Pygamberimiziň perzentleri
Pygamberimiziň ýedi perzendi boldy: üç ogly we dört gyzy. Hezreti Fatmadan başgalarynyň hemmesi Resulullahdan öň wepat boldular. Söýgüli Pygamberimiziň nesli hezreti Fatma enemiziň üsti bilen dowam etdi. Onuň agtyklary hezreti Hüseýiniň nesline seýit, hezreti Hasanyň nesline şerif diýilýär. Seýitlere we şeriflere hormat – Pygamberimize hormatdyr. Seýitleri we şerifleri söýmek soňky demde iman bilen gitmäge sebäp bolýar.
Kasym (radyýallahu anhu): Ol Resulullahyň üç oglunyň birinjisidir. Şonuň üçin Resulullaha “Abul-Kasym” diýdiler. Ol pygamberlikden öň Mekgede dünýä indi. Ejesi – Hatyjatul-Kubra. Ol on ýedi aýlykka wepat boldy.1
Zeýnep (radyýallahu anha): Ol Resulullahyň dört gyzynyň birinjisidir. Ol Pygamberimiz otuz ýaşyndaka dünýä indi. Pygamberlikden öň ol ejesi Hatyjanyň gyz doganynyň ogly Abul-As ibn Rebiga durmuşa çykdy.2 Abul-As ilki iman getirmedi. Ol Bedr söweşinde ýesir düşdi we aýalyny Medinä ibermek şerti bilen azat edildi. Ol ony öz dogany bilen iberdi, emma kapyrlar Zeýnebi ýoldan yzyna gaýtardylar. Resul aleýhisselam Zeýd ibn Harysany Mekgä iberip, Zeýnebi gije gizlinlikde Medinä alyp gaçdyrdy. Abul-As Hudeýbiýe saparyndan soň iman getirdi. Zeýnep täzeden oňa berildi. Ol hijretiň sekizinji ýylynda, otuz bir ýaşynda wepat boldy. Onuň iki çagasy galdy. Biri – Aly, ol baluga ýetmäge ýakyn ýaşda wepat boldy. Beýlekisi – Umama. Zeýnep Fatmanyň (radyýallahu anha) özüne wesýet edip, çagalaryny imam Ala tabşyrypdy. Onuň ogly Aly Mekge alnanda, Resulullahyň düýesinde, onuň arkasynda otyrdy. Umamany hezreti Aly özüne nikalap aldy.3
Rukaýýa (radyýallahu anha): Ol Pygamberimiziň ikinji gyzydyr. Ol Pygamberimiz otuz üç ýaşyndaka dünýä indi. Ejesi – Hatyjatul-Kubra. Ol örän owadandy. Ol hezreti Osmanyň aýalydyr. Öň ol Abu Lehebiň ogly Utbe bilen adaglydy. Abu Leheb bilen onuň aýaly Resulullaha azar bermek üçin ogluny bu adaglanyşykdan ýüz öwürtdiler. “Tebbet ýeda” süresi inende, Utbe ony toýdan öň aýyrdy. Wahy gelip, ol hezreti Osmana nikalanyp berildi. Olar bilelikde iki gezek Habeşistana, soňra Medineýi münewwerä hijret etdiler. Bedr söweşiniň öň ýanynda, ýigrimi iki ýaşyndaka, hezreti Rukaýýa kesele ýolukdy. Hezreti Osmana Bedre gitmän, aýalyna seretmek buýruldy. Ol Bedr ýeňşiniň buşlugy Medineýi münewwerä gelen güni wepat boldy we şol gün hem jaýlandy.4
Ummu Gülsüm (radyýallahu anha): Ol Resulullahyň üçünji gyzydyr. Ol Abu Lehebiň ikinji ogly Uteýbe bilen adaglydy. “Tebbet ýeda” süresi inende, Uteýbe heniz toýlary bolmanka ony aýyrdy we Resulullaha gynandyryjy sözler aýtdy. Şonda Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem): “Ýa Rebbim! Onuň üstüne Öz ýyrtyjylaryňyň birini musallat et!” diýip gargyş etdi. Şam ýolunda ony bir arslan parçalady. Rukaýýa wepat bolandan soň, wahy gelip, Ummu Gülsüm hem hezreti Osmana nikalanyp berildi. Ol hijretiň dokuzynjy ýylynda wepat boldy. Onuň jynaza namazyny Resulullah okatdy, ony jaýlanlarynda bolsa ol gabrynyň ýanynda durdy we onuň mübärek gözlerinden ýaş akýardy.5
