýle bir ýigide bererin, ol Allahy we Onuň Resulyny söýýär, Allah we Onuň Resuly hem ony söýýär!” Hadysy şerif
Murawyh – bäsleşik aty bolup, ony Ubeýd ibn Ýasyr Pygamberimize Tebukda sowgat edipdi. Murawyh ýel ýaly çalt çapardy.
Mirwah atly aty hijretiň onunjy ýylynda Medinä gelen Beni Reha wekilleri Pygamberimize sowgat edipdiler. Mirwaha münülip, Pygamberimiziň öňünde ýöredilende, ol Pygamberimize örän ýarapdy. Werd – bu aty Pygamberimize Temim Dary sowgat edipdi. Werdiň reňki dor öwüşginlidi. Pygamberimiz ony hezreti Omara sowgat etdi. Hezreti Omar hem Werde münüp, Allahu tagalanyň ýolunda söweşdi, ony gazotdan gazota çapdyrdy. Pygamberimiz atlarynyň üçüsini bäsleşige goşardy. Zarybyň çapyksuwary hezreti Sehl ibn Sagt, Lizazyňky bolsa hezreti Abu Useýt Sagydydy. Lizaz iň öňde, Zaryp onuň yzynda, Sekb bolsa Zarybyň yzynda gelerdi.
Pygamberimiziň eşegi we gatyry
Resulullahyň eşegi hem, gatyry hem bardy. Iskenderiýäniň patyşasy Mukawkys Pygamberimize bir boz gatyr bilen bir boz eşek sowgat edipdi. Gatyra Düldül, eşege Ýagfur ýa-da Ufeýr diýerdiler.91 Yslamda ilkinji görlen ak gatyr Düldül boldy. Pygamberimiziň Haýber söweşinde münen gatyry şu boz gatyrdy, Huneýn söweşinde münen gatyry bolsa beýleki boz gatyrdy. Pygamberimiz gatyryny dabany bilen dürtüp, hewazinlere garşy ýöremek isledi; hezreti Abbas gatyryň jylawyndan, hezreti Abu Sufýan ibn Harys bolsa üzeňňisinden tutup, onuň tizligini peseltmäge we Pygamberimiziň duşmanyň arasyna girip gitmeginiň öňüni almaga çalyşdylar. Haýber söweşinde Ýagfuryň üstüne palan urlup, başyna hurma süýüminden örülen ýüp nogta geýdirilip, Pygamberimiziň oňa hem münendigi rowaýat edilýär. Pygamberimiz Weda hajyndan gaýdyp gelende, Ýagfur ölüpdi, Düldül bolsa Pygamberimiz wepat bolandan soň hezreti Ala galdy. Oňa hezreti Aly şehit bolýança özi, soňra hezreti Hasan, soňra hezreti Hüseýin, ondan soň hezreti Muhammet ibn Hanefiýýe mündi. Düldül hezreti Muawiýanyň döwrüne çenli ýaşady.
