PYGAMBERIMIZIŇ WEPATY
Hijretiň on birinji ýylydy. Geçen Ramazan aýynda Jebraýyl aleýhisselam gelende, söýgüli Pygamberimize Kurany Kerimi başdan-aýak iki gezek okady. Emma mundan öňki ýyllarda ol Kurany Kerimi bir gezek okardy. Jebraýyl aleýhisselamyň iň soňky ýetiren, manysyna görä “Allahu tagalanyň kömegi we ýeňiş güni gelende we sen ynsanlaryň Allahu tagalanyň dinine (yslama) topar-topar girýändiklerini görende, Rebbiňi hamd bilen tesbih et! Ondan bagyşlanmak dile! Hakykatdan-da, Ol tobalary elmydama kabul edijidir”1 diýen Nasr süresini diňländen soň, Älemiň serweri (sallallahu aleýhi we sellem): “Eý Jebraýyl! Ölümimiň golaýlandygyny içimden duýýaryn” diýdi. Şondan soň Jebraýyl aleýhisselam manysyna görä: “Ahyret seniň üçin dünýäden has haýyrlydyr. Sen ‘Razy boldum’ diýýänçäň, Rebbiň saňa her isleýän zadyňy berer”2 diýen aýaty kerimeleri okady.
Hijretiň on birinji ýylynda, Sapar aýynyň ýigrimi ýedinji güni Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) mübärek başy agyryp başlady. Ol hormatly aýaly hezreti Aişäniň (radyýallahu anha) otagyna girdi. Abdyrahman ibn Abu Bekiri çagyryp, özünden soň Abu Bekir Syddygyň halyf saýlanmagy üçin wesýet ýazdyrjakdygyny aýtdy we syýa gap bilen galam getirmegi buýurdy. Hezreti Abu Bekiriň ogly Abdyrahman buýrugy ýerine ýetirmäge gidip barýarka, ol: “Soňra getirersiň, häzirlikçe dursun!” diýdi-de, mübärek metjide çykdy. Söýgüli Pygamberimiz şol gün Medinede bolan ähli hormatly sahabalara öýle namazynda metjitde ýygnanmaklary üçin habar iberdi. Namazy okadandan soň, Älemiň serweri münbere çykyp hutba okady. Sahabalaryna nesihat etdi we olardan halallyk diledi. Soňra Abu Bekir Syddygyň sahabalaryň arasyndaky artykmaçlygyny, gadyr-gymmatyny, ondan örän razydygyny bildirdi. Bu hutbany diňlän ähli ýürekler sarsdy, gözlerden ýaşlar joşup akdy. Soňra ol: “Eý ynsanlar! Meni öz pygamberiňiz hökmünde nähili tapdyňyz?” diýende, hormatly sahabalar: “Ýa Resulallah! Allahu tagala biziň tarapymyzdan saňa bol-bol haýyrlar ihsan etsin. Sen biziň üçin örän mähirli kaka ýaly, nesihat edýän mähirli dogan ýalydyň. Allahu tagalanyň saňa ihsan eden pygamberlik wezipesini ýerine ýetirdiň. Saňa wahy edilenleri bize ýetirdiň. Rebbiňiň ýoluna, yslama hikmet bilen, gözel nesihat bilen çagyrdyň. Allahu tagala saňa iň gözel we iň beýik sylaglary bersin” diýdiler.
Şondan soň Pygamberimiz: “Eý möminler! Allahyň hatyrasy üçin, kimiň mende haky bar bolsa, tursun, gelsin, kyýamatdan öň şu ýerde alsyn” diýdi.
Emma hakyny almak üçin turup gelen bolmady. Resulullah Allahu tagalanyň adyny ýatlap, ikinji we üçünji gezek hem: “Haky bolan gelsin, alsyn” diýdi. Şondan soň hormatly sahabalardan juda garran hezreti Ukkaşe ýerinden turdy. Ol Resulullahyň huzuryna bardy we: “Ejem-kakam saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Tebuk ýörişinde men seniň bilendim. Tebukdan gaýdanymyzda meniň düýäm bilen seniň düýäň ýanaşyk geldi. Men düýämden düşdüm. Saňa golaýlaşdym. Maksadym seniň mübärek bedeniňi ogşamakdy, şol wagt sen meniň arkama gamçy bilen urduň. Näme üçin urandygyňy bilmeýärin” diýdi.
“Ahyret seniň üçin dünýäden has haýyrlydyr. Sen ‘Razy boldum’ diýýänçäň, Rebbiň saňa her isleýän zadyňy berer” Zuha: 4–5
Pygamberimiz: “Eý Ukkaşe! Allahu tagala seni Öz Resulynyň bilgeşleýin urmagyndan gorasyn” diýdi-de: “Eý Bilal! Gyzym Fatmanyň öýüne bar. Ol gamçyny maňa getir” diýip buýurdy. Hezreti Bilal metjitden çykdy. Ol elini başyna goýup: “Resulullah özüne kysas etdirjek!” diýip, gaty haýran galdy. Öýe baransoň, gapyny kakdy we: “Eý Resulullahyň gyzy! Maňa Resulullahyň gamçysyny ber!” diýdi. Hezreti Fatma enemiz: “Eý Bilal! Häzir ne haj wagty, ne-de gazot! Kakam gamçyny näme etjek?” diýip sorady. Hezreti Bilal: “Eý Fatma! Habaryň ýokmy? Resulullaha onuň bilen kysas ediljek!” diýdi.
Fatma enemiz hezreti Bilala berk tabşyrdy: “Eý Bilal! Resulullahdan kysas bilen hakyny almaga kimiň göwni razy bolar? Ol soran eken, bereýin. Emma Hasan bilen Hüseýine aýt: hakyny kim aljak bolsa, kysasy olara etdirsinler. Ol adam hakyny olardan alsyn. Asla Resulullaha kysas etdirmesinler”. Hezreti Bilal metjide geldi we gamçyny Resulullaha berdi, ol hem ony hezreti Ukkaşä berdi. Muny gören hezreti Abu Bekir bilen hezreti Omar: “Eý Ukkaşe! Ine, biz seniň öňüňde taýýar, hakyňy bizden al. Ýalbarýarys, Resulullahdan alma!” diýip ýalbardylar. Şonda Pygamberimiz hezreti Abu Bekire: “Eý Abu Bekir! Sen goý, aradan çekil. Eý Omar! Hany, sen hem çekil. Allahu tagala siziň beýik derejäňizi bilýändir” diýdi. Soňra hezreti Aly ýerinden turdy we: “Eý Ukkaşe! Resulullahy urmagyňa göwnüm razy däl. Ine, arkam we garnym, gel, hakyňy menden al, isleseň, ýüz gezek ur. Emma Resulullaha degme!” diýende, Pygamberimiz: “Eý Aly! Sen hem otur. Allahu tagala seniň hem beýik derejäňi, ýagdaýyňy bilýändir” diýdi. Bu gezek hezreti Hasan bilen Hüseýin ýerlerinden turdular we: “Eý Ukkaşe! Sen hem bilýärsiň, biz – Resulullahyň agtyklary. Şonuň üçin bize kysas – Resulullaha kysas diýmekdir. Hakyňy bizden al, ýalbarýarys, Resulullahy urma!” diýenlerinde, Pygamberimiz olara: “Siz hem oturyň, eý gözümiň nurlary” diýdi. Soňra: “Eý Ukkaşe! Gel, ur!” diýdi.
