Söýgüli Pygamberim

HRONOLOGIÝA

Bellik: (b) – bigset ýyllaryny, (m) – milady ýyllary, (h) – hijri ýyllary görkezýär.

m. 570 Hezreti Abdylla bilen hezreti Äminäniň nikalaşmagy. Söýgüli Pygamberimiziň mübärek nurunyň ejesine geçmegi (Jumadelewwel / iýul). Bolçulyk ýyly. Resulullahyň kakasy hezreti Abdyllanyň wepaty (Rejep / sentýabr).

571 Pil wakasy (Muharrem / fewral). Kainatyň Soltany Muhammet aleýhisselamyň dünýä inmegi (12 Rebiulewwel, duşenbe / 20 aprel; hijretden 53 (gün ýyly bilen – 51) ýyl öň, Pil wakasyndan 55 gün soň). Onuň süýt enesi Halymanyň ýanyna berilmegi (Rebiulahyr).

573 Hezreti Abu Bekiriň (radyýallahu anhu) dünýä inmegi.

576 Süýt enesiniň ony Mekgä getirip, ejesi Äminä tabşyrmagy.

577 Söýgüli Pygamberimiziň ejesi Äminäniň Ebwada wepaty. Ummu Eýmeniň Resulullahy Mekgede atasy Abdylmuttalyba tabşyrmagy. Hezreti Osmanyň (radyýallahu anhu) dünýä inmegi.

579 Atasy Abdylmuttalybyň wepaty we onuň kakasynyň dogany Abu Talyba amanat edilmegi.

583 Kakasynyň dogany Abu Talyp bilen bilelikde Şam söwda kerweni bilen ýola çykyp, Busradan dolanmagy. Hezreti Omaryň (radyýallahu anhu) dünýä inmegi.

588 Kakasynyň dogany Zubeýr bilen bilelikde Ýemene gitmegi.

591 Hezreti Abu Bekir bilen Şama gitmekleri. Resulullahyň Hilful-fuzul birleşigine goşulmagy.

595 Hezreti Hatyja degişli söwda kerweni bilen Busra şäherine gitmegi.

596 Hezreti Hatyja bilen nikalaşmagy.

599 Hezreti Alynyň (radyýallahu anhu) dünýä inmegi.

600 Kus ibn Sagydäniň Ukaz bazarynda Resulullahyň pygamberligi barada buşluk beren notuk sözlemegi.

605 Käbe abatlanýan wagty Hajarul-eswedi ýerine goýmak üçin onuň araçy bolmagy.

b.1/610 Bigset: 40 ýaşynda oňa pygamberliginiň bildirilmegi (17 Ramazan, duşenbe). Hyra dagyndaky (Jebeli Nurdaky) gowakda ilkinji wahy (Alak süresiniň ilkinji bäş aýatynyň inmegi) (Ramazan / awgust).

2/611 Wahy bir wagtlyk kesilenden soň, Pygamberimiziň Jebraýyl aleýhisselamy görmek arzuwy bilen Hyra dagyndaky gowaga ýygy-ýygydan gitmegi. Ysrapyl aleýhisselamyň gelip, oňa käbir zatlary öwretmegi.

3/612 Ilkinji musulmanlar: hezreti Hatyja, Abu Bekir Syddyk, Aly ibn Abu Talyp, Zeýd ibn Harysa (we onuň aýaly Ummu Eýmen), Osman ibn Affan, Talha ibn Ubeýdulla, Zubeýr ibn Awwam, Abdyrahman ibn Awf, Sagt ibn Abu Wakkas.

4/613 Resulullahyň ýakyn garyndaşlaryndan başlap, ynsanlary yslama çagyrmagy. Müşrikleriň musulmanlara ezýet berip, gynap başlamagy. Ilkinji şehitler: hezreti Ýasyr, onuň ogly hezreti Abdylla we aýaly hezreti Sumeýýe. Hezreti Aişäniň (radyýallahu anha) dünýä inmegi.

5/614 Habeşistana ilkinji hijret (Rejep / maý). Muhajyrlaryň Habeşistandan Mekgä dolanmagy (Şewwal / iýul).

