Söýgüli Pygamberim

HILÝEÝI SAGADAT

Habyby ekrem Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) daşky keşbine “Hilýeýi sagadat” diýilýär. Yslam alymlary Muhammet aleýhisselamyň görünýän ähli agzalaryny, keşbini, sypatlaryny, gözel häsiýetlerini we iň inçe jikme-jigine çenli tutuş durmuşyny delilleri we subutnamalary bilen aýdyň ýazypdyrlar. Bu maglumatlar Pygamberimiziň öz sözleri bolan hadysy şeriflerden we sahabalarynyň habar beren rowaýatlaryndan ýygnalandyr. Olary öz içine alýan eserlere siýer kitaplary diýilýär. Müňlerçe siýer kitabynyň arasynda Pygamberimiziň hilýeýi sagadatyny beýan edýän iň meşhur kitaplar – imam Tirmiziniň “Eş-Şemailur-Resul”, Kady Iýazyň “Şifaýy şerif”, imam Beýhaky bilen Abu Nugaým Isfahanynyň “Delaýilun-nubuwwe” atly kitaplary, şeýle hem hezreti imam Kastallanynyň “Mewahibi ledunniýe” atly eseridir. Hadysy şeriflerde we hormatly sahabalaryň habar beren rowaýatlarynda söýgüli Pygamberimiziň hilýeýi sagadaty şeýle suratlandyrylýar: “Kainatyň buýsanjynyň mübärek ýüzi, ähli şerefli agzalary we mübärek sesi ähli ynsanlaryň ýüzlerinden, agzalaryndan we seslerinden gözeldi.

Mübärek ýüzi birneme tegelekdi, keýpi göteriňki wagtlary Aý ýaly nurlanardy.1 Onuň begenendigi mübärek maňlaýyndan belli bolardy.

Resulullah gündiz nähili görýän bolsa, gijesine-de şeýle görerdi. Öňündäkileri nähili görýän bolsa, yzyndakylary-da şeýle görerdi. Gapdala ýa-da yzyna seretmekçi bolanda, tutuş bedeni bilen öwrülip seredärdi. Ýere asmandan köp seredärdi. Mübärek gözleri uly, kirpikleri uzyndy. Mübärek gözlerinde birneme gyzyllyk bardy, gözüniň garasy gaty garady, gijelerine gözüne sürme çekerdi. Älemiň buýsanjynyň (sallallahu aleýhi we sellem) maňlaýy açykdy.

Mübärek gaşlary inçe, iki gaşynyň arasy açykdy. Iki gaşynyň arasyndaky damar gazaplananda çişerdi. Mübärek burny örän owadan bolup, orta ýeri birneme beýgräkdi. Mübärek kellesi ulydy. Mübärek agzy kiçi däldi. Mübärek dişleri ak bolup, öňki dişleri seýrekdi. Gürlände, edil dişleriniň arasyndan nur çykýan ýalydy. Allahu tagalanyň gullarynyň arasynda ondan has fasyh we has süýji sözli adam görülmedi.

Älemiň buýsanjy kyrk ýaşyna ýetende,
başyna risalat täji goýuldy.
Dem-dem owaz gelerdi: “Eý Emin,
Men seni älemlere rahmet etdim.”

“Baran her bir hristian ybadathanasynyň ýepiskopyndan Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) sypatlaryny we hilýesini (daşky keşbini) soradym we hemmesini birin-birin ýadymda saklap goýdum. Medinä gaýdyp gelenimde, hemmesini Resulullaha (sallallahu aleýhi we sellem) gürrüň berdim. Bu onuň göwnünden turdy” Mugire ibn Şugbe (radyýallahu anhu)

