PYGAMBERIMIZIŇ BEÝIK AHLAKY1
Allahu tagala Öz söýgüli Pygamberine (sallallahu aleýhi we sellem) beren ýagşylyklaryny, ihsanlaryny sanap, onuň mübärek göwnüni sypap: “Sen gözel häsiýetli edilip ýaradyldyň” diýýär.2
Aýaty kerimede manysyna görä şeýle diýildi: “Şeksiz, sen hulky azym üstündesiň (sen beýik ahlak eýesisiň)”. Hulky azym – Allahu tagala bilen syrlaryň, gizlin zatlaryň bolmagy, ynsanlaryň arasynda bolsa gözel häsiýetli bolmak diýmekdir. Hezreti Ikrime şeýle diýdi: “Abdylla ibn Abbasdan eşitdim: bu aýaty kerimedäki ‘hulky azym’, ýagny gözel häsiýetler – Kurany Kerimiň beýan eden ahlakydyr.”
Köp adamlaryň yslam dinine girmegine Resulullahyň gözel ahlaky sebäp boldy.
Onuň sözleri örän süýji bolup, göwünleri awlardy, ruhlary özüne çekerdi. Onuň akly şeýle bir uludy welin, ol Arap ýarymadasyndaky gödek, ters häsiýetli adamlaryň arasyna gelip, olary örän gowy dolandyrdy, jebirlerine sabyr etdi we olary ýumşaklyga we boýun egmäge getirdi. Olaryň köpüsi öz dinlerini taşlap, musulman boldy, hatda yslam dininiň ýolunda öz kakalaryna we ogullaryna garşy söweşdi.
Onuň ýolunda mallaryny, ýurtlaryny pida etdiler, ganlaryny dökdüler. Aslynda olar beýle zatlara öwrenişmändiler. Onuň gözel häsiýeti, ýumşaklygy, bagyşlaýjylygy, sabyrlylygy, ýagşylygy we sahylygy şeýle köpdi welin, her kesi haýran galdyrardy. Ony görenler we eşidenler söýüp musulman bolardy. Onuň hiç bir hereketinde, hiç bir işinde, hiç bir sözünde hiç haçan hiç hili gelşiksizlik, hiç hili kemçilik görülmedi. Özi üçin hiç kime öýkelemese-de, din duşmanlaryna, dine dil we el uzadýanlara garşy ol gaty we berkdi.
Muhammet aleýhisselamyň müňlerçe mugjyzasy göründi, muny dost-duşman – her kes aýtdy. Bu mugjyzalaryň iň gymmatlysy onuň edepli we gözel häsiýetli bolmagydy. Hezreti Abu Sagyt Hudry şeýle diýdi: “Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) haýwana ot bererdi. Düýesini daňardy. Öýüni süpürerdi. Goýny sagardy. Kowşunyň sökügini tikerdi, içki eşigini ýamardy.3 Hyzmatkäri bilen bile nahar iýerdi. Hyzmatkäri el degirmenini öwrüp ýadasa, oňa kömek ederdi. Bazardan ol-bu zatlary alyp, torba salyp öýüne getirerdi. Garyp bilen-de, baý bilen-de, uly bilen-de, kiçi bilen-de duşuşanda, ilki bolup salam bererdi. Olar bilen musapaha etmek üçin mübärek elini ilki bolup uzadardy. Guly-da, hojaýyny-da, begi-de, garany-da, agy-da deň görerdi. Kim çagyrsa-da, çagyrylan ýerine barardy. Öňünde goýlan zady, az bolsa-da, kem görmezdi.
Agşamdan ertire we ertirden agşama iýmit galdyrmazdy. Gözel häsiýetlidi. Ýagşylyk etmegi halardy, her kes bilen gowy gatnaşykda bolardy. Güler ýüzli, süýji sözlüdi, gürlände gülmezdi. Gamgyn görünerdi, emma gabagyny düýmezdi. Kiçigöwünlidi, emma pes tebigatly däldi. Haýbatly bolup, hormat we gorky dörederdi, emma gödek däldi. Inçe göwünli we sahydy, emma israp etmezdi, peýdasyz ýere hiç zat bermezdi, her kese rehim ederdi. Mübärek başy hemişe öňüne egikdi. Hiç kimden hiç zat garaşmazdy. Bagt we rahatlyk isleýän adam onuň ýaly bolmalydyr.” Enes ibn Malik şeýle diýdi: “Resulullaha on ýyl hyzmat etdim. Ol maňa bir gezek-de ‘Üf!’ diýmedi. Ol hiç haçan: ‘Muny näme üçin beýle etdiň?’ ýa-da ’Näme üçin muny etmediň?’ diýmedi”.4 Abu Hureýre şeýle diýdi: “Bir gazotda (ýörişde) biz ondan kapyrlaryň ýok bolmagy üçin doga etmegini haýyş etdik. Ol: ‘Men nälet okamak üçin-de, ynsanlar azap çeksin diýip-de iberilmedim. Men her kese ýagşylyk etmek üçin we ynsanlar rahatlyga ýetsin diýip iberildim’ diýdi.”5 Allahu tagala Enbiýa süresiniň 107-nji aýatynda manysyna görä şeýle diýýär: “Biz seni älemlere rahmet, ýagşylyk edip iberdik”.
