IKINJI BÖLÜM GABYR DURMUŞY
Pygamberimiziň gabrynda diri bolmagy
Pygamberler gabyrlarynda biziň bilmeýän bir ýaşaýyş bilen diridirler. Öwlüýäler we şehitler hem diridirler. Olaryň diri bolmagy diňe sözde däldir. Olar hakykatdan-da, doly diridirler. Äli-Ymran süresiniň 169-njy aýaty kerimesinde manysyna görä: “Allahu tagalanyň ýolunda öldürilenleri öli öýtmäň! Olar Rebbiniň huzurynda diridirler. Rysklandyrylýarlar” diýildi.
Bu aýaty kerime şehitleriň diridigini bildirýär. Pygamberler bolsa, elbetde, şehitlerden has öňde we has üstündir. Yslam alymlaryna görä, her pygamber şehit bolup wepat bolupdyr. Resulullah soňky keselinde: “Haýberde iýen tagamymyň agyrysyny hemişe duýýardym” diýdi.1 Bu hadysy şerif Resulullahyň şehit bolup wepat bolandygyny bildirýär. Şonuň üçin Pygamberimiziň, ähli şehitler ýaly, gabrynda diridigi mundan hem düşnükli bolýar.
“Buhary” we “Muslim” kitaplarynda getirilen hadysy şerifde: “Miraj gijesinde meni Musanyň (aleýhisselam) gabrynyň ýanyndan geçirdiler. Ol gabrynda aýak üstünde namaz okaýardy” diýildi.2
Başga bir hadysy şerifde: “Allahu tagala topraga pygamberleri çüýretmegi haram etdi” diýildi.3 Munuň dogrudygyny alymlar agzybirlik bilen bildirýärler. “Buhary” we “Muslim” kitaplarynda: “Allahu tagala Miraj gijesinde ähli pygamberleri Pygamberimiziň ýanyna iberdi. Ol olara imam boldy we olar iki rekagat namaz okadylar” diýlip ýazylgydyr.
Namaz rukug we sežde etmek bilen bolýar. Bu habar olaryň diri ýagdaýda, bedenleri bilen namaz okandyklaryny görkezýär. Musa aleýhisselamyň gabrynda namaz okamagy hem muny görkezýär. “Mişkat” kitabynyň soňky jildinde, Miraj babynyň birinji faslynyň ahyrynda Muslimden alnyp, Abu Hureýräniň bildiren hadysy şerifinde: “Allahu tagala maňa görkezdi. Musa (aleýhisselam) aýak üstünde namaz okaýardy, arryk bolupdy. Saçlary dagynyk hem, sallanyp duran hem däldi. Ol Şenue taýpasyndan bir ýigide meňzeýärdi. Isa (aleýhisselam) Urwa ibn Mesgut Sekafa meňzeýärdi” diýildi.4 Şenue – Ýemendäki iki taýpanyň ady. Bu hadysy şerifler pygamberleriň Rebbiniň huzurynda diridiklerini görkezýär. Olaryň bedenleri ruhlary ýaly latyf bolupdyr. Olar dykyz we gaty däldir. Olar madda dünýäsinde-de, ruhlar dünýäsinde-de görnüp bilýärler. Şonuň üçin pygamberler ruhlary we bedenleri bilen görnüp bilýärler. Hadysy şerifde Musa we Isa aleýhimesselamyň namaz okandyklary bildirilýär. Namaz okamak – dürli hereketleri etmek. Bu hereketler beden bilen bolýar, ruh bilen bolmaýar. Pygamberimiziň Musa aleýhisselam barada: “Men ony orta boýly, arryk, saçlary ýygnakly gördüm” diýmegi onuň ruhuny däl-de, bedenini görendigini görkezýär.
“Allahu tagalanyň ýolunda öldürilenleri öli öýtmäň! Olar Rebbiniň huzurynda diridirler. Rysklandyrylýarlar” Äli-Ymran: 169
Imam Beýhaky şeýle diýdi: “Pygamberler gabra goýlandan soň, olaryň ruhlary bedenlerine gaýtarylýar. Biz olary görüp bilmeýäris. Olar perişdeler ýaly görünmeýärler. Olary diňe Allahu tagalanyň keramat edip bagyş eden saýlanan adamlary görüp bilýärler”. Imam Suýuti hem şeýle bildiripdir. Köp adamlar salamlara Kabry sagadatdan jogap berilýändigini köp gezek eşidipdirler. Başga gabyrlardan hem salamlara jogap berilýändigi köp eşidilipdir.
Hadysy şerifde hem: “Maňa salam berlende, Allahu tagala ruhumy yzyna gaýtarar we men oňa jogap bererin” diýildi.5
Imam Suýuti hezretleri şeýle diýdi: “Resulullah ylahy jemaly görmäge çümüpdir. Ol bedendäki duýgulary unudypdyr. Bir musulman salam berende, onuň mübärek ruhy bu ýagdaýdan aýrylyp, beden duýgularyny alýar. Dünýäde-de şeýle adamlar az däl. Bir dünýä ýa-da ahyret işi barada aşa köp oýlananda, adam ýanynda gürlenýäni eşitmeýär. Ylahy jemala çümen adam bir sesi eşidip bilermi?”