Kurany Kerim aýat-aýat açyk deliller bilen indi,
dürli-dürli köp mugjyzalar ýüze çykdy.
Ol päk zat başdan-aýaga nur bolsa-da,
onuň her agzasynda mugjyzalar bardy.
Ilki bilen: onuň mübärek jisminiň
kölegesi hiç haçan ýere düşmezdi.
Başdan-aýaga onuň göwresi nurdy,
nuruň bolsa kölegesi bolmaýany aýan.
Şeýle hem onuň mübärek başynyň üstünde
hemişe kölege salýan bir bölek bulut bolardy.
Nirä barsa-da, ol onuň bilen bile barardy,
hemişe başynyň üstünde durardy.
Onuň mübärek gözlerindäki mugjyza
nähilidigini hem size aýdaýyn.
Öňündäkini nähili aýdyň görse,
yzyndakyny-da edil şeýle görerdi.
Diňläň onuň mübärek burny barada-da,
serediň, ondaky mugjyza nähili.
Jebraýyl Emin wahy bilen inende,
Jebraýyl asmandan aýrylan pursatda,
Pygamber onuň ysyny alardy
we onuň wahy bilen inendigini bilerdi.
Aý ýüzli ol zat dodaklaryny gymyldatsa,
asmanda Gün tegelegi hem gymyldardy.

Mübärek sözlerine örän aňsat düşünilerdi, olar göwünleri awlap, ruhlary özüne çekerdi. Gürlände, sözleri dür ýaly düzülerdi. Biri sanamak islese, onuň sözlerini sanap bolardy. Käte gowy düşünilsin diýip, aýdanyny üç gezek gaýtalardy. (Jennetde Muhammet aleýhisselamyň gürleýşi ýaly gürleşiljekdir.) Onuň mübärek sesi hiç kimiň sesi ýetip bilmeýän ýere ýeterdi. Älemiň buýsanjy Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) güler ýüzlüdi. Ol ýylgyryp gülerdi, şonda mübärek öňki dişleri görünerdi.

Gülende, onuň nury diwarlara şöhle salardy. Aglaýşy hem gülşi ýaly ýuwaşdy. Ol kahkaha bilen gülmezdi, sesli-de aglamazdy, emma gynananda mübärek gözlerinden ýaş akardy, mübärek göwsünden ses eşidilerdi. Ol ymmatynyň günälerini oýlananda, Allahu tagaladan gorkusyndan, Kurany Kerimi eşidende we käte namaz okaýarka-da aglardy. Älemiň buýsanjy Pygamberimiziň mübärek barmaklary iri, mübärek bilekleri etlekdi. Mübärek aýalary giňdi. Tutuş bedeniniň ysy müşkden-de hoşdy. Mübärek bedeni hem ýumşak, hem güýçlüdi. Enes ibn Malik şeýle diýýär: “Resulullaha on ýyl hyzmat etdim. Onuň mübärek elleri ýüpekden-de ýumşakdy.”

Mübärek teni müşkden-de, güllerden-de hoş yslydy. Mübärek gollary, aýaklary we barmaklary uzyndy. Mübärek aýaklarynyň barmaklary iri, aýagynyň asty kän bir çukur däldi we ýumşakdy. Mübärek garny giň bolup, göwsi bilen bir deňdi. Egin süňkleri iri, mübärek göwsi giňdi. Resulullahyň şerefli ýüregi ylahy nazaryň düşýän ýeridi. Resuly ekrem Pygamberimiz gaty uzyn boýly bolmaýşy ýaly, gysga boýly hem däldi. Ýanyna uzyn boýly biri dursa, ondan uzynrak görünerdi. Oturanda, mübärek egni ýanynda oturanlaryň hemmesiniňkiden ýokarda bolardy.

Mübärek saçy we sakgaly gaty buýra-da, gaty düz-de däldi, ýaradylyşdan tolkunlydy. Mübärek saçlary uzyndy; ilkibaşda maňlaýyna kekil goýardy, soňra saçyny ikä aýryp başlady. Mübärek saçlaryny käte ösdürerdi, käte kesip gysgaldardy. Saçyny we sakgalyny boýamazdy. Wepat bolanda, saçyndaky we sakgalyndaky ak gyllar ýigrimiden-de azdy. Mübärek murtlaryny gysga edip gyrkardy. Murtlarynyň uzynlygy we görnüşi mübärek gaşlary ýalydy. Onuň hyzmatynda ýörite dellekleri bardy.

Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) miswagyny we daragyny ýanyndan aýyrmazdy. Mübärek saçyny we sakgalyny daranda aýna seredärdi. Kainatyň buýsanjy Pygamberimiz öňüne seredip, çalt ýörärdi, bir ýerden geçendigi onuň hoş ysyndan belli bolardy. Resulullah arapdy. Ýagny onuň ýüzüniň reňki gyzyla çalymtyl akdy, ol örän owadan, nurana we mähirlidi.” Pygamberimize gara diýen adam kapyr bolar. “Arap” sözüniň sözlükdäki manysy – “owadan”. Meselem, “lisanul-arab” – “owadan dil” diýmekdir. Istilah manysynda bolsa, ýagny geografiýa boýunça arap – Arabystan atly ýarymadada doglup-ösen, ondaky klimat, howa, suw we iýmit bilen ýetişen we olaryň ganyndan bolan adamdyr. Anadoludaky türk ganyndan gelenlere türk, Bolgariýada doglup-ösenlere bolgar, Germaniýadakylara nemes diýilişi ýaly, Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) hem Arap ýarymadasynda doglany üçin arapdyr. Araplar ak, bugdaýreňk ýüzli bolýarlar. Esasan-da Pygamberimiziň nesli akýüzli we örän owadandy. Sebäbi onuň ata-babasy Ybraýym aleýhisselam hem akýüzli bolup, Basra şäheriniň ilatyndan Taruh atly akýüzli bir möminiň oglydy. Kapyr Azer Ybraýym aleýhisselamyň kakasy däl-de, kakasynyň dogany we ögeý kakasydy.

“Resulullaha on ýyl hyzmat etdim. Onuň mübärek elleri ýüpekden-de ýumşakdy. Mübärek teni müşkden-de, güllerden-de hoş yslydy” Enes ibn Malik (radyýallahu anhu)

Söýgüli Pygamberimiziň kakasy Abdyllanyň gözelligi Müsüre çenli ýaýrapdy, maňlaýyndaky nur sebäpli iki ýüze golaý gyz oňa durmuşa çykmak üçin Mekgä gelipdi. Emma Muhammet aleýhisselamyň nury Äminä nesip etdi. Onuň kakasynyň dogany Abbas we Abbasyň ogly Abdylla hem akýüzlüdi. Pygamberimiziň kyýamata çenli nesli hem owadan we akýüzlüdir. Resulullahyň sahabalary hem akýüzli we owadandy. Osman (radyýallahu anhu) akýüzli, sary saçlydy. Resulullahyň Wizantiýa imperatory Iraklius hökümetine iberen ilçisi Dihýe Kelbi örän owadandy, ol köçelerde gezende, Wizantiýanyň gyzlary onuň ýüzüni görmek üçin köçelere çykýardylar. Jebraýyl aleýhisselam köplenç Dihýäniň (radyýallahu anhu) keşbinde gelerdi. Müsüriň, Şamyň (Siriýanyň), Afrikanyň, Sisiliýanyň we Ispaniýanyň ýerli ilaty arap däldir. Emma araplar yslamy dünýä ýaýmak üçin Arap ýarymadasyndan çykyp, bu ýerlere gelendikleri sebäpli, häzir olar ol ýerlerde-de bar. Şeýle hem olar Anadoluda, Hindistanda we başga ýurtlarda-da bar. Emma häzir bu ýurtlaryň hiç biriniň ilatyny arap diýip atlandyrmak dogry bolmaz.

