Söýgüli Pygamberim

UMRATUL-KAZA SAPARY

Hudeýbiýe ylalaşygyndan bäri bir ýyl geçipdi. Gurban baýramyna bir aý galanda, Zülkagda aýynyň başlarynda Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) hormatly sahabalaryna umra üçin taýýarlyk görmegi buýurdy. Umra üçin Hudeýbiýä gidip, Beýgatur-Rydwana gatnaşanlaryň, wepat bolanlardan başgalarynyň hemmesi gatnaşmalydy. Bu buýrukdan soň iki müň sahaba taýýarlyklaryny tamamlady. Gurbanlyk üçin ýetmiş düýe alyndy. Olary Mekgä çenli ýolda bakyp alyp barmak Najiýe ibn Jundup bilen onuň dört ýoldaşyna tabşyryldy. Mundan başga-da Muhammet ibn Mesleme hezretleriniň ygtyýaryna ýüz atly berlip, ol sowut, naýza, gylyç ýaly söweşde ulanyljak ýaraglary alyp barmak üçin öňden iberildi. Müşriklere ynanyp bolmaýardy. Haýsydyr bir hüjüm bolaýsa, bu ýaraglardan peýdalanylardy. Hormatly sahabalaryň käbiri: “Ýa Resulallah! Hudeýbiýe ylalaşygyna görä, umra gynyna salnan gylyçlardan başga ýarag bilen gelmeli däldik!” diýdiler. Älemleriň Serweri: “Biz bu ýaraglary Harama, kuraýşlylaryň ýanyna girizmeris. Ýöne olar kuraýşlylaryň bize edip biljek hüjümine garşy golaýymyzda, elimiziň astynda bolar” diýdi.

Medineýi münewwerede orunbasar edip Abu Zer Gyfary galdyryldy.1 Abu Ruhm Gyfarynyň galdyrylandygy hem rowaýat edilýär. Iki müň sahaba söýgüli Pygamberimiz bilen bile Mekgä tarap ýola çykdy. Hormatly sahabalar gaty tolgunýardylar. Olar ýyllar boýy Allahu tagalanyň ýolunda, söýgüli Pygamberimiziň hatyrasyna terk eden öýlerini, ojaklaryny, ýurtlaryny görjekdiler… Bäş wagt namazda ýüzlerini öwürýän Käbeýi muazzamany zyýarat etjekdiler… Musulman bolup-da, ylalaşyk sebäpli Medinä gelip bilmedik garyndaşlaryna gowuşjakdylar. Ýyllar boýy olaryň gözlerinden ýaşyň ýerine gan akdyran, zulum astynda iňňildeden, butlaryna çokundyrmak üçin olaryň köp doganlaryny şehit eden kuraýşly müşriklere yslamyň abraýyny we şerefini görkezjekdiler. Belki, muny gören müşrikleriň ýüregine yslam söýgüsi düşer-de, olar musulman bolarlar!..

Medinede galanlar Älemleriň Serwerini Weda belentligine çenli tekbirler bilen ugradyp, hoşlaşandan soň yzlaryna dolandylar… Söýgüli Pygamberimiz Medineden on kilometr töweregi uzaklykdaky Zulhuleýfä gelende, ihrama girdi. Şanly sahabalar hem oňa eýerdiler. Her kim aga bürenipdi. Umra etmek üçin Mekgeýi mükerremä sapar başlanypdy. Indi “Lebbeýk, Allahumme lebbeýk! Lebbeýk, la şerike leke lebbeýk! Innel-hamde wen-nygmete leke wel-mülk, la şerike lek!” (Buýur, Allahym, buýur! Çagyryşyňa sözüm we özüm bilen gaýta-gaýta jogap berdim, buýrugyňa boýun egdim. Seniň şärigiň ýokdur, ähli barlygym bilen Saňa ýüzlendim. Hamd we nygmat diňe Saňa mahsusdyr. Mülk hem Seniňkidir. Seniň deňiň ýokdur) sesleri bilen ýer-gök ýaňlanýardy.

Allahu tagala hamd edip, ýalbaryp, Onuň mübärek adyny zikir edip barýandyklary üçin sapar gaty lezzetli geçýärdi.

