Söýgüli Pygamberim

PYGAMBERIMIZIŇ MÜBÄREK ATLARY

Söýgüli Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) iň köp tutulýan ady – “Muhammet”. Ol “örän köp öwlen, örän halanan” diýmekdir. Bu at Kurany Kerimde dört gezek gabat gelýär: Äli-Ymran süresi, 3:144; Ahzab süresi, 33:40; Feth süresi, 48:29 we Muhammet süresi, 47:2. Isa aleýhisselam hem, Saf süresiniň 6-njy aýatynda bildirilişi ýaly, öz ymmatyna manysyna görä şeýle habar beripdi: “Eý Ysraýyl ogullary! Men size iberilen Allahyň pygamberidirin. Men Töwraty tassyklaýjy we menden soň geljek bir pygamberi buşlaýjy bolup geldim, ol pygamberiň ady Ahmetdir”. Ahmet – “iň köp öwlen, söýlen” diýmekdir.

“Muhammet” we “Ahmet” atlaryndan başga, söýgüli Pygamberimiz Kurany Kerimde Mahmyt, Resul, Nebi, Şahyt, Beşir, Nezir, Mubeşşir, Munzir, Daiýi ilallah, Siraji munir, Rauf, Rahym, Musaddyk, Muzekkir, Muddessir, Abdylla, Kerim, Hak, Munir, Nur, Hatamun-nebiýýin, Rahmet, Nygmat, Hady, Taha, Ýäsin… diýlip ýatlanýar. Onuň mübärek atlarynyň käbiri Kurany Kerimde, käbiri hadysy şeriflerde, käbiri bolsa öňki pygamberlere iberilen mukaddes kitaplarda zikir edilýär. Käbir hadysy şeriflerde Pygamberimiziň atlary Mahy, Akyb, Mukaffy, Nebiýýur-rahme, Nebiýýut-tewbe, Nebiýýul-melahim, Kattal, Mutewekkil, Fatyh, Hatam, Mustafa, Ummy, Kusem (her haýry özünde jemleýän) diýlip gelýär. Bir hadysy şerifde Pygamberimiz şeýle diýdi: “Maňa mahsus bäş at bar: men Muhammetdirin, men Ahmetdirin, men Mahydyryn: Allahu tagala meniň arkaly küfri ýok edýär. Men Haşyrdyryn: kyýamat güni ynsanlar meniň yzymdan magşara ýygnanarlar. Men Akybdyryn: menden soň pygamber ýokdur”.1

Söýgüli Pygamberimize hezreti Hatyjadan doglan we kiçi ýaşynda wepat bolan ogly Kasymyň ady bilen “Abul-Kasym” künýesi berildi. Şeýle hem pygamberlikden öň-de, ondaky dogruçyllyk, ynamdarlyk, amanaty goramak ýaly sanap gutaryp bolmajak üstün sypatlary üçin Kuraýş taýpasynda ony “El-Emin” diýip atlandyrypdyrlar. Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) Kurany Kerimde gelen atlarynyň biri-de Kurany Kerimiň ýüregi bolan Ýäsin süresindäki “Ýäsin” sözüdir. Ylymda berk ornaşan alymlaryň (ulemaýy rasihiniň) beýiklerinden Seýit Abdylhakym Arwasy hezretleri şeýle diýdi: “Ýäsin – ‘eý Meniň ýakyn (hakyky ynanç) deňzimiň ýüzüjisi bolan Habybym’, ýagny ‘eý Meniň muhabbet deňzimiň çümüjisi bolan Habybym’ diýmekdir”. Bu deňziň adyny eşidenler, ony uzakdan görenler, oňa ýakyn gelenler, içine girip, nesibesine görä çuňluga düşenleriň hemmesi ömrüniň her döwründe Resulullahyň yşky bilen ýanyp-köýüp ýaşadylar, bu yşklaryny ýanyk nalyşlar, içden gelýän göz ýaşlary we ýakyjy setirler bilen beýan etdiler. Olaryň arasynda iň beýikleriniň we meşhurlarynyň biri, bu muhabbet deňzinden uly paý alan şahs – Mewlana Halyt Bagdady hezretleridir. Ol Resulullaha bolan muhabbetini we yşkyny beýan eden kasydalarynyň birinde şeýle ýazýar:

“Eý Ysraýyl ogullary! Men size iberilen Allahyň pygamberidirin. Men Töwraty tassyklaýjy we menden soň geljek bir pygamberi buşlaýjy bolup geldim, ol pygamberiň ady Ahmetdir” Saf: 6

