Söýgüli Pygamberim

KAINATYŇ SOLTANY PYGAMBERIMIZ

Muhammet aleýhisselam – Allahu tagalanyň habyby (söýgülisi); ol ýaradylan ähli ynsanlaryň we beýleki mahlukatyň her babatda iň üstüni, iň gözeli we iň şereflisidir. Ol – Allahu tagalanyň öwen, ähli ynsanlara we jynlara pygamber edip saýlap iberen iň soňky we iň üstün pygamberidir.

Ol älemlere rahmet edip iberildi, her bir zat onuň hatyrasyna ýaradyldy. Onuň mübärek ady – Muhammet, bu at “gaýta-gaýta öwlen, köp taryp edilen” diýmegi aňladýar. Onuň Ahmet, Mahmyt, Mustafa ýaly başga mübärek atlary hem bar. Kakasynyň ady Abdylladyr. Pygamberimiz hijretden 53 (gün ýyly bilen – 51) ýyl öň, Rebiulewwel aýynyň on ikinji güni, duşenbe gijesi, daňa golaý Mekgeýi mükerremede dünýä indi. Taryhçylar bu günüň milady 571-nji ýylyň 20-nji aprelidigini ýazýarlar.

Ol dünýä inmezinden birnäçe aý öň kakasy Abdylla, alty ýaşyndaka bolsa ejesi Ämine wepat boldy. Şonuň üçin Pygamberimize “Dürri Ýetim” (kainat sedefindäki ýeke-täk, uly we iň gymmatly dürdäne) lakamy hem berildi. Sekiz ýaşyna çenli ol atasy Abdylmuttalybyň ýanynda, onuň wepatyndan soň bolsa kakasynyň dogany Abu Talybyň ýanynda ýaşady. Ýigrimi bäş ýaşynda Hatyjatul-Kubra enemize öýlendi. Bu aýalyndan doglan ilkinji oglunyň ady Kasymdy. Araplarda adamy ilkinji oglunyň ady bilen atlandyrmak – künýe bermek däbi bardy. Şonuň üçin Pygamberimize “Abul-Kasym”, ýagny “Kasymyň kakasy” diýdiler.

Kyrk ýaşynda Allahu tagala oňa ähli ynsanlara we jynlara pygamberdigini bildirdi. Üç ýyldan soň ol hemmeleri imana çagyryp başlady. Elli iki ýaşynda Miraj boldy.1 Milady 622-nji ýylda, 53 (gün ýyly bilen – 51) ýaşynda ol Mekgeden Medinä hijret etdi. Ol ýigrimi ýedi gezek söweş alyp bardy: dokuzynda adaty esger bolup hüjüm etdi, galanlarynda goşunyň baş serkerdesi boldy. Ol hijri 11-nji ýylda (milady 632-nji ýyl), Rebiulewwel aýynyň on ikinji güni, duşenbe güni günortadan öň, 63 (gün ýyly bilen – 61) ýaşynda, Medineýi münewwerede wepat boldy.

Allahu tagala ähli pygamberlerine atlary bilen ýüzlenen hem bolsa, oňa “Habybym” (Söýgülim) diýip hormat goýdy. Jenaby Hak bir aýaty kerimede manysyna görä2: “Biz seni älemlere rahmet edip iberdik”3, bir hadysy kudside bolsa: “Sen bolmadyk bolsaň, sen bolmadyk bolsaň, Men mahlukaty ýaratmazdym!”4 diýdi. Seýit Abdylhakym Arwasy hezretleriniň aýdyşy ýaly: “Her pygamber öz zamanynda, öz ýurdunda öz kowumynyň hemmesinden her babatda üstündir. Pygamberimiz Muhammet aleýhisselam bolsa dünýä ýaradylan gününden kyýamat gopýança, her zamanda, her ýurtda, gelen we geljek ähli barlyklaryň her babatda iň fazyletlisi, iň üstünidir. Hiç kim hiç bir babatda ondan üstün däldir. Jenaby Hak ony şeýle ýaradypdyr.”

Onuň mübärek nurunyň ýaradylyşy

Allahu tagala her zatdan öň, ýagny hiç bir zady ýaratmazdan öň, söýgüli Pygamberimiz Muhammet aleýhisselamyň mübärek nuruny ýaratdy. Tefsir we hadys alymlarymyzyň köpüsi şeýle diýip bildirdiler: “Jenaby Hak Öz nuryndan näzik we beýik bir göwher ýaratdy. Bu göwherden Ol tutuş kainaty tertip bilen ýüze çykardy. Bu göwhere ‘Nury Muhammedi’ diýilýär. Ähli ruhlaryň we bedenleriň başlangyjy we gözbaşy – şu göwherdir.”

“Sen bolmadyk bolsaň, sen bolmadyk bolsaň, Men mahlukaty ýaratmazdym!” Hadysy kudsi

Bir gün hormatly sahabalardan Jabyr ibn Abdylla: “Ýa Resulallah! Allahu tagala her zatdan öň näme ýaratdy?” diýip sorady. Resulullah şeýle jogap berdi: “Her zatdan öň Ol Öz nuryndan seniň Pygamberiňiň nuruny, ýagny meniň nurumy ýaratdy. Ol wagt Lewh hem, Galam hem, jennet hem, dowzah hem, perişde hem, semawat (asmanlar) hem, arz (ýer ýüzi) hem, gün hem, aý hem, ynsanlar hem, jynlar hem ýokdy”.

Adam aleýhisselamyň ýüregi we mübärek bedeni ýaradylanda, Nury Muhammedi onuň iki gaşynyň arasyna goýuldy. Oňa ruh berlende, Adam aleýhisselam maňlaýynda Çolpan ýyldyzy ýaly ýalpyldap duran bir nuruň bardygyny duýdy.