Abu Sagyt Hudry şeýle diýdi: “Resulullahyň utanjaňlygy (haýasy) durmuşa çykmadyk ýaş musulman gyzlarynyň utanjaňlygyndan-da köpdi.”6
Enes ibn Malik şeýle diýýär: “Resulullah bir adam bilen musapaha etse, ol adam elini çekmeýänçä, mübärek elini ondan aýyrmazdy.7 Ol adam ýüzüni öwürmeýänçä, mübärek ýüzüni ondan öwürmezdi. Bir adamyň ýanynda oturanda, iki dyzynyň üstünde oturardy, oňa hormat goýup, mübärek dyzyny dikip oturmazdy.”
Jabyr ibn Semure şeýle diýýär: “Resulullah az gürlärdi. Gerek bolanda ýa-da ondan bir zat soralanda gürlärdi”. Mundan her bir musulmanyň boş, peýdasyz söz sözlemän, dymmalydygy düşünilýär. Onuň mübärek sözlerinde tertil we tersil bardy, ýagny ol örän aýdyň we tertipli gürlärdi, oňa aňsat düşünilerdi. Enes ibn Malik şeýle diýdi: “Resul aleýhisselam syrkawlaryň halyny soramaga barardy, jynazanyň yzyndan ýörärdi we çagyrylan ýerine barardy. Eşege-de münerdi. Men Resul aleýhisselamy Haýber söweşinde gördüm. Ol jylawy ýüp bolan eşegiň üstündedi. Resul aleýhisselam ertir namazyndan çykanda, Medinäniň çagalary we işçileri suw doly gaplaryny onuň öňüne getirerdiler, mübärek barmagyny şoňa batyrmagyny haýyş ederdiler. Gyş bolup, suw sowuk bolsa-da, ol olaryň haýyşyny yzyna gaýtarmazdy, göwünlerini hoş ederdi.”8
Enes ibn Malik ýene şeýle diýýär: “Bir kiçijik gyz Resul aleýhisselamyň elinden tutup, ony bir iş üçin alyp gitse, ol onuň bilen bile giderdi we onuň müşgilini çözerdi.”
“Şeksiz, sen hulky azym üstündesiň (sen beýik ahlak eýesisiň)” Galam: 4
Jabyr şeýle diýdi: “Resul aleýhisselamdan bir zat soralanda, onuň ‘ýok’ diýenini hiç kim eşitmedi.”
Pygamberimiz haýa babatda-da ähli ýaradylanlardan üstündi. Ýaramaz zatlaryň öňünde onuň gözleri edil ýumuk ýalydy. Ol hiç kime onuň halamajak sözi bilen ýüzlenmezdi.
Hezreti Aişe enemiz şeýle gürrüň berdi: “Resulullaha bir adamyň ýaramaz iş edendigi habar berlende, ol onuň adyny tutman, umumy manyda: ‘Näme üçin olar beýle edýärler?’ diýerdi. Şeýdip, ol adyny tutmazdan, ol adamy eden ýa-da aýdan erbet işinden saklardy.”9
Enes ibn Malik gürrüň berdi: “Bir gün Pygamberimiziň huzuryna ýüzüne sary reňkli bir zat bulaşan bir adam girdi. Pygamberimiz oňa hiç zat diýmedi. Onuň göwnüne degjek bir söz-de aýtmady. Ol adam çykyp gidenden soň, ol: ‘Aýdan bolsaňyzdy, ol ýüzündäkini ýuwup aýyrardy!’ diýdi.”10
Resulullah kowumlary birleşdirijidi. Olaryň arasyna ýigrenç salmazdy. Her kowmuň ulusyna hormat goýardy we ony törde oturdardy.
Ol hiç kimi öz mübärek jemalyny görmekden mahrum etmezdi. Hormatly sahabalaryny gözlärdi, gelmedikleriň halyny sorardy. Ýanynda oturanlara nesihat ederdi, olara degişli paýlaryny bererdi.
Onuň muamalasyndan hiç kimiň ýüregine “ol birini beýlekisinden artyk görýär” diýen pikir gelmezdi. Ýanyna şikaýat bilen gelen adama sabyr edip, ony diňlärdi.