Fatma (radyýallahu anha): Ol Resulullahyň dördünji gyzy, hezreti Alynyň aýaly we hezreti Omaryň gaýynenesidir. Nika gyýylanda, ol on bäş ýaşyndady.6 “Mewahibi ledunniýe” kitabynda, Sewik ýörişi baradaky bapda, onuň mähriniň dört ýüz mysgal kümüş bolandygy ýazylgydyr. Bu 57,14 mysgal altyna barabardyr. (Häzirki gün üçin bu 38 altyn liradyr.) Aly (radyýallahu anhu) şol wagt ýigrimi bäş ýaşyndady. Fatma Ähli beýtdendir. Ol ak ýüzli, örän owadandy. Ol hijretden on üç ýyl öň Mekgede dünýä indi, hijretiň on birinji ýylynda ýigrimi dört ýaşynda wepat boldy. Onuň Hasan, Hüseýin we Muhsin atly üç ogly we Ummu Gülsüm bilen Zeýnep atly iki gyzy boldy.7
Resulullahyň nesli Fatmadan dowam etdi. Zeýnep Abdylla ibn Jagfar Taýýar bilen nikalaşdy we olaryň Aly we Ummu Gülsüm atly çagalary boldy. Olara Şerifi Jagfary diýilýär.
“Ähli beýtim – Nuh aleýhisselamyň gämisi ýalydyr. Olara eýeren halas bolar. Galanlary heläk bolar” Hadysy şerif
1. Jennetul-Baky – Medineýi münewwere
2. Ähli beýt
3. Benatun-Nebi (Pygamberimiziň gyzlary)
4. Şuhedaul-Baky (Jennetul-Bakyyň şehitleri)
5. Ezwajun-Nebi (Pygamberimiziň aýallary)
6. Imam Malik
Jennetul-Baky gonamçylygyndaky türbeler ýykylmazdan öň
Abdylla (radyýallahu anhu): Ol Resulullahyň Hatyjatul-Kubradan bolan iň soňky perzendidir. Ol pygamberlikden soň dünýä indi we emýän çagalygynda wepat boldy. Oňa Taýýyp we Tahyr hem diýilýär. Abdylla wepat bolanda, As ibn Waýl: “Muhammet ebter boldy” diýdi; munuň bilen ol onuň nesli kesildi diýmek isledi. Allahu tagala kapyr Asa “Inna agtaýna” süresi bilen jogap berdi.8
Ybraýym (radyýallahu anhu): Ol Resulullahyň ogullarynyň üçünjisi we ähli perzentleriniň iň soňkusydyr. Ol Irakliusyň Müsürdäki häkimi Mukawkysyň sowgat edip iberen hezreti Mariýanyň oglydyr. Ol hijretiň sekizinji ýylynda dünýä indi we bir ýarym ýaşynda wepat boldy. Onuň kesel wagtynda Resulullah ony gujagyna alardy we onuň mübärek gözlerinden ýaş akardy. Ybraýym wepat bolanda, ol: “Eý Ybraýym! Seniň ölümiňe gaty gynandyk. Gözlerimiz aglaýar, ýüregimiz syzlaýar. Emma Rebbimizi gynandyrjak hiç bir söz aýtmarys” diýdi.9 Ony Jennetul-Baky gonamçylygynda jaýladylar. Şol gün gün tutuldy. Adamlar: “Onuň wepaty sebäpli gün tutuldy” diýdiler. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) muny eşidende: “Aý bilen gün – Allahu tagalanyň barlygyny we birligini görkezýän iki mahlukdyr. Olar hiç kimiň ölmegi ýa-da ýaşamagy sebäpli tutulmaýarlar. Olaryň tutulmagyny göreniňizde, Allahu tagalany ýatlaň!” diýdi.
Ilahy! Fatmanyň perzentleriniň hatyrasyna,
Soňky sözüm tewhit kelimesi bolsun!
Bu dogamy ret etseň-de, kabul etseň-de, –
Men Pygamberiň Ähli beýtiniň eteginden ýapyşdym.
