MEKGÄNIŇ FETHI
Hijretiň sekizinji ýylydy. Hudeýbiýe parahatçylyk şertnamasynyň bir maddasynda şeýle diýilýärdi: “Iki tarapyň daşynda galan arap taýpalary islän tarapynyň howandarlygyna girip bilerler; olar musulmanlar bilen-de, müşrikler bilen-de birleşmekde erkindirler”. Şoňa görä Pygamberimiz bilen ýaranlyk baglaşan Huzaga taýpasy musulmanlaryň, Beni Bekr taýpasy bolsa müşrikleriň tarapynda durdy. Huzaga taýpasy bilen Beni Bekrler gadymdan bäri duşmandy, pursat tapdygyça biri-birine hüjüm ederdiler. Hudeýbiýe ylalaşygyndan soň olar hem belli bir wagtlap hüjümlerini bes edipdiler. Emma Beni Bekrler muňa diňe iki ýyl eýerip bildiler. Bekr ogullaryndan biri söýgüli Pygamberimizi kemsidýän bir goşgy okapdy; muny eşiden Huzaga taýpasyndan bir ýigit çydap bilmän, onuň başyny ýarypdy. Bekr ogullary muny bahana edip, şertnama boýunça howpdan aman bolan Huzaga taýpasyna hüjüm etdiler. Bu hüjümde kuraýşly müşrikler ýarag berip we gizlin adam iberip kömek etdiler. Haremi şerifde (mukaddes ýerde) olar Huzaga taýpasyndan ýigrimiden gowrak adamy öldürdiler. Çaknyşyk wagtynda Huzaga taýpasyndan käbir musulmanlar Pygamberimizden kömek soradylar. Huzaga taýpasyna gije edilen bu hüjümlerde Bekr ogullarynyň arasynda kuraýşly müşrikleriň hem bolandygyny görenler bardy.
Şol gije Medinede hezreti Meýmuna enemiziň öýünde bolan söýgüli Pygamberimiz namaz okamak üçin turup täret alýarka, Allahu tagalanyň rugsady bilen mugjyza hökmünde Mekgedäki musulmanlaryň özünden kömek soraýandyklaryny eşitdi. Olara jogap berip: “Lebbeýk! (Çagyryşyňyza jogap berýärin!)” diýdi. Meýmuna enemiz Pygamberimiziň ýanynda hiç kim ýokka onuň şeýle gürleýändigini görüp: “Ýa Resulallah! Ýanyňyzda biri barmy?” diýip sorady.
Söýgüli Pygamberimiz oňa Mekgede bolan wakany we kuraýşlylaryň bu işe şärik bolandyklaryny habar berdi.
Kuraýş müşrikleri Beni Bekrlere kömek edip, Huzaga taýpasyna hüjüm edip we olaryň adamlaryny öldürip, Hudeýbiýe şertnamasynyň maddalaryna garşy hereket etdiler. Şeýdip olar şertnamany bozdular.
Söýgüli Pygamberimiz bu habary şol pursatyň özünde bilipdi. Mundan başga-da, wakadan üç gün soň Huzaga taýpasyndan Amr ibn Salim ýanynda kyrk atly bilen gelip, ýagdaýy Resuly ekreme (sallallahu aleýhi we sellem) gürrüň berdi. Emma şol wagt söwda üçin Damaska giden Kuraýşyň baştutany Abu Sufýanyň bu wakadan habary ýokdy. Habybullah: “Huzaga ogullaryna kömek etmesem, maňa-da kömek edilmesin!” diýdi-de, bir hat ýazdyrdy. Kuraýş müşriklerine iberilen bu hatda söýgüli Pygamberimiz şeýle diýipdi: “…Siz ýa-ha Bekr ogullary bilen bolan bileleşigiňizden el çekip, bir gyra çekilersiňiz, ýa-da Huzaga ogullaryndan öldürilenleriň gan bahasyny (diýetini) tölärsiňiz! Eger bu aýdanlarymyň birini-de ýerine ýetirmeseňiz, siz bilen söweşjekdigimi duýdurýaryn!..” Kuraýşlylar bu merhemete-de düşünmediler. Olar: “Bileleşigimizi-de bozmarys, gan bahasyny-da tölemeris! Biz diňe söweşip bileris” diýip jogap iberdiler. Emma beýle edenlerine müň gezek puşman edip, gorkularyndan ylalaşygy täzelesin diýip Abu Sufýana garaşyp başladylar.
“(Eý mekgeli musulmanlar!) Lebbeýk! Çagyryşyňyza jogap berýärin!” Hadysy şerif
Abu Sufýan Damaskdan dolanyp gelende, oňa bolan wakany gürrüň berdiler we: “Bu işi hökman düzetmeli. Eger düzedilmese, Muhammet bizi Mekgeden kowar!” diýdiler. Abu Sufýan bolsa: “Bu wakadan meniň habarym bolmasa-da, parahatçylygy täzelemek we uzaltmak üçin tiz gitmelidirin” diýdi-de, derrew Medinä tarap ýola düşdi.1 Abu Sufýan entek Medinä gelmänkä, söýgüli Pygamberimiz onuň geljekdigini hormatly sahabalaryna habar berdi we: “Meniň düşünişime görä, Abu Sufýan parahatçylygy täzelemek we onuň möhletini uzaltmak üçin gelýär. Emma ol maksadyna ýetip bilmez, nähili gelen bolsa, şeýle-de yzyna dolanar!..” diýdi.
