Söýgüli Pygamberim

PYGAMBERIMIZIŇ MUGJYZALARY

Söýgüli Pygamberimiz Muhammet aleýhisselamyň Allahu tagalanyň pygamberidigini görkezýän şaýatlar sanardan köpdür. Allahu tagala: “Sen bolmadyk bolsaň, Men älemi ýaratmazdym!” diýdi.1 Ähli barlyklar Allahu tagalanyň barlygyny we birligini görkezişi ýaly, Muhammet aleýhisselamyň pygamberdigini we artykmaçlygyny hem görkezýär. Onuň ymmatynyň öwlüýälerinde ýüze çykýan keramatlaryň hemmesi onuň mugjyzalarydyr. Sebäbi keramatlar oňa eýerýänlerde, onuň yzy bilen gidýänlerde ýüze çykýar. Hatda ähli pygamberler onuň ymmatyndan bolmagy isländikleri üçin, has dogrusy, olaryň hemmesi onuň nuryndan ýaradylandygy üçin, olaryň mugjyzalary hem Muhammet aleýhisselamyň mugjyzalaryndan hasaplanýar. Söýgüli Pygamberimiz Muhammet aleýhisselamyň mugjyzalary wagt taýdan üçe bölünýär:

Birinjisi – onuň mübärek ruhy ýaradylandan başlap, pygamberliginiň bildirilen bigset döwrüne çenli bolanlar. Ikinjisi – bigsetden onuň wepatyna çenli aralykda bolanlar.

Üçünjisi – onuň wepatyndan kyýamata çenli bolan we boljak zatlar. Bulardan birinjilerine irhas diýilýär. Olaryň her biri hem öz gezeginde göz bilen görlen we görülmän akyl bilen düşünilýän mugjyzalar hökmünde ýene ikä bölünýär. Ähli mugjyzalar şeýle köpdür welin, olary çäklendirmek, sanap çykmak mümkin bolmady. Ikinji görnüşdäki mugjyzalaryň üç müňe golaýdygy bildirilýär. Olardan iň meşhur birnäçesi aşakda getirilýär. 1. Muhammet aleýhisselamyň mugjyzalarynyň iň ulusy – Kurany Kerimdir. Şu güne çenli gelen ähli şahyrlar, edebiýatçylar Kurany Kerimiň nazmynyň we manysynyň öňünde ejiz galdylar, haýran galdylar. Olar bir aýaty kerimäniň hem meňzeşini aýdyp bilmediler. Onuň ijazy (taýsyzlygy) we belagaty ynsan sözüne meňzemeýär. Ýagny ondan bir söz aýrylsa ýa-da oňa bir söz goşulsa, onuň sözündäki we manysyndaky gözellik bozulýar. Onuň bir sözüniň ornuna goýmak üçin başga söz gözlänler ony tapyp bilmediler. Onuň nazmy arap şahyrlarynyň goşgularyna meňzemeýär. Ol geçmişde bolan we gelejekde boljak näçe-näçe gizlin zatlardan habar berýär. Ony eşidýänler we okaýanlar onuň tagamyna doýup bilmeýärler. Ýadasalar-da, bizar bolmaýarlar. Ony okamagyň we diňlemegiň gam-gussany aýyrýandygy sansyz synaglar bilen belli boldy. Ony eşidip, ýüreklerine dehşet we gorky çöken, hatda şu sebäpden ölenler hem görüldi. Yslamyň näçe-näçe gazaply duşmanlarynyň Kurany Kerimi diňläp, ýürekleri ýumşady we olar iman getirdiler. Yslam duşmanlaryndan we muattyla, melahide, karamyta diýlip atlandyrylýan, musulman adyny göterýän zyndyklardan Kurany Kerimi üýtgetmäge, bozmaga ýa-da onuň meňzeşini aýtmaga synanyşanlar boldy, emma olaryň hiç biri islegine ýetip bilmedi. Töwrat bilen Injil bolsa ynsanlar tarapyndan hemişe üýtgedildi we häzir hem üýtgedilýär. Hiç bir ylym we tejribe bilen tapyp bolmajak gözel zatlar, gowy ahlak, ynsanlary beýgeldýän artykmaçlyklar, dünýä we ahyret bagtyna ýetirjek ýagşylyklar, barlyklaryň başlangyjy we soňy hakyndaky bilimler, ynsanlar üçin peýdaly we zyýanly zatlaryň hemmesi Kurany Kerimde aç-açan ýa-da gizlin görnüşde bildirildi. Gizlin bolanlaryna onuň ussatlary düşünip bilýärler. Ähli asmany kitaplarda – Töwratda, Zeburda we Injilde bolan ylymlaryň we syrlaryň hemmesi Kurany Kerimde bildirildi. Kurany Kerimdäki ylymlaryň hemmesini diňe Allahu tagala bilýär. Olaryň köpüsini Ol söýgüli Pygamberine (sallallahu tagala aleýhi we sellem) bildirdi. Aly we Hüseýin (radyýallahu tagala anhuma) bu ylymlaryň köpüsini bilýändiklerini habar berdiler. Kurany Kerimi okamak örän uly nygmatdyr. Allahu tagala bu nygmaty Öz Habybynyň ymmatyna ihsan etdi. Perişdeler bu nygmatdan mahrumdyrlar. Şonuň üçin olar Kurany Kerim okalýan ýere üýşüp, ony diňleýärler. Ähli tefsirler Kurany Kerimdäki ylymlaryň diňe juda az bölegini bildirýär. Kyýamat güni Muhammet aleýhisselam münbere çykyp, Kurany Kerimi okanda, diňleýänler onuň ähli ylymlaryna düşünerler. 2. Muhammet aleýhisselamyň meşhur mugjyzalarynyň iň ulularynyň biri hem aýy ikä bölmegidir. Bu mugjyza başga hiç bir pygambere nesip bolmady. Muhammet aleýhisselam elli iki ýaşyndaka, Mekgede Kuraýş kapyrlarynyň baştutanlary onuň ýanyna gelip: “Pygamber bolsaň, aýy ikä böl!” diýdiler. Muhammet aleýhisselam hemmeleriň, aýratyn hem tanyşlarynyň, garyndaşlarynyň iman getirmegini örän isleýärdi. Ol ellerini galdyryp doga etdi. Allahu tagala onuň dogasyny kabul edip, aýy ikä böldi. Onuň ýarysy bir dagyň, beýleki ýarysy başga bir dagyň üstünde göründi. Kapyrlar: “Muhammet bizi jadylady” diýdiler we iman getirmediler.

“Muhammet aleýhisselamyň müň mugjyzasy göründi, dost-duşman – hemmeler muny aýtdy. Bu mugjyzalaryň iň gymmatlysy – onuň edepli bolmagy we gözel häsiýetleridi” Riýadun-nasyhyn

Goşgy:
It aýa seredip üýrer,
Aýyň munda näme günäsi bar?
Itler hemişe üýrer,
Akmak mundan näme düşüner?
Beýt:
Agzyň tagamynyň gaçmagy – keselligiň nyşany:
Iň süýji şerbet hem nähoşa ajy bolar.