Eý älemiň serweri, saňa aşyk bolup ýanaryn!
Nirede bolsam-da, şol gözel jemalyňy araryn.
Kabe kawseýn tagtynyň soltany – sen, men bolsa bir hiç,
“Seniň myhmanyň” diýmegimi-de edepsizlik saýaryn.
Dünýäde her zat seniň şerefiňe ýaradyldy,
rahmetiň maňa-da ýagsa, şol pursat meniň baharym.
Her kes Käbäni towap etmek üçin Hijaza gelýär,
men bolsa saňa gowuşmak höwesi bilen daglary aşaryn.
Düýşümde başyma bagt täjini geýdirdiler,
aýagyňyň topragy ýüzüme sepilen ýaly saýaryn.
Dostuny öwýän aşyklaryň bilbili, eý Jamy!
Diwanyňdaky şu setirler meniň terjimanym:
“Dili sallanan, suwsan, gotur it ýaly,
seniň ihsan deňziňden bir damja arzuw edýärin.”

Pygamberimizi öwüp ýazylan aýry-aýry goşgulary we öwgi şygyrlaryny (medhiýeleri) bir gyrada goýsaň-da, onuň hakynda örän köp eser ýazyldy. Olary ýazanlaryň arasynda şöhraty we ussatlygy tutuş dünýäni we asyrlary gurşap alanlar hem Resulullahy öwmekden ejizdiklerini beýan etdiler. Ony görüp, gözelligine aşyk bolanlar dilleriniň ýetdiginden onuň keşbini suratlandyrmaga çalyşdylar we bu gözelligi beýan etmäge ynsan güýji ýetmez diýdiler.

Yslam alymlarynyň kitaplarynda şol aşyklaryň habar berenlerinden ýüzlerçesi ýazylgydyr. Olary okaýanlar Allahu tagalanyň Öz söýgüli Pygamberini göz öňüne getirip bolmajak kämillikde we seredip doýup bolmajak gözellikde ýaradandygyna derrew düşünýärler. Adamlar ony görmän hem oňa göwün berýärler. Habybullaha aşyk bolanlar her demde öýkenlerine girýän howanyň salkynlygynda onuň söýgüsiniň tagamyny duýýarlar. Aýa her gezek seredenlerinde, onuň mübärek gözlerinden gelen şöhleleriň yşygyny gözläp lezzet alýarlar. Onuň gözellik deňziniň bir damjasyna gowuşan adamyň her zerresi şeýle diýýär:

Gözel ýaňagyňy tanan güle hiç seretmez,
seniň söýgüňde ereýän derman gözlemez!

Enes ibn Malikden rowaýat edilen bir hadysy şerifde şeýle diýildi: “Men oňa öz perzendinden-de, kakasyndan-da we ähli ynsanlardan-da söýgüli bolmaýançam, siziň hiç biriňiz iman getiren bolmaz”.2 Bir gün hezreti Omar Pygamberimize: “Ýa Resulallah! Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin, janymdan başga her zatdan sen maňa söýgülisiň” diýdi. Şonda Resulullah: “Men oňa öz janyndan-da söýgüli bolmaýançam, siziň hiç biriňiz iman getiren bolmaz” diýdi. Şondan soň hezreti Omar: “Ýa Resulallah! Saňa Kurany Kerimi iberen Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin, sen maňa öz janymdan-da söýgülisiň” diýdi. Şonda Pygamberimiz: “Eý Omar, indi (imanyň) tamam boldy” diýdi.

Kosmos asyry, kompýuterler,
näçe döwrebap serişdeler –
hemmesiniň çeşmesi Kuranda,
sen – rahmet, ýa Resulallah.
Tejribä ähmiýet berdiň,
ylmy, pennini öwrenmäge,
öňe tarap ýol görkezdiň,
sen – nur, ýa Resulallah.
Seni söýen – bize ýardyr,
sensiz bize dünýä dardyr,
her zat seniň üçin bardyr,
sen – nygmat, ýa Resulallah.
Senden aldy pikirleri,
ylmy, pennini we sungaty,
peýdalandy Gündogar, Günbatar,
sen – ýolbaşçy, ýa Resulallah.
Näme diýseň, dogry çykdy
on bäş asyr mundan öňem,
sen – Muhammedul-Emin,
sen – adalatly, ýa Resulallah.
Ýagşylykda, adalatda,
sahylykda, asyllylykda,
merhemetde, päkizelikde
sen – nusga, ýa Resulallah.

“Men oňa öz janyndan-da söýgüli bolmaýançam, siziň hiç biriňiz iman getiren bolmaz” Hadysy şerif

Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) mübärek metjidiniň üstündäki “Kubbeýi hadra / Ýaşyl gümmez” diýlip atlandyrylýan gümmeziň daşyndan görnüşi