Pygamberimiziň düýeleri
Kaswa: Pygamberimiziň Jedga we Adba atlary bilen hem atlandyrylýan bu düýesi Beni Kuşaýr ibn Kagb ibn Rebiga ibn Amyryň ýa-da Hureýş ibn Kagbyň mallaryndan bolup, hezreti Abu Bekir ony dört ýüz dirheme satyn alyp, şol bahadan söýgüli Pygamberimize beripdi. Pygamberimiz Medinä Kaswa düýesine münüp hijret etdi. Hudeýbiýe umrasyna şoňa münüp gitdi. Mekgäni hem şoňa münüp fetih etdi. Pygamberimiz Kaswany bäsleşige goşardy we hiç bir düýe ony ozup bilmezdi. Ýöne bir çarwa iki ýaşar bir düýe bilen bäsleşige girip, ony ozdy. Weda hajynda Pygamberimiz Arafat hutbasyny Kaswanyň üstünde okady. Hezreti Abu Bekir halyf bolan döwründe Kaswany Jennetul-Baky gonamçylygyna goýberdiler. Ol şol ýerde öz erkine otlap ýörüp, ölýänçä ýaşady.92
“Allahym! Keşbimi gözel ýaradyşyň ýaly, ahlagymy hem gözel et” Hadysy şerif
Abu Jehilden olja alnan düýe: Bedr söweşinde Abu Jehiliň meşhur düýesi olja bolup söýgüli Pygamberimiziň paýyna düşdi. Hudeýbiýe umrasyna çenli Pygamberimiz bu düýä münüp gazotlara hem çykardy. Ol umra üçin oňa gurbanlyk belgisini urdy. Müşrikler onuň üçin ýüz düýe berip, ony almak islediler. Pygamberimiz: “Eger biz ony gurbanlyk diýip aýyryp belgilemedik bolsak, islegiňizi ýerine ýetirerdim” diýdi. Sagym düýeler: Pygamberimiziň Zul-Jedr we Jemma öri meýdanlarynda otlap ýören, Hanna, Semra, Ureýs, Sagdyýýe, Begum, Ýesire we Debba atlary bilen atlandyrylýan ýedi sagym düýesi bardy, Pygamberimiziň öý-içerisi olaryň her gije getirilýän iki tulum dolusy süýdi bilen gün görerdi.93 Ýöne Pygamberimiz wepat bolanda olaryň hiç biri galmandy.
Pygamberimiziň wakf eden mülkleri
Yslamda ilkinji wakf – Muhaýrygyň şu atlar bilen atlandyrylýan ýedi bag-bossany boldy: 1. Miseb, 2. Safiýe, 3. Delal, 4. Husna, 5. Burkag, 6. Agwaf, 7. Meşrebe.94 Uhudda şehit bolan Muhaýryk olaryň Pygamberimize tabşyrylmagyny wesýet edipdi, Pygamberimiz hem olary kabul edip alyp, wakf etdi. Musulman bolmazdan öň ýahudy alymlaryndan we baýlaryndan bolan Muhaýryk Uhud söweşinde taýpadaşlaryny öz öňünde jemläp, öz pikirini şeýle bildirdi: “Muhammediň ahyrzaman nebisidigini siz özüňiz hem gaty gowy bilýärsiňiz. Töwratda onuň sypatlary aç-açan ýazylgydyr. Indi biz oňa eýermeli, kyn günlerinde onuň ýanynda bolmaly”. Ýahudylar: “Haklysyň, ýöne bu gün şenbe. Bu gün iş bilen meşgullanmak bolmaýar!” diýdiler. Tutanýerlilik etmegiň peýdasy ýokdugyny görüp, ol gylyjyny biline guşap, musulman bolandygyny yglan etdi. Ýakynlaryna: “Eger meni öldürseler, ähli malym Muhammediňkidir. Ony islän ýaly ulanmakda erkindir” diýip wesýet etdi. Ol baryp yslam goşunyna goşuldy. Şehitlik şerbetini datdy, radyýallahu anhu.
Ahyrsoňy söweş gutardy, ýaralar daňyldy. Muhaýrygyň ýakynlary wesýete wepaly galdylar, onuň mülküni Habybullaha tabşyrdylar. Pygamberimiz bu salkyn suwly, bol miweli ýerleri wakf etdi we pakyr-mätäçleriň peýdalanmagyna açdy. Ine, yslam medeniýetinde ilkinji wakf däbi şeýle başlandy. Pygamberimiz ony: “Muhaýryk ýahudy neslinden bolan haýyrly bir adamdyr” diýip öwdi.
Pygamberimiziň Medinedäki wakflary, esasan, Muhaýrygyň mallaryndandy.
Ibn Humeýd şeýle diýýär: “Halyf Omar ibn Abdylaziz Muhaýrygyň wakf hurmalyklaryndan hurma getirilmegini isledi. Ony bir tabagyň içinde getirdiler. Omar ibn Abdylaziz: ‘Abu Bekir ibn Hazm maňa bu hurmanyň Resulullah aleýhisselamyň döwründen galan hurma agajyndandygyny we Resulullah aleýhisselamyň ondan iýendigini ýazdy’ diýende, men: ‘Eý möminleriň emiri! Muny aramyzda paýla!’ diýdim. Ol paýlady. Her birimize dokuzar hurma düşdi”.