Entek musulman bolmadyk Abu Sufýan Medineýi münewwerä geldi. Ol öz gyzy, möminleriň enesi we söýgüli Pygamberimiziň mübärek aýaly Ummu Habybanyň (radyýallahu anha) öýüne bardy. Söýgüli Pygamberimiziň düşeginde oturmak isledi. Hezreti Ummu Habyba enemiz, ol oturmanka ýetişip, düşegi ýygnap aldy. Kakasy munuň üçin gaty göwnüýygyk boldy we haýran galyp: “Gyzym! Bu düşegi menden gysganýarsyňmy?” diýdi. Şonda Resulullahyň muhabbetini ähli zatdan ýokary tutýan möminleriň enesi hezreti Ummu Habyba kakasyna: “Bu düşek – Allahu tagalanyň Resulynyň düşegi. Onuň üstünde müşrikler oturyp bilmez! Sen – müşrik we nejis (hapa)! Bu düşegiň üstünde oturmak saňa asla laýyk däl!” diýip jogap berdi.
Kakasy: “Gyzym! Meniň öýümden gideliň bäri saňa bir zat bolupdyr!” diýende, ol: “Elhamdulilla, Allahu tagala maňa yslamy nesip etdi. Sen bolsa henizem eşitmeýän, görmeýän daş butlara çokunýarsyň! Eý kaka! Seniň ýaly Kuraýşyň ulusy we ýaşulusy bolan adam nädip yslamdan daşda galyp bilýär?..” diýdi. Kakasy gaty gazaplandy we: “Maňa şunça hormatsyzlyk edip, meni nadanlykda aýyplaýarsyň! Diýmek, men ata-babalarymyň ýyllar boýy çokunyp gelen zatlaryny taşlap, Muhammediň dinine girmelimi?!” diýip, ol ýerden çykyp gitdi.2
Kuraýşyň baştutany söýgüli Pygamberimiziň huzuryna geldi we: “Men Hudeýbiýe parahatçylyk şertnamasyny täzelemek we onuň möhletini uzaltmak üçin geldim. Geliň, aramyzdaky bu ylalaşygy ýazmaça täzeläliň!” diýdi. Habyby ekrem (sallallahu aleýhi we sellem): “Biz Hudeýbiýe şertnamasyna ters gelýän hiç bir iş etmeris we ony üýtgetmeris!” diýip jogap berdi. Kuraýşyň baştutany gaýta-gaýta: “Şertnamany üýtgedeliň! Täzeläliň!..” diýse-de, söýgüli Pygamberimiz oňa hiç hili jogap bermedi. Ähli tagallalarynyň hiç hili peýda bermändigini görüp, Kuraýşyň baştutany Mekgä dolandy we müşriklere ýagdaýy gürrüň berdi. Müşrikler: “Diýmek, hiç zat edip bilmän yzyňa dolandyň, şeýlemi?!..” diýip, ony ýazgardylar. Indi olar üçin garaşmakdan başga ediljek zat galmandy.
Kim Mesjidul-Harama sygynsa
Abu Sufýan Medineden gidenden soň, söýgüli Pygamberimiz Mekgäni feth etmek kararyna geldi. Sebäbi kuraýşlylar sözlerinde durmadylar we ylalaşygy bozdular. Emma ol bu syry örän gizlin saklady: müşriklere taýýarlanmaga pursat bermän we Haremi şerifde (mukaddes ýerde) gan dökmezden, Mekgäni boýun egdirmek isleýärdi. Bu – harby çäredi. Sebäbi Mekge feth edilse, kim bilsin, näçe adam musulman bolmak bilen şereflenerdi. Bu barada ol diňe hezreti Abu Bekire we sahabalarynyň öňdebaryjylaryndan birnäçesine bildirdi. Sahabalaryna sapara taýýarlyk görmegi buýurdy, emma nirä gidiljekdigini aýtmady. Hormatly sahabalar jihada taýýarlanyp başladylar. Mundan başga-da, Pygamberimiz töwerekdäki musulman taýpalaryna – Eslem, Eşjag, Jüheýne, Husaýn, Gyfar, Müzeýne, Süleým, Damra taýpalaryna we Huzaga ogullaryna habar iberdi. Habarda: “Allahu tagala we ahyret gününe iman getirenler mübärek Ramazan aýynyň başynda Medinede bolsunlar” diýilýärdi. Şeýdip olar söweşe gatnaşmaga çagyryldylar.
Habybullah (sallallahu aleýhi we sellem) ätiýaçlyk çäresi hökmünde Mekgä barýan ýollary tutup, onuň bilen aragatnaşygy kesmek üçin hezreti Omara wezipe berdi. Hezreti Omar derrew dag ýodalaryna, geçelgelere we beýleki ýol çatryklaryna garawullar goýdy we: “Mekgä gitmek isleýän her kişini yzyna gaýtararsyňyz!” diýip buýruk berdi.
Bu iş gizlin alnyp barylsyn diýip, söýgüli Pygamberimiz Allahu tagala şeýle doga ederdi: “Ýa Rebbim! Biz olaryň ýurduna duýdansyz baryp ýetýänçäk, kuraýşlylaryň jansyzlaryny we habarçylaryny sakla, olary görmez we eşitmez et. Olar bizi duýdansyz görsünler we eşitsinler!”
Demirgazykdaky müşrikleriň ýa-da wizantiýalylaryň üstüne ýöriş ediljekdigi barada täsir galdyrmak üçin Pygamberimiz Abu Katada hezretlerini harby topar bilen demirgazyga, Izam jülgesine tarap iberdi. Şol arada söýgüli Pygamberimiz Medinedäki taýýarlyklary mekgeli müşriklere habar bermek üçin iberilen bir hat barada mugjyza hökmünde habar berdi. Ol hezreti Alyny iberip, bu haty tutdurdy.