Ähli beýti Resul (Äli Resul – Äli Aba)
Allahu tagala Kurany Kerimde Ähli beýte manysyna görä şeýle diýýär: “Allahu tagala sizden rijsi, ýagny her bir kemçiligi we hapalygy aýyrmak we sizi kämil päklik bilen tämizlemek isleýär”.10
Hormatly sahabalar: “Ýa Resulallah! Ähli beýt kimler?” diýip soradylar. Şol wagt imam Aly geldi. Pygamberimiz ony mübärek jübbesiniň aşagyna aldy. Soňra nobatma-nobat Fatma Zähra, imam Hasan we imam Hüseýin geldi. Olaryň her birini bir gapdalyna alyp: “Ine, bular – meniň Ähli beýtim” diýdi. Bu beýik şahslara “Äli Aba we Äli Resul” hem diýilýär.11
Ähli beýti Nebewini söýmek ahyrete iman bilen gitmäge, soňky demde halas bolmaga sebäp bolýar. Ähli beýti söýmek her bir mömine parzdyr. Älemiň serweri (sallallahu aleýhi we sellem) bir hadysy şerifinde şeýle diýýär: “Ähli beýtim – Nuh aleýhisselamyň gämisi ýalydyr. Olara eýeren halas bolar. Galanlary heläk bolar”.12
Ähli beýti Nebewiniň fazylatlary we kämillikleri örän köpdür. Olary sanap gutaryp bolmaz. Olary beýan etmäge, öwmäge ynsanyň güýji ýetmez. Olaryň gymmaty we beýikligi diňe aýaty kerimeler arkaly düşünilýär.
Onda Aly, Hasan, Hüseýin bardyr,
Söýgüsi – köňülde, muhabbeti – janda.
Ertir, magşar güni, beýik diwanda
Eý Muhammet, janym arzuwlar seni.
Arafat dagydyr biziň dagymyz,
Onda kabul bolar biziň dogamyz,
Medinede ýatyr Pygamberimiz,
Eý Muhammet, janym arzuwlar seni.
Imam Şafygy muny iň gözel görnüşde şeýle beýan edýär: “Eý Ähli beýti Resul! Sizi söýmegi Allahu tagala Kurany Kerimde buýurýar. Namazlarynda size doga etmeýänleriň namazlarynyň kabul bolmazlygy siziň gymmatyňyzy we beýik derejäňizi görkezýär. Siziň şerefiňiziň beýikligi şundadyr: Allahu tagala Kurany Kerimde size salam berýär!” Hezreti Enes şeýle diýýär: “Resulullahdan: ‘Ähli beýtiň içinden iň köp kimi söýýärsiňiz?’ diýip soradylar. Ol: ‘Hasan bilen Hüseýini’ diýdi.”13
Hezreti Abu Hureýre şeýle diýýär: “Men Resulullahyň ýanyndadym. Hasan geldi. Resulullah: ‘Ýa Rebbim! Men ony söýýärin. Sen hem ony söý we ony söýýänleri hem söý’ diýdi, başga bir gezek bolsa: ‘Hasan bilen Hüseýin – dünýäde meniň hoş ysly güllerimdir’ diýdi.” Mundan başga-da Pygamberimiz şeýle diýdi: “Menden soň size iki zady goýup gidýärin. Olardan berk ýapyşsaňyz, ýoldan azaşmarsyňyz. Birinjisi ikinjisinden has beýikdir. Biri – Allahu tagalanyň kitaby Kurany Kerimdir, ol asmandan ýere çenli uzalyp gelýän berk ýüpdür. Ikinjisi – meniň Ähli beýtimdir. Bu ikisi biri-birinden aýrylmaz. Olara eýermeýän meniň ýolumdan aýrylýar”.14