Müsür ilaty garaýagyzdyr. Habeşistanyň ilaty gara tenlidir, olara habeşler diýilýär. Zanzibaryň ilatyna zenjiler diýilýär, olar hem gara tenlidir. Pygamberimiziň garyndaşlaryny, agtyklaryny söýmek we hormatlamak ybadatdyr. Olary her bir musulman söýýär. Anadola myhman bolup gelen gara tenli fellahlar, habeşler, zenjiler hormat we sylag görmek üçin özlerini arap diýip tanadypdyrlar, Anadolynyň arassa ýürekli musulmanlary hem olaryň sözlerine ynanyp, olary söýüpdirler. Sebäbi bu söýgide gara bilen agy saýgarmak ýokdur. Gara tenli musulman ak tenli kapyrdan esse-esse üstün, gymmatly we söýümlidir. Ynsanyň gara tenli bolmagy imanyň şerefini kemeltmeýär. Bilal Habeşi hezretleri we Resulullahyň örän söýen adamy Usama gara tenlidiler. Erbetlikleri we pesligi hemmä belli bolan kapyrlar Abu Leheb we Abu Jehil ak tenlidiler. Allahu tagala ynsanyň reňkine däl-de, imanynyň güýjüne we takwalygyna baha berýär. Emma garalaryň özlerini arap diýip tanatmaklary yslam duşmanlarynyň – ýahudylaryň işine ýarady. Bir tarapdan olar gara tenli adamlary pes we ýigrenji edip görkezdiler. Olary gul edip ulandylar.

Beýleki tarapdan, gara pişikleri, itleri “Arap, arap” diýip çagyryp, gazet we žurnallarda çap eden gara suratlaryny we karikaturalaryny arap diýip atlandyryp, ýaşlara arapy gara edip tanatmaga, şeýlelikde musulman çagalaryny Pygamberimizden (sallallahu aleýhi we sellem) sowatmaga jan etdiler.

Gözel häsiýetleriň hemmesi söýgüli Pygamberimizde jemlenipdi. Onuň gözel häsiýetleri Allahu tagala tarapyndan berlendi (wehbidi), soňradan jan edip gazanylan (kesbi) däldi. Ol hiç haçan bir musulmany ady bilen tutup nälet okamady we mübärek eli bilen hiç kimi urmady. Allah üçin ar aldy, emma özi üçin hiç kimden ar almady. Garyndaşlaryna, sahabalaryna we hyzmatkärlerine kiçigöwünlilik bilen gowy muamala ederdi. Öýde örän ýumşak we güler ýüzlüdi. Syrkawlaryň halyny soramaga barardy, jynazalara gatnaşardy. Sahabalaryna işlerinde kömek ederdi, çagalaryny gujagyna alardy. Emma onuň ýüregi bular bilen meşgul däldi. Mübärek ruhy perişdeler äleminde bolardy. Resulullahy duýdansyz gören adamy gorky gaplardy. Eger ol özi ýumşak muamala etmedik bolsa, pygamberlik ýagdaýlary sebäpli hiç kim onuň ýanynda oturyp bilmezdi, sözüni diňlemäge takaty çatmazdy. Özi bolsa utanjaňlygyndan (haýasyndan) mübärek gözleri bilen hiç kimiň ýüzüne seretmezdi.

Älemiň buýsanjy Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) ynsanlaryň iň sahysydy. Ondan bir zat soralanda, onuň “ýok” diýenini hiç kim görmedi. Soralan zat bar bolsa, bererdi, ýok bolsa, dymardy.

Onuň şeýle köp ýagşylyklary, şeýle köp ihsanlary bardy welin, hatda Wizantiýa imperatorlary-da, Eýran şalary-da, başga hiç bir patyşa-da onuň ýaly ihsan edip bilmezdi. Emma özi tarçylykda ýaşamagy halardy; iýmek-içmek ýadyna-da düşmeýän ýaly durmuşda ýaşardy. Ol hiç haçan: “Nahar getiriň, iýeli” ýa-da “Pylan nahary bişiriň” diýmezdi. Nahar getirseler, iýerdi, haýsy miwäni berseler-de, kabul ederdi. Käte aýlarça az iýerdi, açlygy halardy. Käte köp hem iýerdi. Nahardan soň suw içmezdi. Suwy oturyp içerdi.2 Başgalar bilen nahar iýende, hemmelerden soň el çekerdi.3 Her kimiň sowgadyny kabul ederdi. Sowgat getirene onuň sowgadyndan esse-esse köp gaýtargy bererdi.