Ramazan aýynyň ikinji gününe çenli töwerekdäki taýpalardan kömek geldi we hemmesi Abu Inebe guýusynyň ýanyndaky goşun düşelgesinde ýygnandylar. Hormatly sahabalaryň sany on iki müňe ýetdi. Olaryň dört müňüsi ensarlar, ýedi ýüzüsi muhajyrlar, galanlary bolsa töwerekdäki musulman taýpalaryndandy.3
Söýgüli Pygamberimiz Medinede öz ýerine Abdylla ibn Ummu Mektum hezretlerini goýdy.4 Zubeýr ibn Awwam hezretlerini iki ýüz kişilik atly toparyň başynda öňdäki garawul hökmünde öňe iberdi. Hijretiň sekizinji ýylynda, mübärek Ramazan aýynyň onunjy güni, çarşenbe güni Älemleriň Serweri Allahu tagalanyň ady bilen, köňülleri Allahu tagalanyň we Onuň Resulynyň muhabbetinden doly on iki müň kişilik beýik goşunynyň başynda Medineden ýola çykdy. Olar mundan sekiz ýyl öň gynalyp, zulum edilip, hijret etmäge mejbur edilen watanlaryna – Mekgä barýardylar. Buthana öwrülen beýik Käbäni butlardan arassalamaga barýardylar…
Inatlaryndan hiç el çekesi gelmeýän müşriklere hak, adalat we merhemet görkezmäge barýardylar… Allahu tagalanyň dinini ýaýratmaga, ol ýerdäkileriň ebedi dowzah azabyndan halas bolmagyna sebäp bolmaga barýardylar. Ýa Rebbim! Bu nähili beýik merhemetdi!.. Yslam goşuny Zulhuleýfä gelende, Mekgeden maşgalasy bilen hijret edip gelýän Pygamberimiziň kakasynyň dogany hezreti Abbas bilen duşuşdy. Söýgüli Pygamberimiz kakasynyň doganynyň gelmegine gaty begendi we: “Eý Abbas! Men pygamberleriň soňkusy bolşum ýaly, sen hem muhajyrlaryň soňkusysyň” diýip, onuň göwnüni göterdi. Hezreti Abbasyň ýüklerini Medinä iberdi. Hezreti Abbas Pygamberimiziň ýanynda galyp, Mekgäniň fethine gatnaşdy.5 Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) Mekgäniň golaýyndaky Kudeýde gelende, şanly sahabalaryny söweş tertibine düzdi. Her taýpa üçin aýratyn baýdak berip, olary her taýpanyň baýdakdaryna tabşyrdy. Muhajyrlaryň baýdaklaryny hezreti Aly, Zubeýr ibn Awwam we Sagt ibn Abu Wakkas (radyýallahu anhum) göterip barýardylar. Ensarlaryň on iki baýdakdary, Eşjag we Süleým taýpalarynyň birden baýdakdary, Müzeýne taýpasynyň üç, Eslem taýpasynyň iki, Huzaga ogullarynyň üç, Jüheýne taýpasynyň dört baýdakdary bardy.6 Medineden çykanlaryna on gün bolupdy. Agşamara olar Mekgä örän ýakyn geldiler, ýassy wagtynda bolsa Merruz-Zahrana gelip ýetdiler. Pygamberimiz sahabalaryna şu ýerde durmagy buýurdy. Mundan başga-da, ol hezreti Omara wezipe berip, her bir mujahydyň ot ýakmagyny buýurdy.7 Birden on müňden gowrak ot ýanansoň, Mekge ýagtylyga gark boldy. Hiç zatdan habary bolmadyk mekgeli müşrikler aljyraňňy boldular. Näme bolýandygyny bilmek üçin olar Abu Sufýany iberdiler. Ol ýanyna birnäçe adamy aldy we gizlene-gizlene yslam goşunyna golaýlaşdy. Şol wagt söýgüli Pygamberimiz käbir sahabalaryna: “Abu Sufýana göz-gulak boluň. Siz ony hökman taparsyňyz!” diýdi. Kuraýşlylar öňe gitdigiçe, olaryň haýran galmasy artýar, ýüreklerini elhenç gorky gaplaýardy. Mekgäniň töweregine näçe köp goşun ýygnanypdy we olar näçe köp ot ýakypdylar!.. Bu barada gürleşe-gürleşe olar Erak diýen ýere gelip ýetdiler.
