Söýgüli Pygamberim

TEBUK ÝÖRIŞI

Tebuk – Medineýi münewwere bilen Damask şäheriniň arasynda ýerleşýän belli bir ýerdir. Käbirleri munuň bir çeşmäniň adydygyny aýtdylar. Bu sapar Pygamberimiziň soňky sapary bolany üçin oňa “Tebuk ýörişi” diýdiler. Oňa “Fadyha” hem diýilýär, sebäbi münapyklar bu söweşde masgara boldular. Oňa “Jeýşul-usre” hem diýilýär. Bu saparda musulmanlar örän köp kynçylyk çekdiler. Mundan başga-da, ýol uzak, howa örän yssydy. Duşman esgerleri köp we güýçlüdi. Gytçylyk zamanydy. Bir düýä on adam nobatma-nobat münýärdi. Esgerleriň köpüsi bir aýlap hurmadan başga hiç zat iýmedi. Käte olar gowrulan arpa iýýärdiler. Käte ony-da tapyp bilmeýärdiler. Tebuk saparyna hijretiň dokuzynjy ýylynda, Rejep aýynda, penşenbe güni ýola çykyldy.

Yslamyň Arap ýarymadasynda çalt ýaýran şol dokuzynjy ýylynda hristian araplar “Yslam döwletini” gabanýan we onuň ösmegine päsgel bermek isleýän Wizantiýa imperatory Irakliusa hat ýazdylar. Olar: “Pygamberlik dawasy bilen ýüze çykan ol adam aradan çykdy. Musulmanlar häzir açlykda we garyplykda. Eger olary öz diniňe öwürmek isleseň, edil häzir wagtydyr” diýip ýazypdylar. Bu hatdan soň Iraklius musulmanlar bilen söweşmek üçin Kubadyň serkerdeligi bilen kyrk müň kişilik goşuny ýola çykardy. Muny eşiden Kainatyň buýsanjy Pygamberimiz sahabalaryny ýygnady we olara söweşe taýýarlanmagy buýurdy. Şol ýyl gurakçylyk bolany sebäpli, sahabalar maddy taýdan uly kynçylykdady. Diňe söwda bilen meşgullanýanlaryň ýagdaýy birneme gowudy. Yslam goşuny örän köpdi. Azyk we söweş esbaplary azdy. Kynçylyk çekmeli boljakdy. Pygamberimiz sahabalarynyň söweşe gatnaşjak esgerleri enjamlaşdyrmak üçin mal bilen kömek etmeklerini isledi. Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) bu islegi sahabalary herekete getirdi. Her kim elinde näme bar bolsa getirýärdi, maly we jany bilen jihada taýýarlanmaga çalyşýardy.

