PYGAMBERIMIZ BILEN TEWESSÜL
Pygamberimiz bilen hemişe – ol ýaradylmazdan öň hem, ýaradylandan soň hem, dünýädäki durmuşynda hem, wepatyndan soň berzah (gabyr) äleminde hem – tewessül1 edilipdir; kyýamat güni direlenden soň Arasat meýdanynda we jennetde hem ediler. Wesile – Allahu tagalanyň Öz huzurynda ýakynlyga we zerurlyklaryň ýerine ýetirilmegine sebäp bolan her bir zatdyr. Resuly ekrem bilen tewessül, ýagny Resulullahy Allahu tagalanyň huzurynda wesile etmek, onuň kömegini we şepagatyny soramak jaýyzdyr. Bular – selefi salyhynyň (sahabalaryň, tabygynlaryň we tebeý tabygynlaryň), alymlaryň we beýleki musulmanlaryň eden işlerindendir. Musulmanlardan hiç kim muny erbet görmändir. Şu wagta çenli bozuk ynançly adamlardan başga muny kabul etmeýän hiç kime duş gelinmändir. Ynsanlaryň atasy Adam aleýhisselam ýere indirilende, Pygamberimizi wesile edipdir. Muny söýgüli Pygamberimiz bir hadysy şerifinde şeýle gürrüň beripdir: “Adam (aleýhisselam) ýalňyşlygy sebäpli jennetden çykarylanda: ‘Ýa Rebbim! Meni Muhammediň hormatyna bagyşla’ diýdi. Allahu tagala: ‘Eý Adam! Sen Muhammedi nädip bildiň? Men ony entek ýaratmadym ahyry?’ diýdi. Adam (aleýhisselam): ‘Ýa Rebbim! Sen meni ýaradyp, maňa ruh bereniňde, gözümi açyp seredenimde, Arşyň gyrasynda “La ilähe illallah, Muhammedur-Resulullah” diýlip ýazylandygyny gördüm. Adyny Öz adyň bilen bile söýýäniň – şol’ diýdi. Allahu tagala: ‘Dogry aýtdyň, eý Adam! Mahluklarymyň arasynda iň söýenim – şol. Onuň hormatyna bagyşlanmak dilänligiň üçin, Men seni bagyşladym’ diýdi”.2 Bir rowaýatda Ol: “Ol – seniň nesliňden geljek bir pygamber. Men ony ýaratmadyk bolsam, seni-de, nesliňi-de ýaratmazdym. Ony şepagatçy görkezenligiň üçin, Men seni bagyşladym, günäňi geçdim” diýdi.3
Munuň bilen baglanyşykly müňlerçe mysal bar. Olaryň birnäçesi aşakda getirilýär. Iki gözi hem kör bir adam gözleriniň açylmagy üçin Resulullahdan doga sorady. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem): “Isleseň, doga ederin. Emma sabyr edip çydasaň, seniň üçin has gowy bolar” diýdi. Kör musulman: “Sabyr etmäge güýjüm galmady. Doga etmegiňizi ýalbaryp soraýaryn” diýdi. Şondan soň Pygamberimiz oňa: “Onda täret alyp, şu dogany oka!” diýdi:
“Allahumme inni eseluke we etewejjehu ileýke bi-Nebiýýike Muhammedin Nebiýýir-rahme. Ýa Muhammet! Inni etewejjehu bike ila Rebbi fi hajeti hazihi, li-tukda li. Allahumme şeffighu fiýýe”.
Ol adam bu dogany okanda, Allahu tagalanyň dogasyny kabul edip, onuň gözlerini açandygyny hadys alymlaryndan imam Nesaýy bildirýär. Resulullahy wesile etmek bilen baglanyşykly Osman ibn Hanif hezretleri şu wakany gürrüň berýär: “Osman ibn Affan halyf wagty, uly kynçylygy bolan bir adam halyfyň öňüne çykmaga utanandygy üçin maňa derdini aýtdy. Men oňa: ‘Derrew täret al! Mesjidi sagadata bar! Ýokarda bildirilen dogany et-de, islegiňi aýt’ diýdim. Biçäre doga edenden soň, halyfyň bolan ýerine barypdyr, ony halyfyň huzuryna salypdyrlar. Halyf ony öz namazlygynda oturdyp, derdini diňläpdir we ýerine ýetiripdir. Biçäre işiniň birden bitirilendigini görüp, begenip meniň ýanyma geldi. ‘Allahu tagala senden razy bolsun! Halyfa sen aýtmadyk bolsaň, men bu kynçylykdan dynyp bilmezdim’ diýdi. Ol meniň halyf bilen gürleşendigimi pikir edipdir”.