Adam aleýhisselam ýaradylanda, Jenaby Hakyň oňa Abu Muhammet, ýagny Muhammediň kakasy diýip ýüzlenendigine ylham arkaly düşündi. Adam: “Ýa Rebbim! Näme üçin maňa Abu Muhammet künýesini berdiň?” diýip soranda, Allahu tagala oňa: “Eý Adam! Başyňy galdyr!” diýdi. Adam aleýhisselam başyny galdyryp seredende, Arşy aglada5 nurdan ýazylan söýgüli Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) adyny – Ahmet adyny gördi. Şonda ol: “Ýa Rebbim! Bu kim?” diýip sorady. Allahu tagala: “Bu – seniň nesliňden bir pygamber. Onuň ady asmanlarda – Ahmet, ýerde – Muhammet. Eger ol bolmadyk bolsa, Men seni ýaratmazdym. Ýeri-de, asmanlary-da ýaratmazdym” diýdi.6

Onuň nury päk maňlaýlardan päk maňlaýlara geçýär

Adam aleýhisselam ýaradylanda, onuň maňlaýyna söýgüli Pygamberimiz Muhammet aleýhisselamyň mübärek nury goýuldy. Bu nur onuň maňlaýynda ýalpyldap başlady. “Tefsiri Mazhary” kitabynda bildirilişi ýaly, ol Adam aleýhisselamdan başlap päk atalaryň we päk eneleriň üsti bilen geçip, Pygamberimize çenli gelip ýetdi. Allahu tagala muny aýaty kerimede7 manysyna görä şeýle bildirdi:

“Sen, ýagny seniň nuruň, hemişe sežde edýänlerden sežde edýänlere geçirilip, saňa gelip ýetdi”.8

Bir hadysy şerifde şeýle diýilýär: “Allahu tagala ynsanlary ýaratdy. Meni ynsanlaryň iň gowy böleginden ýüze çykardy. Soňra bu bölekleriň iň gowusyny (Arabystanda) saýlady. Meni olardan ýüze çykardy. Soňra öýleriň, maşgalalaryň iň gowusyny saýlap, meni olardan dünýä getirdi. Diýmek, meniň ruhum hem, bedenim hem – mahluklaryň iň gowusy. Meniň neslim, ata-babalarym – ynsanlaryň iň gowularydyr”.

Ýene bir hadysy şerifde şeýle diýilýär: “Allahu tagala her zady ýokdan bar etdi. Her zadyň arasyndan ynsanlary söýdi, olary gadyrly etdi; ynsanlaryň arasyndan saýlanlaryny Arabystanda ýerleşdirdi. Arabystandaky saýlananlaryň arasyndan meni saýlady. Meni her zamanyň saýlanan, iň gowy adamlarynyň arasynda ýerleşdirdi. Diýmek, Arabystanda maňa bagly bolanlary söýýänler olary meniň üçin söýýärler. Olara duşmançylyk edýänler maňa duşmançylyk eden bolýarlar”.

Hak tagala Adamy ýaradanda,
Adam bilen bezedi bu älemi.
Perişdelere Adama sežde etdirdi,
Sahy Reb oňa köp lutf eýledi.
Maňlaýyna Mustafanyň nuruny goýdy,
“Bil, bu – Habybymyň nury” diýdi.
Ol nur onuň maňlaýynda karar tutdy,
Köp zamanlar onuň bilen galdy.
Soňra, bil, Hawanyň maňlaýyna geçdi,
Onda-da köp aýlar, ýyllar durdy.
Şit dogdy – nur oňa geçip geldi,
Onuň maňlaýynda nur ýalkym saçdy.
Ybraýyma, Ysmaýyla-da ýetdi,
Galanyny aýtsam, söz uzar gider.
Şeýdip zynjyryň halkalary dek ulaşyp,
Tä Mustafa geçýänçä dowam etdi.
Älemlere rahmet bolan ol gelende,
Nur oňa baryp, şonda karar tapdy.
Otdan halas bolmagy dileseňiz eger,
Yşk bilen, dert bilen aýdyň salawat!

“Sen, ýagny seniň nuruň, hemişe sežde edýänlerden sežde edýänlere geçirilip, saňa gelip ýetdi” Şugara: 219

Ýaradylan ilkinji ynsan Adam aleýhisselam Muhammet aleýhisselamyň zerresini göterýändigi üçin, onuň maňlaýynda Pygamberiň nury ýalpyldaýardy. Bu zerre ilki hezreti Hawa, ondan soň Şit aleýhisselama geçdi, şeýdip päk erkeklerden päk aýallara, päk aýallardan päk erkeklere geçip gitdi. Muhammet aleýhisselamyň nury hem zerre bilen bilelikde päk maňlaýlardan päk maňlaýlara geçdi. Perişdeler haçan Adam aleýhisselamyň ýüzüne seretseler, onuň maňlaýynda Muhammet aleýhisselamyň nuruny görerdiler we onuň üçin bagyşlanma dilärdiler (ystygfar ederdiler).

Adam aleýhisselam wepat bolmazyndan öň ogly Şit aleýhisselama şeýle diýdi: “Balam! Maňlaýyňda ýalpyldap duran bu nur – iň soňky Pygamber Muhammet aleýhisselamyň nurudyr. Ony mömin, namysly, päk aýallara tabşyr we ogluňa-da şeýle wesýet et!”

