Söýgüli Pygamberim

HAÝBERIŇ FETHI

Nurly Medinede daşyndan musulman, hakykatda bolsa münapyk (ikiýüzli) bolan ýahudylar bardy. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) Medinä hijret etmezden öň, Medinäniň halky Abdylla ibn Ubeý ibn Seluly özlerine baştutan saýlapdy. Oňa gymmatbaha daşlar bilen bezelen bir täç hem beripdiler. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) Medinä gelende, Medinäniň tutuş halky söýgüli Pygamberimize hormat we üns görkezip başlady we oňa eýerdi. Ibn Selul bir burçda gadyrsyz ýagdaýda galdy. Ibn Selula üns bermez boldular. Munuň üstüne Ibn Selul Resulullahy (sallallahu aleýhi we sellem) öldürmek ýa-da oňa bir kynçylyk ýetirmek üçin hereket edip başlady. Bir gün ýahudylar onuň ýanyna ýygnandylar. Bu barada käbir meýilnamalar düzüp, Lebid ibn Asymdan kömek soradylar. Lebid: “Pylan mähellede Haýre atly bir garry aýal bar. Ol jadygöýlikde gaty ussat. Şony tapyň” diýdi. Olar şol nälet siňen aýaly tapyp, oňa müň dirhem altyn we on top mata berdiler. “Eger Muhammedi heläk etseň, saňa ýene köp zatlar bereris” diýdiler. Garry aýal bir kepderi jüýjesine iňňeler sanjyp, sapaklary düwüp, kepderi jüýjesiniň üstüne dolady. Ony Medinäniň daşyndaky haraba bir guýynyň içine salyp, agzyny ýapdy. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) syrkawlady. Agzalary hereketsiz galdy. Dürli dermanlar beren hem bolsalar, peýdasy bolmady. Bu ýagdaý dokuz gün dowam etdi.

Soňra Jebraýyl aleýhisselam gelip, ýagdaýy habar berdi. Resulullahy (sallallahu aleýhi we sellem) şol ýere alyp bardylar. Ol guýynyň agzyny açyp, kepderini çykardy. Emma sapaklardaky düwünleri çözmek mümkin bolmady. Jebraýyl aleýhisselam Muawwizeteýn (Felak we Näs) sürelerini getirdi. “Eý Muhammet aleýhisselam! Bu süreleri şol düwünleriň üstünde oka” diýdi. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) şol süreleri okap başlady. Her aýaty okadygyça, düwünleriň biri çözülip, iňňeleriň biri çykyp başlady. Süreleri (iki süredäki 11 aýaty) doly okap gutaranda, düwünleriň hemmesi çözüldi. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) syrkawlykdan düýbünden halas bolup, sagaldy. Soňra ol nälet siňen adamlary çagyryp, käýedi. Medinäniň ilaty olara şeýle jeza berdi welin, olar heläk boldular. Ýahudy Lebidi hem tutup, Resulullahyň huzuryna getirdiler. Pygamberimiz oňa: “Muny näme üçin etdirdiň?” diýende, ol: “Altyna bolan söýgimden” diýip jogap berdi. Hormatly sahabalaryň käbiri: “Ýa Resulallah! Rugsat berseň, şu ýahudynyň boýnuny çapalyň!” diýende, öz şahsy üçin hiç kime jeza bermedik söýgüli Pygamberimiz: “Onuň ahyrda görjek ylahy azaby has agyrdyr” diýip, onuň öldürilmegine rugsat bermedi.1 Ýahudylar Medineden kowlansoň, Arabystanyň demirgazyk taraplaryna gidipdiler. Olaryň bir bölegi Haýberde galyp ornaşdy. Bir bölegi bolsa demirgazykdaky Şama gitdi. Olar Resulullaha garşy kast gurandyklary üçin ýurtlaryndan kowlupdylar. Emma musulmanlara garşy içlerindäki kine, hyrs we ar alyş duýgulary hiç haçan sönmedi. Gaýtam, günsaýyn güýçlendi: olar Allahu tagalanyň Habyby bolan Kainatyň Soltanynyň ömrüne mümkin boldugyça çalt soň goýmagy, yslam dinini ýok etmegi isleýärdiler.