3. Muhammet aleýhisselamyň käbir gazotlarynda suwsuz galnanda, ol mübärek elini bir gapdaky suwa sokýardy; barmaklarynyň arasyndan suw akyp, gap yzygiderli joşup-daşyp durýardy. Bu suwdan käte segsen, käte üç ýüz, käte müň bäş ýüz, Tebuk ýörişinde bolsa ýetmiş müň adamyň hemmesi haýwanlary bilen bilelikde içdiler we peýdalandylar. Mübärek elini suwdan çykaranda, suwuň akmagy kesilýärdi. 4. Bir gün ol kakasynyň dogany Abbasyň öýüne baryp, ony we çagalaryny ýanynda oturtdy. Olaryň üstüni ihramy bilen örtüp: “Ýa Rebbim! Men kakamyň şu doganyny we Ähli beýtimi örtüşim ýaly, Sen hem olary dowzah odundan gora!” diýdi. Diwarlardan üç gezek “Amin” diýen ses eşidildi.2 5. Bir gün ol özünden mugjyza isleýänlere jogap berip, uzakdaky bir agajy çagyrdy. Agaç köklerini süýräp geldi, salam berdi we: “Eşhedu en la ilähe illallah we eşhedu enne Muhammeden abduhu we resuluhu” diýdi. Soňra gidip, ýene öz ýerinde dikeldi. 6. Haýber söweşinde onuň öňünde zäherlenen goýun kebabyny goýanlarynda: “Ýa Resulallah! Meni iýme, men zäherli!” diýen ses eşidildi.

7. Bir gün ol elinde buty bolan bir adama: “Butuň meniň bilen gürlese, iman getirermiň?” diýdi. Ol adam: “Men oňa elli ýyl bäri çokunýaryn. Ol maňa bir söz hem aýtmady. Saňa nädip aýtsyn?” diýdi. Muhammet aleýhisselam: “Eý but! Men kim?” diýende, “Sen – Allahyň pygamberi” diýen ses eşidildi. Butuň eýesi şol bada iman getirdi.

8. Medinede, Mesjidi Nebewide dikilgi duran bir hurma agajynyň kötügi bardy. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) hutba okaýarka, şu sütüne söýenerdi. Bu sütüne Hannane diýilýärdi. Münber ýasalandan soň, ol Hannanäniň ýanyna barmaz boldy. Onuň aglaýan sesini ähli jemagat eşitdi. Pygamberimiz münberden düşüp, Hannanäni gujaklady. Ses kesildi. Resulullah: “Eger men ony gujaklamadyk bolsam, ol meniň aýralygymdan kyýamata çenli aglardy” diýdi.

Şunuň ýaly mugjyzalar köp görüldi we habar berildi. 9. Onuň eline alan çagyl daşlarynyň we tutan nahar bölekleriniň ary güwlemesine meňzeş ses bilen Allahu tagalany tesbih edýändikleri köp gezek görüldi.

10. Bir gün bir kapyr gelip: “Seniň pygamberdigiňi men nireden bileýin?” diýdi. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem): “Şu hurma agajyndaky salkymy çagyrsam we ol gelse, iman getirermiň?” diýdi. Kapyr: “Hawa, iman getirerin” diýdi. Resulullah hurma salkymyny çagyrdy, ol bökjekläp geldi. Resulullah: “Ýeriňe git!” diýdi. Salkym agaçdaky ýerine çykyp asyldy. Muny gören kapyr iman getirdi. 11. Mekgede birnäçe möjek bir sürüden goýun kapyp alyp gitdi. Çopan hüjüm edip, goýunlary möjeklerden alyp galanda, möjekleriň biri: “Allahu tagalanyň iberen rysgymyzy elimizden alanyňda, Allahu tagaladan gorkmadyňmy?” diýdi. Çopan: “Gaty geň galdym, möjek hem gürleýärmi?” diýende, möjek: “Mundan hem geň zady habar bereýinmi? Medinede Allahu tagalanyň Pygamberi Muhammet (sallallahu tagala aleýhi we sellem) mugjyzalar görkezýär” diýdi. Çopan gelip, muny Resulullaha (sallallahu aleýhi we sellem) gürrüň berdi we musulman boldy.

12. Pygamberimiz Muhammet (sallallahu aleýhi we sellem) bir çemenlikde barýarka, üç gezek: “Ýa Resulallah!” diýen sesi eşitdi. Ol şol tarapa seredip, daňylgy duran bir keýik gördi. Onuň ýanynda bir adam ýatyrdy. Ol keýikden islegini soranda, keýik: “Bu awçy meni tutdy. Garşydaky depede meniň iki balam bar. Meni goýber! Baryp, olary doýrup geleýin” diýdi. Resul aleýhisselam: “Sözüňde durup, gaýdyp gelermiň?” diýdi. Keýik: “Allahyň adyny tutup söz berýärin. Gelmesem, Allahyň azaby meniň üstüme insin!” diýdi. Resulullah keýigi goýberdi. Biraz soň ol gaýdyp geldi. Ol adam oýanyp: “Ýa Resulallah! Bir buýrugyňyz barmy?” diýdi. Pygamberimiz: “Bu keýigi azat et!” diýdi. Adam keýigiň ýüpüni çözüp, ony goýberdi. Keýik: “Eşhedu en la ilähe illallah we enneke Resulullah” diýdi-de, gitdi.

13. Bir gün ol bir obaly adamy imana çagyrdy. Ol: “Musulman goňşymyň aradan çykan gyzyny direltseň, iman getirerin” diýdi. Olar gyzyň gabryna bardylar, Resulullah gyzy ady bilen çagyrdy. Ilki gabryň içinden ses eşidildi, soňra gyz daşaryk çykdy. “Dünýä gaýdyp gelesiň gelýärmi?” diýip, Resulullah sorady. Gyz: “Ýa Resulallah! Dünýä gaýdasym gelenok. Bu ýerde men kakamyň öýündäkiden hem rahat. Musulmanyň ahyreti onuň dünýäsinden gowudyr” diýdi. Muny gören obaly şol bada iman getirdi. 14. Jabyr ibn Abdylla (radyýallahu tagala anhu) bir goýun bişirdi. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) sahabalary bilen ony iýdi. “Süňklerini döwmäň!” diýdi ol. Soňra süňkleri ýygnap, mübärek ellerini olaryň üstünde goýdy we doga etdi. Allahu tagala goýny direltdi. 15. Resulullahyň ýanyna ulalandygyna garamazdan, asla gürlemeýän bir çagany getirdiler. “Men kim?” diýip, ol sorady. Çaga: “Sen – Resulullah” diýip jogap berdi. Soňra ol ölýänçä gürledi.