“Ýa Rebbim! Biz olaryň ýurduna duýdansyz baryp ýetýänçäk, kuraýşlylaryň jansyzlaryny we habarçylaryny sakla, olary görmez we eşitmez et. Olar bizi duýdansyz görsünler we eşitsinler!” Hadysy şerif
Edil şol wagt Pygamberimiz: “Abu Sufýan häzir Erakdadyr” diýdi. Şonda hezreti Abbas öz-özüne: “Ol ýerde hökman birini tapyp, Mekgä ibereýin, ol olara yslam goşunynyň üstlerine gelýändigini habar bersin, mekgeliler hem söweş başlanmazdan öň Resul aleýhisselamyň ýanyna gelip, aman (howpsuzlyk) dilesinler” diýdi-de, derrew Erak tarapa ýola düşdi. Munuň üçin ol ýerde birini gözläp ýörkä, ol Abu Sufýany sesinden tanady we: “Eý Abu Hanzala!” diýip seslendi. Abu Sufýan hem ony tanady we: “Eý Abul-Fadl! Bu senmi?! Ejem-kakam saňa pida bolsun!” diýdi. Soňra olar bilelikde yslam goşunynyň düşelgesine tarap ýola düşdüler…
Ýolda Abu Sufýan hezreti Abbasdan: “Näme habarlar bar?” diýip sorady. Ol: “Eý Abu Sufýan! Waý seniň halyňa! Resul aleýhisselam siziň garşy durup bilmejek goşuny bilen üstüňize gelýär. Kasam edýärin, kuraýşlylaryň ýagdaýy erbet bolar. Waý, olaryň başyna geljek zatlara!” diýdi. Abu Sufýan we onuň ýanyndakylar uly umyt bilen mujahytlaryň arasyndan geçip, söýgüli Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) huzuryna geldiler. Kainatyň Soltany olary gowy garşy aldy. Mekgeliler barada soraşdyrdy. Giçlere çenli gürleşenden soň, olary yslama çagyrdy. Hakym ibn Hyzam bilen Budeýl derrew kelimeýi şahadat getirip, musulman boldular (radyýallahu anhuma). Emma Abu Sufýan henizem ikirjiňlenýärdi. Daň atanda, merhemet deňzi söýgüli Pygamberimiz: “Eý Abu Sufýan! Waý saňa! Allahu tagaladan başga ilahyň ýokdugyny bilmegiň wagty henizem gelmedimi?” diýdi. Ol: “Ejem-kakam saňa pida bolsun! Ýumşak häsiýetlilikde, şereflilikde we garyndaşlyk hakyny berjaý etmekde senden üstün adam ýok. Saňa şunça jebir edenimizden soň-da, sen henizem bizi hidaýat (dogry) ýola çagyrýarsyň. Nähili sahy, keremli adamsyň! Allahdan başga ilahyň ýokdugyna ynandym… Eger bolan bolsa, onuň maňa bir peýdasy degerdi. Sen hem Allahyň Resulysyň” diýip, hormatly sahabalardan bolmak bilen şereflendi, radyýallahu anhu.8
Hezreti Abbas: “Ýa Resulallah! Abu Sufýana mekgelileriň arasynda abraý gazandyrjak bir zat bagyş etmezmisiňiz?” diýdi. Pygamberimiz muny kabul etdi we: “Kim Abu Sufýanyň öýüne girip sygynsa, oňa aman berildi, ol öldürilmekden halas bolar” diýdi. Abu Sufýan hezretleri: “Ýa Resulallah! Muny ýene biraz giňeltmezmisiňiz?” diýip haýyş edende, söýgüli Pygamberimiz: “Kim Mesjidul-Harama girip sygynsa, oňa aman berildi! Kim gapysyny ýapyp öýünde otursa, oňa aman berildi” diýdi. Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) Abu Sufýan yslam goşunynyň haýbatyny we köplügini görsün we muny mekgeli müşriklere gürrüň bersin diýip, hezreti Abbasa: “Ony jülgäniň daralýan, atlaryň gysylyşyp geçýän dag geçelgesine elt. Musulmanlaryň – Allahu tagalanyň goşunynyň şan-şöhratyny görsün” diýdi.
Abu Sufýan muny görmelidi – şaýady bolan manzarasyny müşriklere gürrüň bersin we hiç kim garşy çykmasyn diýip… Şeýdip, Haremi şerifde gan dökülmesin diýip… Hezreti Abbas Abu Sufýan bilen dag geçelgesine barýarka, mujahytlar söweş tertibine düzüldiler. Taýpalar biri-biriniň yzyndan baýdaklaryny pasyrdadyp, geçelgeden geçip başladylar. Her kimiň egninde sowut, elinde ýarag bardy. Her topar geçende tekbir getirýärdi. Hezreti Abu Sufýan: “Bular kim?” diýip soraýar, hezreti Abbas hem: “Bular – Süleým ogullary! Olaryň serkerdesi – Halyt ibn Welit!”, “Bular – Gyfar ogullary!”, “Bular – Kagb ogullary!..” diýip jogap berýärdi. “Allahu ekber! Allahu ekber!” sesleri ýeri-gögi doldurýar, mujahytlaryň köplügi we ýaraglaryň ýalpyldysy gözleri gamaşdyrýardy. Hezreti Abu Sufýany iň köp gyzyklandyrýan älemiň buýsanjy Pygamberimizdi (sallallahu aleýhi we sellem). Ol onuň töweregindäki esgerleriň geçmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýar, olaryň beýlekilerden tapawutly boljakdygyny çaklaýardy. Şonuň üçin ol çydap bilmän ýygy-ýygydan: “Bu Resulullahyň toparymy?” diýip soraýardy… Ahyrynda pygamberleriň soltany, Älemleriň Serweri gün ýaly nur saçyp, Kaswa düýesiniň üstünde göründi. Onuň töwereginde muhajyrlar we ensarlar bardy. Olaryň her biri depesinden dabanyna çenli Dawudy sowutlara bürenip, hindi gylyçlaryny guşanyp, asylly atlara we düýelere münüp gelýärdi.
Olary görende, hezreti Abu Sufýan gyzyklanyp: “Bular kim, eý Abbas?” diýip sorady. Ol: “Ortadaky – Resul aleýhisselam. Onuň töweregindäkiler bolsa şehit bolmak yşky bilen ýanýan ensarlar we muhajyrlar!..” diýdi. Olaryň ýanyndan geçende, söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) hezreti Abu Sufýana: “Şu gün – Allahu tagalanyň Käbäniň şanyny beýgeltjek güni. Şu gün – Beýtullaha örtgi ýapyljak gün! Şu gün – merhemet güni… Şu gün – Allahu tagalanyň kuraýşlylary (yslam bilen) aziz etjek güni” diýdi.