Hezreti Hasan bilen hezreti Hüseýin (radyýallahu anhuma) kesel bolupdylar. Pygamberimiz hezreti Ala we hezreti Fatma: “Bu jigerbentleriňiz üçin nezir ediň!” diýdi. Hezreti Aly, Fatma enemiz we olaryň Fydda atly gyrnagy üç günden oraza tutmagy nezir etdiler. Ol iki jennet ysy şypa tapdy. Emma olaryň öýünde iýere hiç zat ýokdy. Hezreti Aly bir ýahudydan üç sag15 arpa karz aldy. Üçüsi hem nezir eden orazalaryna niýet etdiler. Hezreti Fatma arpanyň bir ölçegini üwäp, bäş çörek bişirdi. Olar bäş adamdylar. Agyz açar wagty boldy. Ol bäş çöregiň birini hezreti Alynyň öňünde, birini hezreti Hasanyň öňünde, birini hezreti Hüseýiniň öňünde, birini gyrnak Fyddanyň öňünde, birini hem öz öňünde goýdy. Olar agyz açmakçy bolup durdular. Şol wagt bir miskin gelip: “Eý Resulullahyň Ähli beýti! Men miskin musulmanlaryň biri. Maňa iýmäge bir zat beriň! Allahu tagala sizi jennet nygmatlary bilen sylaglasyn” diýdi. Olar ellerindäki çörekleri oňa sadaka berdiler, özleri bolsa suw bilen agyz açdylar. Ertesi gün olar ýene oraza tutdular. Hyzmatkär ýene bir ölçeg arpa üwäp, ýene bäş çörek bişirdi. Agyz açar wagty çörekleri öňlerine alyp, agyz açmakçy bolanlarynda, bir ýetim geldi. Bäşisi hem çöreklerini oňa berip, ýetimi begendirdiler, özleri bolsa suw bilen agyz açyp, ýatdylar. Üçünji gün ýene oraza tutdular. Galan soňky bir ölçeg arpadan ýene bäş çörek bişirip, öňlerinde goýdular. Agyz açmakçy bolanlarynda, bir ýesir gelip: “Üç günden bäri açdyryn. Meni daňyp goýdular, iýmäge-de bermediler. Allahu tagalanyň razylygy üçin maňa rehim ediň!” diýdi. Bäşisi hem çöreklerini oňa berip, ýene suw bilen agyz açdylar. Şondan soň inen aýaty kerimelerde Allahu tagala manysyna görä şeýle diýdi: “Olar nezirlerini ýerine ýetirdiler. Uzak we dowamly kyýamat gününden gorkup, özleriniň gaty isleýän, köňülleriniň küýseýän nahary miskine, ýetime we ýesire berdiler we: ‘Biz sizi Allahu tagalanyň razylygy üçin iýmitlendirdik. Sizden hiç hili minnetdarlyga-da, başga bir zada-da garaşmadyk, hiç zat islemeýäris’ diýdiler”.16 “Şonuň üçin Jenaby Hak olara şeraby tahur (tertemiz içgi) içirdi…”17 Abu Hureýre (radyýallahu anhu) Pygamberimiziň şeýle diýendigini gürrüň berýär: “Siziň haýyrlylaryňyz – menden soň meniň Ähli beýtime ýagşylyk edýänlerdir”.
“Syrat köprüsinden aýaklary taýmazdan geçýänler – meniň Ähli beýtimi we sahabalarymy köp söýýänlerdir” Hadysy şerif
Hezreti Aly Pygamberimiziň şeýle diýendigini gürrüň berýär: “Ähli beýtime ýagşylyk edýänlere kyýamat güni şepagat ederin”. “Syrat köprüsinden aýaklary taýmazdan geçýänler – meniň Ähli beýtimi we sahabalarymy köp söýýänlerdir”.
Imam Rabbany hezretleriniň getiren bir hadysy şerifinde şeýle diýildi: “Alyny söýen, hökman meni söýen bolar. Oňa duşmançylyk eden, hökman maňa duşmançylyk eden bolar. Ony injiden, hökman meni injiden bolar. Meni injiden bolsa Allahu tagalany injiden bolar”.
Resulullah şeýle diýdi: “Allahu tagala maňa dört adamy söýmegi buýurdy. Ol Özüniň hem olary söýýändigini bildirdi”. Ondan: “Olar kimler? Bize olaryň atlaryny aýdarsyňyzmy?” diýip soradylar.
Ol: “Aly olardandyr, Aly olardandyr, Aly olardandyr; we Abu Zer, Mikdat we Selman” diýdi.
“Maşgalam sebäpli meni injidýänler üçin agyr azap bardyr.”