Kady Iýaz hezretleri “Şifa” kitabynda Süleýman ibn Suhaýmyň şeýle rowaýatyny getirýär: “Bir gije düýşümde Kainatyň buýsanjy Pygamberimizi gördüm we: ‘Ýa Resulallah! Gelip saňa salam berýänleriň salamyny bilýärmisiňiz?’ diýdim. Ol: ‘Hawa, bilýärin we olaryň salamyny alyp, jogap berýärin’ diýdi”. Pygamberleriň gabyrlarynda diridigini bildirýän hadysy şerifler şeýle köp, olar biri-birini güýçlendirýärler. Mysal üçin: “Gabrymyň ýanynda meniň üçin okalýan salawaty eşidýärin. Uzak ýerlerde okalanlar maňa bildirilýär” diýlipdir. Bu hadysy şerifi Abu Bekir ibn Abu Şeýbe bildiripdir. Bu we munuň ýaly hadysy şerifler alty beýik hadys imamynyň kitaplarynda bar. Ibn Abid-Dünýanyň Abdylla ibn Abbas hezretlerinden bildiren hadysy şerifinde: “Bir adam bir tanşynyň gabrynyň ýanyna baryp salam berse, merhum ony tanaýar we jogap berýär. Tanamaýan merhumyna salam berse, merhum begenýär we jogap berýär” diýildi.
Eger Resulullah dünýäniň her künjünde bir wagtda salawat we salam aýdýanlaryň her birine aýry-aýry nähili jogap berýär diýip sorasalar, bu öýle wagty Günüň bir pursatda müňlerçe şähere ýagtylyk saçmagy ýalydyr diýip jogap berilýär. Ybraýym ibn Bişar hezretleri şeýle diýdi: “Haj edenimden soň, Kabry sagadaty zyýarat etmek üçin Medinä bardym. Hüjreýi sagadatyň öňünde salam berdim we ‘We aleýkesselam’ diýen jogaby eşitdim”.
Bir hadysy şerifde: “Men ölenimden soň hem, diri wagtymdaky ýaly düşünýärin” diýildi. Başga bir hadysy şerifde: “Pygamberler gabyrlarynda diri bolup, namaz okaýarlar” diýildi.6
Öwlüýäleriň ululary Seýit Ahmet Rifagy hezretleriniň we köp welileriň Resulullaha beren salamlaryna jogap eşidendikleri we Ahmet Rifagynyň Resulullahyň mübärek elini öpmek şerefine ýetendigi gaty ygtybarly kitaplarda ýazylgydyr. Imam Suýuti öz kitabynda şeýle diýýär: “Ýokary derejeli weliler pygamberleri ölmedik ýaly görýärler. Pygamberimiziň Musa aleýhisselamy gabrynda diri ýagdaýda görmegi mugjyzady. Öwlüýäleriň hem şeýle görmegi – keramatdyr. Keramata ynanmazlyk nadanlykdan gelýär”.
Ibn Hibban, Ibn Maja we Abu Dawudyň bildiren hadysy şerifinde: “Anna günleri maňa köp salawat okaň! Olar maňa ýetirilýär” diýildi. “Ölenden soň hem ýetirilýärmi?” diýip soralanda, ol: “Toprak pygamberleriň bedenini çüýretmeýär. Bir mömin maňa salawat okasa, bir perişde maňa habar berip: ‘Ymmatyňdan pylanyň ogly pylany saňa salam aýtdy we doga etdi’ diýýär” diýdi.
Resulullah diri wagty sahabalary üçin Allahu tagalanyň bir rahmeti, beýik nygmaty bolşy ýaly, wepatyndan soň hem ähli ymmaty üçin beýik nygmatdyr. Ol – ýagşylyklara sebäp. Bekir ibn Abdylla Muzeniniň rowaýat eden hadysy şerifinde Resuly ekrem şeýle diýdi: “Durmuşym siziň üçin haýyrlydyr. Siz maňa gürrüň berýärsiňiz, men hem size gürrüň berýärin. Ölenimden soň wepatym hem siziň üçin haýyrly bolar. Amallaryňyz maňa görkeziler. Gowy işleriňizi görenimde, Allahu tagala hamd ederin. Erbet işleriňizi görenimde, siziň üçin bagyşlanma we magfyrat dilärin”.7
Kusem ibn Abbas hezretleri Resulullahy jaýlamak hyzmatyna gatnaşmak şerefine ýetdi. Gabyrdaky hyzmat gutaranda, ondan iň soňky bolup ol çykdy. Ol şeýle diýdi: “Resulullahyň mübärek ýüzüni iň soňky gören – men. Gabrynda onuň mübärek dodaklary gymyldaýardy. Oňa egilip, gulak goýdum. Ol: ‘Ýa Rebbim! Ymmatym!.. Ýa Rebbim! Ymmatym!..’ diýýärdi”.8
Pygamberimizi görmek
Resulullahy düýşde we oýa wagty görüp bolarmy? Görüp bolsa, görünýän onuň özümi, ýa-da oňa meňzeşimi? Alymlarymyz muňa dürli jogaplar berdiler. Onuň gabyrda diridigini agzybirlik bilen bildirenlerinden soň, olaryň köpüsi onuň öz özüniň görünýändigini aýtdylar. Şeýledigi hadysy şeriflerden hem düşnüklidir. Bir hadysy şerifde: “Meni düýşde gören oýa wagty gören ýalydyr” diýildi.9 Şonuň üçin imam Newewi hezretleri: “Ony düýşde görmek – doly onuň özüni görmekdir” diýdi. Hadysy şerifde: “Meni düýşde gören dogry görendir. Sebäbi şeýtan meniň keşbime girip bilmez” diýildi.10
“Meni düýşde gören oýa wagty gören ýalydyr” Hadysy şerif
Ybraýym Lekany hezretleri şeýle diýýär: “Hadys alymlary Resulullahyň düýşdäki ýaly oýa wagty hem görnüp biljekdigini agzybirlik bilen bildiripdirler”. Iki ýagdaýa-da köp mysallar getirip bolar. Olaryň birnäçesini bildireliň:
Muineddin Çişti hezretleri baran her şäherinde gonamçylyklary zyýarat ederdi, ol ýerde birnäçe wagt galardy. Baran ýerinde ony tanap başlanlarynda, ol ýerde durmazdy, hiç kime habar bermän, gizlinlikde çykyp giderdi. Bu syýahatlarynyň biri Mekgä boldy. Ol Mekgeýi mükerremä baryp, Käbeýi muazzamany zyýarat etdi. Mekgede birnäçe wagt galandan soň, ol ýerden Medineýi münewwerä gitdi. Bir gün Pygamberimiziň mübärek gabryny zyýarat edende, türbesinden: “Muineddini çagyryň!” diýen ses eşidildi. Bu buýruk boýunça türbäniň hyzmatkäri: “Muineddin!” diýip gygyrdy. Birnäçe ýerden: “Hawa, men!” diýen sesler eşidildi. Soňra: “Haýsy Muineddini gözleýärsiň? Bu ýerde ady Muineddin bolan adamlar köp” diýdiler. Şondan soň türbäniň hyzmatkäri yzyna dolanyp, Rawdaýy mutahharanyň gapysynyň ýanynda durdy. Iki gezek: “Muineddin Çiştini çagyr!” diýip seslenýän sesi eşitdi. Bu buýrugy eşidip, türbäniň hyzmatkäri jemagata: “Muineddin Çiştini çagyrýarlar!” diýip gygyrdy.