Muhammet ibn Meslemäniň ýolbaşçylygynda öňden barýan topar Mekgä golaýlaşanda, ony kuraýşly müşrikler gördüler. Olar gorky bilen golaý gelip, “biz bir ýyl öň şeýle ylalaşypmydyk?” diýen ýaly: “Bu näme?” diýip soradylar. Muhammet ibn Mesleme olara süňňüňi doňdurýan şeýle jogap berdi: “Bular Allahu tagalanyň Resulynyň atlylary… Allahu tagala rugsat berse, ertir ol hem bu ýere gadam basar!..” Müşrikler gorka-gorka yzlaryna dolanyp, habary Mekgä ýetirdiler. Mekgeli müşrikler: “Kasam edýäris, biz ylalaşyga wepaly galdyk. Muhammet näme üçin biz bilen söweşsin?..” diýýärdiler. Olar derrew öz aralaryndan bir topar wekili Pygamberimiz bilen gepleşik geçirmek üçin iberdiler.

“Lebbeýk, Allahumme lebbeýk! Lebbeýk, la şerike leke lebbeýk! Innel-hamde wen-nygmete leke wel-mülk, la şerike lek!” Telbiýe

Şol wagt Älemleriň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) Mekgäniň görünýän Batny Ýejej diýlen ýerine gelipdi. Olar şu ýerde bilindäki gylyçlardan başga ähli ýaraglaryny galdyrdylar. Ýaraglary goramak üçin iki ýüz sahabany garawul goýdular. Bu taýýarlyklar gutaranda, kuraýş wekilleri Pygamberimiz bilen gürleşmek we onuň huzuryna kabul edilmek üçin rugsat soradylar. Rugsat berlende, olar: “Eý Muhammet! Hudeýbiýe ylalaşygyndan bäri biz size garşy hiç hili hyýanat etmedik. Şoňa garamazdan, sen Mekgä, öz kowmuňyň ýanyna şu ýaraglar bilen girjekmi? Ylalaşygymyza görä bolsa, siziň ýanyňyzda gynyna salnan gylyçlardan başga zat bolmaly däldi!..” diýdiler. Munuň üstüne Älemleriň Serweri şeýle jogap berdi: “Men çagalygymdan bu güne çenli beren sözümde durmagym we wepalylygym bilen tanaldym. Harama biz gynyndaky gylyçlarymyzdan başga ýarag bilen girjek däl. Ýöne ýaraglaryň menden uzak bolmadyk bir ýerde durmagyny isleýärin”. Wekiller özlerine ýetirilen habaryň başgaçadygyna düşünip, köşeşdiler we: “Eý Muhammet! Dogrusy, senden hemişe wepalylyk we ýagşylyk gördük. Saňa ýaraşýany hem şol” diýip, yzlaryna dolandylar. Mekgä gelip, ýagdaýy kuraýşlylara bildirdiler. Olar hem köşeşdiler.

Kuraýşyň öňdebaryjylary kine we gabanjaňlyk sebäpli Pygamberimiziň we onuň sahabalarynyň bu bagtly pursatlaryny görmezlik üçin Mekgäni terk edip, daglara çykdylar. Söýgüli Pygamberimiz bellik edilen gurbanlyk düýelerini Zi Tuwa diýlen ýere öňden iberdi. Soňra sahabalary bilen taýýarlyklaryny tamamlap, mukaddes Mekge şäherine girmek üçin ýola düşdi. Hormatly sahabalar Älemleriň Serwerini ortalaryna alypdylar. Kainatyň Soltany Kaswa düýesiniň üstünde müňlerçe ýyldyzyň barlygyny örtýän bir gün ýaly, töweregine nur saçýardy. Ýa Rebbim! Bu nähili gözellik! Bu nähili şöhratly görnüşdi!..

Dillerde “Lebbeýk, Allahumme lebbeýk! Lebbeýk, la şerike leke lebbeýk!..” sesleri, ýüreklerde Allahu tagalanyň we Onuň Resulynyň söýgüsi bardy.