Olaryň öňde barýanlaryndan käbirleri: “Gatafan taýpasyna baryp kömek soralyň, musulmanlara garşy olar bilen bile söweşeliň!” diýdiler. Käbirleri bolsa: “Fedek, Teýma we Wadil-Kura ýahudylaryny hem kömege çagyryp, musulmanlar biziň üstümize çozmazdan öň, biz olaryň şäherine hüjüm edeliň, ähli arymyzy alalyň!..” diýdiler. Haýber ýahudylary bu sözi kabul edip, töwerekdäki ýahudy taýpalaryny we Gatafan taýpasyny kömege çagyrdylar. Diňe Gatafan taýpasyndan köp sanly saýlama söweşijiler gelip, Haýberde taýýarlyk başlandy. Olar şeýle taýýarlyk görýärkä, Älemleriň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) ýahudylaryň ýagdaýyndan habarly boldy. Ol Abdylla ibn Rewaha hezretleriniň ýanyna üç sahaba goşup, Haýberde näme bolup geçýändigini öwrenmek üçin ony derrew iberdi. Abdylla ibn Rewaha we onuň üç ýoldaşy tiz wagtda Haýbere geldiler. Bu ýer sekiz berk galasy, ýene-de ownuk-uşak başga galalary, hasylly ýerleri, bol üzümlikleri we bagy-bakjalary bolan baý bir şäherdi. Hezreti Abdylla ýoldaşlarynyň birini Şykk galasyna, ikinjisini Ketibe galasyna, üçünjisini Natat galasyna iberdi. Özi bolsa başga bir gala girdi. Üç gün olar ýahudylaryň ýagdaýyny, söweşe taýýarlyklaryny ýakyndan öwrendiler. Üç günden soň duşuşyk ýerinde birleşip, tiz Medinä gaýdyp geldiler we ýahudylaryň taýýarlyklaryny Pygamberimize birme-bir gürrüň berdiler.

Söýgüli Pygamberimiz sahabalaryna howlukmaç taýýarlanmagy buýurdy. Ýahudylaryň Medineýi münewwerä hüjüm etmeginiň öňüni almak üçin, ol Haýberiň üstüne ýöriş etmek kararyna geldi. Bu karary eşiden Medinedäki ýahudylar howsala düşdüler. Musulmanlaryň ruhuny peseltmek üçin olar: “Kasam edýäris, eger siz Haýberdäki galalary, ol ýere ýygnanan gaýduwsyz söweşijileri gören bolsaňyz, ol ýere hiç haçan aýak basmazdyňyz!.. Daglaryň depesindäki beýik diňli galalary sowutly gahrymanlar goraýar. Töwerekden olara kömege müňlerçe esger geldi!.. Siz Haýberi alyp bilermişiňiz?!..” diýýärdiler. Olara garşy gahryman sahabalar: “Allahu tagala Öz Habybyna Haýberi aljakdygyny wada berdi” diýip, ýahudylardan hiç haçan gorkmajakdyklaryny bildirýärdiler. Sahabalaryň bu berk ýagdaýy ýahudylary has-da gynandyrýardy, olary aladalandyrýardy. Münapyklaryň baştutany Abdylla ibn Ubeý: “Muhammet az güýç bilen üstüňize gelýär. Gorkara zat ýok, ýöne seresap bolup, mallaryňyzy galalaryňyza dolduryň. Olary galadan çykyp garşylaň!” diýip, Haýbere howlukmaç habar iberdi. Hormatly sahabalar taýýarlyklaryny tamamlap, öýdäkiler bilen halallaşyp, hoşlaşyp, Pygamberimiziň töweregine ýygnandylar. Olar iki ýüz atly we müň dört ýüz pyýadady. Olar Allahu tagalanyň dinini ýaýmak, jihat etmek we şehitlik derejesine ýetmek üçin söýgüli Pygamberleriniň buýrugyna taýýar durdular. Şol wagt käbir aýallar söweşde hormatly sahabalara iýmit taýýarlamak, ýaralylara we syrkawlara seretmek, ýaralary daňmak, derman taýýarlamak we edip biljek başga işlerini etmek üçin Pygamberimizden wezipe soradylar. Resulullah olara rehim edip, olary bu sogapdan mahrum etmedi. Şeýlelik bilen mujahytlara söýgüli Pygamberimiziň mübärek aýaly Ummu Seleme hezretleriniň baştutanlygynda ýigrimi mujahyt aýal hem goşuldy.2

Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) Medinede öz ýerine orunbasar edip Gyfar taýpasyndan Siba hezretlerini galdyrdy we Haýbere ugramagy buýurdy. (Numeýle ibn Abdyllanyň galdyrylandygy hem habar berilýär.) Ýol tekbirler bilen başlandy. Dürli sebäplere görä söweşe gatnaşyp bilmedik, ýaşlary kiçi bolany üçin rugsat berilmedik sahabalar Pygamberimize we gahryman kakalaryna, atalaryna, kakalarynyň doganlaryna, daýylaryna we agalaryna höwes bilen seredýärdiler, olary tekbirler we dogalar bilen ugradýardylar.

“Haýber galasy Aly ibn Abu Talybyň eli bilen alnar” Hadysy şerif

Senenama hijretiň ýedinji ýylynyň Muharrem aýyny görkezýärdi. Pygamberimiziň mukaddes baýdagyny hezreti Aly göterip barýardy, sag ganatyň serkerdeligini hezreti Omar edýärdi.3 Çep ganata-da ol başga bir sahabany belledi. Ýol şadyýan geçýärdi. Şahyrlar goşgulary bilen Allahu tagalanyň beren nygmatlary üçin Oňa hamd edýärdiler, söýgüli Pygamberimize salawat aýdýardylar we şanly sahabalary öwýärdiler. Sahabalar bolsa baýrama barýan ýaly, hemmesi bilelikde: “Allahu ekber! Allahu ekber! La ilähe illallahu wallahu ekber!” diýip, töwerek-daşy ýaňlandyrýardylar.

