Söýgüli Pygamberim

HAJYŇ PARZ BOLMAGY

Yslamyň bäş şertiniň biri bolan haj hem hijretiň dokuzynjy ýylynda parz edildi. Inen aýaty kerimede manysyna görä şeýle diýilýär: “Onda (Käbede) aç-açan alamatlar, Ybraýymyň makamy bar. Kim oňa girse, hüjümden aman bolar. Oňa barara ýol tapmaga mümkinçiligi bolanlaryň (güýji ýetýänleriň) ol Öýi haj (we zyýarat) etmegi – Allahu tagalanyň ynsanlaryň üstündäki bir hakydyr, parzydyr. Kim bu parzy inkär etse, şübhesiz, Allahu tagala ähli älemlerden binýazdyr (hiç bir zada mätäç däldir)”.1 Älemiň buýsanjy Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) Allahu tagalanyň bu buýrugyny sahabalaryna bildirdi. Özi hem Zülkagda aýynyň ahyrynda haj etmek isledi. Emma müşrikleriň ýalaňaç halda towap edýändikleri barada habar gelende, olar bilen şeýle ýagdaýda bile bolmagy laýyk görmedi. Haj amallaryny (menasigi) öwretmek üçin hezreti Abu Bekiri haj emiri belledi.

Hezreti Abu Bekiriň we hezreti Alynyň haja iberilmegi

Şol ýyl hormatly sahabalar hezreti Abu Bekiriň emirliginde üç ýüz kişilik kerwen bilen Mekgä gitdiler. Bu wagt Bera süresiniň ilkinji aýaty kerimeleri indi. Olarda ylalaşyklar barada käbir hökümler bildirildi. Söýgüli Pygamberimiz bu hökümleri yglan etmek üçin hezreti Alyny hem Mekgä iberdi.2

Şol wagt araplaryň arasynda giňden ýaýran bir däbe görä, bir ylalaşyk baglaşylsa ýa-da baglaşylan ylalaşyk bozulsa, muny ylalaşygy baglaşan adamyň özi ýa-da onuň bellän bir garyndaşy yglan ederdi. Pygamberimiz bu iş üçin hezreti Alyny haj kerweniniň yzyndan Mekgä iberdi. Hezreti Aly kerwene ýetişdi we olar bilelikde Mekgä girdiler.3 Hezreti Abu Bekir hutba okady we haj ybadatyny düşündirdi. Hormatly sahabalar (aleýhimur-rydwan) öwredilen kadalara görä haj etdiler. Haj ybadaty berjaý edilende, hezreti Aly hem Minada “Jemretul-Akaba” diýilýän ýerde hutba okady. Hutbasyny ol şeýle başlady:

“Eý ynsanlar! Meni size Resulullah iberdi”. Soňra ol Bera süresiniň ilkinji aýaty kerimesini okady. Şondan soň: “Men size dört zady bildirmäge buýruldym” diýdi. Bu dört zat şulardy:

1. Möminlerden başga hiç kim jennete girip bilmez.

2. Şu ýyldan soň hiç bir müşrik Käbä golaýlaşyp bilmez.

3. Hiç kim Käbäni ýalaňaç towap etmez. (Şol wagt müşrikler Käbäni ýalaňaç halda towap ederdiler.)

4. Kimiň Resulullah bilen ylalaşygy bar bolsa, ol möhleti gutarýança güýjünde galar. Galanlaryna dört aý möhlet berildi. Mundan soň hiç bir müşrik üçin ne ähtnama, ne-de howandarlyk bardyr.

“Onda (Käbede) aç-açan alamatlar, Ybraýymyň makamy bar. Kim oňa girse, hüjümden aman bolar. Oňa barara ýol tapmaga mümkinçiligi bolanlaryň (güýji ýetýänleriň) ol Öýi haj (we zyýarat) etmegi – Allahu tagalanyň ynsanlaryň üstündäki bir hakydyr, parzydyr” Äli-Ymran: 97

Şol günden soň hiç bir müşrik Käbä gelmedi we hiç kim Käbäni ýalaňaç towap etmedi. Bu zatlar bildirilenden soň, müşrikleriň köpüsi musulman boldy. Haj parzy ýerine ýetirilenden soň, hezreti Abu Bekir we hezreti Aly ýanlaryndaky hormatly sahabalar bilen Medinä dolandylar.4

Halyt ibn Welidiň Ýemene seriýýesi

Söýgüli Pygamberimiz hijretiň onunjy ýylynda, Rebiulewwel aýynda Halyt ibn Welidi dört ýüz mujahyt bilen Ýemeniň töwereginde ýaşaýan Harys ibn Kagb ogullaryny yslama çagyrmak üçin iberdi. Resulullahyň buýrugy boýunça Halyt ibn Welit hezretleri bu taýpany yzly-yzyna üç gün yslama çagyrdy. Olar hem çakylyga jogap berip, musulman boldular.

