DINDEN DÄNMEK HEREKETLERI
Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) ýigrimi üç ýyllyk pygamberlik döwründe Arap ýarymadasy tutuşlygyna musulman boldy, şeýle hem başga ýerlerden-de gaty köp adamlar topar-topar gelip, yslamy kabul etdiler. Olar Allahu tagala iman getirip, her sözünde we her işinde Onuň iberen Pygamberine eýerdiler. Resulullah wepat bolanda, ýer ýüzünde ýüz ýigrimi dört müňden gowrak (bir rowaýatda ýüz elli müňe golaý) sahaba bardy. Weda hajyndan soň araplaryň arasynda käbir adamlar pygamberlik dawasyna turdular. Olaryň birinjisi Beni Ans taýpasyndan Eswet Anesidi. Onuň hakyky ady – Abhele ibn Kagb. Ol dürli hileler bilen Ýemen halkyndan köp adamy aldady. Nejran ilaty hem oňa eýerdi. Ol Sanany basyp alyp, pitne halkasyny giňeltdi. Resulullah keselli bolsa-da, Eswet Anesi ýaly ýalançylaryň ýetiren zyýanlaryna uly üns berdi. Bu ýalançynyň öldürilendigi Pygamberimize wahy arkaly bildirildi. Resulullah bu barada ertesi güni sahabalara: “Düýn gije ýalançy Eswet Anesini doganlarymyzyň biri öldürdi” diýip buşlady.
Pygamberimiziň wepatyndan soň münapyklaryň, ýahudylaryň we hristianlaryň öjükdirmegi bilen topar-topar irtidat (dinden dänmek) hereketleri başlandy. Bu hereketler uly gerime eýe boldy. Resulullah wepat bolandan soň, hormatly sahabalar (aleýhimur-rydwan) agzybirlik bilen Abu Bekir Syddygy (radyýallahu anhu) halyf saýladylar. Musulman görünseler-de, entek yslama ýürekleri ysynmadyk çarwa araplaryň bir bölegi Pygamberimiziň wepatyny pursat bilip, parz ybadatlary, esasan hem zekat bermegi ret etdiler. Hormatly sahabalardan (radyýallahu tagala anhum ejmagin) olara wezipe bilen gelenleri şehit etdiler. Musulman bolup durka, yslam dinini terk etdiler. Murtat boldular. Ýemendäki we başga ýerlerdäki wezipeli adamlar gara habarlar getirip, yzlaryna dolanyp başladylar. Irtidat howpy birden ulaldy. Her tarapy wehim gaplady. Murtatlaryň sany bilen deňeşdirilende musulmanlar gaty azdy. Abu Bekir Syddyk (radyýallahu anhu) murtatlar bilen söweşmegi boýnuna aldy. Medinä hüjüm etmäge taýýarlanýan duşmanyň üstüne gije güýçli hüjüm edip, sähere çenli söweşdi. Olaryň hemmesini dargatdy. Uzakdaky murtatlar bilen söweşe gitmek üçin düýesine mündi.
Hezreti Aişe şeýle diýdi: “Araplar dinden dänen şol günlerde kakam gylyjyny gynyndan sogrup, düýesine münende, hezreti Aly onuň ýanyna bardy, düýesiniň jylawyndan tutdy-da: ‘Eý Resulyň halyfy! Nirä barýarsyň? Men saňa Resulullahyň Uhud söweşinde aýdanyny aýdýaryn. Ol gün ol saňa: “Gylyjyňy gynyna sal! Ölümiň bilen bizi ýakma!” diýipdi. Allaha kasam, eger saňa bir zat bolsa, senden soň musulmanlar tertip tapmazlar’ diýdi”. Hormatly sahabalaryň hemmesi (radyýallahu tagala anhum ejmagin) hezreti Alynyň sözüni makul bildiler. Halyf hezretleri Medineýi münewwerä dolandy. Murtatlara garşy goşun bölümlerini iberdi. Halyf ilki Medinä ýakyn dört taýpanyň garşysyna çykyp, olary boýun egdirdi. Soňra on bir taýpa garşy bölümler iberdi. Olaryň arasyndan Ikrimäniň ýolbaşçylygyndaky goşun Ýemamede Museýlemäniň kyrk müň kişilik goşunyna garşy durup bilmedi.