Olar ädimme-ädim beýik Käbä tarap öňe barýardylar. Golaýlaşdygyça olaryň tolgunmalary has-da artýardy, edil joşup daşýardy. Bir agyzdan aýdylýan telbiýe sesleri Mekgäni doldurýardy, müşrikler bu ajaýyp görnüşi gördükçe, içleri eräp, ýüreklerine ýyly-ýyly bir söýgi şerbetiniň akýandygyny duýýardylar. Olaryň köpüsiniň ýüregine yslamyň söýgüsi eýýäm düşüpdi… Ahyrynda Kainatyň Soltany, iki jahanyň serweri, söýgüli şerefli Pygamberimiz Muhammet (sallallahu aleýhi we sellem) üstün çykypdy…

Ine, söýgüli Pygamberimiz we onuň şanly sahabalary bilinde gylyçlary bolan halda Käbeýi muazzama girýärdiler. Pygamberimiziň Kaswa düýesiniň jylawyny Abdylla ibn Rewaha hezretleri tutup, öňde barýardy. Käbir mekgeli müşrikler aýallary we çagalary bilen Darun-Nedwede hatar bolup durup, söýgüli Pygamberimize we onuň gahryman sahabalaryna tomaşa edýärdiler. Abdylla ibn Rewaha öňe gitdigiçe goşgy okap başlady we onuň beýtleri müşrikleriň kellesine çekiç ýaly inip, olaryň ýüreklerine çenli ýetýärdi:

Eý kapyrlar, çekiliň Pygamberiň ýolundan,
Allahu tagala oňa Kurany iberendir.
Her haýyr, her ýagşylyk – onuň dininde bardyr,
Bu din üçin ölmek hem iň haýyrly ölümdir.
Ol – hak Resulullahdyr, kabul etdim ýürekden,
Her sözüne ynandym, kabul etdim men indi.
Eý kapyrlar! Kuranyň Allahu tagaladan
Inendigini siz inkär edeniňizde,
Duýdansyz nähili zarba uranymyz ýaly,
Kelläňizi bedenden nähili aýranymyz ýaly,
Onuň manysyna-da ynanmasaňyz eger,
Edil şonuň dek kelläňize zarbalar iner.
Başlaýaryn ol Allahyň mübärek ady bilen,
Onuň dininden başga hakyky din ýokdur.
Ýene-de başlaýaryn ol Allahyň ady bilen,
Muhammet Onuň hem guly, hem resulydyr.

Hezreti Omar çydap bilmän, ony duýdurmak isledi: “Eý Ibn Rewaha! Sen Resulullahyň öňünde we Haremi şerifde nädip goşgy okap bilýärsiň?” Emma Pygamberimiz: “Eý Omar! Oňa päsgel berme! Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin, onuň sözleri bu kuraýş müşriklerine ok ýagdyrmakdan-da çalt we güýçli täsir edýär. Eý Ibn Rewaha, dowam et!” diýdi.

Biraz soň Pygamberimiz Abdylla ibn Rewaha hezretlerine: “Aýt: ‘Allahu tagaladan başga ilah ýokdur! Ol – Birdir! Wadasyny berjaý edýän – Oldur! Bu guluna kömek edýän – Oldur! Goşunlaryny güýçlendirýän – Oldur! Ýygnanan taýpalary derbi-dagyn edýän hem diňe Oldur!’” diýdi.

Munuň üstüne Abdylla ibn Rewaha şeýle okap başlady:

Allahu tagaladan başga ýokdur bir ilah!
Onuň şärigi ýokdur, la ilähe illallah!
Musulmanlar goşunyna güýç berýän – Oldur!
Kapyrlary dargadyp, ýeňýän hem – Oldur!

Musulmanlar hem bu sözleri gaýtalaýardylar. Söýgüli Pygamberimiz Beýtullaha girende, mübärek sag egnini açdy. Onuň mübärek teniniň gözelligi gözleri gamaşdyrýardy, ýürekleri özüne çekýärdi, gün ýaly nur saçýardy. Soňra ol: “Bu gün şu şirk ähline özüni güýçli we gaýratly görkezjek ýigitleri Allahu tagala Öz rahmeti bilen bagyşlasyn!” diýdi. Munuň üstüne hormatly sahabalar sag egnini açyp, haýbatly görnüşde çalt-çalt ýöräp, Käbäni üç gezek towap etdiler. Ýöne Rukny Ýemani bilen Hajarul-eswediň burçunyň arasynda haýal ýöräp geçdiler. Pygamberimiz we onuň sahabalary Hajarul-eswede golaýlaşyp, ony öpýärdiler ýa-da daşrakdan ellerini açyp, Hajarul-eswede tarap tutýardylar.

“Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin, onuň (Ibn Rewahanyň) sözleri bu kuraýş müşriklerine ok ýagdyrmakdan-da çalt we güýçli täsir edýär” Hadysy şerif

Müşrikler sahabalary uzakdan synlap, olaryň bu haýbatly we buýsançly ýörişine geň galýardylar. Çünki olara musulmanlaryň Medinä gideli bäri ejizländigi we syrkawlandygy gürrüň berlipdi, şuňa meňzeş habarlar ýaýradylypdy. Indi bolsa olar munuň tersine şaýat bolýardylar we olaryň geň galmasy artýardy.

Galan dört towap bolsa ýuwaş-ýuwaşdan, agras ädimler bilen ýerine ýetirilip tamamlandy. Towapdan soň Makamy Ybraýymda iki rekagat namaz okadylar. Soňra Safa bilen Merwe depeleriniň arasynda ýedi gezek saý etdiler. Gurbanlar soýlandan soň, Pygamberimiz mübärek başyny syrdyrdy. Onuň mübärek saçlaryny howada kakyp aldylar. Hormatly sahabalar hem saçlaryny syrdyrdylar. Şeýlelik bilen Resuly ekremiň (sallallahu aleýhi we sellem) edil bir ýyl öň gören düýşi hakykata öwrüldi. Umra zyýaraty tamamlanyp, öýle wagty girdi. Älemleriň Serweri hezreti Bilala Käbede azan aýtmagy buýuranda, Bilal Habeşi derrew buýrugy ýerine ýetirdi. Ol Käbede Muhammedi azany aýdanda, bütin Mekge tolgunyp başlady. Hormatly sahabalar azany uly huşug bilen diňleýärdiler, ony pes ses bilen gaýtalaýardylar. Azan gutaranda, Habybullah imam boldy. Hemmeler bilelikde okalan öýle namazynyň müşrikleriň ýüregine täsiri başgaçady.

Söýgüli Pygamberimiz üçin Ebtahda deriden bir çadyr gurlupdy. Sahabalar hem onuň töweregindäki çadyrlarda üç gün ýaşadylar. Namaz wagtlarynda olar Beýtullahda ýygnanyp, namazlaryny jemagat bilen okaýardylar. Beýleki wagtlarda garyndaşlaryna zyýarata barýardylar, yslamyň özlerine bagyş eden gözel ahlagy bilen olara görelde bolýardylar. Olar hem sahabalaryň bu gözel ýagdaýlarynyň garşysynda edil eräp gidýärdiler, haýranlyklaryny gizläp bilmeýärdiler. Bu üç günüň dowamynda Mekge edil içinden feth edilen ýalydy.

Üç gün doldy… Indi aýralyk wagty geldi. Agşama golaý Pygamberimiz: “Musulmanlardan (umra üçin gelenlerden) hiç kim agşamy Mekgede geçirmez, ýola çykar!” diýende, her kim ýygnanyşyp, Medinä tarap ýola çykdy… Juhfede bolanda, Resulullah hezreti Abbas bilen duşuşdy we hezreti Abbas: “Ýa Resulallah! Meýmuna binti Harys dul galdy. Ony özüňe aýallyga alsaň bolmazmy?” diýip teklip etdi. Munuň üstüne Pygamberimiz Abu Rafygy we ensarlardan bir adamy Mekgä sawçylyga iberdi. Hezreti Meýmuna Resulullahyň özüne öýlenmek isleýändigi baradaky habary düýäniň üstünde alanda: “Düýe hem, onuň üstündäki hem Resulullahyňkydyr” diýdi. Ol özüni Pygamberimize bagyşlady. Bu işiň gerekli ýerine ýetirilmegini aýal dogany Ummul-Fadla, ol hem äri hezreti Abbasa tabşyrdy. Umradan Medinä gaýdyp gelýärkäler, Serif diýlen ýere gelende, hezreti Abbas Pygamberimizden (sallallahu aleýhi we sellem) dört ýüz dirhem mehir alyp, hezreti Meýmunany Resulullaha nikalady. Toý hem şol ýerde boldy. Hezreti Meýmuna Resulullahyň nikasy bilen şereflenip, onuň iň soňky aýaly boldy. Pygamberimiz mundan soň başga öýlenmedi.