Her duralgada Kainatyň Soltany: “Allahym! Geljek üçin aladalanmakdan, geçmiş üçin gaýgy-gam çekmekden, güýçsüzlikden we ýaltalykdan, gysganjaňlykdan, gorkaklykdan we bil büküji bergiden, zalym we haksyz adamlaryň agalyk etmeginden Saňa sygynýaryn!” diýip doga edýärdi.

Haýbere golaýlananda, söýgüli Pygamberimiz sahabalaryny saklady. Ellerini galdyryp: “Eý asmanlaryň we olaryň kölege salýan zatlarynyň Rebbi bolan Allahym! Eý ýerleriň we olaryň üstündäkileriň Rebbi bolan Allahym! Eý şeýtanlaryň we olaryň azdyranlarynyň Rebbi bolan Allahym! Eý ýelleriň we olaryň sowurýan zatlarynyň Rebbi bolan Allahym! Biz Senden bu ýurduň haýryny we ýagşylygyny, bu ýurtda ýaşaýan ynsanlaryň haýryny we ýagşylygyny, şeýle hem bu ýurtdaky her zadyň haýryny we ýagşylygyny dileýäris. Bu ýurduň şerinden, ynsanlaryň şerinden we onuň içindäki her zadyň şerinden Saňa sygynýarys!” diýip, münajat edip başlady.

Sahabalaryň dodaklaryndan “Amin, amin” diýen sesler ýaňlandy. Mundan soň ol sahabalaryna: “‘Bismillähir-rahmänir-rahym’ diýip öňe gidiň” diýdi.

Hormatly sahabalar Resuly ekremiň töweregine üýşüp, ýene ýola düşdüler. Olar Haýberiň iň güýçli galalarynyň biri bolan Natat galasynyň golaýyna geldiler.

Ol ýerde olar düşelge gurdular. Agşamdy. Resulullahyň mübärek endigine görä, ertir bolmasa hüjüm edilmeýärdi we ilki yslama çagyrylýardy. Teklibi kabul etmeseler, söweş başlanýardy. Şonuň üçin hormatly sahabalar ertire garaşdylar. Ýahudylaryň hiç biri yslam goşunynyň gelendigini duýmandy. Kainatyň Serweri ertir namazyny okadandan soň, taýýarlyklaryny tamamlady we mujahytlary herekete getirdi. Iki ýüz atly we müň dört ýüz pyýada tertipli hatarlar bilen Natat galasynyň öňüne golaýlaşdylar. Şol wagt üzümliklerde, baglarda we ekin meýdanlarynda işlemek üçin galadan çykan ýahudylar birden yslam esgerleri bilen gabat gelip, aljyraşyp galdylar.

Olar: “Kasam edýäris, bular – Muhammet we onuň tertipli goşuny!..” diýip, yzlaryna gaçyp başladylar. Olaryň bu ýagdaýyny gören söýgüli Pygamberimiz: “Allahu ekber! Allahu ekber! Haýber weýran boldy” diýdi we bu mübärek sözüni üç gezek gaýtalady. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) ýahudylara ýa musulman bolmalydyklaryny, ýa-da boýun bolup, haraç we jizýe tölemelidiklerini, ýogsa söweş bolup, gan döküljekdigini bildirdi. Ýahudylar öz öňdebaryjylaryndan Sellam ibn Mişkemiň ýanyna baryp, ýagdaýy ýetirdiler. Sellam: “Men size mundan öň Muhammediň üstüne ýöriş ediň diýipdim, siz kabul etmändiňiz. Hiç bolmanda, indi onuň bilen söweşmekde gowşaklyk etmäň. Musulmanlar bilen söweşe-söweşe ölmegiňiz durmuşda kimsesiz galmagyňyzdan haýyrlydyr!..” diýip, olary söweşe ruhlandyrdy. Ýahudylar tiz wagtda çagalaryny we aýallaryny Ketibe galasyna, azyk-owkatlaryny Naime, esgerlerini bolsa Natat galasyna ýygnadylar.

Yslam goşunynyň musulman bolmak teklibine ýahudylar ok atyp jogap berdiler. Mujahytlar oklary galkanlary bilen garşyladylar. Söýgüli Pygamberimiziň buýrugy bilen ýaýlar dartyldy we “Allahu ekber!..” sesleriniň astynda gala diňlerindäki ýahudylaryň üstüne oklar uçdy. Indi söweş başlanypdy. Bir tarapda Kainatyň Soltany we onuň gahryman sahabalary yslamy ýaýmak, ýahudylaryň musulman bolup, dowzahdan halas bolmagyna sebäp bolmak üçin söweşýärdiler. Beýleki tarapda bolsa nesihata düşünmeýän, her pursatda musulmanlary arkadan urmak isleýän, hakykaty görmezlige direnýän ýahudylar bardy. Pygamberleriň soňkusy (Hatamul-enbiýa) bolan Pygamberimiziň öz kowmlaryndan gelmändigini görüp, olar gabanjaňlykdan ony kabul etmändiler. Pygamberimizi çagalygyndan bäri ýok etmek üçin akyllaryna gelen her hile ýüz urupdylar, emma Allahu tagalanyň goramagy bilen hiç zat edip bilmändiler.

