Söýgüli Pygamberim

PYGAMBERIMIZIŇ FAZYLATLARY

Muhammet aleýhisselamyň fazylatlaryny beýan edýän ýüzlerçe kitap bar. Fazylat – “artykmaçlyk” diýmekdir. Onuň artykmaçlyklarynyň käbirleri aşakda getirilýär: 1. Mahlukatyň arasynda ilki bilen Muhammet aleýhisselamyň nury we ruhy ýaradyldy. 2. Allahu tagala onuň adyny Arşa, jennetlere we ýedi gat asmana ýazdy. 3. Hindistanda ösýän bir gülüň ýapraklarynda “La ilähe illallah Muhammedur-resulullah” diýlip ýazylgydyr. 4. Basra şäheriniň golaýyndaky bir derýada tutulan balygyň sag tarapynda “Allah”, çep tarapynda “Muhammet” diýlip ýazylandygy göründi. Muňa meňzeş wakalar köp. 1975-nji ýylda Londonda çap edilen A History of Fishes kitabynyň iki ýüzünji sahypasynda guýrugynda Kurany Kerimiň harplary bilen “Şanullah” diýlip ýazylan balygyň suraty bar. Berlen maglumatda guýrugyň beýleki tarapynda-da “La ilähe illallah” diýlip ýazylandygy habar berilýär. Munuň mysallary örän köp. 5. Muhammet aleýhisselamyň adyny aýtmakdan başga wezipesi bolmadyk perişdeler bar. 6. Perişdelere hezreti Adama sežde etmegiň buýrulmagy onuň maňlaýynda Muhammet aleýhisselamyň nurunyň bolany üçindi. 7. Allahu tagala ähli pygamberlere Muhammet aleýhisselamyň geljekdigini bildirdi, şeýle hem olara öz ymmatlaryna, onuň zamanyna ýetişseler, oňa iman getirmegi buýurmagy tabşyrdy. 8. Ol dünýä inmezinden öň örän uly alamatlar göründi. Olar taryh we mewlit kitaplarynda ýazylgydyr. 9. Ol dünýä inende, göbegi kesilen we sünnet edilen halda göründi. 10. Ol dünýä inenden soň, şeýtanlar asmana çykyp, perişdelerden habar ogurlap bilmez boldular. 11. Ol dünýä inende, ýer ýüzündäki ähli butlar, çokunylýan heýkeller ýüzin ýykyldylar. 12. Onuň sallançagyny perişdeler yrgyldadardy. 13. Sallançakdaka asmandaky Aý bilen gürleşerdi. Aý onuň mübärek barmagy bilen yşarat eden tarapyna egilerdi. 14. Sallançakdaka gürläp başlady. 15. Çagalykda açyk ýerlerde gezende, başynyň üstünde bir bulut onuň bilen bile hereket edip, kölege salardy. Bu ýagdaý onuň pygamberligi başlaýança dowam etdi. 16. Her bir pygamberiň sag eliniň üstünde pygamberlik möhüri bardy. Muhammet aleýhisselamyň möhüri bolsa mübärek arkasynyň ortasynda, çep egin süňküniň golaýynda, ýüreginiň deňindedi. Jebraýyl aleýhisselam onuň ýüregini ýuwup, göwsüni ýapanda, jennetden getiren möhüri bilen onuň arkasyna möhür basypdy.

17. Öňündäkini nähili görse, yzyndakyny-da şeýle görerdi.