6/615 Hezreti Hamzanyň musulman bolmagy. Hezreti Omaryň musulman bolmagy. Habeşistana ikinji hijret. Resulullahyň we musulmanlaryň Darul-Erkamdan çykmagy.

7/616 Gabawyň başlanmagy (Muharrem).

8/617 Hezreti Osman bilen onuň aýaly hezreti Rukaýýanyň Habeşistandan dolanmagy.

9/618 Şakkul-kamer mugjyzasy: Resulullahyň yşaraty bilen aýyň ikä bölünmegi.

10/619 Gabawyň aýrylmagy.

10/620 Abu Talybyň wepaty (7 Ramazan / aprel). Hezreti Hatyja enemiziň wepaty (10 Ramazan / aprel). Resulullahyň hezreti Sewde binti Zemga bilen nikalaşmagy (Ramazan / maý). Resulullahyň Zeýd ibn Harysa bilen Taýyfa gitmegi (Şewwal / maý). Nusaýbin jynlarynyň yslamy kabul etmegi. Resulullahyň Taýyfdan Mekgä dolanmagy (23 Zülkagda). Akaba duşuşygy (10 Zülhijje / 17 iýul).

11/621 Miraj mugjyzasy we bäş wagt namazyň parz edilmegi (27 Rejep). Jebraýyl aleýhisselamyň Käbeýi şerifiň gapysynyň ýanynda iki gün Resulullaha imam bolmagy. (Mirajyň wagty barada başga rowaýatlar hem bar. Miraj köp gezek bolupdyr. Olaryň biri oýa wagty we mübärek bedeni bilen bolupdyr. Beýlekileri diňe mübärek ruhy bilen bolupdyr.)

Resulullahyň hezreti Aişe bilen nikasynyň gyýylmagy (Şewwal). Birinji Akaba beýgaty (10 Zülhijje / 6 iýul, duşenbe). Resulullahyň yslamy öwretmek üçin Musgap ibn Umeýri Medinä ibermegi.

12/622 Senetus-surur (şatlyk ýyly): Medine halkynyň köpüsiniň yslamy kabul etmegi. Ikinji Akaba beýgaty (12 Zülhijje / 28 iýun, duşenbe).

13/1/622 Bigsetiň 13-nji, hijretiň 1-nji, miladynyň 622-nji ýyly. Hijri ýyl: musulmanlaryň hijri aý ýyly hasabynyň başlanmagy (1 Muharrem / 16 iýul). Senetul-izin: musulmanlara Mekgeden Medinä hijret etmäge rugsat berilmegi. Müşrikleriň Darun-Nedwede ýygnanyp, Resulullahy öldürmek kararyny kabul etmegi (25 Sapar / 8 sentýabr). Hijret: Resulullahyň hezreti Abu Bekir bilen Sewr gowagyna ugramagy (26 Sapar, penşenbe / 9 sentýabr). Sewr dagyndaky gowakdan Medinä tarap ýola çykmaklary (1 Rebiulewwel, duşenbe / 13 sentýabr). Kuba obasyna baryp ýetmekleri (8 Rebiulewwel, duşenbe / 20 sentýabr). Kuba metjidiniň gurulmagy (8–11 Rebiulewwel / 20–23 sentýabr). Resulullahyň Kuba bilen Medinäniň arasyndaky Ranona jülgesindäki namazgähde ilkinji anna namazyny okatmagy (12 Rebiulewwel, anna / 24 sentýabr). Medinä gelip ýetmegi (12 Rebiulewwel, anna / 24 sentýabr). Onuň Abu Eýýup Ensarynyň öýünde myhman bolmagy. Mesjidi Nebewiniň gurluşygynyň başlanmagy (Rebiulewwel / sentýabr). Maşgala agzalarynyň Medinä gelmegi. Azany Muhammediniň günde bäş wagt okalyp başlanmagy. Selman Farsynyň musulman bolmagy.