“Eý söýgüli Pygamberim! Olara aýt: ‘Eger Allahy söýýän bolsaňyz we Allahyň hem sizi söýmegini isleýän bolsaňyz, maňa eýeriň! Allah maňa eýerýänleri söýer’” Äli-Ymran: 31
Halyf kömege Halyt ibn Welidi iberdi. Halyt Tulaýha ibn Huweýlidi, Sejah binti Harysy we Malik ibn Nuweýräni derbi-dagyn edip, Medinä dolandy. Ol Ýemamede hem uly ýeňiş gazandy. Ýigrimi müň murtady öldürdi. Iki müňe golaý musulman şehit boldy. Amr ibn As hem Huzaga taýpasyny imana getirdi. Ala ibn Hadramy Bahreýnde agyr söweşler alyp baryp, murtatlary dargatdy. Huzeýfe, Arfeje we Ikrime Ummanda we Bahreýnde birleşip, murtatlary ýeňdiler. On müň murtady öldürdiler. Halyf Halyt ibn Welidi Yrak tarapa iberdi. Ol Hireden ýüz müň altyn jizýe aldy. Hürmüzüň ýolbaşçylygyndaky Eýran goşunyny ýeňdi. Basrada otuz müň kişilik goşuny derbi-dagyn etdi. Kömege gelen duşman goşunyndan ýetmiş müň kapyr öldürildi. Soňra dürli söweşler bilen uly şäherleri aldy. Halyf Medinede goşun ýygnap, Abu Ubeýdäni Şam tarapa, Amr ibn Asy Palestina iberdi. Soňra Ýezit ibn Abu Sufýany Şama kömege iberdi. Soňra ýene goşun ýygnap, hezreti Muawiýany dogany Ýezide kömege iberdi. Halyt ibn Welidi hem Yrakdan Şama iberdi. Halyt goşunyň bir bölegini Musennanyň ýanynda goýup, köp söweşler we ýeňişler bilen Siriýa geldi. Yslam goşunlary birleşip, Ejnadeýnde uly Wizantiýa goşunyny ýeňdiler. Soňra Ýermukda kyrk alty müň yslam esgeri Irakliusyň iki ýüz kyrk müň esgeri bilen uzak we gaty agyr söweşler alyp baryp, ýeňiş gazandy. Ýüz müňden gowrak Wizantiýa esgeri öldürildi. Üç müň musulman şehit boldy. Bu söweşde musulman aýallary hem söweşdi. Baş serkerde Halyt ibn Welidiň we goşun bölüminiň baştutany Ikrimäniň haýran galdyryjy gahrymançylyklary göründi. Bu ýeňişleriň hemmesi halyfyň batyrlygy, zehini, gowy dolandyryşy we bereketi bilen boldy. Pygamberimiziň wepaty bilen tutuş Arap ýarymadasyny ýangyn ýaly gaplan gozgalaň we irtidat hereketleri hezreti Abu Bekiriň beýik erki, sarsmaz iradesi we goşunda eden ýerlikli özgertmeleri bilen bir ýyl ýaly gysga wagtyň içinde basylyp ýatyryldy. Hezreti Omar (radyýallahu anhu) Usamanyň goşunynyň Siriýa iberilmeginde we wakalaryň öňüni almakda uly hyzmatlar etdi. Abdylla ibn Suheýl çykyşlary bilen köp adamy irtidatdan saklady. Abu Dujana hem wakalary basyp ýatyrmakda gaty uly hyzmat etdi. Nugman ibn Mukarrin we Halyt ibn Sagyt murtatlar bilen söweşlere gatnaşyp, uly üstünlikler gazandylar. Şeýlelikde, irtidat pitnesiniň ulalmagyna ýol berilmän, uly betbagtlygyň öňi alyndy we yslam agzybirligini sarsdyrmaga gönükdirilen uly pitne ody söndürildi.
Emma açykdan-açyk maksatlaryna ýetip bilmejekdiklerine düşünen we irtidata synanyşan käbir adamlar soňraky döwürlerdäki pitne hereketlerine hem gatnaşdylar. Olar musulmanlaryň arasynda dini we syýasy bölünişiklere sebäp boldular.