18. Ýagtyda nähili görse, garaňkyda-da şeýle görerdi. 19. Onuň tüýkülügi ajy suwlary süýji etdi, syrkawlara şypa berdi, bäbeklere süýt ýaly iýmit boldy. 20. Gözleri uklanda, ýüregi oýa bolardy. (Ähli pygamberler hem şeýledi.) 21. Ömründe bir gezek-de äňňermedi. 22. Onuň mübärek deri gül ýaly hoş yslydy. Bir garyp adam gyzyny durmuşa çykaranda, ondan kömek sorapdy. Şol wagt onuň berere zady ýokdy. Ol kiçijik bir çüýşä öz derinden guýup berdi. Ol gyz ony ýüzüne, başyna çalanda, onuň öýi müşk ysyna bürenerdi. Onuň öýi “hoş ysly öý” ady bilen meşhur boldy. 23. Orta boýly bolsa-da, uzyn boýly adamlaryň ýanynda olardan uzynrak görünerdi. 24. Gün we Aý ýagtysynda ýörände, onuň kölegesi ýere düşmezdi. 25. Onuň bedenine we eşigine siňek, çybyn we beýleki mör-möjekler gonmazdy. 26. Içki eşikleri, näçe geýse-de, hiç haçan hapalanmazdy. 27. Ol ýöräninde hemişe onuň yzyndan perişdeler gelerdi. Şonuň üçin ol sahabalaryny öňden ýöredip: “Meniň yzymy perişdelere goýuň” diýerdi.1 28. Daşyň üstüne bassa, daşda onuň aýagynyň yzy galardy. Gumuň üstünden ýörände bolsa asla yz galdyrmazdy. Tebigy zerurlygyny berjaý edende, ýer ýarylyp, hemmesi topragyň içinde galardy. (Ähli pygamberler hem şeýledi.) 29. Ynsanlaryň we perişdeleriň arasynda iň köp ylym oňa berildi. Ol ummy bolsa-da, ýagny hiç kimden hiç zat öwrenmedik bolsa-da, Allahu tagala oňa her zady bildirdi. Adam aleýhisselama her zadyň ady bildirilişi ýaly, oňa-da her zadyň ady we ylmy bildirildi. 30. Oňa ymmatynyň atlary, keşpleri we olaryň arasynda boljak ähli zatlar bildirildi. 31. Onuň akly ähli ynsanlaryň aklyndan köpdür. 32. Ynsanlarda bolup biljek ähli gözel häsiýetleriň hemmesi oňa berildi. Beýik şahyr Omar ibn Faryddan: “Resulullahy näme üçin öwmediň?” diýip soranlarynda, ol: “Ony öwmäge güýjümiň ýetmejekdigine düşündim. Ony öwerlik söz tapmadym” diýdi.

“Ymmatymdan biriniň dowzahda galmagyna-da razy bolmaryn” Hadysy şerif

33. Kelimeýi şahadatda, azanda, kamatda, namazdaky teşehhütde, köp dogalarda, käbir ybadatlarda we hutbalarda, nesihat edilende, kyn wagtlarda, gabyrda, magşarda, jennetde we her bir mahlugyň dilinde Allahu tagala onuň adyny Öz adynyň ýanynda goýdy. 34. Onuň artykmaçlyklarynyň iň beýigi – Habybullah bolmagydyr. Allahu tagala ony Özüne söýgüli, dost etdi. Ony her kesden, her perişdeden-de artyk söýdi. Ol: “Ybraýymy Halyl eden bolsam, seni Özüme Habyp etdim” diýdi.

35. “Sen razy bolýançaň (‘Ýeterlik!’ diýýänçäň) Men saňa her isleýän zadyňy bererin”2 manysyndaky aýaty kerime Allahu tagalanyň Öz Pygamberine ähli ylymlary, ähli artykmaçlyklary, yslamyň hökümlerini, duşmanlaryna garşy kömegi we ýeňşi, ymmatyna fetihleri we ýeňişleri, kyýamatda bolsa her hili şepagatlary we tejellileri berjekdigini wada edýär. Bu aýaty kerime inende, ol Jebraýyl aleýhisselama seredip: “Ymmatymdan biriniň dowzahda galmagyna-da razy bolmaryn” diýdi. 36. Allahu tagala Kurany Kerimde her bir pygambere öz ady bilen, Muhammet aleýhisselama bolsa “Eý Resulym! Eý Pygamberim!” diýip ýüzlendi. 37. Ol arap diliniň her bir şiwesinde örän aýdyň, aňsat düşünilýän görnüşde gürlärdi. Dürli ýerlerden gelip soraýanlara olaryň öz şiwelerinde jogap bererdi. Eşidýänler haýran galardylar. Ol: “Allahu tagala meni örän gözel terbiýeledi” diýerdi.3

38. Az söz bilen köp zady düşündirerdi. Onuň ýüz müňden artyk hadysy şerifi onuň “Jewamigul-kelim” bolandygyny görkezýär.

