Söýgüli Pygamberim

PYGAMBERIMIZIŇ ŞEPAGATY

Resuly ekrem Pygamberimiz kyýamat güni ymmatyna şepagat eder, olary kynçylykdan we gamdan halas eder. Bir hadysy şerifde ol şeýle diýdi: “Ymmatymyň ýarysynyň jennete girmegi bilen şepagatyň arasynda maňa saýlamak erki berildi. Men şepagaty saýladym, sebäbi ol has giň gerimlidir. Ony diňe takwa derejesine ýetenler üçin saýmaň, ol şeýle hem ýalňyşa düşen günäkärler üçindir…”1

Hezreti Abu Hureýräniň rowaýat eden hadysy şerifinde Pygamberimiz şeýle diýdi: “Meniň şepagatym – ýüregi dilini tassyklaýan halda, yhlas bilen ‘La ilähe illallah’ diýip, şahadat kelimesini getiren adama degişlidir”.2

Käbir hadysy şeriflerde-de Pygamberimiz şeýle diýdi:

“Ymmatymdan Ähli beýtimi söýýänlere şepagat ederin.” “Ymmatymdan uly günä edenlere şepagat ederin.” “Sahabalaryma dil uzadýanlardan başga her kese şepagat edip bilerin.” “Ymmatymdan öz nebsine zulum edenlere, nebislerine aldananlara şepagat ederin.” “Kyýamat güni ilki bilen men şepagat ederin”.3

“Meniň şepagatyma ynanmadyk adam oňa ýetmez”.4

Kyýamat güni Sura üflemegiň haýbatyndan tenler titreýär, gözler nirä seretjegini bilmän aljyraýar, möminler-de, kapyrlar-da magşar meýdanyna sürülýär. Bu – kyýamat gününiň agyrlygyny has-da artdyrýan bir azapdyr. Bu wagt Arşy sekiz perişde göterip alyp barýar. Şol perişdeleriň biri bir ädiminde dünýädäki ýigrimi müň ýyllyk ýoly geçýär. Perişdeler we bulutlar Arşy agla ornaşýança akyllaryň düşünip bilmejek tesbihleri bilen tesbih aýdýarlar. Şeýlelikde, Arşy agla Allahu tagalanyň onuň üçin ýaradan ak ýeriniň üstünde ornaşýar. Bu wagt hiç bir zadyň çydap bilmejek Allahu tagalanyň azabyndan gorkup, başlar aşak egilýär. Ähli mahlukat öz derdiniň içinde tussag we aljyraňňy galyp, merhemet gözleýär. Magşarda ynsanlaryň ýagdaýy örän ýaramazlaşýar. Olaryň jebri we azaby artýar. Ynsanlaryň her biriniň boýnuna dünýäde gysyp saklan maly asylypdyr. Düýe zekatyny bermedikleriň boýnuna düýe ýüklenýär. Ol örän gaty gygyrýar we beýik dag ýaly agyrlaşýar. Sygyr, goýun zekatyny bermedikler hem şeýle ýagdaýda. Olaryň nalyşlary edil gök gürrüldisi ýaly.5 Ekin zekatyny, ýagny öşri bermedikleriň boýnuna ekin haltalary ýüklenýär. Dünýäde haýsy görnüş ekiniň zekatyny bermedik bolsa, şol görnüşden haltalar ýüklenýär: bugdaý bolsa – bugdaý, arpa bolsa – arpa. Onuň agyrlygynyň astynda olar: “Wa weýla, wa sebura!” diýip gygyrýarlar. (“Weýl” – azap sözüdir. Adam azaba çydap bilmedik wagty şeýle gygyrýar. “Sebur” sözi bolsa heläk bolmak wagtynda ulanylýar.) Altyn, kümüş, (kagyz) pul we beýleki söwda mallaryndan zekat bermedikleriň üstüne howply bir ýylan çozýar. Olar: “Bu näme?” diýip gygyranlarynda, perişdeler: “Bular – dünýäde zekatyny bermedik mallaryňyzdyr” diýip jogap berýärler. Ine, bu howply ýagdaý Äli-Ymran süresiniň ýüz segseninji aýatynda manysyna görä şeýle bildirilýär: “Dünýäde gysganyp galdyran zatlary kyýamat güni olaryň boýnuna dolanar”.