Hezreti Abu Sufýan görmeli zadyny görüp, eşitmeli zadyny eşidipdi. Ol: “Men Wizantiýa imperatorynyň (kaýsaryň) hem, Eýran şasynyň (kisranyň) hem soltanatyny gördüm. Emma beýle şan-şöhratlysyny hiç görmedim. Şu günki ýaly goşun we jemagat bilen hiç haçan ýüzbe-ýüz bolmadym. Beýle goşuna hiç kim garşy durup bilmez. Olara hiç kimiň güýji ýetmez” diýdi-de, Mekgäniň ýoluny tutdy…
“Kim Abu Sufýanyň öýüne girip sygynsa, oňa aman berildi, ol öldürilmekden halas bolar… Kim Mesjidul-Harama girip sygynsa, oňa aman berildi! Kim gapysyny ýapyp öýünde otursa, oňa aman berildi” Hadysy şerif
Abu Sufýan Mekgä geldi we özüne sabyrsyzlyk bilen garaşýan müşriklere musulman bolandygyny yglan etdi. Soňra ol: “Eý Kuraýş jemagaty! Muhammet aleýhisselam siziň garşy durup bilmejek uly bir goşuny bilen ýanyňyza gelip ýetdi. Biderek ýere özüňizi aldamaň. Halas bolmak üçin musulman boluň. Men siziň görmedik zatlaryňyzy gördüm. Sansyz bahadyrlary, atlary we ýaraglary gördüm. Olara hiç kimiň güýji ýetmez. Kim Abu Sufýanyň öýüne girse, oňa aman berildi, ol öldürilmekden halas boldy. Kim Beýtullaha sygynsa, oňa aman berildi. Kim öýüne girip gapysyny ýapsa, oňa-da aman berildi” diýdi.9
Şondan soň müşrikleriň iň gazaplylaryndan käbirleri hezreti Abu Sufýana garşy çykyp, ony kemsitdiler. Hatda yslam goşunyna garşy çykmak üçin howlukmaç taýýarlanyp başladylar. Emma olaryň sany gaty azdy. Beýlekiler olara üns bermän, öýlerine ylgadylar. Käbirleri bolsa Mesjidul-Harama sygyndylar.
Älemiň serweri (sallallahu aleýhi we sellem) we şanly sahabalar (radyýallahu anhum) Zi Tuwa jülgesine gelip ýygnandylar. Älemleriň Serweri hormatly sahabalaryna mübärek gözleri bilen bir gezek nazar aýlandan soň, onuň ýadyna sekiz ýyl öň Mekgeden gidişi, hijreti düşdi. Şonda müşrikleriň onuň bagtly öýüniň töweregini gabandyklary, onuň Ýäsin süresinden aýaty kerimeleri okap çykyşy, hezreti Abu Bekir bilen hiç kime görünmän Sewr gowagyna girişleri, Mekgäniň serhetlerinden çykmazdan öň oňa soňky gezek seredip, şeýle diýşi ýadyna düşdi:
“(Eý Mekge!) Allaha kasam edýärin, bilýärin: sen Allahu tagalanyň ýaradan ýerleriniň iň haýyrlysysyň. Rebbimiň huzurynda-da, meniň ýanymda-da olaryň iň söýgülisisiň. Eger meni senden zor bilen çykarmadyk bolsalar, senden asla çykmazdym, aýrylmazdym”. Şol gamgyn halynda Jebraýyl aleýhisselamyň oňa Kasas süresiniň 85-nji aýaty kerimesini okap, mübärek göwnüne teselli berendigini we Mekgeýi mükerremä dolanjakdygyny buşlandygyny, bir hepbe sahabasy bilen Bedrde, Uhudda, Hendekde, Haýberde we Mutede duşmanlary nähili ýeňendigini hem ýatlady. Indi bolsa on iki müň sahabasy, şemiň töweregindäki perwanalar kimin, onuň töwereginde aýlanýar we Mekgä girmek üçin onuň diňe bir buýrugyna garaşýardy. Älemiň serweri Pygamberimiz bularyň hemmesini ihsan eden Allahu tagala iň çuňňur minnetdarlyk we şükür duýgulary bilen doly halda hamd etdi. Kiçigöwünlilik bilen mübärek başyny aşak egdi. Kainatyň buýsanjy Pygamberimiz gahryman sahabalaryny dört topara böldi. Sag ganatyň serkerdeligine Halyt ibn Welit hezretlerini, çep ganatyň serkerdeligine Zubeýr ibn Awwam hezretlerini, pyýadalaryň başyna Abu Ubeýde ibn Jerrah hezretlerini, beýleki topara bolsa Sagt ibn Ubade hezretlerini belledi. Hezreti Halyt Mekgä günortadan girmeli, müşriklerden kim garşy çyksa, onuň jezasyny bermeli we Safa depesinde Kainatyň buýsanjy Pygamberimiz bilen birleşmelidi. Hezreti Zubeýr Mekgä demirgazykdan girmeli, Hajun diýen ýerde baýdagyny dikip, Älemiň serweri Pygamberimize garaşmalydy. Günbatardan bolsa hezreti Sagt ibn Ubade öňe gitmelidi.10
“Şu gün – Allahu tagalanyň Käbäniň şanyny beýgeltjek güni. Şu gün – Beýtullaha örtgi ýapyljak gün! Şu gün – merhemet güni… Şu gün – Allahu tagalanyň kuraýşlylary (yslam bilen) aziz etjek güni” Hadysy şerif
Resuly ekrem serkerdelerine: “Size hüjüm edilmese, hiç kim bilen söweşe girmäň. Hiç kimi öldürmäň” diýdi. Emma atlary aýdylanlardan kim tutulsa, hatda Käbäniň örtüsiniň aşagynda gizlenen bolsa-da, onuň kellesi alynmalydy.11
Hak geldi, batyl ýok boldy
Ikrime ibn Abu Jehil, Safwan ibn Umeýýe we Suheýl ibn Amr Beni Bekr we Beni Harys taýpalaryndan käbir adamlar bilen bilelikde Halyt ibn Welidiň gelýändigini eşidip, ýoluň başyny tutup garaşyp başladylar. Mujahytlardan iň ilki herekete geçen Halyt ibn Welit hezretleri boldy. Mekgäniň günortasyndaky Hendeme dagynyň eteklerine gelende, ol gazaply kuraýş müşrikleriniň özlerine ok ýagdyrýandyklaryny gördi. Iki mujahyt şehit boldy: biri – Kürz ibn Jabyr, beýlekisi – Habeş ibn Eşgar. Hezreti Halyt söweş tertibindäki esgerlerine: “Diňe ýeňlip gaçýanlary öldürmäň” diýip buýruk berdi, olar öňe okduryldylar. Bir pursatda müşrikleri yza serpikdirip, Mesjidul-Harama çenli öňe gitdiler. Çaknyşyk wagtynda ýetmiş müşrik öldürildi.12 Müşrikleriň bir bölegi dag başlaryna, bir bölegi öýlerine gaçdy.