Muhammet aleýhisselama çenli ähli atalar ogullaryna şeýle wesýet etdiler. Olaryň her biri bu wesýeti ýerine ýetirdi we iň asylly, iň edepli gyzlara öýlendi. Nur erkekleriň we aýallaryň päk maňlaýlaryndan geçip, öz hakyky eýesine baryp ýetdi. Resulullahyň ata-babalaryndan biriniň iki ogly bolsa ýa-da bir taýpa iki şaha bölünse, Pygamberimiz Muhammet aleýhisselamyň nury hemişe iň şerefli we haýyrly şahada bolardy. Her asyrda onuň atasy bolan şahs ýüzündäki nurdan tanalardy. Onuň nuruny göterýän saýlanan bir nesil bardy; her asyrda bu nesilden bolan şahsyň ýüzi örän owadan we örän nurly bolardy. Ol bu nur bilen doganlarynyň arasynda tapawutlanardy, onuň degişli bolan taýpasy beýleki taýpalardan has üstün, has şerefli bolardy.9

Pygamberimiz bir hadysy şerifinde şeýle diýdi: “Meniň ata-babalarymyň hiç biri zyna etmedi. Allahu tagala meni päk, ýagşy atalardan we päk enelerden dünýä getirdi. Ata-babalarymyň biriniň iki ogly bolan bolsa, men olaryň iň haýyrlysynda, iň gowusynda bolardym”. Adam aleýhisselamdan bäri nesilden-nesle geçip gelen bu nur Taruha, ondan ogly Ybraýym aleýhisselama, soňra ogly Ysmaýyl aleýhisselama geçdi. Onuň hem maňlaýynda gün dek ýalpyldaýan nur neslinden Adnana, ondan Meäde, ondan Nizara geçdi. Nizar doglanda, kakasy Meäd oglunyň maňlaýyndaky nury görüp begendi. Ol uly toý berip: “Beýle ogul üçin bu toý – az zat” diýendigi üçin, oglunyň ady Nizar, ýagny “az zat” bolup galdy. Mundan soň nur halka-halka geçip, öz hakyky eýesine – pygamberleriň soňkusy (Hatamul-enbiýa), söýgüli Pygamberimiz Muhammet aleýhisselama baryp ýetdi.

Pygamberimiz bir hadysy şerifde şeýle diýdi: “Men Abdylla, Abdylmuttalyp, Haşym (Amr), Abdy Menaf (Mugire), Kusaý (Zeýd), Kilab, Mürre, Kagb, Luweý, Galyp, Fihr, Malik, Nadr, Kinäne, Huzeýme, Müdrike (Amyr), Ylýas, Mudar, Nizar, Meäd, Adnan ogly Muhammetdirin. Men degişli bolan jemagat haçan ikä bölünse-de, Allahu tagala meni hökman olaryň iň haýyrly böleginde ýerleşdirdi…”10

Ýene bir hadysy şerifde ol şeýle diýdi: “Allahu tagala Ybraýym ogullaryndan Ysmaýyly saýlady. Ysmaýyl ogullaryndan Kinäne ogullaryny saýlady. Kinäne ogullaryndan Kuraýşy saýlady. Kuraýşdan Haşym ogullaryny saýlady. Haşym ogullaryndan Abdylmuttalyp ogullaryny saýlady. Abdylmuttalyp ogullaryndan bolsa meni saýlady”.11

Pygamberimiziň Adnana çenli şerefli nesil şejeresi şeýledir:

Muhammet aleýhisselam Abdylla Abdylmuttalyp (Şeýbe) Haşym (Amr) Abdy Menaf (Mugire) Kusaý (Zeýd) Kilab Mürre Kagb Luweý Galyp Fihr Malik Nadr Kinäne Huzeýme Müdrike (Amyr) Ylýas Mudar Nizar Meäd Adnan

Atasy hezreti Abdylmuttalyp

Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) Kuraýş taýpasynyň Haşym ogullary şahasyndandyr. Onuň kakasy – Abdylla. Abdyllanyň kakasy Şeýbedi. Pygamberimiziň atasy Şeýbe Medinede doguldy. Kakasy Haşym wepat bolanda, Şeýbe entek çagady. Bir gün ol Medinede, daýylarynyň öýüniň öňünde dostlary bilen ok atmagy türgenleşýärdi. Olary synlap duran ýaşulular Şeýbäniň maňlaýynda ýalpyldaýan nurdan onuň bir şerefli adamyň oglydygyny çaklap, haýran galdylar.

Ok atmak nobaty Şeýbä ýetende, ol ýaýyny çekip, okuny nyşana goýberdi. Ok dogry nyşana degende, ol tolgunyp: “Men Haşymyň ogly. Elbetde, meniň okum nyşanyna degýär!” diýip gygyrdy. Onuň bu sözlerinden mekgeli Haşymyň oglydygyna düşündiler. Şol wagt Haşym eýýäm aradan çykypdy.

Abdy Menaf ogullaryndan biri Mekgä gaýdyp gelende, Haşymyň dogany Muttalyba: “Medinede ýaşaýan doganyňyň ogly Şeýbe örän akylly oglan. Onuň maňlaýynda hemmeleri haýran galdyrýan bir nur ýalpyldaýar. Şeýle gymmatly çaganyň sizden daşda ýaşamagy dogrumy?” diýdi. Şondan soň Muttalyp derrew Medinä gitdi we doganynyň ogly Şeýbäni Mekgä alyp geldi. Mekgäniň köçelerinde “Bu çaga kim?” diýip soraýanlara ol: “Bu – meniň gulum” diýip jogap bererdi. Şondan soň Şeýbäniň ady “Muttalybyň guly” diýmegi aňladýan Abdylmuttalyp bolup galdy.12