Pygamberimiziň gowak ýoldaşy hezreti Abu Bekir ähli malyny getiripdi. Resuly ekrem ondan: “Maşgalaňa näme galdyrdyň, eý Abu Bekir?” diýip soranda, ol: “Allahu tagalany we Onuň Resulyny galdyrdym” diýip jogap berdi. Hezreti Omar malynyň ýarysyny kömek hökmünde getiripdi. Pygamberimiz ondan hem: “Maşgalaňa näme galdyrdyň, eý Omar?” diýip sorady. Ol: “Getirenim ýaly galdyrdym” diýip jogap berdi. Pygamberimiz: “Ikiňiziň araňyzdaky tapawut – sözleriňiziň arasyndaky tapawut ýalydyr” diýdi. Şondan soň hezreti Omar ony taryplap: “Ejem-kakam saňa pida bolsun, eý Abu Bekir! Haýyr ýolundaky ähli ýaryşlarda sen menden öňe geçýärsiň. Indi hiç bir zatda senden öňe geçip bilmejekdigime gowy düşündim” diýdi.1 Hormatly sahabalar güýçleri ýetdiginden kömek etmäge çalyşýardylar. Emma münapyklar: “Siz ile görkezmek üçin berýärsiňiz” diýip, olary masgaralaýardylar. Pygamberimiz: “Kim şu gün bir sadaka berse, kyýamat güni Allahu tagalanyň huzurynda onuň sadakasy onuň peýdasyna şaýatlyk eder” diýdi. Pygamberimiziň bu mübärek sözlerinden soň möminler has köp kömek edip başladylar. Hezreti Osman ibn Affan goşunyň ýarysyny enjamlaşdyrdy.2 Osman Zinnureýn (radyýallahu anhu) bu goşuna esbaplary bilen bilelikde dokuz ýüz elli düýe, elli at berdi, olara münjekleriň enjamlaryny hem öz üstüne aldy, mundan başga-da ýene on müň dinar ýa-da ýedi ýüz rukyýýe altyn iberdi.3 Şeýlelikde ol musulmanlaryň arasynda iň köp kömek eden adam boldy. Hezreti Osman goşunyň zerurlyklaryny şeýle doly üpjün etdi welin, hatda suw meşiklerini bejermek üçin gerek boljak çuwal iňňesini-de unutmady. Onuň bu kömeginden soň Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem): “Şu günden soň Osmana günä ýazylmaz” diýdi.4 Maddy ýagdaýy örän agyr bolan sahabalardan biri bolsa jihada kömek etmegiň sogabyna ýetmek üçin şol gije daň atýança bir hurma bagynda suw çekdi, gazanan hurmalaryny Pygamberimize getirdi we: “Ýa Resulallah! Rebbimiň razylygyny gazanmak üçin elimde bar zady getirdim. Kabul ediň” diýdi.

“Eý Omar! Ikiňiziň (Abu Bekir bilen seniň) araňyzdaky tapawut – sözleriňiziň arasyndaky tapawut ýalydyr” Hadysy şerif

Musulman erkekler ellerinden gelşiçe kömek etmäge çalyşýarka, aýallar hem bu ýolda özlerine düşýän wezipäni mynasyp ýerine ýetirýärdiler. Tebuk saparyna taýýarlanylýan wagty musulmanlar örän kyn ýagdaýdadylar. Gytçylyk şeýle bir güýçlüdi welin, elinde hiç zady galmadyk hormatly sahabalaryň köpüsi Resulullahyň huzuryna gelip: “Ýa Resulallah! Biz pyýada galdyk! Iýmäge-de hiç zadymyz ýok! Bu gazotda sizden aýrylman, jihat sogabyna ýetmek isleýäris” diýýärdiler. Söýgüli Pygamberimiz olara mündürer ýaly hiç bir haýwanynyň galmandygyny gynanç bilen bildirýärdi. Bir gezek Salim ibn Umeýr, Abdylla ibn Mugaffel, Abu Leýla Mazini, Ulbe ibn Zeýd, Amr ibn Humam, Heremi ibn Abdylla we Yrbad ibn Sariýe söýgüli Pygamberimiziň huzuryna şol bir haýyş bilen geldiler. Pygamberimiz olara uly gynanç bilen: “Sizi mündürer ýaly hiç zat tapyp bilmeýärin” diýende, olar Pygamberimizden aýrylyp galmagyň we jihada gatnaşyp bilmezligiň gaýgysyndan aglap başladylar. Şondan soň Allahu tagala şu aýaty kerimäni iberdi, onda manysyna görä şeýle diýilýär: “(Eý Resulym!) Olar (jihada gatnaşmak üçin) seniň ýanyňa gelenlerinde, sen olara: ‘Size münmäge ulag berer ýaly ýagdaýym ýok’ diýdiň. Bu ýolda sarp etmäge zatlary bolmandygy sebäpli (söweşe gatnaşyp bilmändikleri üçin), olar gaýgydan gözýaş döküp yzlaryna gaýtdylar. Olara hiç hili jogapkärçilik (günä) ýokdur”.5 Ahyrynda hezreti Abbas bilen hezreti Osman olary-da sapara taýýarladylar. Taýýarlyk tamamlanansoň, Pygamberimiz goşuny Seniýýetul-Wedada ýygnady. Sapara gatnaşmadyklar ýok diýen ýalydy. Goşuny ýygnap, ýola çykmak kararyna gelenden soň, Resuly ekrem Medinede öz ýerine Muhammet ibn Meslemäni goýdy.6 Sapar başlanjak wagty Pygamberimiz: “Ýanyňyza artykmaç aýakgap alyň. Ätiýaçlyk aýakgabyňyz bolsa, kynçylyk çekmersiňiz” diýdi.

