PYGAMBERIMIZIŇ ÄHLI BEÝTI
Söýgüli Pygamberimiziň ähli maşgala agzalaryna Ähli beýt diýilýär. Onuň mübärek aýallary, gyzy hezreti Fatma bilen hezreti Aly, olaryň mübärek perzentleri hezreti Hasan bilen hezreti Hüseýin, şeýle hem olaryň ähli çagalary we agtyklary, mundan başga-da Pygamberimiziň päk nesli degişli bolan Haşym ogullary – hemmesi Ähli beýtdir. Resulullahyň Ähli beýti üç görnüşdir: birinjisi – nesil, gan taýdan garyndaşlary; onuň bibileri hem şolaryň hataryndadyr. Ikinjisi – onuň päk aýallary. Üçünjisi – aýallarynyň saçlaryny daramak, naharlaryny bişirmek, otaglary süpürmek, kir ýuwmak we öý işlerini etmek üçin hemişe olaryň öýlerinde bolan hyzmatkär aýallar. Daşarky işleri edýän, metjitde azan aýdýan Bilal, Selman we Suhaýb hem Bagt öýünden iýip-içerdiler. Bir gün Resulullah kakasynyň dogany Abbasyň öýüne baryp, ony we çagalaryny ýanynda oturtdy, olaryň üstüni ihramy bilen örtüp: “Ýa Rebbim! Bu – meniň agam, kakamyň dogany. Bular bolsa – meniň Ähli beýtim. Men olary şu örtügim bilen örtüşim ýaly, Sen hem olary örtüp, dowzah odundan gora!” diýdi.
Pygamberimiziň öýlenmeginiň sebäpleri
Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) ilkinji gezek ýigrimi bäş ýaşyndaka hezreti Hatyja (radyýallahu anha) bilen durmuş gurdy. Hezreti Hatyja kyrk ýaşyndady we dul aýaldy. Emma onuň maly, gözelligi, akyly, ylmy, şerefi, asyl-nesli, päkligi we edebi örän uludy. Olar ýigrimi bäş ýyl bile ýaşadylar. Hezreti Hatyja dirikä, Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) başga hiç kime öýlenmedi.
Hezreti Hatyja enemiz (radyýallahu anha) wepat bolandan soň, Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) ikinji gezek, elli bäş ýaşyndaka, hezreti Abu Bekiriň gyzy hezreti Aişe enemize (radyýallahu anha) öýlendi. Ol onuň bilen Allahu tagalanyň buýrugy bilen nikalaşypdy. Ahyrete göçýänçä, ol onuň bilen sekiz ýyl ýaşady. Ol örän akylly, zehinli, alyma, edebiýatçy, päk we salyha aýaldy. Onuň ýadynda saklaýyş ukyby örän güýçli bolany üçin, hormatly sahabalar köp zatlary ondan sorap öwrenýärdiler.
Onuň galan nikalarynyň hemmesi dini ýa-da syýasy sebäplere görä, ýa-da mähir-merhemet we ýagşylyk edip baglanan nikalardy. Ol aýallaryň hemmesi dul aýallardy, köpüsi bolsa ýaşy uludy. Mysal üçin, Mekgedäki kapyrlaryň musulmanlara beren azary we zyýany çydap bolmajak derejä ýetende, hormatly sahabalaryň bir bölegi Habeşistana hijret etdi. Habeşistanyň patyşasy Najaşy hristiandy. Ol musulmanlara dürli zatlary sorap, alan kämil jogaplaryna haýran galyp, iman getirdi. Ol musulmanlara köp ýagşylyk etdi. Iman getiren ýaly görünýän Ubeýdulla ibn Jahş bolsa garyplykdan gutulmak üçin keşişlere aldanyp, murtat boldy, dinini dünýä çalyşdy.1 Resulullahyň bibisiniň ogly bolan bu näletlenen adam aýaly Ummu Habybany hem dinden çykmaga, baý bolmaga yrdy we mejbur etdi. Emma aýal garyplyga-da, ölüme-de razy boljakdygyny, ýöne Muhammet aleýhisselamyň dininden çykmajakdygyny aýdanda, ol ony aýyrdy. Ol onuň mätäçlikde horlanyp ölmegine garaşýardy. Emma tiz wagtdan özi öldi. Ummu Habyba Mekgedäki kuraýşlylaryň şol wagtky baş serkerdesi Abu Sufýanyň gyzydy. Resulullah şol wagtlar Kuraýş goşunlary bilen örän agyr söweşler alyp barýardy, Abu Sufýan bolsa yslamy ýok etmek üçin