Müň alty ýüz şanly mujahydyň üstüne on müňden gowrak ýahudy esgeri ok atýardy. Hormatly sahabalar yzly-yzyna gelýän bu oklardan galkanlary bilen goranýardylar, pursat tapdygyça ýere düşen oklary ýahudylaryň üstüne yzyna atýardylar. Emma käbir sahabalar ýaralandylar.

Bir salym Habybullahyň huzuryna Hubap ibn Munzir hezretleri uly edep bilen golaýlaşdy we: “Janym saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Düşelgämizi başga bir ýerde gursak bolmazmy?” diýip sorady. Pygamberimiz: “Inşallahu tagala, agşam bolanda üýtgederis!” diýdi. Mujahytlar okuň ýetýän aralygyna girip gelipdiler. Ýahudylaryň galadan atan oklary yslam düşelgesiniň arka taraplaryna çenli baryp ýetýärdi.4 Şol gün agşama çenli söweş ok bilen dowam etdi. Elli töweregi sahaba atylan oklardan ýaralandy. Agşam bolanda, täze düşelge ýerini gözlemek üçin Muhammet ibn Mesleme hezretlerine wezipe berildi. Ol Rejig diýlen ýeriň amatlydygyny aýdanda, yslam düşelgesi şol ýere göçürildi.

“Biz pygamberler miras goýmaýarys. Goýan zatlarymyz garyplara sadaka bolar” Hadysy şerif

Haýber söweşi

Ýaralylary hem bejerip başladylar.5 Ertesi gün Natat galasynyň öňüne gelen gahryman sahabalar agşama çenli söweşdiler. Üçünji, dördünji we bäşinji günlerde-de gabaw dowam etdi. Ýahudylar hemişe goranmakda galdylar. Şol günler söýgüli Pygamberimiziň başy güýçli agyrandygy sebäpli, ol iki gün mujahytlaryň arasynda bolup bilmedi. Birinji gün baýdagy hezreti Abu Bekire, ikinji gün hezreti Omara berdi. Ikisi-de hormatly sahabalaryň başynda ýahudylara garşy gaty batyrgaý söweşdiler, emma galany almak mümkin bolmady. Şol arada batyrlygy artan ýahudylar gala derwezelerini açyp, hüjüme geçdiler. Indi döş-döşe söweşip başladylar. Söweş juda gyzyşdy. Pygamberimiz sahabalaryna: “‘Allahu ekber! Allahu ekber!..’ diýip, tekbir getiriň” diýdigiçe, olar tekbir sesleriniň astynda yşk we şowk bilen duşmana gylyç çaldylar. Bir salym Muhammet ibn Meslemäniň dogany Mahmyt şehit boldy. Çaknyşyklar agşama çenli güýçli dowam etdi.

Ertesi gün Haýberiň iň meşhur serkerdelerinden Merhap sowutlara bürenip, galadan daşaryk çykdy. Ol güýçli-gaýratly, äpet ýaly bir adamdy. Şu wagta çenli onuň garşysyna ony ýeňip biljek bir pälwan çykmandy. Ol mujahytlara ýüzlenip: “Men – gaýduwsyzlygy, gahrymançylygy bilen tanalan Merhapdyryn!” diýip öwünip başlady. Ol şeýle öwünip durka, sahabalaryň arasyndan bir mujahyt öňe okdurylyp çykdy. Ol Merhaba garşy: “Men hem elhenç we gazaply söweşleriň içine atylmakdan gorkmaýan Amyrdyryn!” diýip gygyrdy-da, derrew onuň garşysynda durdy. Äpet Merhap üstünde “Kime degse, heläk eder!..” diýip ýazylan gylyjy bilen hezreti Amyra bar güýji bilen urdy. Gahryman Amyr şol pursat galkanyny göterdi. Giň gylyç galkana degende, töweregi güýçli ses ýaňlandyrdy we gylyç galkana sanjyldy.

Hezreti Amyr Ýaradana sygynyp, “Ýa Allah!” diýip, gylyjyny Merhabyň sowutly aýaklaryna çaldy. Gylyç polat sowuda degen badyna yzyna serpikdi we birden sahabanyň öz aýagyna degdi. Gylyjyň güýçli serpikmegi hezreti Amyryň aýagyndaky uly gan damarynyň kesilmegine sebäp boldy. Hormatly sahabalar ylgap gelip, Amyry gujaklap aldylar we bejermek üçin düşelgä alyp gitdiler. Emma Amyr (radyýallahu anhu) şol ýerde şehit bolup, jennetiň iň ýokary derejelerine uçdy.6

