MUTE SÖWEŞI
Hijretiň sekizinji ýylynda älemlere rahmet bolan kainatyň serweri (aleýhi efdalussalawat) yslamyň ýaýramagy üçin ýene dürli taýpalara, döwletlere ilçiler iberdi. Olaryň käbirinden oňyn netijeler geldi, emma Busranyň häkimine iberilen Harys ibn Umeýr hezretlerini Şamyň Belka sebitiniň Mute obasynda hristian esgerleri tussag etdiler. Şamyň häkimi Şurahbil ibn Amryň ýanyna eltilen hezreti Harysy ilçidigine garamazdan, namartlarça öldürdiler – ol şehit boldy.1
Bu habara söýgüli Pygamberimiz gaty gynandy we derrew gahryman sahabalaryna ýygnanmagy buýurdy. Bu buýrugy alan sahabalar çagalary bilen halallaşyp, howlukmaç Jurf düşelgesinde ýygnandylar. Habyby ekrem öýle namazyny okadandan soň şeýle diýdi: “Jihada çykjak şu adamlara Zeýd ibn Harysany serkerde belledim! Zeýd ibn Harysa şehit bolsa, onuň ýerine Jagfar ibn Abu Talyp geçsin. Jagfar ibn Abu Talyp şehit bolsa, Abdylla ibn Rewaha geçsin. Abdylla ibn Rewaha hem şehit bolsa, musulmanlar öz aralaryndan mynasyp birini saýlasynlar we ony özlerine serkerde etsinler!”
Munuň üstüne hormatly sahabalar atlary sanalan gahrymanlaryň şehit boljakdygyna düşünip, aglap başladylar: “Ýa Resulallah! Kaşgä, olar sag galsalar-da, biz olardan peýdalansak!..” Pygamberimiz olara jogap bermän, dymdy.2 Ol ýerde bolan hezreti Zeýd, Jagfar we Abdylla hem muny eşitdiler we uly şatlyga gark boldular. Çünki olaryň iň uly maksady Allahu tagalanyň dinini ýaýradýarka şehit bolmakdy. Indi buşlug berlipdi we olar ony öz gulaklary bilen eşitdiler. Mujahytlar taýýarlyklaryny tamamlap, serkerdelerine garaşýardylar. Söýgüli Pygamberimiz ak yslam baýdagyny Zeýd ibn Harysa hezretlerine gowşurdy. Oňa Harys ibn Umeýriň şehit edilen ýerine çenli barmagy we ol ýerde yslamy ýetirmegi buýurdy. Kabul etmeseler, duşman bilen söweşmegi buýurdy. Abdylla ibn Rewaha hezretleri ýanyndaky serkerde ýoldaşlary bilen hoşlaşýarka aglady. Ondan: “Eý Rewahanyň ogly! Näme üçin aglaýarsyň?” diýip soradylar. Şahyr Abdylla ibn Rewaha şeýle diýdi:
Meniň aglamagymyň sebäbi
Dünýä söýgüsi däldir,
Allaha kasam edýärin,
Sizi küýsejegim hem däldir.
Hakyky sebäbi şudur:
Kurany Keriminde
Rebbimiz bir aýatda
Şeýle diýipdir:
“Gowy biliň:
Siziň araňyzda
Dowzahyň üstünden
Geçmejek hiç kim ýokdur…”
Bu aýaty eşitdim
Resulullah okanda.
Dowzahyň üstünden geçsem,
Nädip sabyr ederin men!
Ýoldaşlary onuň üçin doga etdiler: “Allahu tagala seni Özüniň söýgüli bendeleriniň toparyna goşsun, sen salyhlardan bol!” Soňra Abdylla ibn Rewaha hezretleri şeýle diýdi: “Emma men Allahu tagaladan bagyşlanmagymy dileýärin. Ýene-de ganlary çogdurup köpürjikledýän bir gylyç zarbasy bilen ýa-da bagrymy we içege-garnymy ýakyp-ýandyrýan bir naýza sanjylmagy bilen şehit bolmak isleýärin!..” Goşun ýola çykmaga taýýarlanýarka, hezreti Abdylla ibn Rewaha Pygamberimiziň ýanyna baryp hoşlaşdy we: “Ýa Resulallah! Maňa ýatlap aljak we ýadymdan hiç çykarmajak bir zady wesýet etmezmiň?” diýip sorady. Pygamberimiz oňa: “Sen ertir Allahu tagala örän az sežde edilýän bir ýurda bararsyň. Ol ýerde seždeleri, namazlary köpelt” diýdi. Abdylla ibn Rewaha: “Ýa Resulallah! Maňa ýene nesihat bermezmiň?” diýende, söýgüli Pygamberimiz: “Allahu tagalany hemişe zikir et. Çünki Allahu tagalany zikir etmek umyt edýän zadyňa ýetmegiňde saňa kömekçi bolar” diýdi.