“Balam! Maňlaýyňda ýalpyldap duran bu nur – iň soňky Pygamber Muhammet aleýhisselamyň nurudyr. Ony mömin, namysly, päk aýallara tabşyr we ogluňa-da şeýle wesýet et!” Adam aleýhisselam

Abdylmuttalyp kakasynyň dogany Muttalyp wepat bolýança onuň ýanynda ýaşady. Abdylmuttalybyň mübärek bedeninden müşk ysy gelerdi. Onuň maňlaýynda Allahu tagalanyň habyby Muhammet aleýhisselamyň nury ýalpyldap, töweregine haýyr-bereket saçardy. Haçan-da Mekgede ýagyş ýagman, gytçylyk başlansa, mekgeliler Abdylmuttalybyň eline ýapyşyp, ony Sebir dagyna çykaryp, doga etmegini haýyş edip ýalbarardylar. Ol hiç kimiň göwnüni ýykmazdy, Allahu tagaladan ýagyş ihsan etmegini diläp doga ederdi. Jenaby Hak hem Abdylmuttalybyň maňlaýynda ýalpyldaýan söýgüli Pygamberimiziň nurunyň bereketi bilen onuň dogasyny kabul ederdi we bol-bol ýagyş ýagdyrardy. Şeýdip, Abdylmuttalybyň gadyr-hormaty we abraýy günsaýyn artdy. Mekgeliler ony özlerine baştutan edip saýladylar. Oňa garşy çykan bolmazdy, onuň buýrugyna boýun bolanlar rahatlyk we asudalyk tapardylar. Şol döwrüň hökümdarlary hem Abdylmuttalybyň fazyletini we beýikligini ykrar ederdiler. Diňe Eýran şasy (kisra) oňa göriplik edip, açyk hem, gizlin hem oňa duşmançylyk saklardy. Abdylmuttalyp hanyf, ýagny musulmandy.13 Ol tewhit ýolundady, Allahyň barlygyna we birligine ynanýardy, Ondan başga hiç bir pikiri ýokdy we ata-babalaryndan hanyf bolan Ybraýym aleýhisselamyň dinindedi. Şonuň üçin ol hiç haçan butlara çokunmady, hatda olaryň ýanyna-da barmady.

Ol Käbäniň töwereginde Allahu tagala doga ederdi we Oňa ybadat ederdi.

Zemzem

Bir gün düýşünde bir adam oňa: “Eý Abdylmuttalyp! Tur, Taýýibäni gaz!” diýdi-de, gaýyp boldy. Ertesi gün ol: “Tur, Berräni gaz!” diýdi. Üçünji gün şol adam: “Tur, Mednunäni gaz!” diýip buýruk berdi. Düýşler kesilmedi. Dördünji gün şol adam ýene: “Eý Abdylmuttalyp! Tur, Zemzem guýusyny gaz!” diýende, Abdylmuttalyp: “Zemzem näme? Guýy nirede?” diýip sorady. Ol adam şeýle diýdi: “Zemzem – hiç haçan egsilmeýän we düýbüne ýetip bolmaýan suwdur. Ol dünýäniň dört künjünden gelen hajylaryň hemmesine ýeterlikdir. Ol Jebraýyl aleýhisselamyň ganaty bilen uran ýerinden çykandyr. Ol – Allahu tagalanyň Ysmaýyl aleýhisselam üçin ýaradan suwudyr. Ol suwsanlary gandyrýar. Açlary doýurýar, hassalara şypa bolýar. Onuň ýerini aýdaýyn. Gurbanlyk soýanlarynda, galyndylaryny bir ýere dökýärler. Sen şol ýerde bolanyňda, gyzyl çüňkli bir garga geler.

Ol çüňki bilen ýeri eşer. Garganyň eşen ýerinde sen garynja höwürtgesini hem görersiň. Ine, şol ýer – Zemzemiň ýeridir”.14

Irden Abdylmuttalyp ogly Harysy ýanyna alyp, Käbä gitdi we tolgunyp garaşyp başlady. Bir salymdan düýşde aýdylyşy ýaly, gyzyl çüňkli garga gelip, ol ýerdäki bir çukura gondy we çüňki bilen ýeri çokup başlady. Onuň aşagyndan garynja höwürtgesi çykdy. Abdylmuttalyp bilen ogly Harys derrew şol ýeri gazyp başladylar. Biraz gazandan soň, guýynyň agzy göründi. Muny görende, Abdylmuttalyp: “Allahu ekber, Allahu ekber!” diýip tekbir getirip başlady.

Guýynyň gazylyşyny başdan bäri üns bilen synlap duran kuraýşlylar oňa öwrülip: “Eý Abdylmuttalyp! Bu – atamyz Ysmaýylyň guýusy. Onda biziň hem hakymyz bar. Sen bizi bu işe şärik etmeli!” diýdiler. Abdylmuttalyp bolsa derrew garşy çykdy we: “Ýok! Bu iş – diňe maňa ihsan edilen wezipe” diýip jogap berdi. Şondan soň kuraýşlylar: “Sen ýeke-täksiň. Ýeke ogluňdan başga hiç kimiň ýok. Bize beýle garşy durup bilmersiň!” diýdiler.

Zemzem guýusy

Zemzem guýusy

Mesjidul-Haramyň içinde, Hajarul-eswed burçunyň garşysyndady. Onuň daş halkasy bardy. Ýeri mermer bilen düşelipdi we diwarlara tarap ýapgytdy. Abdylhamyt han I guýyny suw syzmaz ýaly edip gurdurypdy. Taryhyň gymmatly ýadygärligi bolan bu owadan sungat eseri 1963-nji ýylda ýykdyryldy. Guýynyň agzy we töweregindäki birnäçe metr ýer ýer ýüzünden birnäçe metr aşak düşürildi. Soňra onuň üsti doly ýapylyp, mermer düşeldi. Häzir bu guýy görünmeýär.