Ukkaşe: “Ýa Resulallah! Sen meni uranyňda, meniň bedenim açykdy” diýende, söýgüli Pygamberimiz mübärek arkasyny açdy. Şol wagt hormatly sahabalaryň arasyndan hykylap aglamak sesleri eşidildi, olar: “Eý Ukkaşe! Resulullahyň mübärek arkasyna urjakmy?” diýdiler. Her kim gaýgy içinde garaşýardy. Hezreti Ukkaşe Resulullahyň mübärek arkasyndaky pygamberlik möhrüni görende, birden: “Ejem-kakam saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Hakyny almak üçin seniň ol mübärek arkaňa urmaga, saňa kysas etmäge kimiň güýji ýetsin, muňa kim het edip bilsin?” diýdi-de, Kainatyň Soltanynyň mübärek pygamberlik möhrüni ogşap aldy. Şonda Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) oňa: “Ýok, sen ýa urarsyň, ýa-da bagyşlarsyň” diýdi. Ukkaşe hezretleri: “Janym saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Bagyşladym. Eýsem, Allahu tagala hem kyýamat güni meni bagyşlarmyka?” diýdi. Pygamberimiz: “Kim meniň jennetdäki ýoldaşymy görmek islese, şu garra seretsin” diýdi. Resulullahyň bu mübärek sözüni eşiden hormatly sahabalar onuň iki gözüniň arasyndan ogşap başladylar. Hemmesi: “Bagtly sen, bagtly sen! Eý Ukkaşe! Resulullah bilen bile bolmagyň hatyrasyna sen jennetde beýik derejelere ýetdiň” diýýärdiler.3
Usama ibn Zeýdiň serkerde bellenmegi
Sapar aýynyň soňky günleridi. Älemleriň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) demirgazykdaky Wizantiýa imperiýasy musulmanlar üçin uly howpa öwrülmänkä, wizantiýalylary ýene yslama çagyrmak, kabul etmeseler, olar bilen söweşip, yslam döwletine boýun egdirmek isleýärdi. Şonuň üçin ol gahryman sahabalaryna wizantiýalylar bilen söweşe taýýarlanmagy buýurdy. Hormatly sahabalar taýýarlyk görmek üçin dagadylar. Resuly ekrem hezreti Usama ibn Zeýdi çagyrdy we: “Eý Usama! Allahu tagalanyň ady we bereketi bilen Şama (Siriýa), Belkanyň serhedine, Palestinadaky Daruma, kakaňyň şehit edilen ýerine çenli git. Ol ýerleri atlara depelet. Men seni bu goşuna baş serkerde belledim. Ubna ilatynyň üstüne duýdansyz baryp, ýyldyrym ýaly hüjüm et. Barjak ýeriňe senden öň habar ýetmez ýaly çalt git. Ýanyňa ýol görkezijileri al, jansyzlar we gözegçiler senden öňde gitsinler. Allahu tagala ýeňiş nesip etse, olaryň arasynda az eglen” diýdi. Soňra Jurfda düşelge gurmagy buýurdy we mübärek elleri bilen baýdagy daňyp, oňa tabşyrdy.4
Ol metjitde münbere çykdy we: “Eý sahabalarym! Usamanyň kakasy Zeýd serkerde bolmaga mynasyp bolşy we meniň ýanymda iň söýgüli adam bolşy ýaly, ondan soň onuň ogly Usama hem serkerde bolmaga şeýle mynasypdyr. Usama – meniň ýanymda ynsanlaryň iň söýgülilerindendir” diýdi.
Hezreti Usamanyň serkerdeligi astynda söweşe gitjekleriň arasynda hezreti Abu Bekir, hezreti Omar, hezreti Abu Ubeýde ibn Jerrah, hezreti Sagt ibn Abu Wakkas ýaly sahabalaryň öňdebaryjylary hem bardy.
Emma ertesi gün Kainatyň Soltany duýdansyz kesellänligi sebäpli, goşunyň gitmegi Pygamberimiziň ahyrete göçmeginden soňa galdy. Söýgüli Pygamberimiz agyr gyzzyrma (humma) keseline uçrapdy. Gyzgyny günsaýyn artýar, keseli güýçlenýärdi.
Agyrylary azalan bir gije, gijäniň ýarynda ol ýerinden turdy. Geýnip, gitmäge taýýarlandy. Muny gören hezreti Aişe enemiz: “Ejem-kakam, janym saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Nirä barýarsyňyz?” diýip sorady. Älemiň serweri (sallallahu aleýhi we sellem): “Baky gonamçylygynda jaýlananlar üçin ystygfar etmäge buýruk aldym. Şol ýere barýaryn” diýip jogap berdi.
Ol ýanyna Abu Muweýhibe bilen Abu Rafygy aldy we şol ýere gitdi. Gonamçylykda uzak-uzak doga etdi, olaryň ötülmegini we bagyşlanmagyny diläp, Allahu tagalanyň dergähine ýalbardy. Pygamberimiziň şeýle yhlas bilen ýalbarmagyny görüp, onuň ýanyndaky sahabalar: “Biz hem häzir şu ýerde jaýlanan bolsadyk-da, Resulullahyň bu dogasyna mynasyp bolmak bilen şereflenen bolsadyk!” diýdiler. Söýgüli Pygamberimiz Abu Muweýhibä öwrülip: “Eý Abu Muweýhibe! Maňa dünýäniň hazynalary bilen ahyretiň nygmatlarynyň arasynda saýlamakda erk berildi. Maňa: ’Isleseň, dünýäde gal, soňra jennete gir, isleseň, Likaullah (Allahu tagala gowuşmak) bolsun-da, jennete gir’ diýdiler. Men Likaullahy, soňra jenneti saýladym” diýdi.