“Bu gün şu şirk ähline özüni güýçli we gaýratly görkezjek ýigitleri Allahu tagala Öz rahmeti bilen bagyşlasyn!” Hadysy şerif

Şamdan sowgat bermäge batyrgaý boldum, ýa Resulallah!
Islegim – beýik bosagaňa hyzmat, ýa Resulallah!
Mukaddes Rowzaňa mynasyp däl meniň bu kiçijik sowgadym,
Kabul eýle, ihsan we inaýat kyl, ýa Resulallah!
Senden başga kimim bar, halymy aýdar ýaly?
Ihsan hem mürüwwet seniň hezretiňden, ýa Resulallah!
Sygynýaryn, aman, ýüz aman, dergähiňe ýykyldym,
Rehim kyl, maňa şepagat eýle, ýa Resulallah!
Iki dünýäde-de öz penaňa al adyl han Mahmydy,
Öňde-de, soňda-da döwlet seniňkidir, ýa Resulallah!
II. Mahmud Hân

Halyt ibn Welidiň musulman bolmagy

Älemlere rahmet edilip iberilen Habyby ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) umra etmek üçin Mekgä baranda, sahabalaryndan Welit ibn Welit hezretlerine şeýle diýipdi: “Halyt nirelerde? Onuň ýaly adamyň yslamy tanamazlygy, bilmezligi mümkin däl. Eger ol ähli tagallasyny we gahrymançylygyny musulmanlaryň tarapynda, müşriklere garşy görkezse, näçe haýyrly bolardy! Biz ony söýerdik, başgalardan ileri tutardyk”. Welit ibn Welit mundan öň hem agasyna wagtal-wagtal hat ýazyp, ony musulman bolmaga höweslendirýärdi. Pygamberimiziň bu mübärek sözlerini hem ýetirende, Halyt ibn Welidiň yslama bolan meýli barha artdy. Umra zyýaratyny eden sahabalar Medinä gaýdyp geldiler. Günler geçdi, hijretiň sekizinji ýyly girdi. Halyt ibn Welit bolsa indi ýerinde durup bilmeýärdi, mümkin boldugyça çalt Medinä ýetmek, Älemleriň Serweriniň huzurynda dyza çöküp, musulman bolmak bilen şereflenmek üçin ýanyp-tutaşýardy. Ol özi şeýle gürrüň beripdir:

“Allahu tagala maňa Pygamberimiziň söýgüsini bagyş etdi. Ýüregime yslamyň söýgüsini ornaşdyrdy. Meni haýyry şerden saýgaryp biljek ýagdaýa getirdi. Men öz-özüme: ‘Men Muhammet aleýhisselama garşy ähli söweşlerde boldum. Emma her söweş meýdanyny terk edenimde, bozuk we ýalňyş ýagdaýdadygymy we onuň bir gün hökman bizden üstün çykjakdygyny bilýärdim we şu duýgular bilen aýrylýardym’ diýdim. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) Hudeýbiýä gelende hem men duşman atlylarynyň serkerdesidim. Usfanda olara golaýlaşyp, göründim. Resulullah bizden howatyr etmän, sahabalaryna öýle namazyny okadýardy. Biz olaryň üstüne duýdansyz çozmak isledik, emma başarmadyk. Şeýle bolmagy hem haýyrly boldy. Resulullah ýüregimizden geçenlere düşünen bolmaly, çünki ikindi namazyny seresaplyk bilen okatdy. Bu ýagdaý maňa gaty täsir etdi. Bu şahsy, elbetde, Allah goraýan bolmaly diýdim. Biz aýrylyşdyk. Men dürli pikirleriň içinde ýörkäm, Muhammet aleýhisselam umra üçin Mekgä geldi, emma men oňa görünmedim. Doganym Welit olar bilen bile gelipdir, emma meni tapmandyrlar. Doganym şeýle bir hat goýupdyr: ‘Bismillähir-rahmänir-rahym! Allahu tagala hamd-u senadan we Resulullaha salawat-u salamdan soň aýdýaryn: hakykatdan-da, men seniň yslamdan ýüz öwürip gitmegiň ýaly geň zat bilmeýärin. Emma sen ýöreýän ýoluňyň ýalňyşdygyna düşünmekden ejiz däl ahyryn. Näme üçin aklyňy ulanmaýarsyň? Yslam ýaly bir dini tanap düşünip bilmezligiň nähili geň! Pygamberimiz menden seni sorady. Ol seniň yslamy tanap, tagallaňy we gahrymançylygyňy musulmanlaryň arasynda, müşriklere garşy ulanmagyňy isleýär. Eý doganym! Köp pursatlary elden gidirdiň, indi mundan artyk gijä galma!’