“Meniň şepagatyma ynanmadyk adam oňa ýetmez” Hadysy şerif

Başga bir toparyň awrat ýerlerinden iriň we sary suw akýar. Olaryň porsy ysyndan töweregindäkiler örän kösenýär. Bular – zyna edýänler we haram işleýänlerdir. Ýene bir topar agaç şahalaryndan asylyp dur. Bular – dünýäde liwata edenlerdir.

Ýene bir toparyň dilleri agzyndan çykyp, göwüslerine sallanypdyr, olar örän betnyşan ýagdaýdadyrlar. Adamlar olara seretmek islemeýärler. Bular – ýalan sözleýänler we töhmet atýanlardyr.

Ýene bir toparyň garny beýik daglar ýaly çişip ulalypdyr. Bular – dünýäde zerurlyk bolmazdan we muamala ýoluny ulanmazdan, göterimli mal we pul alyp-berenlerdir. Şeýle haram işleýänleriň günäleri iň utandyryjy görnüşde äşgär edilýär. Pygamberlere we alymlara gorky gelýär. Öwlüýäler we şehitler çydamagy kyn bolan Allahu tagalanyň azabyndan nalyş edýärler. Olar şu ýagdaýda durka, olary Günüň nuryndan has güýçli bir nur gurşap alýar. Onsuz-da Günüň yssysyna çydap bilmeýän adamlar muny görüp, bütinleý aljyraýarlar. Müň ýyl şu ýagdaýda galýarlar. Allahu tagala olara hiç zat diýmeýär. Şonda ynsanlar ilkinji pygamber – Adam aleýhisselamyň ýanyna baryp ýalbarýarlar: “Eý Adam aleýhisselam! Sen – aziz we şerefli pygamber. Allahu tagala seni ýaratdy, perişdelere saňa sežde etdirdi we saňa Öz ruhundan üfledi. Hasap başlansyn diýip bize şepagat et, Allahu tagala näme islese, biziň hakymyzda şonuň bilen höküm çykarylsyn we Ol nirä buýursa, her kes şol ýere gitsin. Her zadyň hökümdary we eýesi bolan Allahu tagala mahluklaryna islänini etsin.”

Adam aleýhisselam şeýle diýýär: “Men Allahu tagalanyň gadagan eden agajynyň miwesinden iýdim. Şonuň üçin indi Allahu tagaladan utanýaryn. Emma siz Nuhuň ýanyna baryň”. Şondan soň olar müň ýyl öz aralarynda maslahatlaşyp durýarlar. Soňra Nuh aleýhisselamyň ýanyna baryp: “Biz asla çydap bolmajak ýagdaýdadyrys. Işimize çaltrak seredilsin diýip şepagat et. Bu magşar jezasyndan halas bolaly” diýip ýalbarýarlar. Nuh aleýhisselam olara şeýle jogap berýär: “Men Allahu tagala doga etdim we şol doga sebäpli ýer ýüzünde näçe adam bar bolsa, hemmesi gark boldy. Şonuň üçin Allahu tagaladan utanýaryn. Emma siz Halylullah bolan Ybraýym aleýhisselamyň ýanyna baryň. Allahu tagala Haj süresiniň soňky aýatynda manysyna görä şeýle diýdi: ’Ataňyz Ybraýymyň (aleýhisselam) dinine eýeriň. Pygamber size şaýat bolsun üçin, siz-de ynsanlara şaýat bolmagyňyz üçin, Allahu tagala mundan öňki kitaplarda-da, Kurany Kerimde-de size musulman adyny berdi’. Belki, ol size şepagat eder.”