Goşun ýola çykanda, münapyklaryň baştutany Abdylla ibn Ubeý musulmanlary gorkuzmak üçin bolmajak sözleri aýtdy. Hatda ol: “Kasam edýärin, men ony we onuň sahabalaryny ikiden-ikiden ýüplere daňlan halda görýän ýaly bolýaryn…” diýýärdi. Emma hormatly sahabalar bu sözlere asla üns bermeýärdiler, olaryň jihada gatnaşmak höwesi günsaýyn artýardy. Muny gören münapyklar gaharlaryndan ýarylara gelýärdiler. Resulullah Seniýýetul-Wedadan Tebuga ýola düşmezden öň goşunyň baýdaklaryny (tuglaryny we alamlaryny) açdyrdy. Uly baýdagy hezreti Abu Bekire, bir baýdagy hem Zubeýr ibn Awwam hezretlerine berdi. Ews taýpasynyň baýdagyny Useýt ibn Hudaýra, Hazrej taýpasynyň baýdagyny bolsa Abu Dujananyň eline berdi.7 Pygamberimiziň serkerdeligindäki hormatly sahabalaryň sany otuz müňdi, olaryň on müňüsi atlylardy. Sag ganatyň serkerdeligine hezreti Talha ibn Ubeýdulla, çep ganatyňkyna bolsa Abdyrahman ibn Awf hezretleri bellendi.8 Şanly sahabalar örän yssy howada öz Pygamberleriniň serkerdeligi astynda ýola düşdüler. Başlarynda Allahu tagalanyň Habyby bolansoň, iýmit-içgileriniň ýoklugy olary ýollaryndan gaýtaryp bilmeýärdi, gitjek ýollarynyň uzaklygy hem, duşman esgerleriniň köplügi hem olary gorkuzyp bilmeýärdi. Şeýle halda islendik ýere gidip bolardy. Söýgüli Pygamberimiz we gahryman sahabalar her düşelgede birsalym dynç alandan soň, ýene ýollaryny dowam etdirýärdiler. Olaryň sekizinji düşelgesi Salyh aleýhisselamyň kowmunyň heläk edilen ýeri – Hyjrdy. Pygamberleriniň buýrugyna gulak asmandyklary üçin Allahu tagala olary güýçli bir saýha, ýagny ses bilen heläk edipdi. Kainatyň Soltany sahabalaryna: “Şu gije garşy tarapdan güýçli tupan turar. Ýanynda ýoldaşy bolmasa, hiç kim ýerinden turmasyn. Her kim düýesiniň dyzyny daňsyn. Bu – azap inen ýerdir. Hiç kim bu suwdan içmesin we täret almasyn!..” diýdi. Her kim bu buýruga boýun boldy. Gije turan güýçli tupan ähli töweregi alt-üst edip başlady. Şol wagt düýesini daňmagy ünsden düşüren bir adam ony gözlemek üçin ýeke özi ýerinden turanda, tupan ony alyp gitdi we Taý dagynyň eteklerine zyňdy. Başga bir adam bolsa hajatdan gaty gysylypdy. Ol hajatyny bitirmäge giden ýerinde hunnak (bogma) diýilýän kesele uçrady. Pygamberimiziň dogasy bilen ol ýene saglygyna gowuşdy.

Şol säher suw gaplarynda bir damja-da suw galmandy. Suwsuzlykdan hemmeler öljek derejä ýetipdi. Münapyklar muny amatly pursat bilip: “Eger Muhammet hakykatdan-da pygamber bolsa, doga edip ýagyş ýagdyrardy” diýip, pitne turuzmaga synanyşdylar.

