Söýgüli Pygamberim

Leýletut-Tagris wakasy

Haýber söweşinden gaýdyp gelýärkäler, olar Tagris diýlen ýerde dynç almak üçin düşlediler. Şol gije Resulullah hezreti Bilaly çagyryp: “Eý Bilal! Bu gije ýatma! Daňy synla-da, bizi namaza oýar” diýdi. Soňra Resulullah sahabalar bilen bile ýatdy. Hezreti Bilal biraz namaz okady. Ýüzüni gündogara tarap öwrüp, arkasyny ýüküne diredi. Namaz wagtyna garaşyp otyrka, uklap galdy. Olar şeýle bir ýadapdylar welin, gün şöhleleri ýer ýüzüni gyzdyryp, ýüzlerine düşýänçä hiç kim gözüni açyp bilmedi. Hemmelerden öň Resulullah oýandy. Olar turup, täret aldylar. Hezreti Bilal kamat getirdi we olar ertir namazyny jemagat bilen kaza etdiler. Namaz gutarandan soň, Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Bir adam namazyny ýatdan çykarsa, ýadyna düşen pursadynda derrew ony okasyn. Çünki Hak tagala: ‘Ekymis-salate li-zikri (namazy Meni ýatlamak, beýikligimi ýada salmak üçin oka)’ diýdi”.

Hezreti Aly üçin Günüň yzyna gaýtmagy

Haýber söweşinden gaýdyp gelýärkä, Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) Sahbada dynç alýardy. Ol mübärek başyny hezreti Alynyň (radyýallahu anhu) dyzyna goýupdy. Şol wagt wahy gelip başlady. Gün hem gözýetimdedi. Hezreti Aly (radyýallahu anhu) entek ikindi namazyny okamandy. Wahy tamamlananda, gün batdy. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem): “Ýa Rebbim! Eger Aly Seniň we Resulyňyň tarapynda bolsa, Güni yzyna gaýtar” diýip doga etdi. Hezreti Aly namazyny okandan soň, gün ýene batdy. Esma binti Umeýs şeýle diýýär: “Men batan Günüň yzyna dogandygyny we ýer ýüzüni ýagtylandyrandygyny gördüm”.

Wadil-Kura söweşi

Bu söweş Jumadelahyr aýynda Wadil-Kurada boldy. Resulullahyň yslam goşuny bilen Wadil-Kura gelendigini eşiden sebitdäki ýahudylar arap müşrikleriniň bir toparynyň kömegi bilen söweşe taýýarlandylar. Ýerlerinden çykyp, söweş tertibine düzüldiler. Pygamber aleýhisselam hem söweş tertibini gurdurdy we baýdagy sahabalaryň birine berdi. Kapyrlary yslama çagyrdy we: “Eger iman getirseňiz, janyňyzy we malyňyzy halas edersiňiz” diýdi. Olar nesihaty kabul etmediler. Müşrikleriň biri meýdana çykyp, ýekme-ýeke söweşe çagyrdy. Zubeýr ibn Awwam (radyýallahu anhu) ony öldürdi. Ýene biri hezreti Alynyň garşysyna çykdy. Hezreti imam şol kapyry derrew dowzah odyna ugratdy. Ýene biri geldi, ony hem öldürdi. Abu Dujana (radyýallahu anhu) iki ýahudyny öldürdi. Şol gün on bäş kapyr öldürildi. Agşam düşüp, her kim öz duralgasyna gitdi. Irden iki tarap ýene gylyçlaryny gynlaryndan sogrup, söweşe taýýar boldular. Gün bir naýza boýy galanda, kapyrlara gorky düşdi we olar gaçdylar. Mujahytlar köp nygmat we olja aldylar. Teýma ýahudylary hem Wadil-Kura ýahudylarynyň bu ykbalyndan gorka düşdüler. Mülklerini goramak üçin olar jizýe tölemäge razy boldular we ylalaşyk baglaşyldy.

“Haýber galasynyň derwezesini men beden güýji bilen däl, ruhy güýç bilen galdyrdym” Hezreti Aly (radyýallahu anhu)

Wadil-Kura söweşi