soňky güýjüni goýup söweşýärdi. Resulullah Ummu Habyba enemiziň (radyýallahu anha) imanynyň güýçlüdigini we onuň başyna düşen örän ajy ýagdaýy eşitdi. Ol Najaşa hat ýazyp: “Men ol ýerdäki Ummu Habyba öýlenmekçi. Meniň nikamy gyý! Soňra ony bu ýere iber” diýip haýyş etdi. Najaşy mundan öň musulman bolupdy. Ol hata örän uly hormat goýup, ol ýerdäki musulmanlary köşgüne çagyrdy we myhmançylyk berdi. Hijretiň ýedinji ýylynda nika gyýyldy we ol köp sowgatlar berdi. Şeýdip, Ummu Habyba imanynyň sylagyna ýetip, ol ýerde baý we rahat ýaşap başlady. Onuň sebäbi bilen beýleki musulmanlar hem rahatlyk tapdy. Jennetde aýallar ärleriniň ýanynda boljakdygy üçin, oňa jennetiň iň ýokary derejesi bilen buşlug berildi, bu buşlugyň ýanynda bolsa dünýäniň ähli lezzetleri we nygmatlary juda kiçi bolup galýar. Bu nika Abu Sufýanyň soňra musulman bolmak şerefine eýe bolmagyna ýol açan sebäpleriň biri boldy. Görşümiz ýaly, bu nika Resulullahyň akylynyň, zehininiň, danalygynyň, ýagşylygynyň we mähir-merhemetiniň derejesini hem görkezýär.2
Ikinji mysal: hezreti Omaryň gyzy Hafsa enemiz (radyýallahu anha) dul galypdy. Hijretiň üçünji ýylynda hezreti Omar hezreti Abu Bekire we hezreti Osmana: “Gyzymy alarmyň?” diýende, olaryň her biri: “Pikirleneýin” diýipdi. Bir gün olaryň üçüsi hem, başgalar hem Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) ýanyndaka, ol: “Eý Omar! Men seni gamgyn görýärin, munuň sebäbi näme?” diýip sorady. Çüýşedäki syýanyň reňki aňsat görnüşi ýaly, Resulullah hem her kimiň pikirine bir seredişde düşünýärdi. Gerek görse, sorardy. Oňa, hatda her kese dogrusyny sözlemek bize parz bolany üçin, hezreti Omar: “Ýa Resulallah! Gyzymy Abu Bekire we Osmana teklip etdim, olar almadylar” diýip jogap berdi. Resulullah özüniň iň köp söýýän bu üç sahabasynyň gynanmagyny asla islemeýändigi üçin, olary begendirmek maksady bilen şol bada: “Eý Omar! Gyzyňy Abu Bekirden we Osmandan hem gowurak birine bermegimi isleýärmiň?” diýdi. Hezreti Omar geň galdy, sebäbi hezreti Abu Bekirden we hezreti Osmandan gowurak adamyň ýokdugyny bilýärdi. Ol: “Hawa, ýa Resulallah!” diýdi. Resulullah: “Eý Omar, gyzyňy maňa ber!” diýdi. Şeýdip, hezreti Hafsa hezreti Abu Bekiriň, hezreti Osmanyň we ähli möminleriň enesi boldy, olar bolsa onuň hyzmatkärleri boldular, hezreti Abu Bekir, hezreti Omar we hezreti Osman biri-birine has-da ýakyn we has-da söýgüli boldular.3
Üçünji mysal: hijretiň bäşinji ýa-da altynjy ýylynda Beni Mustalyk taýpasyndan alnan ýüzlerçe ýesiriň arasynda taýpanyň baştutany Harysyň gyzy Juweýriýe hem bardy. Resulullah ony satyn alyp, azat etdi we onuň bilen nikalaşdy. Şondan soň hormatly sahabalaryň (aleýhimur-rydwan) hemmesi: “Biz Resulullahyň maşgalasynyň, enemiziň garyndaşlaryny gyrnak, hyzmatkär edip saklamakdan utanýarys” diýdiler. Olaryň hemmesi öz ýesirlerini azat etdi. Bu nika ýüzlerçe ýesiriň azat edilmegine sebäp boldy. Hezreti Juweýriýe enemiz (radyýallahu anha) bu ýagdaýy hemişe gürrüň berip buýsanardy. Hezreti Aişe: “Juweýriýeden has haýyrly, has bereketli aýaly görmedim” diýerdi.4 Bir hadysy şerifde şeýle diýildi: “Ähli aýallarym bilen nikalarym we gyzlarymy durmuşa çykarmagym – hemmesi Jebraýylyň (aleýhisselam) Allahu tagaladan getiren rugsady bilen boldy”.