“Ýa Rebbim! Men kakamyň şu doganyny (Abbasy) we Ähli beýtimi örtüşim ýaly, Sen hem olary dowzah odundan gora!” Hadysy şerif

16. Bir adam ýylanyň ýumurtgasyny basyp, iki gözi hem görmez boldy. Ony Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) ýanyna getirdiler. Ol mübärek tüýkülijini onuň gözlerine sürtende, ol adam görüp başlady. Hatda segsen ýaşynda hem ol iňňä sapak geçirýärdi.

17. Muhammet ibn Hatyp şeýle gürrüň berýär: “Men kiçijikdim. Üstüme gaýnap duran suw döküldi, bedenim ýandy. Kakam meni Resulullahyň (sallallahu tagala aleýhi we sellem) ýanyna alyp bardy. Ol mübärek elleri bilen tüýkülijini ýanan ýerlerime sürtdi we doga etdi. Ýanyklar şol bada bitdi.”

18. Bir aýal kel oglunu getirdi. Resulullah mübärek elleri bilen onuň başyny sypady. Oglan şypa tapdy, onuň saçy ösüp başlady.

19. Tirmizi bilen Nesaýynyň “Sunen” kitaplarynda şeýle diýilýär: iki gözi hem kör bir adam gelip: “Ýa Resulallah! Doga et, gözlerim açylsyn” diýdi. Pygamberimiz oňa rehimi inip, kemsiz täret almagy, soňra şu dogany okamagy buýurdy: “Ýa Rebbim! Saňa ýalbarýaryn. Söýgüli Pygamberiň Muhammet aleýhisselamy araçy edip, Senden dileýärin. Eý örän söýýän Pygamberim hezreti Muhammet! Rebbime seni wesile edip ýalbarýaryn. Rebbimiň dogamy seniň hatyraň üçin kabul etmegini dileýärin. Ýa Rebbim! Bu beýik Pygamberi maňa şepagatçy et! Onuň hormatyna dogamy kabul et!” Ol adam täret alyp, doga edende, gözleri açyldy. Musulmanlar bu dogany hemişe okadylar we isleglerine ýetdiler. 20. Resulullah Abu Talyp bilen bir çölde barýardy. Abu Talyp gaty suwsandygyny aýtdy. Resulullah (sallallahu tagala aleýhi we sellem) ulagyndan ýere düşüp: “Suwsadyňmy?” diýdi we mübärek aýagynyň dabany bilen ýere urdy. Ýerden suw çogup çykdy. “Agam, bu suwdan iç!” diýdi ol. 21. Hudeýbiýe saparynda olar suwy az bir guýynyň başynda düşlediler. Esgerler suwsuzlykdan zeýrendiler. Resulullah bir bedre suw isledi. Ol şol suwdan täret aldy, içine tüýkürdi we ony guýa dökdürdi. Soňra bir ok alyp, guýa taşlady. Az salymdan guýynyň agzyna çenli suwdan dolandygyny gördüler.

22. Bir gazotda goşun suwsuzlykdan zeýrendi. Resul aleýhisselam suw gözlemäge iki esger iberdi. Olar düýäniň üstünde iki meşik doly suw bilen barýan bir aýaly görüp, ony getirdiler. Resul aleýhisselam aýaldan birneme suw isledi. Ony bir gaba dökdürdi. Bütin goşun nobatma-nobat gelip, gaplaryny, meşiklerini doldurdy. Aýala birneme hurma berdiler we onuň meşiklerini hem suwdan doldurdylar.

Resulullah oňa: “Biz seniň suwuňy kemeltmedik. Bize suwy Allahu tagala berdi” diýdi.

23. Medinede ol münberde hutba okaýarka, bir adam: “Ýa Resulallah (sallallahu tagala aleýhi we sellem)! Suwsuzlykdan çagalarymyz, mallarymyz, ekin meýdanlarymyz heläk bolýar. Bize kömek et!” diýdi. Ol ellerini galdyryp doga etdi. Asmanda bir bölejik bulut hem ýokdy, emma ol mübärek ellerini ýüzüne sylmanka, bulutlar üýşüp geldi. Şol bada ýagyş ýagyp başlady. Ol birnäçe gün dowam etdi. Ol ýene münberde hutba okaýarka, şol adam: “Ýa Resulallah! Ýagyşdan heläk bolýarys” diýende, Resul aleýhisselam ýylgyrdy we: “Ýa Rebbim! Rahmetiňi beýleki bendeleriňe hem ihsan et!” diýdi. Bulutlar dargady, gün göründi. 24. Jabyr ibn Abdylla (radyýallahu tagala anhu) şeýle gürrüň berýär: meniň bergilerim köpdi. Muny Resulullaha (sallallahu tagala aleýhi we sellem) habar berdim. Ol bagyma gelip, hurma üýşmeginiň daşyndan üç gezek aýlandy. Soňra: “Algydarlaryňy çagyr, gelsinler!” diýdi. Olaryň her birine öz haky berildi, üýşmekden bolsa hiç zat kemelmedi. 25. Bir aýal sowgat edip bal iberdi. Resul aleýhisselam baly kabul edip, boş gaby yzyna iberdi. Allahu tagalanyň gudraty bilen gap bala doly bolup yzyna geldi. Aýal gelip: “Ýa Resulallah! Meniň günäm näme? Sowgadymy näme üçin kabul etmediňiz?” diýdi. Ol: “Biz seniň sowgadyňy kabul etdik. Gören balyň – Allahu tagalanyň seniň sowgadyň üçin beren bereketidir” diýdi. Aýal begenip, baly öýüne alyp gitdi. Ol maşgalasy bilen ony aýlarça iýdi, bal bolsa asla kemelmedi. Bir gün ýalňyşlyk bilen baly başga gaba guýdular. Ondan iýip, ony tiz gutardylar. Muny Resulullaha habar berenlerinde, ol: “Eger men iberen gapda galan bolsa, dünýä durdugyça iýerdiler, ol asla kemelmezdi” diýdi.

26. Abu Hureýre şeýle gürrüň berýär: men Resulullaha birnäçe hurma getirdim we olara bereket berilmegi üçin doga etmegini haýyş etdim. Ol olaryň bereketli bolmagy üçin doga etdi we maňa: “Bulary al-da, gabyňa sal. Ondan almak isläniňde, eliň bilen içinden al, ony boşadyp, ýerden alma!” diýdi. Hurmalar salnan torbamy gije-gündiz ýanymdan aýyrman, Osmanyň (radyýallahu anhu) zamanyna çenli ondan iýdim. Ýanymdakylara hem iýdirdim, owuç-owuç sadaka hem berdim. Osmanyň (radyýallahu anhu) şehit bolan güni torbam ýitdi. 27. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) Süleýman aleýhisselam ýaly ähli haýwanlaryň diline düşünýärdi. Haýwanlaryň onuň ýanyna gelip, eýesinden ýa-da başgalardan şikaýat edýändikleri köp gezek görüldi. Resulullah muny hormatly sahabalaryna habar bererdi. Huneýn söweşinde ol münüp oturan “Düldül” atly ak gatyryna: “Çök!” diýdi. Düldül şol bada çökende, ol ýerden bir owuç gum alyp, kapyrlaryň üstüne sepdi.