Omar ibn Abdylaziz: “Men Medinäniň häkimi bolup, ol hurmalyga giremde, şol hurma agajynyň hurmasyndan iýdim we onuň ýaly lezzetli, süýji hurma görmedim!” diýdi.
Amr ibn Muhajyr şeýle diýýär: “Resulullah aleýhisselamyň zatlary Omar ibn Abdylazizyň ýanynda bir otagda saklanardy we ol olara her gün seredýärdi. Onuň ýanyna gelip ýygnanan kuraýşlylary hem bu otaga salardy, soňra bu zatlara tarap öwrülip: ‘Ine, Allahyň sizi onuň bilen şereflendiren şahsyň mirasy!’ diýerdi”. Olar şulardyr: 1. hurma ýapraklary bilen örülen bir serir,
2. daşy deriden, içine hurma süýümi doldurylan bir ýassyk, 3. ulurak bir tabak, 4. bir suw gaby,
5. bir eşik, 6. bir el degirmeni,
7. bir ok gaby (sadak), 8. bir mahmal ýorgan.
(Bu ýorgan Resulullahyň mübärek bedeninden siňen ýakymly yslar sebäpli müşkden hem ýakymly ys bererdi. Omar ibn Abdylaziz (radyýallahu anhu) syrkawlanda, ol ýorganyň ýuwundy suwy bilen ýuwunardy we sagalardy.)
Yşk deňzi joşup tolkunlananda,
Ol deňsiz dür (Dürri Ýetim) ýüze çykdy,
Onuň şanynda Päk Ýaradan diýdi:
“Lewlake lema halaktul-eflak”.
Ol Güneşiň nury dogan mahaly,
Doldurdy tutuş kainaty;
Kim gitse onuň yzy bilen,
Ýagşylyk tapar her işinde.
Ýurtlar onuň buýrugyna geçse-de,
Üç köýnege-de eýe däldi.
Öýünde köp mal bolmazdy,
Wepatynda sowudy girewdedi.
Ol köplenç gören zatlarynyň ýanynda
Bu dünýä näme degerdi?
Ihsanlary her kime bol-daşgyndy,
“Ýok” diýen söz onda ýokdy.
Käte şeýle bir köp bererdi,
Duşmanlary hem baş egerdi.
Her ýetime mähirli kakady,
Rehimi köpdi pes adama-da.
Her işinde köp hikmet bardy,
Hiç kime minnet etmedi ol.
Syrkawy hemişe zyýarat ederdi,
Dertlä şypa bererdi.
“Ýa Resulallah! Seni öwmäge güýjüm ýok; biz hemmämiz seniň hormatyňa ýaradyldyk. Gysgaça, eý wepa ýurdunyň Şasy, saňa janym hem pida, hemme zat pida!” Hüseyin Hilmi bin Sa’îd (rahmetullahi aleýh)
Tehejjüdi hiç taşlamazdy,
Allah gorkusyndan ýatmazdy.
Pygamber her kişini hemişe
Öz-özi bilen deň tutardy.
Gulluk bilen buýsanardy,
Häsiýeti ylahy ahlakdy.
Kim bu ýola höwes etse,
Gözel sypatlar bilen bezener.
Bir mekdebe gatnady hemişe,
Allahdy onuň mugallymy.
Ony beýan etmek üçin Rahman
Kuranda gözel düşündirdi.
Magşara çenli pygamberleriň şasyna
Bolsun salawatlar hasapsyz!
Onuň Äline, sahabalaryna hem
Salawat, salam bolsun ejizlik bilen!