Üç müň adamlyk yslam goşuny “Allahu ekber! Allahu ekber!” sesleriniň astynda ýola düşdi. Söýgüli Pygamberimiz we Medinede galan sahabalar mujahyt gazylary Weda belentligine çenli ugratdylar. Şu ýerde Älemleriň Serweri mübärek yslam goşunyna şeýle ýüzlendi: “Men size Allahu tagalanyň buýruklaryny ýerine ýetirmegi, gadaganlaryndan saklanmagy, ýanyňyzdaky musulmanlara haýyrly bolmagy we olara gowy garamagy wesýet edýärin. Allahu tagalanyň ýolunda Onuň adyny tutup söweşiň. Olja mallaryna hyýanat etmäň. Ähde wepasyzlyk görkezmäň. Çagalary öldürmäň! Ol ýerde hristianlaryň ybadathanalarynda adamlardan aýrylyp, özlerini ybadata bagyşlan käbir adamlary taparsyňyz. Olara degmekden saklanyň! Olardan başga-da, kellelerinde şeýtanlar höwürtge guran käbir adamlara gabat gelersiňiz, olaryň kellelerini gylyjyňyz bilen çapyň. Aýallary, garrap gartaşan ýaşulylary öldürmäň. Agaçlary ýakmaň we kesmäň. Öýleri hem ýykmaň!”
Baş serkerde Zeýd ibn Harysanyň özüne bolsa şeýle diýdi: “Müşriklerden bolan duşmanyň bilen duşuşanyňda, olary üç zadyň birine çagyr!.. (Eger musulman bolsalar,) olary muhajyrlaryň ýurdy bolan Medinä hijret etmäge çagyr! Çagyryşyňy kabul etseler, muhajyrlaryň eýe bolan hukuklaryna özleriniň hem eýe boljakdygyny we muhajyrlaryň borçly bolan wezipeleri bilen özleriniň hem borçly boljakdygyny bildir.
Eger musulman bolup, öz ýurtlarynda ýaşamagy ileri tutsalar, olaryň musulmanlardan çarwa araplar ýaly boljakdygyny, çarwa araplara ulanylýan ylahy hökmüň özlerine-de ulanyljakdygyny, söweş oljalaryndan olara hiç bir paý aýrylmajakdygyny we oljadan diňe musulmanlaryň ýanynda söweşenleriň peýdalanjakdygyny bildir!
Eger yslamy kabul etmeseler, olary jizýe tölemäge çagyr! Muny kabul edenlere degme! Jizýe tölemäge-de ýakyn gelmeseler, Allahu tagalanyň kömegine sygynyp, olar bilen söweş!..”