Çaknyşyklar bütin güýji bilen dowam edýärdi. Agşama golaý söýgüli Pygamberimiz ýahudylara dört müň esger bilen kömege gelen we söweşe goşulan müşrik gatafanlylara aýrylyp, ýurtlaryna gaýtmagy teklip etdi. Şeýle etseler, Haýberiň bir ýyllyk hurma hasylyny olara berjekdigini hem wada berdi. Emma gatafanlylar bu teklibi ret etdiler. Munuň üstüne Älemleriň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) sahabalaryna gatafanlylaryň bolýan galasynyň töwereginde daňy atdyrmagy buýurdy. Gatafanlylar gije mujahytlaryň hüjüm etmeginden gaty gorkdular, hiç ýatyp bilmediler. Şol gije nireden gelýäni belli bolmadyk bir ses Gatafan ýurduna duýdansyz çozulandygyny, çoluk-çagalarynyň we mallarynyň ele salnandygyny bildirýärdi. Bu ses üç gezek gaýtalandy we ony ähli gatafanlylar uly gorky içinde diňlediler. Olaryň serkerdesi Uýeýne hem şol sesi üç gezek eşitdi we daň atjak mahaly esgerlerini alyp, Haýberden howlukmaç daşlaşdy-da, ýurdunyň ýoluny tutdy. Irden ýahudylar gatafanlylaryň sebäpsiz ýere Haýberi taşlap gitmegine geň galdylar we umytsyzlyga düşdüler. Olary kömege çagyrandyklaryna-da gaty puşman etdiler.

“Haýber galasyny alan günümiz Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) öý eşeginiň etini iýmegi we mutga nikasy bilen aýal almagy gadagan etdi” Hezreti Aly (radyýallahu anhu)

Hezreti Alynyň gahrymançylygy

Şol gün hem Haýberiň öňünde güýçli çaknyşyklar boldy, emma gala alynmady. Agşam Kainatyň Soltany: “Ertir baýdagy şeýle bir ýigide bererin: ol Allahu tagalany we Onuň Resulyny söýýändir, Allahu tagala we Onuň Resuly hem ony söýýändir. Allahu tagala onuň eli bilen ýeňiş berer!” diýip buşlady.

Şol gije hormatly sahabalar tolgunyp ertire garaşdylar. Olaryň her biri baýdagyň özüne berilmegine umyt edýärdi, şu niýet bilen Allahu tagaladan diläp doga edýärdi. Bilal Habeşi hezretleri ertir azanyny ýakymly we owadan sesi bilen okady. Azan okalanda, hemmelerde aýratyn bir tolgunma, aýratyn bir lezzet döreýärdi, ol ylahy lezzetden doýup bolmaýardy. Söýgüli Pygamberimiz sahabalaryna ertir namazyny okadandan soň, aýak üstüne galdy. Mübärek yslam baýdagyny getirmegi buýurdy. Mukaddes baýdak getirilýärkä, hormatly sahabalar aýak üstünde garaşýardylar, Resuly ekremiň mübärek dodaklaryndan çykjak sözleri diňlemek üçin gulak gabardýardylar.

Ahyry Älemleriň Serweri: “Muhammediň özüni pygamberlik bilen şereflendiren Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin, men bu baýdagy gaçmagyň näme zatdygyny bilmeýän bir ýigide bererin” diýdi-de, mübärek gözlerini sahabalarynyň arasynda aýlap: “Aly nirede?” diýip sorady. Sahabalar: “Ýa Resulallah! Onuň gözleri agyrýar” diýdiler. Pygamberimiz: “Ony meniň ýanyma çagyryň” diýdi. Şol günler hezreti Alynyň gözleri agyryp, ol olary açyp bilmeýärdi. Onuň ýanyna baryp, ýagdaýy bildirdiler we mübärek golundan tutup, Resulullahyň huzuryna getirdiler. Kainatyň Soltany hezreti Alynyň şypa tapmagyny Allahu tagaladan diläp doga etdi we mübärek barmaklaryny agzynda öllap, onuň gözlerine sürtdi. Şol pursat hezreti Alynyň gözlerinde hiç hili agyry galmady. Mundan başga-da Pygamberimiz onuň üçin: “Ýa Rebbim! Yssynyň we sowugyň kynçylygyny mundan aýyr!” diýip doga etdi. Soňra mübärek elleri bilen hezreti Ala sowut geýdirip, biline öz gylyjyny guşap, eline ak yslam baýdagyny berdi we: “Allahu tagala saňa ýeňiş nesip edýänçä söweş. Seresap bol, yzyňa öwrülme!” diýdi. Hezreti Aly: “Janym saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Olar yslam dinine girýänçäler olar bilen söweşerin” diýdi. Söýgüli Pygamberimiz: “Allaha kasam, seniň sebäbiň bilen Allahu tagalanyň olardan ýeke bir adamy hidaýata ýetirmegi seniň üçin köp gyzyl düýelere eýe bolup, olary Allahu tagalanyň ýolunda sadaka bermegiňden haýyrlydyr” diýdi.7

Hezreti Aly elinde baýdak bilen ýahudylaryň galasyna tarap öňe barýarka, şanly sahabalar hem onuň yzyndan ýöräp gitdiler. Olar gala gaty golaý gelip, baýdagy bir daşyň düýbünde diken mahaly Natat galasynyň derwezesi açyldy.