Gelen adam özi gitmeýänçä, ol ony taşlap gitmezdi. Ähli ynsanlara gözel häsiýetini we ahlakyny iň gowy görnüşde görkezerdi. Onuň huzurynda hak we adalat babatda her kes deňdi. Hiç kimiň hiç kimden artykmaçlygy, tapawudy ýokdy. Hezreti Aişe enemiz şeýle diýdi: “Men Resulullah ýaly gözel ahlakly adamy hiç haçan görmedim. Sahabalaryndan ýa-da maşgalasyndan (Ähli beýtinden) kim ony çagyrsa-da, ol hökman: ‘Hawa, diňleýärin!’ diýip jogap bererdi”.11
Resulullah sahabalaryny iň gözel atlar bilen çagyrardy. Hiç kimiň sözüni kesmezdi. Gürleşýän adam sözüni tamamlamaýança ýa-da gitmek üçin ýerinden turmaýança, ol onuň sözüni kesmezdi. Onuň gözel muamalasy, mähri we merhemeti barada Allahu tagala Toba süresiniň 128-nji aýatynda manysyna görä şeýle diýdi: “Siziň zähmet çekmegiňiz oňa agyr degýär, ony gynandyrýar. Ol siziň üçin örän jan edýär; möminlere ol örän merhemetli, olara örän köp haýyr dileýär”.
Allahu tagala Enbiýa süresiniň 107-nji aýatynda manysyna görä şeýle diýdi: “(Eý Habybym!) Biz seni diňe älemlere rahmet edip iberdik”.
Pygamberimiz ymmatyna agyr bolar diýip aladalanyp, käbir zatlary ýeňilleşdirerdi. Ol şeýle diýdi: “Ymmatyma kynçylyk döretjek bolmasam, olara her täretde miswak ulanmagy buýrardym”.12 Sözünde durmak babatda-da ynsanlaryň arasynda Pygamberimizden üstün adam bolmady. Abdylla ibn Abul-Hamsa gürrüň berdi: “Pygamberimiz bilen, oňa entek pygamberlik bildirilmezinden öň, alyş-çalyş edipdim. Onuň menden aljak bir galyndy paýy galypdy. Men oňa pylan wagtda pylan ýerde duşuşmaga söz berdim-de, unutdym. Üç günden soň beren sözümi ýadyma salanymda, derrew şol ýere ylgadym. Onuň üç günden bäri şol ýerde garaşyp durandygyny görüp, geňirgenip, doňup galdym. Ol maňa: ‘Ýigit, sen meni ýadatdyň! Men saňa bu ýerde doly üç günden bäri garaşýaryn’ diýdi.” Pygamberimiziň kiçigöwünlilik sypaty hiç kimde, hatda hiç bir pygamberde-de (aleýhimusselam) bolmajak derejede beýik we deňsizdi.
Tekepbirlik duýgusy onda hiç haçan bolmady. Pygamberimize patyşa pygamber bolmak bilen gul pygamber bolmagyň arasynda saýlamak erki berlende, ol gul pygamber bolmagy saýlady.13 Şondan soň Ysrapyl aleýhisselam Pygamberimize: “Şeksiz, Allahu tagala sen kiçigöwünlilik görkezip ýüz öwüren zadyňy-da saňa berdi. Sebäbi kyýamatda sen – Adam ogullarynyň iň beýigi. Gabryndan ilkinji turjak adam – sen. Ilkinji şepagat etjek hem – sen” diýdi.
Pygamberimiz hezreti Aişe enemize şeýle diýdi:
“Maňa Mekgäniň daşlaryny we topragyny altyna öwürmek teklip edildi. Men: ‘Ýok, ýa Rebbim! Bir gün aç bolaýyn, bir gün dok bolaýyn. Aç galan günüm Saňa ýalbaryp doga ederin. Dok galan günüm Saňa hamd we sena aýdaryn’ diýdim”.14
Bir gezek Jebraýyl aleýhisselam Pygamberimiziň ýanyna gelip şeýle diýdi:
“Allahu tagala saňa salam iberýär. Islese, şu daglary onuň üçin altyna öwüreýin. Nirä gitse-de, ol altyn daglar onuň bilen bile bolar”.
Söýgüli Pygamberimiz şeýle jogap berdi: “Eý Jebraýyl! Dünýä – öýi bolmadygyň öýüdir. We ol – maly bolmadyk adamyň malydyr. Ony akyly bolmadyk adam üýşürýär”.15 Şondan soň Jebraýyl aleýhisselam: “Eý Muhammet! Allahu tagala seni kawly sabit (berk söz) bilen berkarar etdi” diýdi.