Käbir alymlar şeýle diýdiler: “Muhammet aleýhisselam yslam dininiň dört esasyny dört hadys bilen bildirdi:

- ‘Amallar niýetlere görä bahalandyrylýar’.4

- ‘Halal äşgärdir, haram äşgärdir’.5

- ‘Dawa edýäniň şaýat getirmegi, jogap berýäniň bolsa kasam etmegi gerekdir’.6 we

- ‘Bir adam özüne isleýän zadyny din doganyna-da islemeýänçä, onuň imany kämil bolmaz’.7 Bu dört hadysyň birinjisi – ybadat, ikinjisi – ynsanlaryň arasyndaky gatnaşyklar (muamalat), üçünjisi – husumat, ýagny adalat işleri we dolandyryş, dördünjisi bolsa edep we ahlak ylymlarynyň esasydyr.”8

39. Muhammet aleýhisselam masun (goragly) we magsum (günäsiz) bolupdy. Bilip-de, bilmän-de, ulusyny-da, kiçisini-de – kyrk ýaşa çenli-de, ondan soň-da – hiç bir günä etmedi. Onuň hiç bir ýaramaz hereketi görülmedi. 40. Musulmanlara namazda oturanda “Esselamu aleýke eýýuhen-nebiýýu we rahmetullahi” diýip okap, Muhammet aleýhisselama salam bermek buýruldy. Namazda başga bir pygambere ýa-da perişdelere salam bermek jaýyz däldir. 41. Hadysy kudside: “Sen bolmadyk bolsaň, Men hiç zady ýaratmazdym!” diýildi.9

42. Başga pygamberler kapyrlaryň töhmetlerine özleri jogap berdiler. Muhammet aleýhisselama edilen töhmetlere bolsa Allahu tagala Özi jogap berip, ony gorady. 43. Muhammet aleýhisselamyň ymmatynyň sany beýleki pygamberleriň ymmatlarynyň hemmesiniň jeminden-de köpdür. Olar beýlekilerden üstün we şereflidir. Jennete girjekleriň üçden ikisiniň şu ymmatdan boljakdygy hadysy şeriflerde bildirildi. 44. Resulullaha beriljek sogaplar beýleki pygamberlere beriljek sogaplardan esse-esse köpdür.

Kabul bolan bir ybadaty ýa-da haýyrly bir işi edene berlen sogap ýaly onuň mugallymyna-da beriler. Mugallymynyň mugallymyna – dört esse, onuň mugallymyna – sekiz esse, onuň-da mugallymyna on alty esse köp, şeýdip, Resulullaha çenli her bir mugallyma şägirdiniňkiden iki esse köp sogap beriler. Meselem, ýigriminji mugallymyna 524 288 sogap beriler. Muhammet aleýhisselama ymmatynyň her bir adamynyň her bir işi üçin sogap beriler.

Muhammet aleýhisselama her bir iş üçin beriljek sogaplaryň sanyny şu hasaba görä oýlansaň, olaryň hemmesiniň mukdaryny Allahu tagaladan başga hiç kim bilmez. Selefi salyhynyň soňra gelenlerden has üstün, has ýokarydygy bildirildi. Sogap sany babatdan bu artykmaçlyk äşgärdir. 45. Ony ady bilen çagyrmak, onuň ýanynda gaty sesli gürlemek, uzakdan oňa gygyryp ýüzlenmek, ýolda onuň öňüne geçmek haram edildi. Başga pygamberleriň ymmatlary öz pygamberlerini atlary bilen çagyrardylar. 46. Ol Jebraýyl aleýhisselamy perişde keşbinde iki gezek gördi. Başga hiç bir pygamber ony asyl keşbinde görmedi. 47. Oňa Jebraýyl aleýhisselam ýigrimi dört müň gezek geldi. Beýleki pygamberlerden iň köp Musa aleýhisselama geldi – dört ýüz gezek.