Ýahudylaryň hüjüm toparlary daşaryk çykdy. Bular Haýberiň iň saýlama gahrymanlarydy. Olaryň her biri goşa sowut geýip, demir goraglara bürenipdi. Olaryň biri hezreti Ala tarap ýöräp, söweşmek üçin onuň garşysyna geçdi. Bu – gaýduwsyzlykda deňi-taýy bolmadyk, Merhabyň dogany Harysdy. Ol tizlik bilen hüjüm etdi… Iki polat gylyjyň sesi meýdany doldurýarka, Zülfikar ýyldyrym ýaly indi we Harysyň kellesini bedeninden aýyrdy. Şol pursat “Allahu ekber! Allahu ekber!” sesleri asmana göterildi. Doganynyň öldürilendigini eşiden Merhap öz esgerleri bilen gazaply ýöräp, meýdana çykdy we hezreti Alynyň garşysynda durdy. Onuň hem üstünde goşa sowut bardy. Goşa gylyç guşanan, iri sünnüli Merhap edil bir äpete meňzeýärdi. Bütin gazaby bilen ol: “Men söweşleriň iň gazaply wagtlarynda meýdana atylyp, gahrymanlarça söweşýän Merhapdyryn! Men arlaýan arslanlary-da naýzam ýa-da gylyjym bilen deşik-deşik ederin!..” diýip, özüni öwüp başlady.

Hezreti Aly (kerremallahu wejheh we radyýallahu anhu) şeýle jogap berdi: “Men ejemiň Haýdar (Arslan) diýip at goýan adamydyryn. Men haýbatly bir arslan ýalydyryn! Men seni bir hamlada ýere ýykjak gaýduwsyz ýigitdirin!..”

Merhap hezreti Alydan “Haýdar” sözüni eşidende, onuň ýüregine gorky düşdi. Çünki gije düýşünde ony bir arslan bölek-bölek edipdi. Düýşünde gören arslany şu dälmidi? Şol arada äpet Merhap hüjüm etdi, hezreti Aly ony galkany bilen garşylady. Soňra Allahu tagala sygynyp, “Ýa Allah!..” diýip, Zülfikary kapyryň kellesine şeýle bir güýç bilen indirdi welin, äpet Merhabyň Zülfikara garşy tutan galyň polat galkanyny-da, polatdan ýasalan tuwulgasyny-da ikä bölüp, kellesini depesinden ensesine çenli iki bölege aýyrdy. Onuň boýnundan gan çeşme ýaly çogup çykdy, äpet ýaly bedeni ýere ýazyldy. Zülfikaryň gorkunç sesi Haýberiň ähli künjeginde eşidildi. Pygamberimiz: “Begeniň! Indi Haýberiň fethi ýeňilleşdi” diýdi. Hormatly sahabalar hezreti Alynyň bu batyrlygyna haýran galdylar we “Allahu ekber! Allahu ekber!..” sesleri bilen asmany ýaňlandyrdylar.

Çaknyşyk bütin güýji bilen dowam edýärdi. Hormatly sahabalar söweşe-söweşe gala derwezesiniň ýanyna gelen bir wagtynda, bir ýahudy gylyjy bilen hezreti Alynyň galkanyna urdy. Galkan ýere düşdi, emma egilip almaga wagt ýokdy. Pursady elden gidirmek islemedik ýahudy galkany kakyp alyp, yzyna gaçdy. Allahu tagalanyň Arslany munuň üçin gaty gynandy. Ol Zülfikar bilen töweregindäki duşmanlary dargadandan soň, galanyň derwezesini galkan etmegi niýet etdi. “Bismillähir-rahmänir-rahym” diýip, ol uly demir derwezäniň halkalaryndan ýapyşdy. Çeňňeklerini diwaryndan sarsdyryp çykardy… Hezreti Aly derwezäni sögüp alanda, gala ýerinden sarsdy. Sekiz-on pälwanyň ýerinden gozgap bilmejek bu derwezäni bir eli bilen galkan edip, ol söweşip başlady. Bu ynanar ýaly däl waka söýgüli Pygamberimiziň bir mugjyzasy we hezreti Alynyň bir keramatydy.8

Onuň garşysyna yzly-yzyna ýahudylaryň iň gaýduwsyz alty pälwany çykdy. Olary hem Allahu tagalanyň rugsady bilen ýeňen hezreti Aly gahryman ýoldaşlary bilen gala girdi. Indi söweş galanyň içinde barýardy. Az wagtyň içinde olaryň garşysyna çykjak adam galmady. Yslam baýdagyny gala dikdiler. Şeýlelik bilen olaryň iň berk galasy bolan Natat alyndy. Söýgüli Pygamberimiz hezreti Alynyň gözlerinden öpüp: “Görkezen gahrymançylygyň üçin Allahu tagala we Onuň Resuly senden razy boldy” diýdi. Bu mübärek sözi eşiden Aly begenjinden aglady. Pygamberimiz: “Näme üçin aglaýarsyň?” diýip soranda, ol: “Janym saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Begenjimden aglaýaryn. Çünki Allahu tagala we Onuň Resuly menden razy boldy” diýdi. Munuň üstüne söýgüli Pygamberimiz: “Diňe men däl, Jebraýyl, Mikaýyl we ähli perişdeler senden razy boldy” diýdi. Şol wagt Pygamberimize kömege Dews taýpasyndan dört ýüz musulman geldi.9 Mundan soň beýleki galalary almak üçin çaknyşyklar güýçli dowam etdi. Haýberiň galan ýedi berk galasy hem birin-birin ýykylandan soň, çäresiz galan ýahudylar wekiller iberip, ylalaşyk soradylar. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) bu teklibi kabul etdi we olar şu şertlerde ylalaşdylar: 1. Bu ýörişde musulmanlar bilen söweşen ýahudylaryň gany dökülmez. 2. Haýberi terk edýän ýahudylar ýanlary bilen diňe çagalaryny we bir düýe ýüki gerekli öý goş-golamyny alyp gidip bilerler. 3. Galan göçürilýän we göçürilmeýän mallaryň hemmesi; sowut, gylyç, galkan, ýaý, ok ýaly ähli ýaraglar, üstlerindäki eşikden başga ähli geýimler; matalar, altynlar, şeýle hem hazynalar, at, düýe, goýun ýaly ähli haýwanlar… näme bar bolsa, hemmesi musulmanlara galar. 4. Musulmanlara galdyrylmaly hiç bir zat hiç hili ýol bilen gizlenmez. Gizleýänler Allahu tagalanyň we Onuň Resulynyň amanyndan we howandarlygyndan daşarda galar…