Dürli eşik geýmek onuň endigidi. Daşary ýurt döwletleriniň ilçileri gelende, bezenip, gymmatbaha we nepis eşik geýip, gözel keşbini görkezerdi. Gaşy akyk daşyndan bolan kümüş ýüzük dakynardy we ony möhür hökmünde ulanardy. Ýüzüginde “Muhammedur-Resulullah” diýlip ýazylgydy. Onuň düşegi deriden bolup, içi hurma agajynyň süýümleri bilen doldurylandy. Käte şu düşegiň üstünde, käte ýere ýazylan deriniň üstünde, käte-de boýranyň ýa-da gury topragyň üstünde ýatardy. Mübärek aýasyny sag ýaňagynyň aşagyna goýup, sag gapdalyna ýatardy.4 Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) zekat malyny almazdy, çig sogan we sarymsak ýaly zatlary iýmezdi we goşgy aýtmazdy. Pygamberimiziň mübärek gözleri uklardy, şerefli ýüregi bolsa uklamazdy. Aç ýatyp, dok turardy. Hiç haçan äňňermezdi. Onuň mübärek bedeni nuranady, kölegesi ýere düşmezdi. Eşigine siňek gonmazdy, çybyn we beýleki mör-möjekler onuň mübärek ganyny sormazdy.

Allahu tagala onuň Resulullahdygyny bildireninden soň, şeýtanlar asmanlara çykyp habar alyp bilmez boldular, kähinler hem öňünden habar berip bilmez boldular. Älemiň serweri Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) häzir hem biziň bilmeýän bir durmuşy bilen diridir. Onuň şerefli bedeni hiç haçan çüýremeýär. Gabrynda bir perişde durup, ymmatynyň aýdan şerefli salawatlaryny oňa ýetirip durýar. Onuň münberi bilen şerefli gabrynyň arasyndaky ýere Rawdaýy mutahhara diýilýär. Bu ýer – jennet baglarynyň biridir. Onuň şerefli gabryny zyýarat etmek – tagatlaryň iň beýigi we ybadatlaryň iň gymmatlysydyr. Hormatly sahabalaryň beýikleri Pygamberimiziň gözelligini şeýle beýan etdiler. Abu Hureýre şeýle diýdi: “Men Resulullahdan owadan adamy görmedim. Edil Gün ähli şöhlesi bilen onuň ýüzünde ýalpyldaýan ýalydy. Gülende, dişleri diwarlara ýagtylyk saçardy.”

“Ymmatymyň arasynda meni iň köp söýýänler – menden soň geljek, meni görmek üçin maşgalasyny we malyny pida etmäge taýyn adamlardyr” Hadysy şerif

Ibn Abu Hala şeýle diýdi: “Pygamberimiziň mübärek ýüzi on dördünji gijäniň Aýy ýaly ýalpyldardy”. Hezreti Aly şeýle diýdi: “Ony duýdansyz gören adamy onuň haýbaty gorky bilen gaplap alardy. Onuň bilen söhbetdeş bolup, ony tanan adam bolsa derrew oňa ysnyşyp, ony söýüp başlardy.”

Jabyr ibn Semure şeýle diýdi: “Resulullah mübärek eli bilen meniň ýüzümi sypady. Men onuň elinde, edil ony attarlaryň, ýagny hoşboý zatlar satýanlaryň torbasyndan täze çykaran ýaly, hoş ys we salkynlyk duýdum. Resulullah musapaha üçin bir adamyň eline elini degirse, şol adamyň elinden bütin gün ol hoş ys aýrylmazdy.”5

Hezreti Aişe enemiz şeýle diýdi: “Resulullah bir çaganyň başyny sypasa, beýleki çagalaryň arasynda ol çaga hoş ysyndan derrew belli bolardy.”6