Şonda onuň ýüregi gysyldy, çünki ony kimsesizlik bilen kemsidýärdiler. Ol ellerini asmana galdyryp: “Ýa Rebbim! Maňa on ogul ihsan et. Eger bu dogamy kabul etseň, olaryň birini Käbäniň ýanynda gurban ederin” diýip ýalbardy.15

Abdylmuttalyp gazuw işiniň howply öwüşgin alýandygyny, ahyrsoňy gazaply çaknyşyklaryň bolup biljekdigini oýlandy. Şonuň üçin ol gazmagy bes edip, ylalaşyk ýoluny saýlady.

Ol bu meseläniň bir kazy tarapyndan çözülmegini isledi. Ahyrynda Damaskda ýaşaýan bir kähin (palçy) muňa çäre tapar diýen karara geldiler. Kuraýşyň tanymal adamlaryndan bir topar bilen ýola düşdüler. Ýolda suwsuzlykdan we yssydan juda horlanan kerwen ýerinden gozganyp bilmez ýagdaýa geldi. Olar indi bir damja suw üçin janlaryny bermäge taýýardylar. Ýeke-täk arzuwlary şu bolsa-da, ýakyp-ýandyryjy çölüň ortasynda suw tapmak mümkin däldi.

Hemmeler umydyny üzen bir pursatda Abdylmuttalyp olara: “Geliň, geliň! Ýygnanyň! Size-de, haýwanlaryňyza-da ýeterlik suw tapdym!” diýip gygyrdy. Muhammet aleýhisselamyň mübärek nuruny maňlaýynda göterýän Abdylmuttalyp suw gözläp ýörkä, düýesiniň aýagy uly bir daşa ilipdi, daş ýerinden gozganandan soň, onuň aşagyndan suw çogup çykypdy. Hemmeler ylgap geldi.

Olar gana-gana suw içip, täzeden dirilen ýaly boldular.

Abdylmuttalybyň bu beýikligi öňünde utanan kuraýşlylar: “Eý Abdylmuttalyp! Indi saňa aýtjak sözümiz galmady. Zemzem guýusyny gazmaga iň mynasyp sen. Bu barada seniň bilen indi jedelleşmeris. Kazynyň ýanyna barmagyň hem hajaty galmady, yzymyza dolanýarys” diýdiler. Şondan soň olar Mekgäniň ýoluna düşdüler. Maňlaýynda ýalpyldaýan nuruň hatyrasyna Abdylmuttalyp Zemzem guýusyny gazyp, onuň suwuny çykarmak şerefine eýe boldy.16

“Zemzem doýurýandyr we hassa şypa berýändir” Hadysy şerif

Gurbanlyk ogul

Abdylmuttalyp Zemzem guýusyny gazandan soň, onuň şan-şöhraty has-da artdy. Ýyllar geçdi. Jenaby Hak onuň ýüreginiň töründen çykan dogasyny kabul edip, Abdylmuttalyba Harysdan başga on ogul we alty gyz ihsan etdi. Ogullarynyň atlary Kusem, Abu Leheb, Abdylkäbe, Hajl, Zubeýr, Abu Talyp, Abdylla, Gaýdak, Dyrar we Mukawwymdy (Hamza bilen Abbas entek dogulmandy). Gyzlary bolsa Safiýe, Ätike, Ummu Hakym Beýda, Berre, Umeýme we Erwady. Abdylmuttalyp çagalarynyň arasynda iň köp Abdyllany söýerdi, çünki öz maňlaýyndaky nur Abdyllanyň maňlaýynda ýalpyldap başlapdy.

Bir gün Abdylmuttalyba düýşünde: “Eý Abdylmuttalyp! Nezriňi ýerine ýetir!” diýildi.

Irden Abdylmuttalyp bir goç gurban etdi. Gije düýşünde oňa: “Mundan has ulusyny gurban et!” diýip buýruldy. Irden ol bir sygyr gurban etdi. Düýşünde oňa ýene mundan has ulusyny gurban etmek buýrulanda, ol: “Mundan has ulusy näme?” diýip sorady. Şonda oňa: “Saňa on ogul ihsan edilse, ogullaryňyň birini gurban etmäge nezir edipdiň. Nezriňi ýerine ýetir!” diýildi.

Ertesi gün Abdylmuttalyp çagalaryny ýygnap, ýyllar öň eden dogasy barada gürrüň berdi. Soňra ogullaryna olaryň birini gurban etmelidigini bildirdi. Ogullaryndan ol hiç hili garşylyk görmedi. Tersine, olar: “Eý kakamyz! Nezriňi ýerine ýetir! Isleýän zadyňy etmäge erkiň bar!” diýip razylyk bildirdiler. Abdylmuttalyp gurban boljak oglunyň kimdigini bilmek üçin bije atdy. Bije iň söýgüli oglunyň – maňlaýynda Allahu tagalanyň habyby Muhammet aleýhisselamyň nuruny göterýän Abdyllanyň adyna çykdy. Abdylmuttalyp bir pursat sarsdy, gözleri ýaşdan doldy. Ol Allahu tagalanyň huzurynda beren sözüni ýerine ýetirmelidi. Bir eline pyçak, beýleki eline jigerbendi Abdyllany alyp, Rebbine beren sözüni ýerine ýetirmek üçin Käbä geldi. Gözleri ýaşly kaka Abdyllany gurban etmek üçin ähli taýýarlyklary tamamlady. Şol wagt Kuraýşyň tanymal adamlary haýran galyp, bolup geçýän wakany synlaýardylar.