Muineddin Çişti hezretleri bu sözi eşidende, düýbünden başga bir ýagdaýa düşdi. Aglap, göz ýaşlaryny döküp we salawat okap, söýgüli Pygamberimiziň türbesine golaýlaşdy we edep bilen aýak üstünde durdy. Şol wagt ol: “Eý Kutbul-meşaýyh! Içeri gel!” diýen sesi eşitdi.
Pygamberimiz şeýle diýdi: “Sen meniň dinime hyzmat edýänsiň. Seniň Hindistana gitmegiň gerek. Hindistana git. Ol ýerde Ejmir diýen bir şäher bar. Ol ýerde meniň neslimden (agtyklarymdan) Seýit Hüseýin atly biri bar. Ol şol ýere jihat we gazot niýeti bilen gidipdi. Ol häzir şehit boldy. Ejmir kapyrlaryň eline düşüp barýar. Seniň ol ýere gitmegiň sebäpli we onuň bereketi bilen yslam ýaýrar, kapyrlar bolsa kemsidilip, güýçsüz we täsirsiz galarlar”. Soňra oňa bir nar berdi-de: “Bu nara üns bilen seret, nirä gitjekdigiňi görüp düşünersiň” diýdi. Muineddin Çişti hezretleri Pygamberimiziň beren naryny alyp, buýrulyşy ýaly seretdi we gündogar bilen günbataryň arasyny doly gördi. Ahmet Rifagy hezretleri haja gidipdi. Dolanyşynda Medineýi münewwerede Resuly ekremiň mübärek türbesini zyýarat edende, ol şu manydaky goşgyny aýtdy:
Uzakdadyk, topragyňy öpmek üçin, eý serwerim,
Özüm gelip bilmän, wekil edip ruhumy iberýärdim.
Indi seni zyýarat etmek nygmaty nesip boldy,
Ber mübärek eliňi, dodaklarym öpsün, eý Habyp!
Goşgy gutaranda, söýgüli Pygamberimiziň gabryndan onuň mübärek eli göründi. Seýit Ahmet Rifagy örän uly tagzym we hormat bilen Pygamberimiziň mübärek elini öpdi. Ol ýerde bolan her kes bu wakany haýran galyp gördi. Pygamberimiziň mübärek elini öpenden soň, ol Rawdaýy mutahharanyň gapylarynyň bosagalaryna ýatdy. Aglap, ol ýerdäki jemagatyň hemmesine: “Meniň üstümden basyp geçiň!” diýip ýalbardy. Alymlar başga gapylardan çykmaga mejbur boldular. Bu keramat gaty meşhur bolup, dilden-dile geçip, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Ibn Abidin hezretleriniň dine eýermekdäki ýagdaýlary meşhurdyr, onuň keramatlary we menkybeleri köpdür.
Ol bäş wagt namazda tahiýýaty okanda, Resulullahy öz gözi bilen görerdi. Görüp bilmedik wagty, ol namazy täzeden okardy. Yslam alymlarynyň iň ulularyndan, ikinji müňýyllygyň müjeddidi imam Rabbany Ahmet Faruky Sirhindi hezretleri şeýle diýdi: “Ramazany şerifiň soňky günlerinde gaty gözel bir hal açyldy. Düşegimde uzalyp ýatyrdym. Gözlerimi ýumupdym. Düşegimiň üstüne başga biriniň gelip oturandygyny duýdum. Seretsem, näme göreýin: ol öňküleriň we soňkularyň seýidi, serweri eken. Men derrew ýygnanyp oturdym. Söýgüli Pygamberimiz: ‘Seniň üçin ijazat ýazmaga geldim. Hiç kime beýle ijazat ýazmadym’ diýdi. Seretsem, ol ijazatnamanyň tekstinde bu dünýä degişli beýik lutflar, arka tarapynda bolsa o dünýä degişli gaty köp inaýatlar ýazylgydy”.
Abdylkadyr Geýlany hezretleri “Gunýa” kitabynda Ybraýym Temimi hezretlerinden göçürip, şeýle gürrüň berýär: Hydyr aleýhisselam maňa şeýle diýdi: “Eger düýşde Resulullahy görmek isleseň, agşam namazyny okandan soň, ýassa çenli hiç kim bilen gürleşmän durarsyň we agşam namazyndan soňky ewwabin namazyny okarsyň. Her iki rekagatdan bir salam berersiň.