Bir gezek Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) öýünde uklap ýatyrdy. Enes ibn Malikiň ejesi Ummu Süleým geldi. Uky wagtynda Resulullahyň mübärek ýüzünde der damjalary peýda bolupdy. Ummu Süleým Pygamberimiziň mübärek derini ýygnap başlady. Ol oýanyp, munuň sebäbini soranda, Pygamberimiziň süýt daýzasy bolan Ummu Süleým: “Biz ony hoşboý ýaglarymyza goşýarys. Siziň deriňiz – hoşboý zatlaryň iň gözelidir, iň ýakymly yslysydyr” diýdi.7

Abu Hureýre şeýle diýdi: “Ýöremekde Resulullahdan çalt adamy görmedim. Edil ýer onuň öňünde düýrlenýän ýalydy. Onuň bilen bile ýöränimizde, biz ähli güýjümizi sarp edip, özümizi zorlardyk.”

Pygamberimiz örän gözel gürlärdi. Sözi nireden başlap, nirede tamamlamalydygyny iň kämil derejede bilerdi. Onuň sözleri aýdylyşy babatdan dury, örän fasyh we täsirlidi. Onuň sözlerinde hemişe manynyň dogrulygy görnüp durardy. Pikirini beýan etmek ukyby örän ýokary bolany üçin, gürlände asla ýadamazdy we kynçylyk çekmezdi.

Pygamberimiziň gözelligi

“Ulemaýy rasihin” diýlip atlandyrylýan, daşky (zahyr) we içki (batyn) ylymlarda ussat bolan we Pygamberimiziň mirasdüşerleri bolan beýik yslam alymlary ony ähli gözellikleri bilen görüpdirler we oňa aşyk bolupdyrlar. Olaryň ilkinjisi – Abu Bekir Syddykdyr. Ol Resulullahdaky (sallallahu aleýhi we sellem) pygamberlik nuruny görüp, onuň artykmaçlygyna, gözelligine we beýikligine akyl ýetirip, oňa aşyk boldy we bu ýolda şeýle bir öňe gitdi welin, başga hiç kim onuň ýaly bolup bilmedi. Hezreti Abu Bekir her pursat, nirä seretse-de, Resulullahy görerdi. Bir gezek ol öz halyny şeýle beýan etdi: “Ýa Resulallah! Nirä seretsem-de, sizi görýärin.” Başga bir gezek: “Ähli ýagşylyklarymy siziň bir ýalňyşyňyza (sehwiňize) çalşaryn” diýdi. Resulullahyň gözelligini iň gowy görüp, düşünip beýan edenleriň biri-de möminleriň enesi hezreti Aişe enemizdi. Hezreti Aişe alyma, müjtehit, akylly, zehinli we edebiýaty gowy bilýän zenandy. Ol örän täsirli we fasyh gürlärdi. Kurany Kerimiň manylaryny, halal bilen haramy, arap şygryýetini we hasap ylmyny örän gowy bilerdi. Onuň Resulullahy öwýän goşgulary bar. Aşakdaky iki beýti hezreti Aişe enemiz aýdypdyr:

“Resulullah bir çaganyň başyny sypasa, beýleki çagalaryň arasynda ol çaga hoş ysyndan derrew belli bolardy” Hezreti Aişe (radyýallahu anha)

We lew semigu ehlu Mysre ewsafe haddihi,
Lema bezelu fi sewmi Ýusufe min nakdin.
Lewamy Zeliha lew raeýne jebinehu,
Leaserne bil-katgyl-kulubi alel-eýdi.
Terjimesi:
Müsürdäkiler onuň ýaňaklarynyň gözelligini eşiden bolsalar,
Ýusup aleýhisselam üçin bazarlaşanlarynda bir pul-da bermezdiler.
(Ähli mallaryny onuň ýaňaklaryny görmek üçin saklardylar.)
Züleýhany ýazgaran aýallar onuň ýalpyldap duran maňlaýyny görselerdi,
elleriniň deregine ýüreklerini keserdiler (we agyrysyny-da duýmazdylar).

