Söýgüli Pygamberim

PYGAMBERIMIZIŇ SAHABALARY

Pygamberimiziň ýoldaşlary: aýal ýa-da erkek, çaga ýa-da uly bir musulman Resulullahy juda az wagt hem bolsa bir gezek görse, kör bolsa, onuň bilen bir gezek gürleşse we iman bilen wepat bolsa, oňa Sahyp ýa-da Sahaby diýilýär. Olaryň birnäçesine Eshaby kiram (hormatly sahabalar), Sahabeýi kiram ýa-da Sahb diýilýär (radyýallahu anhum ejmagin). Pygamberimizi kapyrka görüp, Resulullahyň wepatyndan soň iman getiren ýa-da musulmanka görüp, soňra murtat bolan (yslamdan çykan) adam sahaby däldir. Sahaby bolandan soň murtat bolup, Resulullahyň wepatyndan soň täzeden iman getiren adam sahaby bolup galýar. Pygamberimiz jynlara hem pygamber bolany üçin, jyn hem sahaby bolup bilýär.

Pygamberlerden we perişdeleriň üstünlerinden soň, ähli ýaradylanlaryň iň fazyletlileri – hormatly sahabalardyr. Olaryň her biriniň adyny “hezreti” ýa-da “radyýallahu anhu” diýip, hormat we sylag bilen tutmak gerek. Muhammet aleýhisselamyň pygamberdigine ynanýan her bir kişä, ýagny haýsy halkdan, haýsy ýurtdan bolsa-da, her bir musulmana Muhammet aleýhisselamyň ymmaty diýilýär. Hormatly sahabalaryň her biri bu ymmatyň hemmesinden üstündir. Hormatly sahabalaryň (radyýallahu anhum) fazylaty we artykmaçlygy hakyndaky aýaty kerimelerde manysyna görä şeýle diýilýär: “Siz ymmatlaryň iň haýyrlysysyňyz”.1 “Muhajyrlardan we ensarlardan iň öň iman getirenlerden we olara ýagşylykda eýerenlerden (olaryň ýoly bilen gidýänlerden) Allahu tagala razydyr. Olar hem Allahu tagaladan razydyrlar. Allahu tagala olar üçin aşagyndan derýalar akýan jennetleri taýýarlady. Olar ol ýerde ebedi galarlar. Bu – örän uly halas bolmakdyr”.2 “Muhammet (aleýhisselam) – Allahu tagalanyň Pygamberidir. Onuň bilen bile bolanlaryň (ýagny hormatly sahabalaryň) hemmesi kapyrlara garşy ýowuzdyrlar, öz aralarynda bolsa rehimlidirler. Olary köplenç rukugda we seždede görersiňiz. Olar bu ybadatlary bilen, ynsanlara görkezýän mähirleri we muhabbetleri bilen Jenaby Hakyň razylygyny we ihsanyny isleýärler. Olaryň köp sežde edýändikleri ýüzlerinden bellidir (ýüzlerinde sežde etmegiň alamatlary we nyşanlary bardyr). Ine, Töwratda olaryň ýagdaýy şeýledir. Injildäki sypatlary bolsa şeýledir: olar baldak ýaryp çykan, güýçlenen, ýognan, öz gögesiniň üstünde dikelen bir ekine meňzeýärler, bu bolsa daýhanlaryň göwnüne ýaraýar. (Hormatly sahabalar hem şeýledi. Olar ilki az we ejiz bolup, soňra köpeldiler we güýçlendiler.) Bu meňzetme kapyrlaryň, inkär edijileriň gaharyny we gazabyny getirdi. Allahu tagala iman getirip, ýagşy amal edýänlere bagyşlanmagy we uly sylagy wada berdi”.3

Hormatly sahabalar hakyndaky käbir hadysy şerifler:

“Sahabalaryma sögmäň! Sahabalarymdan soň gelenlerden biri dag ýaly altyn sadaka berse-de, sahabalarymyň biriniň bir owuç arpa berip gazanan sogabyna, hatda onuň ýarysyna-da ýetip bilmez!”4

“Muhammet (sallallahu aleýhi we sellem) – Allahu tagalanyň resulydyr. Onuň bilen bile bolanlar (hormatly sahabalar) kapyrlara garşy örän ýowuz, öz aralarynda bolsa örän merhemetlidirler (örän rehimlidirler)” Feth: 29

“Sahabalarym asmandaky ýyldyzlar ýalydyr. Haýsysyna eýerseňiz-de, hidaýata (dogry ýola) ýetersiňiz”.5

“Sahabalaryma duşmançylyk etmekden saklanyň! Allahdan gorkuň! Olary söýýän meni söýýändigi üçin söýýär. Olara duşmançylyk eden maňa duşmançylyk eden bolar. Olary injiden meni injiden bolar. Meni injiden bolsa, elbetde, Allahu tagalany injidýär”.