Gün çeşmesinden her dem feýz suwy iner,
Gabryňy täzelejek ussalara gerek bolsa suw.
Dowzah gorkusy gaýgy oduny saldy ýanan köňlüme;
Umydym şoldur: ihsan bulutyň sepsin ol oda suw.
Nagtyňyň bereketinden dür boldy Fuzulynyň sözleri,
Aprel bulutyndan damyp, şa merjenine öwrülen suw kimin.
Magşar güni gaflat ukusyndan oýanylanda,
Oýanan gözler hasrat ýaşyndan dökende suw,
Umydym şoldur: magşar güni mahrum galmasam,
Wysal çeşmäň berse maňa – jemalyňa teşne – suw.
Fuzûlî

Hijretiň onunjy ýylynda bolan wakalar

Hijretiň onunjy ýylynda yslam tutuş Arap ýarymadasyna ýaýrady. Dokuzynjy ýylda bolşy ýaly, bu ýyl hem Arabystanyň her künjeginden adamlar topar-topar bolup Medinä gelýärdiler, musulman bolmak bilen şereflenmek we ebedi bagta gowuşmak üçin biri-biri bilen ýaryşýardylar. Indi Arabystanda musulmanlara garşy durup biljek hiç bir güýç galmandy, yslam her ýerde agdyklyk edýärdi. Diňe käbir ýahudy we hristian taýpalary musulman bolmandy.

Şol ýyl Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) Nejran hristianlaryna hat iberip, olary yslama çagyrdy. Olar on dört adamy saýlap, Resulullahyň ýagdaýlaryny ýakyndan öwrenmek üçin Medinä iberdiler. Wekiller birnäçe wagtdan soň parahatçylyk ylalaşygyny baglaşdylar. Olaryň käbirleri soňra öz islegleri bilen musulman boldular. Şol ýyl Ýemeniň häkimi Bazan wepat boldy. Onuň ölüm habary gelende, Resulullah onuň ýurduny bölüp, bir bölegini ogly Şehre, bir bölegini Abu Musa Eşgara, bir bölegini Ýagla ibn Umeýýä we bir bölegini Muaz ibn Jebele berdi.

Pygamberimiz bu ýyl yslamyň ýaýran ähli şäherlerine häkimler iberdi. Hezreti Aly hem üç ýüz adam bilen Ýemendäki Müdlij taýpasyny yslama çagyrmak üçin iberildi. Ilki olar garşy çykyp, yslam goşunyna ok atdylar. Derrew olara jogap berildi. Ýigrimi adam öldürildi. Köpüsi dargap gaçdy. Hezreti Aly (radyýallahu anhu) sahabalara duşmany yzarlamaga ýol bermedi. Olara nesihat edip, ýene yslama çagyrdy. Olar kabul edip, iman getirdiler. Hezreti Aly we sahabalar derrew howlukmaç Medinä tarap ýola düşdüler we Resulullaha Mekgede ýetişdiler. Bu ýyl hem dokuzynjy ýyldaky ýaly ilçileriň gelmegi dowam etdi. Olaryň biri Gamit, beýlekisi Beni Hanife ilçisidi. Olar Resulullahyň mejlisine gelip, musulman boldular.

Najaşynyň aýal doganynyň ogly Feýruz gelip musulman boldy. Abdylkaýsdan hem wekiller topary gelip musulman boldy.

Şol ýyl Resulullahyň ogly Ybraýym bir ýarym ýaşynda wepat boldy. Resulullah bu jigerbendini ýitirende, mübärek gözleri ýaşdan doldy. Hezreti Ybraýymy Baky gonamçylygynda Osman ibn Mazgunyň ýanynda jaýladylar. Gabrynyň üstüne ilkinji gezek suw sepilen adam hem ol boldy.5

Biçäredir ymmatyň, olaryň günäsine bakma,
Elden kakyp, hasrat bilen dowzahda ýakma.
Rehim eýle, aman, aýralyk oduna ýakma;
Gysgasy, günäkär guluň Galyby taşlama.
Sen Ahmet, Mahmyt we Muhammetsiň, serwerim,
Hakdan bize goldanan soltansyň, serwerim.
Şeyh Galib

“Mazlumyň betdogasyndan ägä boluň. Mazlumyň dogasy bilen Hak tagala hezretleriniň arasynda perde ýokdur” Hadysy şerif

Yslamyň Arap ýarymadasynda ýaýraýşy