h.1/623 Muhajyrlar bilen ensarlaryň arasynda doganlygyň ýola goýulmagy. Ilkinji ýazmaça şertnama: Medine resminamasy we Medine jülgesiniň harem (mukaddes ýer) diýlip bellenmegi (Ramazan / mart). Söweşmäge rugsat berilmegi. Ilkinji seriýýe: hezreti Hamzanyň Iýs / Siful-bahr seriýýesi (Ramazan / mart). Mesjidi Nebewiniň gurluşygynyň tamamlanmagy (Şewwal / aprel). Mesjidi Nebewide Suffanyň döredilmegi. Medinede çarşynyň we bazar ýeriniň gurulmagy. Musulmanlaryň ilkinji ilat ýazuwynyň geçirilmegi. Ubeýde ibn Harysyň Rabyg ýörişi (Şewwal / aprel).

Sagt ibn Abu Wakkasyň Harrar seriýýesi (Zülkagda / maý). Esgat ibn Zurara, Bera ibn Magrur, Kulsum ibn Hidmiň wepatlary. Osman ibn Mazgunyň wepaty we Jennetul-Bakynyň gonamçylyk üçin bellenmegi (Zülhijje / iýun).

2/623 Resulullahyň ilkinji gezek aşura güni oraza tutmagy (10 Muharrem / 14 iýul). Ilkinji gazot: Ebwa (Weddan) ýörişi (12 Sapar / 15 awgust). Buwat ýörişi (1 Rebiulewwel / 2 sentýabr). Birinji Bedr (Safwan) ýörişi (Rebiulewwel / sentýabr). Zul-Uşeýre ýörişi (1 Jumadelewwel / 31 oktýabr).

2/624 Abdylla ibn Jahşyň Batny Nahle seriýýesi (20 Rejep / 17 ýanwar). Hezreti Aly bilen hezreti Fatmanyň nikasynyň gyýylmagy (Rejep / ýanwar). Gyblanyň Mesjidul-Aksadan Mesjidul-Harama / Käbä öwrülmegi (11 Şagban, sişenbe / 7 fewral). Orazanyň parz edilmegi (Şagban / fewral). Tarawih namazynyň okalyp başlanmagy (1 Ramazan / 26 fewral). Habeşistandaky sahabalardan ýene 33 adamyň Bedrden öň Mekgä dolanmagy. Olaryň 2-si Mekgeýi mükerremede wepat boldy, 7-si müşrikleriň eline ýesir düşdi, 24-si Medineýi münewwerä baryp, Bedr söweşine gatnaşdy. Bedr söweşi (17 Ramazan / 13 mart). Abu Jehiliň öldürilmegi. Resulullahyň gyzy hezreti Rukaýýanyň wepaty (Ramazan / mart). Zekatyň parz edilmegi (Ramazan / mart). Pitir sadakasynyň buýrulmagy (Ramazan / mart). Ilkinji Oraza baýramy we baýramçylyk namazynyň okalmagy (1 Şewwal / 27 mart). Resulullahyň hezreti Aişe bilen öýlenmegi (Şewwal / aprel). Hezreti Zeýnebiň Mekgeden Medinä gelýärkä hüjüme uçramagy (Şewwalyň başlary / mart). Karkaratul-Kudr ýörişi (5 Şewwal / 31 mart). Beni Kaýnuka ýörişi (15 Şewwal / 10 aprel). Sewik ýörişi (5 Zülhijje / 29 maý). Hezreti Aly bilen hezreti Fatmanyň öýlenişmegi (Zülhijje / maý). Ilkinji Gurban baýramynyň gelmegi (10 Zülhijje / 3 iýun).

3/624 Kagb ibn Eşrefiň öldürilmegi (4 Rebiulewwel / 25 awgust). Enmar (Gatafan, Zi Emr) ýörişi (12 Rebiulewwel / 2 sentýabr). Bahran (Nejran) ýörişi (6 Jumadelewwel / 25 oktýabr). Hezreti Osmanyň hezreti Ummu Gülsüm bilen nikalaşmagy (Jumadelahyr).