Olaryň arasyndan Abdyllanyň daýysy: “Eý Abdylmuttalyp! Dur! Seniň bu ogluňy soýmagyňa biz asla razy däl. Eger sen şeýle iş etseň, bu kuraýşlylaryň arasynda däbe öwrüler. Her kim ogluny gurban etmäge nezir edip soýup başlar. Beýle işe ýol açyjy bolma! Rebbiňi başga ýol bilen razy et!” diýdi. Soňra: “Bir kähinden sora, ol saňa ýol görkezsin” diýip teklip etdi.

Bu sözden soň Abdylmuttalyp Haýberde ýaşaýan Kutbe (ýa-da Sejak) atly kähiniň ýanyna baryp, ýagdaýy gürrüň berdi. Kähin: “Sizde bir adamyň gan bahasy (diýet) näçe?” diýip sorady. “On düýe” diýen jogaby alanda, ol: “On düýe bilen ogluňyzyň arasynda bije atyň. Bije ogluňyza çyksa, ýene on düýe goşuň we bije düýelere çykýança şeýdip goşa-goşa bije atmagy dowam ediň” diýdi.

Abdylmuttalyp derrew Mekgä dolandy we kähiniň aýdyşy ýaly etdi. Ol her gezek düýeleriň sanyny on-ondan artdyryp, köp gezek bije atdy. Bije hemişe Abdyllanyň adyna çykdy. Emma düýeleriň sany ýüze ýetende, bije düýelere çykdy. Has ygtybarly bolsun diýip, ol ýene iki gezek bije atdy. Iki gezegem bije düýelere çykdy. Abdylmuttalyp “Allahu ekber! Allahu ekber!” diýip tekbir getire-getire düýeleri gurban etdi. Olaryň etinden özi-de, ogullarynyň hiç biri-de almady. Etiň hemmesini garyplara paýlady.17

Adam aleýhisselamdan bäri bolan gurban wakalarynyň biri-de Ysmaýyl aleýhisselamyň gurban edilmek wakasydyr. Pygamberimiziň nesil şejeresi Ysmaýyl aleýhisselama baryp ýetýändigi üçin, ol: “Men iki gurbanlygyň oglydyryn” diýdi.18

Kakasy hezreti Abdylla

Iki jahanyň serweri Pygamberimiz Muhammet aleýhisselamyň nuruny maňlaýynda göterýän Abdylla doglanda, ähli kitap biri-birine: “Ahyrzaman Pygamberiniň kakasy Mekgede dünýä indi” diýip habar berdiler. Ysraýyl ogullarynyň ýanynda ýüňden dokalan bir jübbe bardy; ol Ýahýa aleýhisselamyňkydy, Ýahýa şehit bolanda ony geýipdi we onuň mübärek gany şol jübbä damypdy. Olaryň kitaplarynda: “Bu gan haçan täzelenip damyp başlasa, ahyrzaman Pygamberiniň kakasy dünýä iner” diýlip ýazylgydy. Ine, ähli kitap şu alamaty görüp, Abdyllanyň doglandygyna düşündiler. Olar göriplik edip, ony köp gezek öldürmäge synanyşsalar-da, Allahu tagala Abdyllany maňlaýyndaky nuruň bereketi bilen gorady.

Abdylla baluga ýetende, gözel ahlagy bilen hem, owadanlygy bilen hem adamlaryň arasynda tapawutlandy. Esasan-da on sekiz ýaşyna girende, onuň owadanlygy dillerde dessan boldy. Maňlaýyndaky nur gün dek ýalpyldap, ony gören gyzlaryň islär-islemez göwni oňa tarap akardy. Onuň owadanlygy we şöhraty Müsüre çenli ýaýrady.

Daşdan-ýakyndan her kim oňa gyzyny bermek üçin ýaryşa girişdi. Köp hökümdarlar Abdylmuttalybyň ýanyna gelip, gyzlaryny ogluna almagy teklip etdiler. Munuň üçin her hili pidakärlige taýýardyklaryny hem bildirdiler. Şonuň ýaly-da, iki ýüze golaý gyz Mekgä çenli gelip, Abdylla bilen durmuş gurmak isleýändiklerini bildirdiler. Emma Abdylmuttalyp olaryň her birine degişli sözler bilen ret jogabyny bererdi.

Çünki Abdylmuttalyp ogluna Ybraýym aleýhisselamdan bäri eýerip gelýän ata-babalarynyň dinine ygrarly, iň edepli, iň asylly we iň owadan, hanyf, ýagny musulman bir gyz gözleýärdi.

Kitaplarynda bildirilen ahyrzaman Pygamberiniň öz kowumlaryndan bolmajakdygyna düşünen Ysraýyl ogullary göriplik sebäpli Abdyllany öldürmäge ant içdiler. Munuň üçin Mekgä ýaragly ýetmiş adam iberdiler. Olar amatly pursada garaşyp başladylar. Ahyrsoňy bir gün Abdylla sähra çykanda, olary hiç kim görmeýär öýdýän bir pursatlarynda, olar gylyçlaryny çykaryp, onuň üstüne topuldylar. Şol gün ylahy hikmet19 boýunça Abdyllanyň garyndaşlaryndan Wehb ibn Abdy Menaf hem birnäçe ýoldaşy bilen awa çykypdy. Olar edil şol pursatda Abdyllanyň üstüne çozan Ysraýyl ogullaryny gördüler. Garyndaşlyk gaýraty bilen olar Abdyllany halas etmek üçin kömek etmek kararyna geldiler. Emma garşy tarap örän köpdi. Bu çaknyşykda olaryň ýeňiljekdigi bellidi. Ahyrsoňy olar nesihat ýoluny saýladylar. Olara ýakynlaşanlarynda, olar bu dünýäde hiç kime meňzemeýän, gara-dor atlara münen, elleri gylyçly köp adamyň gaýypdan ýyldyrym dek peýda bolandyklaryny, tekbir sesleri bilen Ysraýyl ogullaryna hüjüm edendiklerini, olaryň hemmesini gylyçdan geçirip, gaýyp bolandyklaryny gördüler. Wehb bu ýagdaýa haýran galdy we Abdyllanyň nähili goralandygyna, onuň Allahu tagalanyň huzurynda nähili gadyrlydygyna düşündi.