28. Bir gün ol aýaly Hafsa (radyýallahu anha) ýüzlenip: “Abu Bekir bilen seniň kakaň meniň ymmatymyň dolandyryşyny öz ellerine alarlar” diýdi. Bu söz bilen ol Abu Bekiriň we Hafsanyň kakasy Omaryň (radyýallahu anhuma) halyf boljakdyklaryny buşlady.

“Eý Hafsa! Abu Bekir bilen seniň kakaň meniň ymmatymyň dolandyryşyny öz ellerine alarlar” Hadysy şerif

29. Ol Abu Hureýräni (radyýallahu tagala anhu) Medinede zekat hökmünde gelen hurmalary goramaga goýupdy. Abu Hureýre hurma ogurlap duran bir adamy tutdy we oňa: “Seni Resulullahyň ýanyna äkiderin” diýdi. Emma ogry: “Men garyp, çagalarym köp” diýip ýalbaryp başlansoň, Abu Hureýre ony goýberdi. Ertesi gün Resulullah Abu Hureýräni çagyryp: “Düýn gije goýberen adam näme etdi?” diýip sorady. Abu Hureýre gürrüň berende, ol: “Ol seni aldapdyr. Ol ýene geler” diýdi. Ertesi gije ol hakykatdanam ýene geldi we tutuldy. Ol ýene: “Allahyň haky üçin, meni goýber” diýip ýalbardy we ýene gutuldy. Üçünji gije gelip tutulanda, ýalbarmagy peýda bermedi. Şonda ol: “Meni goýberseň, saňa örän peýdaly boljak birnäçe zady öwrederin” diýdi. Abu Hureýre razy boldy. Ol: “Gije ýatanyňda Aýatul-Kürsi aýatyny okasaň, Allahu tagala seni gorar, ýanyňa şeýtan golaý gelmez” diýdi-de, gitdi. Ertesi gün Resulullah Abu Hureýreden ýene sorap, jogap alansoň: “Bu gezek ol dogrusyny aýdypdyr. Özi bolsa uly ýalançydyr. Üç gije bäri kim bilen gürleşendigiňi bilýärmiň?” diýdi. Abu Hureýre: “Ýok, bilemok” diýende, ol: “Ol şeýtandy” diýdi.

30. Ol Wizantiýa imperatorynyň goşunlary bilen söweşmek üçin Mute diýen ýere goşun iberdi. Sahabalardan üç emiriň (Zeýd ibn Harysa, Jagfar ibn Abu Talyp we Abdylla ibn Rewaha) biri-biriniň yzyndan şehit bolandygyny, özi şol wagt Medinede münberiň üstünde bolsa-da, Allahu tagalanyň görkezmegi bilen görüp, ýanyndakylara habar berdi. 31. Muaz ibn Jebeli (radyýallahu tagala anhu) Ýemene häkim edip iberende, ol ony Medinäniň daşyna çenli ugratdy, oňa köp nesihat berdi we: “Biz seniň bilen kyýamata çenli indi duşuşmarys” diýdi. Muaz Ýemendekä, Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) Medinede wepat boldy.

32. Wepatynyň öň ýanynda ol gyzy Fatma ýüzlenip: “Garyndaşlarymyň arasynda maňa ilki gowuşjak – sen bolarsyň” diýdi. Alty aýdan soň Fatma (radyýallahu anha) wepat boldy. Onuň garyndaşlaryndan ondan öň hiç kim wepat bolmady.

33. Ol Kaýs ibn Şemmasa (radyýallahu anhu): “Gözel ýaşarsyň we şehit bolup ölersiň” diýdi. Abu Bekir (radyýallahu tagala anhu) halyfka, Kaýs Ýemamede Museýlemetul-Kezzap bilen bolan söweşde şehit boldy. Ol hezreti Omarul-Faruguň, hezreti Osmanyň we hezreti Alynyň (radyýallahu tagala anhum ejmagin) şehit boljakdyklaryny hem habar berdi. 34. Ol Eýran şasy Kisranyň we Wizantiýa imperatory Kaýsaryň ýurtlarynyň musulmanlaryň eline geçjekdigini we olaryň hazynalarynyň Allahyň ýolunda paýlanjakdygyny buşlady. 35. Ol ymmatyndan köp adamyň deňizden gazota gitjekdigini we sahabalardan Ummu Haram atly aýalyň şol gazotda boljakdygyny habar berdi. Hezreti Osman halyfka, musulmanlar gämiler bilen Kipr adasyna baryp söweşdiler. Bu aýal hem olar bilen bilelikdedi. Ol şol ýerde şehit boldy.3

36. Bir gün Resul aleýhisselam bir belent ýerde otyrdy. Ol ýanyndakylara öwrülip: “Meniň görýänimi siz hem görýärsiňizmi? Kasam edýärin, men siziň öýleriňiziň arasynda, köçelerde turjak pitneleri görýärin” diýdi. Osmanyň (radyýallahu anhu) şehit edilen günlerinde we soňra Ýezidiň zamanynda Medinede uly pitneler turdy, köçelerde juda köp adamyň gany döküldi.

37. Bir gün ol öz aýallarynyň biriniň halyfa garşy baş göterjekdigini habar berdi. Aişe (radyýallahu tagala anha) bu söze gülende, ol: “Eý Humeýra4! Bu sözümi unutma! Ol aýal sen bolaýmagaý!” diýdi. Soňra Ala (radyýallahu anhu) öwrülip: “Onuň işi seniň eliňe düşse, oňa ýumşak çemeleş!” diýdi. Otuz ýyldan soň Aişe (radyýallahu anha) Aly (radyýallahu anhu) bilen söweşdi we oňa ýesir düşdi. Aly (radyýallahu anhu) ony hormat-sylag bilen Basradan Medinä ugratdy.