Olar ýene öňküsi ýaly müň ýyl öz aralarynda gürleşip durýarlar. Soňra Ybraýym aleýhisselamyň ýanyna gelýärler we: “Eý musulmanlaryň atasy! Sen – Allahu tagalanyň Özüne halyl edinen kişi. Bize şepagat et! Allahu tagala mahluklaryň arasynda Öz hökmüni çykarsyn” diýýärler. Ybraýym aleýhisselam olara: “Men dünýäde üç gezek kinaýaly söz aýtdym. Olary aýdyp, din ýolunda göreşdim. Indi bu ýerde Allahu tagaladan şepagata rugsat soramaga utanýaryn. Siz Musa aleýhisselamyň ýanyna baryň, sebäbi Allahu tagala onuň bilen gürleşdi we oňa manawy ýakynlyk görkezdi. Ol siziň üçin şepagat eder” diýýär. Şondan soň olar ýene müň ýyl durup, biri-biri bilen maslahatlaşýarlar. Emma bu wagt olaryň ýagdaýy örän kynlaşýar. Magşar meýdany örän darlaşýar. Soňra olar Musa aleýhisselamyň ýanyna gelip: “Eý Ymranyň ogly! Sen – Allahu tagala seniň bilen gürleşen, saňa Töwraty inderen pygambersiň. Hasap başlansyn diýip bize şepagat et! Sebäbi bu ýerde durmagymyz örän uzaga çekdi. Basyrykdan aýaklar biri-biriniň üstüne üýşdi” diýýärler. Musa aleýhisselam olara şeýle diýýär: “Men Allahu tagala doga edip, Firgawun kowmunyň ýyllar boýy halamajak zatlary bilen jezalandyrylmagyny diledim. Soňra olaryň özlerinden soň gelýänlere ybrat bolmagyny haýyş etdim. Indi şepagat etmäge utanýaryn. Emma Jenaby Hak – rahmet, magfyrat eýesidir. Siz Isa aleýhisselamyň ýanyna baryň, sebäbi ýakyn (ynanç) babatda ol – resullaryň iň dogrusy, magrifet we zühd babatda – iň üstüni, hikmet babatda bolsa – iň ýokarysydyr. Ol size şepagat eder.” Magşar jebrinden halas bolmak üçin olar soňra Isa aleýhisselamyň ýanyna gelýärler we şeýle diýýärler: “Sen – Allahu tagalanyň ruhy we kelimesi. Allahu tagala seniň hakyňda Äli-Ymran süresiniň kyrk bäşinji aýatynda manysyna görä şeýle diýdi: ’Ol dünýäde-de, ahyretde-de wejih, ýagny örän gymmatly (şerefli we abraýly)’. Rebbiňiň huzurynda bize şepagat et!”

Isa aleýhisselam şeýle diýýär: “Meniň kowmum meni we ejemi Allahdan başga ilahlar edinip aldylar. Bu ýagdaýda men nädip şepagat edeýin? Olar maňa ybadat hem etdiler; maňa ogul, Allahu tagala bolsa ata diýdiler. Emma siz biriňiziň bir gapjygynyň bolup, içinde azygynyň bolmandygyny we agzynyň möhürlenmändigini gördüňizmi? Şol möhri bozmazdan ol azyga ýetip bolarmy? Pygamberleriň iň üstüni we soňkusy Muhammediň (sallallahu aleýhi we sellem) ýanyna baryň. Sebäbi ol öz çagyryşyny we şepagatyny ymmaty üçin saklady. Onuň kowmy ony köp gezek injitdi. Onuň mübärek maňlaýyny ýaraladylar. Mübärek dişini döwdüler. Oňa dälilik töhmetini atdylar. Aslynda ol beýik pygamber olaryň arasynda buýsanç babatda iň gowusy we şeref babatda iň ýokarysydy. Olaryň çydap bolmajak jebirlerine we zulumlaryna garşy ol Ýusup aleýhisselamyň doganlaryna aýdan sözleri getirilen aýaty kerime bilen manysyna görä şeýle jogap bererdi: ’Şu gün men sizden edenleriňiz üçin hasap soramaýaryn (ýalňyşlaryňyzy ýüzüňize urmaýaryn). Sizi Erhamur-rahymin bolan Jenaby Allah bagyşlar’.”6 Isa aleýhisselam Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) fazylatlaryny gürrüň berende, olaryň hemmesi mümkin boldugyça tizräk oňa ýetmek isleýär. Olar derrew Muhammet aleýhisselamyň münberiniň ýanyna gelip: “Sen – Habybullah! Habyp bolsa – araçylaryň iň peýdalysy. Bize şepagat et! Sebäbi biz pygamberleriň birinjisi – Adam aleýhisselamyň ýanyna bardyk. Ol bizi Nuh aleýhisselamyň ýanyna iberdi. Biz Nuh aleýhisselamyň ýanyna bardyk. Ol bizi Ybraýym aleýhisselamyň ýanyna iberdi. Biz Ybraýym aleýhisselamyň ýanyna bardyk; ol bizi Musa aleýhisselamyň ýanyna iberdi. Biz Musa aleýhisselamyň ýanyna bardyk; ol bizi Isa aleýhisselamyň ýanyna iberdi. Biz Isa aleýhisselamyň ýanyna bardyk; ol bizi siziň ýanyňyza iberdi. Ýa Resulallah (sallallahu aleýhi we sellem)! Senden soň barara ýer ýok” diýýärler.