“Ymmatymyň iň gowusy – men bolan zamanda ýaşaýanlardyr. Olardan soň iň gowusy – olardan soň gelýänlerdir. Olardan soň iň gowusy – has soňra gelýänlerdir”.

“Meni gören we meni görenleri gören musulmany dowzah ody ýakmaz”.6

Ýokardaky aýaty kerimeler we hadysy şerifler hormatly sahabalaryň artykmaçlygyny we fazylatyny aç-açan görkezýär.

Hormatly sahabalar – dini hökümler meselesinde iň ygtybarly daýançdyr. Sebäbi olar Kurany Kerimi Pygamberimizden öwrenip, özlerinden soňkulara öwretdiler we düşündirdiler. Pygamberimiziň eden we aýdan zatlary hakyndaky bilimler olaryň öz gözleri bilen görüp, öz gulaklary bilen eşidip geçiren zatlaryna esaslanýar.

Ine, olaryň bilelikde geçiren hökümleri hadysy şerifleriň esasyny düzdi. Yslamda ijmaýy ymmat, ýagny alymlaryň agzybir pikiri, diňe sahabalaryň zamanynda doly we kämil görnüşde amala aşdy. Mundan başga-da, sahabalaryň her biri dinde sözi delil we esas bolan müjtehit alymlardandyr. Olar soňra gelen müjtehitlerden üstündirler. Ähli sünnet alymlary hormatly sahabalary artykmaçlyk derejesi boýunça üç topara böldüler: 1. Muhajyrlar: Mekge şäheri alynmazdan öň, Mekgeden ýa-da başga ýerlerden watanlaryny, ýakynlaryny terk edip, Medine şäherine hijret edenler. Olar Resulullahyň ýanyna iman bilen gelipdirler ýa-da gelende iman getiripdirler. Amr ibn As hezretleri olardandyr (radyýallahu anhum ejmagin).

2. Ensarlar: Medine şäherinde ýa-da bu şähere ýakyn ýerlerde ýaşan we Ews hem-de Hazrej atly iki taýpadan bolan musulmanlara ensarlar diýilýär. Sebäbi olar Pygamberimize we mekgelilere her hili kömek etmäge we pidakärlik görkezmäge söz berdiler we sözlerinde durdular (radyýallahu anhum ejmagin).

3. Beýleki hormatly sahabalar: muhajyr hem, ensar hem bolmadyk, ýöne başga ýerlerden gelip, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) bilen söhbetdeş bolmak şerefine eýe bolan musulmanlar. Mekge şäheri alnanda ýa-da başga ýerlerde iman getirenler olardandyr. Olara diňe sahaby diýilýär (radyýallahu anhum ejmagin). Hormatly sahabalaryň iň fazyletlileri – Resulullahyň dört halyfydyr. Olar halyflyk tertibi boýunça: hezreti Abu Bekir, hezreti Omar, hezreti Osman we hezreti Aly. Olardan soň iň fazyletlileri – Aşereýi mübeşşereden, ýagny jennet bilen buşlanan on adamdan galan altysy (Talha ibn Ubeýdulla, Zubeýr ibn Awwam, Abdyrahman ibn Awf, Sagt ibn Abu Wakkas, Sagyt ibn Zeýd, Abu Ubeýde ibn Jerrah) we hezreti Hasan bilen hezreti Hüseýindir (radyýallahu anhum ejmagin).