3/625 Resulullahyň hezreti Hafsa bilen nikalaşmagy (Şagban / ýanwar). Hezreti Hasanyň dünýä inmegi (15 Ramazan / 1 mart). Resulullahyň hezreti Zeýnep binti Huzeýme bilen nikalaşmagy (Ramazan).

Uhud söweşi (7 Şewwal, şenbe / 23 mart). Hamraul-Esed ýörişi (16 Şewwal / 1 aprel).

4/625 Abdylla ibn Uneýsiň Halyt ibn Sufýany öldürmegi (5 Muharrem / 17 iýun). Rejig wakasy (Sapar / iýul). Bir-Magune wakasy (19 Sapar / 31 iýul). Beni Nadyr ýörişi (Rebiulewwel / awgust). Serhoş ediji içginiň bölekleýin haram edilmegi (Rebiulewwel / awgust–sentýabr). Hezreti Zeýnep binti Huzeýme enemiziň wepaty (Rebiulahyr / sentýabr). Hezreti Osman bilen hezreti Rukaýýanyň ogly Abdyllanyň wepaty (Jumadelewwel / oktýabr). Abu Selemäniň wepaty (23 Jumadelahyr / 30 noýabr).

4/626 Hezreti Hüseýiniň dünýä inmegi (5 Şagban / 10 ýanwar). Resulullahyň hezreti Ummu Seleme bilen nikalaşmagy (Şewwal aýynyň ahyry / aprel aýynyň başy). Fatma binti Esediň wepaty. Kiçi Bedr ýörişi (1 Zülkagda / 4 aprel).

5/626 Zatur-Rika ýörişi (10 Muharrem / 11 iýun). Dumatul-Jendel ýörişi (25 Rebiulewwel / 24 awgust). Musulman bolan Beni Müzeýne wekilleriniň Medinä gelmegi (Rejep / dekabr). Müreýsi (Beni Mustalyk) söweşi (2 Şagban / 27 dekabr). Hezreti Aişä töhmet atylmagy. Teýemmüm aýatynyň inmegi.

5/627 Resulullahyň hezreti Juweýriýe binti Harys bilen nikalaşmagy (Şagban). Hendek (Ahzab) söweşi (Şewwal / mart). Beni Kuraýza söweşi (23 Zülkagda / 15 aprel). Resulullahyň hezreti Zeýnep binti Jahş bilen nikalaşmagy (1 Zülkagda / 24 mart). Resulullahyň hezreti Reýhana binti Amr bilen nikalaşmagy (Zülhijje / aprel–maý).

6/627 Muhammet ibn Meslemäniň Kurta seriýýesi (10 Muharrem / 1 iýun). Hezreti Alynyň Beni Sagt ibn Fedek seriýýesi. Gaba (Zu-Karad) ýörişi (2 Rebiulewwel / 22 iýul). Gamre seriýýesi (Rebiulewwel). Muhammet ibn Meslemäniň Zul-Kassa seriýýesi (Rebiulewwel). Abu Ubeýde ibn Jerrahyň Zul-Kassa seriýýesi (Rebiulahyr / sentýabr). Zeýd ibn Harysanyň Jemum seriýýesi (Rebiulahyr).

Beni Lihýan ýörişi (1 Jumadelewwel / 18 sentýabr). Zeýd ibn Harysanyň Iýs barlag seriýýesi (Jumadelewwel). Abul-Asyň musulman bolmagy. Zeýd ibn Harysanyň Taraf seriýýesi (Jumadelahyr / oktýabr–noýabr). Zeýd ibn Harysanyň Wadil-Kura seriýýesi (Rejep / noýabr–dekabr). Zeýd ibn Harysanyň Şam ýörişi / söwda kerweni (Rejep). Abdyrahman ibn Awfyň Dumatul-Jendel seriýýesi (Şagban / dekabr). Zeýd ibn Harysanyň Medýen seriýýesi (Şagban / dekabr). Hezreti Alynyň Fedek seriýýesi (Şagban / dekabr).