Her rekagatda bir gezek ‘Hamdy’, ýagny Fatyha süresini, we ýedi gezek Yhlas süresini okarsyň. Ýassy namazyny hem jemagat bilen okandan soň, öýüňe gelip, witir namazyny okarsyň. Uka ýatjak wagtyň hem iki rekagat namaz okap, her rekagatda ‘Hamdy’ we Yhlas süresini ýedi gezek okarsyň. Namazdan soň sežde edip, ýedi gezek Allahu tagaladan bagyşlanmak dilärsiň, ýedi gezek: ‘Subhanallahi wel-hamdu lillahi we la ilahe illallahu wallahu ekber we la hawle we la kuwwete illa billahil-alyýýil-azym’ diýersiň. Soňra başyňy seždeden galdyryp oturarsyň-da, elleriňi galdyryp: ‘Ýa Haýýu, ýa Kaýýum, ýa Zel-jelali wel-ikram, ýa Ilahel-ewweline wel-ahyrin, we ýa Rahmaned-dünýa wel-ahyrati we Rahymehuma, ýa Rebbi, ýa Rebbi, ýa Rebbi, ýa Allah, ýa Allah, ýa Allah’ diýersiň.
Soňra aýak üstüne galyp, şol dogany okarsyň. Soňra sežde edip, şol dogany okarsyň. Soňra başyňy seždeden galdyryp, gybla ýüzlenip, isleýşiň ýaly ýatyp uklarsyň. Uky basýança Pygamberimize salawaty şerif okarsyň”.
Men: “Bu dogany kimden öwrenen bolsaň, şony maňa bildirmegiňi isleýärin” diýdim. Hezreti Hydyr: “Maňa ynanmaýarmyň?” diýdi. “Muhammet aleýhisselamy hak pygamber edip iberen Allahu tagala kasam edýärin, men saňa ynanýaryn” diýdim.
Hydyr aleýhisselam: “Men Resulullahyň bu dogany öwreden we wesýet eden mejlisinde boldum. Bu dogany onuň öwreden adamyndan öwrendim” diýdi. Men hem Hydyr aleýhisselamyň aýdyşy ýaly etdim. Düşegimde Pygamberimize salawaty şerif okap başladym. Pygamberimizi görjekdigime begenip, ukym gaçdy we men sähere çenli uklap bilmedim.
“Hadys alymlary Resulullahyň düýşdäki ýaly oýa wagty hem görnüp biljekdigini agzybirlik bilen bildiripdirler” Ybraýym Lekany (rahmetullahi aleýh)
Ertir namazyny okap, Gün ýokary galýança oturdym. Duha, ýagny çaşt namazyny okadym. Öz-özüme: “Agşama ýetsem, düýn gije edişim ýaly ederin” diýdim. Şol pursat uklap galypdyryn. Düýşümde perişdeler gelip, meni jennete alyp gitdiler. Ol ýerde ýakutdan, zümerretden we merjenden ýasalan köşkler we saraýlar, baldan, süýtden we jennet içgilerinden derýalar gördüm. Meni jennete alyp giden perişdelerden: “Bu köşk kim üçin?” diýip soradym. Perişdeler: “Seniň eden amalyňy edýänler üçin” diýdiler. Jennet iýmitlerinden iýdirmän we jennet suwlaryndan içirmän, meni jennetden çykarmadylar. Soňra meni jennetden çykaryp, bolan ýerime getirdiler.
Soňra Resulullah ýanyndaky ýetmiş pygamber we her sapynyň arasy gündogar bilen günbataryň arasy ýaly bolan ýetmiş sap perişde bilen maňa gelip, salam berdi we elimden tutdy. Şol wagt men: “Ýa Resulallah! Hydyr aleýhisselam bu hadysy senden eşidendigini bildirdi” diýdim. Pygamberimiz: “Hydyr dogry aýdypdyr, gürrüň berenleri – hakdyr. Hydyr – ýer ýüzündäkileriň iň alymy. Ol – abdallaryň baştutany. Ol – ýer ýüzündäki Allahyň goşunlaryndandyr” diýdi.
Men ýene: “Ýa Resulallah! Bu amaly edene meniň görenimden başga sogap barmy?” diýdim. Ol: “Seniň göreniňden, saňa bagyş edilenden has üstün nähili sogap bolup biler? Sen jennetdäki ýeriňi we makamyňy gördüň. Jennetiň miwelerinden iýdiň, içgilerinden içdiň. Meniň bilen bilelikde perişdeleri we pygamberleri gördüň. Hüýrleri gördüň” diýdi.
“Ýa Resulallah! Meniň eden amalymy edip, düýşde meniň görenimi görmedik adama maňa berlen berilermi?” diýdim. Ol: “Meni hak pygamber edip iberen Allahu tagala kasam edýärin, ol adamyň eden uly günäleri bagyşlanar. Allahu tagalanyň ol adama bolan gazaby aýrylar. Meni hak pygamber edip iberen Allahu tagala kasam edýärin, bu amaly eden, düýşde seniň göreniňi görmese-de, saňa berlen oňa hem beriler. Asmandan bir ses: ‘Allahu tagala bu amaly edeni we gündogardan günbatara çenli bolan Muhammediň ymmatyny bagyşlady’ diýip seslener” diýdi.
“Ýa Resulallah! Men seniň jemalyňy we jenneti görşüm ýaly, ol adamyň hem bulardan paýy barmy?” diýdim. Ol: “Hawa, hemmesi beriler” diýdi.