Olardan soň üstün bolanlar – ilkinji musulman bolan kyrk adam. Soňra – Bedr söweşine gatnaşan üç ýüz on üç sahaby. Soňra – Uhud söweşine gatnaşan ýedi ýüz gahryman. Olardan soň üstün bolanlar – hijretiň altynjy ýylynda agajyň aşagynda Resulullaha: “Ölmek bar, dänmek ýok!” diýip söz beren müň dört ýüz adam. Bu ylalaşyga “Beýgatur-Rydwan” diýilýär.7

Hormatly sahabalaryň sany: Mekge alnanda on iki müň, Tebuk ýörişinde otuz müň, Weda hajynda togsan müň sahaby bardy, Resulullah wepat bolanda bolsa ýer ýüzünde ýüz ýigrimi dört müňe golaý sahaby bardy. Bu barada başga rowaýatlar hem bar.8

Hormatly sahabalardan iň soňky wepat bolanlar: Abdylla ibn Ewfa milady 705-nji (hijri 86-njy) ýylda Kufede wepat boldy. Abdylla ibn Ýesr milady 706-njy (hijri 88-nji) ýylda Damaskda, Sehl ibn Sagt milady 709-njy (hijri 91-nji) ýylda 100 ýaşynda Medinede, Enes ibn Malik milady 711-nji (hijri 93-nji) ýylda Basrada, Abut-Tufeýl Amyr ibn Wasyla milady 718-nji (hijri 100-nji) ýylda Mekgede wepat boldular (radyýallahu anhum ejmagin). Pygamberimiziň wepatyndan soň, dört halyfyň döwründe hem hormatly sahabalar yslam dinini ýaýmak we jihat etmek meselesinde sözlerine wepaly galdylar. Olar sözlerinden asla dänmediler. Hemmesi agzybirlikde öýlerini, watanlaryny terk edip, Arabystandan çykyp, her tarapa ýaýradylar. Gidenleriň köpüsi yzyna dolanmady, baran ýerlerinde ölýänçäler jihat etdi we yslam dinini ýaýratdy. Şeýdip, az wagtyň içinde köp ýurtlar alyndy. Alnan ýerlerde yslam çalt ýaýrady. Hormatly sahabalaryň hemmesi adyldyr. Yslamy bildirmekde olaryň hemmesi şärikdir. Kurany Kerimi olar ýygnadylar. Hadysy şerifleri Pygamberimizden olar geçirdiler. Olaryň hemmesini söýmek – Ähli sünnet ynanjynda bolmagyň iň möhüm, hökmany şertidir. (Hormatly sahabalaryň yslam dinine eden hyzmatlaryny, görelde alarlyk durmuşlaryny, fazylatlaryny, hemmesiniň atlaryny we terjimehallaryny beýan edýän köp eserler ýazyldy we neşir edildi. Hakikat Kitabevi neşirýaty tarapyndan çap edilen “Eshâb-ı kirâm” we “Menâkıb-ı Çihâr Yâr-i Güzîn” kitaplary örän gymmatlydyr.)

“Sahabalarym asmandaky ýyldyzlar ýalydyr. Haýsysyna eýerseňiz-de, hidaýata (dogry ýola) ýetersiňiz” Hadysy şerif

Älemleriň Rebbiniň mahbuby – Muhammetdir,
Teni päk, ady Ahmet, ol – älemlere rahmetdir.
Hulky azym eýesi, “Lewlake…” hitabynyň eýesi,
Ylmyň, edebiň, feýziň, nuryň, muhabbetiň çeşmesidir.
Ol – Hak bilen bendäniň arasynda hakyky araçy,
Sözi – ruhlara şypa, ady – köňül posuny aýryjy.
Ol – umytsyz galan kalp nähoşyna hakyky tebip,
Diňe özi däl, ymmaty hem perişdelerden ýokarydyr.
Bu iň saýlantgy bendesine Hak kömekçiler berdi,
Iň söýen bendelerini oňa sahaba etdi.
Resulullah: “Olaryň ýoly – meniň ýolum” diýdi,
Asyrlaryň iň haýyrlysy edip bu asyry görkezdi.
Muhammet Mustafany janlaryndan artyk söýdüler,
Mal-mülklerini, wezipelerini onuň ýolunda terk etdiler.
Yslamy ýaýmak üçin söýüp-söýüp jan berdiler,
Ýa Rebbim, bu nähili gözel hal, ýa Rebbim, bu nähili izzet!
Onuň bir söhbetinde nebisleri päk boldy,
Kalplaryna magrifet, feýz, nur, tejelli doldy.
Öwlüýäleriň hallaryny olar bir pursatda tapdy
We hemişe oňa eýerdiler – bu nähili uly şeref!
Olaryň hemmesi adyldyr, hiç kime zulum etmezler,
Öz nebisleri üçin asla halyflyk islemezler.
Şonuň üçin söweşmezler, biri-birini gynatmazlar,
Iň ýokary derejededirler we hemmesi müjtehitdir.