“(Eý Adam!) Ol – seniň nesliňden geljek bir pygamber. Men ony ýaratmadyk bolsam, seni-de, nesliňi-de ýaratmazdym. Ony şepagatçy görkezenligiň üçin, Men seni bagyşladym, günäňi geçdim” Hadysy kudsi
Hezreti Omar halyf wagty bir gezek guraklyk boldy. Hormatly sahabalardan Bilal ibn Harys Resulullahyň türbesine baryp: “Ýa Resulallah! Ymmatyň açlykdan ölüp barýar. Ýagyş ýagmagy üçin wesile bolmagyňy ýalbaryp soraýaryn” diýdi. Resulullah şol gije onuň düýşüne girip: “Halyfyň ýanyna bar! Menden salam aýt! Ýagyş dogasyna çyksyn!” diýdi. Hezreti Omar ýagyş dogasyna çykanda, ýagyş ýagyp başlady. Allahu tagala Özüniň söýýänleriniň hatyrasyna dogalary kabul edýär. Allahu tagala Muhammet aleýhisselamy gaty söýýändigini bildiripdir. Şonuň üçin bir adam: “Allahumme inni eseluke bi-jahi Nebiýýikel-Mustafa” diýip doga etse, onuň dogasy ret edilmez. Muňa garamazdan, ownuk-uşak dünýä işleri üçin Resulullahy wesile etmek edebe laýyk gelmez. Burhaneddin Ybraýym Maliki şeýle diýdi: “Gaty aç bolan bir garyp Hüjreýi sagadata baryp: ‘Ýa Resulallah! Men aç’ diýdi. Biraz wagtdan soň biri gelip, garyby öýüne alyp gitdi we garnyny doýurdy. Garyp eden dogasynyň kabul bolandygyny aýdanda, ol: ‘Doganym! Sen maşgalaňdan aýrylyp, uzak ýollardan kynçylyk çekip, Resulullahy zyýarat etmek üçin geldiň. Bir bölek çörek üçin Resulullahyň huzuryna çykmak ýaraşarmy? Ol beýik huzurda jenneti we ebedi nygmatlary soramalydyň! Bu ýerde soralan zatlary Allahu tagala ret etmez’ diýdi. Resulullahy zyýarat etmek şerefine ýetenler kyýamat güni onuň şepagat etmegi üçin doga etmelidirler”. Bir gün imam Abu Bekir Mukry imam Taberany we Abuş-Şeýh bilen Mesjidi sagadatda otyrdylar. Birnäçe günden bäri hiç zat iýmändikleri üçin, olar gaty açypdylar. Imam Abu Bekir indi çydap bilmän: “Men aç, ýa Resulallah!” diýenden soň, bir burça çekilip oturdy. Seýitlerden bir adam iki hyzmatkäri bilen gelip: “Doganlarym! Atam Resulullahdan aç bolanyňyz üçin kömek sorapsyňyz. Ol sizi doýurmagymy buýurdy” diýdi. Getirenlerini bilelikde iýdiler. Galanyny ol olara goýup gitdi. Yslam alymlaryndan Abu Abdylla ibn Nugman Merrakuşi Tilimsany (683 / milady 1284) “Misbahuz-zulam” atly gymmatly kitabynda Resulullahy wesile edip, isleglerine ýeten ýüzlerçe musulmany we olaryň dogalaryny jikme-jik ýazýar. Resulullahy wesile edip, isleglerine ýetenleriň biri – Muhammet ibn Munkedir. Ol şeýle gürrüň berýär: “Bir adam kakama segsen altyn goýup, jihada gidipdi. ‘Bulary sakla! Gaty mätäç bolana-da kömek edip bilersiň’ diýipdi. Medinede guraklyk boldy. Kakam altynlaryň hemmesini açlykdan ejir çekýänlere paýlady. Altynlaryň eýesi gelip, olary sorady. Kakam: ‘Bir gijeden soň gel’ diýdi. Ol Hüjreýi sagadata baryp, sähere çenli Resulullaha ýalbardy. Gijäniň ýarynda bir adam gelip: ‘Eliňi uzat!’ diýdi. Bir halta altyn berdi-de, gaýyp boldy. Kakam öýde altynlary sanap, olaryň segsendigini görende, begenip, derrew eýesine berdi”.
Abu Abdylla Tilimsany hezretleri bu kitabynda öz başyndan geçen bir wakany hem şeýle gürrüň berýär:
“637-nji (milady 1239-njy) ýylda Sader galasyndan saýlama bir jemagat bilen bilelikde ýola çykdyk. Biziň bilen ýol görkezýän bir adam bardy. Birneme gidenimizden soň, suwumyz gutardy. Suw gözläp başladyk. Men hem şol arada hajatymy bitirmäge gitdim. Şol wagt meni gaty güýçli uky basdy. ‘Nähili-de bolsa, ugranlarynda meni oýararlar’ diýip, başymy ýere goýdum.
