Söýgüli Pygamberim

HUNEÝN SÖWEŞI

Huneýn – Mekge bilen Taýyfyň arasyndaky bir jülgedir. Bu söweşe “Hewazin söweşi” hem diýilýär. Älemiň serweri (sallallahu aleýhi we sellem) Mekgäni feth etmek niýeti bilen Medineden çykanda, Mekgäniň töwereginde ýaşaýan Hewazin we Sakyf atly iki uly taýpa musulmanlar biziň üstümize ýöriş edýär öýdüp, söweşmek üçin taýýarlanyp başladylar. Älemleriň Serweriniň Mekgäni feth etmek üçin gelendigini bilenlerinde olar biraz köşeşen hem bolsalar, “Kuraýşlylardan soň nobat hökman bize ýeter” diýen pikir bilen taýýarlyklaryny çaltlandyrdylar. Mundan başga-da olar: “Kasam edýäris, musulmanlar entek gowy söweşmegi başarýan kowum bilen ýüzbe-ýüz bolmadylar. Muhammet biziň üstümize gelmänkä, biz onuň üstüne ýöriş edeliň-de, söweşiň nähili bolýandygyny görkezeliň!” diýdiler. Hewazinleriň baştutany Malik ibn Awfyň serkerdeligi bilen ýigrimi müň kişilik örän güýçli goşun bilen ýola çykdylar. Esgerleriniň batyrlygyny artdyrmak we kynçylyk görende gaçmazlyklary üçin, olar ähli gymmatly mallaryny, aýallaryny we çagalaryny hem ýanlary bilen aldylar.

Bu habar tiz wagtda Mekgede eşidildi. Kainatyň buýsanjy Pygamberimiz habaryň dogrudygyny bilmek üçin Abdylla ibn Abu Hadredi Hewazin taýpasyna iberdi. Hezreti Abdylla keşbini üýtgedip, duşmanyň arasyna girdi. Olaryň pikirlerini we nähili hereket etmekçidiklerini bilip, ýagdaýy derrew söýgüli Pygamberimize habar berdi.

Resuly ekrem derrew şanly sahabalaryny ýygnady. Mekgä ýigrimi ýaşly Attap ibn Esit hezretlerini häkim belläp, çalt ýola çykdy. On iki müň kişilik goşuny bilen ol müşrik Hewazin we Sakyf taýpalaryny öz düşelgelerinde duýdansyz basmak isleýärdi. Mujahytlaryň baýdagyny hezreti Aly göterip barýardy,1 öňdäki goşunlara bolsa Halyt ibn Welit hezretleri serkerdelik edýärdi.2 Älemleriň Serweri başyna tuwulga, iki sowudy üst-üstüne geýip, Düldül atly gatyryna münüpdi. Şewwal aýynyň 11-nji güni Huneýn jülgesine gelip ýetdiler. Şol gije Älemiň serweri Pygamberimiz goşunyny gözden geçirip, ony söweş tertibine düzdi. Ertir namazyny imam bolup okadandan soň, öňe hereket etdi.

Müşrikleriň serkerdesi gijäniň garaňkylygyndan peýdalanyp, goşunyny Huneýn jülgesiniň iki tarapyndaky dag eňňitlerine ýerleşdiripdi we olary bukuda garaşmaga goýupdy. Öňde toparlary bilen barýan Halyt ibn Welit hezretleri bu bukudan habarsyz halda geçelgä tarap atyny sürýärdi. Daňyň entek garaňky bolmagy duşmany görmäge päsgel berýärdi. Birden mujahytlaryň üstüne müňlerçe ok ýagyp başlady. Bu garaşylmadyk ok ýagşyndan halas bolmak üçin mujahytlar yza çekilmäge mejbur boldular.