Hezreti Aişe enemiz şeýle diýdi: “Käte doly bir aý geçerdi, biz öýümizde (nahar bişirmek üçin) ot ýakmazdyk. Diňe hurma bilen suw bolardy.”
Ibn Abbas şeýle diýdi: “Resulullah we onuň maşgalasy (Ähli beýti) köp gijeler agşamlyk iýmän ýatardylar. Agşam iýere hiç zat tapmazdylar.” Aişe enemiz şeýle diýdi: “Resulullahyň mübärek garny hiç haçan iýmitden doýmady. Ol bu barada hiç kime zeýrenmedi. Mätäçlik onuň üçin baýlykdan gowudy. Bütin gije açlykdan towlansa-da, bu ýagdaý ony gündizki orazasyndan saklamazdy.16
“Maňa Mekgäniň daşlaryny we topragyny altyna öwürmek teklip edildi. Men: ‘Ýok, ýa Rebbim! Bir gün aç bolaýyn, bir gün dok bolaýyn. Aç galan günüm Saňa ýalbaryp doga ederin. Dok galan günüm Saňa hamd we sena aýdaryn’ diýdim” Hadysy şerif
Islese, ol Rebbinden ýer ýüzüniň ähli hazynalaryny, iýmitlerini we bolçulykly durmuşy sorap bilerdi. Kasam edýärin, onuň bu halyny görenimde, oňa ýüregim awap aglardym. Elim bilen onuň mübärek garnyny sypap:
‘Janym saňa gurban bolsun! Saňa güýç berjek bu dünýäden birneme peýda alsaň, bolmaýarmy?’ diýerdim.
Ol bolsa: ’Eý Aişe! Men dünýäni näme edeýin? Ulul-azm pygamberlerden bolan doganlarym mundan-da kyn ýagdaýlara çydadylar. Emma olar şol hallarynda ýaşaýyşlaryny dowam etdiler. Rebbine gowuşdylar. Şonuň üçin Rebbi olaryň Özüne dolanmaklaryny örän gözel etdi, sogaplaryny artdyrdy. Men bolçulykly durmuşda ýaşamakdan utanýaryn, sebäbi şeýle durmuş meni olardan yza galdyrar. Meniň üçin iň gözel we iň söýgüli zat – doganlaryma, dostlaryma gowuşmak we olara goşulmakdyr’ diýerdi.”
Hezreti Aişe enemiz şeýle diýdi: “Resulullah bu sözlerinden bir aý töweregi wagt geçenden soň wepat boldy.” Pygamberimiziň sahylygy hem dillerde dessandy. Bu gözel häsiýetde-de hiç kim Pygamberimize ýetip bilmedi.
Ibn Abbas şeýle diýdi: “Resulullah ýagşylyk etmek babatda ynsanlaryň iň sahysydy. Mübärek Ramazan aýynda we Jebraýyl aleýhisselam bilen duşuşan wagtlarynda ol säher şemalyndan-da sahy bolardy.” Enes ibn Malik şeýle diýýär: “Men Resul aleýhisselam bilen bile barýardym. Onuň egninde bürdi Nejrany, ýagny Ýemen matasyndan tikilen daşky geýim bardy. Yzyndan bir obaly gelip, ony ýakasyndan şeýle bir güýçli çekdi welin, hatda geýimiň ýakasy onuň mübärek boýnuny çyzdy we yzy galdy. Resul aleýhisselam bu adamyň beýle hereketine diňe güldi we oňa bir zat bermegi buýurdy.” Resul aleýhisselamyň bir garry aýal goňşusy bardy. Ol gyzyny Resul aleýhisselamyň ýanyna iberdi we: “Namaz okanymda örtünere eşigim ýok. Maňa namazda örtünmek üçin bir eşik iber” diýip ýalbardy. Resul aleýhisselamyň şol pursatda başga eşigi ýokdy. Ol mübärek egnindäki köýnegini çykaryp, ol aýala iberdi. Namaz wagty gelende, ol eşiksiz metjide baryp bilmedi. Hormatly sahabalar muny eşidip: “Resul aleýhisselam şeýle bir sahy welin, köýneksiz galyp, metjide jemagata gelip bilmeýär. Biz hem bar zadymyzy garyplara paýlalyň” diýdiler. Allahu tagala derrew Isra süresiniň 29-njy aýatyny iberdi. Ilki Ol Öz Habybyna manysyna görä şeýle diýdi:
“Elleriňi boýnuňa daňma, olary bütinleý açyp-da goýberme (gysganç bolma, hiç zat bermezlik hem etme)”, soňra: “Malyňy özüňe galmajak edip (kynçylyga düşüp, namazy goýbermek bilen gynanjak derejede) paýlama! (Sadakada orta ýoly tut.)” diýdi.