“Eý möminler! Allahyň hatyrasy üçin, kimiň mende haky bar bolsa, tursun, gelsin, kyýamatdan öň şu ýerde alsyn” Hadysy şerif
Bir gün hem ol Uhudda ýatan şehitler üçin bagyşlanmak dilemek üçin ýola çykdy. Olar üçin Allahu tagalanyň dergähine uzak-uzak ýalbaryp doga etdi. Soňra metjide gelip, hormatly sahabalara: “Men – Köwser howzuna siziň iň öň ýetjegiňiz, sizi garşylajagyňyz bolaryn. Biziň duşuşjak ýerimiz şol ýerdir… Men siz üçin, menden soň müşrikçilige gaýdarsyňyz diýip gorkmaýaryn. Emma dünýä berlersiňiz, onuň üçin biri-biriňize gabanarsyňyz, biri-biriňizi öldürersiňiz we netijede sizden öňkileriň ýok bolup gidişi ýaly, siz hem ýok bolup gidersiňiz diýip gorkýaryn…” diýdi. Soňra bagtly öýüne gitdi. Keseli agyrlaşdy. Mübärek aýallary söýgüli Pygamberimize onuň hezreti Aişe enemiziň öýünde galmagyny isleýändiklerini, öz haklaryny oňa berýändiklerini bildirdiler. Ol päk aýallarynyň bu janpidalygyna begendi, olaryň hemmesine doga etdi we galan günlerini hezreti Aişe enemiziň öýünde geçirip başlady. Resuly ekremiň (sallallahu aleýhi we sellem) gyzgyny örän artdy. Gyzgynyň güýjünden ol düşeginde bir gapdaldan beýleki gapdala öwrülmäge mejbur bolýardy. Ol şeýle ýagdaýdaka, hormatly sahabalar onuň halyny soramaga gelýärdiler, Pygamberimiziň agyr kynçylyk çekýändigine juda gynanýardylar. Abu Sagyt Hudry şeýle gürrüň berdi: “Men Resulullahyň mübärek huzuryna giripdim. Onuň üstünde bahmal örtgi bardy. Gyzzyrmanyň yssysy örtgüden daşaryk çykýardy, gyzgynlykdan biz örtgä elimizi degirip bilmeýärdik. Biziň haýran galyşymyzy we gaýgylanyşymyzy gören Resulullah şeýle diýdi:
‘Iň agyr bela pygamberlere bolýar. Muňa garamazdan, pygamberiň belalara begenmegi siziň özüňize berlen nygmatlara begenşiňizden has köpdür’”.
Ummu Bişr binti Bera şeýle gürrüň berdi: “Men Resulullahyň halyny soramaga barypdym. Onuň mübärek bedeni ot ýaly ýanýardy. Men: ‘Janym saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Men hiç haçan beýle agyr kesel görmedim!..’ diýdim. Ol şeýle diýdi: ‘Eý Ummu Bişr! Gyzzyrmanyň güýçli bolmagy meniň sogabymyň köp bolmagy üçindir. Bu kesel – Haýberde dadyp gören zäherli etimiň yzydyr. Ol etiň ajysyny men hemişe duýardym. Şol gün iýen zäherim indi meniň ebherimi, ýagny aorta damarymy üzýär’”.5
Söýgüli Pygamberimiz Abdylla ibn Mesgut hezretlerine hem şeýle diýdi: “Kesele uçran her bir musulmanyň ýalňyşlaryny we günälerini Allahu tagala, agajyň ýapraklary dökülişi ýaly, döker!”6 Kesel günsaýyn güýçlenýärdi. Hormatly sahabalar muňa gaty gynanýardylar, öýlerinde rahat oturyp bilmeýärdiler. Olar metjitde ýygnandylar. Pygamberimiziň ýagdaýyny bilmek üçin hezreti Alyny onuň huzuryna iberdiler. Älemleriň Serweri yşarat bilen: “Sahabalarym näme diýýärler?” diýip sorady. Ol: “‘Resulullah aramyzdan gitse!..’ diýip, örän gynanýarlar we aladalanýarlar” diýdi. Sahabalaryna merhemeti çäksiz bolan söýgüli Pygamberimiz keseliniň agyrlygyna çydap ýerinden turdy we hezreti Aly bilen hezreti Fadl ibn Abbasa daýanyp, metjide geldi. Münbere çykyp, Allahu tagala hamd we sena aýdandan soň, hormatly sahabalara şeýle diýdi:
“Eý sahabalarym! Meniň ölümimi oýlap, alada edýän ekeniňiz. Haýsy bir pygamber öz ymmatynyň arasynda ebedi galdy, men hem siziň araňyzda ebedi galaýyn? Bilip goýuň, men Rebbime gowuşaryn. Size nesihatym şu: muhajyrlaryň ulularyna hormat goýuň! Eý muhajyrlar! Size-de wesýetim şu: ensarlara ýagşylyk ediň! Olar size ýagşylyk etdiler. Sizi öýlerinde ýerleşdirdiler. Özleriniň güzerany kyn bolsa-da, sizi özlerinden ileri tutdular. Mallaryna sizi şärik etdiler. Kim ensarlara häkim bolsa, olara howandarlyk etsin, olaryň ýalňyşanlary bolsa, günälerinden geçsin” diýdi. Soňra gaty gözel, täsirli nesihatlar edip: “Allahu tagala bir guluna dünýäde galmak bilen Rebbine gowuşmagyň arasynda saýlamak erkini berdi. Ol gul Rebbine gowuşmagy isledi” diýdi. Hezreti Abu Bekir Resulullahyň bu sözler bilen öz wepatyna yşarat edendigine düşünip: “Janlarymyz saňa gurban bolsun, ýa Resulallah!” diýip aglap başlady. Rehimdarlyk derýasy söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem): “Aglama, eý Abu Bekir!” diýip, oňa sabyr etmegi, çydamagy buýurdy. Onuň mübärek gözlerinden ýaş akýardy. “Eý sahabalarym! Yslam dininiň ýolunda dogruçyllyk we yhlas bilen malyny gurban eden Abu Bekirden men gaty razy. Ahyret ýolunda özüme dost saýlap almak mümkin bolan bolsa, men ony saýlardym” diýdi we: “Metjide açylýan gapylaryň Abu Bekiriňkiden başga hemmesini ýapyň!” diýip buýurdy.
Soňra ol münberden düşüp, hezreti Aişe enemiziň otagyna dolandy. Hormatly sahabalar aglap başladylar. Şondan soň Pygamberimiz hezreti Aly bilen Fadl ibn Abbasyň gollaryna daýanyp, ýene metjide geldi. Münberiň aşaky basgançagynda durup, hormatly sahabalara şeýle diýdi: “Eý muhajyrlar we eý ensarlar! Wagty belli bolan bir zada gowuşmak üçin howlukmagyň peýdasy ýokdur. Allahu tagala hiç bir guly üçin howlukmaz. Kim Allahu tagalanyň kaza we kaderini üýtgetmäge, Onuň iradasyndan üstün çykmaga synanyşsa, Ol ony kahr eder we heläk eder.
Allahu tagala garşy hile gurmak, Ony aldamak isleýäniň işleri bozular, özi aldanar. Bilip goýuň, men size gaty mähirli we rehimlidirin. Siz hem maňa gowuşarsyňyz. Gowuşjak ýeriňiz – Köwser howuzynyň başy. Jennete girmek, maňa gowuşmak isleýän boş gürlemesin. Eý musulmanlar! Kapyr bolmak, günä etmek nygmatyň üýtgemegine, ryskyň azalmagyna sebäp bolar. Ynsanlar Allahu tagalanyň buýruklaryna boýun bolsalar, döwlet baştutanlary, emirler we häkimler olara rehim we mähir görkezerler. Eger olar pasyklyga, azgynlyga berilseler, çäkden çyksalar we günä etseler, rehimli baştutanlara gowuşyp bilmezler. Meniň durmuşym siziň üçin haýyrly bolşy ýaly, ölümim hem haýyr we rahmetdir. Eger kimdir birini nähak ýere uran ýa-da oňa erbet söz aýdan bolsam, maňa-da şony edip, hakyny almagyna razydyryn. Siziň biriňizden nähak bir zat alan bolsam, ony yzyna soramagyna razydyryn we halallaşmaga taýýardyryn. Sebäbi dünýäniň jezasy ahyretiň jezasyndan has ýeňildir. Oňa çydamak aňsatdyr”. Öňräk hezreti Abu Bekirden hoşaldygyny bildirişi ýaly, bu hutbada ol hezreti Omardan hem hoşaldygyny bildirip: “Omar meniň bilendir, men hem onuň bilen. Menden soň hak Omar bilen bilelikdedir” diýdi.