Altyn nowa / Käbe
Mesjidi Nebewiniň daşky görnüşi / Medineýi münewwere
HILÝEÝI SAGADAT Sahabalaryna nesihatdan soň Älemiň buýsanjy diýdi: menden soň Päk hilýämi kim görse bir gezek, Ol meniň ýüzümi gören ýalydyr. Görende, köňlünde söýgi oýansa, Ýagny gözelligime aşyk bolsa, Meni görmegi arzuw etse, Köňli söýgim bilen dolsa, Dowzah oňa haram bolar, Rebbim oňa jennet ihsan eder. Hak ony ýalaňaç direltmez, Ol Hakyň bagyşlamagyna ýeter. Diýildi: Resulyň hilýesini Kimiň eli söýüp ýazsa, Hak ony gorkudan aman eder, Ýer ýüzi bela bilen dolsa-da. Dünýäde teni kesel görmez, Tutuş bedeni agyry çekmez. Günä eden bolsa-da bu adam, Dowzah onuň tenine haram bolar. Ahyretde azapdan gutular, Dünýäde her işi aňsat bolar. Jelil Rebbi ony direlder Dünýäde Resuly görenler bilen. Nebiniň hilýesini beýan etmek kyn bolsa-da, Başlaýarys, mümkin bolşy ýaly. Zuljelala sygynyp, Ejizlik bilen wasp edýäris. Bu sözde ähli ymmatlar agzybir: Älemiň buýsanjy ak-gyzyldy. Mübärek ýüzi arassa akdy, Gül ýaly gyzylymtyldy. Ýüzündäki der merjen ýalydy, Ol gymmatly jöwheri has-da bezärdi.
Derlände ol şatlyk çeşmesi,
Edil nur deňzi tolkunlanýardy.
Gözleri hemişe sürmeli görnerdi,
Gözel gözleri kalplary çekerdi.
Gözüniň agy gaty akdy,
Rebbi ony aýat bilen öwdi.
Gara göreji kiçi däldi,
Oňa ýakyn bilen uzak birdi.
Gözi giň, gözel we näzikdi,
Mübärek ýüzi hemişe nur saçardy.
Mustafanyň görüş güýji
Gijesi-de gündiz ýaly güýçlüdi.
Bir ýere seretmek islese,
Päk bedeni hem şol ýana öwrülerdi.
Bedeni başyna eýererdi,
Muny ol ömürboýy taşlamady.
Resuly ekrem ten eýesi bolsa-da,
Ony jisimlenen ruh diýsem, ýaraşar.
Gözel hem süýjüdi Resul,
Hak üçin örän söýgülidi Resul.
Malik bilen Abu Hala aýtdy:
Täze aý deý açyk gaşlydy.
Iki gaşynyň arasy hemişe
Kümüş ýaly aç-açan görnerdi.
Mübärek ýüzi azajyk tegelekdi,
Derisi dury hem ýalpyldawukdy.
Gara gaşlarynyň mihraby
Bütin jahanyň gyblasydy.
Gapdaldan seredeniňde mübärek burny
Ortasy azajyk belendräk görnerdi.
Örän owadan, düz hem näzikdi,
Gören ony doly wasp edip bilmez.
Dişleriniň arasy seýrekdi,
Merjen hatary ýaly ýalpyldardy.
Öň dişleri göründigiçe,
Her ýany bir nur gaplardy.
Iki jahanyň serweri gülse,
Janly-jansyz her zadyň pygamberi,
Öň dişleri görnerdi, örän päk,
Doly däneleri ýaly örän näzik.
Ibn Abbas aýdýar: Hudaýyň Habyby
Gülmekden utanardy, haýa ederdi.
Haýasyndan ol – diniň senedi –
Ömründe kakylyp gülmändir diýýärler.
Näzik hem utanjaňdy Resul,
Seretmäge hemişe haýa ederdi.
Ýüzi tegelek aýa meňzärdi,
Zaty beýik Mowlanyň aýnasydy.
Ol gözel ýüz hemişe nurludy,
Şöhlesinden oňa seredip bolmazdy.
Ol gözel Nebi köňülleri aldy,
Ýüz müň sahaba oňa aşyk boldy.
Ony düýşünde bir gezek görenler hem
Diýdiler: dünýäde beýle lezzet ýok.
Bilsinler, gözel ýaňaklary hem
Artyk etli däldi diýýärler.
Ony Jenaby Halyk söýüp,
Ýüzüni ak, maňlaýyny açyk ýaratdy.