Şol gün namazdan soň hezreti Aly Resulullahyň ýanyna gelip: “Ýa Resulallah! Şu gün maşgalamy eklemek üçin sekiz kümüş dirhem karz alypdym. Onuň ýarysyny size bereýin. Özüňize köýnek alyň” diýdi. Resul aleýhisselam bazara çykyp, iki dirheme bir köýnek satyn aldy. Galan iki dirheme iýmit almaga barýarka, bir körüň oturandygyny gördi. Ol: “Allahyň razylygy üçin we jennet lybaslaryna ýetmek üçin maňa kim köýnek berer?” diýýärdi. Resul aleýhisselam satyn alan köýnegini oňa berdi. Kör köýnegi eline alanda, müşk ýaly hoş ys duýdy. Ol bu hoş ysyň Resul aleýhisselamyň mübärek elinden gelendigine düşündi, sebäbi Resul aleýhisselamyň bir gezek geýen her bir zady, könelip dargasa-da, her bölegi müşk ýaly hoş ysly bolardy.
Kör doga edip: “Ýa Rebbim! Bu köýnegiň hormatyna meniň gözlerimi aç!” diýdi. Onuň iki gözi hem derrew açyldy. Resul aleýhisselam ol ýerden gitdi. Bir dirheme bir köýnek satyn aldy. Galan bir dirheme iýmit almaga barýarka, bir hyzmatkär gyzyň aglaýandygyny gördi-de: “Gyzym, näme üçin beýle aglaýarsyň?” diýip sorady. Gyz: “Men bir ýahudynyň hyzmatkäri. Ol maňa bir dirhem berdi-de, ýarym dirheme bir çüýşe, galan ýarysyna ýag satyn almagy buýurdy. Men olary satyn alyp, gaýdyp barýardym. Olar elimden düşdi. Çüýşe-de, ýag-da zaýa boldy, indi näme etjegimi bilemok” diýdi. Resul aleýhisselam soňky dirhemini gyza berdi. Ol: “Munuň bilen çüýşe we ýag alyp, öýüňe elt” diýdi. Emma garyp gyz: “Öýe gijä galanym üçin ýahudynyň meni urmagyndan gorkýaryn” diýdi. Resul aleýhisselam: “Gorkma! Men seniň bilen bile bararyn we oňa saňa hiç zat etmezligi aýdaryn” diýdi. Olar öýe gelip, gapyny kakdylar. Ýahudy gapyny açyp, Resulullahy (sallallahu aleýhi we sellem) görende, aňk bolup galdy. Resulullah ýahuda bolan wakany gürrüň berdi we gyza hiç zat etmezligi üçin şepagat etdi. Ýahudy Resulullahyň aýagyna ýykylyp: “Müňlerçe ynsanyň baş täji bolan, müňlerçe arslan buýrugyňy berjaý etmäge garaşyp duran eý beýik Pygamber! Sen bir hyzmatkär gyz üçin meniň ýaly bir miskiniň gapysyny şereflendirdiň. Ýa Resulallah! Seniň hatyraňa bu gyzy azat etdim. Maňa imany, yslamy öwret. Seniň huzuryňda musulman bolaýyn” diýdi. Resul aleýhisselam oňa yslamy öwretdi. Ol musulman boldy. Öýüne girip, maşgalasyna bolan wakany gürrüň berdi. Olaryň hemmesi musulman boldy. Bularyň hemmesi Resulullahyň gözel häsiýetleriniň bereketi bilen boldy.
Her bir musulman Resulullahyň bu hallaryny özüne nusga edip almalydyr! Allahu tagalanyň ahlaky bilen ahlaklanmak her bir musulmana gerekdir. Sebäbi Resulullah: “Allahu tagalanyň ahlaky bilen häsiýetleniň!” diýdi. Meselem, Allahu tagalanyň sypatlarynyň biri – “Settar”. Ýagny Ol – günäleri örtüji.
Musulman hem din doganynyň aýybyny, kemçiligini örtmelidir. Allahu tagala Öz gullarynyň günälerini bagyşlaýjydyr. Şonuň üçin musulmanlar hem biri-biriniň kemçiliklerini, aýyplaryny bagyşlamalydyrlar. Allahu tagala – Kerim we Rahym. Ýagny Onuň lutfy, ihsany bol we merhemeti köpdür. Musulman sahy we merhemetli bolmalydyr. Ähli gözel ahlak hem şeýledir.