Mekgeýi mükerremäniň fethi
Mukaddes Mekgä beýleki taraplardan giren şanly sahabalar hiç hili garşylyga duş gelmediler. Öldürilmegi buýrulanlardan bäşisi tutuldy we olaryň jezasy derrew berildi. Galanlary Mekgeden gaçdylar. Ramazan aýynyň ýigriminji güni, penşenbe güni mujahytlar uly tolgunma bilen, tolkun-tolkun bolup, “Allahu ekber! Allahu ekber!” tekbirleriniň arasynda Mekgä girýärdiler. Älemiň serweri (sallallahu aleýhi we sellem) Kaswa düýesiniň üstünde, yzyna Usama ibn Zeýdi mündürip, uly kiçigöwünlilik bilen özüniň doglan şäheri – mukaddes Mekgä girýärdi. Ol özüne bu günleri görkezen Allahu tagala hamd edýär we Mekgäniň fethini buşlaýan Feth süresini okaýardy.
Kainatyň buýsanjy Pygamberimiz uly şatlyk bilen ýeňiji sahabalarynyň arasynda Käbeýi muazzama tarap ýöneldi. Sagynda hezreti Abu Bekir, çepinde Useýt ibn Hudaýr hezretleri bolan halda ol Käbeýi muazzama golaýlaşdy. Hajarul-eswedi (Gara daşy) zyýarat edenden soň, telbiýe we tekbir getirdi. Sahabalar oňa goşuldylar we “Allahu ekber! Allahu ekber!” seslerinden Mekgeýi mükerremäniň asmany guwlady. Bu belent manzaranyň öňünde musulmanlar şatlyk ýaşlaryny dökýärdiler, Haremi şerife (mukaddes ýere) sygynan ýa-da öýlerine bekinen müşrikler bolsa gorky bilen garaşýardylar.
Soňra Älemleriň Serweri we onuň şanly sahabalary towap edip başladylar. Ýedinji aýlawy tamamlandan soň, söýgüli Pygamberimiz düýesinden düşdi we Makamy Ybraýymda iki rekagat namaz okady. Soňra hezreti Abbasyň guýudan çykaran zemzem suwundan içdi. Zemzem suwy bilen täret almak isledi. Kainatyň buýsanjy Pygamberimiz täret alanda, hormatly sahabalar söýgüli Pygamberimiziň mübärek bedenine degen täret suwuny ýere düşürmän, howada tutup almaga ýaryşyp başladylar. Muny gören müşrikler: “Biz ömrümizde beýle bir hökümdary ne gördük, ne-de eşitdik” diýip, haýran galdylar. Älemiň serweri (sallallahu aleýhi we sellem) Käbäniň töweregindäki daşdan we agaçdan ýasalan ähli butlaryň ýykylmagyny isledi. Ol manysy “Hak gelende batyl ýok bolar; batyl hemişe ýok bolujydyr”13 bolan aýaty kerimäni okap, mübärek elindäki hasasyny butlara tarap uzatdy. Hasa degen her but birin-birin ýüzin ýykyldy. Üç ýüz altmyş but ýer bilen ýegsan edildi.14 Öýle wagty girende, Resuly ekrem hezreti Bilala Käbede Muhammedi azany okamagy buýurdy. Ol hem derrew bu mukaddes wezipäni ýerine ýetirdi. Azan okalanda möminleriň kalbynda tükeniksiz şatlyk döreýär, müşrikler bolsa uly agyry we gaýgy içinde ezilýärdiler.15
Söýgüli Pygamberimiz Käbäniň açaryny sorady. Ony getirdiler. Içerdäki suratlary we ýykylan ähli butlary çykardyp, arassalatandan soň, ol Käbä girdi.
Onuň bilen hezreti Usama ibn Zeýd, hezreti Bilal we hezreti Osman ibn Talha bardy. Içerde Pygamberimiz gapyny arkasyna alyp, iki rekagat namaz okady. Her burçda tekbir getirip doga etdi. Halyt ibn Welit hezretleri gapynyň öňünde durdy we halkyň ol ýere üýşmeginiň öňüni almaga çalyşdy.