Yslam taryhynda bu wakalardan soň dini ret etmek, dinden dänmek manysynda “irtidat” (dinden dänmek) we “murtat” (dinden dänen adam) diýen sözler ulanylyp başlandy. Murtatlara garşy göreşde hezreti Abu Bekiriň goşandy uly boldy. Eger beýle paýhasly adam bolmadyk bolsa, howp tutuş Arabystana ýaýrardy. Şonuň üçin hezreti Aişe: “Resulullahyň ruhy alnanda, araplar dinden dändiler. Nifak joşup çykdy. Kakamyň üstüne düşen agyrlyk daglaryň üstüne düşen bolsa, hökman olary toza öwürerdi!” diýipdir.1
Hezreti Abu Hureýre hem: “Eger Abu Bekir bolmadyk bolsa, Muhammet aleýhisselamyň wepatyndan soň Muhammediň ymmaty heläk bolardy!” diýipdir.2 We: “Özünden başga ilah bolmadyk Allaha kasam, eger Abu Bekir halyflygy öz üstüne almadyk bolsa, beýik Allaha ybadat edýän galmazdy!” diýip, bu sözüni üç gezek gaýtalapdyr.
Abu Reja Utarydy şeýle gürrüň berýär: “Medinä girenimde, adamlaryň ýygnanandygyny we bir adamyň: ‘Men saňa gurban bolaýyn! Allaha kasam, sen bolmadyk bolsaň, biz hökman heläk bolardyk!’ diýip, başga bir adamyň başyndan öpýändigini gördüm. ‘Bu öpýän we öpülýän kim?’ diýip soradym. ‘Murtatlar bilen söweşendigi üçin Omar Abu Bekiriň başyndan öpýär!’ diýdiler”.3
Hezreti Aişe ol günler barada şeýle gürrüň berýär: Resulullahyň wepatyndan soň arap taýpalarynyň köpüsi dinden dändi. Musulmanlar garaňky gijede ýagyşyň astynda galan ýaly aljyradylar. Hatda şol wagt mekgelileriň köpüsi yslamdan dänmäge taýýarlandy. Hezreti Suheýl ibn Amr Käbäniň gapysynyň agzynda durup, mekgelilere ýüzlendi. Olara täsirli notuk sözläp, şübhelerini aýyrdy we dinden dänmekleriniň öňüni aldy. Ol olara şeýle diýdi: “Eý mekgeliler! Siz musulman bolanlaryň iň soňkusy boldyňyz. Seresap boluň, dinden dänýänleriň, musulmanlykdan el çekýänleriň birinjisi bolmaň! Allaha kasam, beýik Allah, Resul aleýhisselamyň aýdyşy ýaly, bu işi hökman tamamlar! Men onuň edil men duran şu ýerde ýeke özi durup: ‘Meniň bilen bilelikde “La ilähe illallah” diýiň, size seredip araplar dine girsinler, arap däller size jizýe tölesinler! Allaha kasam, Kisranyň we Kaýsaryň hazynalary Allahyň ýolunda harçlanar!’ diýenini eşitdim.
Bir wagtlar masgaralaýanlaryň indi zekat we sadaka ýygnaýjy bolandyklaryny gördüňiz. Allaha kasam, galany hem bolar! Allaha kasam, men gowy bilýärin: Gün dogup-ýaşýança, bu din dowam eder! Araňyzdaky ol adamlar sizi aldamasyn! Meniň bilýän bu işimi olar hem bilýärler. Emma Haşym ogullaryna bolan gabanjaňlyk olaryň ýüreklerine möhür basdy. Eý adamlar! Men – kuraýşlylaryň arasynda gury ýerde-de, deňizde-de iň köp ulag serişdesi bolan adamdyryn. Emiriňize boýun boluň we zekatlaryňyzy oňa töläň. Eger yslam işi ahyryna çenli dowam etmese, men siziň zekatlaryňyzy size yzyna gaýtarmaga kepildirin!” diýdi-de, aglady. Şondan soň halk köşeşdi.4
Suheýl ibn Amr täsirli notugy bilen mekgelileri irtidatdan el çekmäge yrandan soň, Mekgäniň häkimi Attap ibn Esit halkyň öňüne çykyp bildi.
“Eger Abu Bekir bolmadyk bolsa, Muhammet aleýhisselamyň wepatyndan soň Muhammediň ymmaty heläk bolardy!” Abu Hureýre (radyýallahu anhu)
Hüjreýi sagadat / Mesjidi Nebewi
Söýgüli Pygamberimiziň (aleýhissalatu wesselam) we sahabalarynyň arasyndan musulmanlaryň iki gözüniň göreji bolan
hezreti Abu Bekir bilen hezreti Omaryň (radyýallahu anhuma) mübärek gabyrlarynyň
öňden, ýagny gybla tarapdan görnüşi.