“Men ejemiň Haýdar (Arslan) diýip at goýan adamydyryn. Men haýbatly bir arslan ýalydyryn!” Hezreti Aly (radyýallahu anhu)

Bu şertlere boýun bolmadyk, hazynalaryny deri meşiklerde topraga gömen Kinäne ibn Rebig jezalandyryldy. Ele geçen oljanyň hasaby ýokdy. Haýberiň şol hasylly ýerleri, hurmalyklary doly yslam goşunyna galdy.10 Şol wagt ýurtlaryna gaýdyp giden gatafanlylar ýahudylara kömek etmek üçin Haýbere gaýdyp gelipdiler. Pygamberimiziň Haýberi alyp, ýahudylary boýun egdirendigini görenlerinde, olar: “Eý Muhammet! Sen biz Haýberi taşlap gitsek, bize Haýberiň bir ýyllyk hurmasyny bermegi wada edipdiň. Biz sözümizde durduk. Hany, olary bize ber!” diýdiler. Pygamberimiz olara: “Pylan dag siziňki bolsun” diýdi. Gatafanlylar: “Onda biz siz bilen söweşeris” diýip haýbat atmaga synanyşdylar. Resuly ekrem: “Söweş ýerimiz Jenefa bolsun” diýdi. Jenefa gatafanlylaryň bir sebitiniň adydy. Gatafanlylar muny eşidip, gorkularyndan çekilip gitdiler.

Söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) we onuň gahryman sahabalary Haýberiň fethi döwründe gaty ýadapdylar. Bir tarapdan ýaralylary bejerdiler, beýleki tarapdan dynç aldylar.

Ýahudylaryň öňdebaryjylaryndan Sellam ibn Mişkemiň aýaly Zeýnep Pygamberimizi zäherläp öldürmek isledi. Munuň üçin ol bir goýun soýup bişirdi we ete köp zäher goşdy. Soňra Resulullahyň huzuryna gelip, sowgat getirendigini aýtdy. Resuly ekrem ony kabul edip, sahabalaryny çagyrdy we hemmeler bilelikde iýmäge oturdylar. Älemleriň Serweri goýun kebabyndan bir bölek goparyp alyp, “Bismillähir-rahmänir-rahym” diýip, mübärek agzyna saldy. Birnäçe gezek çeýnänden soň, derrew mübärek agzyndan çykaryp: “Eý sahabalarym! Bu nahardan eliňizi çekiň! Çünki şu kürek eti maňa zäherlenendigini habar berdi” diýdi. Sahabalar derrew ellerini nahardan çekdiler. Emma etden bir dişlem iýen Bişr ibn Bera hezretleriniň bedeni derrew gögerdi we ol şehit boldy. Söýgüli Pygamberimize Jebraýyl aleýhisselam gelip, mübärek tüýkülige garyşan zäheriň täsirinden halas bolmak üçin mübärek iki egniniň arasyndan hejamat (gan aldyrmak) etdirmegi aýtdy. Şeýle edildi. Soňra zäherli kebaby topraga gömdüler. Bu işi eden Zeýnebi tutup, Pygamberiň huzuryna getirdiler.