38. Ol hezreti Muawiýa ýüzlenip: “Bir gün ymmatymyň üstünden häkim bolsaň, ýagşylyk edenleri sylagla, ýamanlyk edenleri bolsa bagyşla!” diýdi. Hezreti Muawiýa hezreti Omaryň we hezreti Osmanyň zamanlarynda Damaskda ýigrimi ýyl häkim boldy, soňra ýigrimi ýyl halyf boldy. 39. Bir gün ol: “Muawiýa hiç wagt ýeňilmez” diýdi. Aly (radyýallahu tagala anhu) Syffyn söweşinde bu hadysy eşidende: “Eger muny öňräk eşiden bolsam, Muawiýa (radyýallahu tagala anhu) bilen söweşmezdim” diýdi. 40. Ol Ammar ibn Ýasyra (radyýallahu tagala anhu): “Seni bagy, asy bolan adamlar öldürer” diýdi. Ammar Aly (radyýallahu anhu) bilen bilelikde Muawiýa (radyýallahu anhu) garşy söweşende şehit boldy. 41. Ol gyzy Fatmanyň ogly Hasan (radyýallahu tagala anhuma) hakynda: “Bu oglum örän haýyrlydyr. Allahu tagala ony musulmanlaryň iki uly goşunynyň arasynda ylalaşyk baglaşylmagyna sebäp eder” diýdi. Hasan uly goşun bilen Muawiýa (radyýallahu anhu) garşy söweşmäge taýýarlananda, pitne turmazlygy we musulmanlaryň gany dökülmezligi üçin, özüniň haky bolan halyflygy Muawiýa (radyýallahu anhu) tabşyrdy. 42. Abdylla ibn Zubeýr (radyýallahu tagala anhuma) Resulullahyň (sallallahu tagala aleýhi we sellem) hijamat edilende (gan aldyrylanda) çykan ganyny içdi. Muny gören Pygamberimiz: “Adamlardan seniň başyňa nämeleriň geljegini bilýärmiň? Senden hem adamlara köp zat geler. Dowzah ody seni ýakmaz” diýdi. Abdylla ibn Zubeýr Mekgede özüni halyf diýip yglan edende, Abdylmelik ibn Merwan Damaskdan Mekgä Hajjajy uly goşun bilen iberdi. Olar Abdyllany tutup öldürdiler. 43. Ol Abdylla ibn Abbasyň ejesine seredip: “Seniň bir ogluň bolar. Ol dogulanda, ony meniň ýanyma getir!” diýdi. Çagany getirenlerinde, ol onuň gulagyna azan we kamat okady, mübärek agzynyň suwundan onuň agzyna sürtdi. Oňa Abdylla diýip at goýup, ejesiniň gujagyna berdi we: “Halyflaryň kakasyny al-da, alyp git!” diýdi. Çaganyň kakasy hezreti Abbas muny eşidip, gelip soranda, ol: “Hawa, şeýle diýdim. Bu çaga – halyflaryň kakasydyr. Olaryň arasynda Seffah, Mehdi we Isa aleýhisselam bilen namaz okajak bir adam bolar” diýdi. Abbasylar döwletiniň başyna köp halyflar geldi. Olaryň hemmesi Abdylla ibn Abbasyň neslindendi.

“Eý Muawiýa! Bir gün ymmatymyň üstünden häkim bolsaň, ýagşylyk edenleri sylagla, ýamanlyk edenleri bolsa bagyşla!” Hadysy şerif

44. Bir gün ol: “Ymmatymyň arasynda rafyzy diýlip atlandyrylýan köp adamlar peýda bolar. Olar yslam dininden çykarlar” diýdi.

45. Ol sahabalaryndan köp adama haýyr-doga etdi, bu dogalaryň hemmesi kabul boldy we olar onuň peýdasyny gördüler. Aly (radyýallahu tagala anhu) şeýle gürrüň berýär: Resulullah (sallallahu tagala aleýhi we sellem) meni Ýemene kazy (sudýa) edip ibermek isledi. Men: “Ýa Resulallah (sallallahu tagala aleýhi we sellem)! Men kazylyk etmegi başaramok” diýdim. Ol mübärek elini döşüme goýup: “Ýa Rebbim! Onuň kalbyna dogry zatlary bildir. Oňa hemişe dogrusyny sözlemegi nesip et!” diýdi. Şondan soň ýanyma şikaýat bilen gelenleriň haýsysynyň hakdygyna derrew düşünýärdim we hak boýunça höküm çykarýardym.

46. Resulullahyň jennete girjekdiklerini buşlan on adamyna Aşereýi mübeşşere diýilýär. Uhud söweşinde ol olaryň biri – Sagt ibn Abu Wakkas (radyýallahu anhu) üçin: “Ýa Rebbim! Onuň oklaryny nyşanalaryna ýetir we dogalaryny kabul et!” diýdi. Şondan soň Sagdyň her dogasy kabul boldy we onuň atan her bir oky duşmana degdi.

47. Ol kakasynyň doganynyň ogly Abdylla ibn Abbasyň maňlaýyna mübärek elini goýup: “Ýa Rebbim! Ony dinde çuňňur alym et, hikmet eýesi et! Oňa Kurany Kerimiň ylymlaryny ihsan et!” diýdi. Şondan soň Abdylla ibn Abbas ähli ylymlarda, aýratyn hem tefsir, hadys we fykh ylymlarynda öz zamanynyň ýeke-tägi boldy. Sahabalar we tabigynlar her zady ondan öwrenýärdiler. Ol “Terjimanul-Kuran”, “Bahrul-ylym” we “Reýisul-müfessirin” atlary bilen meşhur boldy, yslam ýurtlary onuň şägirtlerinden doldy.5

48. Ol hyzmatkärlerinden Enes ibn Malik üçin: “Ýa Rebbim! Onuň malyny we çagalaryny köp, ömrüni uzak et, günälerini bagyşla!” diýip doga etdi. Wagt geçdigiçe onuň mal-mülki artdy. Agaçlary, üzüm baglary her ýyl miwe berdi. Onuň juda köp çagasy boldy. Ol ýüz on ýyl ýaşady. Ömrüniň ahyrynda ol: “Ýa Rebbim! Habybyňyň men üçin eden dogalaryndan üçüsini kabul etdiň, ihsan etdiň! Dördünjisi bolan günälerimiň bagyşlanmagy nähili bolarka?” diýende: “Dördünjisini hem kabul etdim. Köňlüňi rahat sakla!” diýen sesi eşitdi.

“Ýa Rebbim! Ony (Abdylla ibn Abbasy) dinde çuňňur alym et, hikmet eýesi et! Oňa Kurany Kerimiň ylymlaryny ihsan et!” Hadysy şerif

49. Ol Malik ibn Rebiga (radyýallahu tagala anhu) üçin: “Perzentleriň bereketli bolsun!” diýip doga etdi. Malikiň segsen ogly boldy.

50. Nabyga atly meşhur şahyr özüniň birnäçe goşgusyny okanda, Pygamberimiz araplaryň arasynda meşhur bolan: “Allahu tagala dişleriňi gaçyrmasyn!” diýen dogany aýtdy. Nabyga ýüz ýaşa ýetipdi, onuň dişleri bolsa ap-ak we dury bolup, dür ýaly düzülip durdy. 51. Ol Urwa ibn Jagd (radyýallahu tagala anhu) üçin: “Ýa Rebbim! Onuň söwdasyna bereket ber!” diýdi. Urwa şeýle gürrüň berýär: “Şondan soň eden söwdalarymyň hemmesi girdejili boldy. Men bir gezek hem zyýan görmedim.” 52. Bir gün onuň gyzy Fatma (radyýallahu tagala anha) onuň ýanyna geldi. Açlykdan onuň ýüzi saralypdy. Ol elini onuň döşüne goýup: “Eý açlary doýurýan Rebbim! Muhammediň gyzy Fatmany aç goýma!” diýdi. Fatmanyň ýüzüne şol bada gan ýüwürdi, ol janlandy. Ölýänçä ol başga hiç wagt açlyk duýmady.