Suheýl ibn Amr Bedr söweşinde ýesirleriň arasyndady. Hezreti Omar onuň öldürilmegini isleýärdi. Şonda Pygamberimiz hezreti Omara: “Näme üçin ony öldürmek isleýärsiň? Goý ony, belki Allah ony seniň hem halajak bir derejä ýetirer. Onuň halka notuk sözlemegine-de umyt bar!” diýipdi. Ine, hadysy şerif bilen habar berlen buşlugyň Suheýl ibn Amryň (radyýallahu anhu) göwne ýakymly derejede sözlän bu notugydygy düşnükli boldy.5 Hezreti Omar Suheýliň notugyny eşidende, Pygamberimiziň hezreti Suheýl barada aýdan sözüni ýada saldy we Pygamberimiziň gaýybynda: “Şaýatlyk edýärin: sen, şübhesiz, Resulullahsyň!” diýmekden özüni saklap bilmedi.6
Seniň yşkyň ähli derde dermandyr, ýa Resulallah,
Seniň huzuryňda islegler kabuldyr, ýa Resulallah.
Seniň nuruňy gören gözler ne aýy görer, ne ýyldyzy,
Nuruňdan gijeler-gündizler ýagtydyr, ýa Resulallah.
Deriňden güller açylar, sözüňden – bal we şeker,
Seniň bilen syrkaw göwünlere şypadyr, ýa Resulallah.
Patyşalara habypsyň, dert-ahlara tebipsiň,
Şepagatyň günäkärlere sapadyr, ýa Resulallah.
Aý-gün, ýedi ýyldyz – hemmesi seni öwer,
Seniň sözüňden başga söz ýalňyşdyr, ýa Resulallah.
Yblys saňa gabanar, ahmak, hile gurar,
Seni söýendigi üçin Ydrys beýikdir, ýa Resulallah.
Hemişe nobatyň kakylar, bäş wagtda sünnetiň dowam eder,
Öýüňe kim gelse, oňa çagyryş bardyr, ýa Resulallah.
Tikenli gyrymsylar ýüpek geýdi, çöller hoş ysly boldy,
Seniň ugruňdaky jebir-jepalar – wepadyr, ýa Resulallah.
Kenganly Ýusupy az zada gizlinlikde satdylar,
Seni görmek maňa müň jana bahadyr, ýa Resulallah.
Mübärek türbäň ýerde – nur bilen doly,
Emma ruhuň asmanlarda aýandyr, ýa Resulallah.
Dawudyň egninde – serpaýyň, Halylyň saçagynda – nygmatyň,
Musanyň elindäki ybratyň – hasadyr, ýa Resulallah.
Makamyň – Käbe, Zemzem, hemişe berk we bitin,
Hydyr ymmatyňa hemişe suw paýlaýandyr, ýa Resulallah.
Şeýýad Hamza ol Şadan dertden dynmagy diler,
Seni wasp etmek – Allahdan sowgatdyr, ýa Resulallah.
Şeyyâd Hamza
“Şaýatlyk edýärin: sen, şübhesiz, Resulullahsyň!” Hezreti Omar (radyýallahu anhu)
Jennetul-Baky
Medineýi münewwerede Jennetul-Baky – müňlerçe hormatly sahabalaryň (radyýallahu anhum) türbeleri bolan gonamçylykdy.
Bu ýerdäki ol ajaýyp türbeleriň we gabyrlaryň hemmesi ýykyldy we bu ýer, gynansak-da, meýdana öwrüldi.
ÝUWAŞ-ÝUWAŞ!
Ezraýyl başyňa gelen zamanda,
Döwüler aýak bilen gol – ýuwaş-ýuwaş.
Mowlam nesip etsin din bilen iman,
Akar gözleriňden sil – ýuwaş-ýuwaş.
Belentde uçan göwün ýadar bir gün,
Ölçeg terezisi gurlar bir gün.
Herkesiň edeni soralar bir gün,
Dönermi, ýa Rebbim, dil – ýuwaş-ýuwaş?
Hemişe nebsiňe uýduň, toba etmediň,
Her tapanyňy iýdiň, şükür etmediň.
Ahyr soňy bu gara topraga geldiň,
Çekiler dünýäden el – ýuwaş-ýuwaş.
Gabryňyň üstüne dikerler daşy,
Bir owuç topraga goýarsyň başy.
Kaka ogluny görmez, dogan – dogany,
Gider, yzyna gaýtmaz ýol – ýuwaş-ýuwaş.
Kapurly ýyly suwy taýýarlarlar,
Ol nazly bedeni dolulygyna soýundyrarlar.
Öleniňi gonşy-golam duýarlar,
Yzlaryna dolanar dostlar – ýuwaş-ýuwaş.