Pygamberimiz oňa: “Bu goýun kebabyny sen zäherlediňmi?” diýdi. Ol edenini boýun alyp: “Hawa! Men zäherledim!” diýdi. Pygamberimiz: “Muny näme üçin etmek islediň?” diýip soranda, ol: “Sen meniň ärimi, kakamy, kakamyň doganyny öldürdiň. Men öz-özüme: ‘Eger ol hakykatdan-da pygamber bolsa, Allah oňa bildirer. Pygamber bolmasa, bu zäher oňa täsir eder we ol öler. Şeýdip ondan dynarys’ diýdim” diýdi. Hormatly sahabalar bu waka gaty gynandylar. Olar: “Janlarymyz saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Muny öldüreliňmi?” diýip soranlarynda, öz şahsyna edilen her bir kemsitmäni bagyşlaýan Älemleriň Serweri muny hem bagyşlady. Bu uly merhemeti gören Zeýnep kelimeýi şahadat getirip, musulman boldy.11 Haýberde ele geçen oljalaryň we ýesirleriň arasynda Huýeý ibn Ahtabyň gyzy Safiýe hem bardy. Ol baş serkerdäniň haky hökmünde Pygamberimiziň paýyna düşdi. Älemleriň Serweri öz ýesirini azat etdi. Ol muňa gaty täsirlenip, çyn ýürekden kelimeýi şahadat getirdi we musulman boldy. Munuň üçin gaty begenen söýgüli Pygamberimiz hezreti Safiýe enemizi nikasy bilen şereflendirip, ony begendirdi. Şeýlelik bilen hezreti Safiýe möminleriň enesi boldy. Sahba diýlen ýerde onuň toýy edilip, gawundan we hurmadan welime, ýagny toý nahary berildi.12

Safiýe enemiziň mübärek gözlerinde bir gögeriş görünýärdi.

Söýgüli Pygamberimiz: “Bu näme yz?” diýip soranda, ol şeýle diýdi: “Bir gije düýşümde Aýyň asmandan inip, gujagyma girendigini görüpdim. Muny ärim Kinänä gürrüň berenimde, ol: ‘Sen şol üstümize gelýän arap patyşasynyň aýaly bolmaga göz dikipsiň!’ diýip, gözüme şapbat urdy we görşüňiz ýaly, gögerdi”. Haýber alnandan soň, ýahudylar Pygamberimize şeýle teklip bilen geldiler: “Eý Muhammet! Biz Haýberden çykyp gideris. Emma biz ekerançylykdan, meýdan, üzümlik we bag-bakja ideginden gowy baş çykarýarys. Isleseň, bu hasylly ýerleri bize kärendä ber. Bu mülkleri işläliň we çykan hasylyň ýarysyny saňa bereliň!” Söýgüli Pygamberimiziň we sahabalaryň ekin işleri bilen meşgullanmaga wagty ýokdy. Olar yslam dinini ýaýmak üçin jan edýärdiler, Allahyň ýolunda jihat (jihady fi sebilillah) üçin gijäni gündize goşup, arman-dynman işleýärdiler.13 Bu teklibe Pygamberimiz razy boldy we: “Sizi islän wagtymyz çykarmak şerti bilen” diýdi. Ýahudylar muny kabul etdiler we Haýberiň ýerlerini işläp başladylar.14 Pygamberimiz sahabalary bilen ýeňiji bolup Medinä gaýdyp geldi. Şol günler, aralarynda Ummu Habyba (radyýallahu anha) hem bolan, Habeşistana hijret eden muhajyrlardan iň soňky galan sahabalar Jagfar ibn Abu Talybyň ýolbaşçylygynda Najaşynyň beren iki gämisine münüp, Jar portunda düşdüler. Ol ýerden düýelere münüp, Medinä geldiler. On iki ýyl öň Habeşistana hijret eden sahabalarynyň Jagfar ibn Abu Talybyň ýolbaşçylygynda gaýdyp gelendiklerini görüp, Pygamberimiz gaty begendi. Hezreti Jagfaryň maňlaýyndan öpüp, ony bagryna basdy we şeýle diýdi:

“Eý sahabalarym! Bu nahardan eliňizi çekiň! Çünki şu kürek eti maňa zäherlenendigini habar berdi” Hadysy şerif

“Men Haýberiň fethine begeneýinmi ýa-da Jagfaryň gelşine begeneýinmi – bilmeýärin. Siziň hijretiňiz iki gezekdir: siz hem Habeş ýurduna, hem meniň ýurduma hijret etdiňiz”. Olar Najaşy Ashamanyň iberen sowgatlaryny we hatyny Resulullaha gowşurdylar. Ummu Habyba enemiz bilen toý hem şol ýyl boldy. Ummu Habyba enemiz şol wagt otuz alty ýaşyndady. Haýberde alnan oljalar Hudeýbiýe ylalaşygyna gatnaşan ähli hormatly sahabalara, Haýber söweşine gatnaşanlara, Habeşistandan hijret edip gelen sahabalara we fethe gatnaşan Dews taýpasyna paýlanyp berildi.15

Haýberiň alynmagy bilen Arabystandaky ähli ýahudylar Pygamberimiziň buýrugynyň astyna girdiler. Indi olaryň müşriklere kömek etmäge mümkinçilikleri galmady. Töwerekdäki taýpalar we döwletler hem ýarag we esger taýdan almak mümkin däl ýaly görünýän Haýber galasyny eýelän musulmanlaryň näderejede güýçlüdigine düşündiler we bu yslam döwletinden çekinip başladylar. Mekgeli müşrikler Haýberiň fethi bilen uly gaýga we umytsyzlyga düşdüler. Bu fethden soň kiçili-ulyly köp taýpalar musulman bolmak üçin Medineýi münewwerä geldiler we hormatly sahabalardan bolmak şerefine ýetdiler, hatda gatafanlylar hem… Ýola gelmedik käbir taýpalar bolsa goşun iberilip, boýun egdirildi.