Hezreti Aişe enemiz şeýle gürrüň berýär: “Bir gün Resulullah mübärek kowşunyň baglaryny çözýärdi, men bolsa ýüplik egirýärdim. Men onuň mübärek ýüzüne seretdim. Ýalpyldap duran maňlaýyndan der damýardy. Her der damjasy töweregine nur saçýardy, gözlerimi gamaşdyrýardy. Men haýran galyp, doňup galdym. Ol maňa seredip: ‘Saňa näme boldy, näme üçin beýle oýa batdyň?’ diýdi. Men: ‘Ýa Resulallah! Mübärek ýüzüňdäki nurlaryň ýalpyldysyna we mübärek maňlaýyňdaky der damjalarynyň saçýan ýagtylygyna seredip, özümden gitdim’ diýdim. Resulullah turup, ýanyma geldi. Iki gözümiň arasyndan öpdi-de: ‘Eý Aişe! Allahu tagala saňa ýagşylyklar bersin! Sen meni begendirişiň ýaly, men seni begendirip bilmedim’ diýdi.” Ýagny ol: “Seniň meni begendirişiň meniň seni begendirişimden köpdür” diýdi. Ol hezreti Aişäniň iki mübärek gözüniň arasyndan öpdi, sebäbi ol Resulullahy söýüp, onuň jemalyna düşünip görýärdi. Şonuň üçin ol öwüldi we sylaglandy.

Misrag:

Aperin gözlerime – seniň gözelligiňi görüp bilýärler!

We beýt:

Nähili gowy şol gözler – gözele bakýandyr!
Nähili bagtly şol ýürek – onuň üçin ýanýandyr!

Resuly ekrem Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) mübärek bedeninde jemlenen, içki gözellikleri görkezýän daşky gözellikler hiç bir adamyň bedeninde jemlenmedi.

Imam Kurtuby hezretleri şeýle rowaýat edipdir: “Resuly ekrem Pygamberimiziň gözelligi doly görünmedi. Eger onuň hakyky gözelligi görünen bolsa, hormatly sahabalar oňa seretmäge takat getirip bilmezdiler. Eger ol öz hakyky gözelligini görkezen bolsa, hiç kim oňa seretmäge çydap bilmezdi.”

Ýusup aleýhisselam ynsanlara daşky, Resulullah bolsa içki gözellikleri bilen göründi. Ýusup aleýhisselamyň jemaly görlende, eller kesildi. Resulullahyň kämilligi bilen bolsa zünnarlar üzüldi, butlar döwüldi we küfür bulutlary dargady. Hormatly sahabalar Pygamberimizden: “Ýa Resulallah! Siz gözelmi, ýa-da Ýusup aleýhisselam has gözelmidi?” diýip soradylar. Pygamberimiz jogap berip: “Doganym Ýusup menden sabyh (gözel), men bolsa ondan melih (söýümli). Onuň görünýän gözelligi meniň görünýän gözelligimden köpdür” diýdi.

Bir hadysy şerifde Pygamberimiz şeýle diýdi: “Allahu tagalanyň iberen her bir pygamberi gözel ýüzli, gözel sesli boldy. Siziň Pygamberiňiz bolsa olaryň iň gözel ýüzlüsi we iň gözel seslisidir”.

Bir adam Resulullahyň ýanyna gelip: “Eý Allahu tagalanyň Resuly! Kyýamat haçan gopar?” diýip sorady. Pygamberimiz: “Kyýamat üçin näme taýýarladyň?” diýdi. Ol adam: “Dogrusyny aýtsam, men kyýamata köp namaz okap, oraza tutup, sadaka berip taýýarlanmadym. Emma men Allahu tagalany we Onuň Resulyny söýýärin” diýdi. Şondan soň Pygamberimiz: “Adam söýeni bilen biledir” diýdi.8

Resulullahy söýmek ähli musulmanlara parzy aýndyr.