53. Ol Aşereýi mübeşşereden Abdyrahman ibn Awf üçin bereket diläp doga etdi. Onuň maly şeýle köpeldi welin, dillerde dessan boldy.

54. Ol: “Her pygamberiň dogasy kabul bolýar. Her pygamber dünýäde öz ymmaty üçin doga etdi. Men bolsa kyýamat güni maňa ymmatyma şepagat etmäge rugsat berilmegi üçin doga edýärin. Inşalla, dogam kabul bolar. Men müşrik bolmadyklaryň hemmesine şepagat ederin” diýdi.

55. Ol Mekgäniň töweregindäki käbir obalara baryp, olaryň iman getirmegi üçin köp jan çekdi. Olar kabul etmediler. Şondan soň ol olaryň Ýusup pygamberiň (aleýhissalatu wesselam) zamanynda Müsürde bolan açlyk ýaly kynçylyk çekmekleri üçin doga etdi. Şol ýyl ol ýerlerde şeýle açlyk boldy welin, adamlar hatda leş iýdiler. 56. Kakasynyň dogany Abu Lehebiň ogly Uteýbe Resulullahyň (aleýhissalatu wesselam) giýewisi bolsa-da, Resulullaha iman getirmedi we ol Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) gaty köp gynandyrdy. Ol onuň mübärek gyzy Ummu Gülsüm hatyny aýyrdy we gelşiksiz sözler aýtdy. Pygamberimiz munuň üçin gaty gynanyp: “Ýa Rebbim! Onuň üstüne Öz itleriňiň birini musallat et!” diýdi. Uteýbe söwda üçin Şama (Siriýa) gidip barýarka, bir gije ýoldaşlarynyň arasynda ýatyrdy. Bir arslan gelip, onuň ýoldaşlaryny ysgady-da, olara degmedi. Nobat Uteýbä ýetende, arslan ony kapyp, ýyrtyp taşlady. 57. Bir adam çep eli bilen nahar iýýärdi. Pygamberimiz: “Sag eliň bilen iý!” diýdi. Ol: “Sag elim hereket etmeýär” diýip ýalan sözledi. Pygamberimiz: “Onda sag eliň indi hereket etmesin!” diýdi.6 Ol adam ölýänçä sag elini agzyna ýetirip bilmedi.

58. Ol Eýran şasy Hysrow Perwize iman getirmegi üçin hat iberdi. Pes Hysrow haty ýyrtyp taşlady we ony getiren ilçini şehit etdi. Resul aleýhisselam muny eşidende, gaty gynandy we: “Ýa Rebbim! Ol meniň hatymy ýyrtyşy ýaly, Sen hem onuň patyşalygyny parçala!” diýdi. Resulullah heniz dirikä, Hysrowy öz ogly Şireweýh hanjar bilen parçalap öldürdi. Omar (radyýallahu tagala anhu) halyfka bolsa musulmanlar Eýran ýurduny doly basyp aldylar we Hysrowyň ne nesli, ne-de patyşalygy galdy.

59. Resul aleýhisselam bazarda emri marup we nehýi münkir edip, nesihat berip durka, Merwanyň kakasy Hakem ibn As atly bir pes adam Resulullahyň (sallallahu tagala aleýhi we sellem) yzyndan ýöräp, gözlerini açyp-ýumup, ýüzüni çytyp, şeýdip ony masgaralaýardy. Resul aleýhisselam yzyna öwrülip, onuň bu gelşiksiz hereketini görende: “Özüňi nähili görkezen bolsaň, şeýle-de galyber!” diýdi. Ol adamyň ýüz-gözi ölýänçä çekilip, oýnap durdy. 60. Allahu tagala Öz Habybyny belalardan goraýardy. Abu Jehil Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) iň uly duşmanydy. Ol onuň mübärek başyna urmak üçin bir uly daşy galdyranda, Resulullahyň iki egninde bir-bir ýylan gördi. Daş onuň elinden düşdi we ol gaçdy.

61. Pygamberimiz Käbeýi muazzamanyň ýanynda namaz okaýarka, pes Abu Jehil ýene: “Edil wagtydyr” diýip, pyçak bilen onuň üstüne topulmakçy boldy, ýöne birden yzyna öwrülip gaçdy. Ýoldaşlary soňra ondan: “Näme üçin gorkduň?” diýip soranlarynda, ol: “Muhammet (sallallahu tagala aleýhi we sellem) bilen meniň aramda ot bilen doly bir hendek gördüm. Ol ýerde köp adamlar maňa garaşyp durdy. Bir ädim ätsem, meni tutup, oda taşlajakdylar” diýdi. Musulmanlar muny eşidip, Resulullahdan (sallallahu tagala aleýhi we sellem) soranlarynda, ol: “Allahu tagalanyň perişdeleri ony tutup, parçalajakdylar” diýdi.

62. Hijretiň dördünji ýylynda, Beni Nadyr taýpasynyň ýanynda Resulullah (sallallahu tagala aleýhi we sellem) ýahudylaryň gala diwarlarynyň aşagynda sahabalary bilen gürleşip durka, bir ýahudy ýokardan onuň üstüne uly bir degirmen daşyny taşlamakçy boldy. Ol daşa elini uzadanda, iki eli hem çolak boldy. 63. Hijretiň dokuzynjy ýylynda uzak ýerlerden adamlar topar-topar gelip, iman getirýärdiler. Amyr we Erbed atly iki kapyr gelýänleriň arasyna goşuldy. Amyr Resulullaha (sallallahu tagala aleýhi we sellem) iman getirmäge gelendiklerini aýdyp durka, Erbed onuň arkasyna geçip, gylyjyny gynyndan çykarmakçy boldy. Emma eli tutmaz boldy. Amyr garşydan: “Näme garaşyp dursuň?” diýen ýaly yşarat edende, Resul aleýhisselam: “Allahu tagala meni siziň ikiňiziň zyýanyňyzdan gorady” diýdi. Olar ol ýerden aýrylanlarynda, Amyr Erbedden: “Näme üçin sözüňde durmadyň?” diýip sorady. Ol: “Näme edeýin? Näçe gezek gylyjy çekmek isledim, her gezek seni ikimiziň aramyzda gördüm” diýdi. Birnäçe günden soň howa açykka, birden asmany bulut tutdy. Erbede ýyldyrym düşdi we ol düýesi bilen bilelikde heläk boldy.