“Ähli beýtime duşmançylyk edýän – münapykdyr (ikiýüzli)” Hadysy şerif

48. Ysrapyl aleýhisselam hem Muhammet aleýhisselama köp gezek geldi. Başga pygamberlere (aleýhimussalawatu wetteslimat) diňe Jebraýyl aleýhisselam geldi. 49. Allahu tagaladan Muhammet aleýhisselamyň hakyna kasam berip soramak jaýyzdyr, başga pygamberler we perişdeler bilen bolsa jaýyz däldir. 50. Muhammet aleýhisselamdan soň onuň aýallaryny başgalaryň nikalap almagy haram edildi we şu babatdan olaryň möminleriň eneleridigi bildirildi.

Başga pygamberleriň (aleýhimussalawatu wetteslimat) aýallary ýa olara zyýan getirdiler, ýa-da olara peýdasyz boldular. Muhammet aleýhisselamyň mübärek aýallary (radyýallahu tagala anhunna) bolsa dünýä we ahyret işlerinde oňa kömekçi boldular, garyplyga sabyr etdiler, şükür etdiler we yslamy ýaýmakda örän köp hyzmat etdiler. 51. Nesep we sebäp babatdan, ýagny gan we nika babatdan bolan garyndaşlygyň kyýamatda peýdasy ýokdur. Resulullahyň garyndaşlary mundan aýrydyr. 52. Resulullahyň adyny götermek dünýäde-de, ahyretde-de peýdalydyr. Onuň adyny göterýän hakyky möminler dowzaha girmezler. 53. Onuň her bir sözi, her bir işi dogrudyr. Onuň her bir ijtihadyny Allahu tagala dogry diýip tassyklaýar. 54. Ony söýmek her kese parzdyr. Ol: “Allahu tagalany söýen meni-de söýer” diýdi. Ony söýmegiň alamaty – onuň dinine, ýoluna, sünnetine we ahlakyna eýermekdir. Kurany Kerimde oňa: “Maňa eýerseňiz, Allahu tagala sizi söýer” diýmek buýruldy.

55. Onuň Ähli beýtini söýmek wajypdyr. Ol: “Ähli beýtime duşmançylyk edýän – münapykdyr (ikiýüzli)” diýdi. Ähli beýt – onuň zekat almagy haram bolan garyndaşlarydyr. Olar – onuň aýallary we atasy Haşymyň neslinden bolan möminlerdir, ýagny Alynyň, Akylyň, Jagfar Taýýaryň we Abbasyň neslinden bolanlardyr.

56. Onuň ähli sahabalaryny söýmek wajypdyr. Ol: “Menden soň sahabalaryma duşmançylyk etmäň! Olary söýmek – meni söýmekdir. Olara duşman bolmak – maňa duşman bolmakdyr. Olary injiden meni injiden bolar. Meni injiden bolsa Allahu tagalany injidýär. Allahu tagala Özüni injideni azaplar” diýdi.

57. Allahu tagala Muhammet aleýhisselam üçin asmanda iki we ýerde iki kömekçi ýaratdy. Olar – Jebraýyl, Mikaýyl, Abu Bekir we Omar (radyýallahu tagala anhum ejmagin).10 58. Erkek bolsun, aýal bolsun, uly ýaşda aradan çykan her kesden gabyrda Muhammet aleýhisselam barada soralar. “Rebbiň kim?” diýip soralyşy ýaly: “Pygamberiň kim?” diýip-de soralar. 59. Muhammet aleýhisselamyň hadysy şeriflerini okamak – ybadatdyr. Okaýana sogap berilýär.