Oýananymda, özümi çölüň ortasynda ýekeje özüm gördüm. Ýoldaşlarym meni unudyp gidipdirler. Ýalňyzlykdan meni uly gorky basdy. Çölde saga-çepe ýöräp başladym. Nirededigimi, nirä gitmelidigimi bilmeýärdim. Her tarap düýpdüz gumdy. Biraz wagtdan soň garaňky düşdi. Biziň syýahat eden kerwenimiziň yzy-da ýokdy. Men gijäniň garaňkylygynda ýekeje özümdim. Gorkym has-da güýçlendi. Howsala düşüp, has çalt ýöräp başladym. Birneme gidenimden soň, gaty suwsap, ýadap-arap, ysgynsyz ýere ýykyldym. Indi durmuşymdan umydymy üzüp, ölümimiň golaýlaşandygyny duýup başlapdym. Beýan edip bolmajak ejir çekýärdim, gaýgy-hasratym soňky çägine ýetipdi. Birden aklyma bir zat geldi. Gijäniň garaňkylygynda ähli güýjümi ýygnap, çyn ýürekden, yhlas bilen ýene bir gezek: ‘Ýa Resulallah! Kömek et! Senden Allahu tagalanyň rugsady bilen kömek etmegiňi soraýaryn!’ diýip iňledim. Sözümi gutaran badyma, biriniň maňa seslenendigini eşitdim. Sesiň gelen tarapyna seredenimde, gijäniň garaňkylygynda töweregine nur saçýan, apak eşik geýen, şu wagta çenli hiç görmedik bir adamyň meni çagyrýandygyny gördüm. Ol maňa golaýlaşyp, elimden tutdy. Şol pursat ähli ýadawlygym we suwsuzlygym ýitdi. Täzeden doglan ýaly boldum. Göwnüm oňa birden ýylap gitdi. El-ele tutuşyp birneme ýöredik. Durmuşymyň iň süýji pursatlarynyň birini başdan geçirýändigimi duýdum. Bir gum depesini aşanymyzda, bile syýahat eden kerwenimiziň çyralaryny görüp, ýoldaşlarymyň seslerini eşitdim. Olaryň ýanyna golaýlaşdyk. Meniň münýän haýwanym kerweniň iň yzynda barýardy. Ol birden gelip, meniň öňümde durdy. Öz ulagymy öňümde görüp, begenip gygyryp goýberdim. Men gygyranymda, meniň bilen gelen şahs elini elimden çekdi. Soňra elimden tutup, meni ulagyma mündürdi. Soňra-da: ‘Bizden bir zat soraýany we kömek dileýäni biz boş gaýtarmaýarys’ diýip, yzyna öwrülip gitdi. Şonda onuň Resulullahdygyna düşündim. Ol yzyna öwrülip gidende, töweregine saçan nurlarynyň gijäniň garaňkylygynda asmana tarap göterilýändigi görünýärdi. Ol gözümden gaýyp bolanda, birden aklym başyma geldi. ‘Nädip men Resulullahyň elini-aýagyny öpmedim!’ diýip gynandym, emma iş işden geçipdi, pursat elden gidipdi”. Abul-Haýr Akta Medinede bäş gün aç galdy. Hüjreýi sagadatyň ýanyna gelip, Resulullaha salam berdi. Aç bolandygyny aýtdy. Bir tarapa çekilip uklady. Düýşünde Resulullahyň gelendigini gördi. Onuň sag tarapynda Abu Bekir Syddyk, çep tarapynda Omarul-Faruk we öňünde Alyýýul-Murteza bardy.
Hezreti Aly gelip: “Eý Abul-Haýr! Tur, näme ýatyrsyň? Resulullah gelýär!” diýdi. Ol derrew turdy. Resulullah gelip, oňa uly bir çörek berdi. Abul-Haýr şeýle diýýär: “Gaty aç bolandygym üçin derrew iýip başladym. Ýarysyny iýip gutaranymda, oýandym. Galan ýarysyny elimde tapdym”.
“Bir zatdan zyýan gören kemçiliksiz täret alyp, iki rekagat namaz okasyn! Soňra: ‘Ýa Rebbim! Senden soraýaryn. Älemlere rahmet bolan Pygamberiň Muhammet aleýhisselamy wesile edip, Saňa ýalbarýaryn. Eý Muhammet! Dilegimi kabul etmegi üçin Rebbime seni wesile edýärin. Ýa Rebbim! Ony maňa şepagatçy et!’ diýsin” Hadysy şerif
Şeýle hem “Misbahuz-zulam” kitabynda gürrüň berilýär: Ahmet ibn Muhammet Sufy şeýle diýýär: “Hijaz çöllerinde ähli barlygym gutardy. Medinä geldim. Hüjreýi sagadatyň ýanynda Resulullaha salam berdim. Bir tarapda oturyp ukladym. Resulullah görnüp: ‘Geldiňmi, Ahmet? Aýaňy aç!’ diýdi. Aýamy altyn bilen doldurdy. Oýandym. Ellerim altyndan dolydy”. Imam Semhudy hem “Medine taryhy” atly kitabynda öz başyndan geçen bir wakany şeýle gürrüň berýär: “Gapymyň açaryny düşürip ýitirdim. Tapyp bilmedim. Hüjreýi sagadatyň öňüne gelip: ‘Ýa Resulallah! Açarymy ýitirdim, öýüme girip bilmeýärin!’ diýdim. Şol wagt bir çaga geldi. Elindäki açary görkezip: ‘Men muny tapdym. Siziňki dälmi?’ diýdi”.