“Hawa! Siziň her zady etjekdigiňizi bilýärin. Emma iş edýänlerden aýrylyp oturmak islämok. Allahu tagala ýoldaşlaryndan aýrylyp oturany söýmeýär” Hadysy şerif
Resul aleýhisselamyň gözel häsiýetleri (ahlaky) örän köp. Her bir musulman olary öwrenmeli we şeýle ahlak bilen bezenmelidir. Şeýdip, adama dünýäde-de, ahyretde-de bela-beterlerden, kynçylyklardan halas bolmak we iki jahanyň serweriniň şepagatyna ýetmek nesip bolar.
Onuň gözel häsiýetleriniň käbirleri:
1. Resulullahyň (sallallahu tagala aleýhi we sellem) ylmy, magrifeti (irfany), düşünjesi (fehmi), ynamy (ýakyny), berk ynanjy (ikany), akly, zehini, sahylygy, kiçigöwünliligi, ýumşaklygy (hilmi), mähri, sabry, gaýraty, namysy (hamyýýeti), dogruçyllygy, ynamdarlygy, batyrlygy, haýbaty, ýigitligi, söz ussatlygy, sözüniň aýdyňlygy, ýiti akyllylygy, gözelligi, saklanjaňlygy (weragy), päkligi (iffeti), mertligi (keremi), adalatlylygy, utanjaňlygy (haýasy), dünýäden ýüz öwürmegi (zühdi) we takwalygy ähli beýleki pygamberleriňkiden-de köpdi.
2. Ol dostlaryndan-da, duşmanlaryndan-da gören zyýanlaryny, jebirlerini bagyşlardy. Olaryň hiç birinden ar almazdy. Uhud söweşinde kapyrlar onuň mübärek ýaňagyny ganadyp, dişlerini döwenlerinde, muny edenler üçin: “Ýa Rebbim! Olary bagyşla! Nadanlyklaryndan geç!” diýip doga etdi.
3. Mähri örän köpdi. Haýwanlara suw bererdi. Suw gabyny eli bilen tutup, olar doýýança garaşyp durardy. Münýän atynyň ýüzüni we gözlerini süpürerdi.
4. Her bir çagyrana “Lebbeýk” (“Hawa, diňleýärin”) diýip jogap bererdi. Hiç kimiň ýanynda aýaklaryny uzatmazdy. Dyza çöküp oturardy. 5. Ol özüni hiç kimden üstün tutmazdy. Bir saparda goýun kebaby bişirjek bolanlarynda, biri: “Men soýaryn” diýdi. Beýlekisi: “Men derisini aýyraryn” diýdi. Üçünjisi: “Men bişirerin” diýdi. Resulullah: “Men bolsa odun ýygnaryn” diýende, olar: “Ýa Resulallah! Sen dynç al! Biz özümiz ýygnarys” diýdiler. Ol: “Hawa! Siziň her zady etjekdigiňizi bilýärin. Emma iş edýänlerden aýrylyp oturmak islämok. Allahu tagala ýoldaşlaryndan aýrylyp oturany söýmeýär” diýdi. We turup, odun ýygnamaga gitdi. 6. Sahabalarynyň (radyýallahu tagala anhum ejmagin) oturan ýerine gelende, töre geçmezdi. Gören boş ýerinde oturardy. Bir gezek ol eline hasasyny alyp köçä çykanda, ony görenler aýaga galdylar. Ol: “Başgalaryň biri-birine hormat goýup durşy ýaly, meniň üçin aýaga galmaň! Men hem siziň ýaly bir ynsan. Her kes ýaly iýýärin. Ýadasam, oturýaryn” diýdi.
7. Iýmekde, geýmekde we her zatda hyzmatkärlerini özünden aýyrmazdy. Olaryň işlerine kömek ederdi. Onuň birini urandygyny, sögendigini hiç haçan görmediler.
Hemişe onuň hyzmatynda bolan Enes ibn Malik şeýle diýýär: “Resulullaha on ýyl hyzmat etdim. Onuň maňa eden hyzmaty meniň oňa edenimden köpdi. Onuň maňa öýkeländigini, gaty söz aýdandygyny hiç haçan görmedim.”17
8. Sökülen, ýyrtylan eşiklerini özi ýamardy, goýunlaryny özi sagardy, haýwanlaryna özi iým bererdi. Bazardan satyn alanyny öýüne özi alyp gelerdi. Saparda haýwanlaryna iým bererdi, käte olary arassalardy-da. Bulary käte ýeke özi ederdi, käte hyzmatkärlerine kömek ederdi. 9. Käbir adamlaryň hyzmatkärleri ony çagyrmaga gelseler, ol Medinäniň däbine görä olar bilen elleşip barardy.