Ýagdaý Älemleriň Serwerine ýetirilende, ol mübärek ellerini galdyrdy we Allahu tagaladan ýagyş ihsan etmegini diläp ýalbardy. Yssy we bulutsyz howada derrew ýagyş bulutlary peýda boldy. Güýçli ýagyş başlady. Her kim gaplaryny doldurdy, täret aldy we haýwanlaryny suwardy. Ýagyş säginip, bulutlar dargansoň, ýagşyň diňe goşunyň üstüne ýagandygy göründi.

“Kim şu gün bir sadaka berse, kyýamat güni Allahu tagalanyň huzurynda onuň sadakasy onuň peýdasyna şaýatlyk eder” Hadysy şerif

Tebuk ýörişi

Söýgüli Pygamberimiz we sahabalar tekbir getirdiler. Allahu tagala hamd etdiler. Münapyklara bolsa: “Indi siziň hiç hili bahanaňyz galmady. Allahu tagala we Onuň Resulyna iman getiriň we salyh musulman boluň!..” diýdiler. Emma utanmaz münapyklar: “Näme bolupdyr?.. Bir bulut geçip barşyna ýagdy-da gitdi!..” diýip jogap berdiler. Açlyk hem iň soňky çägine ýetipdi: bir hurmany iki adam paýlaşyp iýer ýaly ýagdaýa düşüpdiler. Güýçli yssa, açlyga we suwsuzlyga garamazdan, olar Tebuga golaýlaşdylar. Habyby ekrem (sallallahu aleýhi we sellem): “Inşalla, ertir çaşt wagty Tebuk çeşmesine ýetersiňiz. Men gelýänçäm ol suwa el uzatmaň” diýdi. Ertesi gün olar şol ýere ýetdiler. Çeşmäniň suwy örän azdy. Söýgüli Pygamberimiz ol suwdan birazyny bir gaba guýdurdy, onuň içine mübärek elini salyp doga etdi. Soňra suwy yzyna çeşmä dökdüler. Suw bir pursatda joşup köpeldi. Otuz müň kişilik yslam goşuny içse-de, ol asla azalmady. Soňra Kainatyň buýsanjy Pygamberimiziň mugjyzasy bolan bu suw bilen ähli töwerek suwaryldy. Ol sebit gök öwsüp oturan, bereketden doly meýdana öwrüldi. Resuly ekrem şanly sahabalary bilen Tebuga gelende, olar öz garşylarynda wizantiýalylardan we Amile, Lahm, Juzam ýaly hristianlaşdyrylan arap taýpalaryndan düzülen wizantiýa goşunlaryny tapmadylar. Mutede üç müň mujahyda garşy ýüz müň kişilik wizantiýa goşuny ýeňlipdi. Indi bolsa olaryň garşysynda otuz müň mujahyt durdy we olaryň serkerdesi Kainatyň Serweridi. Söýgüli Pygamberimiziň gahryman sahabalaryny ýygnap gelendigini eşidip, wizantiýalylaryň her biri gaçara ýer gözläpdi.

Resulullah sahabalary bilen maslahatlaşyp, Tebukdan aňry gitmedi. Bu wagt ol sebitde ýaşaýan käbir taýpalar we döwletler yslam goşunynyň gelendigini eşitdiler. Gorkularyndan olar Pygamberimize wekiller toparlaryny iberip, jizýe tölemek şerti bilen aman dilediler. Pygamberimiz merhemet edip, olaryň tekliplerini kabul etdi; her biri bilen aýratyn-aýratyn ylalaşyk maddalary ýazyldy we olara howpsuzlykda bolandyklary yglan edildi.

Kainatyň serweri (aleýhi efdalussalawat) ýigrimi güne golaý duşmana garaşdy. Tebukda ol hormatly sahabalary bilen köp söhbetler edip, olaryň köňüllerini nur deňzinde ýuwdy. Mübärek kalbyndan joşup çykan feýzi we bereketleri olaryň kalplaryna akdyrdy. Deňi-taýy bolmadyk söhbetleriniň birinde ol: “Size ynsanlaryň iň gowusyny we iň şereflisini habar bereýinmi?” diýdi. Hormatly sahabalar: “Hawa, habar beriň, ýa Resulallah!” diýdiler.