“Inşalla, ertir olar (Hewazin we Sakyf) musulmanlara olja bolar” Hadysy şerif

Huneýn söweşi

Weliler, nebiler haýran galan şol pursatda,
Her kim “Nepsim, nepsim!” diýip dehşet bilen zar aglasa,
Umytsyzlykdan günäkärleriň haly perişan bolsa,
Şepagat rugsady bilen ýene seniňkidir meýdan.
Sen Ahmet, Mahmyt we Muhammetsiň, serwerim,
Hakdan bize goldanan soltansyň, serwerim.
Şeyh Galib

Bu çalt yza çekiliş yzdan gelýän esgerleriň tertibini bozdy. Olar hem yza çekilmek üçin öwrülende, ýigrimi müň kişilik duşman goşunlarynyň sil ýaly jülgä akyp başlandygy göründi. Söýgüli Pygamberimiz ýeke özi hüjüme galan müşriklere tarap öňe okduryldy. Diňe hezreti Abbas, hezreti Abu Bekir we ýüze golaý gahryman sahaba ölümi boýnuna alyp, Resuly ekreme ýetişdiler. Olar öz bedenlerini söýgüli Pygamberimize galkan etdiler. Hezreti Abbas gatyryň jylawyndan, Sufýan ibn Harys hezretleri hem üzeňňisinden tutup, onuň badyny gowşatmaga, Resulullahyň duşman goşunlarynyň arasyna girip gitmeginiň öňüni almaga çalyşýardylar. Älemleriň Serweri Allahu tagalanyň dini ýok bolar diýip gaýgy edip: “Eý Abbas! Sen olara: ‘Eý medineliler! Eý Semure agajynyň aşagynda beýgat eden sahabalar!’ diýip gygyr” diýdi.

Hezreti Abbas iri göwreli we haýbatly adamdy. Ol gygyranda, sesi örän uzaklardan eşidilýärdi. Ol bar güýji bilen: “Eý medineliler! Eý Semure agajynyň aşagynda Pygamberimize söz beren sahabalar! Dagamaň! Şu ýere ýygnanyň!” diýip gygyrdy. Muny eşiden hormatly sahabalar yzlaryna dolanmak islediler. Emma haýwanlarynyň gaty ürkmegi olaryň dolanmagyna päsgel berdi. Ahyrynda olar sowutlaryny, gylyçlaryny we naýzalaryny alyp, haýwanlaryndan böküp düşmäge mejbur boldular. Çaltlyk bilen Resulullahyň ýanyna ýetişip, duşman bilen elhenç söweşe girdiler. “Allahu ekber! Allahu ekber!” sesleri ýeri-gögi lerzana getirýär, duşmany gorkuzyp, wehime salýardy. Bedrde, Uhudda, Hendekde we Haýberde örän uly gahrymançylyk görkezen sahabalar, esasan-da hezreti Aly, Abu Dujana we Zubeýr ibn Awwam gaýta-gaýta hüjüm edip söweşdiler, duşmanlary hatardan çykaryp, yza serpikdirdiler.

Älemleriň Serweri sahabalarynyň janlaryny aýaman alyp barýan bu söweşini synlaýardy, onuň mübärek dodaklaryndan: “Allahym! Bize kömegiňi iber. Şübhesiz, Sen olaryň bizden üstün çykmagyny islemersiň” diýen dogalar eşidilýärdi. Allahu tagalanyň dergähine eden ýalbaryşlarynyň arasynda söýgüli Pygamberimiz ýerden bir hepbe gum aldy we: “Ýüzleri gara bolsun!” diýip, ony müşrikleriň üstüne sowurdy. Söýgüli Pygamberimiziň mugjyzasy bilen duşman esgerlerinden gözüne gum dolmadyk hiç kim galmady. Perişdeler hem kömege gelipdi. Pygamberimiz: “Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin, olar ýeňildiler” diýdi. Müşrikler dargap, yzlaryna öwrülip gaçyp başladylar. Yzlaryna gaňrylyp seredenlerinde olar yzlaryndan gelýän şanly sahabalary görýärdiler we söweş meýdanyna getiren aýallaryny, çagalaryny, mallaryny taşlap, bar güýçleri bilen gaçýardylar. Gaçanlaryň bir bölegi Taýyf galasyna sygyndy.3 Bir bölegi bolsa Nahle we Ewtasa gitdi. Söweş meýdanynda olar ýetmiş ölük, alty müň ýesir we sansyz-hasapsyz mal galdyrdylar.

