WEDA HUTBASY
Hamd diňe Allahu tagala mahsusdyr. Biz Oňa hamd edýäris, Ondan bagyşlanmak dileýäris we Oňa toba edýäris. Nebislerimiziň şerlerinden we amallarymyzyň günälerinden Allahu tagala sygynýarys. Allahu tagalanyň dogry ýola salanyny azdyryjy, Onuň azdyranyny dogry ýola salyjy ýokdur. Şaýatlyk edýärin: Allahu tagaladan başga ilah ýokdur. Ol – birdir. Onuň deňi-taýy, şärigi ýokdur. Ýene şaýatlyk edýärin: Muhammet (aleýhisselam) Onuň guly we resulydyr.
Eý Allahyň bendeleri! Size Allahu tagaladan gorkmagy we Oňa boýun bolmagy wesýet edýärin.
Eý ynsanlar! Sözümi gowy diňläň! Bilmeýärin, belki, şu ýyldan soň siz bilen bu ýerde hiç haçan ýene duşuşyp bilmerin. Eý ynsanlar! Bu günleriňiz nähili mukaddes gün bolsa, bu aýyňyz nähili mukaddes aý bolsa, bu şäheriňiz (Mekge) nähili mübärek şäher bolsa, siziň janlaryňyz, mallaryňyz we namyslaryňyz hem şeýle mukaddesdir. Olar her hili kast etmeden goraglydyr.
Sahabalarym! Ertir siz Rebbiňize gowuşarsyňyz we bu günki her bir haldan, her bir işiňizden hökman soralarsyňyz. Ägä boluň, menden soň öňki azgynlyklara gaýdyp, biri-biriňiziň boýnuňyzy çapmaň!
Bu wesýetimi şu ýerde bolanlar bolmadyklara ýetirsinler!
Belki, ýetirilen adam şu ýerde bolup eşidenden has gowy düşünip, ony gorap saklar. Sahabalarym! Kimiň ýanynda bir amanat bar bolsa, ony eýesine gaýtarsyn!
Ribanyň (göterimiň) ähli görnüşi ýatyryldy. Ol meniň aýagymyň astyndadyr. Emma bergiňiziň aslyny gaýtarmalysyňyz. Ne zulum ediň, ne-de zuluma sezewar boluň. Allahu tagalanyň buýrugy bilen sudhorlyk indi gadagandyr. Jahyliýet döwründen galan bu erbet däbiň ähli görnüşi meniň aýagymyň astyndadyr. Meniň ýatyran ilkinji ribam – Abdylmuttalybyň ogly (kakamyň dogany) Abbasyň ribasydyr. Sahabalarym! Jahyliýet döwründe alnyp barlan gan dawalary hem doly ýatyryldy. Meniň ýatyran ilkinji gan dawam – Abdylmuttalybyň agtygy (kakamyň doganynyň ogly) Rebiganyň gan dawasydyr.
Eý ynsanlar! Söweşip bilmek üçin haram aýlaryň ýerlerini çalyşmak, şübhesiz, küfürde has öňe gitmekdir. Munuň bilen kapyrlar azdyrylýar. Olar (bir aýy) bir ýyl halal hasaplaýarlar, beýleki ýyl bolsa ony haram diýip yglan edýärler. Muny olar Jenaby Hakyň halal we haram eden aýlarynyň sanyna laýyk getirmek üçin edýärler. Olar Allahu tagalanyň haram edenini halal, halal edenini haram edýärler.
Eý sahabalarym! Biz hajy edil öz wagtynda edýäris. Aýlaryň tertibi Allahu tagalanyň olary ýaradan wagtyndaky ýalydyr. Şübhesiz, zaman Allahu tagalanyň ony ýaradan günündäki şekline we tertibine dolandy.
“Allahym! Bu Öýüň şerefini, beýikligini, haýbatyny we abraýyny artdyr. Ony haj we umra bilen tagzym edenleriň hem şerefini, haýbatyny, hormatyny we ýagşylygyny artdyr” Hadysy şerif
Eý ynsanlar! Şu gün şeýtan siziň bu topraklaryňyzda täzeden täsirini we hökmüni ornaşdyrmak güýjüni ebedi ýitirdi. Emma siz meniň ýatyran bu zatlarymdan başga, ownuk saýýan işleriňizde oňa eýerseňiz, bu ony begendirer. Diniňizi goramak üçin bulardan hem saklanyň!