Resulullahyň köp öýlenmeginiň möhüm sebäpleriniň biri hem yslam dinini bildirmekdi. Hijap aýaty inmänkä, ýagny aýallara örtünmek buýrulmazdan öň, aýallar hem Resulullahyň ýanyna gelip, bilmeýän zatlaryny sorap öwrenýärdiler. Resulullah biriniň öýüne barsa, aýallar hem gelip oturýardylar, diňleýärdiler, peýdalanýardylar. Hijap aýaty inip, aýallaryň nämahrem erkekler bilen oturmagy, gürleşmegi gadagan edilende, ol nämahrem aýallary kabul etmedi. Ol olara bilmeýän zatlaryny mübärek aýaly hezreti Aişeden sorap öwrenmegi buýurdy. Gelip soraýanlaryň köplüginden hezreti Aişe olaryň hemmesine jogap bermäge ýetişip bilmeýärdi. Bu möhüm hyzmaty ýeňilleşdirmek we Aişe enemiziň ýüküni ýeňletmek üçin, ol gerek bolan mukdarda aýal aldy. Aýallara degişli ýüzlerçe inçe bilimleri ol musulman aýallaryna mübärek aýallarynyň üsti bilen bildirdi. Ýeke-täk aýaly bolan bolsa, ähli aýallaryň ondan soramagy kyn, hatda mümkin däl bolardy. Allahu tagalanyň dinini doly bildirmek üçin, ol köp öýlenmegiň ýüküni hem öz egnine aldy.
Pygamberimiziň mübärek aýallary
Hatyjatul-Kubra (radyýallahu anha): Ol Kuraýşyň asylzada, mertebeli maşgalasyndandyr. Ol Huweýlit ibn Eset ibn Abdyl-Uzza ibn Kusaýyň gyzydyr. Ol Resulullahyň ilkinji aýalydyr. Onuň kakasy – Huweýlit, ejesi – Fatma. Ol kyrk ýaşyndaka we dul wagtynda Resulullaha durmuşa çykdy. Resulullah şol wagt ýigrimi bäş ýaşyndady. Ondan onuň dört gyzy we iki ogly boldy. Dul wagtynda ol söwda bilen meşgullanýardy. Onuň işgärleri, mirzalary we gullary bardy. Ol örän baý, alyma we akylly aýaldy. Ol iman getiren ilkinji azat aýaldyr. Jebraýyl aleýhisselam Resulullaha ilkinji gezek görnende, ol gorkupdy. Ol bu ýagdaýy Hatyja gürrüň berdi. Ilki bilen Hatyja (radyýallahu anha) iman getirdi. Kapyrlar butlara çokunýardylar, Resulullaha ynanmaýardylar, ony masgaralaýardylar. Olar oňa köp azar berýärdiler. Hatyja (radyýallahu anha) Resulullaha teselli we gaýrat berýärdi. Ol ähli mal-mülküni onuň ýolunda gurban etdi. Ýigrimi bäş ýyllap Resulullaha wepalylyk bilen hyzmat etdi. Bir gezek hem onuň köňlüne degmedi.
Ol hijretden üç ýyl öň, Abu Talybyň wepatyndan üç gün soň, altmyş bäş ýaşynda Mekgeýi mükerremede wepat boldy.
Resulullah wepatyna çenli ony hemişe öwerdi. Hatda bir gün öýde ony öwüp otyrka, Aişe enemiz çydap bilmän: “Jenaby Hak size ondan has gowusyny berdi” diýdi. Şonda ol: “Ýok! Ondan gowusy berilmedi. Hemmeler maňa ýalançy diýen günlerde, ol maňa ynandy. Hemmeler maňa azar berende, ol maňa ýar boldy. Ol meniň gaýgylarymy aýyrdy” diýdi.
Hezreti Hatyja bilen onuň gyzy Fatma Zähra – bir hadysy şerifde dünýädäki ähli aýallaryň iň üstüni diýlip bildirilen dört aýalyň ikisidir. Üçünjisi – Firgawunyň aýaly hezreti Asiýe, dördünjisi – hezreti Merýem (radyýallahu tagala anhunna).