Ol Serweriň söýgüsi bir göwne ornaşsa, yslamy ýaşamak, imanyň we yslamyň tagamyna, doýgusyz lezzetine ýetmek örän aňsat bolýar. Bu söýgi iki jahanyň Serwerine doly eýermäge sebäp bolýar. Bu söýgi bilen ynsan Allahu tagalanyň Öz Habybyna bagyş eden tükeniksiz we aýdyp gutaryp bolmajak nygmatlaryna we bereketlerine ýetmek şerefine eýe bolýar. Kiçisini-de, ulusyny-da – her bir musulmany göni Resulullahyň söýgüsine alyp barýan Ähli sünnet alymlary we olaryň kitaplary – bu bereketleriň subutnamalarydyr.

Resul aleýhisselamyň mübärek adyny ýatlan ýa-da eşiden möminiň, edil Resulullahyň şerefli mejlisinde oturan ýaly, asudalykda, edebi saklap, ýüregi we bedeni bilen ony hormatlap durmagy wajypdyr.

Resulullahyň mübärek sözlerinden we işlerinden habar berlen bir zada onuň şanyny belentleşdirjek bir zat bilen jogap bermek – ony hormatlamakdan we sylamakdandyr. Ynsanlaryň arasynda pes we kemsidilen dereje üçin ulanylýan sözler bilen Resulullahy sypatlandyrmazlyk hem – ony hormatlamakdandyr.

Meselem, Resulullaha garyp diýilmez. Oňa çopan diýilmez. “Resulullah pylan zady halardy” diýlende: “Men bolsa ony halamaýaryn” diýmezlik ony hormatlamakdandyr. Şeýle hem Resuly ekrem Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem): “Men bir zada daýanyp, söýenip iýmeýärin”9 diýen sözüne: “Men bolsa daýanyp iýýärin” diýip, soňra söýenip iýip, oňa garşy çykmaly däldir. Bulary berjaý etmek – Resulullahy hormatlamagyň bir bölegidir. Bulara ähmiýet bermezlik niýeti bilen bilgeşleýin olary äsgermezlik küfrüň gapylaryny açýar.

Kurany Kerimiň we hadysy şerif kitaplarynyň üstünde başga bir kitap ýa-da haýsydyr bir öý goşuny goýmazlyk hem – Allahu tagalany we Onuň Resulyny hormatlamakdandyr. Olaryň üstündäki tozany süpürmek, içinde Allahu tagalanyň şerefli ady ýa-da Resulullahyň mübärek atlary ýazylan kagyzy zyňmazlyk – Allahu tagalany we Onuň Resulyny hormatlamakdyr. Şeýle kagyzlar ýyrtylmaly däldir. Yslam harplary bilen ýazylan kagyzlara has-da köp hormat goýmak gerek. Eger içinde Allahu tagalanyň şerefli ady we aýaty kerimeler bolan kitaplar we kagyzlar könelmek sebäpli ýyrtylsa, olary arassa mata dolap, ýere gömmeli, ýa-da suw bilen ýuwup, ýazgylaryny ýok etmeli, ýa-da ýakmaly. Ýakylsa, küli gömülýär. Ýakmak ýuwup ýazgylary aýyrmakdan gowudyr, sebäbi ýuwmakda ulanylan suw aýak astynda galyp biler.

Resulullahyň haremi bolan Medineýi münewweräni hormatlamak we sylamak, ol ýerde gadagan edilen zatlardan (ýa-da günä etmekden) saklanmak we Medineýi münewwere ilatyna hormat goýmak hem Resulullahy hormatlamakdan hasaplanýar.

Barlygymyň mülküniň soltany – sen,
şeksiz, janymyň janany – sen,
Sezaýy indi barlygyny ýok etdi,
bar bolan ýeke-täk ihsan – sen.
Hasan Sezâî

“Doganym Ýusup menden sabyh (gözel), men bolsa ondan melih (söýümli). Onuň görünýän gözelligi meniň görünýän gözelligimden köpdür” Hadysy şerif