PYGAMBERIMIZIŇ YSTYGFARY1
Pygamberimiz ýaradylanlaryň iň üstüni bolşy ýaly, Allahu tagalany hakyky tanap, Ondan iň köp gorkýany-da odur. Jenaby Hak ony günä etmekden goran bolsa-da, ol dyngysyz ybadat ederdi, Allahu tagalanyň dergähine doga we ystygfar ederdi. Gijäniň başynda (ýassy namazyndan soň) ýatardy, ahyrynda ybadat ederdi. Ibn Abbas şeýle gürrüň berýär: “Bir gije möminleriň enesi hezreti Meýmunanyň öýünde myhman boldum. Resulullah ýarym gijä çenli, ýa-da ondan birneme öň ýa-da soň çenli ýatdy. Soňra oýanyp oturdy, eli bilen ýüzünden uky yzlaryny süpürdi. Turup, asylgy duran suw aftabasyny alyp, täret aldy. Äli-Ymran süresiniň ahyryndan on aýaty kerime okady we namaza durdy. Men hem turup, Resulullahyň alşy ýaly täret aldym we namazda ol Serweriň ýanynda durdum. Resulullah iki rekagat namaz okady. Soňra ýene iki rekagat okady. Onuň yzyndan ýene iki rekagat okady. Soňra witr namazyna durdy. Şondan soň ertir azany okalýança ýatdy. Soňra turup, ýene iki rekagat namaz okady we metjide çykyp, ertir namazynyň parzyny okady.”2 Hezreti Aişe enemiz şeýle gürrüň berýär: “Resulullah bir gije uklapdy. Oýananda: ‘Eý Aişe, rugsat etseň, şu gije Rebbime ybadat bilen meşgul bolaýyn’ diýdi. Soňra turdy. Kurany Kerim okap aglady. Hatda göz ýaşlaryndan iki dyzy-da öl boldy. Ol okamagyny dowam etdi, okadygyça mübärek göz ýaşlary bedeniniň degen her ýerini öl etdi. Bu ýagdaý ertire çenli dowam etdi.
Ertir Bilal Habeşi gelip, bu ýagdaýy görende: ‘Ejem-kakam saňa gurban bolsun, ýa Resulallah! Allahu tagala seniň geçen we geljek ýalňyşlaryňy bagyşlamadymy?’ diýdi. Resulullah: ‘Eý Bilal! Nädip men şükür edýän gul bolmaýyn? Allahu tagala şu gije3 manysyna görä: “Asmanlaryň we ýeriň ýaradylyşynda, gije bilen gündiziň yzly-yzyna gelmeginde akyl eýeleri üçin, elbetde, köp alamatlar bar” diýen Äli-Ymran süresiniň 190-njy aýatyny indirdi’ diýdi.” “Muslim” ýygyndysynda getirilen hadysy şerifde-de ol: “Ýüregime şeýle zatlar gelýär welin, şolar sebäpli her gün we her gije Allahu tagala ýetmiş gezek ystygfar edýärin” we “Ýüregimde (ylahy nurlaryň gelmegine päsgel berýän) perde peýda bolýar. Şonuň üçin her gün 70 gezek ystygfar edýärin”, şeýle hem “Allahu tagala her gün ýüz gezek ystygfar edýärin” diýdi.4
Pygamberimiziň Allahu tagaladan gorkusy şeýle uludy welin, hatda onuň kahkaha bilen gülenini-de görmediler. Imam Tirmiziniň Abu Zerden merfug5 edip rowaýat eden hadysy şerifinde şeýle diýilýär: “Şeksiz, siziň görmeýäniňizi men görýärin, siziň eşitmeýäniňizi men eşidýärin. Asmanda perişdeleriň sežde etmeýän dört barmak ýaly-da boş ýeri ýokdur. Allaha kasam edýärin, meniň bilýänimi bilsediňiz, az gülüp, köp aglardyňyz. Ýollara düşüp, sesiňiz ýetdiginden gygyryp, Allahu tagalanyň dergähine ýalbarardyňyz”.6
Abu Hureýräniň rowaýat eden hadysy şerifinde Resulullah şeýle diýdi: “Hiç kimi onuň amaly jennete eltmez”. “Sizi-de eltmezmi, ýa Resulallah?” diýip soralanda, ol: “Hawa, meni-de amalym jennete eltmez. Emma Allahu tagalanyň fazly we rahmeti meni örter” diýdi.
Ibn Omar şeýle gürrüň berýär: “Resulullah bilen bir mejlisde bolanymyzda, biz onuň ýüz gezek: ‘Ýa Rebbim! Meni bagyşla we tobamy kabul et. Sen – tobalary kabul edijisiň we Rahymsyň’ diýenini sanardyk.”7
Enes ibn Malik şeýle geçirdi: “Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) hemişe: ‘Allahumme ýa mukallibel-kulub, sebbit kalbi ala dinik’ diýerdi.”8 Tirmiziniň Abu Sagyt Hudrydan rowaýat eden hadysy şerifinde Pygamberimiz şeýle diýdi: “Düşegine girende üç gezek: ‘Estagfirullahel-azym, ellezi la ilähe illa huwel-haýýul-kaýýum, we etubu ileýh’ diýen adamyň günäleri deňiz köpügi, ýa-da Temim ýurdunyň gumy, ýa-da agaç ýapraklarynyň sany, ýa-da dünýäniň günleri ýaly köp bolsa-da, Allahu tagala onuň günälerini bagyşlar”.
Buharynyň we Muslimiň geçirişine görä, Resulullah şeýle ystygfar ederdi: “Allahummagfirli hatyeti we jehli we israfi fi emri we ma ente aglemu bihi minni”. (Allahym! Seniň bilýän we meniň (bilip ýa-da) bilmän çägimden çykyp eden ýalňyşlarymy bagyşla!)
Abu Musa Eşgarydan (radyýallahu anhu) rowaýat edilişine görä, Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle-de ystygfar ederdi:
“Allahummagfirli hezli we jiddi we hataý we gamdi we kullu zalike gyndi. Allahummagfirli ma kaddemtu we ma ahhartu we ma esrartu we ma aglentu we ma ente aglemu bihi minni, entel-mukaddimu we entel-muahhiru we ente ala kulli şeýin kadir”.9 (Allahym! Degişip-de, çynymdan-da, unudyp-da, bilip-de edip biljek ähli kemçiliklerimi bagyşla. Allahym! Öň we soň edenlerimi, gizlin we äşgär edenlerimi – Seniň bilýän her hili kemçiliklerimi bagyşla. Öňe goýujy hem – Sen, yza goýujy hem – Sen. Sen her zada kadyrsyň.)
Resulullah gündizine oraza tutardy,
gijelerine namazda dik durardy.
Eger sen şol Saýlananyň ymmaty bolsaň,
sünnete, mekruha hemişe üns ber.
“Ýüregimde (ylahy nurlaryň gelmegine päsgel berýän) perde peýda bolýar. Şonuň üçin her gün 70 gezek ystygfar edýärin” Hadysy şerif