Hadysy şerif okanda täret almak, arassa eşik geýmek, hoşboý ys sepinmek, hadysy şerif kitabyny beýik ýere goýmak, okaýanyň daşardan girýänler üçin aýaga galmazlygy we diňleýänleriň öz aralarynda gürleşmezligi müstehapdyr. Hadysy şerifleri hemişe okaýanlaryň ýüzleri nurly, ýagty we gözel bolýar. Kurany Kerim okanda-da bu edepleri berjaý etmek gerek. 60. Onuň mübärek ruhuny almak üçin Ezraýyl aleýhisselam ynsan keşbinde geldi we içeri girmäge rugsat sorady. 61. Ol gabrynda biziň bilmeýän bir durmuşy bilen diridir. Gabyrda Kurany Kerim okaýar, namaz okaýar. (Ähli pygamberler hem şeýledir.) 62. Dünýäniň her künjeginde Resulullaha (sallallahu aleýhi we sellem) salawat okaýan musulmanlary eşiden perişdeler onuň gabrynyň ýanyna gelip, oňa habar berýärler. Onuň gabryny her gün müňlerçe perişde zyýarat edýär. 63. Onuň gabrynyň içindäki toprak her ýerden-de, Käbeden-de, jennetlerden-de üstündir. 64. Ymmatynyň amallary we ybadatlary oňa her ertir we agşam görkezilýär. Ol olary edýänleri-de görýär, günä edýänleriň bagyşlanmagy üçin doga edýär. 65. Onuň gabryny zyýarat etmek aýallara-da müstehapdyr. Başga gabyrlary bolsa olar diňe adam az wagtlarda we musulman aýala ýaraşýan eşik bilen zyýarat edip bilerler. 66. Diriliginde bolşy ýaly, wepatyndan soň-da dünýäniň her ýerinde, her wagtda oňa tewessül edýänleriň, ýagny onuň hatyrasy, hormaty üçin dileýänleriň dogasyny Allahu tagala kabul edýär.

Bir obaly onuň gabrynyň ýanyna gelip: “Ýa Rebbim! Sen gul azat etmegi buýurdyň. Bu – Seniň Pygamberiň, men bolsa – Seniň gullaryňyň biri. Pygamberiňiň hatyrasy üçin meni dowzah odundan azat et!” diýdi. Şonda: “Eý gulum! Näme üçin diňe özüňiň azat edilmegini soradyň? Ähli gullarymyň azat edilmegini näme üçin soramadyň? Bar, git! Men seni dowzahdan azat etdim” diýen owaz eşidildi.

Meşhur öwlüýälerden Hatym Esam Resulullahyň gabrynyň ýanynda durup: “Ýa Rebbim! Men Pygamberiňiň gabryny zyýarat etdim. Meni eli boş gaýtarma!” diýdi. Şonda: “Eý gulum! Habybymyň gabryny zyýarat etmegiňi kabul etdim. Seni we seniň bilen bile zyýarat edenleri bagyşladym” diýen owaz eşidildi.

Imam Ahmet Kastallany (rahmetullahi aleýh) şeýle gürrüň berýär: “Birnäçe ýyl bir kesel bilen ejir çekdim. Lukmanlar oňa em tapyp bilmediler. Mekgede bir gije Resulullaha köp ýalbardym. Şol gije düýşümde bir adamy gördüm. Onuň elindäki kagyzda: ‘Bu ýerde Resulullahyň rugsady bilen Ahmet Kastallanynyň keseli üçin derman ýazyldy’ diýlenini okadym. Oýananymda, keselim aýrylypdy.” Kastallany ýene şeýle gürrüň berýär: “Bir gyzjagaz tutgaý keseli bilen syrkawlap başlapdy. Onuň sagalmagy üçin Resulullaha köp ýalbardym. Düýşümde bir adam gyzy kesel eden jyny ýanyma getirdi-de: ‘Ony saňa Resulullah iberdi’ diýdi. Men jyna gaharlandym, oňa gygyrdym. Ol maňa gyzjagazy injitmejekdigine kasam etdi, men bolsa oýandym. Köp wagt geçmänkä, gyzjagazyň tutgaý keselinden halas bolandygyny eşitdim.”