6/628 Zeýd ibn Harysanyň Ummu Kyrfe seriýýesi (Ramazan / ýanwar). Medinede guraklygyň bolmagy / ýagyş dogasyna çykylmagy (Ramazan). Abdylla ibn Atigiň Abu Rafyg seriýýesi (Ramazan / ýanwar). Abdylla ibn Rewahanyň Haýber barlag seriýýesi (Ramazan / fewral). Abdylla ibn Rewahanyň Useýr ibn Zarim seriýýesi (Şewwal / fewral). Kürz ibn Jabyr Fihriniň seriýýesi (Zülkagda / mart). Umra sapary (2 Zülkagda / 14 mart). Beýgatur-Rydwan (Zülkagda / mart–aprel). Hudeýbiýe ylalaşygy (Zülhijje / aprel). Feth süresiniň inmegi. Beni Huzaga, Beni Eslem we Beni Huşeni wekilleriniň Medinä gelip, musulman bolmagy. Serhoş ediji içginiň doly haram edilmegi. Resulullahyň düýe we at çapyşyklaryna rugsat bermegi.

6, 7/628 Resulullahyň yslama çagyryş hatlaryny ibermegi (Zülhijje aýynyň soňky günleri – Muharrem aýynyň başy / maý).

7/628 Zeýd ibn Harysanyň Hisma seriýýesi (Jumadelahyr). Habeşistanyň Najaşysy Ashamanyň musulman bolmagy. Hezreti Ummu Habyba bilen nikanyň gyýylmagy. Müsüriň Mukawkysynyň Mariýäni Resulullaha ibermegi. Hezreti Aişe enemiziň ejesi Ummu Rumanyň (radyýallahu anha) wepaty. Abul-Asyň musulman bolup, Resulullahyň gyzy Zeýnep bilen gaýtadan nikalaşmagy (Muharrem / maý). Haýber söweşi (Muharremiň ahyry – Sapar / iýun). Zeýnep binti Harysyň Resulullahy zäherlemäge synanyşmagy. Habeşistana hijret eden sahabalaryň galanlarynyň hem Medinä dolanmagy (Sapar). Eşgarylaryň Medinä gelip, hormatly sahabalardan bolmak şerefine eýe bolmagy.

Leýletut-tagris: Resulullahyň sahabalary bilen uka gidip, ertir namazyna turup bilmezlikleri. Resulullahyň hezreti Ummu Habyba bilen öýlenmegi. Resulullahyň süýt enesi Suweýbäniň wepaty. Ýemeniň häkimi Bazanyň musulman bolmagy (Jumadelewwel / sentýabr). Hezreti Aly ikindi namazyny okar ýaly Günüň gözýetimden yzyna gaýtmak mugjyzasy. Wadil-Kura söweşi (Jumadelahyr / oktýabr). Resulullahyň hezreti Safiýe binti Huýeý bilen nikalaşmagy. Hezreti Omaryň Turabe seriýýesi (Şagban / dekabr). Hezreti Abu Bekiriň Nejd seriýýesi (Şagban / dekabr). Beşir ibn Sagt Ensarynyň Fedek / Mürre seriýýesi (Şagban / dekabr).

7/629 Galyp ibn Abdylla Leýsiniň Meýfaga seriýýesi (Ramazan / ýanwar). Beşir ibn Sagt Ensarynyň Jinab seriýýesi (Şewwal / fewral). Umratul-kaza sapary (Zülkagda – Zülhijje / mart). Resulullahyň Meýmuna binti Harys bilen nikalaşmagy (Zülkagda / mart).

8/629 Resulullahyň gyzy hezreti Zeýnebiň wepaty (Sapar). Halyt ibn Welidiň, Amr ibn Asyň we Osman ibn Talhanyň musulman bolmagy (Sapar). Galyp ibn Abdyllanyň Kudeýd seriýýesi (Sapar / iýun). Galyp ibn Abdyllanyň Fedek seriýýesi (Sapar / iýun). Mute söweşi (Jumadelewwel / sentýabr). Amr ibn Asyň Zatus-Selasil seriýýesi (Jumadelahyr / oktýabr). Kuraýşlylar Hudeýbiýe ylalaşygyny bozandan soň, Abu Sufýanyň ýaraşyk baglaşmaga synanyşmagy.