“Ähli aýallarym bilen nikalarym we gyzlarymy durmuşa çykarmagym – hemmesi Jebraýylyň (aleýhisselam) Allahu tagaladan getiren rugsady bilen boldy” Hadysy şerif
Aişe (radyýallahu anha): Ol Resulullahyň ikinji päk aýalydyr. Ol Abu Bekir Syddygyň gyzydyr. Ejesi – Ummu Ruman. Ol hijretden sekiz ýyl öň dünýä indi. Onuň çagasy bolmady. Onuň bilen nika Hatyjatul-Kubranyň wepatyndan bir ýyl soň we hijretden iki ýyl öň gyýyldy. Üç ýyldan soň, Medinede, ol Hüjreýi sagadata getirilmek şerefine eýe boldy. Onuň akyly, zehini, päkligi we takwalygy haýran galdyrar derejede uludy. Resulullah ony örän söýerdi we köp öwerdi. Onuň nikasy Allahu tagalanyň buýrugy bilen boldy. Ol aýaty kerime bilen öwüldi. Hormatly sahabalar öz kyn meselelerini çözmek üçin oňa ýüz tutardylar. Resulullah (sallallahu tagala aleýhi we sellem) wepat bolanda, ol on sekiz ýaşyndady. Onuň ijtihady hezreti Alynyňka gabat gelmändigi üçin, Düýe wakasynda ol hezreti Aly bilen söweşen hormatly sahabalar bilen bileje boldy. Hezreti Aly şehit edilende, ol gaty gynandy. Hurufylar oňa köp töhmet atýarlar. Ol hezreti Alyny söýmeýärdi diýýärler. Emma “Alyny söýmek imandandyr” diýen hadysy şerifi hezreti Aişäniň özi habar berdi ahyryn. Şeýdip, ol özüniň hezreti Alyny söýýändigini we her kimiň ony söýmelidigini bildirdi. Ol hijretiň elli ýedinji ýylynda, altmyş bäş ýaşynda Medinede wepat boldy. Onuň gabry Baky gonamçylygyndadyr.
Sewde binti Zemga (radyýallahu anha): Ol Resulullahyň üçünji aýalydyr. Ol äri bilen bilelikde iman getirip, Habeşistana hijret edipdi. Mekgä dolanyp gelenlerinde, äri wepat boldy. Resulullah ilki hezreti Aişe bilen, soňra Sewde bilen nikalaşdy. Sewdäni ol Mekgede, hezreti Aişäni bolsa Medinede öýüne getirdi. Ol örän rehimli we päk zenandy. Ol hezreti Omaryň zamanynda wepat boldy.5
Hafsa (radyýallahu anha): Ol hezreti Omaryň (radyýallahu anhu) gyzydyr. Onuň ilkinji äri Huneýsdi. Olar bilelikde Habeşistana we Medinä hijret etdiler. Ýaş wagtynda dul galanda, kakasy ony hezreti Abu Bekire, soňra Osmana teklip etdi. Ikisi hem ötünç sorady. Hezreti Omar gynandy. Hijretiň üçünji ýylynda ol Resulullahyň nikasy bilen şereflendi. Resulullah birnäçe wagtdan soň Hafsany aýyrdy. Soňra Jebraýyl aleýhisselamyň yşaraty bilen onuň bilen täzeden nikalaşdy. Ol köp oraza tutardy, köp namaz okardy. Ol hijretiň 41-nji ýylynda, altmyş ýaşynda wepat boldy.