Bu nesihatlardan soň ol mujahytlar bilen hoşlaşdy. Yslam goşuny tekbir sesleri bilen ýola düşdi. Galanlar gidýänlere el bulap: “Allahu tagala sizi her hili howp-hatardan gorasyn, sag-aman yzyňyza gaýtarsyn…” diýip doga etdiler. Olar gözýetimde gözden ýitýänçä, ýaşly gözler bilen olaryň yzyndan höwes bilen seredip galdylar…
“Zeýd ibn Harysany serkerde belledim! Ol şehit bolsa, onuň ýerine Jagfar ibn Abu Talyp geçsin. Ol şehit bolsa, Abdylla ibn Rewaha geçsin. Ol hem şehit bolsa, araňyzdan birini saýlarsyňyz” Hadysy şerif
Mukaddes baýdak Zeýd ibn Harysanyň elinde pasyrdaýardy, mujahytlar Allahu tagalanyň dinine hyzmat etmek üçin näbelli uzak ýola barýardylar. Yslam goşuny Siriýa tarap çalt öňe barýardy. Ýol wakasyz we şadyýan geçýärdi. Mujahytlar duşman bilen tizräk duşuşmak üçin sabyrsyzlanýardylar. Şehitligi isleýänleriň iň höwesjeňleriniň biri hem Abdylla ibn Rewaha hezretleridi. Muny Zeýd ibn Erkam şeýle gürrüň berdi: “Men Abdylla ibn Rewahanyň terbiýesinde ulalan bir ýetimdim. Ol Mute söweşine çykanda, meni hem düýesiniň yzyna mündüripdi. Gije biraz ýöränden soň, onuň dodaklaryndan şu beýtler dökülýärdi:
Eý düýäm! Çägelikdäki guýa eltseň sen meni,
Ondan-da dört duralga öňe eltseň sen meni,
Mundan başga sapara indi çykarmaryn seni,
Az wagtdan soň eýesiz galarsyň, şuny bilgin.
Men, elbetde, öýüme yzyma dolanmaryn,
Umyt edýän, bu söweşde men şehit bolaryn.
Soňky duralgada möminler meni çalt ozup geçdi,
Eý Rewahanyň ogly, iň ýakynlaryň hem
Doganlyk baglaryny üzüp geçip gitdiler,
Seni Hak tagala tabşyryp gitdiler.
Indi pikir etmeýärin, yzda näme malym bar,
Agaçlar-da, hurmalar-da – asla gaýgym däldir!
Bulary eşidip, men agladym. Abdylla ibn Rewaha maňa gamçysy bilen degip: ‘Eý tentek! Saňa näme boldy? Meniň şeýle aýtmagymyň saňa näme zyýany bar? Allahu tagala maňa şehitlik nesip etse, sen haýwanyň üstünde yzyňa dolanyp, öz ýeriňe ýetersiň. Men bolsa dünýäniň ähli derdinden, gaýgy-gamyndan, hadysalaryndan dynyp, rahatlyga gowuşaryn’ diýdi. Ol düşüp, iki rekagat namaz okady. Ahyrynda uzak doga edenden soň, maňa: ‘Eý oglan!’ diýip seslendi. Men: ‘Buýur’ diýenimde, ol: ‘Bu saparda, inşalla, şehitlik nesip bolar!’ diýdi”.
Gahryman sahabalar Siriýa golaýlaşýarkalar, Şamyň häkimi Şurahbil ibn Amr yslam goşunynyň golaýlaşýandygyny eýýäm eşidipdi. Ol derrew Wizantiýanyň kaýsary Irakliusa ýagdaýy habar berip, ondan uly kömek alyp, köşeşipdi. Çünki onuň ýygnan maglumatlaryna görä, musulmanlar bary-ýogy üç-bäş müň adamdy. Onuň öz goşuny bolsa ýüz müňden geçýärdi, ýaraglarynyň bolsa hasaby ýokdy. Hormatly sahabalar (aleýhimur-rydwan) Şam topraklaryndan Magana baryp ýetenlerinde, wizantiýalylaryň ýüz müň adamlyk goşun bilen üstlerine gelýändigini öwrendiler. Olar şol ýerde düşläp, iki gije galdylar. Serkerde Zeýd ibn Harysa hezretleri ýoldaşlaryny ýygnap, ýagdaýy bildirdi. Wizantiýa goşunyna garşy näme etmelidigi barada olaryň pikirini sorady. Sahabalaryň käbiri: “Wizantiýa goşuny bilen duşuşman, olaryň ýurduna duýdansyz çozuşlar guralyň. Adamlaryny ýesir alyp, Medinä gaýdalyň” diýdiler. Käbirleri bolsa: “Resul aleýhisselama hat ýazyp, duşmanyň sanyny bildireliň. Bize howlukmaç goşun ibermegini ýa-da näme etmelidigimizi soralyň” diýdiler. Ikinji pikiriň has amatlydygy barada karara geljek bolup durkalar, Abdylla ibn Rewaha hezretleri söze goşulyp şeýle diýdi:
“Allahu tagalany hemişe zikir et. Çünki Allahu tagalany zikir etmek umyt edýän zadyňa ýetmegiňde saňa kömekçi bolar” Hadysy şerif
Eý kowmum, näme sebäpden ikirjiňlenýärsiňiz?
