Söýgüli Pygamberim

WEDA HAJY

Hijretiň onunjy ýylynda Pygamberimiz haja taýýarlandy we Medinedäki musulmanlara-da haja taýýarlanmagy buýurdy. Medineden daşarda ýaşaýanlara-da habar iberdi. Şondan soň Medinede müňlerçe musulman ýygnandy. Resulullah gurbanlyk üçin ýüz düýe satyn aldy. Ýola çykmazdan öň ol gusul etdi. Mübärek saçlaryny darap, hoş ysly zatlar sürtünip, izaryny we ridasyny geýdi. Taýýarlyklar tamamlanansoň, söýgüli Pygamberimiz Zülkagda aýynyň 25-nji güni öýle namazyndan soň otuz müňden gowrak adamly kerwen bilen Medineden ýola çykdy. Şejere ýoly bilen Zulhuleýfä geldiler. Bu ýerde sahabalaryň sany kyrk müňden geçdi. Gijäni şol ýerde geçirdiler. Söýgüli Pygamberimiz ýany bilen äkiden ýüz düýesiniň birini getirtdi. Gurbanlyk alamaty bolsun diýip, onuň örküjiniň sag tarapyny çyzyp ganatdy, boýnuna iki kowuş asdy we sahabalaryna-da şeýle etmegi buýurdy. Iki rekagat ihram namazyny okady. Allahu tagala hamd we sena aýdandan soň, Kainatyň serweri: “Allahym! Muny meniň üçin içinde riýa, görkezme we şöhrat bolmadyk mebrur we makbul haj et!” diýip doga etdi. Ol ihrama girdi we Jebraýyl aleýhisselamyň habar bermegi bilen ýokary ses bilen telbiýe aýdyp başlady. Oňa hormatly sahabalar hem goşulansoň, ýer-gök telbiýe sesleri bilen guwlady: “Lebbeýk, Allahumme lebbeýk! Lebbeýk, la şerike leke lebbeýk! Innel-hamde wen-nygmete leke wel-mülk, la şerike lek!..”

Olar Beýda ýoly bilen Melele ýöneldiler. Sahabalar onuň yzyndan sil ýaly akýardy. Ýolda olara goşulýanlar barha köpelýärdi. Rewha jülgesinde ýetmişe golaý pygamber, şol sanda Musa aleýhisselam hem namaz okapdy. Şol jülgä gelende, Resulullah: “Bu jülge – jennet jülgeleriniň biridir” diýdi. Bu ýerde namaz okadylar. Soňra Munsarafa tarap ýola düşüp, ertir namazyny Esasede okadylar. Lahýul-Jemele gelende, Pygamberimiziň ýagdaýy gowşady, ol gan aldyrdy (hijama etdirdi) we Sukýada düşledi. Hormatly ejesi hezreti Ämine wepat bolan Ebwa diýen ýere gelende, ol onuň gabryny zyýarat edip aglady. Ýanyndakylary hem aglatdy. Soňra olar Telagatul-Ýemene, Juhfä, Gadyr Huma, Kudeýde we Usfan jülgesine baryp ýetdiler. Bu ýerde Pygamberimiz hezreti Abu Bekire: “Hud we Salyh aleýhimesselam billerine aba saryp, üstlerine ala mata geýip, jylawlary hurma süýüminden örülen ýaş gyzyl düýeleriň üstünde, haj üçin telbiýe aýdyp, bu ýerden geçipdiler” diýdi.1 Ganym, Merruz-Zahran we Serif arkaly olar Zi Tuwa jülgesine geldiler. Gijäni şu ýerde geçirip, ertir namazyny okandan soň, Hajundan geçip, Keda depesinden Mekgä girdiler. 10 gün dowam eden ýoldan soň, olar Zülhijjäniň 4-nji güni Mekgä gelip ýetdiler. Ýemenden we beýleki ýerlerden haj etmäge gelenleriň goşulmagy bilen musulmanlaryň sany 90 müňden geçdi. (Bir rowaýatda – ýüz on dört müň, başga bir rowaýatda bolsa ýüz ýigrimi müň töweregi bolupdyr.)

“Allahym! Muny meniň üçin içinde riýa, görkezme we şöhrat bolmadyk mebrur we makbul haj et!” Hadysy şerif

Beýtullahy görende, Resulullah şeýle doga etdi:

“Allahym! Bu Öýüň şerefini, beýikligini, haýbatyny we abraýyny artdyr. Ony haj we umra bilen tagzym edenleriň hem şerefini, haýbatyny, hormatyny we ýagşylygyny artdyr”.

Şondan soň ol haj amallaryna (menasige) başlady. Haj dowamynda ol Mekge bilen Minanyň arasynda, Ebtahda gurlan çadyrda galdy. Söýgüli Pygamberimiz Zülhijjäniň 8-nji (Terwiýe) güni Mina, 9-njy (Arafa) güni bolsa Arafata gitdi. Arafat jülgesiniň ortasyndaky Urene jülgesine gelip düşledi. Öýleden soň Kaswa atly düýesiniň üstünde Weda hutbasyny okady we hormatly sahabalar (radyýallahu anhum) bilen hoşlaşdy.2

SAŇA GELDIM!
Eý günäkärleriň penasy, saňa sygynmaga geldim!
Köp günäler etdim, saňa ýalbarmaga geldim!
Garaňky ýerlere sapdym, batgalyklara batdym,
Dogry ýoly ýagtyldýan nur çeşmesine geldim.
Çykjak bir janym galdy, eý ähli janlaryň jany!
Aýtmak laýykmy: “Janymy pida etmäge geldim”?
Dertlilere tebipsiň, men bolsa köňül hassasy.
Ýürek ýarama derman üçin gapyňy kakmaga geldim.
Sahylaryň gapysyna bir zat eltmek – ýalňyşdyr,
Basyp şeref beren topragyňy ogşamaga geldim.
Günälerim dag dek köp, ýüzüm gara, gatran dek!
Bu ýükden we garalykdan doly dynmaga geldim.
Arassalar, elbetde, hemmesini ihsan deňziňden bir damja,
Ýüzüm ýaly gara bolsa-da, amal depderim bilen geldim.
Gapyňa ýüz sürtüp bilsem, eý janymdan eziz janan!
Suw bilen bitmeýän işler hasyl bolar ol toprakdan!