Zeýnep binti Huzeýme (radyýallahu anha): Ol köp ybadat ederdi, köp sadaka bererdi. Öň ol Abdylla ibn Jahşyň aýalydy. Abdylla Resulullahyň bibisi Umeýmäniň oglydy. Ol Uhud söweşinde şehit boldy. Zeýnep Resulullahyň nikasy bilen şereflenen hem bolsa, sekiz aýdan soň wepat boldy.6
Ummu Seleme (radyýallahu anha): Onuň ady Hinddi. Ol äri Abu Seleme bilen Habeşistana ilkinjileriň hatarynda hijret etdi. Abu Seleme Resulullahyň bibisi Berräniň ogly Ubeýdulla ibn Jahşyň doganydy; ol Medinede, hijretiň dördünji ýylynda Uhud söweşinde alan ýarasyndan wepat boldy. Ummu Seleme Abu Bekiriň we Omaryň nika tekliplerini kabul etmedi. Ol Resulullahyň nikasy bilen şereflendi. Ol elli dokuzynjy ýylda Medinede segsen dört ýaşynda wepat boldy. Pygamberiň aýallaryndan iň soňky wepat bolany şoldy.7
“Ýok! Ondan (Hatyjadan) gowusy berilmedi. Hemmeler maňa ýalançy diýen günlerde, ol maňa ynandy. Hemmeler maňa azar berende, ol maňa ýar boldy. Ol meniň gaýgylarymy aýyrdy” Hadysy şerif
Juweýriýe (radyýallahu anha): Ol Beni Mustalyk taýpasynyň baştutany Harysyň gyzydy. Ol hijretiň bäşinji ýylynda bolan Müreýsi söweşinde ýesir alnypdy. Onuň kakasynyň doganynyň ogly bolan äri söweşde öldürildi. Ol ýigrimi ýaşyndady we örän owadandy. Bir rowaýata görä, Juweýriýe satuwa çykarylanda, kakasy ony satyn almak üçin Medinä bir süri düýe getirdi. Iň gowy iki düýäni gyzganyp, olary şäheriň daşynda gizläp goýdy. Resul aleýhisselam: “Pylan ýerde gizlän iki düýäňi hem getir” diýdi. Harys geň galyp, iki ogly we ýene köp adamlar bilen bilelikde iman getirdi. Resul aleýhisselam düýeleri alyp, gyzyny yzyna berdi. Gyzy hem iman getirdi. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) Juweýriýäni kakasyndan sorap, onuň bilen nikalaşdy. Ol hijretiň elli altynjy ýylynda wepat boldy.
Zeýnep binti Jahş (radyýallahu anha): Ol Resulullahyň bibisi Umeýmäniň gyzy, Abdylla ibn Jahşyň gyz doganydy. Onuň kakasynyň ady Burredi. Ol iman getirmändigi üçin, oňa Jahş diýipdiler. Zeýnep ilkinji iman getirenlerdendir.
Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) ony ilki özüniň ogullyga alan ogly Zeýd ibn Harysa bilen nikalaşdyrdy. Zeýd Zeýnebiň hakyny berjaý edip bilmändigi üçin, hijretiň üçünji ýylynda olar aýrylyşdylar. Resul aleýhisselam oňa öýlenmek isledi. Zeýnep muny eşidende, şatlygyndan iki rekagat namaz okady we: “Ýa Rebbim! Seniň Resulyň meni aýallyga isleýär. Eger Sen meniň onuň aýaly bolmak şerefine ýetmegimi takdyr eden bolsaň, meni oňa Sen ber” diýip doga etdi. Onuň dogasy kabul boldy we Ahzab süresiniň manysyna görä: “Zeýd onuň hakynda islänini edenden soň (ýagny Zeýnebi aýyrandan soň), Biz ony saňa aýal edip berdik” diýen otuz ýedinji aýaty indi. Zeýnebiň nikasyny Allahu tagala Özi gyýandygy üçin, Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) aýratyn nika gyýmady. Zeýnep (radyýallahu anha) munuň bilen hemişe buýsanardy we: “Her aýaly kakasy durmuşa çykarýar. Meniň nikamy bolsa Allahu tagala gyýdy” diýerdi. Şol wagt ol otuz sekiz ýaşyndady. Ol hijretiň ýigriminji ýylynda, elli üç ýaşynda wepat boldy.8 Onuň haýry we ýagşylygy köpdi, ol sadaka bermegi örän söýerdi. Ol el işlerinde hem ussatdy. Özüniň ýasan zatlaryny we eline düşen her bir zady garyndaşlaryna we garyplara bererdi. Halyf Omar Pygamberiň päk aýallarynyň her birine on iki müň dirhem bererdi. Zeýnep binti Jahş ony alan badyna hemmesini sadaka edip paýlardy. Hezreti Aişe ony munuň üçin köp öwdi. “Aýallarymyň arasynda maňa iň öň gowuşjagy – eli açygydyr”9 diýen hadysy şerif onuň iň öň wepat boljakdygyny habar beripdi, sebäbi iň köp sadaka berýän şoldy.
Edepsiz we töhmetçi fransuz şahyry Wolter Resulullahyň hezreti Zeýnebi aýallyga almagy hakynda taryhlara, wakalara we habarlara düýbünden ters gelýän, oýlanyp tapylan pes töhmetler bilen goşgy düzüp, bir teatr eserini ýazdy. Edebiýat we pikir adamyna ýaraşmaýan bu gelşiksiz, ýigrenji ýazgysy ony ýygnakdan kowan (aforoz eden) uly duşmany – Rim papasyna ýarady we papa oňa ýaranjaňlyk edip hat ýazdy. Musulmanlaryň halyfy soltan Abdylhamyt han II bu pýesanyň sahnada goýuljakdygyny eşidende, Fransiýanyň we Angliýanyň hökümetlerine ultimatum berip, muňa şol bada ýol bermedi we tutuş adamzady ýüzi gyzardýan pesliklerden halas etdi.