Şehit bolmak niýeti bilen söweşe gelmedikmi biz?
Ýaragymyz, atlymyz köp bolany üçin
Biz kapyrlar bilen hiç haçan söweşmedik.
Allahu tagalanyň bize bagyş eden
Şu din güýji bilen arslan dek söweşdik.
Gidiň, söweşiň, hökman haýyr bardyr,
Bu işiň soňy – ýa şehitlik, ýa ýeňiş.
Allaha kasam, Bedr güni iki atymyz bardy,
Uhudda ýeke at bilen, gaty azdy ýaragymyz.
Eger bu söweşde ýeňiş ykbalda bar bolsa,
Allah hem, Pygamber hem şeýle wada berdi ahyry.
Hak tagala wadasyndan hiç yzyna dänmez,
Onda, eý möminler, öňe ýöräň!
Eger şehitlik ýazylan bolsa bize,
Jennetde şehit doganlarymyza gowşarys.
Hezreti Abdylla ibn Rewahanyň bu sözleri mujahytlara gaýrat berdi. “Allaha kasam, Rewahanyň ogly dogry aýdýar” diýdiler. Indi karar kabul edildi: olar şehit bolýançalar söweşjekdiler. Şanly sahabalar Mute obasyna gelenlerinde, ýüz müň adamlyk Wizantiýa goşuny bilen ýüzbe-ýüz boldular.
MUTE SÖWEŞI
Dag-daş duşman esgerlerinden dolupdy. Bir tarapda Allahu tagalanyň dinini ýaýmak üçin uzakdaky Medineden turup, Şama çenli gelen üç müň adamlyk yslam goşuny, beýleki tarapda bolsa yslamy bogmak üçin ýygnanan ýüz müň adamlyk kapyrlar sürüsi durdy… Daşyndan seredeniňde, güýçleriň gatnaşygyny deňeşdirer ýaly däldi. Diýmek, bir musulmana otuzdan gowrak wizantiýaly bilen söweşmeli bolýardy. Iki tarap hem söweş tertibine düzüldi. Şol wagt Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) buýrugy boýunça yslam goşunyndan bir topar wekil Wizantiýa düşelgesine tarap ugrady. Olar Wizantiýa goşunyna yslama gelmegi, ýogsa jizýe tölemegi teklip etdiler. Emma olar bu çagyryşy ret etdiler. Indi ýitirere wagt ýokdy. Serkerde Zeýd ibn Harysa hezretleri elinde mukaddes yslam baýdagy bilen goşunyna hüjüm etmegi buýurdy. Şu pursada garaşyp duran mujahytlar “Allahu ekber!” sesleri bilen ok ýaly öňe okduryldylar. Ýyldyrym ýaly gylyçlaryny sogrup, tupan ýaly duşmanyň ortasyna girdiler… Atlaryň kişňeýşi, gylyçlaryň şakyrdysy, tekbir sesleri we ýaralananlaryň nalasy asmana göterildi, söweşiň başyndan meýdan gan kölüne öwrüldi. Şanly sahabalaryň her gylyç salyşynda ýa bir kelle, ýa bir gol ýere gaçýardy.
Elinde Resulullahyň ak baýdagy bolan hezreti Zeýd duşmanyň edil ortasynda “Allah, Allah” diýip söweşýärdi. Ol salýan gylyçlary bilen bir pursatda töweregini boşadýardy, duşmany öz garşysyna çykanyna puşman etdirýärdi. Serkerdeleriniň gahrymanlarça söweşýändigini gören şanly sahabalar hem ondan yza galmaýardylar, olaryň her biri ýeke özi otuz duşmana gylyç ýetirip, olary ýykmaga çalyşýardy. Bir salym serkerde hezreti Zeýdiň mübärek döşüne birbada birnäçe naýza sanjyldy. Olaryň yzyndan beýleki naýzalar hem geldi. Şanly sahabanyň bedeni deşik-deşik bolupdy. Ahyry Zeýd ibn Harysa yssy topraga ýykyldy we gaty küýsän şehitlik şerbetini içdi.