Boýnunyň nury her pursat
Saçlarynyň arasynda ýalpyldardy.
Mübärek sakgalyndan, gowy bil,
Bary-ýogy on ýedi gyl agarypdy.
Ol ne buýra, ne-de uzyndy,
Her agzasy ýaly sazlaşyklydy.
Älemleriň Resulynyň päk boýny
Gaty akdy we gaty durudy.
Sahabalaryň arasyndan köp edep eýeleri
Garny döşi bilen deňdi diýdiler.
Mübärek döşi açylsa eger,
Ylym hazynasy feýz95 saçardy.
Yşk onda orun alanda,
Ol şerefli döş başgaça bolarmy?
Mübärek döşi giňdi,
Oňa ylmy ledün inipdi.
Ak hem durudy ol beýik döş,
Görenler ony dolan aý hasap ederdi.
Ezeli Zada bolan yşkyň oty
Ol gözeli oda ýakypdy.
Muny, elbetde, garry hem, ýaş hem bilýär:
Älemiň buýsanjynyň egin süňkleri ýasydy.
Arkasynyň ortasy hem etlidi,
Ol sahawat eýesi, döwletlidi.
Kümüş teninde näziklik bardy,
Onda iriräk pygamberlik möhri bardy.
Pygamberlik möhri arkasyndady,
Sag tarapyna ýakyndy, elbetde.
Wasp edenler bize bildirdi:
Şerefli möhür bir uly menedi.
Reňki sara ýakyn garady,
Kepderi ýumurtgasy ýalydy.
Töweregini edil çyzyklar gurşan –
Biri-birine ýanaşyk ownuk gyljagazlar.
Ol asylzada zady wasp edenler
Diýdiler: Nebi iri süňklüdi.
Her süňki iri, merdanady,
Keşbi hem, häsiýeti hem şalarçady.
Mübärek agzalarynyň her biri
Sazlaşykly hem güýçli ýaradylypdy.
Pygamberiň her agzasy şeýle gözeldi,
Kuranyň aýatlary ýaly.
Ol soltanyň aýalary
We onuň aýak tabanlary
Giň, päk, näzik we ýakymly,
Täze gül deý näzik, söýgülidi.
Örän sazlaşyklydy, diýýär nazar eýeleri,
Ol keramatly mübärek eller.
Pygamber biri bilen salamlaşsa,
Hemişe ýylgyrardy.
Aradan bir-iki gün geçse-de,
Hatda bir aýdan hem uzaga çekse-de,
Ol adamy adamlaryň arasyndan
Ýakymly ysyndan tanardylar.
Tüýsüz teni büllür ýalydy,
Ol gözelligi nädip öweýin!
Dostuny görmek üçin ol şerefli
Tutuş näzik bedeni bilen göz bolupdy.
Näzik teni kämildi,
Ýaradan onda hikmetini görkezipdi.
Döşünde-de, garnynda-da asla
Bir gyl hem ýokdy – edil kümüş lewha.
Döşüniň ortasyndan aşak diňe
Bir hatar gyl deň düzülipdi.
Bu mübärek bedendäki gara çyzyk
Aýyň töweregindäki nur halkasy ýaly gözeldi.
Ömrüniň dowamynda mübärek agzalary
Ýaşlykdaky ýaly galdy.
Pygamberiň ýaşy artdygyça,
Ol gunça ýaly täzelenerdi.
Hem-de Älemiň Soltany hakda
Örän semizdi diýip pikir etme.
Ol ne horly, ne-de artyk etlidi,
Orta göwreli we örän güýçlüdi.
Köňül eýeleri ol hakda aýtdy:
Agzalary biri-birinden ne artykdy, ne kemdi.
Ussat onuň ten köşgüni
Adalat we deňlik binýadynda gurdy.
Päk teni deňölçegli, sazlaşyklydy,
Tutuş bedeni nura gark bolupdy.
Orta boýludy ol Sidre mekanly zat,
Onuň bilen dünýä tertip tapdy.