“Iň agyr bela pygamberlere bolýar. Muňa garamazdan, pygamberiň belalara begenmegi siziň özüňize berlen nygmatlara begenşiňizden has köpdür” Hadysy şerif
Resulullah bu hutbadan soň münberden düşdi. Namazdan soň ýene münbere çykyp, wesýet we nesihat edenden soň: “Sizi Allahu tagala amanat etdim” diýdi we sahabalaryndan aýrylyp, otagyna girdi. Älemleriň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) agyrylarynyň gaty güýçli bolan bir güni hormatly sahabalar bilen halallaşmak, ahyrete adamlaryň haky bilen gitmezlik üçin Bilal Habeşini çagyrtdy. Oňa: “Halka jar çek! Metjide ýygnansynlar. Olara soňky wesýetimi aýtmak isleýärin!..” diýdi.
Hezreti Bilal sahabalary metjide ýygnady. Söýgüli Pygamberimiz hezreti Aly bilen Fadla daýanyp metjide geldi. Münbere oturyp, Allahu tagala hamd we sena edenden soň: “Eý sahabalarym! Bilip goýuň, araňyzdan aýrylmagym golaýlaşdy. Kimiň mende haky bar bolsa, menden sorasyn. Meniň üçin gadyrly bolan adam menden hakyny sorasyn ýa-da ony halal etsin, Rebbime we Onuň rahmetine bu haklary töläp gowuşaýyn” diýdi. Soňra münberden düşüp, öýle namazyny okatdy. Namazdan soň ýene münbere çykyp, namazdan öň aýdanlaryny gaýtalady. Pygamberimiz keselli wagtynda azan okalanda hemişe Mesjidi şerife çykardy we hormatly sahabalara imam bolup, jemagat bilen namaz okardy.7 Söýgüli Pygamberimiziň wepatyna üç gün galanda, keseli agyrlaşdy. Ol metjide çykyp, jemagata namaz okadyp bilmedi. Jemagat bilen okap bilmedik ilkinji namazy ýassy namazydy.
Hezreti Bilal hemişekisi ýaly, şol wagt gapynyň agzyna gelip: “Es-salat, ýa Resulallah!” diýdi. Söýgüli Pygamberimiziň ysgyndan gaçandygy sebäpli metjide gitmäge güýji ýokdy. Ol: “Abu Bekire aýdyň! Sahabalaryma namaz okatsyn” diýdi. Hezreti Aişe enemiz: “Janym saňa gurban bolsun, ýa Resulallah! Kakam ýumşak ýürekli we gaty näzik duýgyly adam. Siziň ýeriňizde durup, ol ýerde sizi görmese, aglamakdan okap bilmez. Imamlyga Omaryň geçmegini buýurmaýarmysyňyz?” diýip sorady. Pygamberimiz ýene: “Abu Bekire aýdyň! Sahabalaryma imam bolup namaz okatsyn” diýdi. Hezreti Bilal bu barada Abu Bekir Syddyga habar berdi. Hezreti Abu Bekir mihrapda Resulullahy görmänsoň, ýüregine ok degen ýaly boldy, aňyny ýitirjek boldy. Aglady!.. aglady!.. Hormatly sahabalar hem aglaşyp başladylar. Habybullah metjitden gelýän bu aglaýyş sesiniň näme üçindigini soranda, hezreti Fatma enemiz: “Janym saňa gurban bolsun, ýa Resulallah! Sahabalar senden aýrylmaga çydap bilmän aglaýarlar!..” diýip, ýagdaýy habar berdi.8 Rehimdarlyk derýasy söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) gaty täsirlendi. Sahabalaryna teselli bermek üçin, keseliniň şeýle agyr bolmagyna garamazdan, zordan turdy. Hezreti Aly bilen hezreti Abbasa daýanyp metjide geldi. Namazdan soň: “Eý sahabalarym! Siz Allahu tagalanyň goragyndasyňyz we men sizi Allahu tagala amanat etdim! Takwa boluň. Allahu tagaladan gorkuň. Allahu tagalanyň buýrugyny berk tutuň we boýun boluň. Men indi bu dünýäden aýrylýaryn” diýdi.
Söýgüli Pygamberimiziň wepatyna üç gün galypdy. Jebraýyl aleýhisselam Resulullahyň halyny soramaga gelip: “Ýa Resulallah! Allahu tagala saňa salam iberýär. Ýagdaýyňyzy bilse-de, nähili bolýandygyňyzy, özüňizi nähili duýýandygyňyzy soraýar” diýdi. Älemleriň Serweri bolsa: “Gamgyndyryn!” diýdi. Jebraýyl aleýhisselam ýekşenbe güni hem geldi we şol sözleri aýtdy. Pygamberimiz ýene öňki jogabyny berdi. Mundan başga-da Jebraýyl aleýhisselam Ýemende özüni pygamber diýip yglan eden Eswet Anesiniň öldürilendigini habar berdi. Resuly ekrem muny sahabalaryna bildirdi. Kesellemezinden öň oňa birnäçe altyn gelipdi; ol olaryň birnäçesini garyplara, birnäçesini hezreti Aişä beripdi. Ýekşenbe güni Resulullahyň keseli agyrlaşdy. Ýanyna gelen goşunyň baştutany hezreti Usama bilen ol hiç zat gürleşmedi. Emma mübärek gollaryny galdyryp, onuň üstünden sypady. Onuň oňa doga edendigi düşnükli boldy. Keseliniň on üçünji we soňky güni… Ol gün, söýgüli Pygamberimiziň dünýäni şereflendiren güni ýaly, Rebiulewwel aýynyň on ikisi, duşenbe günüdi. Kainatyň Soltany mübärek bedeninde birneme ýeňillik duýdy… Hormatly sahabalar Abu Bekir Syddygyň yzynda ertir namazyny okajak wagtlary Älemleriň Serweri Mesjidi şerife geldi. Ymmatynyň sap-sap bolup ybadat edýändigini gördi. Begenip ýylgyrdy. Hormatly sahabalar hem Resulullahy metjitde görüp, keseli geçendir öýdüp begendiler. Abu Bekir Syddyk (radyýallahu anhu) söýgüli Pygamberimiziň gelendigine düşünip, yza çekilmek isledi. Pygamberimiz oňa “Ýeriňde dur!” diýen manyda yşarat etdi. Özi hezreti Abu Bekire uýdy we onuň yzynda namaz okady.9 Şeýlelikde, Resulullahyň buýrugy bilen hezreti Abu Bekir hormatly sahabalara on ýedi wagt namaz okatdy. Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) namazdan soň hezreti Aişäniň otagyna girip ýatdy. Ol: “Allahu tagalanyň huzuryna dünýä malyny galdyrman barmak isleýärin. Ýanyňda galan altynlary hem garyplara paýla!” diýdi. Soňra onuň gyzgyny ýokarlandy. Biraz wagtdan soň ol ýene gözlerini açyp, hezreti Aişeden altynlary paýlap-paýlamandygyny sorady. Ol paýlajakdygyny aýtdy. Pygamberimiz olary derrew paýlamagy gaýta-gaýta buýurdy. Altynlar derrew paýlanyp, bu oňa habar berlende: “Indi rahatlandym” diýdi. Düşeginde birneme dynç alandan soň, ol ýanyna hezreti Alyny çagyrtdy. Mübärek başyny onuň gujagyna goýdy. Mübärek maňlaýy derläpdi, mübärek reňki üýtgäpdi. Hezreti Fatma enemiz mübärek kakasynyň bu halyny görüp, seredip durmaga çydap bilmedi we ogullary hezreti Hasan bilen hezreti Hüseýiniň ýanyna gitdi. Olaryň ellerinden tutup, aglap başlady: “Eý kakajan! Gyzyňa kim hossar bolar? Hasan bilen Hüseýini kime amanat edýärsiň? Waý, kakam! Janym saňa gurban bolsun! Senden soň meniň halym nähili bolar? Seniň mübärek ýüzüňden soň gözlerim kime bakar?” Resulullah gyzynyň ýürekleri ýakýan bu sözlerini eşidip, mübärek gözlerini açdy, ony ýanyna çagyrdy we: “Ýa Rebbim! Oňa sabyr ber” diýip doga etdi. Soňra: “Eý Fatma! Eý gözümiň nury! Kakaň jan berip ýatyr!” diýende, onuň iňňildäp aglamasy has-da güýçlendi. Hezreti Aly: “Eý Fatma! Haýyş edýärin, köşeş, Resulullahy has beter gynandyrma!” diýende, söýgüli Pygamberimiz: “Ony ynjytma, eý Aly! Goý, kakasy üçin gözleri ýaş döksün!..” diýdi. Soňra mübärek gözlerini ýumdy we özünden giden ýaly boldy. Şondan soň hezreti Hasan mübärek atasynyň ýanyna gelip, aglap: “Eý meniň mübärek atam! Senden aýrylmaga kim çydap biler? Ýüregimiziň derdini kime aýdarys? Senden soň ejeme, kakama we doganyma kim rehim eder? Aýallaryň we sahabalaryň seniň ol gözel ahlagyňy nireden taparlar?..” diýende, Pygamberimiziň mübärek aýallarynda çydar hal galmady we olaryň hemmesi bilelikde sessiz aglap başladylar. Daşarda gaty gynanyp garaşyp duran hormatly sahabalar Pygamberimiziň keseliniň gaty agyrlaşandygyny eşidip, ýürekleri daglandy. Olar aglap başladylar. Söýgüli Pygamberleriniň mübärek ýüzüni iň soňky gezek hem bolsa görmek üçin, gapynyň agzynda: “Haýyş edýäris, gapyny açyň! Resul aleýhisselamyň mübärek ýüzüni ýene bir gezek göreli!..” diýip ýalbardylar. Älemlere rahmet edilip iberilen Allahu tagalanyň Habyby, söýgülisi sahabalarynyň bu ýalbarmalaryny eşidip, rehim edip: “Gapyny açyň!” diýdi. Sahabalaryň ululary içeri girdiler. Söýgüli Pygamberimiz olara sabyr etmegi maslahat berenden soň: “Eý sahabalarym! Siz ynsanlaryň iň fazyletlileri, iň şereflilerisiňiz. Sizden soň kim gelse-de, siz olardan öň jennete girersiňiz. Dini aýakda saklamakda berk boluň we beýik Kurany imam (ýolbaşçy) ediniň.
“Eý sahabalarym! Siz Allahu tagalanyň goragyndasyňyz we men sizi Allahu tagala amanat etdim! Takwa boluň” Hadysy şerif
Diniň hökümlerinden gapyl bolmaň” diýdi. Soňra: “Ýa Rebbim! Teblig etdimmi?” diýip, mübärek gözlerini ýumdy. Mübärek ýüzi derledi. Hezreti Aly sahabalara yşarat bilen çykmagy aýtdy. Olar çykyp gidenlerinden soň, ýanyna hezreti Aişe enemiz gelip, nesihat sorady. Pygamberimiz: “Eý Aişe! Öýüňiň burçunda oturyp, özüňi gora!” diýenden soň, mübärek gözlerinden ýaş akyp başlady. Kainatyň Soltany aglaýardy… Ol ýerdäkileriň ýürekleri ýaralandy, bagyrlary paralandy. Hezreti Ummu Seleme enemiz: “Janym saňa gurban bolsun, ýa Resulallah! Näme üçin aglaýarsyňyz?” diýip soranda, ol: “Ymmatyma rehim edilmegi üçin aglaýaryn” diýdi.
Gün depä tarap galýardy. Wagt golaýlaşypdy… Söýgüli Pygamberimiziň mübärek başy hezreti Aişe enemiziň döşüne söýelipdi. Älemleriň Serweri indi soňky pursatlaryny ýaşaýardy, mübärek dodaklaryndan şu sözler dökülýärdi: “Aman! Aman! Elleriňizdäki gullaryňyza gowy garaň! Olara eşik geýdiriň, garynlaryny doýruň. Olar bilen ýumşak gürleşiň. Namazy, namazy dowam etdiriň. Aýallaryňyz we gullaryňyz barada Allahu tagaladan gorkuň!.. Allahym! Meni bagyşla! Maňa rahmetiňi ber!.. Meni Refiki agla toparyna gowuşdyr!..” Hezreti Fatma enemiziň göz ýaşlary sil ýaly akýardy, iňňildisi bagyrlary daglaýardy. Söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) ony ýanynda oturdyp: “Gyzym, birneme sabyr et, aglama. Sebäbi Hameleýi Arş (perişdeler) seniň aglamagyňa goşulyp aglaşýarlar” diýdi. Ol hezreti Fatma enemiziň göz ýaşyny süpürdi. Oňa teselli berip, Allahu tagaladan oňa sabyr diledi we: “Eý gyzym, meniň ruhum alynjak. ‘Inna lillahi we inna ileýhi rajigun’ diý. Eý Fatma! Gelen her musybetiň sogaby beriler” diýdi. Birneme mübärek gözlerini ýumup durandan soň: “Mundan soň kakaňa gaýgy-hasrat bolmaz. Sebäbi ol pany dünýäden, jebir-jepa ýerinden dynýar” diýdi. Soňra hezreti Ala: “Eý Aly! Meniň boýnumda pylan ýahudynyň şunça maly bar. Goşun taýýarlamak üçin alypdym. Ony tölemegi unutma. Elbetde, sen meni bu bergiden halas edersiň we Köwser howuzynyň başynda meniň bilen duşuşjaklaryň birinjisi – sen. Menden soň saňa köp zyýan ýeter, sabyr et. Ynsanlar dünýäni islände, sen ahyreti saýla” diýdi.