Şondan soň ol: “Ynsanlaryň haýyrlysy – atynyň ýa-da düýesiniň arkasynda, ýa-da iki aýagynyň üstünde soňky demine çenli Allahu tagalanyň ýolunda zähmet çekýän adamdyr. Ynsanlaryň erbedi bolsa – Allahu tagalanyň Kitabyny okap, ondan hiç hili peýda almaýan azgyn adamdyr” diýdi.

Şehitlik barada soran bir adama bolsa: “Meniň barlygymy gudrat elinde saklaýan Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin: şehitler kyýamat güni gylyçlaryny boýunlaryndan asyp gelerler. Olar nurdan münberleriň üstünde oturarlar” diýdi.9

Bu gazotda Pygamberimiziň köp mugjyzalary göründi. Meselem, Tebukdan Medinä dolanmak üçin taýýarlyk görülýän bir wagtda, açlykdan çydap bolmajak ýagdaýa ýeten sahabalar öz ýagdaýlaryny Pygamberimize ýetirdiler. Resulullah olaryň galan iýmitlerini bir deri saçagyň üstüne ýygnatdy. Olar kiçijik bir gazany zordan doldurdy. Älemiň serweri (sallallahu aleýhi we sellem) täretini täzeledi we iki rekagat namaz okady. Mübärek ellerini galdyryp, iýmitleriň bereketli bolmagyny diläp doga etdi. Soňra sahabalaryna gaplaryny getirmegi buýurdy. Uly goşunda boş gap galmady, ähli gaplar dolduryldy. Mundan başga-da, ähli mujahytlar doýýançalar iýen hem bolsalar, saçakdaky iýmitiň asla azalmandygy göründi.

“Inşalla, ertir çaşt wagty Tebuk çeşmesine ýetersiňiz. Men gelýänçäm ol suwa el uzatmaň” Hadysy şerif

Halyt ibn Welidiň Dumatul-Jendele seriýýesi

Hezreti Habyby ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) Tebukdaka Halyt ibn Welidi (radyýallahu anhu) Dumatul-Jendele iberdi. Ol ýeriň hökümdary Ekýdir ibn Abdylmelik hristiandy. Yslam goşuny galanyň golaýyna gelip, bukuda ýatdy. Şol wagt galanyň derwezesine bir ýabany öküziň gelendigini eşiden Ekýdir ony awlamak üçin atyna mündi we onuň yzyna düşdi. Ekýdir, onuň dogany Hassan we olaryň adamlary awda ýörkäler, mujahytlar olary gabadylar. Hassan gylyjyna ýapyşanda öldürildi. Ekýdir ýesir alyndy. Beýlekiler gaçyp, gala sygyndylar. Hezreti Halyt Ekýdire: “Men saňa aman bererin we seni Resulullahyň huzuryna elterin. Emma şu şert bilen: sen gala girersiň we iki müň düýe, sekiz ýüz at, sekiz ýüz galkan, dört ýüz naýza tabşyrarsyň. Hökümdarlyk ýene sende galar” diýdi. Ekýdir razy boldy. Gala girip, oljany aldylar we Medinä geldiler. Belent huzura kabul edilen Ekýdir we onuň dogany Hasar iman getirip musulman boldular.