Bu söweşde Allahu tagalanyň rugsady, Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) ruhy kömegi (himmeti) we bereketi bilen ýeňiş ýene musulmanlaryňky boldy. Dört adam şehit boldy, käbir sahabalar ýaralandy. Halyt ibn Welit hezretleriniň hem ýaralanandygyny eşiden söýgüli Pygamberimiz onuň ýanyna bardy, mübärek elleri bilen ýarasyny sypalanda, ýara şol pursatda bitişdi.

Ewtas seriýýesi

Huneýn söweşinde derbi-dagyn edilenden soň Hewazin müşrikleri Ewtasda ýygnandylar. Resulullah Ewtasa Abu Musa Eşgarynyň kakasynyň dogany Abu Amyryň serkerdeligi bilen bir topar iberdi. Ewtasda ýene gazaply çaknyşyklar boldy. Abu Amyr şehit boldy. Onuň ýerine Abu Musa Eşgary hezretleri geçdi we duşmany derbi-dagyn etdi.4 Mujahytlar köp ýesir we bol olja bilen yzlaryna dolandylar.

“Eý Abbas! Sen olara: ‘Eý medineliler! Eý Semure agajynyň aşagynda beýgat eden sahabalar!’ diýip gygyr” Hadysy şerif

Ýesirleriň arasynda Resulullahyň süýt dogany Şeýma hem bardy. Ol: “Men siziň Pygamberiňiziň süýt doganydyryn” diýdi. Oňa ynanmadylar. Ony bir düýä mündürip, Resulullahyň huzuryna alyp bardylar. Şeýma çagalyk günlerine degişli köp ýatlamalary jikme-jik gürrüň berdi. Resul aleýhisselam ridasyny (ýapynjasyny) ýere ýazyp, süýt doganyny onuň üstünde oturtdy. Özi hem oturyp, uzak aglady.5 Ol Halyma hatynyň we Şeýmanyň kakasynyň halyny soraşdyrdy. Şeýma: “Olar wepat bolaly bäri kän wagt geçdi” diýip jogap berdi. Gören hormaty we iltifaty sebäpli ol iman getirdi.6 Resul aleýhisselam: “Isleseň, biziň ýanymyzda gal.7 Bu ýerde saňa her hili hyzmat ediler. Isleseň, gitjek ýeriňe ugradaly” diýdi. “Watany söýmek imandandyr” diýen hadysy şerife görä, Şeýma öz watanyna gitmek isledi. Şondan soň Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) oňa bir gyrnak, üç gul, birnäçe düýe we goýun sowgat edip, ony watanyna ugratdy.

Taýyf söweşi

Kainatyň Soltany (sallallahu aleýhi we sellem) Huneýnden Taýyfa gaçan duşmanyň hem üstüne ýöriş edip, gutarnykly netije gazanmak isleýärdi. Olaryň serkerdesi Malik ibn Awf Taýyfa sygynanlaryň arasyndady. Mekgä ýakyn bolan bu gala küfrüň soňky, emma iň berk galalarynyň biridi. Pygamberimiz hijretden öň Taýyfa gelip, bir aýlap olara nesihat edipdi. Emma taýyflylar Älemleriň Serwerine görlüp-eşidilmedik jebir-jepa we zulum edipdiler. Hatda onuň mübärek aýaklaryny gana boýapdylar. Pygamberimiz bu ýerde Zeýd ibn Harysa hezretleri bilen ömrüniň iň gynançly we iň azaply günlerini başdan geçiripdi.

Söýgüli Pygamberimiz hijretiň sekizinji ýylynyň Şewwal aýynda Huneýn söweşinden soň alnan oljany Jygranada goýup, Taýyfa tarap ýola düşdi. Halyt ibn Welit hezretlerini öňden iberdi.8 Özi hem şanly sahabalary bilen yzdan gelip, Taýyfyň golaýyna ýetdi. Sakyf taýpasy berk galasyna öňünden köp mukdarda azyk ýygnapdy. Hormatly sahabalaryň gelendigini görüp, olar derwezeleri ýapyp, goranmaga geçdiler. Gala golaý gelen mujahytlary ok bilen garşylaýardylar. Söweş şeýdip dowam etdi. Taýyflylar galadan çykyp, açyk meýdanda döşme-döş söweşmäge asla het edip bilmeýärdiler.

