Zekat ýygnaýjylaryň iberilen ýerleri
Abu Musa Eşgary hezretlerini ol Kurany Kerimi we din işlerini öwretmek üçin Mekgede galdyrdy.1 Abu Sufýan ibn Harby Ýemen welaýatyndan Nejrana emir belledi, oňa kömekçi edip hem Kesir ibn Abdyllany goýdy. Mekgedäki işler tamamlanandan soň, Merruz-Zahrana geldiler. Galan olja hem şol ýerde paýlandy. Soňra ol şanly sahabalary bilen ýene ýola düşdi we Zülkagda aýynyň ahyrynda olar Medinä gelip ýetdiler. Medineden olar mübärek Ramazan aýynyň onunjy güni, çarşenbe güni çykypdylar. Bu sapar üç aý töweregi dowam etdi.
Bir gün gaýgy deňzine çümüp, oýa batdym, Özümi ýitirip, kimdigimi unutdym, Günälerimi ýatlap, soňumdan gorkdum, Şonda bir seýidiň bu beýdi gaýtalaýanyny eşitdim: Sen Ahmet, Mahmyt we Muhammetsiň, serwerim, Hakdan bize goldanan soltansyň, serwerim. Biz umytdadyrys, umytsyzlykdan ah etmeris, Iman sermaýasyny biderek zaýa etmeris, Gapyňy taşlap, ýatlary pena etmeris, Seniň saýaňda hiç kime nazar etmeris. Sen Ahmet, Mahmyt we Muhammetsiň, serwerim, Hakdan bize goldanan soltansyň, serwerim. Şeyh Galib
Hijretiň sekizinji ýylynda bolan käbir wakalar
Beni Saglebeden dört adam Resulullahyň mejlisine geldi. Olar: “Bizi kowmumyz iberdi. Hijret edilmese, yslamyň doly bolmaýandygyny eşitdik” diýdiler. Ol: “Nirede bolsaňyz-da, takwa boluň; hijret etmeseňiz-de, zyýany ýokdur. Diniňize-de, milletiňize-de hiç hili zeper ýetmez” diýdi. Soňra olary Remle binti Harysyň öýüne iberip, olara myhmançylyk berdiler. Soňra olaryň her birine dörder wakyýýe kümüş berip, öýlerine gitmäge rugsat berdiler. Şol ýyl Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) gyzy Zeýnep wepat boldy. Onuň üçin tabyt ýasadylar. Yslamda ilkinji tabyt onuň üçin ýasaldy. Ol Abul-Asyň aýalydy. Bedr wagtynda Abul-As ony Mekgeden Medinä ugradanda, ýolda Hebbar hezreti Zeýnebiň düýesine naýza zyňypdy. Ol düýeden ýykylanda, göwresindäki çagasyny düşüripdi we kesel bolupdy. Bu onuň wepatyna sebäp boldy. Ondan iki çaga galdy. Şol ýyl Zülhijje aýynda Resulullahyň ogly Ybraýym dünýä indi. Onuň ejesi – Mariýa hatyn (radyýallahu tagala anha). Abu Rafyg gelip, buşluk habaryny getirdi. Munuň üçin Resulullah bir guly azat etdi. Akyka hökmünde bir goç soýdy. Çaganyň başyny syrdyryp, saçynyň agramyça kümüşi sadaka berdi.
Hijretiň dokuzynjy ýylynda bolan möhüm wakalar
Hijretiň dokuzynjy ýylynda, Muharrem aýynyň başlarynda Älemleriň Serweri taýpalara zekat ýygnaýjylary (amil, saýy) belledi. Mümkin boldugyça her taýpa üçin öz arasyndan bir amil berildi. Ibn Hasyp Eslemini ol Eslem we Gyfar taýpalaryna, Abbat ibn Bişri Beni Süleým we Müzeýne taýpalaryna, Amr ibn Asy Fezara taýpasyna, Dahhak ibn Sinany Beni Kilaba, Rafyg ibn Meknet Jühenini Jüheýne taýpasyna, Bişr ibn Sufýan Kagbyny bolsa Beni Kagb we Beni Temime iberdi.
Bir ýyldan soň taýyflylar musulman bolmak üçin alty kişilik wekiller toparyny Medinä, söýgüli Pygamberimiziň huzuryna iberdiler. Älemleriň Serweri bir ýyl öň Taýyfdan gidende: “Ýa Rebbim! Sakyflylara dogry ýoly görkez, olary bize getir” diýip doga edipdi. Ine, indi sakyflylar musulman bolmak üçin gelipdiler. Resuly ekrem olaryň musulman bolmagyna gaty begendi, olara käbir artykmaçlyklar berip, Taýyfa ugratdy. Olara Osman ibn Abul-As hezretlerini häkim belledi.2
Najaşynyň wepaty
Hijretiň dokuzynjy ýylynyň Rejep aýydy. Bir gün Resulullah sahabalaryna: “Şu gün siziň salyh bir doganyňyz wepat boldy. Turuň, onuň jynaza namazyny okaň” diýdi. Pygamberimiz imam bolup, gaýyp jynaza namazyny okatdy. Soňra: “Doganyňyz Najaşy Ashama üçin Allahu tagaladan magfyrat (bagyşlanmak) diledik” diýdi.
Birnäçe wagtdan soň Habeşistandan gelen habardan Najaşy Ashamanyň (rahmetullahi tagala aleýh) wepat bolandygy belli boldy. Bu Pygamberimiziň Medinede onuň jynaza namazyny okadan gününe gabat gelýärdi.3
“Nirede bolsaňyz-da, takwa boluň; hijret etmeseňiz-de, zyýany ýokdur. Diniňize-de, milletiňize-de hiç hili zeper ýetmez” Hadysy şerif
Janym gurban bolsun seniň ýoluňa,
Ady gözel, özi gözel Muhammet,
Gel, şepagat eýle pakyr guluňa,
Ady gözel, özi gözel Muhammet.
Mömin bolanlaryň köpdür jepasy,
Ahyretde bolar keýpi-sapasy,
On sekiz müň älemiň Mustafasy,
Ady gözel, özi gözel Muhammet.
Ýedi gat asmany seýran eýlän, Kürsiniň üstünde jöwlan eýlän,
Mirajda ymmatyny Hakdan dilän –
Ady gözel, özi gözel Muhammet.
Ýunus näder iki jahany sensiz,
Sen hak pygambersiň şeksiz, gümansyz,
Saňa uýmaýanlar gider imansyz,
Ady gözel, özi gözel Muhammet.