Duzak

Mujahytlar Tebukdan aýrylyp, Medinäniň ýoluny tutdular. Münapyklar söýgüli Pygamberimize duzak gurup, ony öldürmek üçin öz aralarynda ylalaşdylar. Bir gije olar yslam goşunynyň barýan ýolundaky dar bir geçelgede bukuda durup garaşyp başladylar. Pygamberimiziň düýesiniň jylawyny Ammar ibn Ýasyr hezretleri çekip barýardy, yzynda bolsa hezreti Huzeýfe ibn Ýemen gelýärdi. Münapyklaryň ylalaşyp, haýynlyk bilen öldürmegi niýet edinendiklerini Jebraýyl aleýhisselam habar berdi. Pygamberimiz geçelgä golaýlanda, goşuna: “Siz jülgäniň içi bilen gidiň; ol ýer siziň üçin hem has aňsat, hem has giňdir” diýdi. Ol özi dar geçelgä tarap barýarka, goşun jülgäniň içine tarap ýol aldy. Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) geçelgä golaýlanda, bu münapyklar topary ýüzlerini örtüp hüjüme geçdi. Hezreti Huzeýfe: “Eý Allahu tagalanyň duşmanlary!” diýip gygyrdy we elindäki taýagy bilen münapyklary we olaryň haýwanlaryny urup başlady. Bu gykylykdan gorkan on iki münapyk derrew esgerleriň arasyna garyşdy. Resulullah olaryň atlaryny hezreti Huzeýfä aýtdy we muny başgalara aýtmazlygy tabşyrdy.

Wakany eşidip huzura gelen Useýt ibn Hudaýr hezretleri Pygamberimize: “Janym saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Olary maňa aýt, men olaryň kellelerini saňa getireýin!” diýip, köp ýalbardy. Emma Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) rugsat bermedi.10

Mesjidi Dyrar

Ahyrynda söýgüli Pygamberimiz we onuň gahryman sahabalary wizantiýalylaryň gözüni gorkuzyp, olaryň garşylygyny döwüp, nurly Medinä golaýlaşdylar. Kainatyň Soltany Medinä örän ýakyn bolan Zi Ewan diýen ýerde sahabalaryna düşläp dynç almagy buýurdy. Sahabalar dynç alýarka, birnäçe münapyk söýgüli Pygamberimiziň ýanyna geldi we ondan Mesjidi Dyrara gelmegini haýyş etdi. Mesjidi Dyrar Kubadady. Ony münapyklar Resulullahyň Medinä hijreti wagtynda Kubada saldyran ilkinji metjidiniň garşysynda salypdylar. Söýgüli Pygamberimiz sahabalary bilen Tebuga gidip barýarka, münapyklar onuň huzuryna gelip: “Ýa Resulallah! Biz täze metjit saldyk, gelip bize namaz okatmazmysyňyz?” diýip çagyrypdylar. Emma saparda bolan Älemleriň Serweri, nesip bolsa, Tebukdan dolananda baryp biljekdigini aýdypdy.

Münapyklaryň maksady musulman jemagatyny bölmek, ony öz niýetlerine gural etmek, pitne turuzyp, musulmanlary biri-birine garşy goýmakdy. Hatda olar wizantiýa goşunlaryny Medinä çagyryp, bu metjitde ýygnan ýaraglary bilen olara kömek etmekçidiler. Pygamberimiz şol ýerde namaz okasa, Mesjidi Dyraryň mukaddes ýerdigi barada täsir dörärdi. Şeýdip musulmanlar ol ýerde namaz okamak üçin biri-biri bilen ýaryşardylar we, münapyklaryň pikiriçe, olaryň toruna düşerdiler!.. Älemiň serweri (sallallahu aleýhi we sellem) münapyklaryň bu çakylygyny kabul edip, gitmek kararyna gelipdi. Allahu tagala Toba süresiniň 107-nji we 108-nji aýaty kerimelerini iberip, işiň hakykatyny bildirdi. Şondan soň Älemleriň Serweri Malik ibn Duhşum bilen Asym ibn Adiýe: “Halky zalym bolan şol metjide giriň. Ony ýykyň, ýakyň!” diýdi. Olar agşam bilen ýassy arasynda baryp, binany oda berdiler. Soňra ony ýykyp, ýer bilen ýegsan etdiler. Münapyklardan hiç bir ses çykmady.11 Pygamberimiziň we onuň şanly sahabalarynyň gelýändigini eşiden medineliler derrew ýygnanyp, uly tolgunma bilen olary garşylamaga çykdylar…

Abdylla ibn Ubeýiň ölümi

Söýgüli Pygamberimiz Tebuk saparyndan dolanandan iki aý soň, Şewwal aýynda münapyklaryň baştutany Abdylla ibn Ubeý öldi. Mundan soň münapyklaryň birligi bozuldy, olar dargap gitdiler.12 Şeýlelikde, Arabystanda diňe münapyklaryň däl, müşrikleriň we ýahudylaryň hem başlary ezildi, olaryň yslama garşy durmaga we oňa päsgel bermäge gönükdirilen hereketleri söndürildi.