Eý ynsanlar! Size aýallaryň haklaryny goramagy we bu barada Allahu tagaladan gorkmagy wesýet edýärin. Siz aýallary Allahu tagalanyň amanaty hökmünde aldyňyz; olaryň namysyny we päkligini Allahu tagalanyň adyndan söz berip, özüňize halal etdiňiz. Siziň aýallaryňyzyň üstünde hakyňyz bar, olaryň hem siziň üstüňizde haklary bar. Siziň aýallaryňyzyň üstündäki hakyňyz – olaryň maşgalaňyzyň mahremligini siziň halamaýan hiç bir adamyňyza depeletmezligidir. Eger olar siziň razy bolmadyk islendik bir adamyňyzy maşgala öýüňize salsalar, olary ýeňiljek urup saklap bilersiňiz. Aýallaryň siziň üstüňizdäki haklary bolsa – olaryň her hili iýmit we geýim zerurlyklaryny şerigata laýyk üpjün etmegiňizdir. Eý möminler! Size bir amanat galdyrýaryn: oňa berk ýapyşsaňyz, ýoluňyzdan asla azaşmarsyňyz. Ol amanat – Allahu tagalanyň kitaby Kurany Kerimdir. (Başga rowaýatlarda “Sünnetim” we “Ähli beýtim” diýlip hem bildirilýär.)
Eý möminler! Sözümi gowy diňläň we gowy ýatda saklaň! Musulman musulmanyň doganydyr, şeýlelikde, ähli musulmanlar dogandyr. Din doganyňyza degişli islendik haka el uzatmak başga birine halal däldir, diňe ol muny öz göwün hoşlugy bilen beren bolsa başga. Sahabalarym! Nebsiňize, ýagny özüňize zulum etmäň. Özüňiziň hem siziň üstüňizde hakyňyz bar. Eý ynsanlar! Allahu tagala her hak eýesine onuň hakyny (Kurany Kerimde) berdi. Mirasdara wesýet gerek däl. Çaga kimiň düşeginde dünýä inse, şonuňkydyr. Zyna eden üçin mahrumlyk bardyr. Öz kakasyndan başga birine nesil dawa eden nesilsiz ýa-da özüni hojaýynyndan başga birine degişli eden nankör Allahu tagalanyň gazabyna, perişdeleriň we ähli musulmanlaryň näletine uçrasyn! Jenaby Hak beýle adamlaryň ne tobasyny, ne-de adalatly şaýatlygyny kabul eder. Eý ynsanlar! Rebbiňiz birdir. Kakaňyz hem birdir: hemmäňiz Adamyň çagalarysyňyz. Adam bolsa topraktandyr. Allahyň huzurynda iň gymmatlyňyz – takwasy iň köp bolanyňyzdyr. Arabyň arap bolmadykdan hiç hili artykmaçlygy ýokdur. Artykmaçlyk diňe takwalyk bilendir. Maýyp gara gul üstüňize emir bellense we sizi Allahyň kitaby bilen dolandyrsa, ony diňläň we oňa boýun boluň. Günäkär öz günäsinden başga zat bilen aýyplanyp bilinmez. Kaka oglunyň günäsi üçin, ogly hem kakasynyň günäsi üçin aýyplanyp bilinmez.
Eý ynsanlar! Ünsli boluň! Şu dört zady asla etmäň:
1. Allaha hiç bir zady şärik goşmaň.
2. Allahyň haram eden janyny nähak ýere öldürmäň.
3. Zyna etmäň.
4. Ogurlyk etmäň.
Ynsanlar “La ilähe illallah, Muhammedun resulullah” diýýänçäler (ýagny musulman bolýançalar), olar bilen jihat etmäge buýruldym. Olar muny aýdanlarynda, ganlaryny we mallaryny gorap saklan bolarlar. Olaryň hasaby bolsa Allahu tagala degişlidir. Eý ynsanlar! Ertir sizden men barada sorarlar, näme diýersiňiz?.. Hormatly sahabalar: “Allahu tagalanyň dinini ýetirdiň, wezipäňi ýerine ýetirdiň, bize wesýet we nesihat etdiň diýip şaýatlyk edýäris” diýdiler. Şondan soň Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) mübärek şahadat barmagyny galdyryp, jemagata tarap aşak indirdi we: “Şaýat bol, ýa Rebbim! Şaýat bol, ýa Rebbim! Şaýat bol, ýa Rebbim!” diýdi.