Zeýd ibn Harysanyň yzyndan gelen hezreti Jagfar derrew baýdagy kakyp aldy. Yslam baýdagynyň pasyrdaýandygyny gören mujahytlar täze bir yşk bilen söweşi dowam etdiler. Hezreti Jagfar hem Zeýd ibn Harysa ýaly gahrymanlarça söweşýärdi. Ol bir tarapdan duşmana hüjüm edýärdi, beýleki tarapdan hem ýoldaşlaryna gaýrat we joşgun berýärdi. Ýigitlerçe söweşýän bu täze serkerde has çalt, has ýyndam hereketler bilen gylyç salýardy, duşmana göz açdyrmaýardy. Hezreti Jagfar özüni unudyp söweşýärkä, ýoldaşlaryndan has öňe gidipdi. Ol wizantiýalylaryň ortasynda ýeke özi söweşýärdi, olaryň her birine aýry-aýry gylyç urýardy. Emma bu gidişiň yzyna dolanyşy ýokdugyna düşünmek üçin oňa köp wagt gerek bolmady. Gahryman serkerde: “Meniň etmeli işim – kapyrlaryň her birine gylyjym bilen urmak!” diýýärdi, “Allahu ekber!.. Allahu ekber!..” diýen mübärek sözden täze ruhy güýç alýardy. Ol her gylyç urşunda bir duşmany ýok edýärdi, töweregine hiç kimi ýakynlaşdyrmaýardy. Allahu tagalanyň mübärek adyny dilinden düşürmän, tükenmez güýç bilen söweşýärdi. Ahyry bir duşman esgeri hezreti Jagfaryň sag goluna gylyç urdy. Sag eli kesilen hezreti Jagfar mukaddes yslam baýdagyny ýere düşürmän, çep eli bilen tutup aldy. Ony göterip, ýene pasyrdatdy. Şol arada ýene bir gylyç zarbasy… Çep eli hem kesildi. Bu gezek ol baýdagy kesilen gollarynyň arasynda döşüne gysyp, pasyrdatmaga çalyşdy. Emma yzly-yzyna gazap bilen inýän duşman gylyçlary bilen gaty küýsän şehitlik derejesine ýetdi. Onuň mübärek ruhy jennetiň iň ýokary derejelerine uçdy… Onuň bedeninde togsandan gowrak gylyç we naýza ýarasy sanaldy.3 Serkerdeleriniň şehit bolandygyny gören gahryman mujahytlar ýere düşen yslam baýdagyny kakyp alyp, ony Abdylla ibn Rewaha hezretlerine gowşurdylar.
“Eý kowmum, näme sebäpden ikirjiňlenýärsiňiz? Şehit bolmak niýeti bilen söweşe gelmedikmi biz?” Abdylla ibn Rewaha (radyýallahu anhu)
Ol atyň üstünde baýdagy pasyrdadyp, duşmana gazaply hüjüm etdi. Bir tarapdan öňüne çykan duşmany ýykýardy, beýleki tarapdan hem şeýle diýýärdi:
Eý nebsim, sen maňa, elbetde, boýun egersiň,
Bu gün şehit bolaryn, bu söweşde kasam etdim.
Ýa sen muňa öz islegiň bilen razy bolarsyň,
Ýa men muny saňa zor bilen kabul etdirerin.
Eger bu söweşde öldürilmeseň, aýt maňa, eý nebsim,
Ýa-da sen hiç haçan ölmejekmiň?
Jagfar ibn Abu Talyp bilen Zeýd ibn Harysanyň
Edenini etseň, bil: gowy edersiň.
Olar şehit boldular, eý nebsim, yza galma,
Ýogsa bagtsyz bolarsyň, hany, öňe okdurul!