Bir hadysy şerifde ol ýene şeýle diýdi: “Fatma meniň bir bölegimdir (ýagny menden bir bölejikdir). Ony injiden meni injidýär”. Hezreti Abu Hureýre şeýle diýýär: “Pygamberimiz hezreti Ala: ’Fatma maňa senden has söýgüli. Sen bolsa maňa ondan has eziz (ýagny has gymmatly)!’ diýdi.”18
Ýene ol şeýle diýdi: “Size yslam dinini getirendigim üçin hiç hili hak soramaýaryn. Diňe maňa ýakyn bolan Ähli beýtimi söýmegiňizi isleýärin”.
Yslam alymlary Ähli beýti söýmegi soňky demde iman bilen gitmegiň şerti hasapladylar. Olarda Resulullahyň zerreleri bar. Ähli beýti gadyrlamak, olara hormat goýmak her bir musulmanyň borjudyr. Beýik yslam alymy imam Rabbany (rahmetullahi aleýh) şeýle diýdi: “Kakam zahyr we batyn, ýagny kalp ylymlarynda örän uly alymdy. Ol hemişe Ähli beýti söýmegi maslahat bererdi we oňa ündärdi. Bu söýgi adamyň soňky demde iman bilen gitmegine köp kömek edýär diýerdi. Ol wepat bolanda, men onuň başujundadym. Soňky pursatlarynda huşy gowşanda, men oňa bu nesihatlary ýatlatdym we ol söýginiň nähili täsir edendigini soradym. Ol şeýle ýagdaýda-da: ‘Ähli beýtiň söýgüsiniň deňzinde ýüzýärin’ diýdi. Men şol bada Allahu tagala hamd we sena aýtdym. Ähli beýtiň söýgüsi – Ähli sünnetiň maýasydyr. Ahyretiň gazançlaryny diňe şu maýa getirer”.
Hezreti Fatma we onuň kyýamata çenli boljak perzentleri – Ähli beýtdir. Olar günäkär bolsalar-da, olary söýmek gerek. Olary söýmek, olara kalp, beden we mal bilen kömek etmek, hormat goýmak we olaryň aladasyny etmek iman bilen ölmäge sebäp bolýar. (Siriýanyň Hama şäherinde seýitler üçin kazyýet bardy. Bu mübärek nesilden doglan çagalar iki şaýat bilen kazynyň huzurynda hasaba alynýardy. Bu kazyýeti iňlisleriň wepaly dosty Mustafa Reşit paşa ýatyrdy.) Ähli sünnet imamlary iman we fykh bilimleriniň, tasawwuf magrifetleriniň, hatda tefsir we hadys bilimleriniň köpüsini Ähli beýt imamlaryndan öwrendiler. Olar olaryň terbiýesi bilen ýetişdiler. Olaryň ünsi bilen ýokary göterildiler. Olardan buşluklar aldylar. Musulmanlar Resulullahyň Ähli beýtini (radyýallahu tagala anhum ejmagin) hemmelerden artyk söýýärler we Ähli beýti söýýänleri hem söýýärler. Ähli beýti söýýänlere, Ähli beýtiň ýoly bilen gidýän dogry musulmanlara (Ähli sünnet) diýilýär. Ähli sünnetiň hemmesi her namazynda Ähli beýte haýyr-doga edýär.
Resuly gören mömine “sahaby” diýip at berildi.
Olaryň hemmesini bildirmek üçin “hormatly sahabalar” diýildi.
Pygamberi söýen her ýürek bir pursatda nur bilen doldy,
Onuň sahabasy bolanlar Kuranda öwüldi.
Hemmesi Resulullah üçin malyny-da, janyny-da berdi.
Parahatçylykda ylym ýaýratdylar, söweşde arslan dek arryldylar.
Hadysy şerifde sahabalar ýyldyzlara meňzedildi:
Haýsysyna eýerseň-de, nurly ýollara ýetersiň.
Sahabalar biri-birini köp söýerdi, biri-birini öwerdi;
Soňra gelen musulmanlaryň hemmesi şeýle diýerdi.
Kurany we hadyslary bize olar ýetirdi.
Kalplarynyň päkligi akyllara ynam berdi.
Olaryň birine sögülse, yslam dini ýaralanar.
Sahabany ýamanlaýan Kurany Kerimi inkär eder.
Hakyky musulman bolsaň, olaryň her birine hormat goý,
Ilki Resulyň Ähli beýtine salawat we salam aýt!