Onuň boý-syratynyň mugjyzasyny görenler
Hemmesi ony öwüp aýtdylar:
Beýle gül ýüzli gözeli görmedik,
Boýy hem, häsiýeti hem, ýüzi hem gözel.
Nebi orta boýly bolsa-da,
Uzyn boýly biri bilen ýörese,
Ol är näçe uzyn bolsa-da,
Pygamber ýene belent görnerdi.
Uzyn boýly adamdan ol jöwher
Bir aýa boýy belentdi.
Bir ýola gitse, izzet bilen
Gaty çalt ýörärdi.
Onuň şerefli sypatlaryndan ýene aýdýarys:
Ýörände ol öňe egilerdi.
Ýagny bir eňňitden düşýän ýaly,
Hemişe öňe azajyk egilerdi.
Şanly, şereflidi ol Jelil,
Onuň bilen Halylyň ruhy buýsanardy.
Hudaýyň islän bir zady bolsa,
Onuň her agzasy, elbetde, iň ýokary bolar.
Ýolda barýarka eger biri
Birden Resulullahy görse,
Onuň kalbyna gorky düşerdi
Resulullahyň beýikliginden.
Hem biri Nebi bilen hemişe
Söhbet edip, sözlerini diňlese,
Ol sözlerindäki lezzetden
Guly bolardy, Resul kabul etse.
Ezeli Ýaradan ony bezedi
Gözel, deňsiz-taýsyz ahlak bilen.
Ýa Resulallah! Seni öwmäge güýjüm ýok,
Biz hemmämiz seniň hormatyňa ýaradyldyk.
Gysgaça, eý wepa ýurdunyň Şasy,
Saňa janym hem pida, hemme zat pida!
Hüseyin Hilmi Işık
(kaddesallahu tagala sirrehul-aziz)
Mekgeýi mükerremäniň gadymy görnüşi
ÄHLI SÜNNET KASYDASY
Ähli sünnet ynanjy – saňa ilki gerek bolan,
Ýetmiş üç topar bar, emma dowzahlykdyr beýleki galan.
Musulmanlar – hemmesi sünni; hemmesiniň başy – Nugman.
Jennet bilen buşlandy imanda şolara uýan.
Ynanjyňy berk edip, soň yslam dinine baglan!
Yslamyň bäş şertini et; haramlardan derrew saklan!
Bir günä etseň, toba et, wagty geçirme, eý ynsan!
Kim yslama uýmasa, bir gün, elbetde, bolar puşman.
Dinsize aldanma, sen hem heläk bolarsyň, aman!
Süýji söze ynansaň, soňra haly bolar ýaman!
Ikiýüzliler köpeldi: daşy – perişde, içi – ýylan,
Duzaga düşürmek üçin dost görünýär, hem-de jandan.
Her kim özün hakly sanar: “Erbet – diýer – maňa uýmaýan”.
Yslam – terezi, ol hakly bolany aýyran!
Yslama uýmaýan, bil, dogry ýoldan azaşan ynsan;
Bu söze, elbetde, ynanar taryhy gowy düşünýän.
Näme üçin lukmana ylgaýar bir ýeri agyrýan?
Sebäbi ölmegi hiç kim söýmez; her zatdan süýji – jan.
Ebedi ýaşamak arzuwy “mende ýok” diýýän barmy, ynsan?
Ölmek – ýok bolmak däldir; gabyr durmuşyna ynan!
Jennet ebedi, dowzah hem; muny habar berdi Kuran,
Ebedi derde saklanmaly, hatda bolsa-da bir güman.
Muňa ynanmaýan hem bar; ýarganat gaçar ýagtylykdan.
Garga zir-zibilden lezzet alar; bilbildir güli agtaran.
Yslamy, elbetde, söýüp bilmez nebsine, keýpine beren.
Bu ikisi bir bolarmy? Aýrydyr gowy – ýamandan!
Musulmanlar Haky tanar, her mahluka eder ihsan,
Imansyzlar ýylan ýaly; lezzet alar jan ýakmakdan.
Aman, ýa Rebbim, el-aman! Nähili kyn ahyrzaman,
Din ylmy unudyldy; örän azaldy namaz okan.