Doganymyň haty maňa gelip ýetende, musulman bolmak islegi mende gaty güýçlendi. Men ýola çykmak üçin howlukýardym. Resulullahyň aýdanlary meni gaty begendiripdi. Şol gije ýatanymda, düýşümde kyn, dar we çöl ýaly suwsuz ýerlerden gök öwüsýän, giň we ýazgyn bir ýere çykypdym. Medinä baranymda, bu düýşümi hezreti Abu Bekire gürrüň berip, onuň ýorgudyny ondan soramagy ýüregime düwdüm. Men Resulullahyň ýanyna gitmek üçin ýygnanýarkam: ‘Göräsiň, ol ýere gidenimde maňa kim ýoldaş bolup biler?’ diýip oýlanýardym. Şol wagt Safwan ibn Umeýýä gabat geldim. Ýagdaýy oňa gürrüň berdim. Ol teklibimi ret etdi. Soňra Ikrime ibn Abu Jehile gabat geldim. Ol hem ret edensoň, öýüme gaýtdym. Ulagyma münüp, Osman ibn Talhanyň ýanyna bardym. Oňa hem musulman bolmak üçin Resulullahyň ýanyna gitjekdigimi aýtdym we maňa ýoldaş bolmagyny soradym. Ol ikirjiňlenmän razy boldy we ertesi gün säher wagtynda bile ýola çykdyk. Hire diýlen ýere baranymyzda, Amr ibn As bilen duşuşdyk. Ol bizden nirä barýandygymyzy sorady. Maksadymyzy aýdanymyzda, ol hem Habeş ýurdundan gelýändigini, Najaşy Ashamanyň ýanynda musulman bolandygyny we Resulullaha beýgat etmek üçin Medinä barýandygyny aýtdy. Üçimiz Medinä baryp ýetdik. Pygamberimiz biziň gelenimizden habarly bolanda: ‘Mekge jigerbentlerini biziň tarapymyza taşlady’ diýipdir. Medinä gelenimde, sapar eşigimi çykardym. Eşiklerimiň iň owadanyny geýip, Resulullah bilen görüşmäge taýýarlandym. Şol wagt doganym Welit geldi we: ‘Howlukgyn, Pygamberimize siziň gelendigiňizi habar beripdirler, ol gaty begenipdir. Häzir ol size garaşýar’ diýdi. Howlugyp, şol beýik Pygamberiň huzuryna bardym. Ol ýylgyrýardy. Salam berdim we: ‘Allahu tagaladan başga ilah ýokdugyna we seniň Allahu tagalanyň pygamberidigiňe şaýatlyk edýärin’ diýdim. Ol: ‘Seni hidaýata ýetiren, dogry ýoly görkezen Allahu tagala hamd bolsun’ diýdi. Soňra günälerimiň bagyşlanmagyny Allahu tagaladan diläp doga etmegini haýyş etdim. Ol meniň üçin doga etdi we: ‘Yslam özünden öň edilen günäleri kesip taşlaýar’ diýdi. Beýleki iki ýoldaşym hem musulman boldular”.2 Bu üçüsi Mekgäniň iň gaýduwsyz pälwanlaryndandy: oda-suwa girmekden çekinmeýärdiler, maksatlary ýolunda jan bermekden zerre çenli-de gaýra durmaýardylar. Indi olar ýüreklerinden joşýan yhlas bilen Resuly ekremiň huzurynda hormatly sahabalardan bolmak şerefine ýetdiler. Mundan beýläk olar bütin güýçleri bilen küfri ýok etmek üçin jan ederdiler. Olaryň musulman bolmagyna sahabalar gaty begendiler we şatlyklaryny “Allahu ekber!” diýen tekbirler bilen bildirdiler.

Hezreti Muhammet – Hakyň sesidir,
Ol iki dünýäniň serweridir.
Arap-da, ajam-da – onuň bendesi.
Zaman ol Gül ýaly gül görmändir,
Sen hem ol Gözeliň öňünde egil.
Imam Busyry

“Yslam özünden öň edilen günäleri kesip taşlaýar” Hadysy şerif