Öýüne gelende, ol bolup geçen wakany aýalyna gürrüň berdi. Ikisi-de gyzlaryna mynasyp ýigidiň Abdylladygyna göz ýetirip, Äminäni oňa bermek kararyna geldiler.

“Men iki gurbanlygyň oglydyryn” Hadysy şerif

Abdylmuttalyp hem Beni Zuhra taýpasynyň ýaşulusy Wehbiň gyzy Äminäniň gözelligi, namysy, haýasy we dindarlygy barada eşidipdi. Nesil taýdan hem olar garyndaşdy, nesilleri birnäçe arka ýokarda birleşýärdi. Ol ogly Abdylla üçin bu gyzy soramak maksady bilen Wehbiň öýüne bardy. Abdylmuttalyp Wehbiň gyzyny ogly Abdylla üçin soranda, Wehb: “Eý doganoglan! Biz bu teklibi sizden öň aldyk” diýdi-de, ozal özüniň şaýady bolan wakasyny gürrüň berdi, soňra şeýle diýip goşdy: “Äminäniň ejesi bir düýş gördi. Onuň aýtmagyna görä, biziň öýümize bir nur giripdir we onuň ýagtysy ýeri-de, asmanlary-da dolduryp alypdyr. Men hem bu gije düýşümde atamyz Ybraýym aleýhisselamy gördüm. Ol maňa: ‘Abdylmuttalybyň ogly Abdylla bilen gyzyň Äminäniň nikasyny men gyýdym. Sen hem muny kabul et!’ diýdi. Şu gün irden bäri şol düýşüň täsiri astyndadyryn. Olar haçan gelerkäler diýip, oýlanyp otyrdym”. Bu sözleri eşiden Abdylmuttalybyň dilinden: “Allahu ekber! Allahu ekber!” diýen sözler çykdy.

Ahyrsoňy ol on sekiz ýaşly ogly Abdyllany Wehbiň on dört ýaşly gyzy Ämine bilen öýerdi. Äminäniň we Abdyllanyň nikasy barada başga rowaýatlar hem bar.20

Onuň mübärek nury ejesine geçýär

Älemiň serweri Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) mübärek nury ejesine geçende, möjekler we guşlar biri-birine şeýle diýip hoş habar berdiler:

“Kainatyň Serweriniň dünýäni şereflendirjek wagty ýakynlaşdy; ol – ýer ýüzüniň emini21, zamananyň güneşi”. Şol gije Käbedäki ähli butlar ýüzin ýykyldy. Şeýtanlar ejizläp, işlerini edip bilmez boldular. Perişdeler Yblysyň tagtyny döwüp, deňze zyňdylar, Yblysyň özüni bolsa kyrk gün jezalandyryp, horladylar. Soňra ol gaçyp, Abu Kubeýs dagyna çykdy we ajy gygyrdy. Yblysyň bu gygyrygyny eşiden ähli goşunlary onuň töweregine ýygnandy. Ol olara: “Waý, siziň halyňyza! Muhammet aleýhisselamyň dogulmagy ýakynlaşdy. Mundan beýläk Lata-da, Uzza-da çokunmazlar. Tewhit nury bütin älemi gurşar” diýdi. Şol gije ähli jadygöýler we kähinler işlerinde ejiz galdylar. Palçylyk soňlandy. Olaryň jadylary täsirsiz galdy. Şol gije ýer ýüzündäkiler asmandan: “Ahyrzaman Pygamberiniň müňlerçe ýagşylyklar we ihsanlar bilen gelmeli wagty ýakynlaşdy” diýen bir sesi eşitdiler.

Şol wagt Mekgeýi mükerremede gytçylykdy. Eýýäm köp ýyl bäri ýagyş ýagmandy. Agaçlarda ýekeje-de gök ýaprak ýokdy, hasyldan nam-nyşan galmandy. Adamlar kyn ýagdaýa düşüp, näme etjeklerini bilmän aljyraýardylar. Söýgüli Pygamberimiziň mübärek nury hezreti Abdylladan hezreti Äminä geçenden soň, şeýle bir ýagyş ýagdy, şeýle bir bol hasyl boldy welin, hatda şol ýyla “bolçulyk ýyly” diýip at berdiler. Hezreti Ämine oňa göwreli bolan dokuz aýynyň dowamynda hiç hili agyry-ynjy, kynçylyk çekmedi.