“Ýa Resulallah! Erkeklere we aýallara, ähli möminlere bu dogany öwretmek we sogaplaryny bildirmek ýerlikli bolarmy?” diýenimde, ol: “Meni hak pygamber edip iberen Allahu tagala kasam edýärin, bu amaly Allahu tagalanyň bagtly edip ýaradan adamlaryndan başga hiç kim etmez” diýdi. Pygamberimiz Muhammet aleýhisselamy düýşde hakyky keşbinde gören adam, şübhesiz, ony gören bolýar. Sebäbi şeýtan onuň keşbine girip bilmez. Emma şeýtan başga keşbe girip görnüp biler. Resulullahy tanamaýan adama muny saýgarmak aňsat bolmaz. Käbir alymlar: “Pygamberimizi başga keşpde görmek hem ony görmek bolýar. Emma bu – şol adamyň dindäki kemçiliginiň alamaty. Pygamberimizi düýşde hakyky keşbinde gören we mömin bolup ölen her kes jennete girer” diýdiler.
Abu Hureýre Pygamberimiziň şu hadysy şerifini bildirdi: “Bir adam anna gijesi iki rekagat namaz okasa, her rekagatda Fatyhany we Aýatul-Kürsini bir gezek, Yhlas süresini on bäş gezek okasa, namazdan soň müň gezek: ‘Allahumme salli ala Muhammedin-nebiýýil-ummiýýi’ diýse, indiki anna gelmänkä meni düýşünde görer. Ol adamyň geçen we geljek ähli günäleri bagyşlanar. Jennet meni görenler üçindir”.
Pygamberimiziň Kabry şerifini zyýarat etmek
Kainatyň buýsanjy Pygamberimiz şeýle diýdi: “Kim wepatymdan soň meni zyýarat etse, meni diri wagtymda zyýarat eden ýalydyr”. “Mir’ât-i Medîne” kitabynda bildirilen hadysy şerifde ol: “Gabrymy zyýarat edene şepagatym wajyp boldy” diýdi. Bu hadysy şerifi Ibn Huzeýme, Bezzar, Darakutny we Taberany rowaýat edýärler. Bezzar hezretleriniň bildiren başga bir hadysy şerifinde: “Gabrymy zyýarat edene şepagatym halal boldy” diýildi. “Muslimi şerif” ýygyndysynda we Abu Bekir ibn Mekkarynyň “Mugjem” kitabynda bildirilen hadysy şerifde: “Bir adam meni zyýarat etmek üçin gelse we onuň başga niýeti bolmasa, kyýamat güni oňa şepagat etmegime mynasyp bolar” diýildi. Bu hadysy şerif Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) özüni zyýarat etmek üçin Medineýi münewwerä gelýänlere şepagat etjekdigini habar berýär.
Seresap bol edebi terk etmekden – Hudaýyň söýgülisiniň köçesi bu,
Ylahy nazar düşýän ýer, Mustafanyň makamy bu!
Asmandaky täze aý – Babus-Selamyň ýüregi ýyrtyk aşygy,
Onuň çyragy – Jewza ýyldyzy, nuruň we ýagtylygyň dogýan ýeri bu.
Beýik Allahyň Habybynyň ýatan ýeri bu, fazyletde
Hatda Beýik Allahyň Arşyndan hem üstün ýer bu.
Bu topragyň nurundan ýoklugyň garaňkylygy dargady,
Ähli barlyklar ony iki gözüne sürme edip, körlükden dyndy.
Edebi saklamak şerti bilen gir, Naby, bu dergähe,
Perişdeleriň towap ýeri, pygamberleriň öpýän ýeri bu!
Nâbî
Darakutnynyň rowaýat eden başga bir hadysy şerifinde: “Haj edip, meni zyýarat etmedik adam meni ynjydan bolar” diýildi. Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) zyýarat edilmegini islemegi – ymmatynyň bu ýol bilen hem sogap gazanmagy üçindir. Şonuň üçin fykh alymlarymyz haj wezipesini berjaý edenlerinden soň, Medineýi münewwerä gelip, Mesjidi şerifde namaz okardylar. Soňra Rawdaýy mutahharany, Münberi müniri we Arşy agladan üstün bolan Kabry şerifi, soňra Resulullahyň oturan, ýörän, daýanan ýerlerini, wahy gelende onuň daýanan sütünini we metjit gurlanda, abatlananda işlän, mallaryny we pullaryny bermek şerefine ýeten hormatly sahabalaryň we tabygynlaryň geçen ýerlerini zyýarat ederdiler, olary görüp bereketlenerdiler. Olardan soň gelen alymlar we salyhlar hem hajdan soň Medinä gelerdiler, fykh alymlarymyz ýaly ederdiler. Düýn bolşy ýaly, bu gün hem hajylar şoňa wepaly bolup, Medineýi münewwerede zyýaratlar edýärler.