Hijretiň dokuzynjy ýylynda bolan beýleki wakalar

Resulullah Tebuga gelende, ilki Eýle, soňra Jerba hökümdarlary gelip haraç tölediler. Resulullah ylalaşyk haty ýazdyryp, olaryň eline berdi. Bu gazotda ol Irakliusa hat iberip, ony ýene yslama çagyrdy. Emma oňa hidaýat nesip bolmady.

“Meniň barlygymy gudrat elinde saklaýan Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin: şehitler kyýamat güni gylyçlaryny boýunlaryndan asyp gelerler. Olar nurdan münberleriň üstünde oturarlar” Hadysy şerif

Şol ýyl Resulullahyň gyzy Ummu Gülsüm wepat boldy. Onuň jynaza namazyny Resulullah özi okatdy, ony jaýlanlarynda gabrynyň başynda Resulullahyň mübärek gözlerinden ýaş akdy.

Senetul-wufud (Ilçiler ýyly)

Tebuk saparyndan dolanandan soň, Älemiň serweri (sallallahu aleýhi we sellem) dürli döwletlere ilçiler iberip, olary yslama çagyrdy. Umman we Bahreýn ilaty musulman bolmak bilen şereflendi.

Indi yslam örän çalt ýaýraýardy. Töwerekdäki taýpalara, döwletlere diniň esaslaryny öwretmek üçin mugallymlar, olary dolandyrmak üçin häkimler iberilýärdi. Hijretiň dokuzynjy ýylynda Medinä musulman bolan wekiller toparlary akyp geldi. Dürli taýpalardan gelen toparlar Älemleriň Serwerine boýun bolandyklaryny bildirdiler we bagta gowuşdylar. Gelenler köp bolany sebäpli bu ýyla Senetul-wufud (Ilçiler ýyly) diýildi. Resulullah haçan-da bir ilçi gelse, gymmatly eşikler geýerdi. Sahabalaryna-da owadan eşikler geýdirerdi. Gelenleri arassa we owadan ýerde kabul ederdi. Olary myhman edip, köp sowgatlar bilen ugradardy. Olar hem razy bolup, öwgi we alkyş aýdyp dolanardylar. Ilçi iberen taýpalaryň biri Beni Mürre taýpasydy. Olar on üç adamy ilçi edip iberdiler. Bular öz taýpalarynyň musulman bolandygyny bildirdiler. Ýurtlarynda asla ýagyş ýagmandygyny, otlaryň gögermändigini we agyr gytçylyk çekýändiklerini aýtdylar. Bu kynçylykdan halas bolmak üçin olar Resulullahdan (sallallahu aleýhi we sellem) doga etmegini haýyş etdiler. Ol: “Ýa Rebbim! Olary ýagyş bilen suwa ganyk et” diýip doga etdi. Beni Mürre taýpasynyň ilçileri ýurtlaryna dolananlarynda, kowumlarynyň ýagdaýynyň düýbünden ýeňilleşendigini gördüler. Sebäbi Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) olar üçin doga eden güni ol ýere bol ýagyş ýagypdy. Bu edil doga edilen wagta gabat gelýärdi.