Hezreti Usama ýene geldi. Resulullah: “Allahu tagala saňa kömekçi bolsun! Hany, söweşe git!” diýdi. Ol hem çykyp, goşunyna gitdi we derrew ýola düşmegi buýurdy.10
Älemleriň Serweri indi soňky demlerini alýardy… Wagt örän golaýlaşypdy… Allahu tagala Ezraýyl aleýhisselama: “Habybymyň ýanyna iň gözel keşpde bar! Eger rugsat berse, ruhuny gaty ýumşak we ýeňil al. Rugsat bermese, yzyňa dolan!” diýip wahy iberdi. Ezraýyl aleýhisselam iň gözel keşpde, ynsan sypatynda söýgüli Pygamberimiziň bagtly öýüniň gapysynyň agzyna geldi we: “Esselamu aleýkum, eý pygamberlik öýüniň eýesi! Içeri girmäge rugsat berýärmisiňiz? Allahu tagala size rahmet etsin!” diýdi.
Hezreti Aişe enemiz söýgüli Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) ýanbaşynda oturan hezreti Fatma tarap öwrülip: “Bu gelene sen jogap ber” diýdi. Hezreti Fatma gapynyň agzyna baryp, gaty gamgyn ses bilen: “Eý Allahu tagalanyň guly! Resulullah häzir öz haly bilen meşgul” diýdi. Ezraýyl aleýhisselam ýene rugsat sorady. Oňa şol jogap berildi. Üçünji gezek salamyny gaýtalap, hökman girmelidigini gaty ses bilen aýdanda, Pygamberimiz muny eşitdi we: “Eý Fatma! Gapyda kim bar?” diýdi.
Hezreti Fatma: “Ýa Resulallah! Gapyda biri girmek üçin rugsat soraýar. Men oňa birnäçe gezek jogap berdim. Emma üçünji gezek seslenende, bedenim titräp gitdi” diýdi. Şondan soň Resulullah: “Eý Fatma! Gapydakynyň kimdigini bilýärmiň? Ol – lezzetleri ýykýan, jemagatlary dargadýan, aýallary dul, çagalary ýetim goýýan, öýleri harap, gabyrlary abat edýän ölüm perişdesi Ezraýyldyr. Eý Ezraýyl, gir!” diýdi. Şonda hezreti Fatma enemiz beýan edip bolmajak bir gussa batdy we onuň mübärek agzyndan: “Waý, Medine, harap bolduň!” diýen sözler çykdy. Pygamberimiz hezreti Fatmanyň elini tutup, mübärek döşüne goýdy we mübärek gözlerini ýumdy. Ol ýerdäkiler onuň mübärek ruhy alyndy öýtdüler. Hezreti Fatma enemiz çydap bilmän, kakasynyň mübärek gulagyna tarap egildi we ýürekleri ýaralaýan ses bilen: “Eý kakajan!..” diýip seslendi. Hiç jogap bolmansoň, bu gezek: “Janym saňa gurban bolsun, ýa Resulallah! Haýyş edýärin, mübärek gözleriňi bir aç-da, maňa bir zat aýt…” diýdi. Älemleriň Serweri mübärek gözlerini açyp, gyzynyň göz ýaşlaryny süpürdi we onuň gulagyna wepat boljakdygyny aýtdy. Şondan soň hezreti Fatma aglap başlady. Bu gezek ol onuň gulagyna: “Ähli beýtimden iň ilki meniň ýanyma geljek adam – sen” diýdi. Ol bu buşluga begenip, teselli tapdy.
“Allahym! Meni bagyşla! Maňa rahmetiňi ber!.. Meni Refiki agla toparyna gowuşdyr!..” Hadysy şerif
Hezreti Fatma enemiz: “Eý kakajan! Bu gün aýralyk güni! Saňa ýene haçan gowuşaryn?” diýip sorady. Resulullah: “Eý gyzym! Meni kyýamat güni howuzyň gyrasynda taparsyň. Ymmatymdan howuza gelenlere men suw bererin” diýdi. Hezreti Fatma: “Eger seni ol ýerde tapmasam, näme ederin?” diýip soranda, Pygamberimiz: “Mizanyň ýanynda taparsyň. Ol ýerde men ymmatyma şepagat ederin” diýdi.
Hezreti Fatma enemiz: “Ol ýerde-de tapmasam, ýa Resulallah?” diýende, Pygamberimiz: “Syratyň ýanynda taparsyň. Men ol ýerde Rebbime: ‘Ýa Rebbim! Ymmatymy otdan gora!’ diýip ýalbararyn” diýdi.
Şondan soň hezreti Aly gamgyn ses bilen: “Ýa Resulallah! Siz ruhuňyzy tabşyrandan soň, sizi kim ýuwar, nähili kepene dolarys, jynaza namazyňyzy kim okadar, gabra kim goýar?” diýip sorady. Pygamberimiz şeýle diýdi:
“Eý Aly, meni sen ýuw, Fadl ibn Abbas saňa suw guýup dursun. Jebraýyl siziň üçünjiňiz bolar. Ýuwmak (gusul) işini tamamlanyňyzdan soň, meni kepenlärsiňiz. Jebraýyl jennetden hoş ys getirer. Soňra meni metjide alyp baryň-da, çykyň. Sebäbi ilki Jebraýyl, soňra Mikaýyl, soňra Ysrapyl, soňra perişdeler topar-topar meniň namazymy okarlar. Ondan soň siz giriň, sap-sap duruň. Hiç kim menden öňe geçmesin”.11 Soňra garaşyp duran Ezraýyl aleýhisselamdan: “Eý Ezraýyl! Hal soramaga geldiňmi, ýa-da ruhumy almagamy?..” diýip soranda, Ezraýyl aleýhisselam: “Men hem myhman, hem wezipeli bolup geldim. Allahu tagala maňa seniň huzuryňa diňe rugsat bilen girmegi buýurdy. Mübärek ruhuňy diňe seniň rugsadyň bilen alaryn. Ýa Resulallah! Rugsat berseň, buýrugyňa boýun bolup, ruhuňy alaryn. Ýogsa yzyma dolanyp, Rebbime gaýdaryn” diýdi. Pygamberimiz: “Eý Ezraýyl! Jebraýyly nirede goýduň?..” diýdi. Ezraýyl: “Jebraýyly dünýä asmanynda goýdum. Perişdeler oňa seniň wepatyň sebäpli gynanç bildirýärler” diýdi. Olar şeýle gürleşip durkalar, Jebraýyl aleýhisselam geldi. Resulullah: “Eý doganym Jebraýyl! Indi dünýäden göçmeli wagt geldi. Allahu tagalanyň huzurynda meniň üçin näme bar? Şonuň bilen meni buşla, amanaty eýesine rahat göwün bilen tabşyraýyn” diýdi. Jebraýyl aleýhisselam: “Eý Allahu tagalanyň söýgülisi! Men asmanyň gapysyny açyk goýdum. Perişdeler sap-sap düzülip, seniň ruhuňa söýgi bilen garaşýarlar” diýdi. Pygamberimiz: “Hamd diňe Allahu tagala mahsusdyr. Sen meni buşla! Rebbimiň huzurynda meniň üçin näme bar?..” diýdi. Jebraýyl aleýhisselam: “Ýa Resulallah! Seniň gelmegiň hormatyna jennetiň gapylary açyldy, jennetiň derýalary akdy, jennetiň agaçlary egildi, hüýrler bezendi” diýdi.