“Bir adam meni zyýarat etmek üçin gelse we onuň başga niýeti bolmasa, kyýamat güni oňa şepagat etmegime mynasyp bolar” Hadysy şerif
Yslam alymlarynyň güneşi Abu Hanyfa hezretleri şeýle diýdi: “Müstehaplaryň iň fazyletlilerinden bolan Kabry sagadaty zyýarat etmek wajyp derejesine ýakyn bir ybadatdyr”. Resulullahyň Kabry şerifini zyýarat etmäge barýan adam köp salawaty şerif okamalydyr. Okalan bu salawat we salamlaryň Pygamberimize ýetýändigi hadysy şerifde bildirilipdir. Söýgüli Pygamberimizi zyýarat etmegiň edebi şeýle bildirildi:
Medineýi münewwere şäheri uzakdan görnende, salawat we salam aýdylýar. Soňra: “Allahumme haza haremu nebiýýike, fejalhu wikaýeten li minen-nari we emanen minel-azabi we suil-hysap” diýilýär. Mümkin bolsa, şähere ýa-da metjide girmezden öň gusul edilýär. Hoş ys sepilýär. Täze, arassa eşik geýilýär. Sebäbi bular tagzymy we hormaty aňladýar. Medineýi münewwerä kiçigöwünli, salykatly we asuda ýagdaýda girilýär. “Bismillahi we ala milleti Resulillah” diýlenden soň, Isra süresiniň 80-nji aýatyny okamaly. Onuň yzysüre: “Allahumme salli ala Muhammedin we ala ali Muhammed. Wagfir li zunubi weftah li ebwabe rahmetike we fadlike” diýip, Mesjidi Nebewä girilýär. Soňra Resulullahyň münberiniň ýanynda, münberiň sütüni sag egne gabat geler ýaly durup, iki rekagat tahiýýatul-mesjit namazyny okamaly. Söýgüli Pygamberimiz bu ýerde namaz okardy. Bu ýer – Pygamberimiziň gabry bilen münberiniň arasy. Hadysy şerifde: “Gabrym bilen münberimiň arasy – jennet baglaryndan bir bagdyr. Münberim howuzymyň üstündedir” diýlipdir.11 Soňra Allahu tagala Resulullahyň mübärek gabryny zyýarat etmegi özüne nesip edendigi üçin, Oňa sežde etmeli.
Dogadan soň turup, Pygamberimiziň Kabry şerifine, Hüjreýi sagadata gelmeli, arkaňy gybla berip, Resulullahyň mübärek ýüzüne garşy iki metre golaý uzaklykda edep bilen durmaly. Mundan has ýakyn barylmaýar. Huşug we hudug bilen bolmaly, Allahu tagalanyň Kurany Kerimde buýruşy ýaly, Resulullah diri we onuň beýik huzurynda duran ýaly edepli bolmaly. Asudalygy we salykaty terk etmeli däl. Eliňi Kabry şerifiň diwarlaryna goýman, uzakda edep bilen durmak hormata has laýykdyr. Namazdaky ýaly durmaly. Resulullahyň mübärek, latyf keşbini göz öňüne getirip, onuň seni bilýändigini, sözüňi, salamyňy we dogalaryňy eşidýändigini, jogap berýändigini, “Amin” diýýändigini oýlanmaly. Sebäbi Resulullah: “Kim maňa gabrymyň ýanynda salawat okasa, men ony eşidýärin” diýdi. Şeýle hem hadysy şerifde Resulullahyň Kabry şerifinde bir perişdäniň wekil edilip galdyrylandygy, ol perişdäniň ymmatyndan salam berýänleriň salamyny oňa ýetirýändigi bildirildi. Soňra: “Esselamu aleýke ýa seýýidi ýa Resulallah! Esselamu aleýke ýa Nebiýýallah! Esselamu aleýke ýa Safiýýallah! Esselamu aleýke ýa Habyballah! Esselamu aleýke ýa Nebiýýer-rahmeti! Esselamu aleýke ýa Şefigal-ummeti! Esselamu aleýke ýa Seýýidel-murselin! Esselamu aleýke ýa Hatemen-nebiýýin!” diýmeli.
“Allahu tagala saňa iň ýokary sylag we sogap bagyş etsin. Men şaýatlyk edýärin: sen pygamberlik wezipäňi berjaý etdiň. Amanaty tabşyrdyň. Ymmatyňa nesihat etdiň. Saňa ýakyn (ölüm) gelýänçä, Allahu tagalanyň ýolunda jihat etdiň. Allahu tagala saňa kyýamat gününe çenli salawat we salam ýetirsin. Ýa Resulallah! Biz saňa gaty uzak ýerlerden geldik. Seniň Kabry şerifiňi zyýarat etmek, hakyňy ödemek, seniň eden işleriňi öz ýerinde görmek, seni zyýarat edip bereketlenmek, seniň Allahu tagalanyň huzurynda bize şepagatçy bolmagyňy soramak üçin geldik. Sebäbi ýalňyşlarymyz bilimizi bükdi. Günälerimiz egnimize agyr düşdi. Ýa Resulallah! Sen hem şepagat edýän, hem şepagaty kabul edilýänsiň. Makamy Mahmut saňa wada berlendir. Allahu tagala hem Kurany Kerimde (Nisa süresiniň 64-nji aýatynda manysyna görä): ’Biz her pygamberi diňe Allahu tagalanyň emri bilen (iberilen kowumy tarapyndan) oňa boýun bolunmagy üçin iberdik. Olar öz nebislerine zulum edenlerinden (özlerine zyýan ýetirenlerinden) soň, saňa gelip, Allahu tagaladan bagyşlanmak dileseler, Resulym hem olar üçin bagyşlanma dilese, Allahu tagalany, elbetde, tobalary kabul ediji we rehimli taparlar’ diýýär. Biz seniň huzuryňa geldik. Emma biz nebislerimize zulum etdik. Günälerimiziň bagyşlanmagyny dileýäris. Ýa Resulallah! Allahu tagalanyň huzurynda bize şepagat et. Ýa Resulallah! Allahu tagaladan biziň ruhumyzy seniň sünnetiňde bolanymyzda almagyny, ertir kyýamat gününde seniň bilen bilelikde magşar meýdanyna gelýänleriň arasyna goşmagyny, seniň howzuňa gelip, ondan içmegi nesip etmegini dile. Ýa Resulallah! Seniň şepagatyňy dileýäris” diýip doga etmeli. Soňra manysy “… Eý Rebbimiz! Bizi we bizden öň iman bilen geçen doganlarymyzy bagyşla! Iman getirenlere garşy ýüreklerimizde hiç bir kin goýma! Eý Rebbimiz! Şübhesiz, Sen gaty mähirli we rehimlisiň!” bolan Haşr süresiniň 10-njy aýatyny okamaly.