67. Kyýamat güni gabyrdan ilki bilen Resulullah turar. Onuň egninde jennet lybasy bolar. Ol Buraga münüp magşar meýdanyna barar, elinde “Liwaul-hamd” diýlip atlandyrylýan baýdak bolar. Pygamberler we ähli ynsanlar şu baýdagyň aşagynda durarlar. Müň ýyl garaşmakdan hemmesi örän kösenerler. Ynsanlar nobata görä Adam, Nuh, Ybraýym, Musa we Isa pygamberlere (aleýhimusselam) baryp, hasap başlansyn diýip şepagat etmeklerini dilärler. Olaryň her biri öz ötünjini aýdyp, Allahu tagaladan utanýandygyny we gorkýandygyny aýdar we şepagat etmekden saklanar. Ahyrynda olar Resulullaha baryp ýalbaranlarynda, ol sežde edip doga eder we onuň şepagaty kabul bolar. Ilki onuň ymmatynyň hasaby görüler, Syrat köprüsinden ilki bilen olar geçer, jennete ilki bilen olar girer. Nirä barsalar-da, her ýeri nurlandyrarlar.

Hezreti Fatma Syrat köprüsinden geçende: “Her kes gözlerini ýumsun! Muhammet aleýhisselamyň gyzy gelýär” diýiler.

68. Resulullahyň jennetde boljak makamynyň ady – Wesile. Bu – jennetiň iň ýokary derejesidir. Jennetdäki her kese bir şahasy uzalýan Sidretul-munteha agajynyň köki şol ýerdedir. Jennetdäkilere nygmatlar şu şahalardan geler.

69. Adam aleýhisselamyň zamanynda namaz üçin okalan azanda Muhammet aleýhisselamyň ady hem aýdylardy.

70. Töwratda, Injilde we Zeburda Muhammet aleýhisselam, onuň dört halyfy, sahabalary we ymmatyndan käbirleri gözel sypatlar bilen beýan edildi we öwüldi. Allahu tagala Özüniň Mahmut adyndan “Muhammet” sözüni çykaryp, Habybyna at edip goýdy. Allahu tagala Öz atlaryndan Rauf we Rahym atlaryny Habybyna-da berdi. 71. Üç ýaşynda, kyrk ýaşynda oňa pygamberlik bildirilende we elli iki ýaşynda Miraja alnyp barlanda perişdeler onuň göwsüni ýardylar. Jennetden getiren legeniniň içinde jennet suwy bilen onuň ýüregini ýuwdular. 72. Ol Sewr (Öküz) ýyldyz toplumynyň ýanyndaky “Süreýýa” diýlip atlandyrylýan ýyldyzlar toplumyndaky ýedi ýyldyzy gözleri bilen görüp, olaryň sanyny bildiripdi. Bu ýyldyzlar toplumyna Perwin we Ülker hem diýilýär. 73. Käbirleri onuň hijamat ganyndan içdiler. Olaryň biri ony içende, ol: “Dowzah ody ony ýakmaz” diýdi. 74. Onuň beýik mugjyzalarynyň biri – Miraja alnyp barylmagydyr. Burak diýlip atlandyrylýan jennet haýwany bilen ol Mekgeden Iýerusalime (Kudus) alnyp baryldy. Ondan asmanlara we Arşa alnyp baryldy. Oňa ajaýyp zatlar görkezildi. Ol Allahu tagalany baş gözi bilen, emma düşünip bolmajak görnüşde gördi. (Emma bu görmek maddy älemiň daşynda, ýagny ahyret äleminde boldy.) Bir pursatda ol ýene öýüne getirildi. Miraj mugjyzasy başga hiç bir pygambere berilmedi.

75. Ömründe bir gezek oňa salawat we salam okamak onuň ymmatyna parz boldy. Allahu tagala we perişdeler hem oňa salawat we salam iberýärler.