64. Bir gün Resul aleýhisselam täret alyp, mesileriniň birini geýdi, beýlekisine elini uzadanda bolsa, bir guş mesini kapyp, howada silkdi. Onuň içinden bir ýylan düşdi. Soňra guş mesini ýere taşlady. Şol günden başlap, aýakgaby geýmezden öň ony ilki silkmek sünnet boldy. 65. Resul aleýhisselam gazotlarda we çöllerde özüni goramak üçin sahabalaryndan garawullar belläpdi. Mäide süresiniň manysyna görä: “Allah seni ynsanlaryň zyýanyndan gorar” diýen 67-nji aýaty inende, ol garawullardan ýüz öwürdi. Ol duşmanlaryň arasynda ýeke ýörärdi, ýeke ýatardy, asla gorkmazdy.

“Eý şanly Pygamber! Allah seni ynsanlaryň zyýanyndan gorar” Mäide: 67

66. Hezreti Enes şeýle gürrüň berýär: Resulullahyň mübärek ýüzüni süpürýän bir ýaglygy bardy. Ol onuň bilen ýüzüni süpürerdi, ýaglyk hapalananda bolsa, ony oda taşlardy. Hapa ýanardy, ýaglyk bolsa ýanmazdy, tertemiz bolup çykardy. 67. Bir guýynyň suwuny bedräniň içinden içdi, galanyny bolsa guýa dökdüler. Şondan soň guýudan hemişe müşk ysy gelerdi. 68. Utbe ibn Ferkadyň (radyýallahu anhu) bedeninde örtgen (urtikariýa) diýilýän kesel peýda boldy. Resul aleýhisselam onuň eşigini çykardyp, öz mübärek eline tüýkürdi we elleri bilen onuň bedenini sypady. Kesel şypa tapdy. Onuň bedeninden müşk ýaly hoş ys gelerdi we bu ýagdaý uzak wagtlap dowam etdi. 69. Resul aleýhisselam namaz okaýarka, şeýtan gelip, onuň namazyny bozmakçy boldy. Pygamberimiz ony mübärek elleri bilen tutdy. Ondan indi gelmejekdigine we namazy bozmajakdygyna söz alandan soň, ony goýberdi.

70. Medinedäki münapyklaryň baştutany Abdylla ibn Ubeý ibn Selul ölmeziniň öň ýanynda Resulullahy çagyrdy. Ol: “Egniňizdäki köýnegi maňa kepen ediň” diýip ýalbardy. Pygamberimiziň özünden islenen zadyň hemmesini bermek endigi bolany üçin, ol oňa köýnegini bagyş etdi. Hatda onuň jynaza namazyny hem okady. Medinede bolan müň münapyk Resulullahyň (sallallahu tagala aleýhi we sellem) bu ýagşylygyna haýran galyp, olaryň hemmesi iman getirdi. 71. Kuraýş kapyrlaryndan Welit ibn Mugire, As ibn Waýl, Harys ibn Kaýs, Eswet ibn Ýagus we Eswet ibn Muttalyp Resulullaha (sallallahu tagala aleýhi we sellem) jebir-jepa we azar bermekde beýlekilerden has aşa geçýärdiler. Jebraýyl aleýhisselam gelip, Hyjr süresiniň manysyna görä: “Seni masgaralaýanlara Biz olaryň jezasyny bereris…” diýen 95-nji aýatyny getirdi we Welidiň aýagyna, ikinjisiniň dabanyna, üçünjisiniň burnuna, dördünjisiniň başyna, bäşinjisiniň gözlerine yşarat etdi. Welidiň aýagyna bir ok çümdi. Ol örän tekepbir bolany üçin, egilip, oky çykaryp taşlamak oňa agyr degdi. Okuň demir ujy topuk damaryna çümüp, ol işias keseline uçrady. Asyň dabanyna tiken çümdi we dabany meşik ýaly çişdi. Harysyň burnundan yzygiderli gan geldi. Eswet bir agajyň aşagynda keýpi kök oturyşyna kellesini agaja urdy, beýleki Eswet bolsa kör boldy we olaryň hemmesi heläk boldular.

72. Medinede Beni Nejjar taýpasyndan örän owadan bir aýal bardy. Bir jyn oňa aşyk bolup, hemişe onuň ýanyna gelerdi. Resul aleýhisselam Medinä gelenden soň, bir gün bu jyn aýalyň öýüniň öňündäki diwaryň üstünde otyrka, aýal ony tanap: “Näme üçin meniň ýanyma gelmez bolduň?” diýdi. Jyn: “Allahu tagalanyň Pygamberi (sallallahu tagala aleýhi we sellem) zynany we ähli haramlary gadagan etdi” diýdi.

73. Bir-Magune diýlip atlandyrylýan söweşde kapyrlar beren sözlerini bozup, ýetmiş sahabanyň bir-ikisinden başga hemmesini şehit etdiler. Olaryň arasynda Abu Bekiriň (radyýallahu anhu) gullukdan azat eden we ilkinji iman getirenlerden bolan Amyr ibn Fuheýre (radyýallahu tagala anhu) hem bardy. Amyr ibn Fuheýräni naýza bilen urup ýaralanlarynda, perişdeler ony kapyrlaryň gözüniň alnynda asmana göterdiler. Muny Resulullaha (sallallahu tagala aleýhi we sellem) habar berenlerinde, ol: “Ony jennetiň perişdeleri jaýladylar, onuň ruhy jennete göterildi” diýdi.

74. Sagt ibn Muaz (radyýallahu tagala anhu) Hendek söweşinde ýaralandy we birnäçe wagtdan soň wepat boldy. Resulullah (sallallahu tagala aleýhi we sellem) onuň jynaza namazynda ýetmiş müň perişdäniň bolandygyny habar berdi. Onuň gabry gazylanda, töwerege müşk ysy ýaýrady. 75. Resulullahyň (sallallahu tagala aleýhi we sellem) aýallaryndan Ummu Selemäniň (radyýallahu tagala anha) azat eden Sefine atly sahabasy Resulullahyň hyzmatyndan asla aýrylmazdy. Wizantiýalylara garşy bolan gazotda ol goşundan aýrylyp galyp, kapyrlara ýesir düşdi. Ol gaçyp gaýdyp gelýärkä, onuň garşysyndan elhenç bir arslan çykdy. Sefine: “Men Resulullahyň hyzmatkäridirin” diýip, başyndan geçenleri arslana gürrüň berdi. Arslan oňa ýüzüni-gözüni sürtüp, onuň ýany bilen ýöräp gitdi. Duşmandan bir zyýan ýetmesin diýip, ondan aýrylmady. Yslam goşuny görnende, ol yzyna öwrülip gitdi. 76. Jehjah Gyfary atly biri halyf Osmana (radyýallahu tagala anhu) garşy baş göterdi. Ol Resulullahyň (sallallahu tagala aleýhi we sellem) hemişe elinde göterip ýören hasasyny dyzyna goýup döwdi. Bir ýyldan soň onuň dyzynda şirpençe (garaýara) diýilýän kesel peýda boldy we ol onuň ölümine sebäp boldy.