“Hak gelende batyl ýok bolar; batyl hemişe ýok bolujydyr” Isra: 81
Kainatyň Soltany iki mübärek eli bilen Käbäniň gapysynyň iki ganatyndan tutup durdy. Ähli kuraýşlylar Mesjidul-Harama dolup, gorky garyşyk umyt bilen söýgüli Pygamberimize seredip durdular. Sebäbi olar Pygamberimizi kemsidipdiler, ony urmaga synanyşypdylar, onuň janyna kast etmek isläpdiler!.. Onuň sahabalaryny dürli-dürli gynamalara sezewar edipdiler. Boýunlaryna ýüp daňyp süýräpdiler. Oda taşlap ýakmaga çalyşypdylar. Gyzgyn daşlary döşlerine goýup, huşlaryndan gidýänçä gynapdylar. Otda gyzdyrylan şişleri bedenlerine sokupdylar. Üç ýyllap olary aç-suwsuz bir ýere gabap, ähli zatdan mahrum edipdiler. Aýaklaryndan düýelere daňyp, düýeleri dürli tarapa kowup, olary bölek-bölek edipdiler. Iň esasy-da, olary watanlaryndan çykarypdylar. Bu-da azlyk edýän ýaly, olary düýbünden ýok etmek üçin näçe gezek söweşipdiler. Emma bularyň hemmesine garamazdan, olar umytlydylar. Sebäbi olaryň öňünde älemlere rahmet edilip iberilen merhemet deňzi durdy. Olara birsalym seredenden soň, söýgüli Pygamberimiz: “Eý Kuraýş jemagaty! Indi men siziň bilen näme ederin öýdýärsiňiz?” diýdi. Olar: “Biz senden ýagşylyk garaşýarys, ýagşylyk umyt edýäris. Sebäbi sen – keremli dogansyň. Sen – keremli we ýagşylykly doganymyzyň oglusyň. Sen bizden üstün çykdyň. Senden ýagşylyk umyt edýäris” diýdiler. Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) olara ýylgyrdy we: “Meniň halym bilen siziň halyňyz Ýusup (aleýhisselam) doganlaryna aýdyşy ýaly bolar. Men hem onuň ýaly şeýle diýýärin: ’Şu gün men indi eden zatlaryňyz üçin sizden hasap soramaýaryn (siziň ýalňyşlaryňyzy ýüzüňize basmaýaryn). Allahu tagala sizi ýarylkasyn’.16 Gidiň. Siz azat, siz erkin” diýdi.
Bu beýik merhemet gaty ýürekleri ýumşatdy, ýigrenji muhabbete öwürdi. Älemleriň Serweri olary yslama çagyranda, olar musulman bolmak üçin ýygnandylar.
Söýgüli Pygamberimiz pygamberligini kuraýşlylara bildirip, olary ilkinji gezek yslama çagyran Safa depesine çykdy. Ýene şol ýerde ol uly-kiçi, aýal-erkek – ähli mekgelileriň beýgatyny (antyny) kabul etdi. Şeýlelikde kuraýşlylar musulman bolup, hormatly sahabalaryň arasyna goşulmak bilen şereflendiler. Erkekler bilen ylalaşylandan soň, aýallardan hem käbir meseleler barada söz alyndy.17 Allaha şärik goşmazlyk, Pygamberimize garşy gelmezlik, ogurlyk etmezlik, ar-namysyny goramak, böhtan (töhmet) atmazlyk, gyz çagalaryny öldürmezlik – şolaryň hatarynda bolupdy. Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) huzurynda bolan aýallar bularyň hemmesini kabul etdiler we diňe söz bilen ant içdiler. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) olara haýyr doga etdi we olaryň bagyşlanmagyny diledi.
Abu Sufýanyň aýaly we Muawiýanyň (radyýallahu anhuma) ejesi bolan Hind (radyýallahu anha) hem olaryň arasyndady, hatda olaryň baştutanydy. Bu aýallaryň beýgatynda aýallaryň adyndan ol gürledi. (Bu ähdi we bu ystygfar dogasyna mynasyp bolmagy sebäpli, onuň halas bolmagyna köp umyt edilýär. Musulman aýallardan islendik biri hem bu şertleri kabul edip, olara eýerse, bu ylalaşyga girenleriň hatarynda sanalýar we bu dogadan peýdalanýar.) Musulman bolan her kim öýündäki ähli butlary döwdi. Töwerekdäki taýpalara harby toparlar iberildi we ol ýerdäki butlar hem ýer bilen ýegsan edildi. Şeýlelikde hakyň gelmegi bilen batylyň köki kesildi.
Ölüme höküm edilenler
Yslamyň ilkinji günlerinden hijretiň sekizinji ýylyna çenli dürli jenaýatlary üçin öldürilmegine höküm edilen adamlar bardy. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) olaryň (erkeklerden on biriniň, aýallardan bolsa altysynyň) atlaryny aýtdy we: “Bu adamlary nirede görseňiz, şol ýerde öldüriň” diýip buýurdy. Höküm edilen erkekler şulardy: Ikrime ibn Abu Jehil, Wahşy ibn Harb Habeşi, Abdylla ibn Abu Sarh, Hebbar ibn Eswet, Safwan ibn Umeýýe, Kagb ibn Zuheýr, Abdylla ibn Zebary, Abdyluzza ibn Hatal, Huweýris ibn Muaz, Makys ibn Sababe we Harys ibn Tula. Aýallar bolsa şulardy: Hind binti Utbe, Karita, Karite, Ibn Hanzalanyň ýene bir gyrnagy (hyzmatkäri), Beni Abdylmuttalybyň gyrnagy Sare we Ummu Sagt.