Ämine enemiziň göwreliligine iki aý bolanda, äri Abdylla söwda bilen Damaska gidipdi. Gaýdyp gelýärkä ol syrkawlady. Ol on sekiz ýa-da ýigrimi bäş ýaşynda, Medinäniň golaýyndaky Darun-Nabygada, daýylary – Nejjar ogullarynyň ýanynda wepat boldy.22 Bu habar Mekgede eşidilende, tutuş şäher gama batdy.23

“Pygamberimiziň kakasy Abdylla ogly dogulmazdan öň wepat bolanda, perişdeler: ‘Eý Rebbimiz! Seniň Resulyň ýetim galdy’ diýdiler” Abdylla ibn Abbas (radyýallahu anhuma)

Hormatly sahabalardan Abdylla ibn Abbas (radyýallahu anhuma) şeýle gürrüň berdi: “Pygamberimiziň kakasy Abdylla ogly dogulmazdan öň wepat bolanda, perişdeler: ‘Eý Rebbimiz! Seniň Resulyň ýetim galdy’ diýdiler. Allahu tagala: ‘Onuň goraýjysy we kömekçisi – Men’ diýdi”.

Ämine hatyn äriniň wepatyna örän gynandy. Bir goşgusynda ol onuň ölümi baradaky hasratyny şeýle beýan etdi:

Garaşylmadyk bir pursatda ony ajaly aldy,
Ol bolsa şeýle sahy, şeýle rehimlidi.

Pil wakasy

Pil wakasy

Resuly ekremiň (sallallahu aleýhi we sellem) dünýä inmegine iki aý töweregi wagt galypdy. Edil şol wagt Pil wakasy boldy. Adamlaryň her tarapdan topar-topar gelip, Käbäni zyýarat etmegine päsgel bermek isleýän Abraha – Habeşistan patyşalygynyň Ýemendäki häkimi – Wizantiýa imperatorynyň kömegi bilen Sanada “Kuleýs” atly uly bir hristian ybadathanasyny saldyrdy. Ol adamlaryň şu ybadathanany zyýarat etmeklerini isledi. Emma araplar ozaldan bäri Käbäni zyýarat edýändikleri üçin, bu ybadathana hiç hili hormat goýmadylar. Oňa kemsidiji nazar bilen garadylar. Hatda olaryň biri ybadathanany hapalady.

Abraha bu ýagdaýa gaharlandy we Käbäni ýykmak kararyna geldi. Munuň üçin ol uly goşun taýýarlap, Mekgä tarap ýöriş etdi. Abrahanyň goşuny Mekgä ýakynlaşanda, esgerler kuraýşlylaryň mallaryny talap başladylar. Olar Abdylmuttalyba degişli iki ýüz düýäni hem elinden aldylar. Abdylmuttalyp Abrahanyň ýanyna baryp, düýelerini gaýtaryp bermegini sorady. Abraha: “Men siziň mukaddes Käbäňizi ýykmaga geldim. Sen ony goramak islemeýärsiň-de, düýeleriňi soraýarsyňmy?” diýdi.

Abdylmuttalyp: “Men düýeleriň eýesi. Käbäniň hem, elbetde, Eýesi bar. Ony Ol gorar” diýdi. “Ony menden goraýjy ýok!” diýdi Abraha we düýeleri Abdylmuttalyba gaýtaryp berip, ony goýberdi. Soňra goşunyna Käbä tarap hereket etmegi buýurdy. Abrahanyň goşunynda “Mahmude” atly bir pil bardy; ony goşunyň öňünde ýöredýärdiler, çünki şeýle etseler ýeňiş gazanarys diýip ynanýardylar. Abrahanyň ýol görkezijilerinden Nukaýl ibn Lebib uly piliň gulagyna eglip: “Eý Mahmude, sen ýykmaga barýan öýüň – Allahu tagalanyň öýüdir. Häzir çök! Öňe gitme! Ýogsa heläk bolarsyň!” diýdi. Abraha pili Käbä tarap öwrende, ol ýere çökdi we gozganmady. Ony Ýemene tarap öwürseler bolsa, derrew ylgap giderdi.

Şeýdip, Mekgä ýakynlaşyp hüjüm etmäge güýji ýetmedik Abrahanyň goşunynyň üstüne Allahu tagala ebabyl, ýagny dag garlawajy diýilýän bir sürü guş iberdi. Bu guşlaryň her biri nohut ýa-da merjimek ululygyndaky üç daş göterýärdi: biri çüňkünde, ikisi aýaklarynda. Olar bulary Abrahanyň goşunynyň üstüne taşladylar. Daşlar esgerleriň kellesinden girip, olary dikligine deşip geçýärdi. Daş degen her esger derrew ölýärdi. Aýaty kerimede bildirilişi ýaly, goşun iýlen ekin ýapragy ýaly boldy. Muny gören Abraha howsala düşüp, gaçmak isledi. Emma gaçyp bilmedi. Daşlaryň esasy nyşany hem ol bolupdy, daşlar oňa hem degdi. Ol gaçdygyça, eti bölek-bölek bolup gopup düşdi we öldi. Bu waka Kurany Kerimiň Fil süresinde manysyna görä şeýle bildirilýär: “(Eý Resulym! Käbäni ýykmak isleýän) pil eýelerine (piller bilen ýaraglanan Abrahanyň goşunyna) Rebbiň näme edenini görmediňmi? Ol olaryň (Käbeýi muazzamany ýykmak görnüşindäki) hilelerini puja çykarmadymy? Ol olaryň üstüne sürü-sürü guşlar iberdi. Ol guşlaryň her biri olaryň üstüne palçykdan ýasalyp, otda bişirilen daşlar atýardy. Ahyrynda Allahu tagala olary güýe iýen ekin ýapragy ýaly ýok etdi. (Olary gurçuklaryň gemirip, dograp taşlan ekin ýapraklary ýagdaýyna getirdi.)”24

“Men düýeleriň eýesi. Käbäniň hem, elbetde, Eýesi bar. Ony Ol gorar” Şeýbetul-Hamd

Arabystan we onuň töweregindäki medeniýet merkezleri