Kilisli Mustafa Yşky efendi “Mevârid-i Mecîdiyye” atly taryh kitabynda şeýle diýýär: “Mekgede ýigrimi ýyl ýaşadym. Altmyş altyn ýygnap, hijri 1247-nji (milady 1831-nji) ýylda aýalym we çagalarym bilen Medinä geldim. Ýolda pul gutardy. Bir tanşymyň öýünde myhman bolup, Hüjreýi sagadata geldim. Resulullahdan kömek soradym. Üç günden soň biziň ýaşaýan öýümize bir beg gelip, meniň üçin bir jaý kireýne alandygyny aýtdy. Goşlarymy şol ýere göçürtdi. Bir ýyllyk kireý tölegini töledi. Birnäçe aýdan soň men keselläp, bir aý ýatdym. Öýde iýmäge-de, satmaga-da hiç zat galmady. Aýalymyň kömegi bilen üçege çykyp, Resulullahyň türbesine garşy kynçylygymy aýdyp, kömek dilemek isledim. Ellerimi galdyranymda, dünýä zadyny soramakdan utandym. Hiç zat aýdyp bilmedim. Otagyma düşdüm. Ertesi güni bir adam gelip, pylan efendi bu altynlary saňa sowgat iberdi diýdi. Haltajygy aldym. Güzeranymyz düzelse-de, keselden dynyp bilmedim. Kömek bilen Hüjreýi sagadatyň öňüne gelip, Resulullahdan şypa soradym. Metjitden çykyp, hiç kimden kömek soraman, öýüme ýöräp gitdim. Öýe girenimde, keselimden yz hem galmandy. Göz degmez ýaly, birnäçe gün köçä hasa daýanyp çykdym. Emma pul gutarypdy. Maşgalamy garaňkyda goýup, Mesjidi Nebewä geldim. Ýassy namazyndan soň kynçylygymy Resulullaha aýtdym. Ýolda men tanamaýan bir adam ýanyma gelip, elime bir halta tutdurdy. Onuň içinde her biri dokuz guruşlyk kyrk dokuz altyn bardy. Şem we gerekli zatlary alyp, öýe geldim”.
“Şakâyık-i Nu’mâniyye” kitabynyň terjimesiniň ikinji jildinde şeýle diýilýär: Osmanly döwletiniň ilkinji şyhul-yslamy we öz zamanynyň müjeddidi bolan beýik yslam alymy Mewlana Şemseddin Muhammet ibn Hamza Fenarynyň gözlerine perde düşüp, ol görmez boldy. Bir gije Resulullah düýşünde oňa: “Taha süresini tefsir et!” diýende, ol: “Beýik huzuryňyzda Kurany Kerimi tefsir etmäge güýjüm bolmaýşy ýaly, gözlerim hem görmeýär” diýipdir. Pygamberleriň tebibi bolan Resulullah mübärek hyrkasyndan bir bölek pamyk çykaryp, ony mübärek tüýkülügi bilen çyglandyryp, onuň gözleriniň üstüne goýupdyr. Molla Fenary oýanyp, pamygy gözleriniň üstünde tapyp, ony aýyranda, görüp başlapdyr. Allahu tagala hamd we şükür edipdir. Pamyk sapaklaryny saklap, ölende gözleriniň üstünde goýulmagyny wesýet edipdir. 834-nji (milady 1431-nji) ýylda Bursada wepat bolanda, onuň wesýetini ýerine ýetirdiler.
Abbasy halyflaryndan Abu Jagfar Mansur Mesjidi Nebewiniň içinde imam Malik bilen gürleşýärdi. Imam Malik: “Eý Mansur! Bu ýer – Mesjidi sagadat! Pes ses bilen gürle! Hak tagala Hujurat süresinde manysyna görä: ‘Sesleriňizi Resulullahyň sesinden ýokary galdyrmaň!’4 diýip, bir topar adamy käýedi. ‘Resulullahyň huzurynda seslerini pes tutýanlar…’5 diýen aýaty kerime bilen bolsa Ol seslerini pes tutýanlary öwdi. Resulullaha wepatyndan soň hormat goýmak – diri wagty hormat goýmak ýalydyr” diýdi. Mansur başyny aşak salyp: “Eý Abu Abdylla! Gybla garşy durmalymy, ýa-da Kabry sagadata garşymy?” diýip sorady. Imam Malik hezretleri: “Resulullahdan ýüzüňi öwürme! Kyýamat gününiň şepagatçysy bolan ol beýik Pygamber (sallallahu tagala aleýhi we sellem) kyýamat güni seniň we kakaň Adam aleýhisselamyň halas bolmagyna wesile bolar. Sen Kabry sagadata ýüzlenip, Resulullahyň mübärek ruhuna sygynyp, şepagat dilemelisiň. Nisa süresiniň 64-nji aýaty kerimesinde manysyna görä şeýle diýilýär:
“Nebislerine zulum edenler (özlerine zyýan ýetirenler) saňa gelip, Allahu tagaladan bagyşlanmak dileseler, Resulym hem olar üçin bagyşlanma dilese, Allahu tagalany tobalary kabul ediji we rehimli taparlar”. Bu aýaty kerime Resulullahy wesile edýänleriň tobalarynyň kabul ediljekdigine söz berýär” diýdi. Şondan soň Mansur ýerinden turup, Hüjreýi sagadatyň öňünde durdy we: “Ýa Rebbim! Bu aýaty kerimede Sen Resulyňy wesile edýänleriň tobasyny kabul etjekdigiňe söz berdiň. Men hem beýik Pygamberiňiň beýik huzuryna gelip, Senden bagyşlanmak dileýärin. Ol diri wagty bagyşlanmak dilän we Seniň bagyşlan gullaryň ýaly, meni-de bagyşla! Ýa Rebbim! Nebiýýur-rahme (rahmet pygamberi) bolan beýik Pygamberiňi wesile edip, Saňa ýalbarýaryn. Eý pygamberleriň iň beýigi bolan Muhammet aleýhisselam! Saňa tewessül edip, Rebbime ýalbardym. Ýa Rebbim! Ol beýik Pygamberi maňa şepagatçy et!” diýip ýalbaryp başlady. Ol arkasyny gybla, ýüzüni Muwajeheýi sagadat penjiresine tarap edip, aýak üstünde doga etdi. Münberi Nebewi onuň çep tarapynda galypdy. Imam Malikiň halyf Mansura beren nesihaty Hüjreýi sagadatyň öňünde doga edýänleriň gaty oýaly bolmalydygyny görkezýär. Ol makama laýyk edebi we hormaty görkezip bilmejek adamlaryň Medineýi münewwerede köp galmagy dogry bolmaz diýildi. Anadolynyň oba adamlaryndan biri Medineýi münewwerede ençeme ýyl ýaşap, öýlenip, Hüjreýi sagadatda belli bir hyzmata giripdi. Bir gün ol gyzzyrma keseline uçrady we onuň aýran içesi geldi. “Eger obamda bolsadym, gatykdan aýran ýasadyp içerdim” diýen pikir onuň göwnünden geçdi. Şol gije Resulullah Şyhul-Harem efendä düýşde görnüp, ol adamyň işini başga birine bermegi buýurdy. Şyhul-Harem: “Ýa Resulallah! Ol hyzmaty ymmatyňdan pylan adam ýerine ýetirýär” diýende, ol: “Ol adama aýt! Obasyna gaýdyp, aýran içsin!..” diýdi. Ertesi güni bu buýruk ýetirilende, oba adamy: “Başüstüne!” diýip, öz ýurduna gitdi.
“Nebislerine zulum edenler saňa gelip, Allahu tagaladan bagyşlanmak dileseler, Resulym hem olar üçin bagyşlanma dilese, Allahu tagalany tobalary kabul ediji we rehimli taparlar” Nisa: 64
Göwünden geçen ýekeje pikir şunça zyýan ýetiren bolsa, Allah saklasyn, degişme hem bolsa aýdylan ýersiz bir sözüň ýa-da edebe laýyk gelmeýän bir hereketiň nähili uly zyýany boljakdygyna mundan düşünmeli.
Seni söýen möminiň ýüregindäki imanysyň,
Gaýgysy hiç bolmaz, derdiniň dermanysyň,
Şepagatyňa garaşar, göwnüniň permanysyň,
Medet umyt eden ýeter, elbetde, ýa Resulallah.
Resulullaha salawaty şerif aýtmagyň ähmiýeti we fazyleti
Pygamberimiziň ady aýdylanda, eşidilende we ýazylanda, hormat we sylag alamaty hökmünde oňa salawaty şerif okamak – iň möhüm wezipelerimizden. Kurany Kerimde Ahzab süresiniň 56-njy aýaty kerimesinde manysyna görä şeýle diýilýär:
“Hakykatdan-da, Allahu tagala we Onuň perişdeleri Pygambere salawat aýdýarlar (onuň şerefini we şanyny beýgeltmek üçin). Eý iman getirenler! Siz hem oňa salawat we salam aýdyň we oňa çyn ýürekden boýun boluň”.
Tefsir alymlary bu aýaty kerimede agzalýan “salat” sözüniň Allahu tagaladan – rahmet, perişdelerden – ystygfar (bagyşlanmak dilemek), möminlerden – doga manysynda bolýandygyny bildiripdirler. Ähli yslam alymlary agzybirlik bilen bildirdiler: ömürde bir gezek salawat aýtmak – parzdyr. Onuň adyny her gezek aýdanda, eşidende, okanda, ýazanda bir gezek salawat aýtmak – wajyp, ady gaýtalananda – müstehapdyr.
Allahu tagaladan bir zat soraýan adam ilki Allahu tagala hamd we sena aýdandan soň, Resulullaha salawat okamalydyr. Şeýle doga kabul bolmaga gaty mynasypdyr. Iki salawat bilen (doganyň başynda we soňunda) edilen doga yzyna gaýtarylmaz. Abu Talha hezretleri şeýle gürrüň berýär: “Resulullahyň huzuryna girdim. Onda öň hiç görmedik şatlygy we hoşallygy gördüm. Sebäbini soranymda, ol: ’Nädip begenmäýin? Ýaňy Jebraýyl (aleýhisselam) buşluk getirdi: Allahu tagala şeýle diýýär: ymmatyňdan biri saňa bir salawat aýtsa, Allahu tagala munuň üçin oňa on salawat eder’ diýdi”.6
Bu barada hadysy şerifleriň käbiri şeýle:
“Ýanynda adym agzalyp-da, maňa salawat we salam aýtmadyk adamyň burny ýere sürtülsin. Ramazan aýy girip, günälerini bagyşlatman Ramazan aýy çykyp giden adamyň hem burny ýere sürtülsin. Ata-enesiniň garrylygyna ýetip, olaryň razylygyny gazanyp jennete girip bilmedik adamyň hem burny ýere sürtülsin”.