Soňra salam iberenleriň salamyny ýetirip: “Esselamu aleýke ýa Resulallah! Pylan adam seniň Allahu tagalanyň huzurynda oňa şepagatçy bolmagyňy dileýär. Oňa we ähli musulmanlara şepagat et” diýmeli we isleýşi ýaly salawat okamaly.
Soňra ýarym metr saga, Abu Bekir Syddyk hezretleriniň mübärek başynyň deňine gelip: “Esselamu aleýke ýa halyfete Resulillah! Esselamu aleýke ýa refikahu fil-gar! Esselamu aleýke ýa eminehu alel-esrar! Allahu tagala bu ymmatyň imamy hökmünde saňa iň ýokary sylag we sogap bersin. Sen Resulullaha iň gözel görnüşde halyf bolduň. Onuň beýik sünnetine iň gowy görnüşde eýerdiň. Murtatlar (dinden dänenler) we dogry ýoldan çykanlar bilen söweşdiň. Hemişe haky aýtdyň. Wepat bolýançaň, hak ýolda bolanlara kömekçi bolduň. Allahu tagalanyň salamy, rahmeti we bereketi seniň üstüňe bolsun! Allahym! Rahmetiň bilen ruhumyzy onuň söýgüsinde al. Onuň zyýaratyny biderek etme!” diýip doga etmeli.
“Gabrym bilen münberimiň arasy – jennet baglaryndan bir bagdyr. Münberim howuzymyň üstündedir” Hadysy şerif
Soňra ýene ýarym metr saga, hezreti Omaryň gabrynyň deňine gelip: “Esselamu aleýke ýa Emirel-muminin! Esselamu aleýke ýa Muzhirel-yslam! Esselamu aleýke ýa Muksirel-esnam! Allahu tagala saňa iň ýokary sylag we sogap bersin. Diri wagtyňda-da, ölümiňde-de yslama we musulmanlara kömek etdiň. Ýetimlere kepil bolduň. Garyndaşlara ýagşylyk etdiň. Musulmanlar üçin olaryň razy bolan, özi hem hidaýatda bolan we ynsanlary dogry ýola ýetiren bir ýolbaşçy bolduň. Olaryň işlerini tertibe saldyň. Garyplaryny baý etdiň, ýaralaryny sardyň. Allahu tagalanyň salamy, rahmeti we bereketi seniň üstüňe bolsun!” diýmeli.
Soňra hezreti Abu Bekire we hezreti Omara ýüzlenip: “Esselamu aleýkuma ýa dajigaý Resulillahi we refikaýhi we weziraýhi we muşiraýhi wel-muawineýni lehu alel-kyýami fid-dini wel-kaimeýni bagdehu bi-mesalihil-muslimin! Allahu tagala size iň gözel sylag bersin. Resulullahyň bize şepagat etmegini, tagallamyzy kabul etmegini, bizi yslam dininde öldürip, ýene yslam dininde direltmegini, kyýamat gününde Resulullaha ýakyn bolanlaryň arasynda ýygnamagyny Allahu tagaladan dilemegiňiz üçin, sizi Resulullahyň ýanynda wesile edinýäris” diýmeli.
Soňra özüne, ata-enesine, doga soranlara we ähli musulmanlara doga etmeli. Şondan soň Resulullahyň mübärek ýüzüne garşy durup: “Allahym! Sen (manysyna görä): ’Biz her pygamberi diňe Allahu tagalanyň emri bilen (iberilen kowumy tarapyndan) oňa boýun bolunmagy üçin iberdik. Olar öz nebislerine zulum edenlerinden (özlerine zyýan ýetirenlerinden) soň, saňa gelip, Allahu tagaladan bagyşlanmak dileseler, Resulym hem olar üçin bagyşlanma dilese, Allahu tagalany, elbetde, tobalary kabul ediji we rehimli taparlar’12 diýýärsiň. Ýa Rebbim! Seniň beýik sözüňe eýerip, buýrugyňa boýun bolup, söýgüli Pygamberiňiň Seniň huzuryňda bize şepagat etmegini dileýäris” diýip doga edenden soň, öň okan dogasyny, ýagny Haşr süresiniň 10-njy aýatyny (manysyna görä) okamaly:
“… Eý Rebbimiz! Bizi we bizden öň iman bilen geçen doganlarymyzy bagyşla! Iman getirenlere garşy ýüreklerimizde hiç bir kin goýma! Eý Rebbimiz! Şübhesiz, Sen gaty mähirli we rehimlisiň!” Soňra “Rebbenagfir lena we li-abaina we li-ummehatina we li-ihwaninel-lezine sebekuna bil-iman”, “Rebbena atina…” we “Subhane rebbike…” aýatlaryny okap, Hüjreýi sagadatyň zyýaratyny tamamlamaly. Soňra Resulullahyň gabry bilen münberiniň arasynda ýerleşýän Rawdaýy mutahhara diýlen ýere gelmeli. Bu – dörtburç şekilli bir ýer. Bu ýerde isleýşi ýaly namaz okamaly. Doga etmeli. Tesbihler aýtmaly. Allahu tagala hamd we sena aýtmaly. Soňra münberiň ýanyna gelmeli. Resulullahyň bereketi özüne ýetsin diýen niýet bilen, Pygamberimiziň hutba okanda mübärek elini goýan ýerine elini goýmaly. Bu ýerde iki rekagat namaz okamaly. Allahu tagaladan isleglerini soramaly. Allahu tagalanyň gazabyndan Onuň rahmetine sygynmaly. Soňra öň Hannane sütüniniň bolan ýerine goýlan sütüniň ýanyna gelmeli. Hannane – şol sütündir: Resulullah ony terk edip, hutba okamak üçin münbere geçende, ol iňledi; Resulullah düşüp, ony gujaklanda köşeşdi. Soňra Abu Lubabe hezretleriniň özüni daňyp toba eden sütüniniň ýanyna gelmeli. Bu ýerde iki rekagat namaz okamaly we Allahu tagala toba edip, bagyşlanmak dilemeli. Isleýän dogalaryny etmeli.