8/630 Resulullahyň Mekgäni fet etmek üçin ýola çykmagy (10 Ramazan / 1 ýanwar). Mekgäniň fethi (20 Ramazan, penşenbe / 11 ýanwar). Resulullahyň Ebwada ejesi hezreti Äminäniň gabryny zyýarat etmegi. Butlaryň ýykylmagy. Huneýn söweşi (11 Şewwal / 1 fewral). Resulullahyň süýt gyz dogany Şeýma bilen görüşmegi. Taýyf söweşi (Şewwal / fewral). Resulullahyň Jygranada Huneýn oljalaryny paýlamagy (5–18 Zülkagda / 24 fewral – 9 mart). Resulullahyň umra etmegi (19 Zülkagda / 10 mart). Mesjidi Nebewide üç basgançakly münberiň ýasalmagy. Resulullahyň ogly Ybraýymyň dünýä inmegi (Zülhijje).

9/630 Resulullahyň käbir taýpalara zekat ýygnaýjylary ibermegi (Muharrem / aprel–maý). Uýeýne ibn Hysn Fezariniň seriýýesi (Muharrem). Tebuk ýörişi (Rejep / oktýabr). Halyt ibn Welidiň Dumatul-Jendel seriýýesi (Rejep). Resulullahyň münapyklaryň Mesjidi Dyraryny ýykdyrmagy. Habeşistanyň hökümdary Najaşy Ashamanyň wepaty (Rejep / oktýabr). Hezreti Abu Bekiriň Reml seriýýesi (Şagban). Resulullahyň gyzy hezreti Ummu Gülsümiň wepaty (Şagban). Resulullahyň Irakliusa ikinji gezek yslama çagyryş hatyny ibermegi. Senetul-wufud (ilçiler ýyly). Kagb ibn Zuheýriň musulman bolmagy we Resulullahyň oňa öz hyrkasyny sowgat etmegi.

9/631 Münapyklaryň baştutany Abdylla ibn Ubeýiň ölümi (Zülkagda). Hajyň parz edilmegi. Hezreti Abu Bekiriň haj emiri bellenmegi (Zülkagda – Zülhijje / fewral–mart). Hezreti Alynyň Bera süresiniň başyny ýetirmek üçin Mekgä iberilmegi (Zülhijje / mart).

10/631 Halyt ibn Welidiň Beni Harys seriýýesi (Rebiulewwel / iýun). Hezreti Alynyň Ýemen / Mezhij seriýýesi (Ramazan / dekabr). Ýemeniň häkimi Bazanyň wepaty. Najaşynyň aýal doganynyň ogly Feýruzyň musulman bolmagy. Museýlemetul-Kezzabyň pygamberlik dawasyny etmegi. Ramazan aýynda Jebraýyl aleýhisselamyň Resulullaha Kurany Kerimiň tutuşlygyny iki gezek okamagy.

10/632 Resulullahyň ogly Ybraýymyň wepaty. Weda hajy: Resulullahyň haj üçin Medineden ýola çykmagy (25 Zülkagda / 22 fewral). Resulullahyň Weda hutbasyny okamagy (9 Zülhijje / 7 mart). Weda towaby (14 Zülhijje / 12 mart, penşenbe). Hezreti Reýhana binti Amryň wepaty.

11/632 Usama ibn Zeýdiň Şama gitjek goşuna serkerde bellenmegi. Resulullahyň başynyň agyryp başlamagy (26 Sapar / 24 maý, ýekşenbe). Resulullahyň gyzgynynyň güýçlenmegi, gyzzyrma (humma) keseliniň başlanmagy (27 Sapar / 25 maý, duşenbe). Pygamberlik dawasyny eden Eswet Anesiniň öldürilmegi (8 Rebiulewwel / 4 iýun, penşenbe). Resulullahyň hezreti Abu Bekiri imamlyga bellemegi (8 Rebiulewwel / 4 iýun, ýassy namazy).