Pygamberimiz ýene: “Hamd diňe Allahu tagala mahsusdyr. Meni başga bir buşluk bilen buşla, eý Jebraýyl!..” diýdi. Jebraýyl aleýhisselam: “Ýa Resulallah! Kyýamat güni ilkinji şepagat ediji we şepagaty ilkinji kabul ediljek – sen” diýdi. Söýgüli Pygamberimiz ýene: “Hamd diňe Allahu tagala mahsusdyr. Eý Jebraýyl! Meni ýene bir buşluk bilen buşla” diýende, Jebraýyl aleýhisselam: “Ýa Resulallah! Sen näme hakda soraýarsyň?..” diýdi. Şondan soň Pygamberimiz: “Meniň ähli aladam, gaýgym we hasratym – menden soň galdyryp gitjek ymmatym” diýdi. Hezreti Jebraýyl: “Eý Allahu tagalanyň Habyby! Allahu tagala kyýamat güni sen razy bolýançaň ymmatyňy bagyşlar. Ähli pygamberlerden öň seni, ähli ymmatlardan öň seniň ymmatyňy jennete salar” diýdi. Söýgüli Pygamberimiz Jebraýyl aleýhisselama: “Allahu tagalanyň huzurynda meniň üç dilegim bar: birinjisi – meni ymmatymyň günäkärlerine şepagatçy etmegi. Ikinjisi – dünýäde eden günäleri üçin olara azap bermezligi. Üçünjisi – penşenbe we duşenbe günleri ymmatymyň amallarynyň maňa görkezilmegi. (Eger amallary gowy bolsa, doga ederin, Allahu tagala kabul eder. Erbet bolsa, şepagat edip, amal depderinden öçürilmegini soraryn.)” diýdi. Jebraýyl aleýhisselam Allahu tagaladan onuň bu üç dileginiň hem kabul edilendigi baradaky habary ýetirdi. Şondan soň söýgüli Pygamberimiz rahatlandy.
Allahu tagala: “Eý Habybym! Ymmatyňa beýle muhabbet we mähir görkezmegi mübärek ýüregiňe kim saldy?..” diýip wahy iberdi. Pygamberimiz: “Meni ýaradyp, terbiýe eden Rebbim tagala” diýip jogap berdi. Jenaby Hak: “Meniň seniň ymmatyňa bolan rahmetim, merhemetim seniňkiden müň esse artykdyr. Olary Maňa goý” diýdi. Soňra söýgüli Pygamberimiz: “Indi rahatlandym. Eý Ezraýyl! Saňa buýrulan wezipäni ýerine ýetir!” diýdi. Ezraýyl aleýhisselam wezipesini ýerine ýetirmek üçin, hormatyna ýaradylan Kainatyň Soltanynyň huzuryna golaýlaşdy. Söýgüli Pygamberimiz ýanyndaky suw gabyna iki mübärek elini batyryp, öl ellerini mübärek ýüzüne sürtdi we: “La ilähe illallah! Allahym! Refiki agla!..” diýdi. Ezraýyl aleýhisselam Älemleriň Serweriniň mübärek ruhuny alyp başlady. Resulullahyň mübärek ýüzi gah gyzarýardy, gah saralýardy. Ol Ezraýyl aleýhisselama: “Ymmatymyň janyny hem şeýle gaty we zor bilen alarmyň?..” diýende, Ezraýyl: “Ýa Resulallah! Hiç kimiň janyny beýle ýeňil alanym ýok” diýip jogap berdi. Soňky pursatynda-da ymmatyny unutmadyk söýgüli Pygamberimiz: “Eý Ezraýyl! Ymmatyma etjek gatylygyňy maňa et! Sebäbi olar ejiz, çydap bilmezler…” diýdi. Soňra: “La ilähe illallah! Refiki agla!..” diýdi we onuň mübärek ruhy alynyp, aglaýy illiýýine ýetirildi…
Şepagat, ýa Resulallah!
Dahylek, ýa Resulallah!
Essalatu wesselamu aleýke ýa Resulallah!
Essalatu wesselamu aleýke ýa Habyballah!
Essalatu wesselamu aleýke ýa Seýýidel-ewweline wel-ahyrin!
Jebraýyl aleýhisselam Pygamberimiz bilen: “Esselamu aleýkum, eý Allahu tagalanyň Resuly! Meniň maksadym, islegim sendiň. Indi men ýer ýüzüne gaýdyp gelmerin!..” diýip hoşlaşdy.
Resuly ekremiň mübärek ruhy beýik äleme gidende, hezreti Fatma enemiz we Pygamberimiziň päk aýallary (ezwajy tahirat) (radyýallahu anhunna) sessiz aglap başladylar.12 Şol wagt eýesi görünmeýän bir ses:
“Eý Fatma! Gapydakynyň kimdigini bilýärmiň? Ol – lezzetleri ýykýan, jemagatlary dargadýan, aýallary dul, çagalary ýetim goýýan, öýleri harap, gabyrlary abat edýän ölüm perişdesi Ezraýyldyr” Hadysy şerif
“Esselamu aleýkum, eý Ähli beýt! We rahmetullahi we berekatuhu” diýip salam berdi we Äli-Ymran süresiniň 185-nji aýaty kerimesini okady, onuň manysy: “Bilip goýuň, her bir jan eýesi ölümi dadar. We kyýamat güni size sogaplaryňyz doly beriler”. Soňra olara teselli berip: “Allahu tagalanyň ihsanlaryna, ikramlaryna bil baglaň. Oňa sygynyň, Ondan umyt ediň. Bagyryp aglamaň! Hakyky musybete uçran – sogapdan mahrum galandyr!” diýip gynanç bildirdi.