Hezreti Abdylla hem “Allahu ekber!” sesleriniň astynda duşman bilen aýawsyz göreşe girdi. Bir salym bir gylyç zarbasy onuň barmagyna degdi we kesilen barmak elinde salanyp başlady. Allahu tagalanyň we Onuň Resulynyň yşky bilen ýanýan bu mübärek serkerde derrew atyndan ýere bökdi. Söweşmegine päsgel berýän ýaraly barmagyny aýagynyň astyna alyp: “Sen bary-ýogy ýaraly bir barmak dälmi? Bu bela-da sen Allahu tagalanyň ýolunda uçradyň ahyryn!” diýip, ony çekip üzdi. Ýyldyrym ýaly atyna bökip münüp, bar güýji bilen ýene söweşip başlady. Emma näçe söweşse-de, şehitlik derejesine ýetip bilmeýändigi üçin öz-özüni käýinip başlady… Gaýta-gaýta duşmana hüjüm etdi. Ahyrynda bir naýza zarbasyndan ýere ýykyldy. Allahu tagalanyň we Onuň Resulynyň ýolunda söweşip şehit boldy we onuň mübärek ruhy jennete uçdy… Şol pursat hezreti Abdyllanyň ýanynda söweşýän Abul-Ýusr Kagb ibn Umeýr baýdagy pasyrdatmaga çalyşdy. Ol sahabalaryň arasynda gözüni aýlap, özünden ýaşulurak we tejribeliräk birini gözledi. Sabit ibn Ekremi görüp, baýdagy oňa gowşurdy. Hezreti Sabit baýdagy mujahytlaryň öňünde dikip: “Eý doganlarym! Tizräk araňyzdan birini serkerde saýlaň we oňa eýeriň!” diýdi. Olar: “Biz seni saýladyk” diýdiler, emma hezreti Sabit muny kabul etmedi. Onuň gözleri Halyt ibn Welit hezretlerine düşdi. Ol oňa: “Eý Abu Süleýman! Baýdagy sen al!” diýdi. Musulmanlaryň arasyna ýaňy goşulan hezreti Halyt edebinden mukaddes baýdagy almak islemedi we onuň mübärek dodaklaryndan şu sözler döküldi: “Men bu baýdagy senden alyp bilmerin! Sen muňa menden has mynasyp. Çünki sen ýaşulurak we Bedr söweşinde Resulullahyň ýanynda söweşmek şerefine ýetipsiň!..” Emma wagt gymmatlydy. Töwereklerinde hormatly sahabalar duşman bilen aýawsyz söweşýärdiler, ýüz müň adamlyk duşmany yza tesdirmäge çalyşýardylar. Hezreti Sabit sözüni gaýtalady: “Eý Halyt! Resulullahyň mukaddes baýdagyny tiz al! Allaha kasam, men ony saňa bermek üçin alypdym. Sen söweşiň usullaryny menden gowy bilýärsiň!” diýdi we töweregindäki mujahytlardan: “Eý doganlarym! Halydyň serkerde bolmagy barada pikiriňiz nähili?” diýip sorady. Olar bir agyzdan: “Biz ony özümize serkerde etdik” diýdiler. Munuň üstüne hezreti Halyt Älemleriň Serweriniň mübärek eli bilen gowşuran baýdagyny uly hormat we edep bilen alyp öpdi. Atyna bökip münüp, bütin şöwketi we haýbaty bilen duşmana hüjüm etdi.4
Gahryman sahabalar täze serkerdeleriniň yzyndan ýene hüjüme geçdiler. Hezreti Halyt görlüp-eşidilmedik gaýduwsyzlyk we ussatlyk bilen söweşýärdi, öňüne geleni ýykyp-ýumurýardy. Bir salym Kutbe ibn Katada hezretleri duşman serkerdelerinden Malik ibn Zafilanyň kellesini bedeninden aýyrdy. Wizantiýalylaryň ruhy peseldi. Emma wagt daralypdy, agşam düşüp, garaňky gatlyşyp başlapdy. Garaňkyda söweşmek gaty howpludy. Çünki ýalňyşyp öz ýoldaşlaryny urup bilerdiler…
Şonuň üçin iki tarap hem öz düşelgelerine çekildi. Ýaralylary bejerip başladylar. Hezreti Halyt söweş sungatynyň aýratyn zehinli ussadydy. Ol irden duşmanyň garşysyna täze bir söweş usuly bilen çykyp, olary aljyratmak isleýärdi. Şol gije esgerleriň ýerlerini üýtgetdi: sag tarapdakylary çepe, çepdäkileri saga, öňdäkileri yza, yzdakylary öňe geçirdi.