Resulullahyň hezreti Abu Bekir Syddyga uýup soňky namazyny okamagy (12 Rebiulewwel, duşenbe, ertir namazy). Resulullahyň wepaty (12 Rebiulewwel / 8 iýun, duşenbe, öýleden öň). Hezreti Abu Bekiriň halyf saýlanmagy (12 Rebiulewwel / 8 iýun, duşenbe). Resulullahyň sişenbäni çarşenbä birleşdirýän gijäniň (çarşenbe gijesiniň) ýarymynda jaýlanmagy. Usama ibn Zeýdiň murtatlara garşy iberilmegi (16 Rebiulewwel / 12 iýun, anna). Usama ibn Zeýdiň ýeňiş bilen dolanmagy (26 Rebiulahyr / 22 iýul, çarşenbe).

MEN KIM WE NÄMÄM BAR?

Bu bagda meniň üçin ne gül bar, ne-de lala bar,
Bu bazarda ne alyş-çalyş, ne-de pul bar,
Ne güýç-kuwwat, ne eýelik, ne mal, ne-de mülk bar,
Ne dert, ne lezzet, ne melhem, ne-de ýara bar,
Bu dünýäde bilsemdi: men kim, nämäm bar?
Barlyk – ylahy lutf, ýaşaýyş – Keremliniň rahmeti!
Agyz – Rahmanyň sowgady, söz – Kadymyň fazly!
Beden – Hudaýyň guran binasy, ruh – hormat bilen üflenen dem,
Güýç – Gudrat Eýesiniň ihsany, duýgular – Hakymyň goýany!
Bu dünýäde bilsemdi: men kim, nämäm bar?
Bu dünýäde hakykatda meniň hiç zadym ýok,
Näme bar bolsa – hemmesi Onuňky, mülkünde şärigi ýok.
Jahana gelip-gitmek hem meniň elimde ýok,
“Bu – meniňki” diýmäge bil baglar delilim ýok,
Bu dünýäde bilsemdi: men kim, nämäm bar?
Barlygym – bir görnüş, ruhum – bir amanat,
“Men” diýmek hem Onuň öňünde gaty çirkin şirk,
Gula düşýän wezipe – Eýesine boýun bolmak,
Onuň maňa “Gulum!” diýmegi – lutf we inaýat.
Bu dünýäde bilsemdi: men kim, nämäm bar?
Men – pakyr we mätäç, baýlyk we ihsan – Hakyňky,
“Ýokluk” – meniň sermaýam, barlyk we ýaşaýyş – Hakyňky,
Ezel we ebet, hem kahr we galaba – Hakyňky,
Dünýäde we ahyretde her görünýän – Hakyňky.
Bu dünýäde bilsemdi: men kim, nämäm bar?

Iýmek, içmek, lezzetler – Onuň Razzak1 sypatyndan,
Rahat bir dem almak – Hudaýyň rahmetinden,
Gelen her ýagşylyk hem – Onuň ikramyndan,
Iň beýik nygmat bolan iman hem – hemişe Ondan.
Bu dünýäde bilsemdi: men kim, nämäm bar?
Nesip bolmasa gelmez ryskym asmandan-da, ýerden-de,
Ne otdan, ne-de etden, gysgasy, hiç bir elden.
Takdyr edileni geler, hyýalymda ýok bolsa-da,
Rysk takdyr edilenden ne artyk, ne kem geler.
Bu dünýäde bilsemdi: men kim, nämäm bar?
Gara gijäni gündiz, güni agşam edip bilmen,
Gar bilen suwy ot, kümşi wolfram edip bilmen,
Ýer şaryny saklap, ony perişan edip bilmen,
Gyşyň gar buludyny aprel buludy edip bilmen.
Bu dünýäde bilsemdi: men kim, nämäm bar?
Ýoklukda wagtym Rebbim meni bir pursatda saýlady,
Ene göwresinde-de iýmitimi taýýarlady,
Perişdelere buýruk berip, olary maňa hyzmatkär etdi,
Dünýä çykaryp, meni Özüne perde etdi.
Bu dünýäde bilsemdi: men kim, nämäm bar?