“Ýanynda adym agzalyp, maňa salawat we salam aýtmadyk adam – gysgançlaryň iň gysganjydyr”. Abu Humeýd Sagydy hezretleri bildirýär: “Hormatly sahabalaryň käbiri Resulullahdan: ‘Ýa Resulallah! Saňa nähili salawat we salam aýdalyň?’ diýip soradylar. Resulullah: ‘“Allahumme salli ala Muhammedin we ezwajihi we zurriýýetihi kema salleýte ala Ibrahime we barik ala Muhammedin we ezwajihi we zurriýýetihi kema barekte ala Ibrahime inneke hamidun mejid” diýiň’ diýdi”.7
Käbir salawatlar şeýle:
“Aleýhisselam”.
“Sallallahu aleýhi we sellem”.
“Aleýhissalatu wesselamu wet-tehiýýe”.
“Allahumme salli ala seýýidina Muhammed”.
“Allahumme salli ala Muhammedin we ala alihi we sahbihi ejmagin”.
“Aleýhi we ala jemigi mines-salawati etemmuha we minet-tehiýýati eýmenuha”.
“Allahumme salli ala Muhammedin we ala ali Muhammed, kema salleýte ala Ibrahime we ala ali Ibrahim…”
Bir adam şeýle gürrüň berdi: dostlarymyň biri iberen bir hatynda Resulullahyň mübärek adynyň agzalýan her ýerinde “sallallahu aleýhi we sellem teslimen kesiren kesira” diýip ýazypdyr. Ony görüp, sebäbini soranymda, ol şeýle diýdi: “Ýaşlygymda hadys kitaplaryny göçürip ýazdym. Resulullahyň mübärek adyny ýazanymda salawaty ýazmazdym. Düýşümde Älemleriň Serwerini görüp, onuň ýanyna bardym. Ol mübärek ýüzüni menden öwürdi. Beýleki tarapyna geçdim, ýene öwürdi. Garşysyna baryp: ‘Ýa Resulallah! Näme üçin menden ýüzüňi öwürýärsiň?’ diýdim. Ol: ‘Sebäbi sen kitabyňda meniň adymy ýazanyňda, maňa salawat ýazmadyň!’ diýdi. Şondan bäri onuň mübärek adyny hemişe salawat bilen bilelikde ýazýaryn”.
Hadysy şeriflerde şeýle diýilýär:
“Kim maňa bir gezek salawat aýtsa, Allahu tagala oňa on gezek salawat (rahmet) eder, onuň on günäsini bagyşlar we derejesini on esse ýokarlandyrar”.
“Kyýamat güni maňa iň ýakyn bolan, meniň şepagatyma iň mynasyp adam – maňa iň köp salawat we salam aýdýandyr”. Hak tagala hezreti Musa bilen gürleşip: “Eý Musa, Meniň seniň diliňe sözüňden, ýüregiňe pikiriňden, bedeniňe ruhuňdan, gözüňe nuruňdan hem ýakyn bolmagymy isleýärmiň?” diýdi. Ol: “Hawa, ýa Rebbim!” diýende, Allahu tagala: “Onda Muhammede (sallallahu aleýhi we sellem) köp salawat aýt” diýdi. Soňra: “Eý Musa, kyýamat güni suwsuzlyk ejirini çekmezligiňi isleýärmiň?” diýdi. Ol: “Hawa, ýa Rebbim!” diýende, Allahu tagala: “Onda Muhammede (sallallahu aleýhi we sellem) köp salawat aýt” diýdi.8
Pygamberimiz şeýle diýdi:
“Kyýamatda her makamda maňa iň ýakyn bolanyňyz – dünýäde maňa köp salawat okaýanyňyzdyr. Anna güni we anna gijesi maňa ýüz salawat okanyň Allahu tagala ýüz zerurlygyny bitirer. Olaryň ýetmişi ahyrete, otuzy dünýä degişli işlerdir. Soňra Allahu tagala bir perişdäniň üsti bilen bu salawatlary meniň gabryma ýetirýär. Olar size gelen sowgat ýaly bolýarlar. Ol perişde maňa iberen adamyň adyny, neslini we taýpasyny bildirýär. Ony meniň ýanymdaky bir ak sahypa geçirýär. Meniň ölenimden soň bilşim diri wagtymda bilşim ýalydyr”.9
“Kim maňa bir gezek salawat aýtsa, Allahu tagala oňa on gezek salawat (rahmet) eder, onuň on günäsini bagyşlar we derejesini on esse ýokarlandyrar” Hadysy şerif
“Penşenbe güni gelende, Allahu tagala ýanlarynda kümüş depderler we altyn galamlar bolan perişdeleri iberýär. Olar penşenbe güni we anna gijesi Pygambere köp salawat aýdýanlary ýazýarlar.” “Iki musulman duşuşyp, musapaha edip (elleşip görüşip) Pygambere salawat aýtsalar, aýrylyşmazlaryndan öň öňki we soňky günäleri bagyşlanar.” “Siziň biriňiz metjide girende, Pygambere salam bersin we: ‘Ýa Rebbim! Meni şeýtandan gora!’ diýsin.”10
Bir rowaýatda: “Metjitden çykanda, ‘Allahumme inni eseluke min fadlyke’ diýip okasyn.”