10. Syrkawlaryň halyny sorardy, jynazalara gatnaşardy. Göwünleri awlamak üçin kapyrlaryň we münapyklaryň syrkawlaryny hem zyýarat ederdi. 11. Ertir namazyny okadandan soň, jemagata tarap öwrülip oturardy we: “Syrkaw ýatan doganymyz barmy? Halyny soramaga gideli!” diýerdi. Syrkaw bolmasa: “Jynazasy bolan adam barmy? Kömege gideli!” diýerdi. Jynaza bolsa, ony ýuwmakda, kepenlemekde kömek ederdi, jynaza namazyny özi okadardy we gabryna çenli ugradyp barardy. Jynaza bolmasa: “Düýş gören bar bolsa, gürrüň bersin! Diňläli, ýorup bereli!” diýerdi.
12. Sahabalaryndan birini üç gün görmese, onuň halyny sorardy. Sapara giden bolsa, oňa haýyr-doga ederdi, şäherde bolsa, halyny soramaga barardy. 13. Ýolda duşan musulmana ilki bolup özi salam bererdi. 14. Düýä, ata, gatyra we eşege münerdi, käte yzyna başga birini-de mündürerdi.
15. Myhmanlaryna, sahabalaryna hyzmat ederdi we: “Kowmuň serweri, olaryň iň üstüni – olara hyzmat edýänidir” diýerdi.
16. Onuň kahkaha bilen gülenini hiç haçan görmediler. Sessiz ýylgyrardy. Käte gülende mübärek öňki dişleri görünerdi.
17. Ol hemişe oýly, gamgyn görünerdi, az gürlärdi. Sözüni ýylgyryp başlardy. 18. Gereksiz we peýdasyz zat aýtmazdy. Gerek bolanda gysga, peýdaly we manysy aýdyň edip gürlärdi. Gowy düşünilsin diýip, käte üç gezek gaýtalardy.
19. Nätanyşlar bilen-de, tanyşlar bilen-de, çagalar bilen-de, garry aýallar bilen-de we mahrem aýallary bilen-de degişerdi, gülküli sözler aýdardy. Emma bu onuň Allahu tagalany bir pursat-da unutmagyna sebäp bolmazdy.
20. Onuň haýbatyndan hiç kim ýüzüne seredip bilmezdi. Bir adam gelip, onuň mübärek ýüzüne seredende, sandyrap başlady. Ol: “Gysylma! Men patyşa-da, zalym-da däl. Men – guradylan et iýýän bir garyp aýalyň ogly” diýdi. Ol adamyň gorkusy aýryldy we ol öz derdini aýdyp başlady.
21. Onuň garawullary, derwezebanlary ýokdy. Her kes onuň ýanyna aňsatlyk bilen gelip, derdini aýdyp bilerdi. 22. Ol örän utanjaňdy. Gürleşýän adamynyň ýüzüne seretmäge utanardy.
“Kowmuň serweri, olaryň iň üstüni – olara hyzmat edýänidir” Hadysy şerif
23. Ol hiç kimiň aýybyny ýüzüne urmazdy. Hiç kimden zeýrenmezdi, hiç kimiň arkasyndan gürlemezdi. Bir adamyň sözüni ýa-da işini halamasa: “Käbir adamlar näme üçin beýle edýärkäler?” diýerdi.
24. Allahu tagalanyň söýgülisi, resuly we kabul edileni bolsa-da: “Araňyzda Allahu tagalany iň gowy tanaýanyňyz we Ondan iň köp gorkýanyňyz – mendirin” diýerdi. “Meniň görýänimi görsediňiz, az gülüp, köp aglardyňyz” diýerdi.18 Asmanda bulut görünse: “Ýa Rebbim! Bu bulut bilen bize azap iberme!” diýerdi. Şemal öwüsse: “Ýa Rebbim! Bize haýyrly şemal iber!” diýip doga ederdi. Gök gürläse: “Ýa Rebbim! Bizi gazabyň bilen öldürme, azabyň bilen heläk etme we mundan öň bize saglyk ihsan et!” diýerdi.
Namaza duranda, aglaýan adamyň içini çekişi ýaly, onuň göwsünden ses eşidilerdi. Kurany Kerim okanda-da şeýle bolardy. 25. Onuň ýüreginiň güýji, batyrlygy geň galarlyk derejede uludy. Huneýn söweşinde musulmanlar dargap, ol diňe üç-dört adam bilen galypdy. Ol birnäçe gezek kapyrlaryň hüjümine ýeke özi garşy durdy we asla yza çekilmedi. Olara garşy durup, olary gaçmaga mejbur etdi.
26. Örän sahydy. Ýüzlerçe düýe we goýun bagyş ederdi, özüne hiç zat galdyrmazdy. Näçe-näçe daş ýürekli kapyrlar onuň bu ihsanlaryny görüp, imana geldiler.