Söýgüli Pygamberimiziň Weda hutbasyny okan güni Mäide süresiniň manysyna görä “Şu gün diniňizi siziň üçin kämil etdim, size nygmatymy tamamladym we size din hökmünde yslamy bermäge razy boldum…” diýen 3-nji aýaty kerimesi indi. Pygamberimiz bu aýaty kerimäni hormatly sahabalara okanda, hezreti Abu Bekir aglap başlady. Hormatly sahabalar onuň aglamagynyň sebäbini soranlarynda, ol: “Bu aýaty kerime Resulullahyň wepatynyň ýakyndygyny görkezýär. Şonuň üçin aglaýaryn” diýdi.1
Hutbadan soň ol Jebelur-Rahmede wakfa durdy. Agşam namazyny Arafatda okaman, ýassy namazy bilen bilelikde Muzdelifede okatdy. Şol gijäni Muzdelifede geçirdiler. Ertesi gün irden Meşgarul-Haramda wakfa durdular. Baýramyň birinji güni Muzdelifeden Mina tarap ýola düşdüler. Ýolda Muhassir diýilýän, pil eýeleriniň2 düşlän jülgesinde durman geçip gitdiler. Mina gelip ýetdiler; bu ýerde gurbanlyk düýelerden 63-sini Pygamberimiz özi soýdy, soňra pyçagy hezreti Ala berdi. Galanlaryny hezreti Aly soýdy. Baýramyň ikinji, üçünji we dördünji günleri jemrelere daş atdylar, Zülhijjäniň on dördünji güni ertir namazyndan öň Beýtullaha gelip, weda towabyny etdiler. Resulullah Mekgede 10 gün galdy, Weda hajyny we weda towabyny berjaý edip, Medinä dolandy. Mesjidi Nebewide iki rekagat namaz okady we bagtly öýüne girdi. Weda hajyndan soň hormatly sahabalar gelen ýerlerine gaýtdylar we Resulullahyň bildiren we buýran zatlaryny ol ýerlerde gürrüň berdiler.
Hijretiň onunjy ýylynda bolan beýleki wakalar
Hijretiň onunjy ýylynda bolan ýene bir waka – pygamberlik dawa eden ýalançylaryň ýüze çykmagydyr. Olaryň biri – Ýemende ýüze çykan Eswet Anesidir. Söýgüli Pygamberimiziň buýrugy boýunça Ýemeniň musulmanlary Eswet Anesini öz öýünde öldürdiler. (Beýlekisi – Museýlemetul-Kezzapdyr. Pygamberimiziň wepatyndan soň hezreti Abu Bekir Museýlemäniň üstüne Halyt ibn Welidiň serkerdeligi bilen goşun iberdi. Museýlemäni Wahşy (radyýallahu anhu) öldürdi.)3
“Şu gün diniňizi siziň üçin kämil etdim, size nygmatymy tamamladym we size din hökmünde yslamy bermäge razy boldum” Mäide: 3
Eý jahanyň padyşasy, eý deňziň we guryňyň Soltany!
Eý perişdelerden üstün, soňky we deňsiz Pygamber!
“Li meallahi waktun” habar berer halyňdan,
Bedene – ýaşaýyş, dile – tagam, köňle soltan – sen.
Ahmet, Muhammet, Mahmyt – elmydama öwýär seni Allah;
Seniň adyň bilen tamamlanýar La ilähe illallah.
Bu inçe syry azaşan düşünmez, bilmez hem!
Öz ady bilen bile seniň adyňy ýazypdyr Rahman.
Seni söýen gullar soltan bolýar, şahym!
Otur köňül tagtyma, eý deňsiz padyşahym!
Seni gaty söýýärin, kän bolsa-da günäm!
Ynandym: söýenler paý alar keremiňden.
Nädip söýmeýin, bedenimdäki janymsyň,
Hatyraň üçin bar boldum, ýaşaýşymyň sebäbisiň.
Damarymda ganymsyň, maňa menden ýakynsyň,
Sen aşyklara magşuk we ähli janlara janan.
Her derde derman – sen, her ruha şypa – sen,
Göze sürme, başa täç, kalplara jila – sen.
Habybullah – sen, meleýi agladan-da ýokary – sen,
Başga gapy kakmaz seni azajyk tanan.
Öwlüýäleriň mürşidi, alymlaryň ýolbaşçysy;
Gelşiň begendirdi ýedi gat gögi, ýeri.
Ynsanlara, jynlara Hakyň soňky Pygamberi!
Toprak astynda galsyn gapyňda gul bolmadyk!