“Dünýäde gysganyp galdyran zatlary kyýamat güni olaryň boýnuna dolanar” Äli-Ymran: 180

Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär: “Allahu tagala rugsat berse we razy bolsa, şepagat ederin”.

Ol Suradikatul-jelal diýlip atlandyrylýan ýere, ýagny jelal (beýiklik) perdesine baryp ýetýär. Allahu tagaladan şepagat etmäge rugsat soraýar. Oňa rugsat berilýär. Perdeler galýar. Ol Arşy agla girýär. Seždä ýykylýar. Müň ýyl seždede durýar. Şondan soň ol Jenaby Haky älem ýaradylaly bäri hiç kimiň aýtmadyk hamdy bilen öwýär. Käbir aryflar: “Allahu tagala älemleri ýaradanda, Özüni şeýle hamdlar bilen öwdi” diýipdirler. Allahu tagala manysyna görä şeýle diýýär: “Eý Muhammet, başyňy seždeden galdyr! Aýt – diňlener. (Näme aýtsaň, diňlener. Näme sorasaň, beriler.) Şepagat et – kabul bolar”. Şondan soň Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem): “Ýa Rebbim! Gullaryňyň arasyndan gowulary erbetlerden aýyr, sebäbi olaryň garaşmagy örän uzaga çekdi. Olaryň her biri günäleri sebäpli Arasat meýdanynda masgara we rüswa boldy” diýýär.

Jenaby Hak jenneti getirmegi buýurýar. Jennet her hili bezeg bilen bezelip, Arasat meýdanyna getirilýär. Onuň hoş ysy bäş ýüz ýyllyk ýoldan duýulýar. Mundan ýürekler şatlanýar, ruhlar direlýär. (Emma kapyrlar, murtatlar, musulmanlaryň üstünden gülýänler, ýaşlary aldap, olaryň imanyny ogurlaýanlar we) amallary hapa, erbet bolanlar jennetiň ysyny duýmaýarlar.

Perişdeler dowzahy zynjyrlar bilen daňyp, magşar meýdanyna getirýärler. Dowzah arlaýar we gümmürdeýär, ot saçýar we tutuş asmany gap-gara edýän goýy tüsse çykarýar. Onuň arlamasy, gürrüldisi we yssysy çydap bolmajak derejededir. Her kesiň dyzlary ysgynsyzlanýar we olar duran ýerlerine çöküp galýarlar. Hatda pygamberler we resullar-da özlerini saklap bilmeýärler. Hezreti Ybraýym, hezreti Musa, hezreti Isa Arşy agla ýapyşýarlar. Ybraýym aleýhisselam gurban etmek islän Ysmaýyl aleýhisselamy unudýar. Musa aleýhisselam dogany Harun aleýhisselamy, Isa aleýhisselam ejesi hezreti Merýemi unudýar. Olaryň her biri: “Ýa Rebbim! Şu gün men özümden başga hiç zat soramaýaryn” diýýär.

Muhammet aleýhisselam bolsa: “Ýa Rebbim! Ymmatyma amanlyk we halas bolmak ber!” diýýär. Ol ýerde muňa çydap biljek hiç kim ýok. Sebäbi Allahu tagala muny habar berip, Jäsiýe süresiniň ýigrimi sekizinji aýatynda manysyna görä şeýle diýdi: “Sen her ymmaty Jenaby Hakyň gorkusyndan dyza çöküp oturan halda görersiň. Olaryň her biri dünýäde eden amallarynyň kitabyna çagyrylar”.