Hezreti Safiýe (radyýallahu anha): Ol Haýber ýahudylarynyň baştutany Huýeý ibn Ahtabyň gyzydy. Ol Haýberde bir ýahuda adaglanypdy. Soňra örän baý bolan Kinäne ibn Hakyk bilen nikalaşdy. Hijretiň ýedinji ýylynda Haýber alnanda, Safiýe hem ýesir alyndy. Ol Resulullahyň paýyna düşdi we Resulullah ony azat etdi. Ol iman getirdi we Resulullahyň nikasy bilen şereflendi. Ol hijretiň ellinji ýylynda Medinede wepat boldy.10
Ummu Habyba (radyýallahu anha): Ol Abu Sufýan ibn Harb ibn Umeýýäniň gyzy, hezreti Muawiýanyň gyz doganydy. Ejesiniň ady Hinddi. Ol äri Ubeýdulla ibn Jahş bilen bilelikde musulman bolup, Habeşistana hijret etdi. Gyzy Habyba Habeşistanda doglandygy üçin, onuň özi hem Ummu Habyba (Habybanyň ejesi) künýesi bilen meşhur boldy. Onuň äri ol ýerde keşişlere aldanyp, murtat boldy we öldi. Ol keseki ýurtda ýeke we garyp galdy. Ol: “Resulullahyň dininden çykmaryn” diýdi. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) ony begendirmek üçin oňa öýlenmek isledi. Ol hijretiň ýedinji ýylynda Najaşa hat ýazdy. Najaşy Pygamberiň bu buýrugy boýunça ony Resuly ekreme nikalap berdi we Medinä iberdi. Ol hijretiň kyrk dördünji ýylynda Medinede wepat boldy.
Hezreti Meýmuna (radyýallahu anha): Onuň ady Berredi, Resulullah onuň adyny Meýmuna diýip üýtgetdi. Meýmunanyň äri wepat bolupdy. Haýber alnandan soň umra etmek üçin Mekgä gidildi; Medinä dolanyp gelinýärkä, ol Resulullahyň nikasy bilen şereflendi. Hijretiň elli üçünji ýylynda ol Mekgede kesele ýolukdy. Ol: “Meni Mekgeden çykaryň! Sebäbi Resulullah meniň Mekgäniň daşynda wepat boljakdygymy habar berdi” diýdi. Ony çykaranlarynda, ol Resulullah bilen nikasy gyýylan ýerde (Serif diýilýän ýerde) wepat boldy.11
Hezreti Mariýa (radyýallahu anha): Ol Pygamberimiziň gyrnagydyka iman getirdi we onuň nikasy bilen şereflendi. Mariýany Müsüriň we Iskenderiýäniň hökümdary Mukawkys sowgat edip iberendigi üçin, onuň asyl-nesli (nesil şejeresi) we doglan ýyly takyk belli däl. Resuly ekremiň Mariýa enemizden bir ogly boldy. Onuň ady Ybraýymdy. Hezreti Mariýa örän asuda, sessiz-üýnsüz we kiçigöwünli aýaldy. Ol hezreti Omaryň halyflygynyň soňky ýyllarynda, milady 637-nji (hijri 16-njy) ýylda wepat boldy. Ol Baky gonamçylygynda jaýlandy.12
Hezreti Reýhana (radyýallahu anha): Ol Pygamberimiziň gyrnagydyka musulman boldy. Ol Medinede ýaşaýan ýahudylaryň Beni Kuraýza taýpasyndandy. Onuň nesil şejeresi – Reýhana binti Şemgun ibn Ýezit ýa-da Reýhana binti Zeýd ibn Amr ibn Hanefe ibn Şemgun ibn Ýezit. Onuň doglan ýyly takyk belli däl. Ol Pygamberimizden öň, milady 631-nji (hijri 10-njy) ýylda Medinede wepat boldy. Ol Baky gonamçylygynda jaýlandy.13
“Seýitleri we şerifleri söýmek soňky demde iman bilen gitmäge sebäp bolýar” Abu Mujahyt Enwer ibn Nazyf (rahmetullahi aleýh)