Bu sözleri ol ýerdäkileriň hemmesi eşidip, salamyna jogap berdiler. Olary aýdan Hydyr aleýhisselamdy.13 Resuly ekremde ölüm alamatlary görnende, Ummu Eýmen ogly Usamanyň ýanyna habar iberdi. Usama, hezreti Omar we Abu Ubeýde bu ajy habary alanlarynda, goşundan aýrylyp, Mesjidi Nebewä geldiler. Aişe Syddyka we beýleki aýallar aglap başlanda, Mesjidi şerifdäki hormatly sahabalar aljyrap galdylar. Näme bolandygyna düşünmediler. Başlaryna urlan ýaly boldular. Hezreti Aly öli ýaly hereketsiz galdy. Hezreti Osmanyň dili tutuldy. Hezreti Abu Bekir şol wagt öýündedi. Ol ylgap geldi we derrew Hüjreýi sagadata girdi. Älemiň buýsanjynyň ýüzüni açdy we onuň wepat bolandygyny gördi. Mübärek ýüzi we tutuş bedeni näzik, päk bolup, nur ýaly ýalpyldaýardy. “Ölümiň hem durmuşyň ýaly nähili gözel, ýa Resulallah!” diýip, ol ony öpdi. Uzak aglady. Mübärek ýüzüni ýapdy. Öýdäkilere teselli berdi. Soňra Mesjidi şerife geldi. Münbere çykyp, hormatly sahabalara hutba okady. Allahu tagala hamd we sena aýtdy, Resuly ekreme (sallallahu aleýhi we sellem) salawat okandan soň: “Kim Muhammet aleýhisselama iman getiren bolsa, bilsin: Muhammet aleýhisselam wepat boldy. Kim Allahu tagala ybadat edýän bolsa, bilsin: Ol – Haý (diri) we Baky (ölmeýän, ebedi)” diýdi. Soňra Äli-Ymran süresiniň 144-nji aýaty kerimesini okady, onuň manysy: “Muhammet (aleýhisselam) – resul. Ondan öň hem resullar geldi. Ol hem öler. Wepat bolsa ýa-da öldürilse, siz dinleriňizden dänersiňizmi? Kim dininden çyksa, Allahu tagalany zyýana salyp bilmez. Ol diňe özüne zyýan ýetirer. Dininden dänmediklere Allahu tagala sogap berer”. Hormatly sahabalara nesihat edip, tertip-düzgüni ýola goýdy.14 Şeýlelikde, olaryň hemmesi Resulullahyň wepat bolandygyna ynandylar. Gaýgy we hasrat hormatly sahabalaryň ýüreklerine zäherli hanjar ýaly sanjyldy. Gözler aglaýardy, göz ýaşlary sil bolup akýardy, hasrat ody her kimiň bagryny daglaýardy. Hormatly sahabalar (aleýhimur-rydwan) ilkinji iş hökmünde ähli işleri dolandyrar ýaly hezreti Abu Bekiri halyf saýladylar. Oňa beýgat edip, oňa boýun boldular we onuň buýrugy boýunça işleri alyp baryp başladylar.15 Resuly ekrem hijretiň on birinji ýylynda (milady 632), Rebiulewwel aýynyň 12-nji güni, duşenbe güni öýleden öň ahyrete göçdi. Şol wagt ol aý ýyly bilen 63 (gün ýyly bilen – 61) ýaşyndady.16
Pygamberimizi hezreti Aly, hezreti Abbas, hezreti Fadl ibn Abbas we hezreti Usama ibn Zeýd ýuwdular.17
“Allahu tagalanyň ihsanlaryna, ikramlaryna bil baglaň. Oňa sygynyň, Ondan umyt ediň. Bagyryp aglamaň! Hakyky musybete uçran – sogapdan mahrum galandyr!” Hydyr aleýhisselam
Mihraby şerif – Rawdaýy mutahhara / Mesjidi Nebewi
Pygamberimiziň (aleýhissalatu wesselam) Mesjidi şerifindäki
“Rawdaýy mutahhara / Jennet bagy” diýlip atlandyrylýan bölüm.
Söýgüli Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) imam bolup namaz okadan
mihraby görünýär.
Bu suratda görünmese-de, çep tarapda onuň mübärek gabry
(Hüjreýi sagadat) ýerleşýär.
Münberi şerif – Rawdaýy mutahhara / Mesjidi Nebewi
Söýgüli Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) anna hutbasyny okan münberi görünýär. Ol döwürdäki münberi şerif üç basgançakly we bir metr beýiklikdedi. Ol 654-nji (milady 1256-njy) ýyldaky ýangynda doly ýandy. Dürli ýyllarda dürli münberler ýasaldy. Häzirki on iki basgançakly, ýedi metr beýiklikdäki mermer münberi soltan Murat han III hijri 998-nji (milady 1590-njy) ýylda Stambuldan iberipdir.
Ýuwulýan wagty onuň mübärek bedeninden şu wagta çenli hiç kimiň ysgamadyk müşk ysy ýaýrady. Soňra mübärek köýnegini çykarman, ony üç gezek ýuwdular we üç gat täze ak kepene dolap kepenlediler. Ony bir sekiniň üstünde göterip, metjide getirdiler. Söýgüli Pygamberimiziň öň habar berşi ýaly, her kes metjitden çykdy. Perişdeler topar-topar gelip, onuň jynaza namazyny okadylar. Perişdeler okap bolanlaryndan soň, eýesi görünmeýän bir ses: “Giriň! Pygamberiňiziň jynaza namazyny okaň!” diýdi. Şondan soň hormatly sahabalar içeri girdiler. Olar hem topar-topar gelip, söýgüli Pygamberimiziň jynaza namazyny imamsyz okadylar. Muny çarşenbe güni agşama çenli zordan tamamlap bildiler. Hormatly sahabalar söýgüli Pygamberimiziň mübärek gabrynyň gazylmagy meselesinde hezreti Abu Bekiriň ýatlatan şu hadysy şerifine eýerdiler: “Pygamberler ruhlaryny tabşyran ýerlerinde jaýlanýarlar”. Pygamberimiz hezreti Abu Talha Ensarynyň lähet görnüşinde gazan mübärek gabryna sişenbäni çarşenbä birleşdirýän gijäniň (çarşenbe gijesiniň) ýarymyna golaý jaýlandy. Hezreti Abbasyň ogly Kusem gabyrdaky hyzmaty tamamlap, ondan iň soňky bolup çykdy. Ol şeýle diýdi: “Resulullahyň mübärek ýüzüni iň soňky gören – men. Onuň mübärek dodaklary gymyldaýardy. Oňa egilip, gulak goýdum. Ol: ‘Ýa Rebbim! Ymmatym!.. Ýa Rebbim! Ymmatym!..’ diýip ýalbarýardy”.18 Söýgüli Pygamberimiz ahyrete göçen güni hezreti Abdylla ibn Zeýd: “Ýa Rebbim! Men bu gözi Habybyňyň mübärek nurly ýüzüne bakmak üçin isleýärdim. Ol görünmez bolansoň, indi ony näme edeýin! Ýa Rebbim, gözümi al!” diýip doga etdi we kör boldy…
Resulullah wepat bolanda, onuň hormatly bibisi Safiýe binti Abdylmuttalyp (radyýallahu anha) şu mersiýäni aýtdy:
Ýa Resulallah! Sen biziň umydymyzdyň,
Sen bize hemişe ýagşylyk edenimizdiň.
Sen hiç haçan adalatsyzlyk edenlerden däldiň,
Sen mähir eýesi, ýol görkezenlerdendiň.
Hem beýan edip bolmajak ylym derýasydyň.
Bu gün aglaýanlaryň nalasy – seniň üçin.
Seniň ýoluňa ähli ata-babalarym gurban bolsun!
Malym, janym, ähli barlygym gurban bolsun.
Ah! Häzir aramyzda diri bolsadyňyz,
Galsadyňyz, biz nähili şat bolardyk.
Hak tagalanyň hökümi şu, “Sabyr!” diýýäris,
Näme etjegimizi bilmän, hemişe nala çekýäris.
Allahyň salamy saňa bolsun, ýa Resulallah!
Adn jennetine girip, onda galgyn, ýa Resulallah!