Beni Eset taýpasyndan on adam gelip, musulman bolandyklaryny minnet edip aýtdylar. Olar: “Biz gytçylyk ýylynda uzak ýerden geldik. Üstümize goşun gelmezden öň, öz islegimiz bilen musulman bolduk” diýdiler. Olar hakda Hujurat süresiniň on ýedinji aýaty indi. Beni Bikar wekiller toparynyň başynda duran Muawiýa ibn Sewr ibn Ubade ibn Bikar ýüz ýaşlarynda bardy. Onuň bilen bilelikde ogly Buşeýr, Mejmag ibn Abdylla we Abdy Amr ibn Esam bardy. Ol Resulullahdan mübärek elini oglunyň bedenine sürtmegini haýyş etdi we: “Ol maňa köp hormat edip, köp ýagşylyk etdi” diýdi. Resulullah mübärek eli bilen Buşeýriň ýüzüni sypady we olara köp geçi bagyş etdi. Ol Abdy Amryň adyny hem Abdyrahman diýip üýtgetdi. Beni Nejip wekilleri on adamdy. Olar mallarynyň we haýwanlarynyň zekatyny hem ýanlary bilen getiripdiler. Resulullah olaryň gelmegine gaty begendi. Olary gowy bir myhman jaýyna ýerleşdirmegi buýurdy. Nejip ilçisi parz we sünnet barada şeýle köp sorag berdi welin, Resulullahyň oňa bolan muhabbeti has-da artdy. Ol oňa hormaty we iltifaty artdyrdy, onuň bilen beýleki ilçilerden tapawutly gatnaşykda boldy. Goşlaryň ýanynda galan ýigidi hem çagyrdyp, onuň Allahu tagaladan başga ähli zatdan ýüz öwrendigini görüp, oňa-da haýyr doga etdi. Beýlekiler ýaly oňa-da sowgat berdi. Ol topar islegine ýetip, şatlyk bilen taýpasyna dolandy. Beni Kinäneden bir jemagat gelip, musulman boldy. Olaryň baştutany Wasyla ibn Eskagdy. Ol gelende Resulullah Tebuk saparyna taýýarlanýardy. Wasyla beýgat edip, taýpasyna gaýtdy. Kakasy iman getirmedi, aýal dogany bolsa iman getirdi. Soňra ol Medinä gidip, Tebuga giden goşunyň yzyndan ýola düşdi. Resulullaha ýetişdi. Ony Halyt bilen bilelikde Ekýdire garşy söweşe iberdiler. Onuň paýyna köp düýe düşdi.

Beni Saýideden Damam ibn Saglebe geldi. Ol Resulullahyň huzuryna baryp, oňa namaz, oraza, haj we zekat barada köp soraglar berdi. Soraglary gutarandan soň ol: “Iman getirdim; Allahyň huzuryndan näme getiren bolsaň, hemmesine ynandym” diýdi. Kowmunyň ýanyna gaýdyp, olara yslamy ýetirdi. Ol taýpanyň hemmesi musulman boldy.

Ýa Resulallah! Seniň gapyňdaky guluň
Aýagyna degen topragy ogşamadygyň,
We bu bagt üçin janyny pida etmedigiň
Saňa söýgüsi ýokdur; ynanmaryn, sözi ýalan.
Basan topraklaryňy başyma täç etsem,
Ogşasam, gözüme sürtsem, kalba em etsem,
Dogry ýoly görkezýän çyra etsem,
We düşsem ýollaryňa, saňa aşyk we haýran.
Seniň tarapyňdan öwsen her ýeli ysgaýaryn,
Hoş ysyňdan nyşan barmy diýip barlaýaryn;
Ýoluňa pida bolsun maşgalam, çagalarym,
Ejem, kakam, garyndaşlarym we ýene müňlerçe jan.
Seniň jany-dilden aşygyň Mewlana Halyt aýdýar:
Eý älemiň soltany, eý jahanyň janany!
Bir janym bar, ol-da senden – seniň maňa ihsanyň;
Diýip bilmen: “Saňa pida etmäge getirdim bir jan”.
Mewlana Halyt Bagdady

“Ýa Rebbim! Olary (Beni Mürre taýpasyny) ýagyş bilen suwa ganyk et” Hadysy şerif

Käbeýi muazzamanyň gijeki görnüşi