“Men gul pygamber bolmagy isleýärin” Hadysy şerif

76. Gijesi-de, oýaka-da, uklaka-da, ýalňyzka-da, köpçülikde-de, saparda-da, öýde-de, söweşde-de, gülende-de, aglanda-da onuň mübärek ýüregi hemişe Allahu tagala bilendi. Käbir wagtlarda bolsa diňe Allahu tagala bilendi.

Dünýädäki wezipelerini ýerine ýetirip bilmek we mübärek ýüregini ynsanlyk älemine öwürmek üçin ol aýaly Aişäniň (radyýallahu anha) ýanyna gelip: “Eý Aişe! Biraz meniň bilen gürleş-ä (özüme geleýin)” diýerdi, şondan soň sahabalaryna nesihat etmäge we olary dogry ýola salmaga giderdi. Ertir namazynyň sünnetini öýünde okap, Aişe (radyýallahu anha) bilen biraz gürleşenden soň, sahabalaryna parzy okatmak üçin metjide giderdi. Bu ýagdaý – diňe Pygambere mahsus aýratynlyklardandyr (hasaýisdendir). Aişe (radyýallahu anha) bilen gürleşmän daşaryk çykan bolsa, ylahy tejellilerden we nurlardan onuň ýüzüne hiç kim seredip bilmezdi. 77. Ol mertebäni, soltanlygy islemedi, pygamberligi we garyplygy diledi. Bir ertir Jebraýyl aleýhisselam bilen gürleşip otyrka, ol şu gije öýlerinde iýere bir dişlem iýmitiň-de ýokdugyny aýtdy. Şol pursat Ysrapyl aleýhisselam gelip: “Allahu tagala seniň aýdanyňy eşitdi we meni iberdi. Isleseň, eliň degen her bir daş altyn, kümüş ýa-da zümerret bolsun. Isleseň, patyşa bolup pygamberlik et” diýdi. Resulullah üç gezek: “Men gul pygamber bolmagy isleýärin” diýdi.

78. Başga pygamberler (aleýhimussalawatu wetteslimat) belli bir zamanda, belli bir ýurtda pygamberlik etdiler. Muhammet aleýhisselam bolsa ýer ýüzündäki ähli ynsanlara we jynlara kyýamata çenli pygamber edilip iberildi. Onuň perişdeleriň-de, haýwanlaryň-da, ösümlikleriň-de, jansyz zatlaryň-da, gysgaça, ähli mahlukatyň pygamberidigini bildiren alymlar hem bar.

79. Onuň rahmeti, peýdasy ähli barlyklara ýaýrady. Möminlere onuň peýdasy äşgärdir. Başga pygamberleriň (aleýhimussalawatu wetteslimat) zamanyndaky kapyrlara dünýäde azaplar berlerdi, olar ýok edilerdi. Oňa iman getirmedikler bolsa dünýäde azaplanmadylar. Bir gün ol Jebraýyl aleýhisselama: “Allahu tagala meniň älemlere rahmetdigimi bildirdi. Meniň rahmetimden saňa-da paý düşdümi?” diýdi. Jebraýyl: “Allahyň beýikliginiň, haýbatynyň öňünde ahyrymyň nähili boljakdygyndan hemişe gorkudadym. Meniň ynamdardygymy (emindigimi) bildirýän aýatlary (Tekwir süresiniň 20-nji we 21-nji aýatlaryny) getirenimde, bu öwgi bilen howply gorkudan halas boldum, ynjaldym. Mundan uly rahmet bolarmy?” diýdi. 80. Allahu tagala Muhammet aleýhisselamyň razy bolmagyny isledi. (35-nji fazylatda aýdyşymyz ýaly, Allahu tagala oňa ol razy bolýança islänini berer. Bu barada Zuha süresinde bildirildi.)

81. “Mewahibi ledunniýe” kitabynda: “Ymmatymyň hemmesiniň bilelikde azaşmak (dalalat) üstünde jemlenmezligini Rebbimden diledim. Ol kabul etdi” diýen hadysy şerifiň meşhurdygy aýdylýar.