Doga Allahu tagalany öwmek (hamd) we Resulullaha salawat bilen başlanmasa, doga perdäniň aňyrsynda galýar. Başynda hamd we salawat bolan doga kabul bolýar. Resulullaha we onuň maşgalasyna (Äline) salawat okalmaýança, doga bilen asmanyň arasynda perde durýar. Salawat okalanda, bu perde ýyrtylýar we doga asmana galýar. Salawat okalmasa, doga yzyna gaýdýar.
Bir mejlisde Allahu tagala ýatlanmasa we Resulullaha salawat aýdylmasa, ol ýerdäkileriň üstünde gamçy durýar: Ol islese, olary azaplar, islese – bagyşlar.
“Gulagy şaňlan adam meni ýatlasyn we maňa salawat okasyn.”
“Bir işi niýet eden adam ol barada maslahatlaşsyn. Şonda Allahu tagala oňa şol işde dogry ýoly (rüşdi) ihsan eder. Bir adam bir söz aýtmakçy bolup, ony unutsa, maňa salawat okasyn. Sebäbi onuň maňa okan salawatynda aýtjak sözüniň ornuny tutýan zat bar. Belki, şondan soň ol ony ýadyna salar”.11
“Haýyrly iş Allahyň ady we maňa salawat bilen başlanmasa, ol işde haýyr ýokdur, onuň ähli bereketi aýrylandyr.”12 Yslam beýiklerinden Abu Hafs Kagydy wepat bolanda, biri ony düýşünde görüp: “Allahu tagala saňa nähili muamala etdi?” diýip sorady. Ol: “Maňa rehim etdi, meni bagyşlady we jennete ýerleşdirdi” diýdi. Ol adam: “Näme sebäpden?” diýip sorady. Ol şeýle jogap berdi: “Ol meni perişdeleriň arasynda saklady. Olar günälerimi we Resulullaha aýdan salawatlarymy hasapladylar we salawatlarymy köp tapdylar. Şonda Allahu tagala olara: ‘Eý perişdelerim! Işiňiz tamam. Başga hasap soramaň. Ony Meniň jennetime eltiň!’ diýdi.”
Selefden biri gürrüň berýär: “Bile hadys öwrenen bir ýoldaşym wepat boldy. Men ony düýşümde egnine ýaşyl jennet lybaslaryny geýen halda gördüm. Sebäbini soranymda, ol şeýle diýdi: ‘Her hadysda gören Resulullahyň adynyň ýanyna sallallahu aleýhi we sellem diýip ýazardym. Hak tagala munuň sogabyny şeýle berdi.’”
Ýene selefden biri gürrüň berýär: “Kätiplik bilen meşgullanýan bir goňşym wepat boldy. Men ony düýşümde görüp, Allahu tagalanyň oňa nähili muamala edendigini soradym. Ol Allahu tagalanyň ony bagyşlandygyny aýtdy. Näme sebäpden diýip soranymda, ol: ‘Resulullahyň adyny her gezek ýazanymda, onuň ýanyna sallallahu aleýhi we sellem sözlerini-de ýazardym, şonuň üçin’ diýdi.” Abu Süleýman Darany gürrüň berýär: “Hadys ýazýarkam, Pygamberimiziň şerefli adyny her ýazanymda sallallahu aleýh diýip ýazardym, emma we sellem sözlerini ýazmazdym. Men ony düýşümde gördüm. Ol maňa şeýle diýdi: ’Eý Abu Süleýman! Hadysda meniň adymy ýazanyňda, salawat bilen bilelikde we sellem sözlerini-de ýaz. Ol dört harpdyr. Her harpyna on sogap bar. Ýazmasaň, kyrk sogaby goýberýärsiň diýmekdir’”.
Şeýle endik başga bir adamda-da bardy. Resulullah oňa düýşünde: “Saňa näme boldy, näme üçin maňa salawaty doly ýazmaýarsyň?” diýdi.
Abu Bekir Syddyk şeýle diýdi: “Unutmakdan gorkýan adam Resulullaha köp salawat okasyn.”