Rehime gowuşanlar
Hind binti Utbe: musulman bolan aýallaryň arasynda öldürilmeli adamlaryň sanawynda ady bolan, hezreti Abu Sufýanyň aýaly Hind hem bardy. Emma älemlere rahmet bolan söýgüli Pygamberimiz ony-da bagyşlady. Ol musulmanlara elmydama azar-jebir ederdi. Hezreti Hamza we beýleki Uhud şehitlerine edilen azarlar onuň öjükdirmegi bilen edilipdi. Mekgäniň fethi güni älemiň buýsanjy (sallallahu aleýhi we sellem) Safa depesine çykyp oturdy. Omarul-Faruk hezretleri hem onuň aşak tarapynda oturdy. Ilki erkekler, soňra aýallar gelip, birin-birin musulman boldular. Aýallaryň arasynda hezreti Alynyň aýal dogany Ummu Hany we hezreti Muawiýanyň ejesi Hind bardy. Ol Resulullaha beýgat etdi. Aýallaryň adyndan Resulullah bilen ylalaşyk baglaşdy. Mübärek doga mynasyp boldy.
Ikrime ibn Abu Jehil: ol Abu Jehiliň oglydy. Rehime gowuşan erkekleriň arasynda ol hem bardy. Mekgäniň fethi güni ol bir sahabany şehit edip, Ýemene gaçdy. Bu habar Resulullaha ýetende, ol ýylgyrdy. Sahabalar munuň sebäbini soranlarynda, ol: “Ikrime we onuň şehit eden adamy el-ele tutuşyp jennetde gezerler” diýdi. Onuň aýaly Ummu Hakym binti Harys ibn Hişam aýallaryň beýgatynda musulman bolupdy we Resulullahdan Ikrime üçin aman diläpdi. Ikrime Ummu Hakym bilen Mekgä dolandy, Resulullahyň huzuryna baryp, ötünç sorady. Resulullah hem ellerini galdyryp, onuň üçin bagyşlanmak diledi. Ikrime (radyýallahu anhu) iman getirenden soň uly yhlas we gaýrat görkezdi. Ol hormatly sahabalaryň gahrymanlaryndan boldy. Ummanda, Ýemende jihat etdi we Ýermuk söweşinde şehit boldy.
Wahşy ibn Harb Habeşi: ol Uhud söweşinde hezreti Hamzany (radyýallahu anhu) şehit edipdi. Musulmanlar ony öldürmegi gaty isleýärdiler. Uhudda Resulullah birnäçe kapyra betdoga edipdi. Ondan: “Näme üçin Wahşyny näletlemeýärsiň?” diýip soranlarynda, ol: “Miraj gijesi men Hamza bilen Wahşynyň gol-gola tutuşyp, bilelikde jennete girýändiklerini gördüm” diýipdi. Mekgäniň fethi güni Wahşy gaçdy. Ol puşman edip, taýyflylar bilen bilelikde Medinä, metjide geldi we salam berdi. Resulullah onuň salamyny aldy. Ol iman getirdi we bagyşlandy. Emma oňa Ýemame tarapa gitmek buýruldy. Ol Resulullahyň öňünde gaty utanyp, başyny aşak salyp ýaşady. Medinä bir gezek-de gelmedi. Iman getirensoň, ol tertemiz boldy. Ähli öwlüýälerden-de ýokary boldy.
“Meniň halym bilen siziň halyňyz Ýusup (aleýhisselam) doganlaryna aýdyşy ýaly bolar. Men hem onuň ýaly şeýle diýýärin: ‘Şu gün men indi eden zatlaryňyz üçin sizden hasap soramaýaryn (siziň ýalňyşlaryňyzy ýüzüňize basmaýaryn). Allahu tagala sizi ýarylkasyn’ (Ýusup süresi: 92). Gidiň. Siz azat, siz erkin” Hadysy şerif
Hijretiň on birinji ýylynda Ýemamede murtatlar bilen örän gazaply söweş boldy. Musaýlimäniň goşunyndan ýigrimi müň adam öldi, Halyt ibn Welidiň goşunyndan iki müň adam şehit boldy. Ilki musulmanlar yza çekilip başladylar. Şonda Wahşy hezretleri gahrymanlarça hüjüm etdi we hezreti Hamzany şehit eden naýzasy bilen Musaýlimetul-Kezzaby öldürdi.18 Muny gören musulmanlar hüjüme okduryldylar we ýeňiş gazanyldy. Resulullahyň bir wagtlar Wahşyny Ýemame tarapa ibermeginde nähili uly mugjyza bardygy şeýlelikde ýüze çykdy. Ol hijri on ikinji ýylda bolan Ýermuk söweşine-de gatnaşdy we wizantiýalylara garşy örän uly gahrymançylyk görkezdi. Humsda ýerleşdi we hezreti Osmanyň zamanynda şol ýerde wepat boldy.
Günäkärleriň ötünjini kabul ederdi, geçip, lutf edip,
Hulky azym, rehimli, mähriban – ol sahawat käni.
Baýlygy söýmän, garyplygy söýüp, ony buýsanç bilerdi,
Miskinleri özüne dogan edinen – ol sahawat käni.
Eşiklerine ýama salyp, kowuş hem geýip,
Her bir syrkawa baryp, derman bererdi – ol sahawat käni.
Öz maşgalasynyň hyzmatyny özi hoş görüp ederdi,
Ähli kynçylyklary aňsat ederdi – ol sahawat käni.
Arpa çöregine, merjimek çorbasyna çagyrsalar-da,
Çakylygy kabul edip myhman bolardy – ol sahawat käni.
Käte düýä, käte ata, käte gatyra, käte eşege münerdi,
Käte ýalaňaýak ýörärdi ol soltan – ol sahawat käni.