Irden ýene hüjüme galan gahryman mujahytlar “Allahu ekber” sesleriniň astynda söweşip başladylar. Duşman esgerleri özlerine hüjüm edýänleri ilkinji gezek görýärdiler. Bular düýn olaryň söweşen adamlary däldi.
Belki, musulmanlara kömege täze bir goşun gelendir!.. Kömekçi güýçler geldi öýdüp gorka düşen Wizantiýa esgerleriniň ruhy peseldi. Olar howsala düşüp, gaçyp başladylar. Muny pursat bilip, yslam goşuny olaryň üstüne güýçli hüjüm etdi.
Duşman derbi-dagyn edilenden soň, olar Mute galasyna geldiler. Galany hem alyp, onuň begzadalaryndan-da köp adamy öldürdiler. Hezreti Halyt we gahryman sahabalar şol gün has-da gowy söweşip, duşmana gylyç urdular we olaryň müňlerçesiniň janyny dowzaha ugratdylar. Şol gün Halyt ibn Welit hezretleriniň elinde dokuz gylyç döwüldi.5 Allahu tagalanyň ihsany we Resuly ekremiň (sallallahu aleýhi we sellem) dogalarynyň bereketi bilen üç müň mujahyt gazy ýüz müň duşman esgerini derbi-dagyn etdi. Bu uly meýdan söweşinde on bäş şehit berildi. Şeýlelik bilen Wizantiýa imperiýasyna öz ýeri görkezildi, onuň günorta tarap täze çozuşlar guramagynyň öňi alyndy… Resuly ekrem, hormatly Pygamberimiz, oňa söweş meýdanyndan bir habar gelmänkä, Mutede bolan zatlary bildirmek üçin sahabalaryny metjide ýygnady. Söýgüli Pygamberimiziň mübärek ýüzünden onuň gaty gaýgylydygy duýulýardy, ony has-da gynandyrmakdan gorkup, hiç kim hiç zat sorap bilmeýärdi. Ahyry hormatly sahabalaryň biri: “Janlarymyz saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Sizdäki gaýgyny göreli bäri içimiz gan aglaýar, gaýgymyzyň näderejede uludygyny diňe Jenaby Hak bilýär!” diýdi. Söýgüli Pygamberimiziň mübärek gözlerinden ýaş akdy we ol şeýle diýdi: “Mende gören gaýgyňyz, meni hasrata salan zat – sahabalarymyň şehit bolmagydy. Bu ýagdaý men olary jennetde biri-biriniň garşysynda goýlan tagtlaryň üstünde oturan doganlar edip görýänçäm dowam etdi. Zeýd ibn Harysa baýdagy eline aldy. Ahyry ol şehit edildi. Ol indi jennete girdi. Ol ýerde ylgap ýör. Soňra baýdagy Jagfar ibn Abu Talyp aldy. Ol duşman goşunlaryna hüjüm etdi, söweşdi we ahyry ol hem şehit boldy. Ol şehit bolup jennete girdi we ýakutdan iki ganat bilen islän ýerine uçup ýör. Jagfardan soň baýdagy Abdylla ibn Rewaha aldy. Elinde baýdak bilen duşmanlar bilen söweşdi, şehit boldy we jennete girdi. Olar maňa jennetde altyndan tagtlaryň üstünde görkezildi. Allahym! Zeýdi bagyşla!.. Allahym! Jagfary bagyşla! Allahym! Abdylla ibn Rewahany bagyşla!”