Salyhlaryň beýiklerinden Muhammet ibn Sagyt ibn Mutarryf gürrüň berýär: “Her gije ýatmazymdan öň belli bir mukdarda salawat okardym. Bir gije düýşümde Resulullahy gördüm. Ol meniň ýanyma girdi. Otagym nurdan doldy. Soňra ol maňa tarap gelip: ‘Getir, maňa köp salawat okaýan şu agzyňy öpeýin’ diýdi. Men bolsa agzymy tutmaga utanyp, ýaňagymy tutdum. Ol ony mübärek dodaklary bilen öpdi. Begenip oýandym. Otagym müşk ysyna dolupdy. Sekiz günläp ýaňagymdan ol hoş ys aýrylmady.” Selefiň beýiklerinden Hallat ibn Kesir wepat bolanda, onuň başynyň aşagyndan: “Bu – Hallat ibn Kesiriň dowzahdan azatlyk hatydyr” diýip ýazylan bir kagyz tapdylar. Şonda ýakynlaryndan: “Onuň nähili amallary bardy?” diýip soradylar. Olar: “Her anna güni salawat aýdardy” diýdiler. Şeýh Aýnynyň Zeýnul-mejalis kitabynda şeýle ýazylgydyr: Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem): “Kyýamat güni üç topar adam Arşyň aşagynda bolar, ol ýerde onuň kölegesinden başga kölege bolmaz” diýdi. “Olar kimler?” diýip soranlarynda, ol: “Ymmatymy kynçylykdan halas edenler, sünnetimi direldenler we maňa köp salawat aýdanlar” diýdi.
Şeýh Abu Musa Dariri gürrüň berýär: “Deňizde bizi güýçli harasat tutdy. Her kes ölümden gorkup aglaýardy. Şol halda meni uky basdy. Düýşümde Resuly ekremi gördüm. Ol maňa gämidäkilere müň gezek: ‘Allahumme salli ala seýýidina Muhammedin we ala äli seýýidina Muhammed, salaten tunjina biha min jemigil-ehwali wel-afat, we takdi lena biha jemigal-hajat, we tutahhiruna biha min jemigis-seýýiat, we terfeguna biha gyndeke agled-derejat, we tuballyguna biha aksal-gaýati min jemigil-haýrati fil-haýati we bagdel-memat’ diýip okamaklaryny aýtmagy buýurdy. Biz ony entek üç ýüz gezek-de okap ýetişmänkäk, harasat ýatyşdy we biz halas bolduk.” Bu salawaty her möhüm işde, her bela-beterde, apatda we ýer titremesinde okamak maslahat berildi.
Gije-gündiz dilimde – seniň mübärek ruhuňa salawat we salam, eý Fahrul-enam!
Mugteber kitaplarda salawatyň nähili bolmalydygy barada kyrkdan artyk hadys bar.
Olaryň biri:
“Gulagy şaňlan adam meni ýatlasyn we maňa salawat okasyn” Hadysy şerif
Allahumme salli ala Muhammedin we ala äli Muhammed, kema salleýte ala Ibrahime we ala äli Ibrahim, we barik ala Muhammedin we ala äli Muhammed, kema barekte ala Ibrahime we ala äli Ibrahim, inneke hamidun mejid.
Allahumme salli we sellim we barik werham ala seýýidina Muhammedin huwe seýýidul-arabi wel-ajem.
We imamil-Mekketil-mukerremeti wel-Medinetil-munewwereti wel-harem. Allemel-insane ma lem ýaglem.
Asluhu nurun we nesluhu Adem.
Bagsuhu muahharun we halkuhu mukaddem.
Ismuhuş-şerifu mektubun alel-Lewhil-mahfuzi biýakutil-kalem.
We jismuhuş-şerifu medfunun fil-Medinetil-munewwereti wel-harem.
Ýa leýte ektehilu turabellezi tahtel-kadem.
Fe tuba summe tuba limen dega we tebigahu we limen esleme sahybeş-şefagati lil-alemin.
Kailen ýa Rabbi! Sellim ummeti, ummeti, wa ummeta ýa zel-lutfi wel-kerem.
Fe ýunadil-munadi min kybelir-Rahman, kabiltu şefagateke ýa Nebiýýel-muhterem.
Udhulul-jennete la hawfun aleýkum we la huznun we la elem.
Summe radyýallahu tagala an Abi Bekrin we Omere we Osmane we Alyýýin zil-kerem.
We sallallahu ala seýýidina Muhammedin wel-hamdu leke ýa Rabbel-alemin.
Bihurmeti Seýýidil-murselin.
Mübärek saçyna daň ýeli degse,
howa müşk-anbar ysyna dolardy.
Dür dişleriniň nuruna gije
ýere iňňe düşse-de, tapylardy.
Nurly göwsüniň şugläsinde garaňky gijelerde ýolda ýigitler-de, garrylar-da ýörärdi.
Hakyň ol mahbuby barmagy bilen
Aýa yşarat edende – Aý ikä bölündi.
Derlese, her damja deri güle öwrülerdi,
adamlar onuň derinden gülleri şatlanyp ýygnardy.
Ol jahan şasy hurma agajyny oturtdy,
oturdan sagadynda-da ol miwe berdi.
Mugjyzalaryny magşara çenli dyngysyz aýtsaň-da,
näçe magşar geçse-de, olar tamam bolmaz.
Otdan halas bolmak isleseňiz,
yşk bilen, dert bilen salawat aýdyň.
Essalatu wesselamu aleýke ýa Resulallah!
Essalatu wesselamu aleýke ýa Habyballah!
Essalatu wesselamu aleýke ýa Nura Arşillah!