Hormatly sahabalaryň käbirleri gala içine manjanyk bilen daş atmagy teklip etdiler. Pygamberimiz muny makul bilip, debbabe diýilýän manjanyklary ýasatdy. Olar bilen müşrikleriň üstüne daş atdyryp, gabawy dowam etdi. Hormatly sahabalar janlaryny aýaman yhlas edýärdiler, galany has tiz feth etmäge çalyşýardylar. Emma gala örän berkdi, ony feth edip bolmady. Şol arada on iki sahaba şehitlik derejesine ýetdi. Abu Sufýan ibn Harb gahrymanlarça söweşip ýörkä, bir gözünden aýryldy.9

Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem): “Eý Abu Sufýan! Haýsysyny isleýärsiň? Isleseň, doga edeýin, gözüň ýerine gelsin. Isleseň, Allahu tagala jennetde saňa bir göz bersin” diýdi. Abu Sufýan: “Ýa Resulallah! Jennetde göz berilmegini isleýärin” diýdi-de, aýasynda duran gözüni ýere taşlady.10 Gabawyň ýigriminji güni golaýlanda, bir gije Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) düýşünde özüne sowgat edilen bir gap doly sary ýagy bir horazyň çokap, ýere dökendigini gördi. Ol muny Taýyfyň bu ýyl feth edilmejekdigine ýordy we gabawy bes etdi.

Merhemet deňzi söýgüli Pygamberimiz mundan sekiz ýyl öň özüne azar beren taýyflylar barada: “Rugsat berseň, şu daglary olaryň başyna agdaraýyn” diýen perişdä: “Men älemlere rahmet edilip iberildim. Meniň isleýän ýeke-täk zadym – Allahu tagalanyň bu müşrikleriň neslinden Hak tagala ybadat edip, Oňa hiç bir zady şärik goşmajak bir nesil çykarmagydyr” diýipdi. Indi bolsa ol ýene merhemet edip: “Ýa Rebbim! Sakyflylara dogry ýoly görkez! Olary bize getir” diýip doga etdi.

Habyby ekrem sahabalary bilen Taýyfdan aýrylyp, Zülkagda aýynyň ilkinji hepdesinde Huneýnde ele salnan ýesirler we oljalar ýygnalan Jygrana geldi. Alty müň ýesirden başga-da olja hökmünde ýigrimi müňden gowrak iri mal, kyrk müňden gowrak ownuk mal we sansyz-hasapsyz şaý-sepler alnypdy. Ol olary hak eýesi bolan mujahytlaryň arasynda paýlamagy buýurdy. Şol wagt Hewazin taýpasyndan bir wekiller toparynyň huzura kabul edilmegini haýyş edýändigi belli boldy. Söýgüli Pygamberimiz olary kabul etdi. Wekiller tutuş Hewazin taýpasynyň musulman bolandygyny bildirenlerinde, Älemleriň Serweri gaty begendi. Şondan soň ol özüne düşen ýesirleri derrew azat edip, yzyna gaýtaryp berdi. Hormatly sahabalar hem söýgüli Pygamberimize eýerip, edil şeýle etdiler. Resulullahyň bir merhemeti bir pursatda alty müň ýesiriň azatlyga çykmagyna sebäp boldy. Bu habar Taýyfa sygynan Hewazin taýpasynyň baştutany Malik ibn Awfa ýetende, ol hem gelip musulman boldy, Pygamberimiz bolsa ony ihsanlara gark etdi.11 Bu ýerde ediljek iş galmandy. Ol ýerde on üç gün galandan soň, Resulullah çarşenbe gijesi umra niýeti bilen ihrama girdi. Kainatyň Soltany hemişeki ýaly ýeňiji bolup, sahabalary bilen Mekgä geldi. Käbeýi muazzamany towap etdi we umrasyny berjaý etdi. Attap ibn Esidi haj emirligini hem üstüne ýükläp, Mekgä häkim belledi.12

“Watany söýmek imandandyr” Hadysy şerif