27. Ondan bir zat soralanda, onuň “ýok” diýenini hiç haçan eşitmediler. Bar bolsa, bererdi, ýok bolsa, dymardy.
28. Allahu tagala: “Sora, bereýin” diýse-de, ol dünýä baýlygyny soramady. Elekden geçirilen bugdaý unundan bişirilen çöregi hiç haçan iýmedi. Hemişe elenmedik arpa unundan bişirilen çörek iýerdi. Onuň doýýança iýenini görmediler. Öýde iki-üç aýlap nahar bişirilmän, çörek ýapylman, diňe hurma iýen aýlary-da boldy. Iki-üç gün hiç zat iýmedik wagtlary-da bolardy.
29. Ol wepat bolanda, onuň demir sowuty otuz kilogram arpa üçin bir ýahudyda girew goýlan bolup çykdy. 30. Onuň bir nahary halamandygyny eşitmediler. Halanyny iýerdi, halamadygyny iýmezdi we hiç zat diýmezdi. Günde bir gezek iýerdi. Käte ertir, käte agşam iýerdi. Öýe gelende: “Iýere bir zat barmy?” diýip sorardy, ýok diýseler, oraza tutardy. Nahary saçak, tabak, stol ýaly bir zadyň üstüne goýman, ýere goýardy, dyza çöküp, hiç zada daýanman iýerdi. Nahary bismilla aýdyp başlardy. Sag eli bilen iýerdi. 31. Aýallaryna we birnäçe hyzmatkärine käte bir ýyllyk arpa we hurma aýryp goýardy, ondan garyplara sadaka-da bererdi.
32. Beýleki pygamberler ýaly, ol sadaka-da, zekat malyny-da almazdy. Sowgady kabul ederdi. Köplenç onuň üçin artygy bilen gaýtaryp bererdi.
33. Onuň düşegi içi hurma süýümi bilen doldurylan aşgarlanan deriden ybaratdy. Içi ýüň bilen doldurylan düşek getirenlerinde, ol ony kabul etmedi we: “Eý Aişe! Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin, eger islesem, Allahu tagala her ýerde meniň ýanymda altyn we kümüş üýşmeleri saklardy” diýdi. Käte boýranyň, tagtanyň, düşegiň, ýüňden basylan keçäniň ýa-da gury topragyň üstünde ýatardy.
34. Ýassy namazyndan soň ýarym gijä çenli ýatardy, soňra ertir namazyna çenli ybadat ederdi. Sag gapdalyna ýatardy, sag elini ýaňagynyň aşagyna goýardy, käbir süreleri okap ýatardy. 35. Ol tefeül ederdi. Ýagny ilkinji gören, duýdansyz gören zatlaryny haýra ýorardy. Hiç bir zady bedbagtlyk alamaty saýmazdy.
36. Gamgyn wagtlarynda sakgalyny tutup, oýa batardy.
37. Gynananda, derrew namaz okap başlardy. Namazyň lezzeti we rahatlygy bilen gamyny dargadardy. 38. Gybat edeniň, ýagny başgalary arkasyndan ýazgarýanyň sözüni asla diňlemezdi.
39. Ýöräp barýarka gapdala ýa-da yzyna seretmek gerek bolsa, tutuş bedeni bilen öwrülip seredärdi. Diňe başyny öwrüp seretmezdi. 40. Pygamberimiziň Allahu tagaladan gorkmagy, Oňa boýun bolmagy we ybadat etmegi şeýle köpdi welin, onuň bu ýagdaýyna hiç kim çydap bilmezdi. Mübärek aýaklary çişýänçä namaz okardy. Oňa: “Ýa Resulallah! Siziň geçen we geljek ähli ýalňyşlaryňyz bagyşlanan ahyryn, näme üçin özüňize şeýle kynçylyk berýärsiňiz?” diýlende, ol: “Men Allahu tagalanyň iň köp şükür edýän guly bolmaýynmy?” diýip jogap berdi.
Jan bilbili bir güli dyngysyz arzuw eýlär,
hiç saýmagyn, ol ýatlar bilen gowga arzuw eýlär.
Durman onuň daşynda pergar dek aýlanar,
birden jan atmaga ýalňyzlygy arzuw eýlär.
Düşündim: ol gözel gül ýada syryn açmandyr,
gunça kimin, hemişe bilbili arzuw eýlär.
Ýatlardan gizläpdir ol dilber ýaňagyny,
olar bolsa ýöne ýere boş söwda arzuw eýlär.
Zaty! Wysal ýolunda ýöräp barýar Mejnun dek,
eredip öz-özüni, Leýlini arzuw eýlär.
“Men Allahu tagalanyň iň köp şükür edýän guly bolmaýynmy?” Hadysy şerif