Bu ýerde galan wagtynda gijelerini Kurany Kerim okamak, Allahu tagalany zikir etmek, münber bilen gabryň ýanynda gizlin we aşgär doga etmek we rabyta etmek bilen geçirmeli. Resulullahy zyýarat edenden soň, Baky gonamçylygyna baryp, ony hem zyýarat etmek müstehapdyr. Soňra başga gabyrlary, esasan hem Seýýidüş-şühada (şehitleriň serweri) hezreti Hamzanyň gabryny zyýarat etmeli. Şeýle hem Bakyda hezreti Abbasy we ol ýerde jaýlanan Hasan ibn Alyny, Zeýnelabidini, onuň ogly Muhammet Bakyry we onuň ogly Jagfar Sadygy, möminleriň emiri hezreti Osmany, Resulullahyň ogly Ybraýymy, Resulullahyň ol ýerde jaýlanan päk aýallaryny, bibisi Safiýäni we sahabalardan we tabygynlardan bolan ýene gaty köp ulularyny (radyýallahu anhum ejmagin) zyýarat etmeli. Bakydaky Fatma metjidinde namaz okamaly. Penşenbe güni Uhud şehitlerini zyýarat etmek müstehapdyr. Ol ýerde: “Selamun aleýkum bima sabertum. Fenigme ukbed-dar. Selamun aleýkum ýa ehle daril-kawmil-muminin, we inna inşallahu an karibin bikum lahikun” diýmeli. Soňra Aýatul-Kürsini we Yhlas süresini okamaly. Hüjreýi sagadaty zyýarat edýänler gaty oýaly bolmalydyrlar. Göwünlerinde dünýä pikirleri bolmaly däldir. Muhammet aleýhisselamyň mübärek nuruny we derejesiniň beýikligini oýlanmalydyr. Dünýä işleri, uly adamlar bilen görüşip peýda almak, söwda pikirleri bilen edilen dogalary Allahu tagala kabul etmez we olar isleglerine ýetip bilmezler. Hüjreýi sagadaty zyýarat etmek – şerefli ybadatdyr. Muňa ynanmaýanlaryň musulmanlykdan çykmagyndan gorkulýar. Sebäbi olar Allahu tagala, Onuň Resulyna we ähli musulmanlara garşy çykan bolýarlar. Maliki alymlaryndan birnäçesi Resulullahy (sallallahu aleýhi we sellem) zyýarat etmek wajypdyr diýen hem bolsalar, onuň müstehapdygy agzybirlik bilen bildirilipdir.
“Eý Rebbimiz! Bizi we bizden öň iman bilen geçen doganlarymyzy bagyşla! Iman getirenlere garşy ýüreklerimizde hiç bir kin goýma! Eý Rebbimiz! Şübhesiz, Sen gaty mähirli we rehimlisiň!” Haşr: 10
ES-SUBHU BEDA
Essubhu beda min talgatihi.
Wel-leýlu deja min wefratihi.
Fakar-rusula fazlan we ula.
Ehdas-subula li delaletihi.
Säher nuruny onuň ýüzünden aldy.
Gije bolsa garaňkylygyny onuň gara saçlaryndan aldy.
Ol fazyleti we beýikligi bilen ähli resullardan üstün boldy.
Hidaýata ýetenler ýoluny onuň görkezmegi bilen tapdylar.
Kenzul-kerami mewlen-nigami.
Hadil-umemi li şerigatihi.
Ezken-nesebi aglel-hasebi.
Kullul-arabi fi hyzmetihi.
Ol sahylyk hazynasydy, şol hazynadan paýlaýjydy.
Ymmatlary dinine we hidaýatyna ýetirdi.
Nesli gaty päk, şerefi gaty beýikdir.
Ähli araplar onuň hyzmatyndadyr.
Segatiş-şejeru netakal-hajeru.
Şukkal-kameru bi işaratihi.
Jibrilu eta leýlete esra.
Wer-Rebbu dega li-hazratihi.
Agaçlar onuň huzuryna ylgady, daşlar dile gelip gürledi.
Onuň (mugjyzaly) yşaraty bilen aý ikä bölündi.
Isra gijesi oňa Jebraýyl (aleýhisselam) geldi.
We Rebbi ony Öz huzuryna çagyrdy.
Nales-şerefa wallahu afa.
Gamma selefa min ummetihi.
Fe Muhammeduna huwe Seýýiduna.
Fel-izzu lena bi ijabetihi.
Ol beýik derejelere ýetdi.
Allah (jelle jelaluhu) hem onuň ymmatyny bagyşlady.
Biziň Muhammedimiz (sallallahu aleýhi we sellem) – ol biziň serwerimizdir.
Ony kabul edenimiz üçin şeref – bize degişlidir.
Abdylla ibn Rewaha (radyýallahu anhu)