“Eý Halyt! Resulullahyň mukaddes baýdagyny tiz al! Allaha kasam, men ony saňa bermek üçin alypdym. Sen söweşiň usullaryny menden gowy bilýärsiň!” Sabit ibn Ekrem (radyýallahu anhu)
Älemleriň Serweriniň mübärek gözlerinden henizem ýaş akýardy. Gözýaşlarynyň arasynda ol sözüni şeýle dowam etdi: “Abdylla ibn Rewahadan soň baýdagy Halyt ibn Welit aldy. Ine, indi söweş gyzyşdy. Allahym! Ol (Halyt ibn Welit) Seniň gylyçlaryňdan bir gylyçdyr. Oňa kömek et!..”6 Söýgüli Pygamberimiz Allahu tagalanyň rugsady bilen müň kilometrden-de has uzakdaky söweş meýdanynda bolup geçýän zatlary mugjyza hökmünde görüpdi we sahabalaryna habar beripdi. Jagfar ibn Abu Talyp hezretleriniň şehit bolan güni bu wakany gürrüň berenden soň, ol ýerinden turup, hezreti Jagfaryň öýüne gitdi. Jagfaryň aýaly Esma öý işlerini gutaryp, çagalaryny ýuwundyryp, saçlaryny darapdy. Söýgüli Pygamberimiz: “Eý Esma! Jagfaryň ogullary nirede? Olary meniň ýanyma getir!” diýdi. Esma hatyn çagalary getirende, Resulullah olary bagryna basdy, doýup-doýup ogşady we ysgady. Onuň mübärek ýüregi çydamady, mübärek gözlerinden ýaş üzülmän akyp başlady. Muny gören hezreti Jagfaryň aýaly: “Ejem-kakam, hatda janym saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Näme üçin meniň ogullaryma ýetimlere görkezýän mähriňizi görkezýärsiňiz? Ýa-da Jagfar we onuň ýoldaşlary barada ajy bir habar aldyňyzmy?!” diýip ýalbaryp sorady. Älemleriň Serweri örän tolgunypdy. Ol: “Hawa!.. Olar şu gün şehit boldular!..” diýip jogap berdi. Hezreti Esma enemiz hem ýetim balalaryny bagryna basyp aglap başlady. Söýgüli Pygamberimiz bu ýagdaýa kän çydap bilmän, ol ýerden çykyp gitdi.7
Bagtly öýüne dolanan Habyby ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) päk aýallaryna: “Jagfaryň maşgalasy üçin nahar taýýarlamagy ünsden düşürmäň!” diýdi. Üç günläp şehitleriň maşgalalaryna nahar iberildi. Arada birnäçe gün geçenden soň, Medinä buşlukly habary Ýagla ibn Umeýýe hezretleri getirdi. Ol bolup geçen zatlary entek gürrüň bermänkä, Resuly ekrem oňa: “Isleseň, bolan zatlary sen habar ber, isleseň, men saňa aýdyp bereýin” diýip, söweş meýdanynda bolan zatlaryň hemmesini jikme-jik gürrüň berdi. Şondan soň hezreti Ýagla ibn Umeýýe: “Seni hak din we Kitap bilen pygamber edip iberen Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin, mujahytlaryň başyndan geçen wakalaryň birini-de aýtman galdyrmadyňyz” diýdi. Pygamberimiz: “Allahu tagala meniň üçin aradaky uzaklygy aýyrdy, men söweş meýdanyny öz gözlerim bilen gördüm” diýip jogap berdi.
Birnäçe günden soň habarçylar yslam goşunynyň Medinä golaýlap gelýändigini habar berdiler. Pygamberimiz sahabalary bilen ýerinden turup, olary garşylamak üçin Medinäniň daşyna çykdy. Uzakdan tozan bulutlary göterilýär, mukaddes yslam baýdagy pasyrdaýardy. Gylyçlaryň, galkanlaryň ýalpyldysy töweregi aýna ýaly ýagtyldýardy… Her kimde çuňňur tolgunma duýulýardy. Birsellemden başlarynda Halyt ibn Welit hezretleri bolan gazy mujahytlar Medinä girdiler, radyýallahu tagala anhum ejmagin…
“Allahym! Zeýdi bagyşla!.. Allahym! Jagfary bagyşla! Allahym! Abdylla ibn Rewahany bagyşla!” Hadysy şerif
Hüýr gyzlary geldiler,
Nurdan gundaga doladylar,
Muhammede ýüz sürtdüler
Muhammet dünýä inen gije.
Asman gapysy açyldy,
Älemlere rahmet saçyldy,
Jennet donlary biçildi
Muhammet dünýä inen gije.
Ýunus aýdar: “Eý doganlar,
Gözden akar ganly ýaşlar,
Sežde etdi daglar, daşlar
Muhammet dünýä inen gije”.
Käbeýi muazzamanyň gadymy görnüşi /
Mekgeýi mükerreme [1890]