Allahu tagala Mülk süresiniň sekizinji aýatynda manysyna görä şeýle diýýär: “Gazabynyň we gaharynyň güýjünden ot ýarylyp gitjek ýaly bolýar”.

Şondan soň Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) öňe çykyp, dowzahy saklaýar. Ol şeýle diýýär: “Horlanyp we kemsidilip yzyňa gaýt! Saňa öz eýeleriň topar-topar gelýänçä garaş”. Dowzah hem: “Eý Muhammet! Maňa ýol ber! Sebäbi sen maňa haram” diýýär. Arşdan owaz gelýär: “Eý dowzah! Muhammet aleýhisselamyň sözüni diňle we oňa boýun bol!” Soňra Resulullah dowzahy çekip alyp gidýär we Arşy aglanyň çep tarapyndaky bir ýerde ýerleşdirýär. Magşardakylar Pygamberimiziň bu merhemetli muamalasyny we şepagatyny biri-birine buşlaýarlar. Olaryň gorkusy biraz azalýar. Enbiýa süresiniň ýüz ýedinji aýatynyň “Biz seni älemlere rahmet edip iberdik” diýen manysy äşgär bolýar.7

Gysgaça, Resulullah bäş ýerde şepagat eder.8

Birinjisi – Makamy Mahmut diýlip atlandyrylýan şepagaty bilen ol ähli ynsanlary magşarda garaşmak azabyndan halas eder.9

Ikinjisi – şepagaty bilen örän köp adamy hasapsyz jennete salar. Üçünjisi – günäleri köp bolan möminleri dowzahdan çykarar. Dördünjisi – sogaby we günäsi deň bolup, “Agraf” diýlip atlandyrylýan ýerde garaşýanlaryň jennete girmegi üçin şepagat eder. Bäşinjisi – jennetdäkileriň derejeleriniň ýokarlanmagy üçin şepagat eder.

Şepagaty bilen hasapdan halas eden ýetmiş müň adamynyň her biriniň şepagaty bilen ýene ýetmişer müň adam hasapsyz jennete girer.

ŞEPAGAT, ÝA RESULALLAH!
Örän mätäç, saňa geldim,
şepagat, ýa Resulallah!
Günäm näme, ony bildim,
şepagat, ýa Resulallah!
Günäkärdirin, ýüzüm gara,
belki, oda taşlanaryn,
diňe senden bolar çäre,
şepagat, ýa Resulallah!
Söýgüň her zatdan ileri,
ylmyň her kesden ýokary,
seni öwýän – Mewla Özi,
şepagat, ýa Resulallah!
Seni nädip öwsün ynsan?
Diňe senden bolar ihsan,
kömek eýle bize, aman!
Şepagat, ýa Resulallah!
Sensiz maňa dünýä zyndan,
işim bozuk, halym ýaman,
diňe senden bolar derman,
şepagat, ýa Resulallah!
Nur saçdyň sen bu jahana,
salawat, salam bolsun saňa,
ölen-diri musulmana –
şepagat, ýa Resulallah!
Elbetde, köpdür günälerim,
hem ejizdirin, hem kemçilikli,
emma dogrudyr imanym,
şepagat, ýa Resulallah!
Dowzah gaýnap joşsa, daşsa,
bilinmez, näme geler başa,
jihat eden ýoldaşlara –
şepagat, ýa Resulallah!
Gözlerimden galsyn perde,
sen – derman ähli derde,
mömin bolan her bir ferde –
şepagat, ýa Resulallah!
Şanyňa “Lewlake” diýildi,
ýene “Agteýnake” diýildi,
“Erselnake” şasy – sen,
şepagat, ýa Resulallah!
Dinimizi ýaýanlara,
sünnetiňe uýanlara,
ýoluňa baş goýanlara –
şepagat, ýa Resulallah!
Ymmatyňyň iň pesine,
şükür edenine, zikir edenine,
baýyna, garybyna –
şepagat, ýa Resulallah!
Muhammed Hâdimî (rahmetullahi aleýh)

“Sen her ymmaty Jenaby Hakyň gorkusyndan dyza çöküp oturan halda görersiň. Olaryň her biri dünýäde eden amallarynyň kitabyna çagyrylar” Jäsiýe: 28