77. Muawiýa (radyýallahu tagala anhu) Şamdan (Siriýadan) haja gelende, Resulullahyň (sallallahu tagala aleýhi we sellem) Medinedäki mübärek münberini bereket üçin Şama äkitmek isledi. Münberi ýerinden gozganlarynda, gün tutuldy. Töwerek garaňkyrady, ýyldyzlar göründi. Muawiýa bu isleginden el çekdi. 78. Uhud söweşinde Abu Katadanyň bir gözi çykyp, ýaňagynyň üstüne düşdi. Ony Resulullahyň ýanyna getirdiler. Ol mübärek eli bilen gözi ýerine goýup: “Ýa Rebbim! Onuň gözüni gözel et!” diýdi. Bu göz beýlekisinden owadan boldy we ondan has gowy görýärdi. Bir gün Abu Katadanyň agtyklaryndan biri halyf Omar ibn Abdylazyzyň ýanyna geldi. Halyf: “Sen kim?” diýip sorady. Ol bir beýt okap, Resulullahyň mübärek eli bilen gözüni ýerine goýan adamynyň agtygydygyny bildirdi. Halyf bu beýtleri eşidende, oňa uly hormat goýdy we ony bol sylaglady. 79. Iýas ibn Seleme şeýle gürrüň berýär: Haýber söweşinde Resulullah meni Alyny (radyýallahu anhu) çagyrmaga iberdi. Alynyň gözleri agyrýardy. Men ony elinden tutup, kynlyk bilen getirdim. Resulullah mübärek barmaklaryna tüýkürip, Alynyň gözlerine sürtdi. Oňa baýdagy berip, Haýberiň gapysynda söweşmäge iberdi. Aly (radyýallahu anhu) köp wagtdan bäri açyp bolmaýan gapyny ýerinden goparyp aldy we hormatly sahabalar gala girdiler. 80. Bir gün Resulullah gyzy hezreti Fatmanyň öýüne sowlup, olaryň ýagdaýyny sorady. Hezreti Fatma: “Kakajan! Üç günden bäri balalarym bilen hiç zat iýip-içemizok. Açlyga sabyr edýäris. Meniňki möhüm däl. Ýöne Hasan bilen Hüseýiniň ýagdaýy meni gaty gynandyrýar” diýip jogap berdi. Şonda älemiň serweri Pygamberimiz: “Eý Fatma! Jan gyzym! Sen üç günden bäri açsyň. Men bolsa dört günden bäri açdyryn” diýdi. Ol mübärek agtyklary hezreti Hasan bilen hezreti Hüseýiniň aç galandyklaryna örän gynandy… 81. Hezreti Aly işläp, gazanç edip, mübärek çagalaryna bir zatlar alyp, olary doýurmak üçin ýola çykdy. Ol Medineden çykanda, bir guýynyň başynda düýelerini suwarjak bolup duran bir obalyny gördi. Hezreti Aly onuň ýanyna baryp: “Eý arap! Düýeleriňi hak tölenip suwarmak üçin saňa birisi gerek dälmi?” diýdi. Obaly: “Hawa. Men hem edil şeýle birini gözläp ýördüm. Isleseň, gel-de, düýelerimi suwar! Çeken her bedräň üçin üç hurma bererin” diýdi. Hezreti Aly razy bolup, suw çekip başlady. Ol dokuz bedre çykaranda, birden bedräniň ýüpi üzüldi we bedre guýynyň içinde galdy. Muny gören obaly gahar bilen ýerinden turdy we özüne betbagtlyk getirip, hezreti Alynyň ýüzüne eli bilen urdy. Soňra sekiz bedre suwuň hakyna ýigrimi dört hurma berdi. Munuň üçin gaty gynanan hezreti Aly ellerini guýa uzatdy. Ol içindäki bedräni alyp, guýynyň başynda goýdy-da, ol ýerden gitdi. Obaly geňirgenip, doňup galdy! Onuň eli şeýle çuň guýynyň düýbüne nädip ýetdikä?! Ýa-da bu adam gelmegi habar berlen diniň adamymyka? Şu pikirlere batyp, haýran galan obaly: “Onuň Pygamberi hak pygamberdir. Men iman getirdim!” diýdi. Ol biraz öň eden gödekligine, eden uly jenaýatyna puşman boldy. “Şeýle adama galan eller kesilmeli, süňkleri döwülmeli!” diýip, bir eline gylyjyny aldy we ony beýleki eliniň bilegine güýç bilen indirdi… Islän zady boldy. Ol örän uly agyry duýdy, ýöne indi onuň ýüregi rahatdy. Kesilen elini beýleki eline alyp, göni Mesjidi Nebewä geldi. Hormatly sahabalardan olaryň Pygamberiniň nirededigini sorady. Oňa Pygamberiň gyzynyň ýanyna gidendigini aýtdylar. Hezreti Fatmanyň öýüni sorap tapyp, ol şol ýere gitdi. Şol wagt Pygamberimiz agtyklary hezreti Hasan bilen hezreti Hüseýini mübärek dyzlarynda oturdyp, getirilen hurmalary olara iýdirýärdi. Obaly eden ýalňyşlygynyň ulylygyny pikir etdigiçe, akylyndan azaşara ýetýärdi, gözlerinden çeşme ýaly ýaş akýardy. Şu ýagdaýda ol hezreti Fatmanyň öýüne gelip, gapyny kakdy. Içeriden gün ýaly nur saçyp, Älemleriň Serweri çykdy. Obaly Pygamberimizi görüp-görmänkä: “Iman getirdim, sen – Allahyň Resulysyň! Edenime puşman boldum, meni bagyşla, ýa Resulallah!” diýip ýalbardy. Söýgüli Pygamberimiz: “Eliňi näme üçin kesdiň?” diýip soranda, ol: “Saňa iman getiren mübärek ýüze uran bu eli göterip ýörmäge utanandygym üçin!.. Janym saňa gurban bolsun, ýa Resulallah!” diýdi. Rahmet deňzi söýgüli Pygamberimiz obalynyň elinden üzülen eli aldy we “Bismillähir-rahmänir-rahym” diýip, ony gan akyp duran bilegine ýelmedi. Allahu tagalanyň rugsady bilen we Pygamberimiziň mugjyzasy hökmünde el öňki ýagdaýyna geldi. Allahu tagala her zada kadyrdyr, Onuň her zada güýji ýeter.

“Ýa Rebbim! Bu – meniň agam, kakamyň dogany. Bular bolsa – meniň Ähli beýtim. Men olary şu örtügim bilen örtüşim ýaly, Sen hem olary örtüp, dowzah odundan gora!” Hadysy şerif