Başga bir hadysy şerifde ol şeýle diýdi: “Allahu tagala sizi üç zatdan gorady. Birinjisi – Ol sizi azaşmak üstünde birleşmekden gorady. Ikinjisi – ýokanç keselden ölen adam şehitlik sogabyna ýeter. Üçünjisi – iki salyh musulman bir musulman barada: ‘Ol gowy adam’ diýip şaýatlyk etse, ol musulman jennete girer”.

Bir hadysy şerifde ol: “Sahabalarymyň ihtilafy – siz üçin rahmetdir” we “Ymmatymyň ihtilafy (amalda mezheplere bölünmegi) – rahmetdir” diýdi. Onuň ymmaty haky, dogrulygy tapmak üçin jan edende, ihtilafa düşýärler. Bu jan etmeleri bolsa rahmete sebäp bolýar. Bu hadysy şerifi iki adam inkär etdi: biri – majin, beýlekisi – mülhit. Majin – dini dünýä gazanjyna gural edýän hilegärdir. Mülhit bolsa – aýaty kerimelere dünýä bähbitlerine görä many berip kapyr bolan azaşan adamdyr. Ýahýa ibn Sagyt şeýle diýýär: yslam alymlary işleri ýeňilleşdirijilerdir. Bir işe biri “halal”, beýlekisi “haram” diýipdir. Salyh adamlar üçin halal diýen zadyna fesat zamanynda haram diýipdirler. Ýokardaky hadysy şerifleriň görkezişi ýaly, ijmaýy ymmat, ýagny müjtehit diýlip atlandyrylýan alymlaryň agzybir pikiri, edilleýi şergyýýe (şerigat delilleri) hataryna girýär. Ýagny ol – din ylymlarynyň dört çeşmesiniň biridir, dört mezhep hem hakdyr. Mezhepler – Allahu tagalanyň musulmanlara rahmetidir. 82. Resulullahyň mübärek gyzlary we aýallary (radyýallahu tagala anhunna) – dünýä aýallarynyň iň üstünleridir. Onuň ähli sahabalary hem pygamberlerden soň ähli ynsanlaryň iň üstünleridir. Onuň şäherleri – Mekgeýi mükerreme, soňra Medineýi münewwere – ýer ýüzüniň iň gymmatly ýerleridir. Onuň mübärek metjidinde okalan bir rekagat namaza müň rekagatyň sogaby ýazylýar. Başga ybadatlar üçin hem şeýledir.

Onuň gabry bilen münberiniň arasy – jennet bagydyr. Ol şeýle diýdi:

“Wepatymdan soň meni zyýarat eden adam meni dirikäm zyýarat eden ýalydyr. Haremeýniň birinde ölen mömin kyýamat güni aman halda direldiljekdir”. Mekge we Medine şäherlerine Haremeýn diýilýär. 83. Her kesiň nesli ogly arkaly dowam edýär. Muhammet aleýhisselamyň nesli bolsa gyzy Fatmadan dowam edýär. Bu barada hadysy şerifde-de bildirildi. 84. Her ynsanyň jynlardan bir ýoldaşy bar. Bu şeýtan – kapyrdyr. Ol göwne weswese salyp, adamyň imanyny almaga, oňa günä etdirmäge jan edýär. Resul aleýhisselam öz jyn ýoldaşyny imana getirdi.

85. Resulullah (sallallahu tagala aleýhi we sellem) wepat boljak wagty Jebraýyl aleýhisselam gelip, oňa Allahu tagaladan salam getirdi we Allahu tagalanyň onuň halyny soraýandygyny aýtdy. Ol onuň wepat boljakdygyny bildirdi, özi we ymmaty üçin örän köp buşluklar berdi.

Aýagyňyň tozanyna jahany-da almaryn, ýa Resulallah!
Bir saç gylyňa ýedi gat asmany çalyşmaryn, ýa Resulallah!
Syddygyň islegi – seniň ýeke bir sehwiňdir, ýa Resulallah!
Irfanyň arzuwy – aýagyňdaky tozan bolmakdyr, ýa Resulallah!